Üýtgeşik häsiýetler

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Şu wagda deňiç köp sanly mowzuklar açyldy. Köp zatlar ara alynyp maslahatlaşyldy.

Indi bolsa, ýene şolarda agzalyp geçilen bir ýagdaý barada öňki goýlan maglumatlardan hem peýdalanyp, giňişräk pikirlerimizi paýlaşaýsak diýýän?!

Bilýänje ähli häsiýetlerimiz, ahlaky aýratynlyklarymyzyň atlaryny we gysgaça düşündirişlerini ýazyp, agzadyr myhmanlar bn paýlaşaýsak!

Sag boluň!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Häsiýetleriň atlary

Gowy tem açypsýň: meni pikire batyrdy, aşakdakylar ýadyma düşen häsiýetleriň atlary:

adamkärçilikli
gybatkeş
jomart
tamakyn
gysyk
asylly
kiçigöwünli
gedem
dogruçyl
ýalançy
geleňsiz
edenli
....

Future starts today.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "telpek!"

erkek-jyns dal mert edermen,

erkek-jyns dal mert edermen, yekesözli, ay obshem mujık da how:)
**********************
ViVa MeRw FoReVeR

-sypayi- guler

-sypayi- guler yuzli(synonim)
-salyhatly- oturanina turanina chenli uns beryan, edepli
-milayim- gurleshmage yakimli, yumshak, suyji sozli...
-chasli- shustri bolyar oytyan, ozum ulanip gormamson bilemok:)
-dilewar- dile cheper
-maksada okgunly- kynchylyklar sebapli maksadindan danmeyan, edenli...
-sada- mekirin antonimi, hich hili hile dushunmeyan we her zada bolshy yali garayan...
-turkana- bu hem sada(synonym), turkmenlerde kop gorulyan hasiyet...
-yukayurekli- merhemetli
-manlaygara-:) edeni onuna bolmayan...
-bagtygara-:) bagtyna yetip bilmedik...
-emelsiz- eline ish gelshmeyan
-yhlasly- mana eye bolan:) hakyky manysy eden ishini dine Alla raziligi uchin edyan, in gowy derejede yerine yetirmane chalishyan...
.
.
_____________________________
cennet cennet dedikleri
bir kaç koşkle, bir kaç huri
isteyene ver onlari
bana seni, gerek seni...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "saňa-da telpek!"

hmmm menem aydyp

hmmm menem aydyp bashlayarynmykam, meng gowy goryan hasiytelem bar , arman mende yok:( yone chalyshyan shon yanak bolmaga :)
1. adam hemishe mylayym, shadyyan , gowni achyk ,
2, iling gowne degmezlik , hatda garshyngdaky erbet yagdaya seni salsada , yugutmak:)
3. hemme zady gechirmek , hemishe gechirimli bolmaly
4. Ulylara siz diyip yuzlenmeli , kichiler bilen mylakatly , ulylary sylamaly
5. Eneng atang diyeninden chykmaly dal , name diysede yuzune gyngyr yuz bilen bakmaly dal. bir diyeni ikinji gezek gaytalatmazlyk.Geljeki yan yoldashyngy ikinji huday hokmunde tagzym etmek.
6. Myhman soymek,
7. Eling achyk , hemishe yetimlere komek etmek , komek sorayyana komek etmek.
8. Ylym , bilem owrenmek ,
9.Iling gybatyny etmezlik, ile goruplik etmezlik!
10. Wagtyngy bosh gechirmeli dal, wagtyngy tygshytly ulanmlay
11. Gich yat , ir tur
12. Gargamaly dal , ony huday bagyshlasyn diymeli ( ing yigrenyan zadym shul) gargylan zat
13. Hudaydan gorkmak, hudaya tagzym etmek , parzyngy berjay etmek!
14.Hemishe arassa bol
15.Adam ynsana yetmez yerini yuzune aytma we yzyndan gybatyny etme.
17, Hich hachan adama sogunme!
18. Allanyng her bir beren gunune, her bir beren nygmatyna shukur etmek!

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

wii ing yigrenyan

wii ing yigrenyan hasiyetlerimi yazmandyryn
1. Adamyng ustundun gulmezlik
2. Adama gowni yetmezlik , gomparmak , owunmek ing yigrenyan zadym shul

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

düzediş:

selbishka wrote:

wii ing yigrenyan hasiyetlerimi yazmandyryn
1. Adamyng ustundun gulmezlik

"gülmek" bolmaly - "gülmezlik" däl :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

1- adamkärçilikli:

1- adamkärçilikli: Ynsanlara hemme taraplaýyn peýdaly. Gözel ahlakly we kämil ynsan. Bu babatda iň oňat mysal:"Pygamberimiz hem syrat tarapdan ýagny, beden gurluşy, hem-de siret ýagny, ahlak, edep-ekram, özüni alyp barşy babatda-da iň bir kämil ynsan bolupdyr. Allah Tagala Onuň bu baradaky dileglerini kabul edip, yslam ahlagyny iň kämil derejede ýaşandygy üçin Ony ymmatyna görelde bolarlyk iň ajaýyp nusga edipdir."
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1309/83013#comment-83013

2- gybatkeş: Eger siz bir adam hakynda bir mejlisde (2 kishi hem bolup biler) kabir zatlar gepleshyan bolsanyz (erbet niyet bn giybatyny etseniz) we shol adam sizin mejlisinizde bolan bolsa hem-de aydan zatlarynyzam dogry bolsa, onda ol giybat bolyar. Yalnysh bolsa welin, hem giybat hem-de tohmet bolyar.
http://www.tmolympiad.org/?q=node/667#comment-6934

3- jomart: "Garshylygynda hich zat isleman, bermani bilyan adam"="Jomart adam" . Köp sadaka berýän. Sadaka - Biribaryn bize beren ryzkyndan yene-de Biribaryn razylygy ucin matac ynsanlara berlen umumy maddy komege aydylyar. Munyn icine "pitre"-de, "zekat" hem giryar. Pitre dine Remezan ayinda berilyar diyip bilyan. Zekat(sadaka) bolsa hemishe islan wagtyn oz ryzkyn mukdaryna we onaylylygyna gora berip bolyar.
Hadys:"Jennet jomartlaryn yurdudyr."
http://www.tmolympiad.org/?q=node/2358
Ýene 1 mysal:

Pygamberimizin jomartlygy:
Kerem we jomartlyk pygamberimizin asyl ayratynlygydy. Esasan-da Oraza aylarynda kerem we jomartlygyna çak yokdy.
Bir gün Resuly Ekrem (saw) öri meydanda otlap yören geçilerini sanayan wagty bir adam gelip birnaçe geçisini bermegini sorady. Resuly Ekrem hem ona ahli sürini beripdi. Ol adam sürini taypasyna elteninde :
– Hemmaniz musulman bolun. Muhammed (saw) şeyle bir jomart welin, garyplykdan hiç hili gorkmayar.- diyipdi.
Resuly Ekrem (saw) ka wagt birinden bir zat satyn alardy, sonra ony yene- -de eyesine sowgat ederdi. Özüne bir zat getirilse, ony yz yanyndan başga adamlara sowgat ederdi. Yanynda bir zat bir gije-de dursa ona gynanar we birahat bolardy.
Resuly Ekremin (saw) gelni Ümmi Seleme (ra) Ejemiz şeyle diyyar:
– Resulullanyn yüzünde bir üytgeşiklik duydum. Sebabini soranymda: “ Düyn alan yedi dinarymy hiç kime berip bilmedip, özümde galdy.”- diyip jogap berdi.
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1309#comment-22162

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

4- tamakin: Her zatdan almak

4- tamakin: Her zatdan almak isleýän, bir zat paýlansa, ilden öň aljak bolýan we bu babatda alňasaýan, has takygy, paýyny hiç gidirmek islemeýän. Meselem:"Gurban baýramynda adat halyna gelen et dagadylyşyndan ol örän tamakindi."

5- gysyk: Jomartyň tersi. Mysal: Baýyň ömri hiç bir haýra ýetmedi.

Şäherde bir baý adam bardy. Bir üýşmeleňde giden märekäniň içinde:”Meniň şäherde 50 sany öýüm, çölde 500 iri şahly malym, bankda 5 milýon dollarym, öýde 5 sany maşynym,..., başga-da birnäçe baýlykdyr mümkinçilik bar!” diýip magtanýardy. Märekäniň içinden bir ynsan örboýuna galyp:
- Eý, pylany! Bize öz şahsy baýlygyňdan söz etme! Şu wagta deňiç halka eden kömegiňden, beren zekatlaryňdan(sadaka) we haýyrlaryňdan söz et! – diýdi. Şonda şol baý adam az salym dymyp durdy-da
- Olary etmäge-de wagt geler! – diýip, gysgajyk jogap berdi.

Kän wagt däl, bary-ýogy bir gün geçensoň, şol baýyň jynazasyna soragy soran adam hem gatnaşypdy. Şonda ynsanlar öz içlerinden:”Diýmek, baý hem bolsa haýra ömri ýetmedi, Biribar oňa bu ýagdaýy rowa görmedi, beýle ýagdaýdan Allahyň Özi bizi uzak tutsyn!” diýip oýa batypdylar.
http://www.tmolympiad.org/?q=node/2381

6- asylly: dürüst. tämiz. Mysal: Hz. Yusup (a.s.) we Hz. Zeýnep:

Bendesi bolan Hz.Yusuba nebsini gandyrmagyny talap eden Hz. Zeýnep, boýun towlan Hz. Yusuba topulypdy, şonda yzyna öwrülip, gaçmaga başlan Hz.Yusubyň köýneginiň arkasyny ýyrtyp galypdy. Netijesinde töhmet atyp, ony ýoldaşy bolan padyşa arkaly zyndana atdyrdy. Soňunda bigünäligi belli bolup, padyşanyň hem wepat etmegi bilen Hz.Zeýnep bilen toý etdiler we şondan soňra Hz.Zeýnep örän asylly, namysly bir zenan bolup, bu babatda zenanlara görelde boldy.
http://www.tmolympiad.org/?q=node/2781

7- kiçigöwünli: pespäl, alçakgöwünli. Mysal: :...sizin bir hasiyetiniz bar hemishe ozunizi bashgalardan pes goryaniz! pespallik gowy zatdyr welin, ozunizi ashak dushurmeli diylen zat yog-a! Bashgalar bilen ozunizi den derejede goysanyz hem yalnysh bolmaz!..."

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

8- gedemsi: gompy. Tumşugy

8- gedemsi: gompy. Tumşugy dik. Mysal:"...Aslynda, bir adam,hakykatdanam, beyik bolsa we görkezyan zatlarynyn hakykysyny hem görkezmage guyji yetyan bolsa, onda ol ozune "men güycli, men bu zadyn ussady!" diymegi gompulyk bolmaz, elbetde, niyete göra, emma, ynsan hiç bir zadyn hakyky eyesi daldir. Diymek, bu yagdayın ynsanda howply bolmagynyn sebabi ynsanyn shol zadyn hakykatda eye daldigidir.
..."
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1880

9- dogruçyl: hemişe hakykaty beýan edýän. emin. ynamdar. Mysal - Hadys: Emin we dogrulykdan ayrylmayan tajirler(sowdagarler) ahyretde (ayatda syraty mustakim=orta yol ashaby diyip gecyan) pygamberler, syddyklar, shehidler we salyhlar bilen birliktedir! (Tirmizi, Buyu-4)
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1309/

10- ýalançy: Iki gepli. Aldawçy. Hilegär. Hadys:"Hemme hatalaryň başy ýalandyr!" Mysal:
"...
Ýalançy bende, miz, sansyz durag bar,
Bilip, ýalgan sözni aýdyjy bolma.
...
Pesihat bilmegil, bilgil nesihat,
Ýalançy sözleri aýdyjy bolma."
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1611/50151#comment-50151

11- geleňsiz: Alada etmeýän, işiň pikirini çekmeýän, sowuk-sala, biagyry, biperwaý. Mysal: Jaý, küme, ýatak, hammam we beýlekileri guranyňda, howly ýeriňi aýawly, tertipli we gelşikli bölüşdir. Çünki, aýawlylyk — göwnüň, tertiplilik — akylyň, gelşiklilik bolsa — kalbyň hajatydyr. Allanyň aýawly, tertipli hem gelşikli guran dünýäsinde geleňsiz, tertipsiz hem betgelşik ýaşamak özüňi kemsitmekdir.
Ruhnamadan

12- edenli: edermen. gaýratly. Mysal:
ŞEÝLE OGUL DOGRAWERIŇ...

- Keýmir aga, kyn görmän, atyňyzdan düşägetdin, haýsymyzyň il derdine ýarajak çyn ogul dogurandygymyzy takyklap beräýseňiz.
- Wah, oň kynçylygy bolmaz, gelinler - diýen Keýmir kör ilki birinji gelniň goltugyndaky çaganyň çekgesine çalýar. Gör-ä, ony, çyrlap beýleki etmeden-ä elli bizar, gaýta. jykyrdap otyr.
- Bu bir binamys. Başarsaňyz, il-güne gep getirjek bu kysmylar üçin agzyňyzam bimaza etmäweriň.
Soňra Keýmir aga ikinji gelniň gujagyndaky bäbegiňem dulugyna berkdirýär. Ol kemiş-kemiş edişine, aglajagyny-beýlekisini bilmän, serimsal halda galýar bir azara.
- Bunyňam, gelin, aý, ýöne bir zat-da. Çöpe-çöre çörňeşip, mal-garaň gapdalynda görnäýmese, bilmedim-ow. Başga bitiren goşy bolaýs-a.

Ondan soň Keýmir aga üçünji körpäňem ýaňagyna ýelmeýär. Oňa namys eden çaga bolsa, gözüniň agyny köpeldişine, içigip-içigip, uly ili bilen zörledip ugraýar.
- Ine, munyň edenli ogul, jan gelin. Gaýratyňyz çatsa, şunuň ýaly ogul dogurjak bolaweriň. Çünki bular gylyjyny ýalap, ýaga garşy durup, il-ulus üçin başyny beribem biler.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

13-) Sabyr – bu ynsana

13-) Sabyr – bu ynsana Biribar tarapyndan örän wajyp zatlar üçin ulanmaga berlen bir aýratynlyk bolmaly. Meselem, günlerden uzak durmaga sabyr, sogaplary hemişelik amal etmek üçin sabyr, nebis we şeýtanyň waswaslaryna ýeňilmezlik üçin sabyr, maşgalaňy ekläp saklamak üçin sabyr, baky jenneti gazanmak we baky jähennemden halas bolmak üçin gerekli sabyr, sapaklaryňdan hem-de işleriňden başarnyk bilen dynmak üçin gerekli sabyr we ş.m. Hernäçe kyn hem bolsalar, olaryň berýän yzasyna daýanmak we halas bolmak üçin sabyr, elbetde, wajyp!
http://www.tmolympiad.org/?q=node/2783/

14-) Toba - Eden säwlikdir günäleriň üçin, Biribardan bagyşlanmagyňy dilemek we şol günä(ler)i gaýdyp etmejekligiňi beýän etmek/söz bermek. Mysal babatda 1 aýat:
"(Ey, menin Resulym, olara) Sheyle diy: Ey, oz nebislerini (guna baryny gazanyp) isrip eden bendelerim! Allanyñ Rehmetinden umudyñyzy kesmäñ! Ol Allah ki, (siziñ eden) hemme gunäleriñizi (yene-de siziñ yhlas bilen toba etmegiñiz sebäpli) bagyshlar! Ol, hakykatdan hem, orän Gafur (hemme gunäleri bagyshlayan) we Rahym (orän merhemetli)dyr."
(Zümer süresi, 53-nji aýat)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

15-) görünjeňlik - Eden

15-) görünjeňlik - Eden zatlarynyn kabirleri tarapyndan gorulmegini we bilinmegini hem-de hormat goyulmagyny islemek bolsa gorunjekligin alamatydyr. Ynsan "riya"(gorunjenlik) bilen amal edende, özünde bolmadyk ayratynlyklar bilen ynsanlara tanadyar diymekdir. Boýy penjira yetmeyanligi üçin, penjiranin beyikligine çenli böküp, görünjek bolar. Yöne bir ynsanyn boýy uzyn bolsa, yagny, hakykatdanam, onda beyik hasiyetler bar bolsa, onda ol özünden ashakda yerleşyan penjireden halky görmek we halka görünmek üçin aşak egiler, bu bolsa onun pespalligini, kiçigöwünlidigini görkezer. Beyle ynsanlar üçin kamillikde kemalyn alamatydyr kiçigöwünlilik. Kiçi ynsanlaryn uly görünjek bolmagy hem kiçilik alamatydyr.

16-) Kanagatly - elindäkä kaýyl bolýan. açgöz bolmadyk. Mysal:
A – Ynsanlaryn in bayi bolmak isleyarin!?
P – Kanagatly bolsan ynsanlaryn in bayi bolarsyn!
"Baýlyk isleseň kanagat ýeter!" sözi hem şuny tassyklaýar.
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1309/

17-) Tämiz - Arassa. Mysal: "...Bilshimiz yaly herkimin oz arassachylyk standartlary bar. Kabirleri beter arassachyl bolup, oyun 1 kunjejiginde kichirak 1 hapa gorse-de "Oyi hapalaman diydima men size" diyip gygyryp yatyr, kabirleri bolsa oyun bar gap-gajy yuvuksyz, sinek uyship giden bolsa-da govni bir yaly aylanyp yor. Edil shular yaly-da, kabirleri ich geyimlerini her gun suva dushenden son chalshyryar(tomus'da zatda gunde 2-3 gezek), kabirleri gurbanlykdan gurbanlyga "gurban shor" bilen onup, eshiginem kellesine gelen wagty, hepde-de 1 ya chalyshyar, ya-da on bilenem onup yor.."
http://www.tmolympiad.org/?q=node/3477/

18-) Yhlas - hakyky manysy eden ishini dine Alla raziligi uchin edyan, in gowy derejede yerine yetirmane chalishyan. Mysal hökmünde 1 hadys:"Ynsanlar helak bolar, alymlar munyn dashynda, alymlaram helak bolar, amal edenleri munyn dashynda, amal eden alymlaram helak bolar, yhlaslylary munyn dashynda. Yhlas bilen amal eden alymlar hem hemishe shol yhlaslaryny yitirmek gorkusy bardyr!"

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

19-) hormat goýmak - sarpa

19-) hormat goýmak - sarpa goýmak, sylag. Beýikligini, ululygyny kabul etmek. tabyn bolmak we ş.m. Mysal: Bilşimiz ýaly, ulylara hormat goýmak – bu biziň dinimizde-de, medeniýetimizde-de, umumy ahlagymyzda-da bar bolan bir ýagdaý bolmaly. Umuman aýtsak, ene-atamyza, başymyzdaky ynsanlara (döwlet edarasyndaky jogapkärler, pygamber wezipesini ýerine ýetiren din alymlary, tebigy bilim alymlary, mugallymdyr terbiýeçilerimiz, bizden uly oglandyr gyz doganlarymyz, ýaşulylar we ş.m.) hormat goýmak barada Kuranda birnäçe aýatlar bar. Meselem, ene-ata hormat barada bir aýatda şeýle diýilýär:
"Rebbin, dine özüne ybadat etmeginizi, ene-atanyza garşy-da özünizi öran onat alyp barmagynyzy takyk yagdayda emretdi. Olardan biri ya-da her ikisi-de senin yanynda garran wagty, (haysam bolsa bir yumuşdyr hayışlary üçin) olara ‘Off’ hem diyme; olara (ezyet edip) yrsarama; ikisine-de (öran) onat (we hoşamay) sözler ayt!" (Isra, 17/23)
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1616#comment-77274

20-)Adalatly - hakykatçyl. dogruny ýalňyşdan aýyrýan. Mysal:
"...Pygamberimizin dilegini Biribar kabul edyar we Hz.Ömer(r.r.) 40-njy musulman bolup Yslamiyeti kabul edyar we kabul eden badyna-da öň cekinip(dykgat edip) yoren musulmanlara hem-de Pygamberimize Kaba baryp arkayin ybadat etmegi teklip edyar, hatda, gidip ybadat hem edyaler gorkman. Shol sebapli ona Pygamberimiz "yalan bn hakykaty ayiran" manysynda "Faruk" adyny beryar, shondan bari hem ona Halife-i Omer Faruk hem diylen eken..."
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1657/

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

soňam dowam ederin-dä,

soňam dowam ederin-dä, enşallah. Sizem ýazyberiň degişli ýazgylary hem ulanyp.
Başdaky ýazgyny-ha düzeden ekeni moderleren biri. Gowam edipdirler, haçan görseň men:"Häzir gitmeli, soň ýazaryn-da..." diýip ýörendirin :) Geregem däl welin, endik halyna gelipdir mende şu.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

1-2-3

- payhasly
- dana
- asylly
- kopigoren
- nejis
- bet
- ikisözli
- merdana
- dommuk
- alçak
- görip
- agras
**** ya ploxoi 4elovek no ya tak xorow v etom ****