Türkmenistanyň döwlet gimni barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Aslynda muny ses berişlik edesim gelýärdi welin, Atamyrat aganyň açan täze ses berişligine wagt kän geçmänsoň päsgel beresim gelenok.
Emma meň pikirimçe wagt geler we biziň gimnimiz üýtgär. Sebäp köp. Birinjisi ol döwre görä gimndi, bir adam guranmyş, olam öldi. Ikinjidenem, dogrusyndan gelsek, sözleri bir üýtgeşik çuňňur manylam däl. Başga ýurt dillerine terjime et diýseler, utanaryn menä dogrymy aýtsam.

Ses berişlikde şeýle wariantlary goýmakçydym:
1. Magtymguly "Türkmeniň"
2. Seýdi "Dönmenem begler"
3. Zelili "Watanym Seni"
4. Başga goşgy
5. Düýbinden täze gimn

Siziň pikirleriňiz nähili? Ýadyňyza düşmeýän bolsa, onda şol ýokardaky goşgulary ýatladyp bileris şu temada.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • monte_kristo 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hatyja, sende shu yokardaky

Hatyja, sende shu yokardaky 3 goshgy bar bolsa, barik goyup bilmezmin?

Magtymgulynyn "Turkmenin"

Magtymgulynyn "Turkmenin" diyen goshgysy bar. Seydi we Zelilinin goshgylary oyde (olar oz kitaplarymdyr :D)

hazir goyayyn.

P.S. Guych, yatdan bilinmela bu goshgular! :))
adyny eshdende zybyrdap aydyp gitmeli ichinden.

mowzuk barada aytsam, gowy pikir Bayram! mena goldayan eger shulardan biri gimnimiz bolsa.

TÜRKMENIŇ Jeýhun bilen

TÜRKMENIŇ

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözmüň garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.

Hak sylamyş bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

Al-ýaşyl bürenip çykar perisi,
Kükeýip bark urar anbaryň ysy,
Beg, töre, aksakal ýurduň eýesi,
Küren tutar gözel ili türkmeniň.

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Köňül howalanar ata çykanda,
Daglar lagla döner gyýa bakanda,
Bal getirer, joşup derýa akanda,
Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň.

Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz,
Gargyşa, nazara giriftar olmaz,
Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz,
Daýym anbar saçar güli türkmeniň.

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.

Serhoş bolup çykar, jiger daglanmaz,
Daşlary syndyrar, ýoly baglanmaz,
Gözüm gaýra düşmez köňül eglenmez,
Magtymguly – sözlär tili türkmeniň.

Telpekler (5 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Reschik 1 telpek goyyar we yazyar: "Tuweleme, kitabyn peydasy degdi:))"
  • tarymlah 2 telpek goyyar we yazyar: "ay yurejigim bola!"

Türkmenistanyň gelmiş,

Türkmenistanyň gelmiş, geçmiş taryhynyň iň beýik goşgulary!
Gimn üçin uzynrak bolup biler, emma gimne laýyk gelýän 4-5 topbagy saýlanyp alnyp biler, meselem şeýle:

TÜRKMENIŇ

Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül-gunçasy – gara gözmüň garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa, saýýatlar diri
Ala bilmez, ýolbars ogly türkmeniň.

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr,
Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr,
Mertler ata çyksa, söweş sarydyr,
Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň.

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

gozlap tapdym.. SEYDI- Donmenem begler

DÖNMENEM, BEGLER
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!

Ilim üçin şirin jandan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler!

Ýesir galmaz oglan-uşak aglaýyp,
Oda düşmez, aşyk ýürek daglaýyp,
Men hem şu gün Murtuzadan çaglaýyp,
Kasam kyldym, ondan dönmenem, begler!

Tomaşa eýläňler kylan urşuma,
Ýüz müň leşger çyka bilmez garşyma,
Är ýigit men mertlik bilen durşuma,
Oda urarlar, men hem ýanmanam, begler!

Är men diýen çyksyn bile ýörmäge,
Leşger tartyp, Mirhaýdary urmaga,
Il-gün üçin şirin janym bermäge,
Urdum başym, şertden synmanam, begler!

Hak ezelden saldy meni bu ýola,
Jan bermeýen, diri düşmenem gola,
Tomaşa kylyňlar bulanan syla,
Niçe gan ýuwutdym, ganmanam, begler!

Ärden öndüm, ärlik bilen öler men,
Kim dostum, duşmanym-parhyn biler men,
Söweşde galmanam, şat men, güler men,
Namart bolup, dünýä inmenem, begler!

Ýat kylar men Göroglyny, Zamany,
Aly Murtuzany-Şahymerdany,
Rüstem-Zal, Isgender, Gajar Pälwany,
Orta atdym, köpün sanmanam, begler!

Seýdi çykdy atyn, ýaragyn besläp,
Gan gördi gözlerim, ýürek höwesläp,
Gaçmanam, öler men, köp leşger toslap,
Söweş üçin çykdym, dönmenem, begler!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Seýdiň şu goşgusyny

Seýdiň şu goşgusyny okamda inim tikenekleýä, tüpeň berip urşa iberjek wagtlary okatmaly goşgy şu. Seýdiniň Magtymguly derejesinde, ýagny meň gözümde iň beýik derejede, ýazan az goşgulary birinjisi şu, IMHO.

Munam şeýle gysgaltsa boljak:

DÖNMENEM, BEGLER

Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça, dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!

Ilim üçin şirin jandan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler!

Tomaşa eýläňler kylan urşuma,
Ýüz müň leşger çyka bilmez garşyma,
Är ýigit men mertlik bilen durşuma,
Oda urarlar, men hem ýanmanam, begler!

Ärden öndüm, ärlik bilen öler men,
Kim dostum, duşmanym-parhyn biler men,
Söweşde galmanam, şat men, güler men,
Namart bolup, dünýä inmenem, begler!

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Zelili- Watanym seni

WATANYM SENI
Ýürek telwas eder, göterler serim,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!
Etrek, Gürgen ýurdum - gezen ýerlerim,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Sugunly, umgaly, çal goçly daglar,
Belentden pestine akan bulaglar,
Sowuk suwly, ter çemenli awlaglar,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Miwesi bihasap bakjaly baglar,
Awy binahaýat uly awlaglar,
Ýada düşer ajap döwranly çaglar,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Ýalaňaç horlanmaz mugan gyşyna,
Ýazyna dürli ot, maly başyna,
Ýaýlasynda her kim çykar daşyna,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Senemleri kasap puşeş geýerler,
Höreklerne şähdi-şeker iýerler,
Aşyk-magşuk olup, ýanyp köýerler,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Haýyp, abat iller ber-bibat boldy,
Dostlar gamgyn boldy, duşman şat boldy,
Aýrylyşdy, aşna, ýarlar ýat boldy,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Etdiler Ýusupny Müsürge soltan,
Diýdi: “Bolsam egdir bir guly Kengan”,
Ýurdundan turmasyn hiç bir musulman,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Köňlümiň aramy, çeşmim röwşeni,
Men neýläýin, dostlar, onsuz bu jany,
Görermikäm Seýidi dek janany,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Zelili, bu ýurtda aýyş ýok, höwes ýok,
Her kim başyna gaý belent ýok, pes ýok,
Toý, tomaşa, märeke ýok, meýlis ýok,
Köňül arzuw eýlär watanym, seni!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "oyune baryp gaytdynmy? :D"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Oye gidesim gelyaaaaaaaa"

Sag bol, Hatyja. Men

Sag bol, Hatyja.
Men pikirimce "Donmenem begler" bolup bilmez, sebabi bu has o dowrun yagdaylaryna gora yazylan goshgy, "dushman, leshger, urush, sil dek gan" we sh. m.
ps: Hudayjan dash edewersin beyle zatlardan.

Zelilin "Watanym seni"

Zelilin "Watanym seni" goshgusy hem bolup bilmezmika diyyan, sebabi ol watanyndan uzak wagtlap jyda dushup, kuysap yazylan goshgy.
Yene Magtymguly abi :)) has one cykya barde-de, "Turkmenin" watany, milleti, tebigaty hemmesini goshup wasp edya, shon ucin shu ucusinin arasynda in bolup bilayjegi "Turkmenin".

Aýdýana, bu uzyn

Aýdýana, bu uzyn goşgylaryň bary gimn bolup bilmez. Gimn gysgarak bolmaly. Seýdiniň goşgusynyň käbir topbagyny aýyrsaň, gül päpe, IMHO.
Elbetde türkmeniň has politkorrekt.
"Watanym Seni" hem häzirki gimnden has gowy dälmi?

-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

hava, ola sheylerak.

hava, ola sheylerak. esasanam chagajyklar yat tutmaly bolsa diyyanmi.

gimn sazy kiminki/nahili

gimn sazy kiminki/nahili bolsa gelsherdi onson ? :)

Ol bir gapdala, ilki

Ol bir gapdala, ilki sözüni belläli. Soň sazy ýelmäp ýoutube klibem ýasap bolara? :)
Garaz, häzirki sözleri galsyn diýýän barmy?
Ýa meň hödürlänlerimden başga goşgy hödürlejegem barmy?

Milli şahyryň watançylyk goşgusyny gimn etmek täze zat däl. Türkiýäniň gimni olaryň milli şahyry Mehmet Akif Ersoýyň goşgusyna düzlen.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Giminin sazy hem goşgusy

Giminin sazy hem goşgusy yaly tolgundurujy bolmaly. Hakykatdan hem bizin şu wagtly gimnimizin sazy kan bir yerine düşmandir. Gowy saz saylap almak gaty möhüm.Çünkü zol zol gimin üytgedip durmak hem gowy dal. Eşideninde sünnün tititap, gözlerinden yaş akyp gitsinle... Sazynyn adama üytgeşik tasir etmesi gerek. Meselem türklerinki yerine düşen sazmyka diyyan. Ka wagt barde üşmelenlere gatnaşamyzda göryan weli garryja yaşulularyna çenli giminleri aydylyar weli yerlerinden turup ellerini yüreklerinin üstüne goyup(öz islegleri bilen. hiç kim olara onu edin diyip zorlanok) çyny bilen goşulup gygyryp ayytyarlar. Birhili bolup gityandaray... Bizin milletimiz hem şeyle bolsady...

Bizin gimnin sazy gowy-how,

Bizin gimnin sazy gowy-how, hytaylankyny bir dinlap gor http://www.youtube.com/watch?v=I1qWe1aMby4 :)
turklenkin sazy dogrudanam gaty gowy, hasam shunda: http://www.youtube.com/watch?v=d4jzowjLVgg

hazirki gimn'i men-a

hazirki gimn'i men-a halayan.
Magtymguly gowy yazyar welin, 2-3 asyr ön yazylan goşgyny gimn edip bolmaz. we dine anyrda, "türkmenin" diyip gidyar, yagny milletçilik bar.
Hazirki gimn, ing gowysy, sazam süper.

Türkmenbaşyň guran beýik binasy
Berkarar döwletim, jigerim - janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Janym gurban sana, erkana ýurdum
Mert pederleň ruhy bardyr könülde.
Bitarap, Garaşsyz topragyn nurdur
Baýdagyn belentdir dünýan önünde.

Türkmenbaşyň guran beýik binasy
Berkarar döwletim, jigerim - janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Gardaşdyr tireler, amandyr iller
Owal-ahyr birdir bizin ganymyz.
Harasatlar almaz, syndyrmaz siller
Nesiller döş gerip gorar şanymyz.

Türkmenbaşyň guran beýik binasy,
Berkarar döwletim, jigerim - janym.
Başlaryň täji sen, diller senasy,
Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!

Arkamdyr bu daglar, penamdyr düzler
Ykbalym, namysym, togabym, Watan!
Sana şek ýetirse, kör bolsun gözler
Geçmişim, geljegim, dowamym, Watan!

barde turk kultur merkezde

barde turk kultur merkezde aziya gijesi boldy , aydym saz , tans , oyun bla shonga mengzeshler boldy shonda , bize aytdylar, goshgy yada aydym turkmenche aydyng diyip , bizem uch sany turkmen gyz , olaram bol sen ayt sen taze gelen bir zatlar bilyansing diyyar , menem hich zat yadyma dusnenok, menem soygi hakda aydym aydayynmy diysem , gulyarler, onsang pikirlenship bir topak Gimin aytdyk:) olup yadyma dushday, yadymdan hem chykyp baryar, toba

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

'TURKMENIN'

Magtymguly atanyn TURKMENIN gosgysy aslynda gowy bolar.
Gaty uzyn hem dal bary yogy 9 topbak. Yat tutmasy gaty kyn bolyp durmaz.
Gimn okalan wagty 1-2 sany topbak okalar bolany.
Yone aslynda shuwagtky gimn erbet dal, gaytalamaly topbaklar ayrylsa.

Bu goshgularyng hemmesem

Bu goshgularyng hemmesem gaty gowy yone hazirki “modern” Turkmen duynyasine gabat gelenok, hazirki gimn barada aytsam erbedem daldir welin, edil o diyen dal-da.Yone gimn duzup chlashanyng shu wagt peydasy name, bashga zatlary uytgetmeli birinji.
_____________________________
Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

Adamlar, özümi öwesim

Adamlar, özümi öwesim gelenok welin, wagtyndan öň görýänim boldy... Eýýäm näçinji gezek :D Öňem açypdym tema, "Prezident tmolympiad'y okaýarmy?" diýip. Sebäbi bärdäki eden tekliplerimiziň käbiri durmuşa geçirildi. Ine gimn baradaky teklibimem durmuşa geçäýjek ýaly!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "gumanist bolanyň üçin :)"
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Nostradamus"

Bayram mena entek

Bayram mena entek okap, yada habarlarda dinlemedim, yone Magtymgulydaky okuwchylara aydypdyrlar oydyan, gimnden Turkmenbashy sozuni ayyrypdyrlar, we sonky bendini ayyrypdyrlar...

Ine täzeje

Ine täzeje habar
http://www.turkmenistan.gov.tm/?idr=1&id=081205c

Quote:

Руководитель Меджлиса также озвучила предложение о внесении изменений в Государственный гимн Туркменистана, продиктованных, с одной стороны, многочисленными обращениями граждан страны, с другой - необходимостью его соответствия общепринятым международным стандартам.

Şeýleräk...
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayran aga, bu temeda sana

Bayran aga, bu temada sana goşulyan.

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Gimn

Gimn bir milleti hasiýetlendirmeli. Bir ýerlerde şeýle ýazypdyryn.

mc_merw wrote:

Ýewropa ýurtlaryndan Fransiýa, Angliýa ýaly döwletleriň dillerinde urşmak, ýeňmek, basyp almak ýaly söz görnüşleri kän. Olaryň taryhda basyp alyjy, kolonizatordigini bilýäriz. Hatda olaryň gimnlerine seredeňde intäk hem şol pikirdediklerini aýdyp bolýar.

Efiopýaň gimni halaýan azatlyk we agzybirlik barada. Ol ýurt afrikada kolonna bolmadyk ýeke ýurt we aýry dinlerdäki adamlaryň bir bolup şöweşen ýurdy. Jah, Rastafari.

Ýada eýranyňky ýalak iki gimn hem ulansaň bolar. Biri döwlet gimni şu wagtky, halk gimni bolsa "Türkmeniň" ýa-da "Dönmenem begler" bolarda.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ceriumoxide 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

BBC habar boldy

Turkmenistanyn gimni shu gun BBC World News kanalyna habaram boldy.

haysy goşgy-şygyr etc taze

haysy goşgy-şygyr etc taze gimn boljakmyş habar barmy?
yat tutaly önünden
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Türkmenbaşı'nın ismi milli marştan çıkarılıyor.

Türkmenistan milli marşının güftesi yeniden düzenlenecek. İlk devlet başkanı Saparmurat Türkmenbaşı'nın isminin metinden çıkartılıyor. Türkmenbaşı'nın adının geçtiği dörtlük şöyle:
Türkmenistan Meclis Başkanı Akca Nurberdiyeva, bakanlar kurulu toplantısında, milli marşın sözlerinde değişiklik yapılması için halktan çok sayıda başvuru geldiğini belirtmişti. Başvuruların değerlendirilmesini isteyen Devlet Başkanı Gurbangulı Berdimuhamedov, milli marşın sözlerinin yeniden düzenlenmesi talimatını vermişti.Yeni metnin Türkmenbaşı'nın ölüm yıl dönümü olan 21 Aralıkta açıklanması bekleniyor.

Türkmenbaşı'nın adının geçtiği dörtlük şöyle:

Türkmenbaşın quran büyük binası/Berkarar devletim, cigerim janım/Başların tacı sen, diller senası/Dünye dursun, sen dur Türkemenistanım.

"Türkmenbaşı'nın büyük eseri" anlamına gelen ilk dizenin, "Halkın büyük eseri" olarak değiştirileceği öğrenildi. Değişikliğin Devlet Başkanı Berdimuhamedov'un onayından sonra yürürlüğe gireceği belirtildi.

Türkmen halkının başı anlamına gelen Türkmenbaşı ismi Türkmenistan Meclisi tarafından ülkenin kurucu devlet başkanı Saparmurat Niyazov'a 1990'lı yılların başlarında verilmişti.

AA

not:internet habarlari