Şahyrlarymyzyň, aýdym sözi edip ulanylan goşgylary.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şeýle gowy şahyrlarymyz we olaryň köp sanly gowy goşgylary bar emma täze çykýan aýdymlaryň sözlerinde hiç hili many ýok, munuň sebäbi goşga saz dälde, taýýar(ogrlyk) saza söz düzýändikleri bolaýmasa!
Kompozitorlarymyz saz ogrlamak dälde, goşgylara saz düzmäge synanşsalar gowja netijeler çykarmyka diýýän. Gowy netijeler çykýaram, men häzir aşakda bilýänjelerimi, sözleri bilen ýazjak! siz bilýänleriňizi ýazyp duruň!

Telpekler (6 kisiden 12 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Tahyr2005 2 telpek goyyar we yazyar: "senem daýow öýdýän :P -> hyzmatlaryňa"
  • shetdaly 5 telpek goyyar we yazyar: "bar goyanlarin ucin"
  • mc_merw 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • Hatyja 2 telpek goyyar we yazyar: "ahli goyanlaryn uchin!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy blog"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bolmasa - Magtymguly

Magtymguly

Bu Derdi

Keşt eýledim, gezdim yşkyn dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan,
Gök tigreýip, çeke bilmez bu derdi.

Yşk eser etmese, ýanmaz çyraglar,
Yşka düşse, guşlar eňrär, gurt aglar,
Egiler haýbatly, kuwwatly daglar,
Daşlar erip, çeke bilmez bu derdi.

Kimdir yşkyň ýükün çeken merdana?
Pelek gördi — gorkup düşdi gerdana,
Zemin jünbüş eýläp oldy lerzana,
Çöller-düzler çeke bilmez bu derdi.

Magtymguly, çeksen, derdi-düwünden,
Asy bolup, şikat etme bu günden,
Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öňden,
Peder bize miras goýmuş bu derdi.

Myrat İşangulyýew täze çykaran albomynda aýtýar, ýaman gowy aýdym bolupdyr!

Bu Derdi - Myrat İşangulyýew

___________________________________________________
Bu Derdi - Myrat İşangulyýew

___________________________________________________

Kerem İslärin - Magtymguly

Magtymguly

Kerem İslärin

Owal başda, kadyr alla,
Senden bir kerem islärin.
Badam gabak, alma ýaňak,
Bir zyba senem islärin.

Taňry bermese nädäli?
Baş alyp, nirä gideli?
Oturyp-turşy edaly,
Gaşlary galam islärin.

Özüne hormat getiren,
Äriniň hyzmatyn bitiren,
Gaşyny çytman oturan,
Gözleri gülen islärin.

Pyragy, geldim jahana,
Bir ýar bergil akly-dana,
Duşdum üm bilmez nadana,
Bir gadrym bilen islärin.

Nurmuhammet Meredow aýtýar.

Mollanepes Ner

Mollanepes

Ner Gezgin

Köňlüm, saňa nesihat, gezseň serbeser gszgin,
Tany dosty-duşmanyň, öýňe bahabar gezgin,
Ganym bilen garjaşsaň, daýym muşty-per gezgin,
Gezseň dünýä ýüzünde, dowam täze-ter gezgin,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,
Birisine gep berip, ol birins al berme,
Owwal adamdan gaçma, gaçsaň, asla el berme,
«Jan aga, özüň bil» diýp, hor näkese ýalbarma,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Nepes, hiç bir kem durma deňi-duşu, dost-ýardan,
Pul tapmasaň, göterme näkes bilen süthordan,
Her diläňde, gam basar, köňlüň dolar gubardan,
Dogmaz togsan dört ýylda, bogaz bolsa är-ärden,
Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin.

Annageldi Jumaýew aýtýar.

_____________________________

___________________________________________________
Ner Gezgin - Annageldi Jumaýew

___________________________________________________

Kemine Zülpüň Ajdarha dek

Kemine

Zülpüň

Ajdarha dek ýassanyp, genji-nahana zülpüň,
Meşhury-älem olmuş, pany jahana zülpüň,
Görkezmedi gül ýüzüň, bag Ispihana zülpüň,
Äleme anbar saçar, degende şana zülpüň,
Neýleý ki ot salypdyr men natuwana zülpüň.

Haý-haý, seniň ýerişin arslana, şire ogşar,
Ala-ala gözleriň janymny iýre ogşar,
Halka-halka zülpleriň kemende-dara ogşar,
Örum-örüm saçlaryň owsunçy mara ogşar.
Her tary başga-başga, ot saldy jana zülpüň.

Dürli-durli iýmişiň tapylmaz her agaçda,
Bäh, ne katdy-kamatyň, salaýy boýda, başda,...
Ýöräp-ýöräp ýetişsem, tarypyň eşde-eşde,
Darap-darap goýberseň, ýüzüňden puşda-puşda,
Yhlas edip öreli, getir bu ýana zülpüň.

Hup açylmyş gulleriň, güllerden özge bolsun,
Sözle, şirin tilleriň, tillerden özge bolsun,
Guçam näzik billeriň, billerden özge bolsun,.
Biziň gutan işimiz illerden özge bolsun,
Akyzyp eşki-ganym aby-rowana zülpüň.

Gel, gidäli, Kemine, seýli-çemen isteseň,
Läle-reýhan açylgan ter enjimen istesei,
Lagly-göwher dakynyp, durri-emen isteseň,
Zülpün her bir taryna ýüz müň tümen istesen ,
Nagt bersýin puluňny bir-birden sana zülpüň.

Kerim Gurbanalyýew aýtýar.

Diliň Derdinden - Kemine

Kemine

Diliň Derdinden

Aşygam, saklana bilmen,
Saýraýan diliň derdinden;
Bilbilem, uklaýa bilmen,
Gyrmyzy gülüň derdinden.

Sen Şasenem, men şasuwar,
Garybyň men, kyl istiwar,
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda balyň derdinden.

Ýaraşsyn ýagy illeriň,
Açylsyn batyl ýollaryň,
Näzikdir inçe billeriň,
Sallanan goluň derdinden.

Ýagşyny ýasan ussalar,
Pähm etmez akly gysgalar,
Galar gadymky nusgalar,
Hünärli goluň derdinden.

Armanam — öpüp, guçmadym,
Goluňdan şerap içmedim,
Ölinçäm sana geçmedim,
Bir ýyrtyk juluň derdinden.

Çagyrsam, asyl gelmer sen,
Gelseň-de, oýnap-gülmer sen,
Ne boldy, habar almar sen, .
Kemine guluň derdinden!

Akmuhammet Saparow aýdýar.

Araňyzda - Azady

Azady

Araňyzda

Gara gözli, gaşy keman,
Ezizim ýok araňyzda.
Uz owadan, sahypjemal,
Ezizim ýok araňyzda.

Gyzlar ýygnandy jem bolup,
Girýan aglar men gam bolup,
Söwdügim, sen bir kem bolup,
Ezizim ýok araňyzda.

Siz bir maral, ol bir sona,
Gaýta örtediňiz ýene,
Salamym ýetiriň şoňa,
Ezizim ýok araňyzda.

Ýar-ýar diýip saýran diller,
Ýar bagynda gunça güller,
Kaddy şemşat, inçe biller,
Ezizim ýok araňyzda.

Döwletmämmet ýara bende,
Jepasyn çekdim her günde,
Soraglap gelip men munda,
Ezizim ýok araňyzda.

Baýram Taganow aýdýar.

Araňyzda - Baýram Taganow

___________________________________________________
Ezizim ýok araňyzda - Baýram Taganow

___________________________________________________

Haýrana Galar - Mollanepes

Mollanepes

Haýrana Galar

Bag içine ýar sallanyp girende,
Bilbiller saýramaz, haýrana galar,
Keşt edip, serçemen üzre ýörende,
Ganatdan aýrylar, perwana galar.

Aý nurdan aýrylar, gün gökden uçup,
Ýyldyzlar kararsyz çar tarap göçüp,
Saky meý getirer, erenler içip,
Olar ah çekerler, zamana galar.

Şalar ýatabilmez, arzuwda gezer,
Öli balyk görse, jan berer, ýüzer,
Goly bagly gullar zynjyryn üzer,
Söýlemez ýüz düşse, diwana galar.

Gülüp baksa, ol garrylar batlanyp,
Öten günler, ýigit çaglar ýatlanyp,
Gök otlar saralyp, daraht otlanyp,
Asman jünbüş eýläp, lerzana galar.

Nepes, tarypladyň ýaryň jemalyn
Ýel degip, göterdi ýüzde desmalyn,
Hak bermiş ozalda oňa ykbalyň,
Şalar görsem diýip, armana galar.

Atabaý Çargulyýew pop görnüşde, Medenýet Şahberdiýewa we Annagül Annagulyýewa opera görnüşinde aýdýarlar.

"Hayrana galar"

menin halayan aydymlarymyn biri. Artistin kimdigini ozuma bilemok, son belli bolanda hokman yazaryn.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Meniňem iň gowy görýän aýdymym! Atabaýça bolmasada, erbet däl, esasy sözleri we sazy gowy!"

Mende şu aýdymçyň

Mende şu aýdymçyň albomy bar, köne gowy aýdymlar aýtýa! 11 sany köne aýdym we käbir gowy sazlardan ybarat albom. Ýöne artistiň kimdigini bilemok, artisti bilsem sahypa goýmakçy. Bilýän ýekeje zadym aýdymçy Moskwadamyşyn
.


Maru Şahu Jahan

diýmek sende bar-da ol

diýmek sende bar-da ol albom..menem şondan alyp goýdumda. Moskwada diýdiler hawa.
disk goçurilip alnan bolansoň hiç hili ýazgy zat ýok eken.

aýly gije aýdymam bar olaryň içinde, olam köne aýdymlardan iň gowysy "seniň sapan uçin, seniň wepan uçin, ölsem etmen arman.."

Serdar gaty gowy pikir

Serdar gaty gowy pikir welin, sen ýanyna aýdymlaryňam linklerini goýmaly ekeniň. Bar bolsa inetde, goýsana!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

siz söz ýazyň, menem

siz söz ýazyň, menem aýdymyny tapyp goýaýyn :)) gowy teklip mi!

boş wagt tapsam internete salyp link goýuşdyraryn ;)

Saýadyň - "Saýatly Hemra" Dessanyndan

"Saýatly Hemra" Dessanyndan

Saýadyň

Garyp olup, gam öýünde galmyşam,
Bize çoh-çoh bolar ady Saýadyň;
Galat eýläp, bu ülkeýe gelmişem,
Ýandyrdy janymny gülip Saýadyň.

Tarlan alyp bile seýle çykanda,
Dolup gözden ganly ýaşym dökende,
Laçyn salyp, tebli-bazyn kakanda,
Awlagy, çeşmesi, köli Saýadyň.

Pikir eýläp, köňlüm gitdi gümana,
Ýar hanjary bu gün ýetişdi jana,
Meni kowmak üçin eýläp bahana,
Üstümizden düşdi ýoly Saýadyň.

Mämmet şanyň gyzy özün mest eýlär,
Gamzalary jan almana kast eýlär.
Bizi duşman bilip, kimi dost eýlär,
Men bilmenem ýegdir ili Saýadyň.

Bakjasynda alma ola, nar ola,
Men bilmenem şejerlerde bar ola,
Biz gidende özge bile ýar ola,
Hemranyň keç bagty — goly Saýadyň.

Şatlyk Allaberdiýew,İlýas Paşa we Alty bn. KuBa aýdýarlar

Garybym - "Şasenem - Garyp" Dessanyndan

"Şasenem - Garyp" Dessanyndan

Garybym

Hoş geldiň, Garybym; sapa gelip sen,
Gutly bolsun menzil-mekan, Garybym,
Söhbet et, rakyplar duýmazdan burun,
Ganymatdyr hemin zaman Garybym.

Gorkunjym köp, şum rakyplar duýarlar,
Duýsa, seni gyrmyz gana boýarlar,
Seni öldürerler, meni goýarlar,
Bu zamanlar niçik zaman, Garybym.

Saňa peýwestedir jany-jahanym,
Sen-sen täji-serim, ruhy-rowanym.
Saňa pida bolsun bu şirin janym,
Ýoluňda gurbandyr bu jan Garybym,

Wehim etme, Şasenem gaýry bolar diýip,
Bir namardyň terhosyny alar diýp,
Sen ölensoň, gaýry bilen bolar diýp,
Getirme köňlüňe güman, Garybym.

Şasenem diýr, dünýe barym seniňdir,
Ýowuz günüm, namys-arym seniňdir,
Göwsümdäki goşa narym seniňdir,
Synam saňa tagty rowan, Garybym.

Sahydursun Garajaýewa aýdýar. Başgada aýtýanlar bolmaly, ýöne ýadyma düşenok!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • mc_merw 1 telpek goyyar we yazyar: "Şuny Hajy daş edip aýtýa"

Garybym - Hajy Ýazmammedow

Myrat agaň islegi boýunça :)
___________________________________________________
Garybym - Hajy Ýazmammedow

___________________________________________________

Seni söýdüm - Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow

Seni Söýdüm

Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Öz ýeňles gylygma gazaply boldym
Öz durmuş ornyma indi düşünýän.

Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň

Kim men? jogap tapman şu günlere çen
Seni söýüp kimdigimi bildim men
Ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
Diýdim “Ejiz bu dünýäni söýmmedik”

Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok
Ejizlik bar dünýäde.

Nury Hudaýgulyýew aýdýar.

Razy Men Bu Dünýäden - Gurbannazar Ezizow

Gurbannazar Ezizow

Razy Men Bu dünýäden

Razy men bu dünýäden
Ömür boýy pikir edip
Diýjek sözum diýip gitsem
Watan duzun doly haklap
Beren duzyn iýip gitsem

Razy men bu dünýäden
Üşän wagty ojar bolup
Dostum üçin köyüp gitsem
Müň gözeli gowy görüp
Bir gözeli söyüp gitsem

Razy men bu dünýäden
Yamanlara diken bolup
Yüreklerine batyp gitsem
Al gül bolup ýagşylaryň
Toýlaryny tutup gitsem

Razy men bu dünýäden
Ajal bilen dikleşemde
Aglap dälde gülüp gitsem
Bu dünýäde artyk bolman
Kem boljagymy bilip gitsem

Akmuhammet Saparow we Annageldi Jumaýew aýdýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • tarymlah 1 telpek goyyar we yazyar: "no comment!!!"

Gurbannazaryn goshgular

Gurbannazaryn goshgular yigyndysynyn icinde yok bu goshgy..Hayran galaymaly..
nireden tapyan bu goshgulary?
sen bir dahisin :)

Hoş sözleri aýdyň birek-birege - Saparmyrat Niýazow

Saparmyrat Niýazow

Hoş sözleri aýdyň birek-birege

Hoş sözlerde näçe gudrat-ýakym bar!
Dary ýaly sözde dag deý akyl bar,
Goý, bu dünýä hazynaňy, akyldar,
Hoş gelersiň hudaýa-da, ile-de,
Hoş sözleri aýtsaň birek-birege.

Söz ýürekden çyksa, jöwher ýaly bor,
Jan-jigerden eziz, nurdan doly bor,
Allanyň hikmeti, Arşyň haaly bor,
Kalbyňyz gujagyn açsyn didede,
Hoş sözleri aýdyň birek-birege.

Doýma ýokdur janan sözüň dadyndan,
Adam ogly uçar göwün şadyndan,
Dünýe ýaz bor ýeke sözüň odundan,
Buz sözlere orun goýman arada
Ýaz sözleri aýdyň birek-birege.

Adam ogly jümle-jahan şasydyr,
Bir söz — toýdur, bir söz günüň ýas eder,
Dana sözler doga bilen bäs eder,
Kalbyňyzy dünýä ýaly giňede,
Nur sözleri aýdyň birek-birege.

Jümle ýyldyrymlap döner çyraga,
Göwnüň joşup atlanarsyň byraga,
Hoş zyban beripsiň Saparmyrada,
Dosty dogan ede, ili il ede,
Hoş sözleri aýdyň birek-birege!

Nury Hudaýgulyýew aýdýar.

Duran Ýerlere - "Zöhre - Tahyr" Dessanyndan

"Zöhre - Tahyr" Dessanyndan

Duran Ýerlere

Şükür indi, ýar mekany göründi,
Gözüm düşdi ýarym ýören ýerlere.
Ýaryň bagy, gülüstany göründi,
Gözüm düşdi sonam duran ýerlere.

Babahan jebrinden nalalar çekip,
Gara gözden ýaşyn dür kimin döküp,
Ýaryndan aýrylyp, her ýana bakyp,
Gözüm düşdi sonam gezen ýerlere.

Köşgünde «ýar!» diýip, zaryn aglagan,
Yşk oduna jiger-bagryn daglagan,
Şu sebäpli pelek bagtym baglagan,
Gözüm düşdi ýarym duran ýerlere.

Ýar onda mysapyr, men ýara bende,
Gözlerim kör bolsun hijran şebinde,
Tahyry uzadyp derýa lebinde,
Gözüm düşdi ýarym duran ýerlere.

Annaberdi Atdanow, Atabaý Çargulyýew we Annuş Myratdurdyýew aýdýarlar.

Sen Ýetir - "Görogly" Eposyndan

"Görogly" Eposyndan

Sen Ýetir

Çölde galsam gurt-guş gonar läşime,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir.
Çöl ýerlerde suwsuzlykda galmyşam,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir.

Gyrat, aýak galdyr nalyň kakaýyn,
Dyzdan aşagyňa hyna ýakaýyn,
Agşam iýmiň berip, ertir bakaýyn,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir.

Çandybile az galypmy aramyz,
Hakyň takdyryna nedir çärämiz,
On sekiz ýerimden düşdý ýaramyz,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir.

Ýyndam ýöräp, pirim, maňa ýetewer,
Ýetip, ýaramyza melhem edewer,
Goldaýyban, Göroglyny eltewer,
Gyrat, meni Çandybilte sen ýetir.

Annaberdi Atdanow aýdýar.

Arabyň Gyzy - "Görogly" Eposyndan

"Görogly" Eposyndan

Arabyň Gyzy

Kybladan sallanyp geldi mestana,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.
Jemalyn görenler boldy diwana,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.

Aşyk ähli onuň arzuwyn çeker,
Lebi bal, gül çehre, dodagy şeker,
Görki-gün, şuglasy älemi ýakar,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.

Aryp bolsaň, habar algyn sözünden,
Bakdygyňça, gözüň doýmaz gözünden,
Aşyk bolan bähre alar ýüzünden,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.

Dokuz köýnegi bar, göwsi düwmeli,
Atasyny görüp, gyzyn öwmeli,
Gözeller içinde saýlap söýmeli,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.

Ýene döwran geldi biziň bu baga,
Ol Zylyha bolsa, sen Ýusup, aga,
Biziň gözel ähli şoňa sadaga,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.

Görogly beg ar üstünde söweşer,
Burma tar-tar saçy topugna düşer,
Ýuka dodaklary balmydyr-şeker,
Aga jan, Arabyň gyzyn bereýin.

Atabaý Çargulyýew aýdýar.

Gözleriň - Nobatniýaz Saýyly

Nobatniýaz Saýyly

Gözleriň

Pynhan-pynhan aldy janym,
Seniň gözleriň-gözleriň;
Tyg urmaýyn dökdi ganym,
Seniň gözleriň-gezleriň.

Seniň gözleriň aladyr,
Meniň janymny aladyr,
Agzyň altyn pyýaladyr,
Seniň gözleriň-gözleriň.

Akar suwy aýlandyran,
Dury suwy bulandyran,
Gapy-gapy elendiren,
Seniň gözleriň-gözleriň.

Barmagyň gamyşa meňzär,
Dyrnagyň kümüşe meňzär,
Oturşyň, torguşa meňzär,
Seniň gözleriň-gözleriň.

Pidaýynyň ganyn içdi,
Galanyň meýdana saçdy,
Bu janymdan parran geçdi,
Seniň gözleri-gözleriň.

Atabaý Çargulyýew aýdýar.

Näme Sen - Magtymguly

Magtymguly

Näme Sen

Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrumy sen, bilbilmi sen, näme sen?
Gamgyn köňlüm hyÝalyňda aldaram,
Bag nçinde gul-gulmi sen, näme sen?

Ýa müşkmi sen Ýa kokunar anbarmy,
Aýda bilmen, Ýa çarhmy sen, çenbermiň,
Ýa derÝamyň, Ýa möwçmi sen, lenbermiň,
Ýa çyragmyň, Ýa röwşenmiň, näme sen?

Altynmy sen, kümüşmi sen zermi sen,
Ýa arşmy sen, Ýa kürsmi sen, ýermi sen,
Ýa Ýakutmyň, Ýa merjenmiň, dürmi sen,
Ýa çyragmyň, Ýa röwşenmiň, näme sen?

Magtymguly, geç namysdan, aryňdan,
El getergil bu wepasyz käriňden,
Jahan doly, sen gapyl sen Ýaryňdan,
Ýa mestmi sen, Ýa şeýdamyň, näme sen?

Maýa Kuliýewa, Güljän Hümmedowa, Annagül Annagulyýewa we Pälwan Halmyradow aýdýarlar.

Näme Sen! - Maýa Kulýewa


Näme Sen! - Maýa Kulýewa


Maru Şahu Jahan

Ärsarynyň Gyzy - Kemine

Kemine

Ärsarynyň Gyzy

Ýarym diýip ýola çyksam
Ýollar Ärsarynyñ gyzy,
Jeren gözläp çöle çyksam
Çöller Ärsarynyñ gyzy.

Ýerde ýatmaz ýazyñ güli
Saýrayýr bagyñ bilbili,
Men islemen özge güli
Güller Ärsarynyñ gyzy.

Kemine bir dessan ýazar
Kimler dadar, kimler doýar,
Ýüregimde daglar goýar
Çöller Ärsarynyñ gyzy.

Çary Hekimow aýdýar.

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • Gezende 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • LEBABYM 1 telpek goyyar we yazyar: "sagja bol!!! şu aydymy tapman yördüm."

Bady Sabany Görsem - Magtymguly

Magtymguly

Bady Sabany Görsem

Dehistanyň baýrynda
Bady-sabany görsem.
Bahaweddin Mirkulal,
Zeňňi Babany görsem.

Nagleýni arşa täçdir,
Ady äleme paçdyr,
İki jahan mätäçdir,
Arap zybany görsem.

Gelen geçer çaşt edip,
Eglenmez güzeşt edip,
Köňül aýdar keşt edip,
Älem-jahany görsem.

Hezyr kimin çöllerde,
Ylýas kimin köllerde,
Kowus kimin daglarda,
Ýagşy-ýamany görsem.

Ýokarda Hindistany,
Arkada Türküstany,
Öwlüýäler ummany
Ol Rumystany görsem.

Jan pany, jahab şeýda,
Mundan hiç ýokdur peýda,
Ýedi dag, ýedi derýa, –
Däli dünýäni görsem.

Magtymguly hoş bolsa,
Aksa didäm, ýaş bolsa,
Imanym ýoldaş bolsa,
Barsam, Käbäni görsem.

Atabaý Çargulyýew aýtýar we Mäne Garaýew dutarda aýtýar.

Döke Başlady - Magtymguly

Magtymguly

Döke Başlady

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler gözýaşyn döke başlady.
Orramsydan bolan haramhor begler
Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady.

Jemagatsyz azan bir gury sesdir,
Niçe mollañ okan ylmy hebesdir,
Kazylaryñ käri çilimdir, nasdyr,
Para görse, dyza çöke başlady.

Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar,
“Öwlüýä men” diýip jögi sopular,
Gygyryp, asmana böke başlady.

Çykar beýebana gyzy, gelini,
Ak ýüzüne ýapar gara telini,
Kemçinlik eýleýip, ýygan puluny
Düzedip üstüne daka başlady.

Dünýäde süýthoruñ pul ýygma derdi,
Baýlaryñ mallary bizekat erdi,
Toba ediñ, gözüm bir ýaman gördi,
Dost dostuñ öýüni ýyka başlady.

Magtymguly, başa baglap selleler,
Aç böri deý ýortup niçe mollalar,
Halaldan, haramdan ýygnap gallalar,
Herne tapsa, dynmaý dyka başlady.

Akmuhammet Saparow aýtýar.

Aglar Men - Magtymguly

Magtymguly

Aglar Men

Eý ýaranlar ömrümden
Geçdi diýip aglar men
Gitdi aklym ornundan
Çaşdy diýip aglar men

Giden dönmez ýolundan
Düşmez ýaman pälinden
Diýanat halkyň elinden
Uçdy diýip aglar men

Häzir biziň zamanda
Ýaman sözler zybanda
Ýaman işler jahanda
Joşdy diýip aglar men

Niçe sada deň-duşlar
Şeýtan bilen başlar
Ýüz öwürip gardaşdan
Gaçdy diýip aglar men

Magtymguly, diýr merde
Dünýä bentdir, sen perde
Bu başym sansyz derde
Düşdi diýip aglar men

Atabaýa Çargulyýew, Akmuhammet Saparow we Annageldi Jumaýew aýtýarlar.
Annageldi Akyşyň stilinde aýtýar. Atabaý üýtgeşik stilde aýtýar. Ýöne üçüsiniňem aýdyşy gaty gowy.

bagyshlanng goshgy dal okangyzda goni aydym bolyar:)

sozi italmaz nuriyew
yerine yetiryar: annaberdi atdan, gurban gumman
“DILLEN LÄLÄM”

AÇDYM SAÑA OO ÝÜREGIMI

ÇEMEN BERDIM GÜLDEN LÄLÄM

OÝLANMA OO DIÝDIÑ GITDIÑ

TUTDYRMAN AK GOLDAN LÄLÄM

ONDAN BÄRI OO AÝLAR GEÇDI,

EÝÝÄM ARA ÝYLLAR DÜŞDI

AŞYK GÖZLEM KÄN GARAŞDY OO

GEÇMEDIÑ HIÇ ÝOLDAN LÄLÄM

AAAAAAÝ SENSIZ GAMGYN GEÇÝÄR WAGTYM,

BAŞYN EGÝÄR GÜL DARAGTYM,

HEÝ HEÝ HEÝ HEÝ HEÝ HEÝ GÜL DARAGTYM,

IRDE GIÇDE OO MENIÑ BAGTYM

AÇYLARMY OO DILLEN LÄLÄM

IRDE GIÇDE OO MENIÑ BAGTYM

AÇYLARMY OO DILLEN LÄLÄM

AÇYLARMY DILLEN LÄLÄM

AÇYLARMY OO DILLEN LÄLÄM

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "sag bol"
  • metamorphic 1 telpek goyyar we yazyar: "Minnet DAAAAARRR OOOO"

aslymaryly! Marylylygyň

aslymaryly! Marylylygyň belli bolýarow! Gurban Gummanowy nädip tanaýaňaý :)) gowy bagşy, ýöne kän tanalanokda!

al bulam menden saňa, sesli görnüşi :)
______________________________________________
Dillen Läläm - Gurban Gummanow

______________________________________________

italmaz nuriyew meng babam,

italmaz nuriyew meng babam, gurban gumman hem babamyng yakyn doslaryndan biri bolan, onsong radioda bir wagtlar shu adam aydym aydanda ejem dagydan her sapar sorayardym adyny, kyn gelyardi adyny yat tutmak, inda-ha omurem yatdan chykmazla:)
***********************
ViVa MeRw FoReVeR

Babaňyň başga da aýdym

Babaňyň başga da aýdym sözleri barmy?!!

gitme sen diyip yenede bir

gitme sen diyip yenede bir aydymyny gurban gumman aytyardy,
gitme mening goz onumden,
hakydamdan howw gitme senn,,
ay men yaly yalta yokdyr, shu goshgylary yat tutaymadymda..

shul aydimlary gozleyan

shul aydimlary gozleyan men..kimde bar bolsa?!
ceriumokside sende yokmay?

1)))
gitme menin goz-onumden
gulup mana gitme, gel!

2)))
bilbil name bu gun zaryn sayrayar,
ya-da ol hem garashyarmy yaryna?
yaynayan men bagda, bilbil sayrayar,
yar gelmezmi yzlap soygi jayini?

2.nji aydimi Nury Hudayguly aydya, yone zapislerinde yok name ucindir?
1.nji aydimy kim aydyanyny bilemok..

1. tanap bilmedim welin 2.

1. tanap bilmedim welin
2. diýäniň şu aşakdaky aýdyma däldirdä!

bilbil bagda wasp edende bahary
ýene meniň köne derdim gozgady
bilbil bolup saýramaly çagymda
bägülimi hazan urdy bagyňda.


Maru Şahu Jahan

yok o dal.bashga senden onem

yok o dal.bashga
senden onem sorapdym yadyna dushyan bolsa.
tapyp bilmandik..

Çeşme Annamyradowa -

Çeşme Annamyradowa - Bilbil Saýraýar
.


Maru Şahu Jahan

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • loverman 1 telpek goyyar we yazyar: "Sagja bol.."

OO bularyn namay? ya aydim

OO bularyn namay?
ya aydim edip aydyshynmy shol :)

Annasoltan Kekilovanın goşgusı

GÖZLEDIM SENI
Bahar güller açanda,
Saýrap, guşlar uçanda,
Güneş nurun saçanda,
Janym, gözledim seni.
Ýodalardan, ýollardan,
Uzak-uzak illerden,
Gülälekli gollardan,
Gülüm, gözledim seni.
Bakdym belent daglara,
Serçemenli baglara,
- Gel, läläm, gara maña! –
Diýip, yzladym seni.
Ýürek aglar gün-günden,
Aý gyz, gizlenme menden.
Gara gözleñ içinden
Saýlap gözledim seni

Nurmuhammet Meredov aydyar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Mahri Annageldiyewnyn aydyşam gowy"

ceiumoxide senem telpejik

ceiumoxide senem telpejik beray:) yada aydymy goyay:)

Gözledim Seni -



Gözledim Seni - Nurmuhammet Meredow



Maru Şahu Jahan

Kerim Gurbannepesovyn Goşgusı

Yatlamadan

Görmekçidim bagtymy
Gyş günüdi.Guşlykdy
Gyşda söyging wagtymy
Ah yaşlykdy yaşlykdy

Ne gyş guyzi bilyar ol
Ne gündizi bilyar ol
Dinge gyzy bilyar ol
Giden göwni hoşlykdy

Saldyng başa na gün gyz
Nira baryan sagin gyz
Bagül gabak,bagül gyz
Göz ümledi daş çykdy

Ene gyngyr bakmady
Myhman diyip çaklady
-Yumurtganyz yokmydy
-Wah,ketegmiz boş çykdy

Çyn aşykdym hoçjettim
Şol gyz diyip otçekdim
Yumurtgany natçekdin
Jubunema boşlykdy

<> diyip eglendim
Yoklygyna begendim
Bir garypja oglandym
Bar baylygym yaşlykdy

Diydim:< Gelayern yenede>>
Öyden çykdym.Kümede
Gara gözler gaş kakdy

Hatym berdim geregme
Aram girdi yuregme
Agşam iyjek çoregmem
Peşgeş berdim,açlykdy

Nan-in uly sowgatdy
Tutdyrmazak tez atdy
Gije geçdi dan atdy
Şol –in belent buşlykdy

Çykmalydyk kenara
Geldi menzap çynara
Nam boldyka yanwara
Tokaylykdan gün çykdy

Görejine garadym
Alyn saçyn daradym
....Üç ay geçdi aradan
Gyzyn yeri boş çykdy

...Şahyr sesin kes indi
Söndi otly kesindi
Yanrap yörme bes indi
Agtygyna diş çykdy

Akış Saparov aydyar

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • tarymlah 1 telpek goyyar we yazyar: "kerim agan goshgysydyr oytmandim! Berekella!"
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "sog bol"

Bägül gyz - Akmuhammet



Bägül gyz - Akmuhammet Saparow



Maru Şahu Jahan

manglayyngda bar gasyn sen

manglayyngda bar gasyn
sen garrama ejejan
dunya dursyn dur adyng
sen garrama ejejan

besdir daglang garrany
besdir baglang garrany
garrasak biz garraly,
sen garrama ejejan..

ejejan jan ejem sen garrama ejejan
ejejan jan ejem hich garrama ejejan

garshylasyn goja dag
garshylsyn goja bag
bolup biza arkadag
sen garrama ejejan

besdir daglang garrany
besdir baglang garrany
garrasak biz garraly,
sen garrama ejejan..

dillermizde sena sen
perzentleringe pena sen
mengzesesengde ena sen
yok garrama ejejan

besdir daglang garrany
besdir baglang garrany
garrasak biz garraly,
sen garrama ejejan..
hayyshyng uchin:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

annushyng bir aydymy

shyk boldym bir obada nazenin bir gözele
gosgy düzüp aydym aydyp sol nazenin gözele
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok

geçen toyda garsylasdym düsünmeding goz bilen
hat yazyaryn aydabilman soyyen diyen soz bilen
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok

sorap gezdim sneing adyng adyng Maya diydiler
belki bolar sening bagtyng synansyp gör diydiler
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok

asyk oglan gutaryaryn gosgy gazal sazymy
belki olam soyer meni esdip yürek zarymy
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok
iberyarin günde haty jogabyny alamok
çagyryaryn günde seni sen name üçin gelengok

Akyshyng aydymyndan

agşamky gören düşüm
ay gyz sen günakar
akdyrdym gözden yaşym
ay gyz sen günakar

gelerın diyding gelmeding
ay gyz sen günakar
yazan hatlarym almadyng
ay gyz sen günakar

gijeler yeke özüm
ay gyz sen günakar
aglap aglap hat yazdym
ay gyz sen günakar

barabılmerın yanynga
ay gyz sen günakar
sanga gazallar yazdym
ay gyz sen günakar

manga çekdırdıng jebrı
senem çekersıng
ol gülen gözlerıngden
yaşlar dökersıng

dözebılman yşk jebrıne
akdyrdyng yaşyng
her daman damjasyna
özung gunakar

kadyr yandy kül boldy
ay gyz sen günakar
bagyndaky gülı soldy
ay gyz sen günakar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

bayram tagandan

Ay güne şohle saçyp
Sülmürap gelyang Jennet
ak pamyk dey göwnüm açyp
Yylgyryp gelyang Jennet

ay Jennet boy Jennet
sülmürap gelyang Jennet
ay Jennet boy Jennet
Yylgyryp gelyang Jennet

çay içsem ak golyngdan
aylansm sag-u-solyngdan
Aşgabadyng şa yolyndan
Sülmürap gelyang Jennet

Tarypyng esem buşlap
hür gyzadn daşyng daşlap
Süyem barmagyng dişlap
sülmürap gelyang Jennet

gyzlardan özüng saylap
Şar gara saçyng oynap
Aydmyçyng başyn aylap
yylgyryp gelyang Jennet
**********************
ViVa MeRw FoReVeR

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

İKİ AGAÇ Agaç agaja

İKİ AGAÇ

Agaç agaja bakar,
Arasyndan suw akar.
Akar üçin parhy yok, -
İkisinem den yakar.

İkisi-de den öser,
Başyn sypap yel öser,
Daş – töwerek guwanar :
‘Ösüşleri ne yeser!’

Akar akar-da gider.
Baryp bir teşna yeter.
‘haysy kenar gowy?’ diyp,
Agaçlar pikir eder.

Örüsü yayrap gepin,
Wagtyny alar köpün,
Çep kenar saga zardyr,
Sagam zarydyr çepin.

Olar miwe getirer,
Emma gamly oturar,
‘On kenary gowy!’ diyp,
Aglar, ömrün ötürer.

Gurbannazar Ezizow

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Kerim aganyn aydim goshgulary

Daglar

Garrygala myhman barsan
Gujagyny geren daglar.
Sonudagy, Chendir, Hasar
Mun hasraty goren daglar.

Kellesine ak don geyip,
Arkasyna gok don geyip,
‘Salam!’ diysem ‘Salam!’
diyip
Jogabymy beren daglar.

Her kemerin her bir yoly
Mun asyryn omur yoly.
Magtymgulyn shygry yali
Kokun yere uran daglar.

Gatbar – gatbar dashynyz bar,
Galkan – galkan doshuniz bar,
Bilmen, nije yashynyz bar,
Dunye dorap duran daglar.

Dashynyzdan aylanayin,
Dashynyzdan aylanayin,
Bashynyzdan aylanayin,
Pyragyny goren daglar.

Yarap Borka

Ternawlardan suwlar akyp,
Nowruz gary erap durka,
Bir gyz gordum ayna bakyp,
Gara sacyn darap durka.

Saclarynyn munlap tary,
Yassanypdyr gosha nary.
Kimka onun hyrydary?
Kim yoluna garap durka.

Seyil baga bardym yzlap,
Gecip gitdi ogryn gozlap,
Dort orumnin birin chozlap,
Barmagyna orap durka.

Bir fabrige ishim dushdi,
Kan gyzlara gozum dushdi,
On barmaga synym dushdi,
Naycha yupek sarap durka.

Eger mende bolsa mun jan,
Ahlijesi shona gurban.
...Nadip ona tapyp derman?
Yuregine yarap borka?

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 2 telpek goyyar we yazyar: "sag bol x 2"

OKA NAMAZY Adam

OKA NAMAZY

Adam ogly senin yüregin dardyr,
Aylanyp, dolanyp oka namazy.
Bu Dünye gurulan bir gury yerdir,
Ol Dünyanem yatlap oka namazy.

Haram nebsin üçin şeytan dost bolar
Ymmatyn ayirip ters yola salar,
Bu yaşanyn bes diyip Ezrayil geler,
Ezrayilam yatlap oka namazy.

Gezelin dünyani misli şir kimin
Okalyn namazy misli pir kimin
Bu dünyanin maly geçer sil kimin
İn bolmanda ertir oka namazy.

Minnetli okasan bizardyr Huday,
Yetimi aglatsan bolar sen geday.
Magtymguly koneje donun gey-de,
Gaytalap-gaytalap oka namazy.

MAGTYMGULY PYRAGY

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Akyşyn aydymy"

Durasyn

Durasyn geler

Gözel bardyr gözellerden ziyada,
Onun hyzmatynda durasyn geler.
Edepli-ekramly milayim zada,
Ta olinçan bile yörasin geler.

Gözel bardyr uzyn boyly alkymy
Garanky gijede düşer yalkymy.
Sözlegen sözleri misli bal kimin
Tapyp nirde bolsa alasyn geler.

Gözel bardyr günde-günde görmeli,
Şol gözelin siya-zülpün örmeli,
Döküp hazynanyn baryn bermeli,
Onun söwdasynda bolasyn geler.

Gözel bardyr ak kagyz dey bilegi,
Jan içinde bile bolar yüregi,
Şeyle gözel bolar merdin geregi,
Ne hajat islese beresin geler.

Magtymguly syn gerkdir gözele,
Her ne kysmat bolsa tartar ezele
Dünye malyn bagş et yagşy gözele,
Yamanyn yanindan gaçasyn geler.

MAGTYMGULY

Yigide

Ozal başdan Hudayimdan,
Döwlet gerekdir yigide;
Yikylanda goldamaga,
Medet gerekdir yigide.

Duly zerewşan saçakly,
İşigi eywan ojakly,
Uzyn boyly, gin gujakly
Gözel gerekdir yigide.

Gala-gala gözleşmage,
Ar-namysy yzlaşmaga,
Ner-bugra dek dyzlaşmaga,
Dogan gerekdir yigide.

Atyn jayinda baglayan,
Kesip jigerin daglayan,
Ölende zaryn aglayan,
Naçar gerekdir yigide.

Atdyr yigidin yoldashy,
Oguldyr döwletin bashy,
Gyzam bolsa göwün hoshy,
Züryat gerekdir yigide.

Goç yigitler nesihatda,
Muhannesler parahatda,
Görogly beg ahyretde,
İman gerekdir yigide.

Gorogly

Durasyň geler - Orazgül

Durasyň geler - Orazgül Gurdowa

Gowy görýän aýdymym, sözleri Magtymgulyňkydygyny şu wagt bildim, aýdymda-da aýtýar welin ýöne şu wagta çenli dykgat etmändirin. sag bol.


Maru Şahu Jahan

Ejem Yollaryma gözlan

Ejem

Yollaryma gözlan sensin,
Yzlarymy yzlan sensin,
‘Balam!’ diyip sözlan sensin,
Ejem, ejem, janym ejem,
Mahribanym kabam ejem.

Sensin balan kemin yakan,
Mun bir derdin emin tapan,
Omrun yagty shemin yakan,
Ejem, ejem, janym ejem,
Mahribanym kabam ejem.

Dunya doly arzuw bardyr,
Baky ocmez arzuw bardyr,
Uzup bilmez karzym bardyr,
Ejem, ejem, janym ejem,
Mahribanym kabam ejem.

Bu pany dunya indiren,
Mahir suydunden gandyran,
Yurek arzuwma yetiren,
Ejem, ejem, janym ejem,
Mahribanym kabam ejem.

P.S Awtoryny bilemok, bilyan bar bolsa yazip biler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "awtory bilemok, ýöne aýdymçysy Çynar Osmankuliýewa! sag bol, gowy aýdym"

Maru Şahu Jahan


Maru Şahu Jahan

Gurbannazar Ezizow ??!

Goşgyň iň soňky topbagynda "Gurban eziz adym meň" diýýä! Gurbannazar Ezizowyň goşgysy bolaýmasa!

Aýdymy Annaberdi Atdanow aýtýa, we Kerim Gurbanalyýew, Annaberdi Atdanowa bagyşlap çykaran, "Seni Küýsedim" diýen albomynda aýtýa!

Bakdym, gördüm, el berdim
Sen ýylgyrdyň almadyň
Terje deste gül berdim
Müň ýalbardym almadyň
Hepde geçdi, aý geçdi
Birje nazar salmadyň

Sen neneňsi däli gyz
Aý parçasy ýaly gyz
Aşyk kalbym adyňa
Aýdymlardan doly gyz
Heý seniň doň ýüregiň
Duýmazmy bu halymy

Laçyn dek uçar ýaşlyk
Söwdügin seçer ýaşlyk
Gaçma gözel, gaçma gel
Bizden hem geçer ýaşlyk
Gaçma gözel, gaçma gel
Bizden hem geçer ýaşlyk

Sen neneňsi däli gyz
Aý parçasy ýaly gyz
Aşyk kalbym adyňa
Aýdymlardan doly gyz
Heý seniň doň ýüregiň
Duýmazmy bu halymy

Gurban eziz adym meň
Ýandym ýaman oda men
Bir nazar sal alagöz
Telbe bolýan ýaly men
Bir nazar sal alagöz
Telbe bolýan ýaly men

Aýdymy diňleseňiz şu ýerde


Maru Şahu Jahan

heehe..goshgy G.Ezizowynky

heehe..
goshgy G.Ezizowynky dal..bashga birininki..
sonky topbagynda hem
Gurban, eziz ada men diyya..
yagny eziz adyna gurban diyya..
menin adym Gurban diyenok :)

BİLÝÄNİÑİZ BAR BOLSA???

İçiñizde şu aşakdaky aýdymlary tapyp bilýäniñiz bolsa, goýsañyz gaty minnetdar bolardym:
1.’Aýly agşam’- ‘seniñ sapañ üçin, seniñ wepañ üçin, ölsem etmen arman.’- Ýaly setirleri bar. Gurban Gumman aýdýar öýdýän.
2. ‘Eý mähriban enem, jana-jan enem’ kim aýdýanam bolsa tapawudy ýok. Biraz goşgy setirleriniñ ýadyma düşýän ýerini ýazaýyn:
‘Enelere boýun bütin ýer şary,
Tümlügi ýagtyldar ýüzüniñ nury,
Siz bilen barýarys biz öñe sary,
Eý mähriban enem, jana-jan enem.’

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Tahyr2005 1 telpek goyyar we yazyar: "2 - http://turkmencafe.com/play-4628-mahriban-enem-bahar-hojaewa.html"

2. aýdyma bilmedim welin 1.

2. aýdyma bilmedim welin

1. "Aýly agşam"-y köp aýdymçy aýtýa, ýöne iň esasysy we ilkinji aýdan Annaberdi Atdanow bolaýmasa, aşaky linkde;
http://turkmencafe.com/play-3250-ayly-agsam-annaberdi-atdanow.html


Maru Şahu Jahan

Gözleriň seniň -

Gözleriň seniň - Gurbannazar Ezizow (kitabynda okadym) :)
.
aýdymçy - Nury Hudaýgulyýew


Maru Şahu Jahan

Bir zat

ceriumoxide© wrote:

Şeýle gowy şahyrlarymyz we olaryň köp sanly gowy goşgylary bar emma täze çykýan aýdymlaryň sözlerinde hiç hili many ýok, munuň sebäbi goşga saz dälde, taýýar(ogrlyk) saza söz düzýändikleri bolaýmasa!
Kompozitorlarymyz saz ogrlamak dälde, goşgylara saz düzmäge synanşsalar gowja netijeler çykarmyka diýýän. Gowy netijeler çykýaram, men häzir aşakda bilýänjelerimi, sözleri bilen ýazjak! siz bilýänleriňizi ýazyp duruň!

Telpekler (6 kisiden 12 sany)

Bu yazgi ucin

  • mc_merw 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • shetdaly 5 telpek goyyar we yazyar: "bar goyanlarin ucin"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy blog"
  • Hatyja 2 telpek goyyar we yazyar: "ahli goyanlaryn uchin!"
  • Tahyr2005 2 telpek goyyar we yazyar: "senem daýow öýdýän :P -> hyzmatlaryňa"

Barde bir zat bar, sening diyyanlering kompazitordygyna ynamyng barmy?
Mena ozi saz yazmayan adama kompazitor diyip biljek dal.