Ine soz beren blogum. "Zakazlara yagny isleglere gora gosgular"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hawa seyle blogy acjakdygyma onurak kabir kisilere soz beripdim. Ine-de sol beren sozum. Hemmanizi blogumda hos gorduk!
Ilki bilen size bir zat bildiresim gelyar. Su blokda her kimin hayysy boyunca isleg bildirlen temadan gosgy duzuljek yada sol temada yazylan gosgular goyuljakdyr. Her kimin hayysyna yetisilman biliner yone eger menden basgada isleg bildirlen kisa gosgy goyup biljek bar bolsa olara hayysym mana goldag berseler oran minnetdar bolardym. Hawa indi hayyslary alyberelin yone sol bir temadan 1 den kop isleg gelse onki goyulan gosgyny gorkezerin.
Hany onda aydyberin isleglerinizi! Belki bu size taze yyl sowgady bolar!

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu yazgi ucin

  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Gezende 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Hazir!!!"
  • DIKTOR 1 telpek goyyar we yazyar: "Muzdsyz hyzmatynga sag bol!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Basyny menin ozum oz duzen

Basyny menin ozum oz duzen bir iki topbajyk gosgym bilen baslayyn.

Kalbym hasrat cekyar Senin ysgynda,
Tesne bolup kuyseyan Sen soyguni.
Men peri islamok huyrlen kosgunde,
Dine Sen duyarsyn menin duygymy.

Gozellik dal, baylyk dal men islegim.
Mana yuregimin halany gerek.
Indi ozgelere gownuni berman,
Dine bir yuregi soyyanler seyrek!

.......

"Yzyny son dowam etmeli boljak."

Onda ilkinji hayysh menden.

Onda ilkinji hayysh menden. Mumkin bolsa, toyda okar yaly (ozem bagt toyda) goshgy(lar) bolaysa... Ongunden sag bol! Toyungda gaytararyn Enshallah!!!

Adyny heniz

BAGT NAME?

"BAGT name?"-diyip soradym PULDAN,
PUL: "baylyk"-diyip, altynlary gorkezdi.
PULA tarap gadam basjakdym welin,
Baylykdan son "MESLIK" meni urkuzdi.

Sonra bardym "UZAK OMRUN" yanyna,
"BAGT senmi?"-diyip, soradym ondan.
Diydi:"Jigim, el-ayagyn ysmaz bor,
Son ucin cyn bagty gozleme menden."

Gaytdym jogap tapman "UZAK OMURDEN",
Sonra yolda gabat geldim "ABRAYA".
Diydim:"ABRAY aga, sendemi BAGT?"
Gorsem, "ABRAY", zaryn-zaryn aglayar.

BAGTY tapman, yuzum salyp gelyardim,
Birden "SOYGI" ylgap geldi yanyma.
Diydi:"Meni tapsan-BAGTY taparsyn"
Hemmamiz soyelin HAKYN sanyna!"

*su yerde bagt diyen sozi iki bogun edip okamaly.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Devranus 1 telpek goyyar we yazyar: "Chyndanam gowy goshgy ekeni!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "goshgyny yaman gowy yazypsyng! chyndanam bagt soygidemi?!"

bu goşgyny tanyş

bu goşgyny tanyş oglanlardan biri yazypdy, bir saytda goyulan, gowja yazya

Ýetir

Gaýra ýurtlar zyndan boldyla maña,
Haçan ýeterkäm men arzyly daña,
Eý nalyşym bu gün öwrülip ýaña,
Arzuwlarym dogduk diýara ýetir.

Baslygyp dur, gursagymda hyýallar,
Derdim kändir, añ ýetirmez bu daglar,
Nirde galdy gamsyz, şadyýan çaglar,
Eý Biribar, ajap döwrany getir.

Señ goýnuñda eken dünýä manysy,
Ýat illeriñ hözir bermez barysy,
Barmykan älemde, Watan ýalysy!
Duýgymyñ beýany şol ýeke setir.

Çydam etmez indi, köñül bu derde,
Salgymyñ görünýär, göze her ýerde,
Jebriñden inipdir, gözüme perde,
Allam, men biçäräñ hasratyn bitir.

yazgyn temasyndan çykanlygym üçin bagyşlan

?????

Gorunshine gora soz beren kishileng DIKTOR bilen maxatt oydyan Yarym kilo.

''Oglunu uruşda aldyran

''Oglunu uruşda aldyran enanin düyşi''
diyip bir goşgy bolmaly uruş döwrine bagyşlanan.şony tapyp bilmezmin,kyn gormesen

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

-balam dıyıp maysalyga

-balam dıyıp maysalyga yykylyar
dıyıp bır bolega bolmaly.. Durdy Şamyradow gaty gowy edip okapday ol goşgyny sapakda..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: "baaaalaaaam diyip maysalyga yykylyar"

isleg bildiren yok, yone

isleg bildiren yok, yone gowy goşgy bolany üçin okamagynyzy isledim..

O.O. Bagyşlanyar...

Ŷylgyraňda ŷylap gidŷär yüregim,
Ŷylgyryşy nurana ŷazdan alypsyň!
Göreçleri gijäň ak ŷyldyzyndan,
Dili bolsa, meger, közden alypsyň!

Säheriňki ŷaňaklaryň terligi,
Gylyçdanmy gyŷma-gaşyň ŷerligi?!
Göz bilen gepleşyäň, bu ŷeserligi,
Diŷŷärler jadyly sazdan alypsyň!

Ŷȍne käte gazaplanŷaň, -Eŷ, aman!
Gyŷa bakyp geçŷäň bize garaman,
Meger muny gün çyksa-da eremän,
Kölegede ŷatan buzdan alypsyň!

Bolŷar, näzdir diŷeli bu gylygy,
Edepden, gep-sözüň ŷerlikliligi,
İň mukaddes zady Durnuklylygy,
İň bir güyçli zatdan, ‘duzdan’ alypsyň!

B.H.

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "chyndanam gaty gowy, tuweleme!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • maxatt 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "gömülgi ýatan kömelek ekeniňä sen :)) gowy goşgy!"

Salam ahli agzalar. Menin bu

Salam ahli agzalar. Menin bu gunler islerim kopurak bolanson kan sayta girmek mumkunciligi mende diysen az. Sonun ucin size su gosgyny goymakcy. Belki kabirinizin islegine den gosgy bolup cykar.

Duygular.

Duygular, duygular, gen-enayy duygular,
Icimde bitmejek uly hasratlar yatyr.
Mowc uryar kalbymda, gaygylar hem soyguler,
Menin su gamly kalbymda wyzdanym otyr.

Sypma yok wyzdandan, azap beren mahaly,
Ekdim yuregime soygi atly nahaly.
Gogerdi birnice duygy, munlap sahaly,
Synla soygi bagy nice duygular getir.

Yuregimde mun hasrat bar, hem-de mun arman,
Gozleyarin bu derdime sypaly derman.
Eger otaysem dunyeden Ol yary gorman.
Ahyrda Allam meni hak Yaryma yetir.

Ey Keremli Allam, dusur meni Yaryma,
Ol janymyn Jananyna, yurek zaryma,
Goymagyl armanda, yetir intizaryma,
Bu soygum gosgy boldy, yanan kalbym setir.

Goz yasa bogulup, yazsam sana gazaly,
Gel, ey Yar, Sen bilen, ysk alemin gezeli,
Sen alem bezegi, Sen alemin gozeli,
Bu ruhumy Sower Yar, oz ruhunda yitir.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Bay-ba..."

Su gosgyny Belle diyen

Su gosgyny Belle diyen agzanyn hayysy bieln yazyaryn.

Icki oylanma!

Men garanky pikirlerin icinde,
Isleyarin yagtylyga cykmagy.
Beynimde mun pikir, mun hyyal bilen,
Basaramok gaygy dagyn yykmagy.

Basaramok dertlerimi aytmagy.
Caresiz men, derde dermen gozleyan.
Gosgy duzenimde ozum duzemok,
Asyl yuregimdir sozi sozleyan.

Yatlap cagalykda gecen gunlerim,
Kop pursatlan gecenine okunyan.
Indi aynalardan yuzumi gizlap,
Ic yuzumi gorkezmage cekinyan.

Yuregim isleyar baky soyguni,
Bu soyguni durdurmaga erkim yok.
Indi bakylygy islanim bari,
Su gaygyly yuzden ozge gorkum yok.

Soymek ucin soyulmage garasman.
Soyun butun ynsanlary, jandary!
Aklym bilen pikir edip bilsemem,
Yuregimdir bu konlun howandary.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 2 telpek goyyar we yazyar: "Minnetdar...soran temama yakyn, yene bir zatjyk yazyp bering :)"

Future starts today.

Future starts today.

Atamyrat Atabay 60

Atamyrat Atabay 60 yashapdyr. Shonung goshgularyndan bilyaning yokmy?

Atamyrat Atabayewin

Atamyrat Atabayewin "gabanjan gelin" diyen bir komediya goshgysyny dinlapdim, gowjady oza, yone yatdan bilemok
________________________________
sheriatda shu senindir bu benim
tarikatta hem senindir hem benim
hakikatta ne senindir ne benim...

yokardadama islapdim welin

yokardadama islapdim welin tapyp bilmedinizni men aydan goshgymy.
yagny:ogluny uruşda aldyran enanin duyşi

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Men shu goshgyny hic tapyp

Men shu goshgyny hic tapyp bilmedim! Gic jogap yazyanym ucin basgyshla welin, mende bu zatlara yetishere wagt bolmady , men sizden otunc sorayan. Birem yanky soran goshgynyzy tapyp bilmedim meni basgyshlan!

Ejeleriň, ýaş-gününde

Ejeleriň, ýaş-gününde okap bolaýjak goşgy hem barmy!


Maru Şahu Jahan

Gadyrly agzalar hemmanizin

Gadyrly agzalar hemmanizin hayysynyzy tiz wagtda bitirip bilman bilerin munu ucin kabir zatlary tapmak yada yazmak ucin wagt gerek sonun ucin eger sizi garasdyrsam meni bagyslamagynyzy hayys edyan.

Говы сайт,говы тема!

Шу сайт оран говы экен,гыбат диен затдан даш,берекелла хемманизе !!! www.dovlet.turkmencafe.com

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 2 telpek goyyar we yazyar: "ikisem gowy )))"

quote

Dovletdiktor wrote:

Шу сайт оран говы экен,гыбат диен затдан даш,берекелла хемманизе !!! www.dovlet.turkmencafe.com

dusunmedim, tmolympiad sayty gowymy yada o turkmencafedaky senin oz saytyn?! :)

Indi men shu blogy yene

Indi men shu blogy yene gaytadan aktiw edesim gelyar yone onunden duydurjak bir zadym bar, men sizin hayysh eden kop goshgynyzy tapman bilerin yone ona derek onatja goren bir goshgymy goyayaryn. Ine onda bismillah diyip bashlalyn.

Gurbannazar Ezizowynkylardan!

Ynam

Men ony goradym yaman gozlerden,
Jalay yigitlerin her garayyshyndan.
Sowuk gybatlardan, sowuk sozlerden,
Tukenmez yylaryn gara gyshyndan.

Goradym goruplen garayyshyndan,
Yakynlarymdanam goradym ony.
Goradym dostlarymyn yylgyryshyndan,
Hic bir zada rowa gormedim ony.

Bishishini synlap ullakan alman,
Shol uly alma-da gorkuly garap,
Ony ahli zatdan goradym arman,
Ozumi shol gyzdan bilmedim gorap.

Hanha inrik yere syyrylyp baryar,
Bilyan bir yerlerde eyyam dan atdy.
Ol gyzyn soygusi uly bir derya
Zynylan dash bolup yuregme yetdi.

Ine syryp yorus kocelen boyun,
Bir-birimiz tanaman nobata durus,
Gelin syr saklaman alalyn boyun,
Shol dashy nacamiz goterip yorus.

Bir jeza bar, jezalanam jellady:
Wysallaryn myrat bolmak deregne,
Adamyn ey goren ynanan zady,
Bir gara dash bolup cokyar yuregne.

Ynamsyz yashamak mumkin dal, mumkin,
Ony goramaly beyin hem yurek.
Yone ynamlannam synyany ucin,
Kate ynamlardan goranmak gerek.

Mana senin gozlerinden gitme

Mana senin gozlerinden gitme yok,
Mana senin sozlerinden gitme yok,
Dushun bu dunyede sonky gune chen,
Senin shatlyk hem gussana bagly men.

Senin yupek gijelenden gitme yok,
Senin aydyn gunduzlenden gitme yok.

Bu garagol jahyllykdan giderin,
Ol hasaly gojalykdan giderin.
Cunki men olardan gitman bilemok,
Emma senin ykbalyndan gitme yok.

Men zemin sen bolsa ullakan asman,
Yuzuni nur edip, ustume dokman,
Emma dushun gulum sheyle gun dogar,
Sachlaryn gar bolup ustume yagar.
Shonda ak sachyny sylyp yuzume,
Gararyn belentden yerin yuzune.

Men bir gyzda gozlerini gorerin,
Men bir gyzda sozlerini gorerin,
Shapakda gorerin-yanagyn alyn,
Gundizde gorerin-yanagyn halyn.
Synlap yapraklaryn yuzunde derin,
Onda senin goz yashyny gorerin.

Zemin aylanyp dur, onatlyk oran!
Hic bir guyje on yoluny tutma yok.
Dunyan her gulunde men seni goryan,
Shonun ucin bu dunyeden gitme yok.

Seni söydumSeni

Seni söydum
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim.
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldum.
Öz durmu$ ornuma indi dü$ünýän.

Adamlara has ynamly garadym,
Ýeňi$ bilen tamam boldy gözlegim.
Kyn pursadym medet berdi kalbyma,
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň.

"Kim men?" Jogap tapman $u günlere çen,
Seni söýüp kimdigimi bildim men,
Ýeňil gopdum ba$yňdaky öýme dek
Diýdim:"Ejiz bu dünýede söýmedik!"

Seni söýüp göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde!

dogru

Kynçylyk däl, ejizlik bar dünýäde![/b]
kynçylyk yok ,ejizlik bar dünyade ! bu dogrusu dalmi

Indi boldumy??:))) Men

Indi boldumy??:))) Men ýalňy$ypdyryn, bagy$larsyňyzda! :D

Сизин сайтыныз

Сизин сайтыныз говы дийип яздыгым шол! Озум хем шу ердаки ялы говы гошгыларын гозлегинде! Мен интернете копленч телефондан гирйан,регистрация эдемде душунман бир зат язмалы диенде,мен оз окан гошгылармын дуран адресини языпдырн. Инди бираз душуншйан. Сори))))))

Шу гошгы тойда окамага говжа!

Сойги наме? Сойги-мукаддес дуйгы,дуйгулар ичинин бейгидир сойги, Сойги-баш эгмежек бердашлы чынар,ахли кынчылыга доз гелер,чыдар. Сойги сепил эдер адам оглыны, Сойги есир эдер адам оглыны, Сойгинин онунде болсанда есир,дине сойги сени багтына етир, Шон учинем сойги-мукаддес дуйгы, Дуйгылар ичинин бейгидир СОЙГИ !!! www.dovlet.turkmencafe.com

Geçmen seniň üçin

Geçmen seniň üçin ýagy$dan, ýelden,
Ýagy$ saçyn ýuwýar, $emal daraýar.
Bu asmandan geçmen, geçmerin gülden,
Çünki, gözleň gül asmana garaýar!

Gözüm baky gurban mawy belende,
Söýgüm üçin ondan dü$merin jyda.
Biziň söýgülerimiz belent bolanda
Ýüreklerimizden islemez pida.

Goý, nur ýagsyn-gunça-gülleriň deri,
Gun nuruna gark bolsun obalar.
Seniň üçin hiç dünýeden geçmerin,
Geçsem söýgümizden geçdigim bolar.

Eger seni özüm döreden

Eger seni özüm döreden bolsam,
Hyýalymda, arzumymda her günüm.
Näçe jan etsem-de, hyjuw etsem-de,
Seni beýle söýüp bilmezdim, gülüm.

Eger seni özüm döreden bolsam,
Bolmazdy söýgümiň gizlin manysy.
Ähli zat meň üçin bolardy aýan,
Söýgüň ajap syrlarynyň barysy.

Sen gülüm, meň üçin täsin bir dünýä,
Ony täsin edýän syrly duýgudyr.
Söýgü diýmek- $o duýgynyň manysyn,
Dü$ündirmek kyn bolanda söýgüdir.

Dü$ündirip bolýan zatlaň barysy,
Söýgi däl, biz muny ozaldan bilýäs.
Söýgi-galaryňdan beýikdir beýik,
Söýgi-boýlaryňdan çuňurakdyr has.

$onuň üçin seni döreden bolsam,
Hyýalymda, arzuwlamda sünnäläp.
Gijeler hesretden syýa dönerdim,
Ýazardym hesretden gije-gündizläp.

«Meniň nä işimmiş bu

«Meniň nä işimmiş bu zatlar!» diýýäs.
Ol ýalňyşýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol ýaňraýar. Diýýäs: «Meniň nä işim!»
Ol aldaýar. Diýýäs: «Meni aldanok,
Illeri aldaýar. Meniň nä işim!»

Görünmeli ýerde görünmese-de,
Görünmesiz ýere irinmese-de.
Goýalmaly ýaşda goýalmasa-da,
Uýalmaly ýaşda uýalmasa-da,
Ýene-de diýýäris: «Goýalman geçsin,
Goý, uýalman geçsin. Meniň nä işim!»

...Ol bolsa:
«Hemme zat meniň öz işim,
Nädemde illeriň nä işi?» diýip,
Maýkasyny çermäp göbegne çenli,
Dyzyndan geçmeýän jalbaryn geýip,
Edil dik garşyňda, kofehanada,
Çigit çakyp otyr hüžžerdip döşün.
Sen bolsa diýýärsiň: «Goý, daş gemirsin,
Goý, ýalaňaç gezsin,
Meniň nä işim!»

,..Ol ogurlyk edýär. «Meniň nä işim,—
Diýýärsiň— wagt geler, jezasyn çeker».
Ol myjabat ýapýar. «Meniň nä işim, —
Diýýärsiň — hakykat lowurdap çykar».

Emma jezasynyň gelýänçä wagty,
Lowurdap çykýança hakykatymyz —
Juda çökder düşýär parhlylygymyz,
Juda gymmat düşýär kanagatymyz.

...Ol adamyň eden etmişi uly.
Ol-a ilden bezgek, il ondan bezgek.
Ýygnakda şol hakda sowal goýulýar,
Ýetýär geplemäge saňa-da gezek.

Sen onuň kimdigne bolsaň-da belet,
Ýa çekinip, ýa-da hormatlap ýaşyn,
Geplemek deregne aşak seredýäň:
«Goý, iller geplesin,
Meniň nä işim!»

Soň bir gün düşülýär seniň üstüňden,
Ýaňky gezek alyp hemmeden ozal,
Kiçijik günäli göreçleriňe
Eýmenç ýigrenç bilen aýlaýar nazar.

Hem diýýär: «Günäsi juda ullakan.
Jenaýatkär. Suda bermeli işin!»
Sen bolsa şondan soň bilip galýarsyň
Niçiksi zat eken —
«Meniň nä işim»

...Sen uly aýlykly ullakan işçi.
Emma pul diýleniň üýşüp ýatanyn
Göreňok sen. Nika ýüzükden başga
Ne-hä kümüşiň bar, ne-de altynyň.

Başga biri bolsa haram bagtynyň
Ugrunda hallanlap, otuzki dişin
Ýonduryp, gyzyldan gapladyp otyr.
Sen ýene-de diýýäň: «Meniň nä işim!»

Altyn dişli kişi gün-günden azýar,
Ili hem azdyrýar. Güjeňläp dişin,
Bir ajap maşgalan başyn aýlaýar.
Sen ýene diýýärsiň: «Meniň nä işim!

Aýlasa aýlasyn. Mana degenok...»
Ol bolsa kem-kemden gaýşardyp döşün,
Seniň duluňa-da ätläp başlaýar.
Soň weli dieňok:
«Meniň nä işim!»

Gurhanda: «Magşarda gopup harasat,
Asman-ýer çöwrüljek!» diýilýämişin,
Ýer çöwrülmez. Birden çöwrüläýse-de,
Ýeri çöwürjek zat:
«Meniň nä işim!»
***
"Hemmä ýaranaýmak kyn, göwräm doly azardan,
Ýeri, nätsemkäm?" diýip, Gün aglady bir ertir.
"Onuň birje ýoly bar − ses geldi biribardan −
Giň asmany taşla-da,
..................... kiçiräk bir işe gir!"
***
Metjidiň ýanynda bir topar çaga
Ylgaşlap ýör, uly şowhun döredýär.
Tagatçylar ýalbarsa-da hudaýa,
Hudaý diňe çagalara seredýär.
***
Iş adama boýun egse − juda gutlanmaly zat.
Adam işe boýun egse − şoldur utanmaly zat.
***
Hakykat diýilýän zat söýýändir öz serhedin.
Şol serhetden çykana gysganar muhabbetin.

goshgyng awtory

goshgyng awtory kim-ka?
____________________________
Turan bolsang yalngysh ayakdan bu gun,
Diyen ishing ugruna hem barmasa,
Yuzung solma, yylgyr, ertir taze gun,
Taze gun bilenjik ach taze sahypa!

RUBAGYLAR… Bilýäñmi,

RUBAGYLAR…
Bilýäñmi, name üçin her säher horaz
Ahy-nala çekip ukymyz bozar?
Ol diýýär: ‘Dañ atdy ýene-de ötdi,
Ömrüñden bir günüñ sense bihabar’.
* * * * *
Durmuşyñ syrlaryna düşünsek eger,
Ölüm syrlaryny-da adamzat biler,
Bu gün dirilikde bir zat bilmeseñ,
Erte öleñden soñ- ne bilmek bolar.
* * * * *
Eý köñül, nebisiñ ýuwutmakdyr gan,
Ahwalyñda her gün perişanlyk kän,
Çykyp gitmek bolsa iñ soñky käriñ,
Ne sebäbe girdiñ bu tene, eý jan?!
* * * * *
Her kimiñ bar bolsa bir döwüm nany,
Oturyp-turmaga bolsa mekany,
Gul saklaman, gul hem bolman hiç kime,
Ömür boýy şat geçirseñ jahany.
* * * * *
Jahana goýanda Tañry esasy,
Näme üçin goýupdyr onda kem-kösi?
Kemçilik ýok bolsa näme üçin ýykýar?
Eger kemi bolsa- kimiñ günäsi?
* * * * *
Geldigimiz-geçdigimiz, bu döwrüñ öñi,
Kim biler haçandyr hem ýokdur soñy,
Bu gelmek nirden- gitmek nirä?
Aslyna ýetmedi hiç kimiñ añy.
* * * * *
Düñderlip goýulan tabakdyr asman,
Men diýen alymlar astynda haýran,
Serediñ jam bilen çüýşäñ dostlugna,
Dodak dodakdadyr, arada hem gan.
* * * *
GARAJAOGLAN
AÇYJY BOLMA
Diňle saňa bir nesihat kylaýyn,
Hatyrdan, göwünden geçiji olma.
Ýigidiň başyna bir iş düşende,
Ony ýat illere açyjy olma.
Mejlisde aryf bol, kelamy diňle,
Il iki sözlese, sen birin söýle,
Eliňden geldikçe eýgilik eýle,
Hatyra dokunyp ýykyjy olma.
Hatyra dokunan özüni bilmez,
Asylzadalardan hiç kemlik gelmez,
Sen eýgilik etseň, ol zaýa bolmaz,
Darygyp, her başa kakyjy olma.
El arypdyr, barla özi-kendini,
Açar hazynany - ata pendini,
Ýüz berilse otur, synla kendini,
Gaty beýiklerden uçujy olma.
Myradym nesihat munda söýlemek,
Size laýyk olar ony diňlemek,
Söý seni söýeni, zaýa etme emek,
Söýeniň sözünden geçiji olma.

PERMANYM BARMY
Çyplak geldim, ýene çyplak giderin,
Ölmezlige elde permanym barmy?
Ezraýyl geler-de, jan talap eder,
Meniň jan bermäge mejalym barmy?
Dirilerler, dälirärler, ýörerler,
Ruzy-magşar diwanynda durarlar,
Haramy bar diýe, gorky bererler,
Meniň ýüpek ýükli kerwenim barmy?
Är bolsaň ärligiň meýdana getir,
Kadyr möwlam, nogsanymy sen bitir,
Maňa diýrler: gam ýüküni sen göter,
Meniň ýük götäre mejalym barmy?
Garaja Oglan diýr, adym öwerler,
Awy boldy iýdigimiz şekerler,
Gözel söýer diýe töhmet ederler,
Meniň Hakdan özge söýenim barmy?
* * * *
K.GURBANNEPESOW
ATAMYŇ KÖP GAÝTALAN SÖZLERINDEN
Gara garnyň bolsa gaýgyň-aladaň,
Gurruga gaçsaňam tapdyr bir mydar.
Ýöne weli ikaýakly bendäňi
Dört aýakla meňzetmäwer, ýa hudam.

Dostuň bürgüt bolsa - daglara elter,
Dostuň bilbil bolsa - baglara elter.
Dostuň elguş bolsa - bir oba elter,
Dostuň baýguş bolsa - haraba elter.

Ýekedaban bolsaň - urmak ýaraşar,
Sandal bolsaň - çydap durmak ýaraşar.
Şyňk-şyňk edip dursa kiçijik çekiç -
Şodur içýakgyç.

“Bal, bal!” diýmek bilen agzyň süýjänok
Ýöne beýle ajam bolup baranok.
“Sag bol!” almak bilen garnyň doýanok,
Ýöne beýle ajam bolup baranok.

Ägirt ymaratdyr dostluk diýen zat.
Ony guraňda-da howlukmaly däl,
Ony bozaňda-da howlukmaly däl:
Ony guran wagtyň howlugyp gursaň -
Kän kerpiçleň hata düşmegi ahmal.
Ony bozan wagtyň howlugyp bozsaň -
Çyn dostuňdan jyda düşmegiň ahmal.

Ussat bol, iş salyş ussatlar bilen.
Ussadyň gadyryn ussatlar biler.
Sakalyň deregin tutsa-da akyl,
Akylyň deregin tutmaýar sakal.

Burun ys almaga,
Dil sözlemäge,
Gulak hem berlendir diňlemek üçin.
Soň-soň düşünersiň ýene bir zada:
Göz diýen zat berilendir bir bada
Hem-ä seretmek üçin,
Hemem ys almak üçin,
Hemem sözlemek üçin,
Hemem diňlemek üçin.

Käbir adam bilen oýun edeňde,
Ýüzi agarýança oýun etmek bor.
Käbir adam bilen oýun edeňde,
Ýüzi gögerýänçe oýun etmek bor.
Emma dostuň bilen oýun edeňde,
Çala gyzarýança oýun etmek bor.
Şondan aňryk gitmek - öte gitmek bor.

Gyz wagtynda hemme gyzlar mylaýym.
Seredýäň, seredýäň, doýunmaýarsyň.
Soň görüp biriniň şerraý aýalyn,
Şolardandygyna ynanmaýarsyň.

Tüssesiz ot gözläp bir täsin adam,
Ahyry dünýäden otsuz geçenmiş.
Bir köstsüz dost gözläp bir täsin adam.
Ahyry dünýäden dostsuz geçenmiş.
Tüssesiz ot gözläp, otsuz galmagyn,
Tüsseli-de bolsa, otluja bolgun.
Bir köstsüz dost gözläp, dostsuz galmagyn.
Köstlüje-de bolsa, dostluja bolgun.

Garaşmak diýen zat erbet zat däl.
“Garaş!” diýdilermi - garaşgyn, oglum.
Ýöne illere-de garaşgyn weli,
Iller saňa,
saňa garaşsyn, oglum!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • dr turkmen 1 telpek goyyar we yazyar: ""