Absolýutlar, ideallar we din

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ýaňky eden gürrüňimiziň dowamy. Adamlar krutoý boljak bolupmy, bilemok çilim çekip krutoý boluşlary ýaly, ýa aýratyn pikirli bolup krutoý boluşly ýaly, ýa endikmi, käwagt absolýut gürrüňleri edýäler. "Absolute truth", ýagny absolýut hakykat diýlen mesele hol grek filosoflaryndan tut, häzirki zaman adamlaryň we alymlaryň aklyny tutupdyr. Oňa seredýäňem ideal däl, muňa seredýäňem... onsoň käbiri absolýut ýok diýýä dünýäde.

Ilki kesgitleme: absolýut hakykat parametrleriň üýtgemegi bilen üýtgemeýän hakykat. Müdimi hakykat. Meselem, mis gowy tok geçiriji absolýut hakykat däl, belkide. Sebäbi gyzgynlygy köpeltseň, tok geçirijiligi peselýä.

Absolýutlar ýöne gerek zat, sebäbi absolýut bir standart, hemme zat şoňa görä edilýä. Eger hiç kim absolýut hakykada ynanmasa, onda anarhiýa bolýa. Şu aşakda link berjek, şony okaň, gaty gyzykly:
http://www.gotquestions.org/absolute-truth.html

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Şol beren linkimdäki şu

Şol beren linkimdäki şu paragraf gaty manyly we begendiriji geldi maňa:

Quote:

The second problem is that all humans have limited knowledge and finite minds and, therefore, we cannot logically make absolute negative statements. A person cannot logically say “there is no God” (even though many do so), because in order to make such a statement, they would need to have absolute knowledge of the entire universe from beginning to end. Since that is impossible, the most they can rationally and logically say is “With the limited knowledge I have, I don’t believe that there is a God.”

Beren linkimdäki adam matematiki logikany ulanýa. We şoňa meňzeş pikiri bir Yslam alymy hem aýdyp geçen ekeni.

Emma matematiki logiki teoriýalary guranlar aýdypdyrlar, käbir soraglara teoriýalar jogap berenok. Meselem, jennediň ýa dowzahyň barlygy, Allanyň barlygy we ş. m. Ýagny olaram absolýutda, barmy ýokmy teoriýalar aýdyp bilenok.

Umuman, Yslam dini absolýutlar, Allanyň sözleri, fundamentinde ýasalan. We anarhiýa bolmaz ýaly kanunlary goýan durmuşda. Bolmasa adamlaryň pikirleri üýtgeşik, dünýä garaýyşlary üýtgeşik. Eger din bolmasa, haos, her kim edenini eder...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

"Absolýut hakykat ýok"

"Absolýut hakykat ýok" diýmek eýýäm paradoks. Sebäbi şony diýeňde eýýam şol aýdanyňy absolýut hakykat edip görkezýäň, a ol bolsa ýok diýdiň. Eger Allanyň barlygyny subut etjek bolsaňyz, şoň bilen subut edäýiň! :D
Sebäbi Alla hem absolýut hakykat, ol absolýut! :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Kaballa, Zen we Sufizm

Hem iudeýleriň Kaballa ylmynda hem Yslamyň Sopyçylyk hereketinde diňe bir zada hiç adamyň akly bilen ýetip bolmaz diýýär. Olam Allanyň barlygy. Oňa adamyň güýji ýetmez diýýär we "absolýut" we dogma diýip kabul edäýmek galýar.

Zen Buddhism ýolyna görä "Absolýut" hakykat bar, ýone ony ýazylan bir ýerde däl-de, özüň eksperimentaläno, meditasiýa üsti bilen gözlemeli. Hristiýanlykda "hakykat gözleýän" bir sopyçylyk hereketi ýok ýaly, menä hiç eşitmedim.

Başga bir perspektiwadan seretseň:
Merkezden başlap dünýäni tanajak bolsaň, onda birinji "Alla bar, diýmek hemme zat bar" pikrinden ýola çykýaň we ylmy öwrenýäň. Eger birinji 30 ýyllap ylym öwrenip, depressiýa düşüp gitjek bolsaň, onda birinji köp-köp zady öwrenýäň, soňam "Eger şu zatlar bar bolsa, onda Alla bardyr" diýip ýene şol absolýuda gelýäň. Birinji ýol has aňsat.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

meng bir mollumym bardy,

meng bir mollumym bardy, garry turk mekdepde.. ady Berdi Mollum. shol aytyardy manga, mydama ozungi religiya we poltikiadan gorajak bol, sebabi olang ichinde yitip giden adam kan dal diyerdi.. meng pikirmchede dogry aydan yaly.. absolute hakykatlara dirmyshyngy gonukdurup, absolude dal zatllardan gacha duranyng ing gowysy bolaymasa.. bolmasa kyn bolyar. Nietzche okap goremde chyndanam bilyan absolute dogrydan uzak zat aytyandygyny yone shondada gaty ynandyryjy aytyar welin tas yoldan chykaryar..

Eger dine politikadan uzak

Eger dine politikadan uzak dur diyen bolsa onda jaydar bir zat bolardy yone dinden uzak durmak welin men pikrimce ozunden uzak duran yaly bolaymasa! Sebabi din bize ozumizi tanadyar, yagny kimligimizi orta cykaryar. Aslynda dini kop kishi cylshyrymlydyr oytyar, hat-da bashda seredende hakykatdanam cylshyrmly gorunyar, yone ichine girip ornashan adam eger hakykatdanam icine sindirmegi basharsa hic wagt dinde cylshyrymly zady gormez! Dogurdanam Bayram aga siz dogry aytyanyz yagny absolyut hakykaty yok diyen adam paradoksa giryar, sheyle yagdayda absolyut hakykaty herkim oz pikirine gora utgashdyryp kabirleri ozlerinin pikirlerini absolyut hakykat diyip ynanyar. Shu zatlaryn barysam yalnyshmasam pelsepe gornushlerine giryar, men pikrimce pelsepanin usti bilen dogryny onda-da absolyut dogryny gozlemek bashartmaymasa, bu yolda kimler cukura dushmedi??? Ibn-i Sinalar, Farabiler we yene niceler pelsepanin gurbany bolmadylarmy eysem?

Ateistleriň, agnostikleriň

Ateistleriň, agnostikleriň we anarhistleriň teoriýasyny ylmy, filosofiki, logiki taýdan nädogrydygyny görkezýän Biribara ynanýan alymlaryň ýazan gaty gyzykly kitaby bar. Ol kitap English dilinde. Men okap görmegi maslahat berýärin. Ol kitabyň ady: "I do not have enough faith to be Atheist" by Norman L, Geisler and Frank Turek.
http://www.amazon.com/Dont-Have-Enough-Faith-Atheist/dp/1581345615
Bu awtorlaryň özleri birwagtky ateistler, emma bu günki gün Hudaýyň bardygyny subut edýärler.

Şahsy planda absolyutlyk

Absolyutlyk hakykatdanam bir maksat, bir ideal bolup köp dinde bu pikire duşup bolar. Absolyutlyk (şahsy planda) sufizmde, zende, daoizmde, buddizmde we ençeme mistiki tarykatlarda "hiçzat bolup hemme zada yetmek" diyip hasaplanylyar.

Hiçzat bolmak name? Hiçzat bolmak, ahli kriteriylardan pak bolmakdyr. Emma şol tarykatlaryn maksady, ahli kriteriylardan paklenip, "ego"syny eredip hakykatyn okeanyna goşmak, Hudaya, Nirvana, Kamillige yetmekdir/menzemekdir.

Kriteriylardan paklenmek name? Bul tarykatlara göra ahli adamlaryn içinde kamillik potencialy bar, kamillik bolsa paklenmekden geçyar. Adamzadyn içinde, ony kamillikden uzak tutyan bir perde bar, şol perdani geçmek üçinem adam "erbet" diyip hasaplanyan taraplaryndan paklenmelidir. Munun için ilki bilen pikirlerini, duygylaryny we hereketlerini kontrol etmeli, umuman özüne eye bolmaly.

Özüne eye bolmak name? Pikir, moral we uruş sungatlarynda özüne eye bolmak esasy maksatdyr. Pikir edyan adam elmydama dogry pikir etjek bolmaly, moral taydan özüni özgerdyan adam ruhuny arassa tutmaly, uruş (martial) sungatlaryny öwrenyan adam islan hereketlerini etmeli. Barde üç esasy zat kontrol edilmeli: akyl, ruh, beden. Bulary(n barysyny) gowy edip ulanmak üçin özüni terbiye edyanler özüne eye çykyp biler.

Sufizm, zen, daoizm, buddizm ... yaly tarykatlar "kamil adam" emele getirmek üçin ençeme asyrlap adamzada "yol" görkezyaler. Meselem şaolinlerin, ninzalaryn, samurailerin pelsepesinde akyl, ruh we beden garmoniyasy esasy zatdyr. Absolyutlyk "hiçzat bolup hemme zada yetmekdir" diydik, yöne bu hiçzat bolmagy "yok bolmak" yaly düşünmeli dal. Hiçzat bolmak, hemme zat bilen garmoniya içinde bolmakdyr, garmoniya bolsa absolyutlygyn in esasy sypatydyr.

Kamilligin Gündogar (East) we Günbatar (West) pelsepelerindaki interpritaciyasy barde tapawutlanyar. Gündogarda kamillik haly garmoniya, özüni eretmek, wu-wei, tevekkül, ... yaly düşünjeler bilen ele alynyan bolsa, Günbatarda özüni özgertmek, uruşmak, üstünlik, ... yaly anlanyar. Gündogar pelsepesindaki absolyutlykda esasy maksat Huday, Nirvana, alem, ... yagny "umumy"dyr, Günbatar pelsepesinde bolsa ego, güyç, menmenlik, ... yagny "şahsy"dyr. Bardede Günbatar pelsepesindaki "kamil adam" düşünjeisinin absolyutlyga nenen tersdigi görünyar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end