:: mekdep durmuşy barada::

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar! Onatmy yagdaylar? Ilki bilen hemmanizin taze yylynyz bilen gutlayan.. Uzak wagtdan bari girip bilemokdym.. Sebabini köpüniz bilyansiniz.. okuw gutardy we türkmenistana dolandyk.. aslynda ata aga sahypada söhbetdeş bolaly diydem welin men şol wagtlar internede girer yaly mümkinçiligim yokdy we soraglar jogapsyz galar diyip kabul etmedim.. hatda Ata aga yagdaya düşünendir da :D garaz mekdep durmuşy barada kabir zatlary siz bilen paylaşasym geldi.. bardaki agzalarynam köpüsi ttm uçurymy hem de nesip bolsa kabiri hem mollumlar kerwenine goşulmaly adamlar.. şonun üçin hem mugallymçylygymyn ilkinji günleri barada bellap geçmekçii...peydaly bolar diyen umyt bilen ...

Telpekler (4 kisiden 8 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • Gulnara 5 telpek goyyar we yazyar: "oran gyzyklandyryjy blok we hoca uchin:)"
  • nahili 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy mowzuk! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

okuw gutardy we

okuw gutardy we Türkmenistana ata watanymyza dolandyk.. ilki başda kan aljyramokdym.. sebabi azajygam bolsa içimde men menlik duygysy bardy we kellamde dine öye yetmek bardy.. Türkmen türk mekdepleri baş müdirligine baryp haysy mekdebe goyulandygymy öwrendim.. özüm mary welayatyndan bir yere gidermikam diyipdim emma balkanabat türkmen türk mekdebine iberdiler.. öyde iki gün bolup nebitdaga geçdim.. ilki başda hemme zat düyş yaly.. emma mekdebin waratasyndan girenimde hemme zadyn çyndygyna gözüm yetdi.. awgustyn sony (29-30) bolanson mekdepde kan okuwçy yok ekeni... kabir mollumlar bilen tanyşdyk.. gelmankam synpy hem tayynlap goyupdyrlar..:D 7A ..:D (inş bizinkilerden giryan yokdurlay:) terbiyeçim bilen tanyşdym.. laboratoriyamyn (biyologiya) açaryny alyp şo yerde arassaçylyk işlerini geçirdik .. (terbiyeçim bilen) akwaryumy arassaladyk:D özümliklere suw berdik.. balkanabat türkmen türk mekdebinin biyologiya lab.y çyndanam owadan ekeni.. ganatlaryny açyp duran ullakan dondurlan bürgüt otaga ayratyn bir öwüşgin beryar.. (bizin kan bir edebi dilimiz yok.. kella name gelse yazyp oturandyrys:)

ay borlay .. sonam ütük etdim.. ertire(1-nji sentyabr) tayynlandym.. okuwçylara nahili daramalydygy barada köp zat aydyp berselerem içimde öz metodymy ulanmak pikiri bardy.. olam okuwçy bilen dost bolmak pikiri.. yöne nahili yaşlyk edenimi boynuma alayyn..:D tejribeli mugallymlar köp zat bilyan ekenler.. :D

hiç yadymdan çykaryp

hiç yadymdan çykaryp bilemok.. bazar gün agşam naçe yatmaga çalyşsamam gözüme uky girmedi.. çynymy aytsam hazir gülyanem şo wagtky bolup yörşüme .(sizem gülersiniz:) eyla bir öwrülyan beyla bir öwrülyan..dandan üç töweregi yatyp galypdyryn.. irden turup derrew toy eşiklerimi geydim..:) we ertirlik edindim.. önki mollumlara seredyan welin hemmeseninin göwni bir yaly.. menin bolsa içimi it yyrtya.. birinji sapak nahili bolarka.. naharhanadan çykanymda bolup geçyan zatlaryn hakykatdanam düyş daldigine hakyt gözüm yetdi.. okuwçylar üyşüp başlady.. menem derrew otagyma gidip yazyp goyanja günlük planlarymy derekdirimize gol çekdirmek üçin getirmage gitdim.. birinji günden günlük planlarda bir kemçilik goybermayin diyip içimden .. (şondan sonam 4 - 5 gezek gidendirin :) ona çenli jan kakyldy we okuwçylar ene atalar myhmanlar ... mollumlar mekdebin giriş gapysyna üyşdüler.. menem yene bir gezek ayna seredip hemem zamogy barlap daşaryk çykdym.. hamana hemme mareke mana seredyan yaly bolup dur.. ay duran yerimden aljyrap durun.. :Dyzyny yazayyn my..:P

Garaz.. eytdik beytdik..

Garaz.. eytdik beytdik.. birnji sagada yetdik.. bir gün önünden raspisaniye belli bolupdy.. raspisaniyede senin adyn bolmagy hem ullakan bagt ekeni.. biyologiya sapagyna dine men giremson dine menin adym hem de yanyna BIO diyip yazylypdyr.. inlis dili ya da matematika sapaklarynyn yanynda hökman nomer bolyan ekeni.. meselem MAT14 ya da ENG04 yaly.. raspisaniya da gayta gayta seredenim yadyma düşyar.. ay borlay süyndürip oturmayyn.. gimn aydyldy.. mollumlar bilen tanyşyklyk boldy.. birinji sapagym 8B synpyna dy.. sapaklar inlis dilinde.. sapaklar köplenç lab da bolya yöne men tanyşmak üçin klasa gitdim.. klasa girdim.. hemme okuwçy yerinden turdy.. menem in öne geçip durdum.. “ Good morning students !” diyip bildim.. olaram klas bolup “ Good mmooorrning sir!” diydiler.. heyejanymyn çagi yokdy.. ayagymyn titreyanini duydym .. zordan “how r u today?” diyip bildim.. “ Fine thanks and you “diyyançaler derrew geçip oturdym.. hemme kişi yerine oturan son bir sessizlik boldy.. hemme kişin önünde yekeje depder.. hemmesininem gözi mende.. aljyrayanymy belletmejek bolup elimden gelenini etsem de bolmady öydyan.. inlis dilinde yat tutanja yerimi aytdym.. ha ha.. :D gelin tansalyn diydim .. özüm barada gysgaça aydyp berdim.. sonam at familia hemem goçak bolanlarynda name bolmak isyeyandiklerini soradym.. kella başga zadam gelmedi.. 45 minudy eydip beydip geçirmeli.. yöne 45 minut mana 4-5 sagat yaly bolup göründi.. okuwçylardan has köp menin daşaryk çykasym gelyardi.. garaz.. aydyp diyer yaly dal.. birinji sapak nahili geçse galanlary hem şonun yaly geçer diyip ündapdiler.. şonun üçin klasy berk tutmak barada da köp zat sargaldy.. sonundan kösenmez yaly.. sebabi 8lera hiç welin 10 lar yaş ara tapawudy 4-5 töweregi.. name soragynyz bar diyip sorasan ilki bilen yaş soralya hem de toy soralya.. menem yaşymy aytsam kösenermikam diydim.. barybir gaçyp gitjek yerin yok..garaz 1-nji günler şeydip geçdi... inda öwrenişdik le..:D yzyny son yazaryn da.. soraglarynyz bar bolsa baş üstüne.. men yeke özüm samyrdap otyryn welin sizem goşulyp otyryn.. :D

Ay biz mugallim bolup

Ay biz mugallim bolup gormedik.. Name goshaly?! Yone uly giziklanma bilen dingleyan seni! Esasanam okuwchilara berk daramalidigi barada yalnishan yerini we netijeleri bilesim gelyar..:)

jogap

Gadyr wrote:

Ay biz mugallim bolup gormedik.. Name goshaly?! Yone uly giziklanma bilen dingleyan seni! Esasanam okuwchilara berk daramalidigi barada yalnishan yerini we netijeleri bilesim gelyar..:)

aslyny aytmaly bolsa uly klaslara berk daramaga synanyşdym.. emma bolmady öydyan.. elimden geldigiçe sögemok .. ya da uramok.. esasan hem kiçi klaslary .. okuw wagtynda betçilik etseler göni orunbasara ya da derekdire iberyan.. agşamyna bolsa ( umumy yaşayyş jayynyn arassalyk işgari edip bellansonlar:) kayemeli yeri hem bolya welin urman sögman agladyan.. :D yatmaly wagtyny (22:30+5) geçenson ukysy gelmeyanleri :) mekdebin daşyndan 4 krug ylgatmaly bolya .. ya da 50 gezek oturyp turmak + 20 gezek ajymaniye etmek... (hemmesi birden:) biri yalnyşsa tazeden başlayar..:D ya da oturdyp yöredyan..:D garaz ursan nebitdagda problema bolup bilyan ekeni.. sebabi bu yerde ene ata hemişe okuwçyn tarapdary ekeni.. muny özüm gözüm bilen gördüm.. ay borla.. sizin soragynyz barada bolsa..

özüm berk darap bilmedim.. eyyam ikinji sapakda wiy boldy göni.. kellame gelen şutgany aytman durup bilmedim hiç klasda da .. hatda başlangyç türk mekdebinde 3 sapagym bar.. olara da birinji sapak yaman berk daradym.. yekeje okuwçy geplejek bolsa pert pert jogap berdim welin yöne sonky sapaklar yene önki Wepa boldy.. ente ga zyyanyny göremok.. klasda aydanymy etmeyan okuwçyn barybir rugsatda mana güni düşya.. ya da juda bulaberse klasdan çykaryan.. sapaklar köplenç gyzykly geçyar.. gyzykly temalar kan.. :D juda ukylary geliberse kino görkezyan.. (haywanat alemleri barada) ya da experiment edyas.. garaz ekzamenler azajyk içgysgynç geçyar.. :P

Quote: Esasanam okuwchilara

Quote:

Esasanam okuwchilara berk daramalidigi barada yalnishan yerini we netijeleri bilesim gelyar..:)

Menem şuny bilesim gelýär, dogrymy aýdaýyn.
Meň gyzyklanýan, "berk daramak" näme manyda? Urmakmy? Nebitdagda urup bolanok ekeni, sebäbi ene atalary goraýar çagalaryny, emma diýeli Baýramala geçseň, urmak bolýamy?

Meň pikirimçe, hormat goýdursaň, urmak hökman bolmaz. Bizar edýänleri direktora, zawuja göýberiber, goý olar jezasyny başgalardan alsynlar. IMHO :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

we

Bayram wrote:

Esasanam okuwchilara berk daramalidigi barada yalnishan yerini we netijeleri bilesim gelyar..:)
Menem şuny bilesim gelýär, dogrymy aýdaýyn.
Meň gyzyklanýan, "berk daramak" näme manyda? Urmakmy? Nebitdagda urup bolanok ekeni, sebäbi ene atalary goraýar çagalaryny, emma diýeli Baýramala geçseň, urmak bolýamy?

Meň pikirimçe, hormat goýdursaň, urmak hökman bolmaz. Bizar edýänleri direktora, zawuja göýberiber, goý olar jezasyny başgalardan alsynlar..

berk daramak edil urmak dal.. garaz yüzüni gapyşdyryp dine sapagy düşündirip klasdan çykmak yaly bir zat.. Aslynda çagany ne Bayramalyda ne Daşoguzda ne de Balakanabatda urmak bolanok..emma 250 den gowrak okuwçyny terbiyelemegem yene pedagoglara düşyar.. bu bir ... iki.. mekdebin bir orunbasarlarynyn biri de (yrt mdr) men bolamson köplenç men yanyma da okuwçy iberilyar.. esasanam 17 den son.. onda name etmeli?.:D esasan okuwçylaryn in köp betçilik edesleri gelyan wagtlary..:P
----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

hemma

Gadyr wrote:

Esasanam okuwchilara berk daramalidigi barada yalnishan yerini we netijeleri bilesim gelyar..:)

* okuwcylara berk daramak barada bolsa azajyk yalnysypdyryn..:D hatda na dereje yalnyşanymy wagt görkezer.. emma şu wagt azajyk kösenyan.. sebabi okuwçylar senin gaharly halatynam oyun edesleri gelip dur... ya da her bir zada oyun edyan yaly garayar.. ya da naçe gowşak tutsan şonça da gowşayar.. şonun üçin berk daramaly yerinde berk daramaly ekeni.. sebabi sony kronikleşip bilyar.. meselem okuwçy mugallymdan çekinmeli.. emma gorkmaly dal.. çagany gorkuzyp zat öwredip bolmayar.. kiçi çagalar derrew unutyarlar.. emma ulylara degsen eyyam bildiryar.. şonun üçin men pikirimçe hiç haçanam atiyaçlygy elden bermeli dal..

men hem tazelikde turkiyede

men hem tazelikde turkiyede bir etyud merkezinde mollum bolup ishe bashladym.. ay bashdan gechirenlerimi menem yazjak gysgaja.. yone yenede turkmenler bn bolsang hezildirlay
birinji eden yalngyshlygym:
ay geldim klasa bezenip beslenip 6-njy klaslar.. olara ozimi tanatdym, gepleshemizde direktor ozingi turk diyip tanat diyipdi, dashary yurtlydygyngy aytma diyipdi menem shol gun taze adym bolan ahmet diyip aytydym.. onsong bashlady gay tupan:):) ay aldym elime klasyng spisogyny, turksiran bolyp okuwchylang adyny sorap bashladym welin derrew bildiler meng turk daldigimi:):) ay men nadeyin omrumde birinji sapar eshiden atlam, yalngysh aytmadkyk adym galmady, hatda bir gyzjagazam gaty goraydi oytyan adyany utgeshik edip okasang oglan ady bolyan eken:):) men nabileyinay... ikinji sapagam 8-nji klaslara boldy,... bolman gechen:):).. bu gezek tejribelisiran bolyp girdim klasa atlaryny okamanda her kisha adyny aytdyrarn diyen bolyp welin bular bolsa me ozimi tanatmaga bashlan badyma bildiler turk daldigimi..okuwchylardan biri
-mollum sen turkche geplap bilengok turk bolyp inglischa nadip ogrending we ogretjek diydiler welin chym gyzyl boldymay bara....
ay ondan song yuwash yuwash ogrenishdimlay... Hudaya shukur, hazira okuwchylar AHMET teacher diyip zymda ylgap yorler gowy gorup,,, ya nesip yzy hem..
ay yadyma dushyanjesi shular yenede utgeshik bir zat bolsa shu yere yazarynlay:):):):)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: ":))"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ahmet

Ahmet teacher:)

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

dineje özün barada

dineje özün barada yazypsyn.
Daş töwerek nahili eken? Balkanabat barada, okwuçylary barada yazmansyn hiç.
Göze ilyan tapawytlary bar bolsa, dinelemek gyzykly.
sagbol.

Balkanabatda türkmene

Balkanabatda türkmene meşhur ýomut gyzlary göze ilýändirdä ýaş oglana :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

balkanabatda kan ile çykmak

balkanabatda kan ile çykmak mümkinçiligi bolmady..yöne okuwçylarymyn maşgalalaryna myhmançylyga gitdik.. çyndanam gaty myhmansöyer ilaty bar.. nebitdagda yaşayanlaryn aglabasy hökümet işinde ya da firmalarda işlansonlar köpüsi gurply maşgalalar.. dayhançylyk bilen meşgullanyanlar az.. (gumyn içi bolanson çarwaçylyk bilen has köp gyzyklanyan bolmaklary mümkin) .. okuwçylary jana yakyn yöne okuwçy profili mary bayramaly ya da atamyradynkydan üytgeşik.. GDS lerde kan başarnykly bolaryn diyen düşünje az.. emma uçurymlary jana yakyn.. heran haçan işimiz düşse daş edyarlar sagbolsunlar.. mekdebe yygy yygydan gelip gidyarler.. (esasanam goçak futbol duşuşyklarynda FB-GS-BJK-TSwe.ş.m ) bir gezek toya gidip gördüm.. olam toy salonynda bolanson hemem menin etyud nobatçylyk günüme gabat gelenson yarym sagat goşulyp bildim .. emma toy edyan oglanyn tans edyanini dine şu yerde gördüm.. :D

durmuşymda kabir zatlaryn

durmuşymda kabir zatlaryn üytganini hem bellap geçeyin.. meselem .. önler nahary özün bişirmeli, çyrşak yuwmaly.. ya da hepde de bir gezek umumy arassaçylyk işlerini geçirmelidi.. indi bolsa dine sapaklara girip çykyan .. bolany.. hatda ayda bir gezek etsem ütük edyan.. (sagbolsun terbiyeçilerim kömek edyaler).. hepde 26 sagat sapagym bar.. kawagtam balyklaryma iym beryan .. birem indi azajyk agras bolmaly.. belki sizem bilyansiniz önki yazgylarymdan ..:D kellame name gelse sonuny saygarman göni çyrşayyadym.. indi bolsa azajyk ölçerip döküp onson yazyan .. ya da geplemek barada da şo bir zady mysal getirse (bersem) bolar.. kellame birnji gelen anekdody aydyp goyberyadim.. ya da oyun etmeli yeri bar etmeli dal yeri bar.. men bolsa köp geplegen biri bolamson kawagt aytmasyz zadam aydyp goyberayyadim.. indi bolsa azajyk özümi saklamaly bolyan.. olan yaman kynrak ekeni.. kella yaman gowy şutga gelyar welin arman aydyp bolanok da diyyan yerim kan bolya..
yene bir üytgan zat.. studen kam yaman kan pul hasaplamaly bolyadym.. bergiler bergiler yene de bergiler çykdajylar.. :D algylar .. indi bolsa o babatda azajyk arkayynrak.. :D mugallymlaryn dünyasi bolsa diysen jadylayjy.. mugallymlar yygnagy şeyle şagalanly geçyar..:D kawagt dawleniye beyigragem bolsa hezil geçyar.. esasan hem olimpiyadaçylar saylananda..:)

ene atalar bilen ya da

ene atalar bilen ya da umuman mekdep kollektiwi bilen tanyşanymda köplenç yaş soralyady.. ilki başda sargytlar boyunça aytmajak boldum.. işe başlanymda 21 yaşymdadym sebabi.. hatda iki sany terbiyeçim menden ulydy.. yöne onun yaly uly problema bolmady..
kiçi(başlangyç(4-5)) klaslarda gündelik faktory bar.. gündeligi köplenç passiw gatnaşanlara 2lik dal de aktiw gatnaşanlara 5lik goymak arkaly ulanmaga çalyşyan.. gaharym gelen wagty mümkin bolsa otagymdan çykamok.. garaz.. mekdep diysen gyzykly.. wagtyn nadip geçenini bilman galypdyryn.. 6njy günleri öz klasym bilen bazar günleri hem terbiyeçilerdir laborantlar bilen geçiryan..:D garaz güna işlemage de may yok.. we şo kerwene goşulanym üçin yatsam tursam şükür edyan..

mana taze başlan hökmünde

mana taze başlan hökmünde ya da mugallym hökmünde name maslahat berip bilersiniz.. studentlik yada okuwçylyk döwrümizi yada salalyn hany.. meselem men hemme okuwça 4lük 5 lik paylayyn diyyadim.. emma bermek onun yaly ansat dal ekeni.. esasanam 1nji ekzamanlerde klassiki (4+1 sorag) soradym.. onça okuwçynyn(7,8,9,10x2) kagyzyny okayançam ankam aşdy.. indi bolsa edip bilsem test edyan.. :D

Wepa saňa menden

Wepa saňa menden maslahat.
1. Test okuwçynyň bilimini barlamagyň iň ejiz ýollarynyň biri. Baha goýmak aňsat, emma metod hökmünde biderek. Hepde-de bary-ýogy 26 sagat sapagyň bolsa, näçe kynam bolsa, test ulanma, okuwçylaryň bilimini HAKYKATDAN ölçe! Özüm barada aýtsam, laboratoriýada günde ortaça 10 sagat geçirýän, hepde-de 60 sagat töweregi.

2. Sen öz maksatlaryňy bil. Maksadyň diňe özüňi halatmak däl. Maksadyňy BILIM BERMEK. "Derman ajam bolsa, içmeli" diýýäler. Ýagny bilimi almak käbir okuwçylara kynam düşse, içgysgynç görünse-de ýa seni husyt görselerem, bu mugallymyň asyl maksatlaryndan. Şoň üçin sen hökmany suratda olary motiwasiýaly, ambisiýaly etmeli. Eger olaryň GDS üçin maksadaokgunlylygy ýok bolsa... sen DÖRET! Olara durmuşa maksatly, maksadaokgunly başlatmaga kömek et.

3. Mugallymçylygy halaýandygyňy olar duýsyn. Aý halaýan bolsaň, duýarlarlaý. Onsoňam belli bir hormat çyzygyndan geçme, saňa hormat goýsunlar. Degişmek, oýun etmek bolýa, emma hökman olar duýsunlar şol çyzygy. Senem degiş, emma muňam elbetde bir ara-çägi bar.

4. Hiç haçan okuwçylary pes görme ýa samsyk görme, muny adam duýýa. Kömek etjek bol baryna, olar duýarlar.

Aý meň kän bolmasa-da tejribäm bar. Sorasaň, belki kömegimiz deger?

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "Allayalkasyn agam!"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

dogry aydyanyz..

dogry aydyanyz.. yazanlarynyz çyndanam öran peydaly maslahatlar.. öran minnetdar..

okuwcylara awtoritetini

okuwcylara awtoritetini goymaly..gorkmasalar sylamazlar. sapak dushündireninde dowamly shol bir menzesh tonda dushundirmeli dal.. uklayan okuwcylary ukydan acmaly, degishmejik aydarsyn.. sapagy gyzykly gecirmege dyrjashmaly. okuwcylar keypine geler yali etmeli.. umuman klasa dine okatmak ucin dal-de, öwretmek üçin girmeli.. Öwredip bilmesen okadanynyn peydasy yok.. 'Az bolsun, uz bolsun!' diyilya. Okuwcylara mowzugyn in esasy yerlerini gaty gowy edip düşündirip bilsen, beyleki yerlerini özleri arkayin owrenerler.
üstünlik hemran bolsun!!!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy maslahatlar! Berekella!"

Balkanabatda nahili "owadan

Balkanabatda nahili "owadan labaratoriyasy bar" bolsa hem; hiç biologiya okadylany yadyma düşenok. Sagbol, Wepa okadyanyn üçin.

eger yrt mdr bolsan;
* bizin döwrümizde aktiw salonda "bilgi yarışmasy" diylip yaryşlar geçirilyardi; her çarşenbe agşamy; her klasdan 3-4 okuwçy grup bolup yaryşylyardy.
şol gün sonky etyud bolmayady;
* her 2nji gün agşamy hem film bardy ulakan projektor bilen seredilyardi.
* Her 4nji gün agşamy hem bilyandirsiniz; terbiyeçi bilen duşuşyp, söhbet we ojuk-bujuk iyilyardi.
* bizin wagtymyzda gyşyna ertirki irki etyud yokdy; dineje agşamyna 2si bardy; onynam biri yokardaky yaly çareler bilen geçyadi. Şon netijesinde GDS nol. :)
* başgada 5nji gün oylan 2lerde; şaherde belli, (hakim, sud, prokuror; futbolist; doktor, institutdan profesor we ş.m.) işgar gelip konferans geçiryadi. Yöne bular 5-6 hepde dowam etdi sonra edilmedi.
Şolary tazeden yola goyup bilersiniz. Okuwçylaryn geljegi şekillendirmesinde peydaly bolyar.
* klaslar arasy sport yaryşlary sagat 17den sonra; basketbol, futbol, woleybol, stol tennisi, şaşka, küşt we ş.m. klaslar arasy gowy bolyar; bulardan başga hem;
gülkili sahna (skeç) yaryşy, break-dance yaryşy, "yetenek" yaryşy (her adam bilyanje üytgeşik herekedini edyar) yaly yaryşlar bolyardy. Bular gyzykly bolyar; beterem okuwçlaryn mekdepde galmagyna kömek edyar. (nebitdagly okuwçylaryn köpüsi 17den son öye gitmek üçin herhili bahana gözleyandir)

* esasy zat; şu yokardakylaryn gowy edip reklama edilmegi; yogsam hiç kim üns bermeyar, we köpüsi gatnaşmayar. Reklama etmegin ing gowy yoly; a4 kagyza yazyp mekdebin ahli yerlerinde asmak; 4-5 gün önünden asmaly, we belki byudjet yetse; bayraklar, sowgatlar bersen; has gowy gatnaşarlar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vVv 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

öran dogry aydyan ..

öran dogry aydyan .. sagbol..
hemme aydanlaryn üçin köp köp sag bol..

* bu yyl her hepdanin çarşenbe güni kino göryarler ..
* ilki 6-7 lerin arasynda sonam 8-9-10 laryn arasynda geçirlen futbol yaryşy diysen çekeleşikli geçdi.. 2 GDS boldy .. ikisinde de önki yyllara göra onat geçdi...:D
* başga da kompyuter otagy altynjy we bazar günleri okuwçylaryn hyzmatynda.. ulanyş rejesine göra klaslaryn oyun oynamaly sagady bar.. esasan hem counter strike oynalyar..:D

başga da göreş yaryşy ya da goşgy yazmak okamak , sport yaryşlary geçirildi.. geçirler..:D esasan hem yatakhanalar arasy arassaçylyk yaryşy gyzgalanly dowam edyar.. bir hepde boyunça in yokary baly toplana sonky hepdanin sişenbe güni wyşşy zawtrak edilip berilyar.. adaty ertirlik + moloko + şekolat + salat (höweslendirmek üçin:) yatakhanalar şu yyl diysen arassa hem de köpüsinden gülin ysy gelip dur.. heran haçan myhman gelse mekdebimizin her yerini arkayyn görkezip (aylap, tanyşdyryp) bilyas.. sizem gelin.. myhman edeli..nesip bolsa mekdebe bir sany gara öy hem gurmakçy.. ondan son a hasam arkayyn çagyryp bolar.. :D yöne yatymlyk gelmelidir...:D

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 5 telpek goyyar we yazyar: "Balkanlylara sapak beryanin ucin!"

Hay tuweleme begenip

Hay tuweleme begenip okadym-gaty kyn ekeni mugallym bolmaga,indiden beylak menem öz işii sypdyrmajak bolup berk yapyşjak:):):
birden mugallym zat bolmaly bolaysa mena balagymy ters geyerin:)
aslynda bizdede bolyar köpçüligin ön
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Beh.. mugallimciligi mundan

Beh.. mugallimciligi mundan gowi reklama edip bolmazmika diiyan.. Berekella! Menin yali "garry" mojeginem icinde ot yakdin tuweleme..

PS: Menem mugallim bolaysammikamay??:)

"garry" mojeginem -yaşlı

"garry" mojeginem -yaşlı kurt:)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

menem shulary okap mugallym

menem shulary okap mugallym boolasym gelip gitay , yaman arzuw etyanle shu mugalym bolmagyny , enshalla :)
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

menem okuwy gutarmaga

menem okuwy gutarmaga howlugyp başladym :)

Salam tmolympiadyn eziz

Salam tmolympiadyn eziz agzalary:)
Salam Wepa(VvV) aga, ine shu gunler giremokdym, welin oran gowy bloklar achylyp bashlapdyr oytyan:) tuweleme, oran begendim we yzy dowamat bolsun:)
Ine shu blogy okap hem sheyle mugallymlarymyzym bardygyna,bilyan zatlaryny okuwchylary bilen paylashasy gelyan we olaryn yagdayyna hem dushunyan, dile cheper mugallymlarymyzyn bardygyna oran buysandym, hatda sizin okatyan yeriniz oz obam bolanson ayratynrak gelayyar:) Ine shu blogy okanymdan son pikir etdim, mugallym bolaysam, bolsadym diyip. Kichi chagajykkak yone pikir ederdim arzuw ederdim mugallym bolmak barada,hatda oyun hem oynardyk, mugallym mugallym diyip, shonda hem elmydama mugallym men bolardym, yone nahili bolandada geljekde nahili boljagy belli dal, esasanam menin yaly orta mekdebi yany tamamlanlar uchin:( Men ozum Nebitdagyn ozunde bolsamam turk mekdepde okayanlar bilen kan gurrundesh bolup gormandim, tanyshlar bardy olaram oylerine iki gun gelyardiler, onson gurrun etmage wagt tapyp bolanokdy. Yone shu blogy okap turkmen turk mekdebinin nahilidigine goz yetirdim. Ine menin ozum orta mekdepde okansom, kan bir okuwy okadyp baranoklardy, ondada kop zatlar owrendik diysem boljak.
Ine shu orta mekdep bilen ttm mekdebi deneshdireninde arasynda oran uly tapawut bar, okuwchylar alandada mugallymlary mysal edip alanyndada shol zatlara goz yetirsen bolyar. Ine, okayarkak, mugallymlar bardy welin kabiri wobshe sapak gechesi gelenokdy, dine kofe ichip gurrun edip 45 minudyny gechiryanleri hem bardy, yone ondada sholardanam azajyk bolsada bir zat owrenip galdyk, we shol sapaklar hem shu gunlere getirdi, shol owrenen zatlarym hem shu gunlere getirdi. Gepin gysga yerini aytsam ttm mekdepde shonun yaly zat yok ine shona begenyan, ine wepa aga yaly hocalarimizin bardygyny gorup buysanyan. Wepa aga geljekki mugallymchylyk durmushunyzda basharilar dileyan. we balkan welayatynda in onde bir biologik mugallym bolmagynyzy arzuw edyarin, okuwchylary hem oz bilyanleriniz we ondanam kop zat bilen bilim berersiniz diyip umyt edyarin.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ine shu wagt uky tutanok we

ine shu wagt uky tutanok we yene pikir edyan, mekdep dowrunde nache okasanam az eken, indi shol zatlara goz yetirip galdym. Ine shu biologiya sapagyna 7-8 klaslarda oran gyzyklanyp okayardym, sonra taze mugallym geldi welin bar umydym gachdy, oza 23 yashynda, yash mashgala, "Instituty in gowy bahalar bilen gutardym" diyip yuzune seredip otyr, owredyan zadam yok, sapakda otyryp gyzlar bilen gurrun edyar, yada, shu 10njy klaskak "Oriflame" diyip bir bela chykmazmy, gyzlar bilen otyryp shol hakynda gurrun edyardi, ay sonam onun her ayda chykyan katalogyny getirip satmaga bashlady, ay garaz meninem oran gaharym gelyardi shonun mugallym bolup edyan zatlaryna, her gunki teman adyny belledyardi we bolany shol galan wagtyny gurlap gechiryar, menem mugallym temany dushundirjek dalmi diyip annalyp oturandyryn, ay kitapdan okanyn bilen mugallymyn dushundireni den daldi, ondada biologiyadan bilyan zatlarymyn hemmesini kitapdan okap owrenipdim, ine shu wagt shol gunler yadyma dushse ozume oran gaharym gelyar, entegem az okanym uchin, henizem arzuw edyarin, Wepa aga yaly gowy mugallymym bolsady, bilyanjelerini paylashsady, gyzykklandyrsady howeslendirsedi diyip ahmyrly ichimi gurledyan. kim bilyar belki Wepa aganyn onunde okuwchy bolup oturarys we arzuwlarym gerchekleshir:)

yene

hmmmm... garaz aydara zadam goymansynyz.. :D hemmanize öran minnetdar.. şu yere yygy yygydan gelesim gelyar welin çyndanam el degenok... garaz her gün 06:00 turulyar.. (turuzylyan) onson yuwunyp ardynyp terbiyeçiler bilen üyşüp okuwçylary turuzyas.. turzmankagam okuwçylaryn zakaz eden (isleglerboyunça) aydymlaryny goyberyas.. 1-nji etyudyn başlamagyna 10 minut galanynda in sonky 10 minut diylip duydurylyar mikrofondan we aydym yapylyar.. onson terbiyeçiler klaslara gidyar.. menem yatakhanalary barlanymdan son mekdep tarapa geçyan.. klasda yatan bar bolsa ukysyna azajygam bolsa bölmage.. :D ha ha.. 10 klasy aylanyançam 45 minut geçyar.. ondan son zawtrak.. (1-nji 4-nji günler gitmejek bolyan zawtraga..:D) onson azajyk şo günkü sapaklara tayynlyk, günlük planlar, irdenki adaty mugallymlar yygnagy.. nobatçy bolsa ga okuwçylaram lineyka üyşürmeli.. garaz sahel başagaylyk.. ondan son sapaklar başlayar.. hepde de 26 sagat.. günlük ortaça 5 sapak.. experimentler, synaglar... gürrünler.. ondan son öylan nahar... son yene sapak.. sapaklar gutarandan son ene atalar gelip başlayarlar.. rugsat , kesel okuwçylar , öyde zadyny yatdan çykaranlar , bahanalar , ballylar, naneler.. ondan son agşam nahary.. ondan son yene etyudlar.. yanyndan olimpiada tayynlanyan okuwçylar (bio) yanyndan terbiyeçiler.. yanyndan mugallymlar.. her hepde 5-nji güni mollumlar bolup futbol.. galan wagtam öylenen mugallymlaryn öylerine galtamanlyga gidyas.. garaz diysen hezil.. yaşalmaly günler.. wagtyn nadip geçenini biler yaly dal.. eden işlerimden puşman bolmajak günlerim .. menem pursatdan peydalanyp yazyp galayayyn diydim.. kellanizi agyrdan bolsak ötünç... hemmaniz dilegde bolun..:D

geçen hepde de şol

geçen hepde de şol mekdepde okan Bezirgen Weliyew(Harezmi)in ballysy(jigisi) Myrat Weliyew bilen tanyşdyk.. diysen begendim.. barde de galtaman lakamyny ulanyar ulanyar öydyan.. görenimden tanadym.. otyrdyk çay içdik.. dertleşdik.. men üçinem üytgeşiklik boldy.. ay şony aydayayyn diydim.. sagbolun..:D

Murik bardymy? Ozuni kim

Murik bardymy? Ozuni kim diyip tanatdy? Galtaman? Che?...
=)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

:):)

:):)

yo men ony görenimden

yo men ony görenimden tanadym.. kan bir tanatmagyna gerek galmady.. hemmanizin baydak bayramy bilen...:)