Ýapon multiklerini TM'de görkezip bolarmy?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Harakterleriň gözleri uly, Ýaponlaryň bolsa gözleri kiçi diýip. We başga milýon bahana tapyp Ýapon multiklerini hiç görmedik oglanlaram bardy Malaýziýada. Ýöne Amerikan kinolaryny we multiklerini görýädiler.

Biz bolsa sapagy zady taşlap uzynly günläp görüp bilýädik ANIME diýilýän zady. Dostlyk, söýgi, durmyş hakynda gowy zatlar bilýän ekeni Ýaponlar. Gözleri kiçi bolsada.

Buňa stereotip diýilýär. Bir zadyň "erbetligine" ynanyp, soň hiç wagt kabul etmän ýaşamak.

"Naruto" indi dünýä belli bolan ninzýalar hakynda Anime. Naruto bir kiçijek oglan, gizlin ninzýa obasynda ýetişýär, we bar "priýomlary" öwrenmek üçin jan edýär. Onyň dostlary bar, mugallymlary bar, söýýän gyzy bar etc. Öz başyna bir durmuş, bir milletiň medeniýetini doly görkezýän multik.

Indi biz ömrümizi diňe şol Amerikan we Rus kinolaryny görüp geçirmelimi? 1990-njy ýyllaram gutaryp gitdi. Entegem açylyp bilemzok dünýä. Dünýäde gowy kinolaram bar, multiklaram, seriallaram. Hytaýam bar, Germaniýa bar, Ýaponiýa, Koreýa, Polşa, Rumyniýa etc. we etc.

Biz bolsa günde "Menty" ýa-da "Wampiry" diýen kinolary görmeli. TVde başga zat ýok, prokatda da ýok, ADSLem ýok. Dag ýaly stereotipler bar. Haçan gutararka şolar...

Şu wagt alyp TV'de Rurouni Kenşin ýaly multigi görkezäýseň, men bilýän müňlerçe çaganyň dünýagaraýşyna gowy täsiri bolar. Ýöne ýok - "Multikde gözlerini gaty uly çekipdirlerlaý" bar görýän zady...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • utp_li 1 telpek goyyar we yazyar: "Bratelnik, entegem shol animelerini reklama edip yorshunmi? :) Telpek!! "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

hazirlikche Turkmenistany

hazirlikche Turkmenistany tehnologiya-da azajygam bolsa osdurmek uchin jan etmeli.. onson herkim oz halayan zadyny ozi gorer oydyan..

p.s.

wii Bayram aga, Takeshini son bildimow, hemme yerde suraty bar barde.. aslynda 1 kinosyny gordum, sonam surata seredip tanap eyway bu ol adam diyip bir yaposh dostum-a sorasam, ol Takeshi how diyyar.. ozem hahaylap gulup, Turkmenistanda name ol meshhur dalmi diyip sorayar:DD

Ýaponlar ony komediýa ady

Ýaponlar ony komediýa ady bilen tanaýalarmyş "Bito Takeşi" diýip. Iňlisçe "Beat Takeshi", asyl ady Takeshi Kitano.
Legenda.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

şu multiklerde gyzlar yaman

şu multiklerde gyzlar yaman owadan.
bir wagtlar anime/manga suratçylygyna höwes eden bolyadym. sonra bolmady. :)

Mena yaman gowy goryan,

Mena yaman gowy goryan, ongler yadyma dushyar, jigim bilen "SamurayX" "Seylormun" yaly multifilmleri sybryman goryardik. Dogurdanam gozleri ullakan sholang , bar owadanlygam shonda-da.
Turkmensitanda hem gorkezibermelimika diyyan.

P.S> Oglanlaram yaman owadan chekilen. :)D
____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Gyzlaram oglanlaram gowy çekýäler

Gowy çekýälerdä... Menä esasan dili we medeniýeti gyzyklandyrýar. Kiçi-kiçi zatlara üns berýän halk. Multiklerem gaty gowy, iň soňky detaline çenli gowy düzülen.

Şulary hökman görmegiňizi recommend etýän:
-Naruto
-Fruits Basket
-Rurouni Kenshin
-Peacemaker Kurogane
-Samurai Champloo
-Great Teacher Onizuka Anime
-Samurai Deeper Kyo
-Get Backers


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

gorkezip bolar,,olaryng

gorkezip bolar,,olaryng gorkunc multikleri bar men halayan..yone olaryn eyla-beyla bokyan multiklerem bardyr elbetde olary gorkezip bolmaz.:D

28 yaşly bir tanyş bar;

28 yaşly bir tanyş bar; şol önrak "Avatar" diyip şol multiklerden seredip durdy;
çaga bolsan çyndanam gyzykly bolmagy mumkin, yöne men-a çydap bilmedim.

Naruto???

Eeeeeeee Naruto diyilyan multigi chagalara gorkezer yaly dala...(Bir psih yaponchyng
duzen multigimi)

*40 seriyasyny gordum

1)Eyyam 2'nji seriyasynda bir oglan oglany ogshaya
2)Narutodan basga hich oglan hich gyza uns berenok...
3)Muldikde goren yerlemde eyyam iki sapar gyz yaly aylanyp yoren oglan chykdy...
4)In gen tarapam goren yerlemde hich kim hich gyza owadan diyeni yadyma dushenok,yone nache sapar oglanlara owadan diyyaler

PS muny yazasymam gelmedi,eger pozmaly pozubermeli.Yone beylekileringem unsini chekip
mu mesele hakynda pikirini sorasym geldi.(Ya da dine mana shon yaly gorundi)

Ozuniz shun oglanamy ya gyza menzeyanini barlap gorun

Ine buda videosy...


Bardaki hoshlashygam dostlyga mengzanok...

http://www.youtube.com/watch?v=VDb01PaqEKw

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "40 seriya Naruto ucin! Berekella!"

Hakyky

Seniň aýdýanyňam dogry. Ýaponlar jynsy meselelere gaty arkaýyn seredýäler. Ýagny "full freedom".

Şonuň üçin elbetde Türkmen medeniýetine görä saýlap görkezmeli!

Amerikan ýa-da Rus kanalaarynda-da dolup ýatyr şolar. Görmäli diýýän ýoga :) Herkim görýär...

Ýaponlaryň samuraýly multiklerini görkezeli: Rurouni Kenshin ýaly, Peacemaker Kurogane ýaly... Gowa :)


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Bolmanam beyle multfilmleri

Bolmanam beyle multfilmleri chaglara gorkezmek bolmaz, myasl uchin MTVde goyberyandirler kabir multikleri (atlary yadyma dushenok), yone chagalar uchin niyetlenenlerem bar ahyr.
____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Çagalar hakynda aladaň üçin!"

multikleri çagalara

multikleri çagalara niyetlap çykaryalar diyip bilyadim men-a.
olar yali multikleri çaga bolmayanlar seretse bolyamy onson?

Bolanok

Ýaponlaryň multiklerini hökman filtr etmeli. MTV üçin çykarýanlary aýratyndyr - olar uly adamlar üçin.

Ýöne meselem Fruits Basket multigini çagalara görketseň gowy bolarmyka diýýän. Prikol.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Elbetde

japon multiklerini TM-da görkezip bolarda yöne diline hiç kim düşünmez we terjime etmek gaty kyn bolaymasa! YAKUDZA

Subtitles

Edil Iälisçä terjime edilşi ýaly aşagynda TEKST görnüşde Türkmençe ýazmaly terjimesini. Şonda owadan Ýapon dilini sypdyrmanjyk Türkmen terjimesinem okap bolar.

Şeýle bolaýamy?


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Ýapon multiklerinden sci-fi

Ýapon multiklerinden sci-fi diýip "Ghost in the Shell" nesihat edipdiler, göremde ýaman halapdym. Şol anime epesli hollywood kinosyna temasy bilen çeşme bolupdyr. Dogamy hem çykdy diýdiler, intäk görmedim.
Başgada Animatrix-yň käbir bölümini ýapon anime ussalary çizipdir, sci-fi bilen gyzyklanýanlar üçin hökman görülmeli eserler.

Öýde digiturk paketim bar, Eutelsat W3A-dan görýän. Şonda 10-15 sany çaga kanal bar, bir iki gezek sereden boldym. Görkezilýän multikler kileň 3D edilip taýynlanan, kän halamadym. Animeleriň bolsa esasy bölegi 2D (meň görenlerim), şolar görmek has ýakymly.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: ""Ghost in the Shell"! Berekella!"

Avatar

Avatar Yapon Multigimi Bilyanin Barmy.

hawa

hawa, CNBC-E Türk kanalynda gidýän bolmaly.

Olam gyzykly, esasam äpet uçýan öküz (ýak), ýaman prikol.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

bizing chagalarymyz uchin nu

bizing chagalarymyz uchin nu pogadi yaly gyzykly multifilm tapylmaz, gechen gun internetden tapyp multifilmi tazeden gordum, hem gülüp hezil etdim, hemem gahrymanlang meng chagakam durmyşyma eden tasirleri yadyma düşdi, multıkda bolyan hemme zady edesim gelyan eken chagakam, indi yaponlang multigi hakynda aytsam Tom we Jerry hem chagalar üçin görkezmek howply, yaponlangkla hasam beter howply bolar, goz ongune getir 5 yashyndaky oglanjyk 5 yashyndaky gyzy ogshajak bolyp azara galyp yorse:):):):)

Tom & Jerry gorkezmesek name

Tom & Jerry gorkezmesek name gorsunler onda?
_____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

Diňe Sowet multiklerini

Ýene şol gürrüňlerdä... Bolyň onda diňe sowet multiklerini göreli. Başga yurtlardan multik görseler birden birzat bolar. Meselem çagalaryň guýryklary çykar, ogşaşarlar etc.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

hmm chaga asla telewizor

hmm chaga asla telewizor gorkezmesek nahili bolar?
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Onda kyn bolýar :)

Telewizor, multik görkezip güýmemeseň urşyp, ýykylyp aglap alyp barýalarda... Çäresiz...

Günde 1-2 sapar görkezmeli bolýar.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Hemme yerde bolushy yaly

Hemme yerde bolushy yaly bardede balans bolmaly. Telewizordan multikleri hem seretsinler, bashga oyunlar hem oynasynlar...

Nahili, sen japon multikleri seretdiryan bolsan, onda multik gaty gowy bolmaly. Gelemde gorerin.. ;)

Men soňky wagt

Kän seretiremok multigi indi. Käwagtjyk. Sebäbi giç gürlemegine sebäp boldy eýýäm. Günde maksimum 1 sagat görseler bolarmyka diýýän.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Ey shu bizin networkda share

Ey shu bizin networkda share edilyan zatlaryn yarisi animedir. Hic oturyp gorip bilemokda shuny :) Bratelnik aytsana name etmeli :)

yapon multiklerini(animleri)

yapon multiklerini(animleri) halayan zadyma dal welin, multikrak kino bar, prikol yaman, türkçesa şeyledi(prikol) - Alvin and the Chipmunks (2007) - http://www.imdb.com/title/tt0952640/