Gurban baýramyňyz gutly bolsun!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Essalowmaleýik, hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Armaň-da okuwlar we işler bn!

Ýokarda blogyň adyndanam belli bolşy ýaly, Gurban baýramy ýetip gelýär. Adaty ýagdaýda 8-nji Dekabrda Gurban baýramynyň ilkinji güni bolmaly. Garaz, 8-12 Dekabr aralygy 4 günläp Gurban baýramy bellener dünýäniň çar tarapynda musulmanlaryň arasynda, şol bir sanda Türkmenistanda hem. Elbetde, täsirini beýleki ynançdakylar hem alar, ýagny, programmalara çagyrylyp, soýulan gurbanlaryň etlerinden paýlaryny alyp we ş.m.

Gurban baýramyny, elbetde, köpüňiz bilýänsiňizdir. Ýaşap, duýup görensiňizdir.
Şeýle bolsa, onda azyrak gürrüň beräýseňiz?! Nähili baýram bellenileni, näme nahar iýeniňizi, nirelere gideniňizi we ş.m. Özüm aşakda ýazaryn, enşallah, özüm bn baglanşykly bolan TM-däki we TÇ-däki käbir degişli wakalardan.

Ýene bir zat, gurban ybadaty barada yslam.info sahypasynda goýuljak gerekli käbir maglumatlary bu ýere-de goýmakçy.

Muňa goşant goşmak isleýänere, elbetde, minnetdarlyk bildirerin we bildiriler, enşallah!
Bulam bir hyzmat bolar islän ynsanlarymyza!

Men aşakda goýup başlaýan onda!

Sag boluň!

Edit: bugün eýýäm Gurban baýramynyň 1-nji güni.

Telpekler (5 kisiden 11 sany)

Bu yazgi ucin

  • selmonelk85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Mylayym 5 telpek goyyar we yazyar: "hemmesi ucun"
  • selbishka 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "tüweleme!"
  • kici gowunli 1 telpek goyyar we yazyar: "Alla razy bolsun sizden"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gurban «Gurban» sözi –

Gurban

«Gurban» sözi – ýakynlaşmak, Allaha ýakynlaşmaga wesile bolan zat manylaryny berýär. Bu sözüň ystylah manysy: ybadat maksady bilen belli bir wagtda, belli şertlerde, usulyna laýyklykda malyň damagyny çalmak diýmekdir. Gurban baýramy günlerinde damagy çalnan mala «udhiýe» diýilýär.

Gurban kesmek – zekat we baýram namazlary ýaly, hijretiň ikinji ýylynda meşrug kylynýar. Gurban kesmegiň Kitapdaky delili Kewser suresidir. Bu surede Allah Tagala Resulullaha ýüzlenip: «Rabbiň üçin namaz oka we gurban kes» (Kewser, 2) diýip buýurýar. Bu aýatdaky emr Pygamberimize degişli bolsa-da, hanefi alymlary gurban kesmek ähli musulmana wajypdyr diýen hökümi çykarypdyr. Gurban kesmegi emr edýän käbir hadyslar hem bardyr. Ebu Hureýräniň gürrüň beren bir hadysynda: «Ýagdaýy bolsa-da gurban kesmedik kişi biziň mesjidimize ýakynlaşmasyn», (Ibn Maje), diýse, başga bir hadysda: «Eý, ynsanlar, her bir maşgalanyň her ýyl gurban kesmegi wajypdyr» diýilýär, (Tirmizi, Ibn Maje). Pygamberimiz gurban kesmek ybadatyny hemişe dowam etdiripdir.

Beýleki üç mezhebe görä, gurban kesmek müekket sünnetdir. Güýji ýeteniň ony etmezligi mekruhdyr.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gurban kesmegiň

Gurban kesmegiň hikmetleri

Gurban – hem şahsyýet, hem-de jemgyýet taýyndan ençeme peýdasy bolan, mal bilen edilýän ybadatdyr. Gurban – Allaha ýakynlaşmaga we Onuň razylygyny gazanmaga wesiledir. Kurany Kerimde şeýle buýrulýar:

«Biz her bir ymmat üçin gurban kesmegi emr etdik. Ryzk hökmünde beren mallarymyň damagyny çalanlarynda Allahyň adyny aýtsynlar. Şuny hem unutmaň, hemmäňiziň Taňryňyz ýeke-täk ilahdyr. Onda diňe Oňa boýun boluň. Eý Resulym, sen hem pespällere, ak ýüreklilere we yhlaslylara buşla», (Haj, 34). Bu aýat taryhyň dowamynda ähli dinlerde gurban ybadatynyň bolandygyny habar berýär. Kurany Kerimde hezreti Adam atanyň ogullarynyň Allah ýoluna gurban kesýänlerinden söz açylmagy, gurbanlygyň hezreti Adam atadan bärik dowam edip gelen ybadatdygyny görkezýär. Şeýle hem, ynsanyň ähli mülk we mal baýlygynyň hakyky eýesiniň Allahdygyny ýatladýar. Gurbanlygyň hezreti Ibrahim we ogly Ismail bilen hem ýakyn baglanyşygy bardyr. Hezreti Ibrahimiň düýşünde ogly Ismaili gurban etmek emrini almagy we oňa boýun bolmagy, Ismailiň bolsa kakasyna garşylyk görkezmän, Allah ýoluna gurban bolmaga razydygyny aýtmagy, gurbanlygyň wepalylyk we sadakat nyşanydygyny görkezýär. Mü’minler her gurbanlykda hezreti Ibrahim bilen ogly Ismailiň Allah Tagalanyň uly synagyndan abraýly geçendigini ýatlap, özleriniň hem şeýle tagat-ybadata taýyndygyny görkezýärler.

Gurban kesmegiň asyl maksady yhlas we takwalyk bilen Allaha ýakynlaşmakdyr. Bu maksat bolmasa, kesilen gurbanlygyň Allahyň dergähinde gadyr-gymmaty ýokdur. Çünki, Kurany Kerimde Allah Tagala şeýle buýurýar:

«Şuny unutmaň, berlen gurbanlygyň eti-de, gany-da Allaha ýetmez. Ýöne Oňa ýetjek ýeke-täk zat ýüregiňizde beslän takwalygyňyz, Allaha bolan tagatyňyzdyr», (Haj, 37).

Gurbanlyk jemgyýetde dost-doganlygy, ýardamlaşmagy, arkalaşygy saklaýar. Adalatyň, deňligiň hakykata öwrülmegine goşant goşýar. Aýratyn hem gurbanlyk et satyn almaga güýji ýetmeýän, ýetde-gütde ýaşaýan garyplar üçin bähbitdir.

Gurban kesmegiň ahyret peýdasy barada Pygamberimiz hadysy-şerifinde şeýle aýdýar: «Gurbanlykda malyňyzyň gowusyny kesiň, çünki, olar syratda siziň ulagyňyz bolar». Hezreti Äşäniň gürrüň beren bir hadysynda: «Adam ogly gurban baýramy gününde damak çalmakdan başga haýsydyr bir gowy iş bilen Allaha ýakynlaşyp bilmez. Damagy çalnan mal kyýamat güni şahy, toýnagy we gyly bilen geler. Gurbanyň gany ýere degmänkä, ol mal Allahyň dergähinde belent mertebä göteriler. Şonuň üçin gurbanlaryňyzy göwnühoşluk bilen kesiň» diýilýär, (Mälik, «Muwatta», Ibni Maje).

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gurhanda Adam atadan başlap

Gurhanda Adam atadan başlap gurban kesmek bar diyipsin.
hazirki modern adamlaryn taryhy; baryp 200 mün yyl ön.
emma goyunyn ilkinji öydeçil edilmegi bolsa 9-11 mün yyl ön.
goyun öydeçil edilen ilkinji haywan.
wikipedia'dan yanyja seretdim.
biraz terslik yokmy?

Edit: Jemşit, dine bolan her hili narazychylyklaryny degisli bloglarynda yaz, barini bolsa Gurban bayramyny bayram sheklinde kabul edip, shon dovamynda name etmelidigini/edyandiklerini yazyan adamlar uchin galdyr! Ata aganyn shu yerde yazanlaryndan govnune yaramadyklary quote etde dovam ediber shol mowzuklarda, yone barde gurruni bashga yana sowma ! Mergen!

Mergeniň diýenlerine

Mergeniň diýenlerine eýerip, saňa jogap ýazjak däl, Jemşit! Degenogam, aslynda!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gurbanyň wajyp bolmagynyň

Gurbanyň wajyp bolmagynyň şertleri

Gurban – azat, mukym, baý bolan her bir musulmana wajypdyr. Ymamy Agzam we Ebu Ýusuf gurbanyň wajyp bolmagy üçin gurbanlyk kesmäge borçly ynsanyň akylly we kämillik ýaşyna ýetmelidigini şertine goşmandyr. Bulara görä, baý bolan bir çaganyň ýa-da däliniň hossarynyň olaryň adyna gurban kesmegi şertdir. Ymam Muhammede görä bolsa, akyly ýerinde bolmak we bulug ýaşyna ýetmek şertdir. Gurbanyň ybadat bolmagy sebäpli, ybadatlarda akyly ýerinde bolmagyň we bulugyň hökmany şertdigi üçin, çagalaryň we dälileriň malyndan gurban kesmek wajyp däldir. Fetwada Ymam Muhammediň pikiri esas edilip alynýar.

Häzirki döwürde gurban kesmek üçin kişiniň azat bolmak şerti öz-özünden ýitipdir. Mukym bolmak barada aýdylanda, ýolagçylyk şertleri häzirki döwürde düýbünden üýtgäpdir. Baýram günlerinde ýurduň içine ýa-da daşyna gezelenje çykan, ene-atasynyň öýüne myhmançylyga gelen kişiniň ýagdaýy tapawutlydyr. Ol öňünden gurbanlygyň aladasyny edip, birine wekillik berip, gurban kesmegi ýa-da baran ýerinde gurban kesmegi has gowudyr. Çünki, gurbanyň namaz, oraza deýin şahsyýetiň niýeti we ruhy dünýesi bilen baglanyşygynyň bolşy ýaly, jemgyýetde ijtimagy deňlik we adalat bilen hem baglanyşygy bardyr. Şol sebäpli, gurban ybadatyny her hili şertde-de ýerine ýetirmäge çalyşmalydyr.

Gurban kesmek mükellefiýeti üçin dördünji şert – kişiniň gurply bolmagydyr. Hanefi mezhebine görä, gurban kesmegi wajyp kylýan baýlygyň ölçegi, zekat we fytyr sadakasynda zerur saýylýan şertler bilen meňzeşdir. Ýagny, kişiniň bergi we asly zerurlyklaryndan başga 85 gr. altyna ýa-da muňa deň gelýän pula ýa-da mal baýlygyna eýe bolmagydyr. Hanefi mezhebine görä, baý bolmak: ýaşaýyş jaý, egin-eşik, ulag we maşgala agzalarynyň çykdajylaryndan başga nisap mukdary baýlygyna eýe bolmakdyr. Ýöne, häzirki günlerde asly zerurlyklara her kese laýyk bolup biljek belli bir ölçeg goýmak mümkin däldir. Bu meselede her kesiň wyždany özüne ölçeg bolmalydyr, ýagny, gurban baýramynda janly almaga güýji ýetýän adamyň gurban kesmegi has gowusydyr. Ýöne, gurbanlyk mal almaga mümkinçiligi bolmadyk kişiniň gurban kesmek üçin özüni kyn güne salmagy hem dogry däldir. Bu meselede käbir alymlar beýle kişiniň özüne wajyp bolmadyk ybadaty wajyp edýändigini, kesilen gurbanyň bolsa, nezir boljakdygyny belläpdir. Şonuň üçin garybyň alan gurbanlyk janlysy ýitse we ikinji gezek gurbanlyk janly alsa we bu aralykda birinji mal tapylan ýagdaýynda, onuň iki malyny hem kesmegi hökmandyr. Bu höküm: maddy mümkinçiligi ýok halda ilden galmajak bolup ýa-da ybadat sogabyny ýitirmejek bolup gurban kesmäge özüni mejbur edýän kişini oýarmak üçindir.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gurbanyň

Gurbanyň görnüşleri

Gurbanyň «wajyp» we «nafile» diýen iki görnüşi bardyr.

Wajyp gurbanlar

1. Udhyýe gurbany – nisap mukdarda mal baýlygy bolan kişiniň gurban baýramynda kesen gurbany. Gurban kesmek niýeti bilen satyn alan malyny gurbanlyk etmäge mümkinçiligi bolmadyk garybyňam ol janlyny gurban etmegi wajypdyr.

2. Nezir gurbany – bir möhümiň bitmegi üçin nezir edilen, ýagny, Hudaý ýoluna aýdylan gurbandyr.

3. Hedý gurbany – hajy kyran we hajy temettu edeniň kesýän gurbany. Muňa şükür gurbany hem diýilýär. (ser. Haj).

4. Jeza gurbany – hajda hajynyň hatasy sebäpli kesilýän gurban.

Nafile gurbanlar

1. Akika gurbany – täze doglan çaga üçin şükür niýeti bilen kesilýän gurban.

2. Hajy ifrat edeniň kesýän gurbany. (ser. Haj).

3. Gurban baýramyndan başga gün kesilen gurban.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gurban kesmegiň

Gurban kesmegiň düzgüni

Gurbanlyk ediljek malyň damagy çalnanda käbir düzgünler berjaý edilmelidir. Maly kesiljek ýere ynjytman äkitmeli we ýüzüni kybla tarap edip, çep ýanyna ýatyrmaly. Mükellefiň gurbanyny özüniň kesmegi mendupdyr. Oňarmasa başga birine wekillik berip kesdirip biler. Gurban kesjek kişiniň musulman bolmagy has gowudyr. Ýöne jöhit ýa-da hristian gassabyna hem gurban kesdirmek bolýar. Çünki Ähli Kitabyň kesen maly halaldyr.

Dinimizde damak çalmaga «tezkiýe» diýilýär. Tezkiýe «zebh» we «nahr» diýen iki görnüşe bölünýär.

Malyň eňeginiň aşak ýanyndan çalynmagyna zebh diýilýär. Bu usul goýun, geçi, sygyr mallarynyň damagy çalnanda ulanylýar.

Malyň bogazynyň göwreden çykan ýerinden çalynmagyna bolsa nahr diýilýär. Nahr düýeleriň damagy çalnanda ulanylýan usuldyr.

Damagy çalnan malyň «ewdaj» ady berlen dört agzasynyň kesilmegi hökmandyr. Olar: kekirdegi, gyzylödegi we iki sany boýun damarydyr. Damak çalnanda ganyň doly akyp gutarmagyna garaşmaly, jany çykmanka, boýun ýülügini kesmek mekruhdyr.

Mal öldürilende gurbanlyk edýän kişiniň şol ýerde bolmagy müstehapdyr. Mal ýere ýatyrylanda ol:

«Meniň namazym, ybadatym, gurbanym, diriligim we ölümim – hemmesi älemleriň Rabbi bolan Allah üçindir» (Engam, 162) manysyndaky aýaty okasa has gowudyr. Soňra: «Eý, Allahym, halylyň Ibrahimden, habybyň Muhammetden kabul edişiň ýaly, menden hem kabul et» ýaly dogalar edip, tekbir hem tehlil getirmeli we malyň damagyny çalmaly.

Gurban kesýän kişi mala ezýet bermezlige çalyşmaly. Pyçak ýiti bolmaly, ony mala görkezmeli däl. Damak çalnanda,

«Bismillähi Allahu Ekber» diýmeli. Gurbany wekil kesen ýagdaýynda, gurbanyň eýesi hem besmelä goşulmalydyr. Gurban kesen adam besmele aýtmagy unutsa zeleli ýokdur. Bilip aýtmasa, şol malyň eti haramdyr.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Galan degişli maglumatlary

Galan degişli maglumatlary yslam.info ýa ylmyhal.narod.ru sahypalaryndan tapyp bilersiňiz!

Goşmaça goşant ýa degişli soragyňyz bolsa, onda ýazyp bilersiňiz!

Soramak bolýar ýöne jogabyny almak barada bir zat diýip biljek däl :)))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • agashka 1 telpek goyyar we yazyar: "Yhlasynyz üçin Alla razy bolsun Ata agam..."

Şu Gurban baýramy

Şu Gurban baýramy diýemde, guramaçylyklar ýadyma düşüp gitdi:)

Ýadyňyzda bolsa, sizi Londona agşam naharyna çagyrypdyk :) Allaha şükür, gowja geçipdi. Indi ýene şoň ýaly bir guramaçylyk, has takygy baýramçylyk belläsimiz gelýär Londondaky Türkmenistanly talyplar bolup.

Remezan Baýramy we Garaşsyzlyk baýramymyzy-ha uly göwrümde gutlap bilmändik Londonda, ýöne, enşallah, Gurban baýramyny üýşüp bellemegi niýet etdik şu ýerdäki 4-5 agza bolup :)
4-5 sany adam gelýär diýmek däldir, 4-5 bolup ylgajak bolýas, sany näçe boljagyny bir Allah bilýär:)

Hawa, häzir takyk däl, ýöne gysga wagtda belli bolarmyka diýýän haçan we nirede Gurban baýramyny bellejegimiz. Uly ähtimallyk bn Londonda merkezräkde bir ýerde 11-nji Dekabr, Gurban baýramynyň, şol bir sanda hepdäniň hem 4-nji güni agşam sagat 5-9 aralygynda belläp bileris. Takyk bolsa "guk!" diýeris-dä bu ýerde-de, enşallah!

Ünsüňiz üçin sag boluň:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Nähili baýram

"Nähili baýram bellenileni, näme nahar iýeniňizi, nirelere gideniňizi we ş.m. Özüm aşakda ýazaryn, enşallah, özüm bn baglanşykly bolan TM-däki we TÇ-däki käbir degişli wakalardan..."

Ilkinji gezek B-aly TTM-de gutlanypdy öýdýän meň durmuşymda şu Gurban baýramy. Ýadyma düşýär mekdebimiziň howlusynda birnäçe düýe, birnäçe öküz we birgiden goýunlaryň gurban edilişi. Bizem ilki çukurlary gazmakda, soň goýunlary baglap, demire asmakda, derisini ýüzmekde we kesilen etlerini daşamakda hem-de iň soňundan tämizlik edilmeginde goldaw berýärdik mugallym, terbiýeçi we gassaplara. Gurbanlygyň damagy çalynmaka tekbir getirýänimiz hem ýadymda olara goşulyp: "Allahu Ekber, Allahu Ekber. Lä Ilähe illallahu wallahu Ekber! Allahu Ekber we lillähil hamd!" diýip.

Garaz, örän gyzykly we gowy geçýärdi. Et baryny iýýädiler talyplar:)

Onuň daşyndan, 1 ýyllyk et "stogy/depo" edilýärdi welin, ýarym ýyla-da ýetýän däldir-laý onça et:) Sebäbi, mekdebimiziň töweregindäki mätäjräk maşgalalara we işgärlere-de etden paýlanýardy belli mukdarlarda(hersine azyndan 5-10 kg)

TÇ-de bolsa, her ýyl UÝJ-mizde TM oglanlar bolup, 2-3 goýun dagy soýýardyk we hezil edip iýýärdiler oglanlar.

Men kän et iýemok, ýöne towuk eti welin iýýän :) Şoň üçin Gurban baýramlarynda nahar iýsemem, etini iýemok ýa-da göwün üçin azajyk iýäýmesem :) Wiý, gowurma edip, birnäçe gün iýýädiler oglanlar soňam :)

Gurban baýramy ertirlik edinýärdik üýşüp UÝJ-mizde galýan ähli daşary ýurt milletlerinden talyplar bn. Soňam özara futbol ýa woleýbol bäsleşigi geçirýärdik.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

TM-da bolsa, bir maşgala

TM-da bolsa, bir maşgala bir goýny gurbanlyk edip soýsa, onda nahar bişirýärler şol etiň belli mukdaryny ulanyp. Onsoňam goňşy-golamlary çagyryp, gurban baýramyny belleýäler. Kän bir dini maglumatlar berlenok, toýa meňzeş ýagdaýda bolup geçýär öýdýän?!

Etiň galan mukdarynam, mätäç birnäçe goňşa paýlap bilýäler ýa-da gowrup, öz maşgalalary üçin saklaýalar. Esasanam, ikinjisi bolýan bolmaly bilşime görä?!

Ýa beýle dälmikä?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hawa menin bilşime göra

hawa menin bilşime göra hem şu 2njisi bolyar.
Yagny, gurban kesenin bilen, hiç-hili Hudaya yakynlaşanok.
Yada tersden pikir etsek, Hudaya yakynlaşmak üçin, hökman gurban kesmeli diylen zat yok.
*imho :)

hadys beýany bn "amallar

hadys beýany bn "amallar niýetlere görä, Jemşit!"

PS: Iň gysga jogap saňa! Indi bir dine närazylyk bildirýän sorag ýa ýazgylaryňy şu ýere ýazma - haýyşt! Seň bn jedelleşmek üçin açmadym bärini, "gerekli maglumatlary okasynlar we habarlary bolsun!" diýip açdym! Munam senden basylýan diýip düşünme! Gerekli görsem, degişli bloglardan birini aktiw edip, şol ýerde jogaplap bilerin!

Maňa dogry düşünersiň diýip umyt edýärin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gulnara

HA dekabyrda diysene...KOp sag bol yatladanyn ucin,yogsa bizde barde kim Gurban bayram belleyar???????Mena cynymy aytsam dekabyrda bolyanynam bilmandirin.

güldim-eý, jigim :) gaty

güldim-eý, jigim :)

gaty göräýme ýöne! Özümem 14 ýaşlarymda şeýledim, şondan soň öwrenip galdym. Munda SSSR-iň, ýagny, ruslaryň täsiri ýok däl. Ýagny, duşmanlaryň merhemetsizliginiň ýanynda, dostlaryň(öz adamlarymyz) hem nankörlikleri bar sebäp hökmünde.

US-da hem Gurban baýramy hökmany ýagdaýda her ýyl gutlanýandyr. Ol ýerde-de musulmanlar köp. Hatda, Türkmenlerem aýratyn gutlap bilerler. Ynha, biz-ä UK-da gutlajak bolýas. US-däki TM-ler UK-däkä garaňda, bu babatda has aktiw diýip bilýän, aýratynam, TEKSAS ştatyndakykar :))

Sorag-ideg edip görüň, şu sahypada-da bar bolan käbir agzalar hem bilýändir bu babatda.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata aga Texas :))) way

ata aga Texas :)))
way gulnarjan ongaraydyngla , biza shonga tayyarlyk gorup yorus , hemme kishi tayyarlyk gorya barde:)) koynek alnayyn diyip durdum mena:))
ata aga higilik (dogry yazdymayt) uchasym gelyarde :)

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Be meninem hinnildik uchasym

Be meninem hinnildik uchasym gelyarda, way yatlatmasana shol gurbanlyk gunlerini, gyzyk bolarda. Ata aga saada sag bol menem bilemokdym shu yyl gurbanlygyn dekabrdadygyny, sag bol yatladanyn uchin.

men

men türkmençesini/türkçesini ýazdym-a :)
ýaltandym-laý tm-çe klawişadan ENG klawişa geçirmegi, çünki arada TÇ we RU klawişalaram bolansoň ýaýdandym :)

Tehas hem diýäýsemmikäm-ä diýipdim, bir ýerde Baýram ulanan ekeni, olam hiç neneňsi däl :))

Ýene-de minnetdar, jigim:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Selbim wah barde bolan

Selbim wah barde bolan bolsadyn zumjik seni hinnildigi alyp giderdim .Barde dayzamlar gurayar .Gelay bolmasa .Mena garasaryn.

way maya chyndanam sheylemi?

way maya chyndanam sheylemi? men pahyr hachan higilik uchdym , bararyn bir samolyotym yetishsin , shu wagt tayyn dal:)) menga gurbanlygym nahili geshegi belli dal:) enshalla gowy bolsun allajan ::)
:)))) uchyp hezil edersingiz onda:)

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

:)

selbishka wrote:

higilik

- hiňňäldik

Quote:

geshegi

- geçjegi

haçan öwrenjeg-aý bulary, jigim:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bora ata aga , hatda shony

bora ata aga , hatda shony dilimde zordan aytyan:)
mangada bir dushunayingda , :)

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Ay barde musulmanam

Ay barde musulmanam yok,turmenem,mena shondan diyaydim,sonam men texasda dal..Shondan yazdym yashayan yerimde yeke-je musulmanam yok,shondan men ony nadip bileyin,hemem men pikirimce gaty bir gulkunc dalmika diyyan..

gaty gördüň gerek?! Men

gaty gördüň gerek?!

Men seň şeýle açyk göwünlilik bn ýazyşyňa ýylgyrdym diýjek boldum, ýagny, gülkünçliginden däl.

Ýagdaýyňa düşündim, jigim! Enşallah, Biribar göwnüňe görä haýyr, bähbit bersin bu babatda-da!

Bagyşla, jigim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hermiona 1 telpek goyyar we yazyar: "SAg bol gaty gormedim..."

hemmelere salam! haysy

hemmelere salam!
haysy yildigi anyk yadyma dushenok yone yakin yillaryn birinde taze yil bilen Gurban bayramy bilelikde gelipdi. Gaty hezil yil bolupdy. O yil gaty hezil yil bolupdy. ilki taze yili gutladyk gowy edip. ertesi gunem Gurban Bayramy gutlamaga bashlapdyk. Oylan ara nahar bisirip bashlanymyzdan dandan 5-e cenli oturayipdyrys. Gije sagat 12-den son oglanlar bolup shahslik edelin diyen karara geldik. Dasharyk chykyp 2 sagat odun chopledik sowukda. Son shompul tapmak ish boldy. Shompul tapyp bilmedik, eti simden gecirip koze goyduk. Gaty suyji bolupdyr yone. Sho yil yatdan cikanok.
Bu yilam planyny duzyas welin bolayadir...
Gecen yil futbol oynap gecirdik hezilem bolmady.Dogry uyhsup goyun soyduk, yone olam gaty gowy yatlama bolup galmady..

men shonda taze yyl bilen

men shonda taze yyl bilen gelende obada bellapdik gurbanlagy, way allajan shol gun hich yadymdan chykmayar
bay ashgabada gelemsong sheyle yaramandym, oluming bari yanyndan gaydypdym,hich hachan yadymdan chykarman sho yyly:(

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

olumin bari yanyndan gaytdim

olumin bari yanyndan gaytdim diyyanmni?
o nireragi bolya?

bilemok _____________________

bilemok

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

sen haýsy şäherde

sen haýsy şäherde belläpdiň olary?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men ballemedim, biz belledik

men ballemedim, biz belledik :)
turciyanyn izmir shaherinde belledik.

haýt, sefer diýip bir

haýt, sefer diýip bir türk "US-da gurban berip bolýarmy?" diýip soran ekeni türkçeläp. Elinjek US-däki tanyşlardan birine bir ýa birnäçe gurban berer ýaly etjekdim welin, indi şahsy gürleşmeli boldum öýdýän :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Yaman dushunmedimda..izvini

Yaman dushunmedimda..izvini pojaluysta

Hermiona, maňa-ha soran

Hermiona, maňa-ha soran dälsiňdir?! Şeýle bolsa, onda haýsy ýazgyma sorap ýazanam bolsaň, şol ýazgymyň aşagyndaky "jogap ýaz" dügmesine bassana?! Sebäbi, bilip bolanok kime ýazylany!

Sefer diýip bir türk agza häliräk sorag sorapdy şu blogda "US-da gurban kesdirip/soýduryp bilerinmi?!" diýip türk dilinde, onam jogapkärlerden biri pozupdyr şu ýerden. Pozmadyk bolsa(lar), şoňa "jogap ýaz"-a basyp, "soýduryp bilhegini we habarlaşmak üçin dostlarymdan biriniň maglumatlaryny berjegimi" ýazjakdym!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Internet doly US'de, ya-da

Internet doly US'de, ya-da nirede bolsa-da gurban kesdirmek isleyan adamlar uchin info gerek bolsa, name, Tmolympiad'dan, onda-da turkler uchin bashga yer gapyshdymy ?? Asyl maksadyn gurban kesdirmek, onda-da US'de kesdirmekdigine, shon uchinem barde info sorayanyna ynanmadym, gordi turkche achan blogynda ha diyyan yok, onson sheyle zat yazdy yzynda, we gurban diylen zat gorkezman, bildirman edilmeli, shona gora-de PM atay eger chyny bilen yazandyr oytsen, yone arassa turkche yazmaga rugsat berjek dal !

düşnükli, Mergen! Şeýle

düşnükli, Mergen! Şeýle hem bolar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

HAwa sana yazdym shol Sefer

HAwa sana yazdym shol Sefer agalyna dushunmedim,yone sonkyna dushundim..Thank u.

ehe bashga yurtlarda hacan

ehe bashga yurtlarda hacan etmekci bolyalaray gurban bayramy, bizde entage belli dal oydyan ediljek guni

Haysy agza İzmirde İzmire

Haysy agza İzmirde İzmire gezelenje barjak gurban bayramynda?
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

men izmirden gaytjagam dal..

men izmirden gaytjagam dal..

mena izmire 30-na baryp

mena izmire 30-na baryp pulum gutaranson gaytmakçy nesip bolsa
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Gurban baýramy 4 gün dowam

Gurban baýramy 4 gün dowam edýär. Bärde-hä 8-nji Dekabr, hepdäň 1-nji güni Gurban baýramynyň ilkinji güni. 11-nji Dekabr hem iň soňky bolan 4-nji güni! Şol günem Londonda belläris baýramy üýşüp, enşallah:)

ps: Milka, jomartlygyňa minnetdar, jigim :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ATA aga

ata aga hachan oruch tutup bashlamaly, shol ayda tutulyan orucun hikmetlerini ve sogaplary hakynda maglymat yazayda.

Bu yil-a gecdi. Indiki yil

Bu yil-a gecdi.

Indiki yil (2009) ucin bolsa, 21-nji Awgustda bashlayany yazylyar internetde ashakdaky linkde:
www_when-is.com/ramadan-2009.asp
shol yerden 1 bolek:

"When is Ramadan in 2009?
Ramadan in 2009 will start on Friday, the 21st of August and will continue for 30 days until Saturday, the 19th of September..."

Remezan ayy we oraza barada ginishrak maglumatly 1 blog acypdym 1 yyl onrak, olam ashakdaky lindedir, seredip gor hany:
http://www.tmolympiad.org/?q=node/2401

Bashga soragyn bar bolsa-da shu yerde yazay, bilyan bolsam, ya owrensem yazaryn, ensallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gurban bayramyndan on...

Su gun Kameri ayynyn 12-nji ayy bolan Zilhijji ayy basladi. Bu ayda 10gun agyz berklener we onun her bir gunune 1yyllyk sogap yazyljakdyr.

Peygamberimiz(SAV) Zilhijji ayynyn 10gun orazasini, her ay 3gun orazasini we her ertir namazini etrir namazinin 2reket sunnetini sypdyrman okapdyr.

Zilhijje ayynda oraza tutup, kop sadaka berip we kop dua etmelidiris!!!

Zilhijje aynyn agyz beklemeginin sogaplary:

1.Omri bereketli bolar
2.Mali kopeler
3.Cagalary beladan goralar
4.Gunaleri bagyslanar
5.Gowy eden islerine gat-gat sogap yazilar
6.Olum wagtynda ruhyny ansat tabsyrar
7.gabry aydynlanar
8.Mizanda(Terezide) sogaby agyr geler
9.Jennedin in yokary gatynda bolar

Zilhijje ayynyn ilkinji 10gununde (Subhanallah), (Elhamdulillah), (La ilahe illallah),we (Allahu ekber) kop aydilar.

Yzyny siz dowam edayin!!!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah! Telpek!"

Arefe guni

Gurban bayramynyn bir gun onki guni bolan "AREFE" gununin ertir namazindan baslap, bayramyn dordunji gununin ikindi namazina cenli 23wagt parz namazynyn yzyndan salamdan sonra bir gezek:
"Allahu ekber, Allah ekber, la Ilahe Illallahu Vallahu ekber Allahu ekber Velillahil Hamd" okalyar.

Arefe gununde Hz.Adam we Hz.How ene yer yuzinde ilkinji sapar dususyarlar.

Arefe gununde Bismillah bilen 1000 Ihlas(Kulhuallah)suresini okanyn gunaleri bagyslanyp onun dilegleri kabul boljakdir.

Allahu Tagalla Arefe gununde gullaryna zerre kadar(in kici) imany bolanyn hem gunasini bagyslajakdyr.

Su dort Mubarek gijede Allahyn rehmet gapylary ginden acyljakdyr:

1.Ftir (Ramazan) Bayram gijesi
2.Kurban Bayram gijesi
3.Terviye gijesi(Zilhijje ayinin 8-nji gejesi)
4.Arefe gijesi(Isfehani)

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Tuweleme.Kop sagbolung!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "maglumatlara-1"

dowamy

Arefe gununde cok dua we toba etmelıdırıs!!!

Arefe gununde bır yas yıgıt Peygamberımızın(SAV) yanında aklından zenanları gecırıp we olara seretya. Peygamberımız(SAV) elı bılen ol yıgıdın unsını bolmek ısleyar. Şondada ol yaş yigit zenanlary düşünyar.
We şonda Peygamberımız(SAV) şeyle diyyar;
- Ey yaş yigit, bu gün şeyle bir gün welin...
Her kim gulagyna, gözüne we diline eye bolarsa we sabyr ederse ahli günaleri bagişlanjakdyr, buyurdu.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "maglumatlara-2"

Tmolympiad'da Turkmen

Tmolympiad'da Turkmen dilinde yazmalydyrys !!!

Indi arassa Turkmen dilinde yazmaga owrenisherche wagtam boldy gulalek, turkche garym-gatym etmegin dusuner yaly edenok yazgyny, we "birinji sharpyk gaty degyar" diylen effekti gidiryar, yagny yazgyn tasirini belki 2-3 esse peseldyar kelle agyrdyp dusunmeli bolany sebapli, sebabi sozlemin gurlusyny turk grammatikasyna gora edyan...Turkmen dilinde "ı" harpynyn yokdygynam yatladayin !

Gyrgyzdakylaryň umumy

Gyrgyzdakylaryň umumy säwligi öýdýän şu ýagdaý başda geläýen wagtlary üçin :)

Onça-munça hemmämizde-de bolandyr başda-la welin, şu ýerde ýagdaýy düşündirmek arkaly, köpümiziň ýola gelşimiz ýaly, täzelerem gelrr, enşallah:)

Onuň daşyndan, mowzuk baradaky degişli maglumatlary goýany üçin, jigimize minnetdarlyk bildirýärin! Allah razy bolsun!

Berekellah, jigim!

Dowamyna-da garaşýas!
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

kurban bayramı kutlaması...

herkese selam olsun,
amacım sadece bütün türkmen kardeşlerimin kurban bayramını kutlamak.türkmenistana sağlık ve esenlikler diliyorum.bu bayramda büyükleri,cocukları,yoksulları unutmayın lütfen.hoşçakalın...

ay dogan siz shu tayyng

ay dogan siz shu tayyng yazgysyna dushunyane mengzeyang? name gerek tm bilmeyan bolsang shu tayyk girmek!
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Ýene bir zat: Dün ikindi

Ýene bir zat:

Dün ikindi wagty wajyp bolan teşrik tekbirlerini getirmäge başlandy. Gurban baýramynyň 4-nji güni ikindi wagtyna çenli "Teşrik tekbirlerini" getirmek biz musulmanlara wajyp diýip bilýärin!

Ýatladaýyn diýdim!

Teşrik tekbirleri şeýle getirilýär:

Allahu Ekber, Allahu Ekber! Lä ilähe illallahu wallahu Ekber! Allahu Ekber we lillähil hamd!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Alla razy bolsun"

men-ä baýram namazyny

men-ä baýram namazyny okamaga jyrdym :)

namazlaryňyzam kabul bolsun!

Bugün söwüşenleriň, kine duýanlaryň ýaraşma günidir. Ýatdan çykarmaň!

Baýramyňyz hem mübärek bolsun!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

Gurban baýramyňyz gutly

Gurban baýramyňyz gutly mübärek bolsun! Kabul bolsun!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Gurbanlarynyz kabul,

Gurbanlarynyz kabul, bayramynyz mubarek bolsun !

Türkmenistanda bugün

Türkmenistanda bugün Gurban baýramynyň ilkinji güni!

Şoň üçin Tm-däki agza we myhmanlarymyzy ýene bir gezek aýratyn gutlaýan :)

---------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ana, Gurban bavramy hem

Ana, Gurban bavramy hem geçdi!

Maňa 60 töweregi gutlag mesajy(sms) gelen ekeni, ýöne menden 100-den köp giden bolmagy mümkin :)

Size-de sms geldimi gutlag hökmünde :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:((( eyyam gutardymay ,

:((( eyyam gutardymay , bilemokdym , chynym:(
ay yok sms gelmedi:( Biz pahyry yatlayan barmy:(((((
ay iki sany adam gutlady:(
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

sen ibermeseň

sen ibermeseň ibermezler-dä :)

bärde gutladylar onlarça agza - boldy-da näme :)

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

wi dogurdanam sheyle, ey bir

wi dogurdanam sheyle, bir hila geshdi meng gurbanlygym , hich zada dushunman galdym:(
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

men iberyan-le...jogap

men iberyan-le...jogap gelenok...
_____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

manga emailini iber , pm ,

manga emailini iber , pm , men size bir zat iberjek , turkche dushunyangmi?
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

bäh, onda iberýänleň

bäh, onda iberýänleň Gurban baýramyna ýa düşünenok, ýa-da ähmiýet berenok öýdýän?!

Garaz, gowu-ha däl, biri aýratyn mesaj/sms/gutlag iberýär, a oňa yzyna jogap berilenok.

Aý, mende-de köp bolýar şu ýagdaý, ýöne men şu ýagdaýy hem nazara alyp:"Iň azyndan meni ýatlarlar we doga-dileglerinde meň hem adymy agzarlar, yzyna jogap ýazmasalar wajyp hem däl-le..." diýen pikir bn hem iberýän.

Senem şeýdip pikir edäý, onsoň gynanmarsyň :))

--------------------------------------------------------------------------------------------------
"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Bor, ata aga!"

manga bir smska geldi. ozum

manga bir smska geldi. ozum email atdym obshiy hemme tanayanlaryma, onda-da kabiri jogabam bermedile!
Ay, borla, gaty ishlidirler! hawala, men ishsizda!
Gurbanlykda hemmeler biri birini bagyshlabermelidir-da!
Dogurdanam gechip gitdi eyyam...
____________________________
Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz