Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda şü günki bolan parahatlyk we erkinlik bilen geçen Prezident çalyşygy...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şü gün ABŞ-da 44-nji Prezident hökmünde Barak Huseýin Obama president bolmaga kasam içdi we Prezidentligi kabul etdi. Munuň bize näme dahyly bar diýýänler tapylar!:) Emma men bu ýerde täze prezident bolandygy barada däl-de, bu ýurtda iň beýik döwlet wezipesi bir adamyň elinden başga bir adamyň eline, olaryň kimdigine seretmezden, syýasy we dini, ykdysady we başgada käbir garaýşlary dürlidigine, dürli partiýa degişlidigine seretmezden, biri-birini kritiklese-de ýenede parahatçylyk we erkinlik bilen wezipe wagty dolanda, eňiji saýlanan presidente wezipäni bermegi belläp geçilmeli zat. Men bu bolan wakanyň nähili geçendigini TW-seretdim, Barak we aýaly irden "Ak Öýde" bilelikde irden kofe içdiler biri birne sowgat berdiler, soňra bolsa Bush we Barak kasam etmek baýramçylygyny bellemäge "Capitol" jaýyna bardylar we kasamdan oňra bolsa, Barak söz sözledi, meniň pikirimçe onyň sözlän gürrüňi hem gaty gowy gürrüň boldy.
Biziň ýurdymyzda hem şeýle erkin we parahatçylyk bilen saýlawlaryň geçirilmegi we parahatçylyk bilen öz islegi bilen öňki prezident soňky adalatly saýlanan prezidente wezipesine geçmäge ýol açylarmyka? Munuň biziň ýurdymyzda hem şeýle demokratik ýol bilen bolup geçmegine nämeler gerekkä?
Öz pikirleriňizi ýazsaňyz!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

gerek zat ynasaplyja adam

gerek zat ynasaplyja adam bolsa bolyar:)

Türkmenlerde ynsaply

Türkmenlerde ynsaply adamlar bar we bolar hem, emma şeýle adamlaryň döwlet dolandyrylyşygynda orun tapmagy iş bolup durýar! Gynansakda bizde diňe kimdir biriniň belläni we köplenç hem jogapkärli wezipelere KGB-niň tälimini alan we şol ýerlerde işlän adamlar bellenilýar. Ine täzelikde hem käbir ministrler aýryldy ýerine bolsa, KNB-niň öňki işgärleri geçirildi. Näme üçin şeýle bolýarka, näme şol ministirlikleriň içinde köpden işlän we ynsaply adamlar ýokmy eýsem. Ministr oborona, Serhet ministirligi we Içeri işler ministirligine hemişede KNB-de işlän we şol ýerden başga wezipelere bellenen adamlar gelip şol organlara wezipä bellenýär. Munuň sebäbi nämedekä?

howa ol gun menem seretdim

howa ol gun menem seretdim inauguration dayy. oran gowy boldy, ay ondan son mekdepde shol hakynda 10 test aldylar 5 duzme yazdyrdylar, menin pikirimchede oran gowy gecdi, we bular hemme zada oran uns beryarler, onun ayalynyn chagalarynyn geyen eshiklerine, edyan hereketlerine, sozleyan sozlerine, TVde goremde oran oran kop adam bar eken hayran galldym, washingtonda bolamda Capitolyn yanyndan white housea chenli yorapdik, aralyk yakyn dal oran uzak, shol yerlerin hemmesi doly adamdy, kim bilyar ondan bashga yerlerdede nache adamlar bar:)anyway, belki amerikanyn durmushynda tazelikler getirjek, ustunlikler gazanjak we gazandyrjak, peydaly prezident bolsunda,:)

Barak Obama shu wagta chenli

Barak Obama shu wagta chenli wezipe bellan adamlarynda bilime gaty uly uns beryandigi gorkezdi. Ministrlerin kopusi ozi yaly elit uniwersitetleri gutaranlar, we kopusi oz ishini bilyan ekspertler. Ministrlerin arasynda Nobel bayragynyn eyesi hem bar. Shu wagtky Energiya Ministri Steven Chu 1997 yylda Fizika dan Nobel bayragyny alan...