"Gurhan yekejedir, üytgedilmedi, kyyamata çenli goralar!"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Musulmanlaryn dilinden düşmeyan bir gep bar:
"Injilin birnaçe görnüşi bar, emma Gurhan yekejedir, üytgedilmedi, kyyamata çenli goralar!.."
Yalnyşmayan bolsam, şu sözler Gurhanyn içinde hem yazylan.

Yany gonşy blog'a göz aylapdym; şeylede "diplomat"* bilen "yarym kilo" söhbet edipdir, kellame köp pikirler geldi.
Anyrda diplomat, hristiyanlar hernaçe üytgeden bolsa hem; hazir önki original injilin bardygyny aytyar. Sebabi "Injilin originaly yok" diymegin Ylahy prinsipe tersdigini aytyar. Sebabi, Huday dünya adamlaryna Injili iberipdir we ony goranok, beyle zat bolup bilmejek zat diyip aytyar. Sebabi şol agzalyan Huday Gurhanda, "öz kitabyny gorajakdygyny" aytyar. Onda name üçin başda Injili goramandyr? Gaty geng.

Elbetde musulmanlaryn öz düşündirişleri bardyr, "Injil goralmady sebabi, palan-palan, gurhan goraldy sebabi palan-palan" diyip. Hristiyanlaryn işi kynrak sebabi olar "bizinki Gurhandan önünça geldi, in hakyky kitap bizinki" diyip bilmeyarler. Sebabi Töwrat Injilden önünça geldi. Yewreyler Töwrat hakynda "naman gohy? bizinki in 1nji kitap, gurhanam, injilem sonra geldi, Huday bizi iberip bizi orta yolda goymaz, eger ol huday bolsa.." diyip aytmaklary üçin gowy sebapleri bar. ))
menin pikrim, "hudayyn kitaplary" diyilyan hudayyn dal, adamyn yazanlary. Şertlere, syyasata göra yazylan kitap.

Menin bu blogda aytmak isleyan zadym başgady.
"Gurhan yekejedir, üytgedilmedi, kyyamata çenli goralar!"
bu owadan, öwgüli sözlerin öran syrly tasirleri bar. Bu sözlerin dowamy şeyle bolup gityar. ".. şonun üçinem yslam dogry yoldyr!" Ine men şu nokada ünsünizi çekesim gelyar. Bir kitap yekeje, üytgedilmedik bolany sebapli ony dogry kabul etmeli diylen zat yok. esasy zat, şonun içindakilerin üytgap üytgemeyandigi. Yagny Gurhan üytganok, sebabi bir kitabyn originalyny saklap bolyar. (Diplomada göra, hazir Injilin originaly hem bar). Yagny taryha seredip, original kitaby tapmak kyn düşmese gerek.
Gurhanyn Yslamda nahili orunlary bar?
Hazirki yaşalyan musulmançylygyn hemme zady gurhandan alynmamy? Yok. Gurhany okap kabir adamlar terorist bolyar, kabirleri alym bolyar. Yagny yekeje, üytgemeyan many, yol çykmayar. Herkim üytgeşik düşünip bilyar. yslamda gurhandan başgada köp "kömekçi kitaplar" (tefsir), hadyslar (Muhammet Pygamberin durmuşyndan wakalar, sözler) bar. Gurhanda Namazyn nahili okamalydygyny aydylmayandygyny aytsam, kabirleriniz geng galmagy mumkin. Namazyn nahili okalmalydygy, hadyslardan çykyar. Tefsir hem Gurhanyn nahili düşünmelidigini düşündiryar.
Netije? Yslamdaky zatlar Gurhandan beter, Hadyslara, Tefsirlere esaslanyar.
Indi başdaky soragy tazelemeli bolyarys.
Gurhan yekeje. Emma Hadyslar, Tefsirler üytgedilmedi we yekejemi?
Yok. Bilşiniz yaly gaty köp hadys bar, hatda 8-9 asyrlarda şeyle köp hadyslar çykypdyr, her abrayly adam "muhammet pygamber şuny diydi, şeyle waka boldy" diyip kella name gelse aydyberipdirler. Şonun üçin Merkezi Aziyadan bizin ata-babalarymyz, Semerkant, Buharadan uly adamlar bulara "durun." diyipdir. hazirki ulanylyan hadyslar Müslim, Buhari'nyn şol wagtlar saylan hadyslary. olar özlerine göra; "yalandygy subut ediljek manysyz hadyslary" ayyrypdyrlar, dineje "gowyjalaryny" goyupdyrlar. hazir musulmanlara kabir hadyslaryn yalnyşdygyny görkezsen: "kabir yalnyş hadyslar hem bolmagy mumkin" diyip aydarlar. yagny hazirki hadyslaryn haysysynyn çyndanam dogrydygy nabelli. Diymek Hadyslar yekeje dalmiş, üytgedilipdir. Yada birden köp manysy bardyr. Kabir hadyslaryn manysyny nirak çeksen çekip otyrmaly, olar adamyn (esasan din adamlarynyn) wyjdanyna galan zat. Her kim özüçe düşünip dur. Tefsir barada hem hadyslar yaly zatlar aytmak mumkin. Tefsir diymek, gurhanyn düşündirişi diymek. Şonun üçinem, kabir din alymlary, özlerine göra düşündiriş aytyalar. şonun üçinem, hazir birnaçe düşündirişler bar. yagny tefsirler yekeje dal, üytgedip bolyar.
Musulmanlyk hazir yekeje dal. Sünni-hanefi, sünni-şafi, şayy, alevi diydi birnaçe topara bölünyar. Arap musulman bilen türkmen musulman üytgeşikdir.
Gepin gysgasy, her naçe kitap "yekeje we üytgeşik" bolsa hem; (köp adam hristiyanlygy şu sebapden kabul etmeyar ); yslam yekeje, üytgedilmedik, taryhdan bari original daldir.
yagny eger hristiyanlyga şeyle garayan bolsanyz, yslam barada hem oylanyp görün diyesim gelyar.
Yaltanman, okanynyz üçin sagbolun.

* "diplomat" = forumyn hristiyan dinine ynanyan agzasy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Hristian dini gaty uly düşünjäni öz içine alýar, bu sebapden Isa Mesihe Mesih hökmünde ynanýar diýseň hem boljak!:)"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Na derejede dogry bilemok...

Na derejede dogry zatlar aydya bilemok!

На вопросы отвечает ученый-исламовед Роман Силантьев

Беседы про ислам. Часть 1.(13 bolumden ybarat oydyan)


Men sen sorajygyna jogap

Men sen sorajygyna jogap yazmak bilen wagt yitirjekdal. Türkçe bilyan bolsan sorularlaislamiyet.com saytyna bular yaly soraglaryny yazyp bilersin. Barde söyyan bir alymym hakda yazjak:

Tolstoyyn 50 yaşyndan son yazan filosofiki kitaplaryny okanda (Соединение и перевод четырех Евангелий, Исповедь, Путь жизни, ...), Injilin üytgedilendigini özünem (ön Hristian bolan dana alymyn tassyklamagy bilen) düşünersin.

Tolsoty Injillerin dördüsini hem okap, original latin dilinden terjime edip bu netija yetipdir: Injil üytgedilen!

Tolstoy 1901-nji yylda Cerkov tarapyn dinden kowulayar, ölmanka öz mazaryna krest goymagy gadagan edyar, sebabi ona göra Isa pygamberin öwreden Hristianlygy bilen şugünki Hristianlyk bir dal. Sonky deminde Musulman bolandygyny öz doktory aydyar.

Tolstoyyn musulmanlanka menzeyan mazary:
www.yasnayapolyana.ru/museum/manor/map/18b2.htm

PS: Amerikaly alymlaryn Tolstoydan akylly bolsa gelip yüzüme tüyküray dost. (NOKAT)

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Кому

Кому принадлежит Л. Толстой? Размышления мусульманина

http://www.islam.ru/culture/lev_tolstoi

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Dost özüň aýdyp

Dost özüň aýdyp otyrsyň, Tolstoýyň 50-i ýaşynda filosofiki kitaplary diýip. Hudaýyň sözi filosofiki kitap däl, men hem durmuş barada diňe filosofia esaslanyp oýlanyp başlasam her bir kitabyň hem meniň filosofiki pikirime nädogry getirip bilýäň.
Ondan başgada Tolstoýyň nirede ýaşap we nähili hristian mezhebinden bolandygyny hem ýatdan çykarma. Prawoslawlaryň öňe sürýän ylahy hristian taglymatlarynyň köpüsiniň şu günki Injiliň öwredýänlerine hem dogry gelmeýändigi anykdyr, çünki olaryň özleriniň döreden däp-dessurlary Injile esaslanman, olaryň kabul eden nähilidir bir gadymy ruhanylarynyň aýdan we düşündiren zatlaryna esaslanan. Bu sebäpden hem Tolstoý olaryň Injile esaslanmadyk pikirlerini paş edýär, Tolstoý Injili we oňa doly esaslanan imany ret etmedi-de Prawoslaw we şoňa meňzeş adam tarapyndan döredilen dini toparlaryň nädogrylygyny we hakykata esaslanmadyk dini däp-dessurlaryny ret edipdi. Onuň pikirleri bu günki günlerde belli bolan protestan mezhepleriniň düşünjesine ýakyn gelýär.
Eger sen Tolstoýy okap öwrenen bolsaň, onda Tolstoýyň getiren "Injil üýtgediipdir" diýen argumentlerini bu taýa taryhy faktlar bilen getir we şolar hakynda gürrüň edeliň!?
Tolstoýa meňzeş Islam ýazyjylarynyň käbir Islam hakynda ýazanlary barada men saňa aýdyp başlasam sen ynanarmyň? Mysal üçin Seýit Ymadeddin Nesiminiň eserlerini okap görseň, Islamyň kabul edip bilmejek zatlaryny aýdýar, özi bolsa belli Türk musulman alymy, bu sebäpden hem musulmanlar ony diriligine deriden çykarýarlar. Seniň iman edýan Kuranyň Injili saňa okamagy we iman etmegi talap edýär. Kuran Injil üýtgedilipdir diýip aýdan ýeri ýok. Eger olar Kuran gelýänçe üýtgedilen bolsady onda Töwrada, Injile iman ediň diýip Kuran aýtmazdy, eger aýdan bolsa onda Injil üýtgedildi diýien düşünje Kurandan soňky döwürde dörän düşünje bolmaly.

Protestanlyk mezhebinin

Protestanlyk mezhebinin özi, Hristianlygyn na dereje üytgedilendiginin subutnamasydyr. Protestanlar meledis, "Hristianlyk üytgedildi! Biz reforma edip yaşajak bu dini!" diydiler. Yöne (öz aytmaklaryna göra) "üytgedilen Hristianlygyn" öz asyl (original) formasyny nadip tazeden "direltmelidi"? Muny Tolstoy yaly, öz logika we interpretaciyalaryna göra etdi protestanlar. Sebabi köne bir zady tazeden gurmak üçin elinde plan bolmaly, şo zadyn plany üytgedilen bolsa, tazeden gurjak bolyan zadyn önkisi bilen den bolmayar. Sebabi herkim öz anyna göra Hristianlygy "reforma" edip otyr. Sebap name? "Pravoslavlar yalnyş mezhep, katolikler yalnyş mezhep, ..." Kimin ocheri geldi? Protestanlan. Protestanlaryn içinden neo-protestanlaryn (yada super-protestanlar :-) çykjak güni yakynmyka diyyan.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Protestanlar seniň

Protestanlar seniň diýýäniňiň tersine, hakyky Injiliň taglymatyny öňe sürdüler. Olaryň esasynda Injiliň anyk taglymaty ýatyr, Prawoslaw we katolik kiliseleri bolsa ata baba däp dessur döretdiler, munuň bir sebäbi hem ol toparlaryň döwlet dini bolmagynyň netijesinde bolup geçdi. Din syasatlaşdyrylsa we häkimýetiň eline ulanmaga boýun edilse onda ol hökman hakykatdan daşlaşyp başlar. Munuň netijesinde Mukaddes Ýazgylara esaslanmaýan gerek däl birnäçe däp dessurlar asylaryň jümmüşinde emele geldi. Emma başdan başlap olara garşy durup gelen we olaryň diýýänleriniň we edýänleriniň köpüsiniň nädogrydygyny aýdyp gelen we INjil esasynda ýaşap gelen adamlar bolupdyrlar we olar biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu sebäpden olar täzelikde dörän bir zat däl-de soňky asyrlarda köpçüligiň muňa özleriniň düşünendikleri üçin protestantlaryň diýýänleriniň hakykatdygyny bilýänler köp. Dürli mezhebiň bardygy bu Injiliň ýada beýleki Mukaddes Ýazgylaryň üýtgedilendigi däldir! Eger bu logikany ulanjak bolsaň onda bu Kuran babatynda hem şeýle bolup biliner. Emma bu logikany Kuran barada ulanmajagyňy bilýän we muny dogry hasaplaýan, çünki bu ýada ol kitabyň originallygynyň saklanyp saklanmagy mezheplere bagly däldir. Kitabyň original nusgasynyň bu günki Injil bilen gabat gelýän gelmeýändigini diňe taryhy we ýuridiki faktlar esasynda anyklap bolýar.
Ondan başgada bu ýada ol kitap ýöne delilsiz üýtgedilipdir diýmegiň bilen seniň pikiriňiň hakykatdygyny aňlatmaýar!

salam Jemshit! yazgynda

salam Jemshit!
yazgynda asyl many yslam dininin uytgedilenini, yekeje daldigini gorkezyar, yone biz Yslam uytgedilmedi diyip ozume shayat tapamyzoga. pygamberimiz(s.a.v) bir hadysynda aydip gechyar: "HZ Omer pitne uchin gapy boljakdyr" diyip, yagni HZ Omer'in halifaligindan son yslam dininin ichinde pitne bashlajakdygyny duyduryar. netijede yslam dininde hem durli-durli shahalar bar, hatta Pygamberimiz ahyrzamanda yslam dini 72 shaha chenli bolunjekdir diyip aytyan bolmaly. garaz bolunendigini kabullanyas, barybir gorunup dura, adam oldurup yoren biri musulman bolmaz hich hachan
emma elinde dogry bolan, yol yorelgan bolup biljek kitabyn bar. sen hakyky yslamy, Kurani owrenmek bilen yashap bilyan...
shu yazan yerin hem unsumi chekdi

Quote:

Bir kitap yekeje, üytgedilmedik bolany sebapli ony dogry kabul etmeli diylen zat yok.

dogry kitap uytgedilmedi diyip ona ynanmak dogry dal, emma onun ichinde gurrun berilyan yagdaylar ve Pygamberimizin durmushy bilen birleshdirenson yslamy kabul edyan.
kan bir gowy dushundirip bilmedim oytyan, garyshdyryp yazanim uchin bagyshla...
hadyslar ve tefsirler barada yazanlarini has takykrak yazsan jogap bermek ansat boljak. sebabi "kabirleri" yada "aydyarlar" yali sozler ulanipsiniz. sho yazanlarinizi kan bir kabullanasym gelenok, esasam hadyslar barada...

________________________________
sheriatda shu senindir bu benim
tarikatta hem senindir hem benim
hakikatta ne senindir ne benim...

Ay oglanlar, barde wagt

Ay oglanlar, barde wagt yitirenden, kartoshka dogran :D

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "he he he"
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "exactly` arigatou!"

Religion=opium? Religion=opinion? Tmolympiad=Religion?

1.Dini jedelleşip düşündirip bolýarmy?
-Meň pikrimçe ýok

2.Dini forumlardan, bloglardan öwrenip bolýarmy?
-Meň pikrimçe ýok

3.Kitap okaman öwrenip bolarmy?
-Birine ynanyp, ýagny bilýän adam tapyp şondan diňleseň belki. Myş-myşdan, bölek-bölekden, gazetden, blogdan gowy bilgileri tapmak kyn. Jogap berýänem soraýandan çalarak köp bilýärdir, bilsede.

Birzatlar okaýyn diýseňiz: şu ýerde dolyp ýatyr www.lib.ru www.gutenberg.org

4. Tolstoýy (ýagny 50 ýaşyndan soňky Tolstoýy) okamadyk adama Tolstoýy düşündirip bolarmy?
-Meň pikrimçe ýok.

Aý whateverlaý. Inetde bor-bolgysyz sebäpler bilen "Türk mekdeplerde pylan zat öwredilýämi?", "Türkiýede bir kitapda ynanmaýanlara pylan zat diýilipdir" w.ş.m zatlary gozgaýan adama dagy.

Jemşide jogap berjek bolup, biderek zatlar ýazylýar. Gowylyk edeýin diýip, kim bilýär...

Bir adama düşündürjek diýip has känleri ýitiräýmäň ýöne.


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...

Allajan Jemshing internedy

Allajan Jemshing internedy ishlemaysedi :) yaman yadadym how , goyay jemshit , haysh etyan , goyay, pls , goyay goyay indi , chynym baryp atyp gaydaryn indi uff yadadym goyay adam chagasy ,
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Jemşitem öwrenesi gelip

Jemşitem öwrenesi gelip açyan daldirlay şu blogu?!
yazsanam bir yazmasanam bir.menem şon üçin yazamok.

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

men hiç kime sorag

men hiç kime sorag soramadym, dineje öz pikirlerimi yazdym.
oglanlar we selbişka; eger yazmak islemeseniz (eyyam naçinji gezek gaytalap durşunyz şu sözi), yazman, men size yazyn diyemok. dine okasanyz bolyar. ))
Monte-kristo men hristiyan dini üytgedilmedi diymedim. men dineje yslamyn hem hristiyanlyk yaly originalyndan uzakda,, we "dogry yslamyn" nabellidigini aytmak isledim. Tazeden okasan belki düşünersin.

Selbişka; yagşy dileglerin üçin sagbol. Hudayjan sana men yalylara jydamak üçin sabyr bersin, we oylanmak üçin köprak akyl bersin.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "ana, "Huday" diyib-a bashlady :) selbi dilegin kabul bolyar oydyan :)"
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Okatmak üçin hat ýazmak sahypanyň kadalaryna ters, azyndan 40-50 post bolmaly, bolmasa pozular munyňam!"

Allah , Allah , okayan yok

Allah , Allah , okayan yok shuny adamlang nerwisini oynama, HUdaydan gork, NAME UCHIN MODERLER SHUNY POZANOK? biderek zatlary , hany gerek zatlara ylgapjyk pozyarlar? dushunemok shuny name uchin pozmayarlar , men moder bolan bolsam sizi shu tayyk girmez yanak ederdim!
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Moderator saýlowlarynda saňa ses beripdim welin, özüň islemediňdä :) "

JEMŞIT dost, Imanyn 6

JEMŞIT dost,

Imanyn 6 şerti we Yslamyn 5 esasy şerti bar. Bu esasy zatlar hakda aydylan hadyslaryn hiçbiri "şübheli" hadyslar daldir. Iman we Yslamyn esaslary hakdaky bu hadyslar standart hadyslardyr.

Sen diyyan hadyslaryna (sungat, syyasat, maşgala durmuşy, jemgyyet ... bilen baglanyşykly) mysal: "Ennazafatu minal iman." - "Arassaçylyk imandandyr." ... yaly Yslamyn esaslaryna garşy (opposite) gelmeyan hadyslardyr.

Buhari, Müslim ... yaly hadysçylaram öyünde çay içyaka keypi tutup "Daway hadys kitaby yazayyn!" diyip hadyslary jemlemediler. Ruhy (spiritual) dünyade kabir adamlara wezipe berilyar, "sen şuny etmelisin" diyip, şol adamlaram wezipelerini yerine yetirmek üçin beyle uly we jogapkarçilikli zatlar edyarler.

PS: Sonky paragrafta yazan zatlarymy Hudaya "ynanmajak bolyan" birine düşündirip bolmayar.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: ""daway, hadys kitaby yazalyn" :))"