Gurban baýramynda Londona dograma iýmäge geliň!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Men öňki açan mowzugymda bu babatda gysgaça ýaňzydypdym. Indi takyk ýagdaýda ýazmakçy:

11-nji Dekabrda Gurban baýramynyň 4-nji güni, şol bir sanda hepdäniň hem 4-nji güni sagat 17:00-21:00 wagt aralygynda mümkinçiligi bolan oglan/erkek agzalary Londona dograma iýmäge çagyrýarys!

Gelmek isleýänler maňa şu ýerde ýa-da şahsy bildirip biler. Gerekli maglumatlary bolsa, ýa PM ýa-da mail arkaly ibererin, enşallah! Meň mail adresim:

Gelip bilýänleriňiz gelip we eşitmedik tanyşlaryňyz bar bolsa, olara-da aýdyň!

Bu babatda pikirleriňizi hem bildirip bilersiňiz!

TM-da Gurban baýramy bugün däl-de ertir. UK-da bolsa bugün eýýäm Gurban baýramynyň birinji güni girdi. Şol mynasybetli, hemmäňizi şu ýerde gutlamak isleýärin:

Sizi we maşgalaňyzy, ýakyn dost-ýarlaryňyzy ýetip gelen Gurban baýramyňyz bn gyzgyn gutlaýaryn!

Kesen we kesjek gurbanlaryňyzy, eden dileg we ybadatlaryňyzy hem Biribar iň oňat ýagdaýda kabul etsin!

Işleriňizde, haýyr amallaryňyzda başarnyk hem-de her iki älemde bagt dileýärin size Biribardan!

Sag boluň!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • unknown 1 telpek goyyar we yazyar: "dograma iymek ucin Hytaydan Londona arman gijirak acypdyryn yogsam barardym,,,bolya-da turkmenistanda nesip bolsa dushan wagtymyz iyeris,,,barmajagymy bili yazypsyng oydyan :D"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

menem oz gezgimde her bir

menem oz gezgimde her bir ynsanyng Gurban bayramyny tuys yurekden mubareklap gutlayan, her bir beren sadakayngyz kabul bolsun
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Salam Ata Men Londonda

Salam Ata
Men Londonda yasayan.
menem Turkmen dogramadan iyesim gelyar
Sen mana Nirde bolyandigini aytsan geleris.
Joralarimi da alip gelsem bolramika?
Kicik babegimde bar onam alip gelsem bolarmika.
mana jogap yazsan
Sagbol
Alla Tagala Gurban Bayraminizi Mubarek Etsin.

Waleýkim salam! Adaty

Waleýkim salam!

Adaty ýagdaýda gyzlary/zenan maşgalalary çagyramzokdyk. Esasy organizatorlara ýagdaýy bildirdim. Olaryňam ýanýoldaşlary bardy, şoň üçinem, gelip biljegiňizi bildirdiler. Angliýadan we Şotlandiýadan Türkmen maşgalalary gatnaşmakçy diýip bilýän, Wales-dan bilemok, Irlandiýadakylaram gelip bilenoklar öýdýän!

Size PM arkaly boljak ýeriň takyk adresi bildirmekçi häzir, enşallah!

Sag boluň!

PS: Amerikadan gelip bilmeýänler üçin aýryp goýsakmylak ýa :)))

PS2: 3 ýyl öň Garaşsyzlykda Türkmen palow eden Güýç meşhur agamyz dograma edýändir, aýtdym-aýtmadym diýmäň-how :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

uly ilim bilen aglap

uly ilim bilen aglap bashlajaga , name uchin angliya dushmedikam , name uchin woooooooooooo, men Londany halayadyma:)))) joke
ay yaman iyesim gelyarde , name ata aga bizing ongem derdimizi gozgasyng gelyarmi , ongema biz pahyr zordan yrgylap otyrys , shu wgt hasam ach men :(
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

bäriniň iň güýçli

bäriniň iň güýçli guramaçylary US-a gitdiler :)
Ol ýerde-de bar bolaýmasyn?! Gowja sorag-ideg edip gör, hany :))

Gelnejeň bar-a seň dagyn, edýän derdine seret muň :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

namesi giden bolsada , men

namesi giden bolsada , men hich zat bilemok:)
oyune etyan ata aga bizem barde etdik 5 sany turkmen mashgala bolup etdik sheyle gowy boldy, yone gynansama nahar iyip bilmedim:( shun yanak kopchelik bolsa nahar iyip bilemok:(
ay yone yaman hezil boldy :) wijika :)) way yone shu wagt dogramany sheyle iyesim gelyarda:( way salchak uchaysang , wayuchasym gelyarde:))
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

diýjek bolýanym, US-däki

diýjek bolýanym, US-däki soňky guramaçylyklary gurnaýan iň aktiw türkmenler UK-dan gitdiler. Bizem indi olaň yzyny dowam etdirjek bolýas welin, onam başaramzok, sebäbi, mende-hä şol giden agamyzdaky gerekli we degişli beýik aýratynlyklar ýok bu babatda!
Şolar häzir US-da.

Uçma, ýykylarsyň :)

Dograma iýen bolsaň, iýjek bolsaň noş bolsun!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

entage dograma

entage dograma iyemok;(
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

iýersiň-le, enşallah

iýersiň-le, enşallah :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yok indi iyjek dal , wah

yok indi iyjek dal , wah hazir bir tazilige garashyan , shol tazelik gowy bolsa , manga dograma gerek dal , wah garashyp yadadym , :))))
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Menem uc yil on geldim palov

Menem uc yil on geldim palov iymage, Library da boldy, turkmen aydim sazam dinledik.
Persembe gunu de geljen nesip bolsa.
Alla Tagala Gurban larynyzy Kabul etsin issalla

Menem gurban bayramlaryngyz

Menem gurban bayramlaryngyz bilen gutlayan!
Wah, arman men Londonda dalda! Dogramajyk iysem kekem dal.
umuman, sadakalaryngyz kabul bolsun!
____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Salam agzalar onatmy

Salam agzalar onatmy yagdaylarynyz.Menem sizin Gurban bayramynyzy Gutlayaryn.
Ata aga oran onat isler edyaniz Alla razy bolsun sizden.Barde TR da Istanbulda turkmen oglanlar uysup dograma etjekler nesip bolsa olam edil sizinki bilen bir gunde yagny 11.12.2008. Eh dograma iyesim gelip gitday. Yene bir gezek Bayramynyzy gutlayan

Allah hemmämizden razy

Allah hemmämizden razy bolsun, jigim!
Başarnyk dileýän size-de!Salam aýt talyplarymyza-da!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ahli turkmen halkyny gurban

Ahli turkmen halkyny gurban bayramy bilen gutlayaryn. Shu aydym hem tmolympiad uchin gurbanlyk sowgady
http://www.youtube.com/watch?v=R1RSzSFk5zo&feature=related
Ata aga dogramadan menin yerimede iyeweri.
Beryan sadakalarynyz kabul bolsun!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Al saňa 1 "gurbanlyk" telpek :)"

ata aga senem

ata aga senem onarayyanay..
chakylyk in az 1 hepde onunden aydilya.
gelmesinler diyip 2 gun onunden aydayipsin-a. :)
Gurbanlyklarynyz kabul bolsun!

4 gün öň aýtdym, ahyryn

4 gün öň aýtdym, ahyryn :)
şol gün ýa 1 gün öňünden takyk ýagdaýda belli bolany üçin olam, ýogsam, has irrägem aýdyp bilerdim.

Ýene-de gelip biljekler gelibermeli-le :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Suwsyz, gury halyny iberay

Dogramanyn chorbasyz, gury halyny iberay ata aga ?
Pochta puluny zady men tolayin :))

çynyň bn

çynyň bn soraýaňmy?!
"Hawa!" bolsa, onda synanyşaýyn?!
Puly hökman däl*, dogramany poçta bn äkidýän bolsalar bolýar :)

* Diňe Mergen üçindir :)))

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

salam ata aga

agam ilki bn salam.examlam bardy.nete girmegi gadagan etdim oz ozume.yazp bilmedm hiczat.dogrma mana goyberibem oturma.izmirde bizem ertir dograma etmekci :)
selbishka sana goyberayerdim welin zenglap baraymasa :)
nahili boljagnam bilemoklay entek.sag oturyn!

howwa bahana

howwa bahana kopda:(
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Waleýkim salam,

Waleýkim salam, jigim!
hawa, Serdar aýtdy üýşmeleň barlygyny Izmirde.
Şu dogramaň zeňleme işinden men hem gorkýan bar-a :) Saňa ugratjak däl-le :)
Işdäňiz açyk bolsun!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata aga aýtýana men, şu

ata aga aýtýana men, şu İzmiriň oglanlary aktiw diýip!
dograma etdiler, futbol turnir geçiripdirler, ýöne menä baryp bilmedim, daş hem däldi welin, ýaltalyk açlykdan güýçli bolaýýada :D
Maru Şahu Jahan

hawa, ilkinji organizasýony

hawa, ilkinji organizasýony hem Izmirli talyplarymyz edipdi giň göwrümli!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

HAWA-la izmir'liler gowja

HAWA-la izmir'liler gowja bolyandir..:)

..

ata wrote:

çynyň bn soraýaňmy?!
"Hawa!" bolsa, onda synanyşaýyn?!

Hawa :)
Soganyny goyman ichine, sogan goysanyz hokman porsar. Yone galanyny biraz guratsanyz, we donduryp, son iberseniz hich zat bolmaz. Garaz, UK'den ibermage rugsat berseler iberin :) Men barden bir zat edip alarynla...Bolmajak boluberse tomojnige-de biraz dadyraymaly bolarda :D

ata wrote:

* Diňe Mergen üçindir :)))

Minnetdar :)

P.S. Etini azyrak goysanyzam ziyani yok, petir'in ozi nama degenok :)
Sogan bilen eti barden taparyn, bu gurbanlyk ulyrak gechdi, 1-nji gezek okuz oldurdimow :D

hany, synanyşaýyn!

hany, synanyşaýyn! Bolaýady-da, enşallah!
Ertirem gelip ýetýär az salymdan :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Mergen, ibermesine-hä

Mergen, ibermesine-hä iberdim welin, haçan barjagyny soramda:"Adaty ýagdaýda 2-3 güne barmaly, ýöne şu kristmas wagty has köpe-de çekip biler, meselem, täze ýyldan soňam baryp biler..." diýdi welin, azyrak keýpem gaçdy. Beren adresiňe iberendirin. Mümkin, 2-3 güne baraýady-da, enşallah! Barlap dursaň iş wagtlary.

Ýöne dogramany doly däl-de, diňeje petir nanyň dogralan görnüşini iberdim. Eger sogany we eti hem garyp iberen bolsam, onda takyk ýagdaýda zeňläp, çüýräp, porsap barardy.

Aýyplaşmarsyň-da şu ýagdaý üçin!

PS: Şol gün UK içinde ilkinji "deliwery"-mizi hem edipdik :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sagjabol ata aga, sogan

Sagjabol ata aga, sogan bilen et'i barde ozum taparyn, petir'in ozi nama degenok :)
Taze yildan sona-da galasy yok, christmas'a chenli entak 9 gun bar, nesip bolsa geler hah diyman :) Yene bir gezek sag bol !

hawa, seňki entägem EU-da,

hawa, seňki entägem EU-da, barmagy gaty ahmal 2-3 güne, enşallah!

men hem minnetdar, jigim!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "adam neresse ölmese her zat görjegöw! :) Ata aga! agşam nahara bir okara un-aş ugratsana :))"

Ey Istanbuldakylar barik hem

Ey Istanbuldakylar barik hem ugratsangyzlang-ow.Men gaty dashda dal Bakuda.
Hemmangizing bayramingizam mubarek bolsun!Allajan tmolympiad'yng agzalaryna uyshup dograma iymegi nesip etsin...

Uzun mesafelere ulaşmak, yakın mesafeleri aşmakla mümkündür
İmam Gazali

shu yerik girsem dograma

shu yerik girsem dograma iyesim gelip gidyarda! USA meng yanymda turkmen yok, tanayan turkmenleriming ing yakyny 8 sagat angarda. Ay, borla, ishalla oye barsam dogramajyk abering diyerinda! 7 ayjyk chydayarys!
Gurbanlyklaryngyz bilen yene-de!
_____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

"Gurbanlyk Bayramy" gowymy,

"Gurbanlyk Bayramy" gowymy, yamanmy jedeline girmek islamok welin,
1nji gün gonşydan et geldi. İçinde bagyr hem bar eken, gowyja edip gowyryp yelmedik öz-a :)

Gurban baýramyny belledik

Gurban baýramyny belledik Londonda türkmen oglanlar bolup. Örän oňat geçdi. Remezandaky agzaçara has köp oglan geldi. Biz 50 töweregi türkmen geler öýdüpdik, ýöne 30 gowrak geläýdiler öýdýän.

Surata düşdik. Men öz el telefonym bn düşürenlerimden 1-2 sanysyny goýaýyn. Professional ýagdaýda Farabide bar, belki, ondan alybam 1-2 surat goýmagym mümkin.

Indi bolsa suratlar:

A- Garabekewül ikimiz başlangyçda dograma başlamyzda:

B- oglanlar bolup, haýdap dogramany has hem gijikdirmejek bolup, soňuna ýetiberemizde. Şu suratda her iki sahypadan aşakda ady geçen agzalar bar:

1- ata;
2- Farabi;
3- Garabekewul;
4- Online;
5- Atçy;
6- Maksat çh;
7- Mirap
we käbir myhman agzalar.

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • unknown 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! ay tuweleme!!"
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "bardede sheydip gurnamali oytyan haa"
  • selbishka 5 telpek goyyar we yazyar: "suratlar uchin"

ay bu gun men yatmayan ,

ay bu gun men yatmayan , seabi dograma gordum:) gowy gechipdir oytyan
ata aga , anem bar angyryngyzda , gurlushuk barmay?
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

hawa, gurluşyk dowam

hawa, gurluşyk dowam edýärdi, ýöne ol ýeri taýýarlyk eden ýerimiz, iýen ýerimiz gowydy-laý :)
suratlar bardyr, alsam goýup bilerin ol ýerem.

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

dograma bar diýilse, Agajan

dograma bar diýilse, Agajan ilki ilen barypdyr öýtýän :);)
Maru Şahu Jahan

kömek etdi-how ol

kömek etdi-how ol :)

aslynda, hawa-laý :))

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ay meni beyledir oytman

ay meni beyledir oytman howww,:(:(
(ay aslynda shu gezekha seylerak howww:):)

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

:):):) oýun etýänlaý

:):):) oýun etýänlaý dost!
sen meň aýdanymy etdiň dämi?! meň ýerimede iýdiň dämi :):)
Maru Şahu Jahan

boýun aldyň gerek

boýun aldyň gerek :)

Iýeniňi görüp bilmedim men-ä gaýtam :)

Özüm welin, hakykatdanam, dograma iýmedim hiç-hili!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata e-mail bilen ugratsana

ata e-mail bilen ugratsana dogramadan galan bolsa:)

o taýdan nädip aljak

o taýdan nädip aljak :))

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

käbir suratlar: 1-

käbir suratlar:

1- Garabekewul paňlan bolup dur :)

2- üýşüp petir nany dogramaga başlamyzda:

3- Ýene Garabekewulyň gomparan bolup oturyşy. Ýanynda baş aşpezimiz Güýç agaň goldawçysy Garly aga dograma dograp ityr :)

4- Baş aşpezimiz, günüň esasy gahrymany:

Arkasynda 20-25 kilolyk sumkany onlarça kilometre geçip, egni çökeňkirleşene meňzäp giden ekeni bir seretsem, soň men aldym welin, men hem ýegşerilip başladym. 3 hepdelik syrkaw halyna garamazdan, Garly aga bn Guýç aga alyp çykdy şu guramaçylygy.

Men bolsa daşyndan hähini ýetirip durypdym diňeje :)

Wiý, goldaw beren ähli agza we myhmanlara şu ýerde minnetdarlygymy bildirýärin!

Goýny/gurbany we başga-da kä zatlary eçilen Mirap-a aýratyn sag bolsun aýdýaryn!

Allah hemmäňizden razy bolsun!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • intizar1315 5 telpek goyyar we yazyar: "men Guych kakam-da :)"

ata aga 4 suratdaky oglan

ata aga 4 suratdaky oglan name paposhyny taze aldymy? yaman chykarman geyipdir welin oyden:)
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

jgp:

selbishka wrote:

ata aga 4 suratdaky oglan name paposhyny taze aldymy? yaman chykarman geyipdir welin oyden

edil ýokarjygynda ýazdym, ahyryn, sebäbini:

Quote:

3 hepdelik syrkaw halyna garamazdan, ... Guýç aga alyp çykdy şu guramaçylygy.

diýip. Onsoň ol papoş geýmän kim geýsin?!

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "bagyshla:)"

dograma iýlen ýer:

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Suratlar üçin Farabi-a,

Suratlar üçin Farabi-a, Garabekewul-e aýratyn minnetdarlyk bildirýärin!

Bir zada gynandym ýene:

Üýşüp düşmändiris şeýle gowy fotoapparat we professional/ussat suratçy barka-da

TM-däki duşuşykda-da şu ýatdan çykdy bar-a

Bardyr-da bularda-da bir(näçe) haýyr.

Ýene birnäçe suratlar:

1- Dograma diýip şuňa aýdylýar :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

dograma iyişlikde anna name etyadi:)

Image Hosted by ImageShack.us

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

işde boldugyň bolýarmy

işde boldugyň bolýarmy ýa futbol seretjek bolup ýörmüdiň :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"