Ýaz Galamym

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Her degişin sesini hasrat dokaýan nagyşçyñ eşidýän, ýürekleri dokaýan bir galamym bolsa... Hem bu galam, ýüregimiñ umytsyz ýakaryşlaryny, dertlerimi, gaýgy-gussalarymy beýan etse.. ony Beýik Dawwanyñ emrine bersem we şeýle seslensem: Ýaz Galamym; güller bilen dikenleriñ asyrlary gurşap alan söweşini ýaz. Tewhid bilen şirk arasyndaky turan sowuk tupanlary, Many ärleriniñ, diñe jismi görýän ýeke gözlüler bilen urşuny ýaz. Barlyk bilen ýoklugyñ söweşini serp setirlere . . .
Ýaz Galamym. Asryñ ýalyn ýangyny ýaz. Ýüreklerdäki imana göz goýan ýangyny, manawiýaty ýuwtmak isleýän ýaly beýlegen kapyr ataşy ýaz. Agzyna bir damja suw alyp ýangyna uçan serçedenem habar ber, namazlyklara döken gözýaşlaryny ýangyna salanlardanam . . .
Şeýle bir ýaz welin, çagasy ataşlar içinde ýanan eneler ýaly tutaşsyn ynsanlar. Gaýgynyñ ýürekleri tussag eden kapasalar ýumrulsyn. Asry ýakyp-gowuran ýangynyny söndürmek üçin, Mejnunyñ Leýla ylgaýşy ýaly ylgasynlar . . ýagmyryñ topraga, Refrefiñ Mesjid-i Aksa, Buragyñ Sidretü’l-Münteha ylgaýşy ýaly . . .
Ýaz galamym. Sen ýazýarkañ, ýyldyzlar ýagsyn üstüñe. “Sahawalam ýyldyzlar ýalydyr, her haýsy birine tutunsañ ýeñişe ýetersiñ.” diýen Resulallañ (sas) we sahawalarynyñ nurlary garyşsyn syýaña. Şeýle bir ýaz welin, şol nur bezesin okaýanlaryñ ýüreklerini. Durmuşymyza yşyk bolsun, gül habarçysy bolsun.
Birem düýş ýaz galamym, bir kiçije mekanda görülen. Ýitirilen jennetiñ ýagyz atly çaparlarynyñ sallanyp gezýän düýşini ýaz.
Ýaz, bir söýgüniñ destanyny. Saadat asryndan başlap, kyýamata çenli uzap giden deñsiz-taýsyz söýgüniñ destanyny... Atlaryñ buýsanyşyny, ýürekleriñ haýkyryşyny, älem-jahany gurşan beýik söýgüni we onuñ söýgülilerini ýaz.
Ýerlere ýaz, göklere ýaz, ýürek kapasamda urýan şadamarlaryñ üstüne ýaz. Çüm sen galamym manyly syýaña, we uzaklardan gutlanan bir habar ýaz. Hiç arakesme bolmasyn. Mydam ýaz. Söýgümi bagla kepderiñ ganadyna we uzaklara uçur...

Näme, türkmeniň ussatlyk bilet bejerýän işi, howa mu makalany Sizinti žurnalyndan terjime etdim, ýaman gowy gördim, terjimede bolsa...

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • poahf 3 telpek goyyar we yazyar: "Enşalla galamyn hasap günine dek yazar durar!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

'Ýaz Galamym' hakda!!!

Bu kiçijek makalam, umyt edýän, edebiýat bilen meşgullanýanlaň göwnünden turar diýen taamam bar!!!
-----------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

tuwelme amator yone yenede

tuwelme amator yone yenede gyzykly eken

hm...gowja eken...nirede

hm...gowja eken...nirede satylyarka bular yaly galam? :)D salgy berjke yokmyka?
_____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

Salgysy...

Ady: Ýürek näzi
Satylýan ýeri: Dünýäň ady;Ynsan, Ýurdyň ady;Ýürek, Şäheri;Ruh, Bazary;Duýgy bazary. Duýgy bazary Ruh şäheriň iň uly bazary. Ol ýer edil jygyllyk ýaly, täzesi könesi, gowysy ýamany, herdürli dükanlary bar. Duýgy bazaryň girişinden saga alaňda 'Wyjdan' bazary çykar, çepiňde bolsa 'Nebis' bazary galar. Sag tarapy 'Wyjdan'dan ýöräp başlaňda; Iman, Sabyr, Sogap, Hak, Söýgi, Dogruçyl, Gowylyk, Pikir, Ejizlik diýip ýöräp barýarkaň ilerde sagda 'NÄZ' diýlip ýazylan bezelgije, owadanja, göwnejaý bir dükan görersiň. Aýtmasamam girip gezesiň geler bu dükany.
Içinde näziňi çekdirýän, näz edýän adamlaň hem zatlaň çözgütleri bolan ajaýyp enjamlar bar. Näzli ýylany, hininden çykarjak hoş sözler hem satylýar. 'Ýürek Näzi' atly galamy Näzli Derdim böleginde taparsyňyz!!!
Bahasy:Adamdan adama degişýär; kälerine-aýralyk,aradaşlyk,ýalňyzlyk we ş.m bilen satylýar. kälerine-okamak,edebiýat, şahyrlyk, giň düşünje bilen satylýar.

-------------------------------------------
Men Gulumun dasynda perwaz uryan Seyda!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

saher bilen turyp dushunmekk

saher bilen turyp dushunmekk uchin okaymasam tazeden kynyrak bolypdyr dushunmek:D

siza chalak mulak

siza chalak mulak dushunipsingle , men ilki bolk achamda bir zada guymenip adyny okamandyryn blogyng onsang yokardakyny okap bu namay diydim gooni song blogy okadym onsang dushundimle , bir hili bolup gitdimay:D
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!