"Gurban bermek" name zat?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Yene bir Gurban Bayramy geçdi diysen boljak.
Köpümiz ete doydyk, köpümiz tanyşlarymyzy, dogan garyndaşlarymyzy gutladyk, görüşdik.
Garyplary doyurdyk, özümizem doyduk. Türklerde çagalar uly yaşlylaryn elini öpüp, pul yygnady.
"Global Warming"e peydaly boldy, sebabi münlerçe haywan öldürildi. :)
Başgada dineje Türkmenistan esasly, Sallançakda uçduk, çagalygy yatladyk, kabirimizin ynanjyna göra, günalerimiz döküldi. Sadakalar berdik, Belalar daşlaşdy.
Kabirlerimiz, alkogol içip geçirdik, keyp çekdik. Agşam şahere çykyp, gyzlara lak atmaga çykdyk.
Kabirlerimiz bolsa, dini ybadatlar bilen doldyryp geçirdik. Mekga gidip, Hajy boldyk, Kaban daşyndan aylandyk,
(3 milyon musulman Hajy boldy. Şeytany daşladyk, bu yyl daşlanyan yerini 4 etajly edipdirler, ansatlyk bilen şeytany daşlar yaly. zemzem suwdan içdik, kabir oteller gymmat eken, kabirleri günlik 5-10 mün dollar eken, sebabi ol otellerin penjiresinden göni Kabe görünyar. Saud Arabystan turizmden 5-10 gün içinde milyardlarça dollar gazandy.)
Garaz gowy, erbet taraplary bilen Gurban Bayramymyny, Festiwaly başdan geçirdik.

Menin Bayramdan gören garayyşlarym şular. Siz nahili pikir edyaniz??
Gurban bayramy nirden gelipdir? Name zat? Name üçin dinde parz?

Gelin söhbet edelin.
(özüm sonra has uzyn, düşnükli yazaryn)

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

yene bahsladyngmy:) goydung

yene bahsladyngmy:) goydung diyip begenip otyrdym.
wi siz yalngyshyp zat bolup jenap che ogly bolaymang? ya men yalngyshyamykam:)
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

aşakda jogap

aşakda jogap islapsin.
Selbijan, öz yazan zadyny okasana önünça.
"yene başladynmy?"
Barsi forum diylip 52 gezek aydylyar. adam şekilli tankyt edip, yansylamazdan sonra köp zada erkin yazmaga rugsat berilyar.
Men bayramdan önünça yazasym gelmedi, bayram gutarandan sonra yazdym, özümem Gadyr hem yerlikli görüpdir, ayratyn blog açdym, Mergen hem duydurany üçin.
Seni begendirmek üçin foruma gelemok,
jenap-che gürrünini gürleşesim gelenok, ön jogap yazdym, men jenap-che dal. Türkmençe düşnükli bolsa gerek?
gep menin kimdigimde dal, menin name yazyandygymda.

Jemşit, aşakdaky linkde

Jemşit, aşakdaky linkde bardyr soragyň jogaby:

http://www.tmolympiad.org/?q=node/3658

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Dushunikli! Sen "Gurban

Dushunikli! Sen "Gurban Bayramina" degishli bloglarda bu jedelleri achip adamlarin ganini gyzdyrmak islanok we shol sebapli-de yorite jedel(?), gurrundeshlik etmek ucin bu blogy achipsin.. Oran yerlikli hereket mana gora.. Onda gel ilki shol blogdaki esasy infolari oka (olary onsuzam bilyansin aslinda) ondan son shu yerde haysi pikirin haysi tarapi sana gora logicniy(?) dal bolsa shu yerde soraber..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jemşit 1 telpek goyyar we yazyar: "Sagbol, düşünjeli jogap berenin üçin. Gadyr hormat goyyan sana."

Jemshit ong tuzuran gohungyz

Jemshit ong tuzuran gohungyz yeterlik dalmi? siz gayrat edingde bolmasa dini bloklary achmayyng, menden hayysh!Ullakan!
Mne indi gurbanlyk barada gurrung edesimem gelenok, sheydip "sarkazm" ulnyangyz welin.
_____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Duydurish beren bolshun gaty

Duydurish beren bolshun gaty biderek we yerliksiz.. Bilmeyan temalarinda gurleme gowusi gayrat et-de.. Senden "Ullakan hayisht!" Shemalin ugruna temp uytgetyan adama menzeyan..

(Ongki bloglarda aydan gepleri bilen dengeshdireninde) shu yerde jemshidin aydan hic sozunde-de "goz gortele" bir sarkazm yok! Nama esaslanip dyzayan dushunmedim..

"Sarkazm bolmasa" diýen bir

"Sarkazm bolmasa" diýen bir haýyş bar ýaly gördüm, Gadyr aga!

Seňem şu ýerde Belle-ä şeý diýşiňi ýerliksiz we biderek gördüm!

Bähbit bolsun!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Goshulyan"

gadyr aga belle dogry aytyar

gadyr aga belle dogry aytyar !
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Yokarda Gadyr öran gowy

Yokarda Gadyr öran gowy jogap beripdir, "namesini kabul edesin gelenok, yaz" diyipdir.
menem yuwaş-yuwaş, Gurban bayramyny name üçin yalnyş kabul edyandigimi düşündirmekçi, yazmakçy.

1. ata, yokarda hem linkini beren blogunda:
Gurhanda Adam atadan başlap gurban kesmek bar diyipdir
hazirki modern adamlaryn taryhy; baryp 200 mün yyl ön.
emma goyunyn ilkinji öydeçil edilmegi bolsa 9-11 mün yyl ön.
goyun öydeçil edilen ilkinji haywan.
wikipedia'dan yanyja seretdim.
biraz terslik yokmy?

wemn wiki-a dal, Kurana

men wiki-a dal, Kurana ynanyaryn, Myrat jan!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ine şu düşünje men

ine şu düşünje men üçin gaty ters.
"eyla gitsenem, beyla gitsenem menki dogry" diymek yaly bir zat.
birje zady tutdyryp durmak bolyar.
men wiki-de hemme zat dogry diyemok, yöne adam şekilli, "YLYM" bilen düşündiryan ahli zada ynanaryn.
Gurhanda hem gowy, dogry zatlar sanardan köpdir, yöne "YLYM" başga zat diyip durka, "mana doly düşündirip bilmeyan Gurhana" "senki dogrydyr" diyesim gelenok.

Myrat jan, ilki bilen-a,

Myrat jan, ilki bilen-a, ynsanlary hem, olaryn akyllaryny hem yaradan Allah, ylmy-da yaratdy. Shonun ucin Wikide ya haysydyr bashga bir gazet-jurnal we sh.m. yerlerde ylmy gozleg netijelerini yazyan alymlaryn hem Allah tarapyndan yaradylany baradaky hakykaty kabul edemson sheyle yazyan. Ikinjidenem, sen Wiki-a ynanyan bolsan, al onda, Wiki-den hem oz yazanlaryma delil hokmundaki turkce yazgylar:
Doly okajak bolsan:
http://
tr.wikipedia.org/wiki/%C4%B0slam%27da_kurban

Wikipedia wrote:

" Kurbanın bir ibadet olduğuna dair Kur'an'daki deliller [değiştir]Sâffât Suresi’nde (37/107); İbrahim’in oğlu İsmail’in yerine bir kurbanın, Allah tarafından kendilerine fidye (kurban) olarak verildiği açıkça bildirilmektedir.
"... kendilerine rızık olarak verdiği kurbanlık hayvanlar üzerine belirli günlerde Allah’ın adını ansınlar. Artık onlardan siz de yiyin, yoksula fakire de yedirin." (Hacc 22/28)
"Kurbanlık büyükbaş hayvanları da sizin için Allah’ın dininin nişanelerinden kıldık. Sizin için onlarda hayır vardır. Onlar saf saf sıralanmış dururken kurban edeceğinizde üzerlerine Allah’ın adını anın. Yanları üzerlerine düşüp canları çıkınca onlardan siz de yeyin, istemeyen fakire de istemek zorunda kalan fakire de yedirin. Şükredesiniz diye onları böylece sizin hizmetinize verdik."
"Onların etleri ve kanları asla Allah’a ulaşmaz. Allah’a ulaşacak olan ancak, sizin O’nun için yaptığınız, gösterişten uzak amel ve ibadettir." (Hacc 22/36;37)
Bu ayetlerde bahsedilen kurban kesimi, et ihtiyacı temini için kesmek değil, bir tür adanış göstergesi, bir dinî ibadet olarak hayvanların kurban edilmesidir.

Sünnette kurbana dair deliller [değiştir]Peygamber (Muhammed) de, kurbanı bir ibadet olarak kabul etmiş ve bizzat kendisi de kurban kesmiştir. Yedi deveyi kendi eliyle kurban olarak kestiğini, Medine’de ise, boynuzlu ve alacalı iki koyun kurban ettiğini sahabeden Enes rivayet etmektedir. (Buhârî, Hacc 117, 119; Müslim, Edâhî 17).

İslam'ın kurban kavramı ve diğer dinler [değiştir]İbrahimi Dinlerde kurban kavramı bulunsa da İslam'dakinden biraz farklıdır. Eski Ahit'te Habil ve Kabil ikiside Adem oğlu olup ikiside kurban keser, Allah Habil'in kurbanını kabul eder. Nitekim Arapça kurban sözcüğü İbranice korban (קרבן) sözcüğü ile ilişkilidir[4]. İbranice korban sözcüğü de sözlükte "yakınlaşmak" anlamına sahiptir ve dinî bağlamda, şeklî uygulama açısından İslam'dakine benzer bir tür kurban etmeyi öngörür. Bugün Musevilerin büyük bir kısmı hayvan kurban etmeyi kesmişlerdir bunun en büyük sebebi Tapınak'ın var olmayışıdır[5]; bununla birlikte hayvan kurban etmenin özellikle Tapınak mevcutken düzenli bir şekilde yapılan bir ibadet olduğu bilinmektedir[4]. Ayrıca Musevilerin en kutsal metni sayılan Tora'nın (Tevrat olarak da bilinir) Tekvin bölümünde İbrahim'in oğlu İsmail'i değil de oğlu İshak'ı Kur'an'dakini andıran bir şekilde kurban etmeye kalkışmasından bahsedilir[6]. Bununla birlikte Musevilikte kurbanların günahtan arınmayla bir ilişkisi vardır ki bu ilişki İslam'da genel kabul görmüş bir ilişki değildir. Ayrıca bu sebep (günahtan arınmak için kurban) Musevilerin bugün hayvan kurban etmemelerinin sebeplerinden biri olarak da öne sürülmüştür; tanınmış hahamlardan Abraham Isaac Kook Mesih Dönemi'nin vejeteryan bir dönem olacağını zira insanların günahları için hayvan kurban etmeye gerek duymayacak kadar ilerlemiş bir durumda olacağını, hayvan kurbanı içermeyen çeşitli kurbanların şükür amacıyla ifa edilebileceğini belirtmiştir[5]. Bu sebeple ve diğer çeşitli sebeplerle detaylarda, tarihçesinde, dayandığı kökenin detaylarında iki kurban kavramı arasında oldukça önemli farklar da mevcuttur. Hristiyanlıkta genel olarak uygulanan bir hayvan kurban etme ibadeti veya eylemi mevcut değildir. Ayrıca bazı Hristiyan alimleri, İsa'nın kendisini Tanrı'ya kurban edişinin, yetersiz olan hayvan kurban edilmesine bir son vererek, kurban etme fiilini bir doruğa ulaştırdığına inanırlar. Bununla birlikte İsa'nın kurban oluşunun bu şekilde Musevi hayvan kurban etme ibadetiyle ilişkilendirilmesi her daim vuku bulmaz."

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Dogramany iyde garnyny

Dogramany iyde garnyny tegelap aylanda yörda :)))
Name etjek galan zadyn aladasyny..
Garny doka bela yok diyyipdirler !!!
;)

Dogry dami Ata akga _? :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "edil ozi :)))"

2. Yokarda ata hernaçe,

2. Yokarda ata hernaçe, Gurban kesmek, Adam atadan gelyar diyse hem,
Gurhanda Gurban kesmegin döreyşi barada bir süre-ayet bar.
Şol "ayetde", "Ybrayym pygamber Hudaydan ogyl isleyar, Ysmayyl pygamber dogulyar, son düyşünde öz ogly Ysmayyl Pygamberi boynuny kesip dur halatynda göryar, şol düyş 3 gezek gaytalanyar, sonra oglyna aytyar, ogly hem "Men özümi gurban bermage razy" diyyar, sonra Ybrayym öz ogly Ysmayyly gurban bermek üçin yatyryar, yagny damagyny çaljak bolanda, Huday olara "Dur" diyyar, Huday "men sizi synag etdim" diyyar, we huday olara "Mundan sonra gurban berin menin üçin" diyip olara yokardan Goç (goyun) beryar. Goç gurban berilyar"
Gysgaça şu mazmunly bir zatdan "Gurban bermek" döreyar öydyan.

Men şu yokardaky yagdayy kabul edesim gelenok.
Hudayyn synag ediş şekli gaty üytgeşik. Düyşde gören zadyny durmuş bilen hakykatlaşdyrmaly dal, Yagny düyşde özüni, dagdan bökyan halatda görsen, we 3 gezek gaytalansa, "huday menin dagdan bökmegimi isleyar" diyip bolmaz ahyryn??
Beterem yokarda, gep öz oglyn damagyny çalmak barada gidyar. Şol düyşden son, oglyny damagyny çalmagyn yerine, öz oglyny gorap, okatsa, adam etse, yagny düyşi tersinden yorsa, şonda "yalnyş" bolarmydy?? Yagny mana göra, şol düyşi görenden sonra, oglyny yere yatyryp damagyny çalmaga synanyşanyndan, ony tersine yorup, oglyny adam edip yetişdirmeli, goramaly diyip yormak has akylly iş.
Yokardaky waka, hekaya menzeyar, hakykatdygyna ynanasym gelenok. Huday düyşüne giryar, sonra dur diyyar, yokardan goç beryar.

Gysgaca dogru gornushi:

Gysgaca dogru gornushi: Hz.Ysmayyl Biribaryn duyshunde ogluny gurban etmegini emreden yaly goryar. Muny yzly-yzyna 3 gezek goryar.

Bul Allahyn pygamberlere synagy bolup biler, muna biz ynsanlaryn akly catman biler, ayratynam, ynanmak islemeyanlerinki ya yalnysh ynanmak isleyanlerinki.

Hz.Adem barada bolsa degishli Turkce ayatyn mealy/manysy:

Quote:

"Kurban, daha önceki bütün ilâhi dinlerde mevcut bir ibadettir. Kur’an-ı Kerim, kurban ibadetinin Hz.Adem (A.S.)’ın çocuklarıyla birlikte başladığını haber verir. Şöyle ki:

“Onlara Adem’in iki oğlu, Habil ve Kabil’in haberini gerçek olarak anlat: Hani birer kurban takdim etmişlerdi de birisinden kabul edilmiş, diğerinden ise kabul edilmemişti.” (Maide, 5/27)

Ayet-i Kerimede kabul edildiği belirtilen kurban Habil’e aitti ve bir koçtu. Kabul edilmeyen de Kabil’e aitti ve ekindi. "

Shonun ucinem, Myrat jan, yagday-a sheyle

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ey sen adamlaryn gaharyny

ey sen adamlaryn gaharyny getirtjek bolyanmi yada milleti tmolympiaddan sowatjak bolyanmi, dushunemok. sebabi mena sonky dowurler shu site girsem shun yali yazgilar manlayimda salam berip dur, ve bar keypim gachyp, chykaymak bilen bolyan.

*moderlere yuzlenyan: Jemshit atly agzanyn edyan bu oyunlary kanun tarapdan yanish hasap edilmese-de bizin saytimiza ziyan yetiryar...
________________________________
sheriatda shu senindir bu benim
tarikatta hem senindir hem benim
hakikatta ne senindir ne benim...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gooshulyan"

Beytme yhlas! Men munda

Beytme yhlas! Men munda yalnishlik goremok!

Men jemshidin aheninde halamayan zatlarimin belki-de yekejesi "meseleleri oran gopbam we yansilayiji esasda ele almagidi" Bu bolsa haysi dushunjede bolsa bolsun; "adama hormat goymazlik" bolup duryardi. Adama we dushunjesine hormat goyulmasa bolsa ol yerde hichili pikir alishlik bolup bilmeyar we tebigy yagdayda "forumin pikir alishmak funksiyasi" yer bilen yegsan bolyardi.. Men shonun uchinem oran gaharlanyardim..

Emma shu yerde jemshidin aydyan geplerinde kan bir gozgyny yansi gormedim.. (bar bolsa gorkezin, belki gozden sypan bolmagi mumkin) Bu bolsa eyyam osush diymek bolyar..

Yene mohum meslelerden birem bu gurrundeshliklerin peydasi hem az dal menin pikirimche.. Sebabi biz musulmanlar(!) kop zatlarin duyp manisina dushunman edyas kop hereketleri.. Bu gurrunler belli bir mocberde shol ishlerin duyp manisini aniklamaga hyzmat edyar we bizi durmusha has ykjam tayyarlayar.. Shu yerde shu soraglary dowup jogaplap bilmeyan adam menin pikirimche oz gamisinin "bilyan" atli yelkenlerini dushursin ashak..

Garaz dowam edelin.. Ozum kan jogap berip bilmesemem shu tetelli gurrundeshliklerin peydasinin uludigina ynanyan.. Jemshitden etjek yekeje hayishim: sarkazm ulanip bizin mukaddes hasaplayan meselelerimizin ustunden gulmezligi

PS: Eger giziklanmayan bolsaniz aylanip gechayin.. Mena uli gyzyklanam bilen okayan shu gurrunleri we oran kop peydalanyan..

PSPS: Hemme yazanlarimam perfect dogrular dal-de dine oz pikirlerimdir..

jemshit wrote: Gurhanda

jemshit wrote:

Gurhanda Adam atadan başlap gurban kesmek bar diyipdir
hazirki modern adamlaryn taryhy; baryp 200 mün yyl ön.
emma goyunyn ilkinji öydeçil edilmegi bolsa 9-11 mün yyl ön.
goyun öydeçil edilen ilkinji haywan.
wikipedia'dan yanyja seretdim.
biraz terslik yokmy?

Oz bilshimden jogaplajak bolayin.. Yone menin pikirlerimdir.. Arkayin comment edibermeli logicniy gelmeyan yerlerini.. Munda chekinip durmali dal..

1. Taryhdaki ahli datalar chak bilen aydilan seneler. Onda anik wagt aydilmayar, aydilyan bolsa-da na derejede dogrudigi gumana.. Esasanam gurrun sheyle irki seneler barada gidyarka.. Ol dowurler barada taryh hiczat yazmayar, ol dowurlere degishli yazgytlar zatlar yok menin bilshime gora.. Mysal uchin goyunin oydechil bolmagy baradaki "chaklama senani" haysi tapindi esasinda anikladilarka, bilmek oran gizikli bolardi?! Shol seneden onki senelere degishli goyunin oydechil bolandigi baradaki tapindilar heniz tapilmadik bolsa goyun ol dowurlerde oydechil bolan daldir diyen netije chikarmak na derejede dogry bolarka?? Bulam ayratin bir sorag!

2. Dinde gurban ediljek haywan hokman "oydechil" bolmali diyen madda yokmuka diyyan! Bizin bilshimize gora Ol dowurlerde yabani yashap yoren kabir meydan haywanlarini tutmak, ele gechirmek, gola salmak kabir usullar bilen amala ashirip bilnipdir.

3. Dinde gurban ediljek haywan hokman "goyun" bolmali diyen madda-da yok bolmali..

Ay garaz pikir yoredibermelimika diyyan..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah!"

jemshit wrote: Men şu

jemshit wrote:

Men şu yokardaky yagdayy kabul edesim gelenok.
Hudayyn synag ediş şekli gaty üytgeşik. Düyşde gören zadyny durmuş bilen hakykatlaşdyrmaly dal, Yagny düyşde özüni, dagdan bökyan halatda görsen, we 3 gezek gaytalansa, "huday menin dagdan bökmegimi isleyar" diyip bolmaz ahyryn??
Beterem yokarda, gep öz oglyn damagyny çalmak barada gidyar. Şol düyşden son, oglyny damagyny çalmagyn yerine, öz oglyny gorap, okatsa, adam etse, yagny düyşi tersinden yorsa, şonda "yalnyş" bolarmydy?? Yagny mana göra, şol düyşi görenden sonra, oglyny yere yatyryp damagyny çalmaga synanyşanyndan, ony tersine yorup, oglyny adam edip yetişdirmeli, goramaly diyip yormak has akylly iş.
Yokardaky waka, hekaya menzeyar, hakykatdygyna ynanasym gelenok.

Beyik shahsiyetleri oz penjiramizden gorush derejamize gora dernemek bizi koplenc uly yalnishliklara eltermika diyip pikir edyan! Kop gatly jaylarin birnji gatyndaki adamlarin goryan zatlari bilen in yokarki gatlardaki adamlarin goryan zatlari, gorush dashliklari deng bolup bilmeyar. Yokarki gatdaki adamlarin edyan hereketleri birinji gatdaki gorush derejan bilen hijem aniklap bilmaymesen.. Muna mysal bermage yagday kan..

Gayrat edip okanlar

Gayrat edip okanlar name name yazylanyny gysgacha gurrun bersinle, dogrymy aytsam shunyn yaly zatlary okap gozumi zaylasymam gelenok, kimde birinin shol bir sozleri 1000 gezek gaytalap, 1001nji gezek gaytalamasynda many goremok...

Gysgacha deginen 2

Gysgacha deginen 2 dushunishmezligin bar:

1) Goyunyn oydechil edilmegi bilen, gurban edilmeginin arasynda name baglanyshyk bar ? Men kim goyun bakypdyr, kim bakmandyr gurrunine girjek dal, yone oydechil dal goyuny kowalap tutup, gurban etsen bolman durmy ?? Name uchin hokman oydechil bolmaly ol gurbanlyk ?

2) Duysh'lerin kategorialary bar, kabirleri dine sheytanyn kellane sokyan zatlary, kabirleri gundelik aladan sebapli beynin doredyan zatlary, kabirleri bolsa salyh, yagny hakykat payi bar bolan duyshler. Nahili yorulyandygy elbetde mohum, yone duysh'in mazmunyna seretman, kellane gora yorubermek bolyamy?? We Pygamber adam sen ya-da men yaly dal, bilmeyandir oydyanmi sheytanyn ishimi, ya-da Allanyn 1 ugur/ish gorkezyan duyshlerinin tapavudyny ?? Muhammet Pygamber'e kabir zatlar duysh arkaly beyan edilenokdymy ? Gepin tummek yeri, Ybrahym Pygamber'in synagynyn asyl manysy Allaya na dereje baglylygyny, onun aydyan zatlaryna na dereje boyun egyandigini synamak, ogluny oldurtmek dagy dal, we nahili synag etjegi hem dine Allanyn biljek zady, govnumize yaramadyk, ya-da nevsimize kyn dushyan zatlar barada (hasha)"mundanam bir synag bolarmy?" yaly gep etmek, edepsizlik dalmi ?? Alla "men size goterip bilmejek yukunizi yuklemerin" diyyar, yagny sana 1 zat synag hokmunde gelen bolsa, sen ichinde shony yerine yetirme potensialy hem bardyr, yone sen ansadyny, ya-da govnune yaranyny saylap, tersini etsen, oda sen biljek zadyn, we karar alan sen bolanyna gora, netijelerine-de gargynman, kabul etmek bilen bolmaly !!

1.nji barada kellam çaşdy.

1.nji barada kellam çaşdy. Dogry düzden kowalap tutup, getiribem gurban edip boljakdygy (naçe ynandyryjy bolmasa hem) malim.
Mende taze sorag yüze çykdy, Gurhanda Ybrayym bilen gurban bermek başlayan yaly aydylyar, yagny düyşe giryar zat, ilkinji gezek mal kesmek şonda başlayan yaly aydylyar, emma bir tarapda hem Adam atadan bari bar diyilyar, Eger Adam atadan bari bar bolsa, Ybrayym Pygamber name üçin şol düyşi görmezden önünça gurban kesmeyan eken??

Ybrayym Pygamber, düyşünin şeytandanmy, yada Hudaydandygyny bilyan bolsa, onda Hudayyn ony synag etmeginde name many galyar? Pygamber adam, Hudayyn emrine garşy durup bilermi??
Hudaydan geleni bilen, şony hökman özi yaly kabul edişine hayran, bu ansat yoly saylamak bilen baglanyşykly dal, manylysyny saylamak barada.
Düyşünde oglyny öldürüp durkan göryan we ertesi gün oglun damagyny çaljak bolyan.
Toba.

Jemşit wrote: Gurhanda

Jemşit wrote:

Gurhanda Ybrayym bilen gurban bermek başlayan yaly aydylyar, yagny düyşe giryar zat, ilkinji gezek mal kesmek şonda başlayan yaly aydylyar,

1 sozlemde 2 sany "yaly" sozi bar, bu bolsa yazyan zadyny senin ozunem takyk bilenokdygyny anladyar. Bashda sozme-sozme bil name yazylanyny, onson dovam edeli, yogsa "yaly" yaly gurrunleri argument kabul edip barjak yerimiz bolmaz!

Hawa, duysh'de sen ya-da men chagamyzy oldur diylenini gorup, ertir turubam damagyny chalsak, onda Toba, huday saklasyn beyle zatdan. Yone bu "toba"-nyn asyl sebabi bizin chagamyzy oldurmegimiz dalde, shol duyshdi Alladan 1 ysharatdyr diyip dushunmegimiz. T.e. biz Pygamber dagy dal duyshin kimdendigini biler yaly, we emin dal halyna chagany oldurmage tayyar bolmak, samsyklyk !

Synagyn asyl manysy bolsa duyshe ynanyp-ynanmazlygy dalde, shol duyshde buyurylanyny edip-etmezligi! T.e. diyeli sen 1 patysha, yanynda-da serkerdelerin bar, we sholaryn 1'nin sana wepalylygyny synamak isleyan, we agyr 1 ish beryan, diyeli 100 adam bolup 2000 adam bilen urushmaga iberjek bolyan. Eger shol adam senin "edip bilmejek ishini tabshyrmaryn" diyyandigine berk ynanyan, we diyen zadyna berk boyun egyan, adalatlydygyny hem bilyan bolsa, onda ol yumus nache howply bolsa-da "Bor, giderin" diymeli! We ol gitjek bolup durka "Men senin sadyklylygyny barlap gordum, gitmek gerek dal" diysen, ortada manysyz zat barmy ? Hich nenen dal synag...Eger yok, serkerde boyun towlap bashlasa, diymek ol senin kararlarynda minus goryar, senin adalatyndan shubhe edyar we oz boynyna goterip bilmejek zady yukleyandi aginiydyar. Adamlaryn arasynda bu adaty, sebabi patysha hem perfect adam dal, yone shol Patysha Alla bolsa, onda ona nogsanlyk gelishdirmek, kararlaryna erbet diyip, boyun egmezlik adamyn haky dal, dine edip biljek edepsizligi, yagny synagy gechman, mugallyma gep atmak yaly 1 zat. T.e. yalnysh etmek 1 zat, yalnyshandygyny kabul etmezlik bashga zat !

Quote:1.nji barada kellam

Quote:

1.nji barada kellam çaşdy. Dogry düzden kowalap tutup, getiribem gurban edip boljakdygy (naçe ynandyryjy bolmasa hem) malim.

eger adamyn maymyndan gelmedigine ynanyan bolsak onda ilkinji döran adamyn(Adam atanyn) hem belli bir akyl/ylym derejesinin bolandygyna ynansa bolar, birem olar birnaçe mün yyl yaşandyklary sebapli ekin ekmek/mal saklamak yaly ukyplara eye bolmaklary mümkin zat, eşidenime göra Adam atanyn ogly Habyl bn Kabyl gurban berenlerinde bira gowy yetişmedik ekininden gurban berya biram gowy mallaryndan birini soyyan bolmaly

Quote:

Mende taze sorag yüze çykdy, Gurhanda Ybrayym bilen gurban bermek başlayan yaly aydylyar, yagny düyşe giryar zat, ilkinji gezek mal kesmek şonda başlayan yaly aydylyar, emma bir tarapda hem Adam atadan bari bar diyilyar, Eger Adam atadan bari bar bolsa, Ybrayym Pygamber name üçin şol düyşi görmezden önünça gurban kesmeyan eken??

Adam ata döwründe bilşime göra dine ogullaryna gurban berilmegi emredilya, beyleki adamlara dal, son Ybrayym pygamberin üstü bn beyleki adamlara-da Alla üçin gurban berilmegi islenya, we beyle synag edilmeginin hikmeti/manysy diyibem gurban bermegin öz söwer oglyny gurban bermek derejesinde uly amala/sowaplara den boljakdygyna yorsa-da bolar

Quote:

Ybrayym Pygamber, düyşünin şeytandanmy, yada Hudaydandygyny bilyan bolsa, onda Hudayyn ony synag etmeginde name many galyar? Pygamber adam, Hudayyn emrine garşy durup bilermi??

sen şu sorgalan bn Allany soraga çekyan, aslynda bolsa dine onun bizi soraga çekmage/synamaga haky bar, eger biz yaradylan hökmünde yaradany soraga çeksek hiç hili manysy bolmaymasa, logika taydan ters geler

ata, gonşy

ata, gonşy blogda:

Quote:

Gurbanlyk jemgyýetde dost-doganlygy, ýardamlaşmagy, arkalaşygy saklaýar. Adalatyň, deňligiň hakykata öwrülmegine goşant goşýar. Aýratyn hem gurbanlyk et satyn almaga güýji ýetmeýän, ýetde-gütde ýaşaýan garyplar üçin bähbitdir.

Gurbanlyk bolmasady, dost-doganlyk ölyar, yok bolyar diyilyan zat yok, yagny dost-doganlyk, yardamlaşmak, arkalaşyk üçin, hazirki modern dünyade, jemgyyetde, has gowy işler edip bolyar. Hiç kim gurbanlyk ing dogry yol diyer öydemok.
"Garyplar üçin bahbitdir."?
Et tapyp bilmeyan garyba, 4-5 gün et dadyranyn bilen name üytgeyar?
Maksadyn, çyndanam garyp doyurmak bolsa, Gurbanlyk berjek malyn, puluny, yada göni özüni garyba berenin has amatly bolmazmy??
4-5 sany bay, bir garyba, hersi bir goyun berse, indiki yyl, şol garyp garyplygyna galmaz.
Gepin gysgasy, zorlap, peydaly taraplaryny yüze çykarjak bolup kösenmeli dal.
Eger "Gurbanlyk, gurhanda aydylypdyr, Hudayyn emri, şol zyyanly bolsada, hiç-hili peydasy yok bolsada, şol edilaymeli" diyip ynanyan bolsanyz gep başga.

Jemşit wrote: Eger

Jemşit wrote:

Eger "Gurbanlyk, gurhanda aydylypdyr, Hudayyn emri, şol zyyanly bolsada, hiç-hili peydasy yok bolsada, şol edilaymeli" diyip ynanyan bolsanyz gep başga.

"Gurbanlyk Gurhanda aydylypdyr, Hudayin emri, ziyany bar zat dal, birgiden peydasy bar, shol edilaymeli" diyilse nahili gep bar ??

We gurbanlygyn pluslary sanalanda, ol plus'lary gurbanlygyn bar maksady edip goyyan yok, yone sholarynam 1 plusdygynyn ustunde durulyp gechilyar. 1 garyba gurbanlyk etinin akidilmeginde hich hili uytgeshik zat gormeyan bolsan, gitde shol 1 zady shu yil gurbanlyk guni gapylaryna gidip, bayramlaryny gutlap et berenimizde gozlerine yash dolduryp, 70 gezek sagbolsun aydyp goyberen garyplara ayt, sholaram sen bilen razylasharlarmyka !! Beydip oturan yerinden "etseler, metseler" ekip oturmak ansat, her ay 1 goyun bersinler we etc...Nahili dar dusuhnje Jemşit ? Sen ya garyplaryn sanyny bilmeyan bolmaly, ya-da her biznesmenin 1 ayda geday dushmeginde many goryan bolmaly !! Garyplaryn ayaga galmagyna goshulyan komek ayry gep, yone ayaga galyp bilmedikleri bayram gutlagy we eti bilen begendirmek duybinden ayry gep !

bilyan barmy

bilyan barmy hiç;
hristiyanlarda gurban bermek barmyka??

Gurbanlyk da bir tanyşym

Gurbanlyk da bir tanyşym bilen messengerde gürleşdik,
"beren gurbanlygyň kabul bolsun" diýdi, menem "aý bizde gurban keser ýaly pul ýokla, güýjimiz towuga ýetýä, olam kabul bolanok oýtýän" diýdim, olam oýun äheňinde "çekirtge kesseňem kabul bolarla, esasy düşünje möhüm" diýdi,,,

Temaň ady "Gurban bermek barada" bolansoň menem pikirimi aýdaýaýyn.
Her bir meselä, her kim öz düşünjesi tarapyndan seretýä. Hiç bir adam Hudaýyň diýenine doly aň ýetirip bilmejekligi üçin, özi nähili pikir etse, şol tarapa çekýär.
Meniň gurbanlyk, we gurban bermek barada pikirim;
Gurbanlyk bahana ýa da sebäp, köp adam sebäp ýa da bir bahana bolmasa, hernä ýagşylyk edip ýörenok.
Alla biziň kesen, kesjek gurbanlarymyza mätäç däl, gurbanlyk diňe ýagşylyk etmek, Allany ýatlamak we sebäpli bolsa da sogap iş etmek maksady bilen bellenen bir günmikä diýýän!
ýene de, bir türkmen sahypada gurbanlyk barada ýazylan bir makala gabat gelidim, gowja ýazylypdyr, ynha okasaňyz;

Quote:

Ynsanperwerligiň iň ýokary görkezijilerinden biri ynsanyň gurban etmek ukyby bolsa gerek. Hezreti Muhammet pygamberimiziň atasy Abdulmuttalybyň iň söwer ogly, geljekde dünýä injek iň soňky pygamberiň kakasy bolmaly Abdullany Allahyň öňünde beren sözünde tapylmak üçin gurban etmekçi bolşunda ýa-da Pygamber Serwerimiziň has aňyrdaky ata-babalaryndan Ybraýym pygamberiň ogly Ysmaýylyň damagyna pyçak goýmagynda uly many bar.

Synag meýdany bolan bu dünýäde her kim öz derejesine görä synagdan geçýär. Sadalaşdyryp aýtsak, bäşinji klasyň okuwçysyna berilýän sowallar bäşinji kursuň talybyna berilýän sowallar bilen deň bolup bilmez. Muhammet (s.a.w.) pygamberimiz dünýä inýänçä onuň ata-babalary iň ýokary synagdan - Allahyň ýoluna jiger balasyny gurban etmek synagyndan geçmeli bolýarlar.

Allahyň ýoluna diýlip edilýän hereketiň Allatagalany begendirjek, razy etjek, seniň bu ýola näçeräk wepadardygyňy görkezip biljek hereket bolmalydygyna biziň köpímiz düşünýäris. Şonuň üçin uludan-uly sadaka berip, şonda gurban eden janlymyzyň ululygyna görä-de uly sogap gazanarys diýip oýlanýarys. Hakykatdan-da sadaka näçe uly bolsa, şonça-da oňa gelip nahar edinjekleriň, nahardan soň doga-töwir etjekleriň sany köp bolar. Emma…

Bir rowaýatda Osmanly patyşalaryň biri öz baýlygynyň hasabyna üýtgeşik bir mesjit saldyrmagy ýüregine düwýär. Ol mesjit hernäçe gymmat düşse-de, onuň ähli çykdajylaryny diňe özi çekip, oňa hiç kimi şärik edesi gelmeýär. Hatda goňşy döwletlerden gelen kömekleri hem almaýar. Gurluşyk gyzgalaňly dowam edýän mahaly, howanyň yssy günleriniň birinde ol ýere bir garry ene ussalar içsin diýip bir okara aýran getirýär. Sowujak aýrany gurluşykçylar derrew başyna çekipdirler.

Şol gije patyşa düýş görýär. Düýşünde gurulyp gutarylan mesjidi sogap terezisinde çekip görýärmişler. Tereziniň bir taýynda mesjit, bir taýynda bolsa aýranly okara duranmyş. Şonda tereziniň okaraly tarapy agyr gelýärmiş.

Patyşa gören düýşüne haýran bolupdyr.Onuň mesjit gurduryp, Allahyň ýoluna gurban eden baýlyklaryndan pukara bendäniň bir okara aýranynyň gymmatly görülmegi ony oýa batyrypdyr. Bu ýerde syr pukara bendäniň şöhrata kowalaşman, bir okara aýranyny ak ýürekden bermeginde bolsa gerek.

Sogap terezisinde her bir amala öz möçberindenem agyr agramlyk berip bilýän ak ýüreklilige birnäçe gurban etmeleriň üsti bilen ýetilýän bolsa gerek. Egerde şol Osmanly patyşa mesjidiň gurluşygyna goýan baýlyklaryndan öňürti ýüregini şol baýlyklaryna buýsanmak duýgusyndan saplan bolsady. Çünki kalby päklemek hem azapsyz geçmeýär.

Gaharyňy ýuwutmak, diliňi gybatdan saklamak, päliňi pes tutmak, sözüňe wepaly bolmak, halaly-haramy saýgaryp iýmek, sogap gazanmak… ýaly ak ýüreklilige alyp barýan amallary berjaý etmek ýeňil iş däl. Biz ilkinji nobatda ähli doga-dileglerimiziň kabul bolmagyna kepillik – ak ýüreklilige ýetmegiň dilegini etsedik. Beren gurbanlyklarymyzyň kabul bolmagy üçin Allahyň buýran parzlaryny berjaý etmäge päsgel berýän häsiýetlerimiziň „damagyny çalsadyk“. Bize käteler günde görşüp, ýören işdeş ýoldaşymyzyň deňinden salam bermän geçmegimize sebäp bolýan „işlisiremämizi“ gurban etmek başartsady. Iň ýönekeýi – bäbeklikden saýlananymyzdan „hany, salam et“ diýlip öwredilen salamyň sogabyndan galmazlyk bir başartsady. Terezä mündürilende soňraky etmekçi bolýan uly sogap işlerimiziň agzy salamlyja oglanyň çaganyň eljagazlaryna sygan sogabyndan ýeňil gelşini görüp haýran bolup durmazymyz ýaly…

Eý, dost, sen maňa Allahyň ýoluna nämeleri gurban edendigiňi aýtsaň, menem sende näçeräk ynsanperwerligiň bardygyny aýdardym. Agşam geljek myhmanlaryň bilen şady-horram oturmakdan geçip bilmän, Pygamberimiziň halamadyk aragyny olara hödür etseň, şeýdibem myhmanlaryň öňünde adamçylyk, ynsanperwerlilik edendirin öýtseň, nähili ýalňyşýaň! Çünki seniň diýýän şady-horramlygyň şeýtanyň şatlygy, Allahyň bolsa gazabydyr, eý, dost.

Beren gurbanlyklarymyzyň kabul bolmagy üçin Allahyň buýran parzlaryny berjaý etmäge päsgel berýän häsiýetlerimiziň „damagyny çalsadyk“, eý, dost.

Maru Şahu Jahan

Aslynda Gurbanlyk kesmek,

Aslynda Gurbanlyk kesmek, uly isrip.
Bir günde palança haywan gyrylyar, we derrew iyilmeli olar.
Adamlar dineje mataç bolan etini kesmeli, zor bilen beyle kesişlik hökman dal.
Hudaya garşy ybadatyny, namaz we doga yaly ybadatlar bilen hem edip bolyar. Için kömek edesin gelse, gurbanlyk 2-3 kg et bermekden, has yokarda edip boljak kömekler bar, garyplara.
Obada yadyma düşyar, her kim bir günde keseni üçin, gowy gömülmedik ganlar yslanyar, sonra sinekler başlayar. hapaçylyk. Çagalara ganly öldürişlerini seretdiryaler kabirleri. Elbetde dinde beyle edilmeli diyilyan yer yok, hatda arassa bolsun diyilyar, men dineje yagdayy düşündirjek bolyanda.
Hazir dünyade bir topar yalnyş zatlar edilyar. Menin maksadym, ilkinji nobatda gurbanlyk gutlanmasyn, kesilmesin dal, ondan beter erbet zatlar bolup dur dünyade, olary ayyrmaly başda.
Menin aytmak isleyan zadym.
Şunun yaly "kemçilikli" dabin, ybadatyn, hudaydan gelip bilmejekdigi. Bu ybadat, Putperest ybadatyna gaty menzeyar. Sebabi önler, yslamyyetden has önler, adam, sonra gyz çaga gurban berilyan eken. sonunda goç gurban edilip başlanypdyr. we şol ösüşdi.

Dostjan! ýokarda aýdyşym

Dostjan! ýokarda aýdyşym ýaly, her kim özüçe many çykarýar.
Biri gowy tarapyna seretýär, emma kabul etmek islemeýänler bolsa kemçilik gözleýär!

Ýokaryda da diýişim ýaly, sebäp bolmasa edilenok! Meselem, "Güýji ýetýän her kim, ýylyň dowamynda haýsy bolsa da bir wagt 1 gurban bersin" näçe adam ýerine getirerdi?
meselem ýalňyşmasam Yslamda her kim baýlygynyň kyrkdan birini garyplara paýlamaly, ýöne näçe adam şony etýändir öýtýäň?!!
Maru Şahu Jahan

edmeyan bolsa, onsuzam Huday

edmeyan bolsa, onsuzam Huday olardan sonra jogap sorar-a??
Eger Hudayyn emrini etmese (yagny haysy-da bolsa bir gün gurban bermeli), onda diymek ol adamyn ynanjy pes, we göni dowzahlyk. :)
hawa, kabul etmek islemeyanler kemçiliklerini aytyar, kabul etmek isleyanlerem gowy taraplaryny aydyar dineje.
Asyl mesele, haysysynyn köpdügi. Mana göra kemçilik köp, size göra gowy tarap köp. Şeydip dowam edip gidyar bu iş.

dünýäň manysy hem

"...hawa, kabul etmek islemeyanler kemçiliklerini aytyar, kabul etmek isleyanlerem gowy taraplaryny aydyar dineje.
Asyl mesele, haysysynyn köpdügi. Mana göra kemçilik köp, size göra gowy tarap köp. Şeydip dowam edip gidyar bu iş."

Dünýäň manysy hem şol-da, Myrat!

Seň ýalaklaram bolmaly, başga hili düşünýänlerem. Bu ýagdaý mundan öňem boldy, şu wagdam bolýar, mundan soňam bolar Kyýamata çenli. Ondan soň şu wagtky halyňy Biribara ynanýan hökmünde pikirem edesim gelenok.

Ýokarda ýazyşyň ýaly, "...göni dowzahlyk.." diýip ýazypsyň. Özüň barada pikir etmediňmi muny?!

Gurban ybadatynyň amal taýdan hökümi wajyp biziň mezhebimize görä, ýagny, parz däl. Olam parza ýakyn güýçde bir ybadat görnüşi bolýar, güýji barka-da etmedige hak/jogapkärlik düşýär. 1-je gurban kesmänligi üçin aýryljak sogap mukdaryny biljek däl, ýöne 1-je gurban kesmedi diýip, göni dowzahlyk bolanok. Bilmän erteki otarmak aňsat, Myrat jan!

Birem, men ýokarda takyk delil getirýän Kurandan Adam atadan bäri şu gurban ybadatynyň barlygyny, sen ýene aýnan bolup ýazýaň .

Ýene 1 zat, ýokardaky "doslugy gorak saklaýar..." baradaky maglumat üçin: men ylmyhalyň Türkmençe terjimesini goýdum, ony men ýazmadym. Onsoňam, şol ýazgyda "dostlugyň ýeke-täk diregi gurban bermekdir!" diýlenok üns berseň.

Ýok zatlary bahanalap, ýalňyş tapjak bolup dyrjaşjagyňa, ondan-a özüňem bir gurban kesip, goňşy-golamlaryňdan ýa garyndaşlaryňdan mätäç ynsanlara paýlap bersediň!

Ýene bir zat, her baý alyp, 1 goýny garyba berenok.

Ilki bilen-ä, her öňýetene berlenok, mätäç ynsanlara berilýär;

Ikinjiden, goýun berlenok, soýulan goýnuň 3-de 1-i berilýär,özem ýekeje mätäje/garyba däl-de, birnäçesine. 1/3-i nahar edilip, ynsanlara yzzat-ykram edilýär we 1/3-i hem soýan/soýduranyň maşgalasy üçin alynyp galynýar, umuman;

Üçünjiden, gurban kesilende, tämizlik işi hem şeýle zerur, eger gany ýalazy meýdanda şol durşyna taşlanjak bolsa, onda gurban ybadatynyň sogaby ýagdaýa görä belli mukdarda kemelýär. Yslam dini bu babatda tämizlige uly ähmiýet berýär.

Aý, şu wagt sanap oturmaýyn-la, enşallah, ketjallygyň tutup, şu ýazylanlardanam özüňçe ýalňyş netijeler çylaryp, erteki otarmarsyň!

Garaz, ynsabyň hem-de wyždanyň bn pikirlen, nebsiň hem-de şeýtanyň bn däl!
Köp zyýany barmyş-da, az peýdasy barmyş - näme, ynanýan Allah(yň)dan has gowy bilýäňmi beýle ýagdaýlary?!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gadyr men ol yerde duydurysh

Gadyr men ol yerde duydurysh beremok, gowja okasangyz yone hayysh, “sarkazm”ulanmang diyip. Chynym aytsam shu blogy mena gaty haladym, “Hm…” diydiryar, gyzyklam…
Mena bu temada kan bashym chykanok, dingeje Sokradyng diyshi yaly “men bir zady bilyarin, ozuming hich zat bilmeyanimi” diyip sizi dinglayjek…dowam edibering unsum sizde…
P.S. Jemshit progress uchin telpek!
P.S.S. ata aga turkche yazanlaryngyzam okasym gelyar welin,bizler turche bilenokda…

_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jemşit 1 telpek goyyar we yazyar: "minnetdar."

ýaltanmasam özüm terjime

ýaltanmasam özüm terjime ederin ýa başga biri eder-dä, indi bir gideýin-ow :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"