Jennet name zat? Name göz önünize gelyar?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam, yene-de gyzykly (iç-gysgynç) tema.
Jennet name zat? Name göz önünize gelyar?
Omar Hayyam bir goşgysynda:
"Jennet, Jennet diyyanleri, şerap bilen peri;
bir elimde şerap, a bir elimde bolsa peri bar;
Diymek men Dünyade Jenneti yaşap yöran ekenimda?"
yaly zat aydypdyr öydyan.
Yazanlarynyz dinin düşündirişleri bolup biler, emma men asyl sizin name göz-önünize getiryandiginizi bilesim gelyar?
Siz öldüniz, we yene oyandynyz, sonra jennete düşdüniz.
Jennetde nameler etmekçi? Nameler görmek isleyaniz??
Içinizdaki şeytany çykarynda hany..
:)
Durmuşa çykan gyz, çykmadyk gyz, öylenen, öylenmedik, 1 ayally, 2 ayallylar? Baylar , garyplar we ş.m. her tüysli adam, üytgeşik pikir edyandir jennet barada.

Ö.HAYYAM
Cennette huriler varmış, kara gözlü
İçkinin de ordaymış en güzeli
Desene biz çoktan cennetlik olmuşuz
Bak bir yanda şarap, bir yanda sevgili..

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Jennet'in name zatdygyny

Jennet'in name zatdygyny bilshim, howanyn gorman bardygyny duymak yali gelyar! Duyyan, yone gorup bilemok(gormedim). Ya'da bizin aklymyz Jennetin nahilidigini biljek derejede daldigini boyun alaymak galyar)

jennetde

jennetde her bir adama Yusup pygamberinki yaly owadanlyk we yene bir pygamberinki yaly yash (haysy pygamberdigi yadyma dushmeyar) 30 yash toweri yash berilya (adamyn yashyny gowy wagty men diyip yoren wagty bolyar)
sonam jennete dushen adam hich hachan yakymsyz soz eshitmeyar, geyyan eshikleri yupekden, deryalar sherap we bal, eger bu dunyadaki ayalyn bilen gowy yashashyp olam jennete dushse senem onun bilen jennetde yashamak islesen yene yashap bilyan (ayal-gyzlar barada bilmeyarin)
ol yerdaki miwe bu dunyadaki 40 sany miwanin tagamyny beryandir
garaz sanasan sanabermeli gaty kop bir dilden aydanynda bu dunyanin in gowy yashayshy jennetin 100-den bir boleginede degmeyar

Enshalla bizede Allajan jenneti bagysh etsin.
Amin

Jennet... mena goz ongume

Jennet... mena goz ongume yagtylyk gelyar birinjilik bilen.
bilmedim...onga yetip bilsek, sheylerakmyka diyyan:
owadan sheyle ajayyp tebigat, bir derya yandan akyp yatyr gownung zat islanok, yurek soygi bilen doly, boshluk ichinggysma diyilyan zat yok, yaltalyk yok. towereginge seredip gozung doyanok. Onki bu dunyeden otenleri hem gorup bolyar, enegi, mamangy, ejengi...umuman her kim kuysan adamsyny shol yerde gorup bolsa.ozungem sheyle owadan yash guychden doly.
yahsayshyng manysy bar yaly duyyang.
Achlyk, horluk, agzalalyk diylen zat yok, hemmeler agzybir...
jennet barada arzuw edip otyryn welin, ol yere dushjegim bir bellimi?!

Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kici gowunli 1 telpek goyyar we yazyar: "Enshalla dileg edip, amalda bol yetersin"

Jennet diýeňde

Jennet diýeňde hüýr-perilerem gezmeleşip ýör diýýäňmi :)
Aýdyşlaryna görä, hüýriniň bir saç tarynyň owadanlygy bu dünýäniň bar gözelinden beýikmiş. Aý menä göz öňüne-de getirip bilemokhow... bäh... hezillik diýsene... :D
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Tagan 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme :D"
  • el_mariachi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • kici gowunli 1 telpek goyyar we yazyar: "Enshalla Allajan yetirsinda "

Erkegin yetip bilmeyan

Erkegin yetip bilmeyan zady...))))

sen Jennetde, periler,

sen Jennetde, periler, miweler we ş.m. zatlar dolyp yatyr, özünem 30 yaşynda.
1nji gün geçyar, gözlerine ynanyp bilenok hemme zat süper, hezillik. Adam pahyryn dünyade görmedik zatlary-da..
sonra 2nji, 3nji,.. we 1 yyl geçyar. yene şol periler, miweler, sonra yene 70 yyl geçyar, sonra 70*70=4900 yyl geçyar, yene şol periler, miweler, süyt akyan deryalar, baglar; özünem 30 yaşynda..
sonra 4900*4900*4900*4900*4900= palança trilyon yyl, yene şol miweler, periler. sonsyza çenli, periler, miweler. :)

Periler bilen yatmaga rugsat berilyamyka bir? yada dine yüzüne yylgyryp, sana hyzmat etyalermyka??
süyt içesim gelenokda, tiryek, alkogol içesin gelse rugsat berilyarmyka? ayakda dik durup siyesim gelse, name ederlerka?
jennedin bardygyna ynanyalaryn 99%i, jennete girip bilmek üçin dini saylayar. jennet diylen zada wada berilmedik bolsa, köp adam dine ynanmazdy. Huday şeyle niyet bilen özüne ynananlary jennedine alarmyka?
gepin gysgasy;
menin pikrimçe; jennet diyilyan zat;
adamlaryn ölümden gorkmazlygy üçin, öran akyllyja tapylan arzuw.
_____________

Senin bu

senin bu pikirin bolsa duybinden yalnysh ol arzuw-hyyal dalde
hakyky zatdyr.
Jennetde gownun islan zadyny edip bilyansin
ol yerde hich wagt hich hacan yakymsyz soz eshitmeyan we hach hachan bizar bolmak yokdur.

Jemshit jennede girjek adam

Jemshit jennede girjek adam gunalerden sap adamlar bolyar.We lezzetden doymak meselesinem shu dunyadaki zatlara gora pikir edyang.Doyumsyz lezzedi duyup gormediging uchin jennedi dushunmersing.Bu dunyade doyumsyz lezzet yokmuka diyyan.Sherap,gyz,etc hemmesining songy bar.

Amelin niyetinle ölçulur hep senin
Gölgeside eğridir eğri olan nesnenin

Fatih Sultan Mehmet

hany, dil uzadaňokdyň-laý

hany, dil uzadaňokdyň-laý biziň ynanýan hakykatlarymyza?!

Baryp ýatan binamys ekeniň sen-ä bar-a!

Keýp alýaňmy şu ýerdäki 99% musulmanlaryň ynanýan mukdaddes hakykatlaryna gülmek bn?!

Allah seni laýyk bolan ýeriňe dykar, Jemşit! Elbetde, şu bolşuň bn soňky demiňi berseň.

Enşallah, saňa-da iman we ynsap beräýedi-dä Biribar.

Şuň ýaly samsyk ýazgylaň bn özüňi görkezýäň. Agzalar seni şu halyň bn tanaýar. Bärde ýazgy ýazmak aňsat.

Jenneti ýaňsylaýarsyň, şol sanda ony Ýaradany hem. Onuň iberen kelamy bolan Kuranda şeýle diýilýär:" Kimiň sogaby günäsinde ýeňil gelse, onda onuň barjagy ýer Hawiýe bolar."
Yzyndan hem bolsa Hawiýäniň jähennemde ýanan bir at/ataşlygy beýan edilýär.

Jennetiň bar we gymmat bolşy ýaly, Jähennem hem seň ýaly imansyzlar üçin bar. Ýaşasyn şeýle ynsanlar üçin jähennem!

Saňa Jennetiň barlygyny ýene Allah kelamy bn subut edip bilerdim, ýöne seň kiçijek "akylyň" bn onam kabul etmejegiň aýan.

Onsoňam, ynanmaýan hakykatyň ýaňsylamak üçin ýörite blog açýaň. Edýän iki ýüzlilik we binamyslyk. Entägem meň jogapkär bolmadygyma şükür et, bolmasa görerdiň günüňi.

Entägem bir giden "dürdäne" diýjekdim, ýöne muňa alan dini terbiýäm we edebim rugsat berenok!

Allahym, şuňa-da iman ber, eger öz "akyly" we erki bn iman etmejek bolsa, onda oňa Özüň näme etjegiň gowy bilersiň! Men diňeje ýene seň kelamyňdan birini aýtmak we dilemek isleýärin:"..hemmeleriň bir hilesi bar, ýöne gutarnykly we iň güýçli hile Allaha degişlidir..."

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ata'nyn yazanyny okap,

Ata'nyn yazanyny okap, özüme, "byah, men şeyle erbet name yazdymkam?" diyip seretdim yokardaka.
1nji seredemde hiç zat görmedim.
"Ay yok beyle bolmaly daldir, ata şeyle uzyn edip yazyşyna göra, hökman bir yalnyş zady sypdyrandyryn" diyip pikir edyan.
2njide ünslije okadym.
netije:
"ayakda dik durup siyesim gelse, name ederlerka?"
diyen sözi agyr gelip biler diyip pikir etdim.
Yöne şuny, adam şekilli, Jeyhun şu sözün bolanok diyip bolar-a..
Şu yagdayda, in bolmanda, name sebapli, şeyle agyr zatlar yazandygyny aydan bolsa gowy bolardy.
Elbetde adam her zady ünsli, dogry yazyp bilmeyar, hökman mareke içinde bir "osl*k" goyberip bilyar. Şeyle yagdayda, garşyndakam "ay yalnyşlyk bilen gidayendir, düzelt diysek, düzelder, eger düzeltmese moder duydurar" diyip pikir etmeli dalmi name??
Ong yaly zat yok, basyp yatyrlar. Her hili şahsa yetyan zatlar yazylypdyr. Ong üstesine hem telpek berilipdir. "tüweleme, berekella" diyip.
indi, yalnyşan zadymyza gelsek:
"ayakda dik durup siyesim gelse, name ederlerka?"
Hawa, çyndanam "s*ymek" gowy söz dal, beterem jennetde, yöne ka yerlerde, dogry düşündirmek üçin, ka "ayyp" sözlerem ulanmaly bolyar, manysy dogry düşünilmegi üçin.
Men barde, köp sorag soradym, jennet barad, şon içinde yekeje, çynym bilen jogaby sizden bilmek isleyan soragym, meselem, jennetde şol "s*ymek" işi nahili bolyar??
Jennetde name edesin gelse, edip bolyar diyilyar. Emma meselem şol "ayyp" diyilyan zatlary edesin gelse hem rugsat berilyami? ine men şu soragy soramak islapdim.
Geğin gysgasy, şunun yaly kiçi zatlar üçin, göni goh edip, yapyşdyryp otyrmak gerek dal-de, adam şekilli düşündirmek dogrymyka diyyan.
Men-a jennete dil uzadanmyşym, sen bolsa göni men şahsyma dil uzadyp dursun.
Onsonam jennet sen jennedinmi? Jennet bar bolsa, menem arzuwym şeylesi, yagny umumy adamlara degişli yerde, bogunçylyk çykarmaly dal. :)
Men şunun yaly şahsa degilyan temalarda, "adalatly moderin" çözmeginin tarapdary.

Jemşit wrote: Geğin

Jemşit wrote:

Geğin gysgasy, şunun yaly kiçi zatlar üçin

Shu zatlaryn "kici"-digine dushunyan bolsan, name uchin olary ulaldyan ?? Shol "Jennetde dik durup siysen bolyamyka ?!" diyen soraglardan has uly soraglaryn barysyna jogap tapdynda, indi gep siymege geldimi ?? Sorayan bolsan asyl "islan zadyn" yaly sozlerin kesgitlemesini sorasan bolmayamy beydip detallara girip, her edyan zadyny sanap duranyndan ?? Ya sen eyyam "Jennetde tualede gitmeli bolarysmy ?" diyen soragyn jogabynam tapyp, tualetde nadip/name etmelidigine gechdinmi ?? Men shu yerde sen agzyny yapjak bolyanlara shahsyna dil yetirmezlikleri uchin duydurysh/maslahat berip gelyan, kabir yazgylaryny ayiryan, sen name uchin umuman sholaryn sheyle reaksia berme logikasyna dushunenok ?? Name, keyp beryarmi sheyle provocirovat edip, son mana ayirdip yormek ??
Herkimin "pak" hasaplayan zady bardyr, we adam ol pak zatlaryn yanyna hapa zatlary hem goyup, boregine bok gatmaz, sol hapa zatlar durmusyn 1 bolegi bolsa-da ! Sana-da ilin pak hasaplayan zadynyn yanyna bok gelishdirjek bolmazlygy maslahat beryan, sana gora yok zat bolsa-da, shol zady bar hasap edyanlere hormat hokmunde shol boky shol yere goyma, bashga goymaga yer gapyshmandyr ! "Yok, mana sheytmek keyp beryar" diyyan bolsan, onda netijelerine-de chyda, men yadadym sana yazylyan hapa zatlary filtr'lejek bolmakdan, sen islan yerine keypine "siyishdirip" git, menem supureyin...Ay yok gardash, sagjabol!

Mergen, men şol "s*ymek"

Mergen, men şol "s*ymek" sözünde terslik göremok. moder hökmünde siz çyzyklary gowy bilyandirsiniz.
olaram sen aydyşyn yaly jogap berip bilerdi.
"jennet siyilmeyar" yada "jennetde siydik gül ysly bolyar, hatda içsenem bolyar.." we ş.m. diylip bilnerdi.
Jennet barada Gurhanda bir ayet geçyar. Manysy:
"Jennetde sizin üçin göwüsleri nar yaly, sizin bilen yaşytdaş owadan gyzlar beriler" diyilyar., manysy şuna menzeşdi.
yagny Gurhanyn özünde hem baryp "emj*g"e çenli detallara girilip, şol aydylyan bolsa, "s*ymek" sözi kiçi bolyar.

* şeyle uly goh'a sebap bolanym üçin, özümi günali, yalnyşan adam hökmünde göryan.
"Bagyşla" diyip ötünç sorasam hem bagyşlaman bilersiniz, brave'in gonşy blogda aydyşy yaly, çüy kakyldy, çykaranda hem yzy galyar.
Mundan sonrakylar üçin sapak edindim.
Esasan hem edepli gyzlardan ötünç sorayan.

Siymek sozuni sahypada

Siymek sozuni sahypada ulansalar men ayiramok Jemsit, senkini hem ayirmadym, yone sahypada yazylmagyndan has kop, gelishdiryan yerine pritenzialar bolanson ustunde durdym. Aylanyp gechaysene sheyle meseleleri, goryana reaksiany ?! T.e. sende oz-ozuni shol sozlerden ayamak yaly pikir gormesem, menem indi olaryn yazgylaryndan seni ayajak dal Jemsit, sen islanini yazyan, sen yanynda menem sana yazyanlaryn onunde durmaly...Yadadym!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jemşit 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ay dıymayın dıysem

ay dıymayın dıysem shermende ekeningay dost, sebabını yazjak dal, yekeje yazgyny okap dalde hemme yazgylaryngy okap beren kararym..

Dost sen onuncha

Dost sen onuncha shu dunyade s*ymanin edebini bir owrensene, shu yerde basharmayan zadyny shu yerde duzelt, son nira barsan baran yerin kada kanunlaryna gora name etmelidiginem owrenersin gaygysyz bol...

1- Myrat Weliligiňe hiç

1- Myrat Weliligiňe hiç bir şübhäm galmady - "byah";
2- Agza we myhmanlar, bagyşlaň, ýöne şuny Myrada diýmeli boldum:"Sen isle siý, isle syç" - maňa bildirýän ýeri ýok, ýöne şu umymy ýerde siýip syçma, aýratynam, biziň mukaddes kabul edýän dini mowzuklarymyz barada. Jennet hem şolaň içinden ýekejesi. Yzyň pohuny her ýerde görkezip ýörmegiň nä hajaty bar?!;
3- Mergen gowy jogaplapdyr, men kän uzatjak däl;
4- Sen barada aýratyn blog açjak häzir!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

agam, sizin shu yazginizin

agam, sizin shu yazginizin in sonki setiri meni bimaza edyar, gayrat etde eger chyndanam dogrydygyny bilmeyan bolsan beyle zat yazman!
Jennet bilen baglanyshykly bir nache zat yazjakdym velin bar keypim gachday...
men goluma seredayin
_____________________________
cennet cennet dedikleri
bir kaç koşkle, bir kaç huri
isteyene ver onlari
bana seni, gerek seni...

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "ýene 1 gezek goluň üçin!"
  • Reschik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • stalin 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bu temada meng pikirim

Bu temada meng pikirim sheyle.Dunyade adamzat beynisining az bolegini ulanyar.Meselem meng eshidishime gora beynisini ing gowy ulanyp bilen Einshtein ekeni.Ol 3.7% ulanypdyr.Normalniy adamlar 2.5% ulanyalar(fakt dal eshitdim).Hich bir zady bosh yaratmayan Allatagalla elbetde adamyng beynisini hem bosh yaradan daldir.Yagni biz jennedi shu wagt dunyade goryan zatlarymyza gora pikir edyas.Meselem peri diylende owadan,bili inche,etc gyzlar goz ongumize gelyar.Ya-da rahatlyk diylende hich zat etman iyip ichip yatmak goz ongumize gelyar.Ya-da sherap meselem.Bularyng hemmesem mengzetme.Adamzada dushundirmek uchin.Jennet hem bizing garashmayan zatlarymyzdan doly.Shu dunyadaki nygmatlar,keypler bolsa olang cuz-i(kichijik) bolegi mengzetmesi.Shol sebaplem kop zada dushunip bilmeyas jennedi goz ongune getirjek zatlarymyz bilyan,goren zatlarymyz bolar.

Amelin niyetinle ölçulur hep senin
Gölgeside eğridir eğri olan nesnenin

Fatih Sultan Mehmet

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • stalin 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy yazipsin!"

ay umuman men jennedi belli

ay umuman men jennedi belli bir derejede goz-onume getirip bilyan.
mundan iki-uch yil ong bir guychli mugallym bilen sohbet edyarkak gurrun jennete geldi.shonda men "name uchin jennetde erkeklere bir suri peri berilyar,gyzlara bolsa bir suri erkek berilenok?"-diyipdim(berilmeyar diyip bilyadim), olam berilyar diyipdi."adalat barow"-diyipdim sho wagt.
siymek,sychmaga gelse,erkeklerin periler bilenn,gyzlaryn erkekler bilen arkayin yatyp turup bilyan yerinde siyip sychmak ayip gorunmezmika diyyan.ustesine jennetde bokunam gul yaly ysy bolar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jemşit 1 telpek goyyar we yazyar: ""bokun gül yaly ysy bolar." :D"

menin bilshime gora Jennetde

menin bilshime gora Jennetde asyl iyilip ichilmeyar. yagni sen bir almany dishlap iyenok da, shondan iyen yali ruhy taydan dolyan. elbetde ach vagtyn bir tagamlyja nahar gaty lezzetli bolyar, emma Jennet hemme zadyn in gowysyna eye bolani uchin Jennetdaki iyish sheklimiz mundanam lezzetlidir.
edil shonun yali hem iyenini chykarmak aladasy hem yok...
_____________________________
cennet cennet dedikleri
bir kaç koşkle, bir kaç huri
isteyene ver onlari
bana seni, gerek seni...

beyledigini bilemokdum

beyledigini bilemokdum welin,sheylemi chyndanam?
hany Adam ata bilen How ene Jennetde wagty How ene alma iyenokmy?

?

GaraDag wrote:

beyledigini bilemokdum welin,sheylemi chyndanam?
hany Adam ata bilen How ene Jennetde wagty How ene alma iyenokmy?

????
_____________________________
Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

Ol alma däl. Aýatda many

Ol alma däl. Aýatda many taýdan "bir miwäň iýilmegi gadagan edilýär olara. Olam bugdaý diýlip teswir edilýär din alymlarynyň aglabasy tarapyndan. Asyl maksat miwäň iýilmesligi däl-de, Adam ata we How enä Biribaryň buýruklaryna tabyn bolmaklary ündelýär ýene Biribar tarapyndan." Ynha, şu ýagdaýyň daşyna çykmaklaryna "Biribar adyna ant içen" Şeýtan sebäp bolýar. Netijesinde Biribar olary duşman hökmünde ýer ýüzüne iberýär. Şeýlelik bn hem synaglar we sebäpler älemi başlaýar. Netijesi bolsa "Sylaglar we jezalar älemi" bolmaly şu dünýädäki eden amallaryňa görä!

Gysgaça şeýleräk ýagdaý Kurana, ýagny, Allahyň aýdanyna görä!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Barde jennet barada gurrung

Barde jennet barada gurrung edilyar sizing bolsa ulanyan sozlerngizi! Jemshit ongem aytdym yene-de hayysh edyan, bu yerik dinge oglanlar girenok, gyzlaram bar, shong uchin bizi bir azajyk sylayan bolsangyz ongunden pikirlenip yazayyng.
Birem yokardaky kop yazgylary okadym welin, baryngyz yone “lezzet” diyip aldyngyz! Ya Jenneting bar manysan “shol lezzetmi”?!
P.S. tualet barada Adam Ata bilen How ene hakda rowayaty yadyngyz salyng!

_____________________________
Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

Bärde säwlikler bar,

Bärde säwlikler bar, gaharlanmaklyk, gyzmalyk, söwüş, hapa söz we ş.m. Jennetde bu ýok. Bärde uky bar, Jennetde ýok.

Ýazsaň ýazyp oturybermeli, ýöne käbir agza ýürek bulaýjy zatlar ýazansoň, ýürek bulanyp, gusan ýaly bolaýýar aram-aram, ýogsam, adaty ýagdaýda şu ýerde "haparak" görülýän söz ýa sözleri hem ýazmajak bolýan welin, gel-gel şeýle ýerlerde özüme erk edip bilmän ulanaýýan-da.

Özüňem görüp başladyň dämi indi bu ýagdaýy?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ey geling shu erbet sozleri

ey geling shu erbet sozleri yazmalyngda , men owrenip bashlapdyryn, ozum nadip aydyanymamhem bilemok , welin dilimden sypya , godek sozler:) ine shu soler , yykdyng,how, ay , eybashgada yaman kan sozler , biderek sozler shu taydan owrenyan, , haysh beydip yazmang
kella name gelse yazyangyz , name hemma jennetda bolan yalak, hudaydan gorkung kella name gelse yazyp otyrsyngyz! huday bar diyengzok, beyleki zatlaram nadip aydyp bilyangiz,!

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • stalin 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

maňa diýdiň-maý, jigim

maňa diýdiň-maý, jigim :)
ýa meň şahsymda beýleki agzalaramy :) Wiý, olaň içinde men hem bar bolmaly-how :)

Bolýar, düşnükli, jigim! Ulanmajak bolaryn şol sözleri, käbirleri halys ýüregimi bulap gusdurmasa!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yokla ata aga , size hich

yokla ata aga , size hich zat diyip bilmen :) ata aga siz edil perishde yalak adama:)
men bashgalara diyyan ,

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

men shuna garşy -şeyle

men shuna garşy

-şeyle diymalin , şeyle diyelin , şuny yazyn yazman...

Herkim islanini diysin daraltmaly , hiçwagtam kitap yaly gürlap bilemok mena,aytjak zadyny bolşy yaly edip aydaysan.Name siymek we etc kimde syr...

1 hepde ön 1 ay we birnaçe ay önem barde arkayyn gürleyadik,erkana bolsan gowa...etme diysen gayta eden köpeler...

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Gadyrly ildeşler şu taýda

Gadyrly ildeşler şu taýda jennet barada gürrüň açylypdyr we dürli pikirler aýdylypdyr!
Elbetde bu taýda getirilen köp pikirler jennet baradaky Islamdan gelip çykýan düşünjelere esaslanan. Emma Hudaýyň Sözi bolan Töwrat, Zebur we gadymy pygamberleriň ýazgylary we Injil islamyň jennet baradaky düşünjelerindäkiden tapawutlylykda jennet barada başgaça gürrüň edýär. Mysal üçin: islamdaky jennetde şerap derýa bolup akar, jennetdäki erkeklere birnäçe gözel gyzlar berilýär we olar bilen aýşy-eşretde bolar diýilýän taglymat umuman Mukaddes Ýazgylarda gabat gelmeýär. Munuň deregine jennetiň iň arassa, tämiz ahlaklylykdan doly, parahatçylykdan doly mukaddes ýerdigini, ol ýerde ne agy, ne gaýgy-gam, ne ölüm, ne ezýet, kynçylyk bolmajakgygyny, bizi ýaradan Hudaýyň tagtynyň şol ýerde boljakgygyny aýdýar. Aýşy-eşretde bolmaklyk bize gerek hem bolmaz çünki Hudaýyň huzurynda bolmaklykdan başga sapaly zat ýokdur! Ol taýa hiç hili hapalyk, erbetlik, bihaýalyk, günä we ş.m baryp bilmez. Ol taý mukaddes bolar! Ondan başgada käbir ildeşlerimiz jennetdäki ýaşaýşy biziň tendäki ýaşaýşymyza meňzedip tendäki edýän zatlarymyzy ýatladypdyrlar, emma jennetdäki ýaşaýyş biziň täze tenimizde ýagny göklere degişli tende bolýarys. Bu sebäpden ýerdäki tenimiziň mätäçlikleri bizde bolmaz! Bizde täze ýaşaýyş bolar ol ýaşaýyş hem ebedi bolar!
Hemmäňiz üçin ýagşy dilegler edip,
Sylap

hayt ichigara... shun yali

hayt ichigara... shun yali bir boshluk goyberenimizi angdymamla...
_____________________________
cennet cennet dedikleri
bir kaç koşkle, bir kaç huri
isteyene ver onlari
bana seni, gerek seni...

ka yazgylary son yazmagym

ka yazgylary son yazmagym mumkin shu yazgy ucin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Na hemmekişi jennete gidip

Na hemmekişi jennete gidip baryamay? Dowzah name boş galmalymy? Dowzahda islemesenem siydiraymeseler, özem odun üstüne :D..