Olaryň şan-şöhratlary bakydyr

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bize il-halkyň öňünde iş bitiren adamlara belent hormat goýmagyň nusgasyny görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda edebiýat, sungat, medeniýet işgärleri bilen bir hatarda edermen daýhanlarymyzyň, işçilerimiziň, mugallymlaryň, ylym-bilim işgärleriniň hem ýokary döwlet sylaglaryna, baýraklara mynasyp bolmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýändir. Merdana halkymyz öz ezizleriniň mertebesini hemişe belentde tutýandyr. Geljek hepdäniň duşenbe güni eziz halkymyz Hatyra gününi belläp geçer. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde ata Watanymyzy döş gerip, gahrymanlarça goran merdanalaryň ýagty ruhlaryna bagyşlanyp sadakalar berler, aýat-töwir ediler.

Gazawat, Mary, Sarahs, Garrygala, Gökdepe söweşlerinde, Lebapda türkmenleriň başyna düşen gowgalarda halkymyzyň görkezen merdanalygy biziň ähli nesillerimiz üçin baky nusgadyr. Şol aýylganç söweşleriň diňe ikisinde- Gazawatda, ikinji Gökdepe söweşinde (1881 ý.) türkmenler patyşa Russiýasynyň synagdan täze geçen toply-tophanaly, san taýdan tas on esse dagy artyk goşunlaryndan ýeňlen hem bolsalar, ýokarda ady agzalan beýleki söweşlerde uly ýeňiş gazanypdyrlar. Olar şeýdibem öz merdanalyklary bilen şu günki mukaddes topragymyzy bize miras goýup gidipdirler. Türkmenler hatda ýeňlen söweşlerinde-de gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezipdirler. Muňa Gazawat söweşini gözi bilen gören iňlis galamgäri Mak Gahanyň, rus galamgäri Krroniggiň ýazgylary-da şaýatlyk edýär. Türkmenleriň gözsüz batyr adamlardygyny hatda „ gözi ganly“ patyşa generaly Skobelewiň, harby Grodekowyň özleri hem ençeme ýazgylarynda boýun alypdyrlar.

1879-njy ýylda duşmanyň şol döwrüň güýçli goşuny bilen Gökdepä tarap süýşüp gelýändigi mälim bolýar. Oňa patyşa generaly Lomakin ýolbaşçylyk edýän eken. Bu general öň Ferganada, Kokantda bolan söweşlere gatnaşan, Aziýanyň tebigy hem beýleki şertlerini gowy bilýän harby hökmünde bu wezipä bellenipdir. Bu goşunda kazaklaryň öň ençeme söweşlere gatnaşyp, kemsiz tejribe toplan, dişine çenli ýaraglanan on müňlerçe esgeri bar eken.

Nurberdi han Maryda ýarawsyz ýatansoň, iliň öňüne düşüp ýören kethudalar Gökdepede uly maslahat geçirmegi makul bilipdirler. Maslahata Nurberdi hanyň ogly Berdimyrat han başlyklaýyn hanlar, begler, abraýly adamlar ýygnanypdyrlar.

Bu uly maslahatda beglerden Orazmämmet han, syçmazlardan Hanmämmet Atalyk şol gürrüňçilikde duşman bilen güýçleriň deň däldigini, olaryň ýaraglarynyň güýçlüdigini, öz güýçleriniň azdygyny, şu sebäpli hem bu gezekki söweşde ýeňiş gazanyp bolmajakdygyny aýdypdyrlar. Şonuň üçin ýowuz ýagy bilen gepleşikler geçirmäge rugsat bermeklerini haýyş edipdirler. Şeýle hem olar halky gum içindäki guýularyň başlaryna göçürmegi maslahat beripdirler. Eger patyşa goşuny bilen uruşmaly bolaýsa-da, kiçiräk toparlara bölünip, dürli taraplardan hüjüme geçmeli diýipdirler. Olar şeýle hem galanyň heniz salnyp gutarylmadyk ýerlerini salmagy dowam etmegi bes etmeli diýipdirler. Çünki halkyň, goşunyň gala ýygnanmagy duşmanyň hüjüm etmek işini aňsatlaşdyrar diýipdirler. Olar şu pikirinde berk durupdyrlar.

Ýarajydan kömege gelen Şir batyr basybalyjylar bilen gepleşik geçirmegi ret edipdir. Ol: „Biz öz ýerlerimize özümiz eýelik etmelidiris. Duşmana boýun egmeli däldiris, Watanymyza janymyzy bermäge taýyn bolmalydyrys“ diýipdir. Bu meselede Şir batyry Amangeldi Gönübek , Gara batyr hem goldapdyr.

Şeýlelikde, urşa taýýarlyk görmek maslahat bilnipdir. Garrygala söweşinde ele salnan topy Änewden Gökdepä getiripdirler. Abdylla ussa gazanlardyr köne kündükleriň döwüklerinden topa ok ýasapdyr.

Edil şol döwürlerde-de general Lomakiniň goşuny Gökdepe galasyna golaýlaşyp gelipdir. Tekeler kiçiräk atly toparlara bölünip olara garşylyk görkezip başlapdyrlar. Emma duşmanyň aňyrsy şeýle kän eken. Olar gala golaý gelip, aýgytly söweşe taýynlyk görüp ugrapdyrlar.

Tekeler söweşe öňürti başlamaly diýen karara gelipdirler. Olar uzak gijeläp ykjam taýýarlanyp, aladaňdan hüjüme geçipdirler. Olaryň esasy ýaraglary gylyç, taýagyň ujuna daňylan gyrkylyk, ak saply pyçak bolupdyr. Şertli sykylyk eşidilen badyna olar “Ýa, Alla” diýşip, aýgytly hüjüme geçipdirler. Köýneginiň ýeňi, balagynyň gonjy çermelen ýalaňaç urşujylar gözleri ýok ýaly hüjüm edip, duşmanyň ilkinji hataryndaky esgerleri gylyçdan geçiripdirler. Yzdan bolsa ýiti gözli mergenleriň ok-därileri ýagyp ugrapdyr. Emma ýaramaz ýaragdan atylan oklar duşmana onçakly uly zyýan ýetirip bilmändir. Birdenem, Diňlidepäniň üstünden Abdylla ussa top atyp ugrapdyr. Şunda duşman esgerleriniň köpüsi gyrlypdyr. Elbetde, olar hem türkmenlere garşy ok-däri baryny ýagdyrypdyrlar. Şol wagtam bukuda ýatan türkmenler hem hüjüme geçipdirler. Duşmanlar muňa asla garaşmanam ekenler. Hut şeýle ýagdaýyň özi hem türkmenleriň güýjüniň agdyklyk etmegine getiripdir. Giň meýdanda edilen hüjümlerde türkmenler öňe dyzap başlapdyrlar. Ýowuz ýagylar ilki-hä yza çekilmäge, soňra bolsa gaçmaga mejbur bolupdyrlar.

Arman, bu söweşde Amangeldi Gönübek, Berdimyrat han, Hakberdi batyr (Dykma serdaryň ogly), Şir batyr, Gara batyr ýaly ençeme merdana ärler, ýaş ýigitler, gül ýüzli gyz-gelinler, çagalar gurban bolupdyrlar.

Masgara bolan general Lomakin Gyzylarbada bakan gaçyp başlapdyr. Türkmenler olary Gazanjygyň aňyrsyna çenli ähli ýollarda paýhynlapdyrlar. Şeýlelik bilen, 1879-njy ýyldaky Gökdepe söweşi türkmenleriň ýeňşi bilen tamamlanypdyr.

Şehit bolanlaryň arasynda Maryda syrkaw ýatan Nurberdi hanyň ogly Berdimyrat han hem bar ekeni. Ogluny jaýlamaga gelen Nurberdi han öz gynanjyny şeýle beýan edipdir: “Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men pida çekmedik bolsam, bu meniň üçin masgaralyk bolardy. Elbetde, men oglumyň, Gönübek ýaly ärleriň, bigünä adamlaryň şehit bolanyna näler gynanýan. Gara batyr, Hakberdi serdar, Şir batyr ýaly ärler Watanyň hakyky ogullarydyr” diýipdir.

Elbetde, uruş pidasyz bolmaýar. Gökdepe galasynda edilen iki söweşde türkmen merdanalarynyň onlarça müňüsi wepat boldy. Emma olaryň Watana wepalylygynyň nusgasy türkmeniň ähli nesillerine miras galdy. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz, 1995-nji ýylda Hemişelik Bitarap döwlet bolmagynyň aňyrsynda Gökdepe galasynda, Gazawat söweşinde, eziz topragymyzyň azatlygy ugrundaky beýleki söweşlerde şehit bolanlaryň mukaddes arzuwlary ýatandyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Galkynyşlar hem Beýik özgertmeler zamanasynda merdana halkymyzyň ýeten şu bagtly günlerinde Gökdepe galasynda şehit bolanlaryň hatyrasynyň belent tutulýandygy şol merdanalaryň biziň ýaşlarymyzyň kalplarynda baky ýaşajakdygynyň äşgär alamatydyr. Halk, Watan üçin göreşen ärler hiç mahal ölmeýärler. Gökdepe galasynyň merdanalarynyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hem biziň halkymyz üçin baky mukaddeslikdir.

Zaman Türkmenistan,
11.01.2009

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hem yokarky yazgyda hem-de

Hem yokarky yazgyda hem-de taryh sahypalaryna göz aylansa; geçmişde türkmen halky dine jeng güni, duşman gapa söyenen mahaly agzybir bolmagy yatlan eken.

Asuda günde welin hiç bir bolayly, arkamyzy birek birege söyayli diymandir gynansagam. Netijede erkin günde agzybirlik adyna çöp başy gymyldamandyr.

Atalarymyzyn 1881'e çenli bolan wakalardan ders çykarmakdan çekinip, ruslaryn gelip depamize indirmegine garaşanyna menzeyar. Hat-da ruslar şol döwürde gelip gözümizin odyny alandan sonra bizde bitewi döwlet bolmak düşünjesi döredimika diyyan.

Nätdiňaý muny

Eý ýaman birhili ýazypsyňlaý. Milleti haýwan bilen deňeşdirip. Gaty birhili...


-----------------------------------
Bir suprada tayyar kylynsa ashlar...