Dostlar/Joralar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Durmuşda her hili kynçylyklara gabat gelinýär, dűrli apatlardan geçip gidýäs, şol kyn döwűrde-de goldaw beräyjek adam ýanymyzda bolsa, kynçylygam ýeňiljek bolup görűnäýýär! Köplenç bu goldaw berýän adam hem biziň “joramyz ýa dostumyz” bolaýýar, Garaňkylykda ýyldyz deý bize ýagtylyk beräýjek dost ýa jora hem aňsat aňsat tapylaýanokdyr, ýöne käbirimiziň bagtymyz çűwűp beýle gowy dost/jora-da ugradylaýýaram.Meň bu blokda diňeje size duşan dostlar we joralar hakda gűrrűn edesim gelýär.
Ruhnamada dostlaryň birnäçe görnűşleri bar diýilýar, ol babatda şeýle ýazylan: “Adamzadyň çylşyrymly durmuşynda ähli ruhy nepislikleriň manysynyň ýoýulyşy ýaly, dostluk hem dürli ýoýulmalara sezewar edilipdir. Hakyky dostluk bilen ýalan, galp dostluk hem döräpdir. Şu tarapdan dost aşakdaky ýaly görnüşlerde bolýar:
Ýürekdeş dost.
Aş dosty.
Heleý dosty.
Pul dosty.
Wezipe dosty.”
Size bularyň haýsysy duş geldi? Sizde hakyky jora ýa dost barmy?
Birem şeýle ýazgy hem bar:
“Dost adamyň kalbynyň aýnasydyr. Türkmeniň söwer dosty üçin janyny pida eden ýerleri taryhda kän galypdyr. Bu gün janyňy pida etmek zerurlygy ýok. Ýöne dost başyňa agyr iş düşende tanalýandyr. Dost gerekdir, ýöne başyňa agyr iş düşen güni has zerur gerekdir.”
Gerek bolanda agyr gűnűňde size kömek edýän dost/jora sizde barmy? Siz özűňiz nähili dost/jora, ol hakda pikir edip gördűňizmi? Kyn gűnűnde siz kömek eden wagtyňyz boldumy?
Biz bilen hem bölűşersiňiz diýip umyt edýän.

*Temadan çykyp Ruhnama hakda bir gűrrűňe başlaýmaň, önkilerem ýetikmikä diýýän, ýöne men Ruhnamany ulananymyň sebäbi “ol yerde-de gowy sözler bar ahyr”;
Başga näme ulanjagymy bilmedim :)

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Barysy duş geldi, yöne

Barysy duş geldi, yöne yürekdeş dost tapmadym.

Aşyk Weysel diyilyan bir bagşy bar TR-de, "Menin wepaly dostup gara toprakdyr!" diyyar.

Menem Weysel bagşa goşulyan. Menin wepaly dostum gara toprakdyr, amallarymdyr, Hudayymdyr.

Koroche, Alexander Makedonskin diyeni yaly, heroes live alone :-P

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

zirvedeki yalnyzlyk gibi

zirvedeki yalnyzlyk gibi bişeymi))

ps: arog filminden

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

O zirvedeki ahmaklık,

O zirvedeki ahmaklık, bizimki fazilet olur inşallah ;-)

PS: Düyn kinoteatrda seretdim, prikol, yöne halamadym...

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Heley dosty? Heleyine göz

Heley dosty?
Heleyine göz gyzdyryan manydamyka? :D

Menin dostum aslynda menin

Menin dostum aslynda menin jana jan ejem men dine shona syrymy aydyp dokup bilyan. Sebabi men onun balasy.Men shonun uchin janymy bermelem bolsa men bererin. Men dine shona ynanyan sebabi men nahili dost gordum gyz oglan tapawudy yok yone ejeden ynamly ynamly adam gormedim . Yone edil shu wagt 5 sany jana jan dostum bar olar bilen bir oyde nahar iyip yoren yaly yaman agzybir tuweleme. men olara ynanyan yone ejeme ynanshym yaly dal. Olar menin kyn gunumde goldayarlar, men edil shu wagt Amerikada bolsamam olar her hepde de diyen yaly bizin oymuze baryp durlar men dogursy sholar yaly dostlam bardygyna guwanyan,begenyan.

ynanamok

Adamlar,kyn gununde ozune komek edip bilayjek birini gozlar.Sol wagt hem dosty yadyna duser.Dostundan tamakyn bor.Dost kyn gunde yatlanar hazirki dowurde.Eysem dost gowy gununde de yatlanmaly dalmi name?Men hazir dostym hasaplayan kop yakynyma janymy ynanyp bilmen.Sebabi kop kisi entek dost ucin jan berilyanini gormandir,bilenok.Dost ucin ozunin ac galyp boljakdygyny hic kim owretmandir,gorkezmandir.Hazirki nesilde dal guna.Guna,bu dost sozunin manysynyn gun gecdigice yitishinde.Men shu dost sozunden gaty umydym yok.Enem-atam,doganym yada yarym bolaymasa dostdan tamakyn dal hic zada...
sagbolun!

Eý ýene Ruhnamamaý?

Eý ýene Ruhnamamaý? :D

Heleý dosty? Jemşide goşulýan. Näme manyda?
Aý bize hemmesem duş gelendir dogrymy aýtsam.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Heley dosty turkenlere

Heley dosty turkenlere mahsus dal. Yone, gynansakda olar-da bar! olar yaly dostlardan ALLANYN ozi gorasyn! Bayram sana beyle dost dush gelendir oydemmok, gelmesin hem Enshalla!

Heleyin milleti yokdur

Heleyin milleti yokdur dost.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Ay, goya.....

Gardashym men bu yerde heleyin milleti barada gurrun edemok. Turkmenlerde "heley dosty" diyilyan dushunjanin pes derejededigini nygtayan!!! Tak chto, bu menin uchin tazelik dal.

Худай сакласын!!!!

Ай билип болмаз кимин наме нийет билен геленини!?
худайжан хичкиме горкезмесин!

Amin Alla!

"Duz iyen ojagyn gelnine bakma"
Shu dushunje hemme erkege mahsus bolsun!

Dost kan-chyn dost az.

Hakyky dosty bashyna agyr ish dushende tanap bolyar.

Dost paylansa, aber diyip gyssanma,
Alandan son gysgaltma hem gysgalma,
Dileg etse, gozlerini hem gysganma,
Birin ber-de biri bilen onup git!

Sheyle dostlan gurbany men-gurbany.

Даш этдинай!!

менем оз гошгуламдан биржигини язайын.(сайтдакылар халыс бизар боландырам велин)

Достлугун тарыпы

Достлук янмакдан башланян экен
Достлук кем-кемден гуйчленйан экен
Дост дийенин чын дост болуп билмесе
Достлугун соны пуч болян экен

Шат гунленде достлан болармыш хемдем
Кыйн гунленде достлан йитермиш бирден
Шат гунленде бейле достлан боландан
Кыйн гунлен ялнызлыгы ягшымыш мегер(ягшырак экен)

govı dost!! jan dost!!

Menin mekdep dövründen enteğem gatnaşyan dostlarım boldı.Yöne şoların içindan kabiri has beter dost bolup galdyk.Adını aytmayın. Ol öylendi.Toyune gidip bilmedim.Sebabi okuw bilen daşarı yurttadım.Onı öylenenden 1.5 yıl son gördüm.Öylenenine gaty beğenip gidipdim.
yöne çağaları bolmayanını eşidemden son gaty erbet gynandym.Hamala özüm şol yagdayda yalı bolup gittim.
--Ay nira barlatsağama,name etseğem bolanok diyip zeyrenyadiler..Son men yürekden Alladan dostum üçin dileğ ettim.Oların çağalarının bolmagını çın yüreğim bilen isledim.
Ol menin dostum.Gynanjı meni beter gynandyrypdı..

1 ay önürak telefonda 1 oğlının bolanlığını buşduladı..Şu vagt menden şat adam yokmıka diyyan..Esasanam şol habarı eşidemden son..Nesip bolsa baranımda hökman oğlını görmane barjak..:D ullakan ayıjık bilen..

LOL

hakyky dost nahili bolyar?

hakyky dost nahili bolyar? shunun derejesi barada bir hekaya eshdipdim, barigem owadanlap yazjak bolayin:

kakasy oglundan sorayar:
-oglum nache sany dostun bar? oglu hem kop diyip birnache kishini sanap beren. shonda kakasy:
-olaryn nachesi hakyky dost? bar bir goyuny bogazla, ustune ganyny chyrsha, goyuny hem halta sal we halta bilen git bir dostunyn yanina, sheyle diy: -dostum erbet yagdaya dushdum, haltada bir jeset bar, shuny bir zat edip gizlalile...
ogly aydishi yali edipdir, arkasy haltaly birinji dostunyn oyune baryar, sheyle sheyle diyip dushunduryar. bu dosty "menin bashymy derde sokma" diyip, onu kowupdyr. son beyleki dostyna baryar, ol hem komek etmandir, garaz dost diyip yoren hemme kishin oyune aylanip chykyar, hich birisinden komek gelmandir. son ogly kakasynyn yanina baryp yagdayi dushundiryar:
-olar-a gana chyrshalan ustu bashymy gorup, hich komek etmek islemediler, hatta milisiya berjek bolanam bar...
shonda kakasy:
-men birinin oyuni salgy bereyin, haltany hem alda git shonun yanina, men planynyn ogly diy we onki dostlaryna aydanlaryny gaytala...
ogly yene aydishi yali etyar. eshigine gan chyrshashdyryar, goyunly haltany hem arkasyna atyp kakasynyn salgy beren oyune dogry yola chykyar. baryp hem aydilishi yali:
-agam men planynyn ogly, kakam siz komek edersiniz diydi, arkamda bir jeset bar, shuny bir zat edip yok edip bolmazmyka... diyyar. ol adam haltan ichine-de seretmandir, ikisi bilelikde jayin arkasinda, bir gizlin yere gomupdirler. we kakana salam ayt diyip oglany ugradypdyr. ogly gelip kakasyna gurrun berse kakasy bu gezek sheyle diyyar:
-indi bolsa yolda baryarka ol adamyn yensesinden bir shapbat chal(yelme) diyipdir.
oglan yene aydilishi yali, yolda baryarka ol adamyn arkasyndan yetip bir shapbat chalipdir. ol bolsa arkasina owrulip:
-kakana salam ayt, bir shapbat bilen gep alyp bolmaz, arkayin bolsun- diyipdir.
shundan son kakasy ogluna sheyle diyipdir:
-ol yarim dostymdy, hakyky dost bolan bolsa sana hich zat diyman oz yolu bilen bolardy...(sony)
_______________________________
sheriatda shu senindir bu benim
tarikatta hem senindir hem benim
hakikatta ne senindir ne benim...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "gowja hekaya..owadanlap yazipsin :) berekella :)"

DOSTA!!!

DOSTA!

Dosta naçe serpay etsen az yali,
Naçe soysen,
Şonça söyüp yörmeli.
Yokdur dostun gymmady ya arzany,
Dost dost bolar,
Şona janyn bermeli.

Yöne ol janyny almaz hiç haçan,
Şon üçin gar,
Gyşda galanyn bilsen,
Yirtik jübüsinden işlige gaçan,
İn sonky otluçöp danesi bolsan.

G.Ezizow

Достларыма!!

Достларымы яда салан махалым
Элиме алярын сурат депдерим
Хайсысынын суратына серетсем
Яда салян ин шатлыклы махалын

Оларын хербири айры бир алем
Хербири бир задын уссады олан
Олары бир ере жемланде велин
Гаршында горерсин тастамам алем

Чагалыкда биле ойнан достларым
Окув йылларымда класдашларым
Жахыллык доврумде эденлерими
Багышлап багрына басан достларым

Хер гиден ерлемде гозледим сиз дей
Юрекли, аркалы хем ынамлысын
Наче гозлесемде гиден ерлемде
Тапдыранок экен эдил сизин дей

Гозледим, гозледим сизин ялысын
Хер хили огланлар танадым шонда
Кабиринде сизи гордумем велин
Тапдыранок экен эдил сизин дей

Hakyky dost we ESET

Internetde Eset SS uchin free username we password gozledim. (Ozumun alan 3 ayim gutardy). Iki sagat boyucnha saytlarda gezdim emma netije chykmady. Hakyky dosty tapmak hem shon yaly zatmyka diyyan yone dost gozleyarkan netije hemishe 0 chykman biler. Dost diyenin
D - Dogryny/egrini bilen
O - Oyuny/chyny bilen
S - Syr yerine ser beren
T - Toyda/yasda yanynda bolan birisi blmaly

Döwran Çilan

жигим несихат!!

Хемме киши сана гора шекил алйар.
Сен мыдама олан янында болуп билйан болсан адамлан копусу сени еке гоймаяр.
Асыл мохум зат сенин олар учин эдйан затлан.
Олар жогап берсе берер бермеседе достуна говулык эден адам боларсында.
Эгер достун сенин хайышын учин арагы ве чилими ташлап билйан болса, сен эрбетлик этжек вагтын сени саклаян болса. Шонда сенин достундур.

Dostluk

Dostlaryna olaryn senin uchin eden zatlary bilen bermek yalnyshmyka diyyan. Belki senin uchin name etjekleri bilen baha berip bolar yone ony hem bilmek gaty bir mumkin dal.

Döwran Çilan

жигим мана кан адам...

мана кан адам "агам ялнышыпдырын, ялныш адамлара дост дийипдирин" дийди.
Кан гордум жигим.
Адамда шейле бир хасйет бар; бири онун учин кан говулык этсе бирзатлар эдип одежек боляр.
сен достларын учин кан зат этсен жигим коп туркмен огланы гаршылыксыз гоянок.
Ёне менин бу диййанлерим хемме киша дегишли дал.
Яман кан шагалларам гордум.
Бири учин тутлуп гитмекден зордан сыпдым.
Жигим асыл дост сайланда характерине серет. Шейтсен кан ялнышмарсын.

Harakter

hAREKTER diymek dostun sen uchin name edenligi daldir. Agirt ullakan soz bolan harakteri dine sen uchin edilen zat hasaplamak yalnsyh bolar. Onsonam harakter hem kriteryalara gora uytgeyar.

Döwran Çilan

ай жигим оз билйанини этлай

мена тежрибелерден айдып бердим.
Галаны сана галан зат.
Дурмушда кемсиз дост тапмак кын душер ёне.
Серет жигим сен ене биргезек айдян.
Башда адамы дост дийип янына аланда характерине гора аларсын. Галан затларам онун сана эден затларына багларсын.!ОК!
Сен она говулык эдерсин, канирак эдерсин, ай жуда болмаса ол диййан адамым дал экен дийерсинда.
Мена бу темада дурмушда 1-2 гезек ялнышып гордум. Олам он говы дост дийен адамым мана еке озуни горатмак учин дост болупдыр экен.
Ай жигим бираз йыллар гечсин бираз говы душунерсин!!

Gowja sözleri ýazypsyňyz

Gowja sözleri ýazypsyňyz köpiňiz, edil menä hemmesine duşup göremok,ýöne başgalaryň ýagdaýyndan görýän.Umuman men adamalary, joralarymy belli bir aralykda saklamak häsiýetim bar, bu döwűrde adamlara kän ynam yok. Mekdepdekäm biz 7 joradyk welin joralarym köplenç maňa syryny aýdaýardy, ýöne kän aýtmangidýan ýerlerem bar diyip syzýan, emma men kän aýdyp bilemokdym, gep ynanyp ynanmazlykda-da däldir, bir ýűrekdeş biri bolsady, olaram dűşűnermi dűşunmezmi kim bilýär. Şu wagt meniň klaşdaş joralarymy hasaplasaň 6, başgada Maryda galan 2 joram, olaram öýe jaň edip ideýärler ya-da hat ýazýarlar. Menä näçe joram kän hem bolsa, ýűrekdeş jora tapmak kyn boldy,emma birine duşaýdym. Häzir hem oň bilen gat gowy aragatnaşyk saklayas, ýanymda bolmasada telefon bar, Hudaya şűkűr, oňa-da hemme syrymy dökűp bilýän, özűmizem dertdeş ekenik, olam men ýaly ýűrekdeş jora gözleýän eken. Häzirem tel.de gűrleşip öz pikirimi, bir zada garaýşymy aýdýan welin , olam “gyw, ýaman pikirimiz gabat gelýär-le, menem şol ýaly …” umuman ýűrekdeş jora/dost bu döwűrde-de tapyp bolýar eken, ýöne aňsat däl. Beýlekilerden bolsa Allam gorasyn!
Men hem bir iş edemde joralarym maňa etse şol ýarardymy, ya-da bir kynçylyk bolsa men kynchylyk çeksem olar maňa nädende kömek edip biler we ş.m. pikir edýän we gerek wagty hem elmydama kömege taýýar.

____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Birinin sözü bar: "Kamil

Birinin sözü bar:

"Kamil adamy dost edinmek isleseniz tankyt edin, yönekey adamy dost edinmek isleseniz öwün"
Nelson