Prezident profili nahili bolmaly?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hazire çenli şu sahypada akla gelip biljek her mowzukda mesele(ler) gozgaldy, hat-da pikirlenip otyrsam tmolympiad'yn eli degmedik mowzuk yok yalydy göwnüme bolmasa...
Herna pikir çagimi aşmaga synanyşsam-da aklyma hiçhili pikir gelenokdy we yagday şugün Türk kanallaryndan NTV'nin habaryna gözüm düşyança dowam etdi.
Habary okamdan sonra okap oturan blogynyzy açmaga karar berdim.
Habaryn mazmuny Türkiye respublikasy prezidenti Abdullah Gül'e sada halk tarapyn yazylan hatlardan ybaratdy.
Prezidentin poçtasyndan çykan hatlarda(yylda 35000 sany) halk döwlet baştutanyna şahsy arzy haly bilen yüzlenipdir.

Arzy hallar arasynda ekonomik goldawdan başlap gyz alyp bermage çenli her dürli mowzukda yüzlenilipdir.
Şolardan kabir mysallar;
Biri diyipdir; 112000 tl(90000 abş dollary) bergim bar, nagt gerek karz beray,
beylekisi; herkimin dayisy bar menin dayimam sen(siz diymandir) bol, mana 20000tl kredit tapyp beray,
yene biri; söyen gyzymyn atasy ony mana bermedi, menin adyma sen(siz dal sen diyip yüzlenilipdir) ya-da Hayrunnisa hanım(prezidentin maşgalasy) soraysa berer, kömek!
....garaz şeydip dowam etyar...

Halkyn çekinman döwlet baştutanyna sen diyip yüzlenmegi we herdürli şahsy meselesini agtarmagy hem halkyn öz baştutany bagryna basmagynyn netijesi mençe.

Elbetde yokardaky yaly yagdaylara önki Türkiye prezidentleri zamanasynda duş gelinmeyardi.
Hat-da halk bilen Çankaya Köşki(Türkiye'nin prezidentlik posty) arasynda apet ayzbergler bar yaly we prezidente yokardaky yaly hatlar yazmak halkyn aklynyn ujyndan hem geçmeyan eken aydişlaryna göra....
Elbetde yagdayin üytgemegi-de umuman alnanda Abdullah Gül'in pespalligine, her yagdayda halka gatylyp halk bilen yek beden bolşyna we yüzündeki mylayim, adaty yilgyryşyna baglanylyar...

Yokardaky çyrşaşdyranym elbetde bir Prazident Profili we şol profilin netijesi, bir mysal.

Meninem size hormatly agzalar, yüzlenesim geldi; İdeal Prezident profili nahili bolmaly?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Prezident diýeniň şu bolsa!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gowy temany gozgapsyng dost.

Gowy temany gozgapsyng dost. Kop zat gurlenip bilner aslynda. Yone bu saytda siyasating gadagan edilmegi birazajyk pasgel bolyada. Bolmasa turkmeningem prezidentine aytjak kelam agyz sozi badyr. Halkymyz bir asyrdan bari idili prezident gormese name.

Yazana hatyng 25 yerde okalyp, uytgedilse nadip prezidente yuzlensin?

Ideal...

Şu saýta dünýäň dürli künjeginden girýän türkmenlerimiz bar.
Şolara sorag; haýsyňyz şu wagt bolýan ýurduňyzyň döwlet sistemasyndan hoşal?
Elbet-de gowy ýerler bar, ýöne dostymyzyň aýdan 'Ideal Prezident'lik ýa Ideal Döwlet Sistemasy ha hiçýerde-de ýok, welin,,,,,,

Ideal Prezident-Ýüregimiziň Söýgüsi Pygamberimiz Muhammet(s.a.s.)
Ideal Asyr-Saadat asry(Pygamberimiziň ýaşan asry)
Ideal Dowlet-Ilninji Musluman dowleti(Bedeni-Medine,Ruhy-Muhammet(sas)
Ideal Millet-Sahawalar.Muhajyr-Ensar dogançylygy(Muhajyr-hijret,göç eden;ensar-arka çykýan,goldaýan)

MYSAL:Hristiýan ruhanylaň musluman döwlet häkimine;"Bizi bu zalymlaň(Bizanslylaň) eline mi berýäňiz?" diýip, öň muslumanlaň basyp alan ýeri bolan şäheri täzeden yzyna almak isleýän Bizans Imperia'syndan halys bolan, özem hristiýan ruhanylary bolan adamlaň öwýän häkimiýetini kim halamaz!!!
-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Tersräk bolsa aýdyň

Tersräk bolsa aýdyň welin, sen "ideal" dýip nämä düşünýäň?
"Bir kemsiz adam bolmaz" diýýäler, adam nogsansyz däl jandar. We onuň guran sistemalaram nogsansyz bolup bilmez. Bir nogsansyz we kemsiz Alla bar!
Şoň üçin seň ideal diýýäniňe düşünmän otyryn. Belki "iň gowy" diýseň has dogrudyr?

PS Meselem Asry-Saadet döwründe adam öldürülmändirmi? Bir sany hem bolsa? Ýa jenaýat bolmandyrmy? Bir sany hem bolsa? Eger jogap "hawa" bolsa, eýýäm sistema ideal däl.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Elbet-de...

Men 'ideal'-in gowy diyip pikir etdim, we yokardaky yazanlammy ozumce in gowy hasaplayan.
Onda men yalnysym 'ideal asyr' bolyami, sebabi diyyaniz yali asyr bolmajagyna gora. men mowzukdan cykpdyrynda, ideal asyr,dowlet,millet diyip.
Duzeltyan, in gowy diyip belleyan hemmesini we...
Ideal asyr-jennet asry
(dogrymyka sizce Bayram aga?)

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Bu eýýäm filosofiýa

Bu eýýäm filosofiýa bolýa. Ideal... ideal näme?! Absolýut näme? Dünýäde bir sany ideal zat bolmansoň, käbirleriniň pikirine görä, ideal diýmegiň özi ýalňyş.
Aýdaly bir material. 100% arassamy? Ýok! Içinde garyndy bolaýmaly.
Onsoň aýdaly bir ölçeg. 100% takykmy? Ýok! Iň bärkijesi sagat diý, ýene diý.
Heisenbergiň nätakyklyk prinsipine (Heisenberg uncertainty principle=Princip neopredelonnosti Geyzenberga) görä, eger men dogry düşünýän bolsam, bir kwantowy bölegiň ýagdaýyny takyk bilip bolmaýa. Ölçegiň özi ol ýagdaýy üýtgedýä.
Onsoň mehanizm we sistemalara geleli. 100% işleýän barmy? Ýok, hemmesinde energiýa dissipasiýa bolýa, entropiýa känelýä we ş. m.

Bolýa ylmy bir tarapa goýaly. Filosofiýa geleli. Dogry näme? Absolýut dogry barmy? Absolute truth? Oňa adam düşünip bilýämi?

Adamyň özi, ýaňky aýdyşym ýaly, bir absolýut ýa ideal jandar däl, bir topar nogsanlarymyz bar. Onsoň biz nädip absolýut bir zady, ideal bir zady emele getirip bileli? Mümkin däl bolaýmasa. Hatda şuny aýdaýyn, biz absolýudyň ýa idealyň nämedigine düşünip biljek ýagdaýda hem däl! Biziň göz öňüne getirýän ideallarymyz gaty ýönekeý, diňe fantaziýa. Dogrymy ýa nädogry ony bilemzogam. Ideal bir mehanizmi göz öňüne getirsek, tok geçiriji superconductor, onsoň aýlanýan zat friksiýa (friction) ýok ýerde aýlanýa, KPD 100% we ş. m.

Borda. Meň gözümde offtop däl bu gürrüň. Ýöne ideal zat ýok, gowy zat bar. Mysal alnyp, şony ideal KABUL EDIP ymtylaýmasaň... Meselem, Pygamberimizi mysal alyp, ideal kabul edip, şoňa görä hereket etmek. Ýa Asry-Saadetdäki käbir zatlary maksat edinmek, şony mysal almak.

Bir ideal, absolýut bar, olam Alla! Allany doly düşünen adam barmy näme?! Ideal belki jennetdir, emma ony kim gördi, kim bilýä?!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Ýaňky gürrüňi azajyk

Ýaňky gürrüňi azajyk uzaltsak, offtop bolsa-da, Alla, ýa-da her dindäki Taňry diýeli, absolýut diýlip kabul edilýä. Yslam dininde Allanyň sözleri bolan Kuranam bir absolýut bolýa, ýagny absolýut dogry (truth) we ideal. Meselem, perişdelerem absolýut päk, günä işlemeýän jandarlar.
Emma ýeriň ýüzündäki adamlardan başla, başga hemme zady tut... bulara Alla Tagalla variability ýaly bir häsiýet beren öýdýän. Ýagny dünýä, älem-jahan, biziň "real world" (as opposed to an ideal world) diýýänimiz bolsa şol ideal we absolýut dälligi üçin gowy däl bolmagam mümkin?

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Agam 1 telpek goyyar we yazyar: "Sowgat Telpek! Bayram aga ylym gurleya,adamlar!"

Agam, siz tuweleme bara.

Agam, siz tuweleme bara. Yazyan zatlarynyzy okayan welin ylym gurleya dine. Menden siz yali ussatlara telpek goymak gelishmez welin, ing gowysy size sowgat edayin...

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

ideal...in göwnejay...

Gardaş yokardaky ideal sözini filosofiki zemine çekman, tekstyn bitewi manysyna göra dernelse; kemçiliksiz ya-da adamzadyn gelmiş geçmiş in sonky derejesi dal-de; eysem zamanamyzyn şertlerine we talaplaryna göra in göwnejay manysyndadygy görmek kyn düşmezdimika diyyan...

Blogun maksadyndan sapmazlygy üçin in azyndan yokardaky yagday göz önüne alynsa has gowy bolardy...

Yene-de galam sizinki, garyşmaga hakym yok.

__________________

put on a happy face

Halk özüni hökümetden we

Halk özüni hökümetden we prezidentden aýry görmeýän bolsa, gaty gowy bolýar ekeni. Biziňkiler hökümede ýa prezidente ýazanynda ýa ýallaklap öwmek bilen (şuny mekdep döwründe menem edipdim/etdirilipdim), ýa bolmasa birini şugullap ýamanlamak bilen... Halk döwledi özüniňki hasap etse gaty ajap bolýar.
Abdylla aga berekella diýmek galýar.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Brrr

Ýene şularmaý...


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

halk watan turkmenbashy

halk watan turkmenbashy aslynda yerine yetirilip bolan bolsa yaman gowy shygardy welin Utopiady:)

her kim bilenni okar

her kim bilenni okar diyilshi yaly religiyalashdyrypsyngyz bu temany:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jemşit 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"