Köp gülmek-içiňdäki hasraty giderip bilermi?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Dertsiz adam ýok. Durmuşda haýsy adamy tutyp sorasaň, özüne ýetesije problemalary bardyr…Durmuş-bu okuw…Her bir adamyň agyr/ýeňil synaglara sezewar edilip güýçliniň we ejiziň, merdiň we namardyň…aýyl-saýyl edilýän okuwy, ýetmiş köz bolup ýetmiş buz bolunýan iň soňunda hak adam bolunýan okuw. Durmuş okuwynyň kada-kanunlary anyk bellenilgi kitaby bar, dos-dogry ýol bilen ýöremegiňe öňderlik edip biljek mugallymlary bar. We bu kitap hem-de mugallymlaryň sözüni ýol edinýänler her synagdan üstünlikli geçýärler, emma welin öz akylyna öz güýjine göwniýetijilik bilen baglanyp hereket edýänler durmuşyň synagly ahwalatlaryny bir söweş özlerini bolsa bir gaýduwsyz esger hökminde görýäler. Gelip-geçýän her sortdan gaýduwsyzlary görýändiris, aňyrsy 20-40 ýyldan soň “men utuldym, men ýeňildim” sözlerine şaýat bolýarys, ýa-da derdini içine gömüp mertliklerini saklamaga çalyşýanlary görýäris. Netijede durmuş okuwyny kadasyna görä ýaşaman ony bir söweş meýdany hökmünde kabul edýänler tiz hatardan çykýalar.

Durmuşyň synagly ýagdaýlaryna garşy mertlik görkezişler şahsyýetlere görä üýtgeýär. Käbiri durmuşyň kitap we mugallymlarynyň ýolundan çykman sabyr bilen netijä garaşýarlar. Käbiri manysyna düşünmän mert boljak bolup içine salyp gysga wagtda aradan çykýalar. Käbiri “içim ýansyn, ýöne hiç kim bilmesin” diýip başardygyndan gülüp, gohlap şadyýan bolmaga çalyşýar. köp gülmek, howaýy gürläp şama-şaýyrdy emele getirmek..eýsem bulam bir mertligiň görnüşimikän, ýa-da hakykatda mertligiňi saklajak bolmagyň iň ejiz ýolymykan?!

Pygamberimiz (s.a.w) “köp gülmek kalby öldürer” diýýär. Içindäki hasraty diňişdirmek üçin özüni şadyýan görkezmäge çalyşýanlar her ýerliksiz gülkisi we ýerliksiz şorta sözleri bilen kem-kemden özüni zäherleýändiginden habary ýok. Hasrat artykmaç-ýerliksiz gülkiler bilen diňmez, ony diňe aňyňdan ýüregiňe uzanýan sessiz sabyr tolkunlary diňdirer.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Hatyja 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Görnüşde çapraz gelýän

Görnüşde çapraz gelýän “köp gülmek kalby öldürer” Hadysy bilen lukmanlaryň “köp gülmek ömrüňi uzaldar” sözleriniň manysyny düşündirip biljek barmy?

Hadysdaky "gulmek"

Hadysdaky "gulmek" wahahaylap gulmek bolaymasa, lukmanlan diyyanem sozme-soz "gulmek, gulup yormek" dal-de, "yylgyrmak, shadyyan, shahdi acyk bolmak" bolmaly.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

meň enem neresse, gaty kän

meň enem neresse, gaty kän gülýädi. patada da gülkünjiräk zat bolsa çydap bilmän pyňkyryp goýberýädi :), ýaşajok bolsa 1000 ýaşamalydy welin 60 ýaşynda göçdi :(


Maru Şahu Jahan

köp gülsen yüzün yigyrt

köp gülsen yüzün yigyrt açyanyna bilyan..köp gülmek yürege agram salyar, yöne bütin endamyny oyandyryar, yagny zaryadka hokmünde.
onsonam köp gülyanleri men-a halamok, barmak görkezsenem gülyanler bar :)
kawagtjyk degişip-gülüşüp oturmak gaty peydaly diyyaler, yone kop gülmek dalilik diyyaler :)

Quote: Käbiri “içim

Quote:

Käbiri “içim ýansyn, ýöne hiç kim bilmesin” diýip başardygyndan gülüp, gohlap şadyýan bolmaga çalyşýar. köp gülmek, howaýy gürläp şama-şaýyrdy emele getirmek..eýsem bulam bir mertligiň görnüşimikän, ýa-da hakykatda mertligiňi saklajak bolmagyň iň ejiz ýolymykan?!

ay, edil beyle daldir. gornush uchin guljek bolup derde galmak dal-de gaytam hasraty gidermegin in gowy yoly. gownuni achyp yilgirip we gulmeli yerinde gulup gezmek!

agayunys ceriumoxide-yn

agayunys ceriumoxide-yn aydyshy yaly yylgyrmak bilen gulmegin, ylayta-da gaty ses bilen hahahaylap gulmegin arasynda yer bilen gok yaly tapawut bar. Elbetde gulmegem aram-aram gerek bolup biler yone yylgyrmak kop yerde gerekmika diyyan. "Yylgyrmak sadakadyr" diyip aydypdyr Pygamberimiz Hezreti Muhammet Mustapa(s.a.w). Hakykatdanam oran uly hayyrlaryn gapysyny acyp biljek acar diysegem yalnyshmarysmykak diyyan. Men ozum Moskwada okayan we shu yerde kop adam yylgyrmagy unudan yaly, hatda orta aziyaly bolsan hasam beter, yuzune bakyp "name ucin geldin?" diyip duran yaly seredishlerini gorup yylgyrmagyn gadyryny hasam beter dushunyan! Adam yylgyrsa gapdalyndakylaram mundan tasirlenyar, seninem icine shadyyanlyk aralashyar! Onsonam yylgyrmak adamyn gorkuni bezeyar, men kop gabat geldim, dashyndan seretsen gaty owadan yada gormegey dalem bolsa yylgyranda owadan yada gormegey gorunyan oglan we gyzlary! Hawa, belki durmushdaky hasratlar adama yylgyrmagy unutdyryp biler, yone Allah hickime galdyryp bilmejek yuki buynuna atmaz. Herkime sabyr edip bijek mukdary boyuncha dert salynyar, onsonam herkim muna herhili dushunyar.Kimileri dertelerini ylahy bir lutuf, yhsan, kerem hokmunde garshy alyp, "dertlerimde derman tapdym" diyip derdini soyyar, kimleri bolsa dertlerine cydaman yoldan cykyp, azgynlyga, isyana bash goshyar. Aydara zat kan, yone herbir shahys(individ) oz derdini ozi cozse, in bolmanda ozi care gozlese, basharmadyk wagty welin has tejribeli biri bilen maslahatlashsa, olam bolmadyk yagdayynda gowy eserleri dorushdirse hokman hayyrly netija geler diyip pikir etyan!

Hatyja hanym, men diyyanim,

Hatyja hanym, men diyyanim, bimany gulkiler. Bular yuregini beter gysdyrmasa, derdini yenletmez. Toweregini synlap otursan durmushda ya yalnyshan ya da bashga birinin yalnyshyna pida giden adamlar kan. Kop kishi de dunyalik derdine gulmekde derman gozleya. Bimany degishme we gulkiler olan shahdini acyar. Men hayran galyan. "name yone samsyk gulip yorsina" diysen, soragyma jogabam icinde, "men samsykda" diyyaler. Yuregi gan aglaya, derdinin mislini yashan derrew duyya muny, yone bilmeyan adam gen garshylayada. Men-a derdini yenletmek ucin degiship gulip yormegi dogry yol hasaplamok. Yylgyrmak bashga zat yone. Ozuni gulka uryp derdinden gacyancan-a, derdinin gozune bakyp yylgyryp bilsen ine shu omruni uzaldar. Gulip beden janlany bn ruhyn bihuzyr bolsa, bu gulki dine gulaga zulym.

Yarim kilo, derdim bar bolsa diymek men yashayan. Derdime derman gozlemek aladam yok, derdin ozi derman. Ajy elbetde, yone derman. Diymek, muna matacligimiz bar eken.

------познай себя------

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "derdin ozi derman :)"

Ey Huday, az galsa

Ey Huday, az galsa dalireyadimow :D. Bolsa-da bashardym, barde birje teswir yazmak tutysh bir senetlay :)

------познай себя------

"Derdini yenletmek uchin

"Derdini yenletmek uchin gulsen..." diyipsiniz, ichinde hasrat gopup duran bolsa gulmek dal, yylgyrmagam yadyna dushmeya. Menin edil ozuma sheyle. bir zatlaryn pikirinde gezip yorsen, nache guldirselerem; nache gulkinjem bolsa gulkin gelenokmyka diyan. Senin gownuni tapmak uchin, gowy gorunmek uchin yylgyrarsyn yone ichindaki hasraty basyp yatyryp bolmaz. Hich hasratdan dynmarsyn dal-de, durmushyn akymyna gidip shatlanmaly yerde shatlanyp, gulmeli yerde gulup bilsen onda ichindaki hasratyn ozi unudylar gider.
Gulki gowy zat, yurekden shatlanyp gulen wagtyn Allaha dileg edyan "Allajan, gulmekden ayyrma" diyip. Sho hili gulkuler kan bolsun!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "ay sau!))"

gülesin geler

Adamyn iki yagdayda gülesi geler. Biri begenjinden gülesi geler. İkinji yagday bolsa gynanjyndan, içi yanyp durka güler.

Başa bela gelende hem yylgyrsan bela sen gözüne görünişi yaly dal-de in bolmanda kiçeler.

Bir söz bar:

Bırak ey biçare feryadı belâdan kıl tevekkül,
Zira feryat belâ ender hatâ ender belâdır bil.
Eğer belâ vereni buldunsa, safâ ender atâ ender belâdır bil.
Eğer bulmazsan, bütün dünya cefâ ender fenâ ender belâdır bil.
Cihan dolu belâ başında varken, ne bağırırsın küçük bir belâdan? Gel, tevekkül kıl.
Tevekkülle belâ yüzünde gül, tâ o da gülsün. O güldükçe küçülür, eder tebeddül.

diwan edebiyatyny gowy

diwan edebiyatyny gowy bilyang oytyan, yatdan yazdyngmy yada kopyaladyng:)

yok-la

yok yatdan dal. İn sonky setiri kellame geldi. Esasanam şol in sonky setirini gowy gördüm.