Garyndashlyk gowy zatmy ya indiwidualizmin gowy taraplary

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Garyndashlyk gowy zatmy ya yok?! Hemme zadyn bolshy yaly, munynam iki tarapy bar: gowy we erbet taraplary.
Emma edil shu dowurde, garyndashlyk gowumy ya indiwidualizm. Yashap yorkan bir gun garyndashyn peyda bolya, ozuni hamala sen borchly yaly alyp barya. Namemish, chagakan sychan bokuny ayranmysh, ya goterenmish ya yene bir zat. Ya-da garyndashmysh. Name etmeli? Elbetde komek etmeli. Alyanyn name?! 1 soz aytsan artyk, iki soz aytsan kem yagday. Aytsana torsaylyp "ay oz garyndashyna shey diydi, peydasy yok" we sh. m., aytmasan bolsa olaryn ugruna kowmaly.

Indiwidualizm bolsa, onda seni azara goyyan yok. BIr garyndashyna komek etsen eyyam bu uytgeshik yagday, senden razy bolup yoryaler, alkysh okayalar. Yone dunyanem dar gelya.

Sizin pikirinizche, garyndashlyk ya-da azyndan turkmenlerdaki garyndashlyk dogrumy? Gowumy? Gerekmi?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

garyndaşlyk gerek,

garyndaşlyk gerek, ýagdaýyna görä bolmaly seň diýýän zatlaň babatda-da!

PS: Baýram, 1-2 günüň içinde 2-3 sany täze blog açypsyň. Ýazgy ENG klawişa bn ýazylan asyl blogda, soňy TMÇ bn dowam edýär. Iş ýeriňde gelýär öýdýän pikirler, dowamy öýňüzde :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ay men pikirimce hokman

Ay men pikirimce hokman garyndashlyk gerek,jora dost elmydama gerek,menem shona dine okuwa gelenimden son dushunip galdym,menem ozume shular yaly soraglary beryardim on,name gerek shu garyndashlar diyip cynymy aytsam..Yone ana indi yekedemda,name hezillifi bar shonyn..Yone cynymy aydayyn kabir adamlar gaty naglyy bolyarlar..GAryndash diyip kellane munjeklerem bar how shulan..Yone shonda-da kayyl bolup,onushyp yashaybermeli,yekeligem govy zat dal..

Başda garyndaşsyz içiň

Başda garyndaşsyz içiň gysýa, ýöne men ýaly bir öwrenşeňsoň ýekelige, indiwidualizme, garyndaşlara täzeden öwrenişmeli bolýar :)
Olar senden bir zada her wagt garaşýa, sen olara borçly ýaly. Özem seni bir döwürden ýatlaýa we şoň ýaly seretmäge dowam edýä. Eýýäm ulalyp, başga adam bolandygyňy dagy bilesem gelenok. Onsoň aýtsaň göwnüne alýalar, aýtmasaň, seň aýdyşyň ýaly depäňe münýäler.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Sylag......

Ay yekelik gaty govy zat dal...Her zadynynam seredip otursan govy tarapam bar erbet tarapam,garyndashlaram her hili bolyarlar,dine bir garyndahsyn boyunca olary sudit etmeli dal-da,dushunyanmi??/
SEnem birinin garyndashysyna,belki olaram sana sheyle zatlary diyyandirleroz janyna yaramajak zat dala..Onsanam men pikirimce okuw okayan diyip hemme dost doganlaryny erbet hasap etmeli dalmika diyyan,men ony edil sen diyip aydamok,yone sheytyanem gorduk..
Elbetde yokary okuvy okasan gadyryny uly bolyar,yone sholaryn sana gadyr goyushlary yaly senem olary sylamaly..

Aý okuw bilen baglanyşygy

Aý okuw bilen baglanyşygy ýoklaý bu temanyň. Bu umumy düşünje bilen bagly ýagdaý. Garyndaş garyndaşa goldaw, goltgy boljak ýaly, onsoň ýagdaýyna düşünjek ýaly... Ýöne her wagt bolanok, gürrüň şol barada.
Umuman indiwidualizmiň gowy tarapy seň işiňe kän goşulanoklar, garyndaşlyk bagy güýçli bolsa, her kim işiňe goşulyberýä, sen barada pikiri bolýa, aýdyberýäler. Bilseler, bilmeseler. Meselem, berlen soraga "aý bu şahsy işim, sizi gyzyklandyrmalam däl" diýseň, bizde hemme garyndaşam ters düşünýä. Ulumsy görýäler, gaty görýäler...

Beý diýsem garyndaşlygyň gowy taraplaram bar, birinji ýazgyda hem belläpdim. Toýuňda ýasyňda kömek edýäler, ýeke däldigiňi görkezýäler durmuşda. Aý bulam nemedä, garyndaşa bagly. Bir garyndaş bar, gaty begenýäň garyndaşlygyňa. Käbiri bar, kän ylalaşmaýaň. Garyndaşy saýlap bolanok dost saýlaýşyň ýaly. Baryna razy bolmaly bolýa-da...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Bay bow, Gulnar jan internet

Bay bow, Gulnar jan internet wagtyňy gowy sarp edýäň öýdýän, :)D Ay, menem şu ýerde garyndaşlyk barada pikirmi yazaýyn. Çynymy aytsam plan dogry diyip bolanok şu temada, indiwidualizm bir tarapdan gowy, ýöne mysal űçin amerikanlaryň medenyetini alalyň, bularda garyndaşlyk diyilýän zat kän bir yok, her kim öz işi bilen, senem hiç kime azar bolaňok, olaram saňa azar berenoklar, ýöne şeýle ýagday döräp bilýär dostlaň goňşylaň kömek edip bilmese, kimiň ýanyna barjak? Ana, şonda garyndaş gerek bolýar.
“Tűrkmen garyndaşçyl halkdyr” Ruhanamada şeý diýýar-a. Baýram aga menem size dűşűnýän, öz entek garyndaşlam plan zat diyibä gelenok, ýöne kakamy synlap otyryn. Umuman, garyndaş garyndaş ş bolýar, öz ganyň.
Olar ýaly “nagly” garyndaşlary menem isläp duramok. Yöne menem adamlar meň şahsy durmuşuma meň edmenem adamlar meň şahsy durmuşuma meň edýän işlerime goşulsalar halamok, ýone bir zady öwrendim şuöwrendim şu ýaşy ýaşap: Turkmen bolup doguldyňmy, Turkmen bolmagyň dűzgűnlerinem berjaý et!

Leyla

Ruhnama diýýär? Hmm...

Ruhnama diýýär?
Hmm... bir zat ýazasym gelip dilim gijeýä. Borda, Kowusnama näme diýýä?
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Kowusnamada has köp zatlar

Kowusnamada has köp zatlar diýilýändir-laý:)

BIr kelläň işi dälmikä diýýän eser barada, şoň üçinem, gowy maglumatlar az däl şonda. At agzalsa birhili bolup bilýär kä/köp ynsanlar. Mejbury satyn aldyrylmagy we okadylmagy şuňa sebäp boldumyka diýýän men-ä.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Name yazjak bolanynyz

Name yazjak bolanynyz dushundim, menem shol pikirde ynanayyng!

Hermiona

BAh in tupoyy men bolup galypdyryn oyutyan,name yazjak boldynyz???????

"Bilýänler bilmeýänlere

"Bilýänler bilmeýänlere aýtsyn" ;)
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

A sen bilsen ayday..

A sen bilsen ayday..

Aýtsam, gysgaça

Aýtsam, gysgaça ýazmakçy.
Ruhnama meň gözümde mukaddes kitap däl. Hatda ondan gaty uzak, mukaddeslik nirede, Ruhnama nirede. Ruhnamanyň analizini etmäýin, emma erbet taraplary ýa ýalňyş taraplary sanardan kän.
Onsoň meni haýran galdyran, özem erbet manyda, "Ruhnamada hem şeýle diýýärä" diýlen söz. A Ruhnamada näme diýlende näme?! Haçandan bäri Ruhnama awtoritet bolup, şoňa salgy berilýär? Magtymgulyň bir goşgusy bütin Ruhnamalaryň baryndan gowy. Kuran, Hadys... ýaly mukaddes sözler we kitaplar galmandyrmy Ruhnama salgylanar ýaly?! Azady, Andalyp, we beýleki beýik akyldarlar?!
Ol adamlar halk üçin ýanan adamlar we aýdan sözlerinde ýasamalyk ýok. Şoň üçin asyr geçýä, emma Magtymguly ölenok, ýogsam oň goşgularynyň ýarysynyň golýazmasy ýa bar ýa ýok. Dilden dile...

Ruhnamany we içindäkileri men şeýle görýän (analogiýa bilen):
Demokratiýa gowumy? Gaty gowy we ajaýyp zat, adamzadyň haky. Emma Amerikanyň Yraga getiren "demokratiýasy" hiç kimiň ýüzüni güldürenok. Ruhnamanyň içindäki pikirler gowy bolup biler, emma... ýokardaky analogiýa seredäý...

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

BAh bilmedimda mena ,meni

BAh bilmedimda mena ,meni sen pikirin dogry ya yalnysh diyp biljek dal,kop admlar ol kitaby govy gorup okayarlar..,yone kim bilya-da..Elbet-de MAgtymgulyn goshgulary bilen bir zadam denejek dal..On yaly yazyp biljegem yokdyr,men pikirimce Magtymgulyn kabir goshgulary hat-da dashary yurdyn gaty belle yazyjylarynynkydanam govymyka diyyan...Ona sozum yok...yone Ruhnamaly pikirine pylan diyip biljek dal,ol kitabynam oz govy taraplary bar cynymy aytsam,yone edil mukkades diyibem biljek dal..

Seň "pylan diýip

Seň "pylan diýip bilmejegiňi" geň göremok. Ine Ruhnamanyň erbet taraplarynyň biri. Öwmek - pojaluýsta, öwjek kän, derrew "gowy tarapam bar" bolaýýa. Erbet tarapy? "Pylan diýip biljek däl".
Ine Ruhnamanyň iň erbet tarapy şuda. Kompartiýanyň bir döwürki Leniniň, Marksyň we Engelsiň kitaplaryna meňzeýä. Erbetmi olar? Ýok, Marks, Lenin we käbir beýleki kommunistler geniý bolupdyr, Marks esasanam Ekonomika yzyny goýup giden adam. Emma olaryň işi şoň ýaly diňe öwmeli we öwrenmeli boldy SSSR döwründe welin, indi köp kişiň işdäsäm alanok, okanoklaram...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Degişliräk bolansoň, ilki

Degişliräk bolansoň, ilki dini nukdaý nazardan şu blogy ele almakçy, soň aşakda öz pikirimi hem beýan etmekçi, enşallah:

Garyndaşlyk we olar bn gatnaşyk barada aýat we hadyslar hem kä zatlary diýýär. Meselem, 1- "Allaha ybadat ediň we Oňa hiçbir zady şärik getirmäň! Ene-ata, garyndaşa, ýetimlere, garyp-gasarlara, ýakyn goňş(ular)a, uzak goňş(ular)a, ýanyňyzdaky dostuňyza, ýolagça, öz garamatyňyzdakylara gowulyk/ýardam ediň! Şübhesiz, Allah men-menlik edýänleri we öwünýänleri söýmez." (Nisa, 36)

2- Şübhesiz Allah, adalaty, gowulyk etmegi, ýakyn(lar)yňyza ýardam etmegi emreder; bihaýalygy, erbetlik we azgynçylygy gadagan eder! Ol size "düşünüp amal edersiňiz" diýip öwüt berýär. (Nahl, 90)

3- Hadysda bolsa: "Selmân İbnu Âmir (radıyallahu anh) beýan edýär: "Resulullah (aleýhissalâtu wesselâm) şeýle diýdi: "Garyplara edilen ýardam bir sadakadyr, ýöne zî-rahm'a (ýagny, garyndaşa) edilen ikidir: Biri syla-i rahim(ýagny, olary zyýarat), beýlekisi sadaka." (Nesai, Zekât 82, (5, 92); Tirmizi, Zekât 26, (658); İbnu Mâce, Zekât 28, (1844).)

Garaz, dinimiz garyndaşlar bn gatnaşygy we olara goldaw bermegi ündeýär. Elbetde, oňa eýerip, amal edilse iň amatlysy!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Indi bolsa, bu babatda öz

Indi bolsa, bu babatda öz tejribelerimi hem aýdaýyn:

Men-ä 14 ýyl bäri obadan/öýmüzdenn daşarda ýaşamsoň, kän garyndaşlary gezip, görüp, ýardam edip bilemok. Garaz, mümkinçilik meselesi. Ýöne her ýyl diýen ýaly 2-3 hepde öýmüze baryp gaýdýaryn. Şonda olary başaryp bildigimden gezmäge, zyýarat etmäge çalyşýaryn.

Olaryň hemmesi begenýär, elbetde. Birem, olaryň aglabasy diýen ýaly senden bir zada hantama bolup bilýär, olam "okuwly bolansoň, beýik bir ýerlere geler-de, meni hem işgäri edip alar" ýa "iş tapyp berer" diýen pikir. Ynha, şundan kämahal biynjalyk bolýan men-ä. Sebäbi, özümde şol mertebäni görmämsoň şeýle. Aslynda, görernem öýemok-laý, gaýrat etseň bolup biljek zatlaryň biri welin, islegem gerek-dä muňa. Ýöne ýene-de bu babatda goldaw berip bilmejegiňe gözüň ýetip duran bolsa-da "enşallah!" diýip galmak galýar maňa-ha.

Beýleki bir ýagdaý bolsa, käbirlerine ýetişmeseň, ynha, onda olar "tumşugy ýokary galypdyr okap..." we ş.m. zatlar diýip, öýkeläp bilýärler.

Üçünji bir ýagdaý bolsa, şeýle zady klasdaşlaryň, gomşularyň we ş.m. diýip bilýär seni doly tanaman.

Garaz, Baýramyň ýokarda ýazan köp zatlaryna men hem goşulýan-da, sebäbi, şol ýagdaýlara men hem duş geldim.

Umumy ýagdaýda bolsa, garyndaşlaryň bolmagy gowy, käbir kem taraplary bolup bilse-de!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bayram aga durung men bir

Bayram aga durung men bir zat aydayyn.
Birnjiden ruhnama mukaddes kitap dal! Ol yone bir turkmeniing taryhy dap-dessuralry hakynda yazylan kitap.
ikinjiden menem yigrenyan sheydip zor salyp okadanyna, chap et, adamalar chyndanam gowy kitap bolsa okap alarlar-da.
Uchunjiden shu kitabyng ichindaki maglumnatlaryng kopusi shonga mengzesh bir kitapdan alynan bolmaly diyip eshitdim.
Ondan bashgada Ruhnamada kop gowy zatlar hakda gurrung edilyar, men ony Ruhnama Ruhnama bolany uchin mysal edip alamok, yone eger gunde 1 list yat tumaly bolsadynyz shol kitapdan, onda goreli name diyerdiniz!Dliming ujunda yone aylanyp durdy "turkmen garyndashchyl halkdyr " diyip, Ruhnamada bolsun shol, nirede bolsada shol chyn, hakykat, fakt.
Ruhnamang erbet taraplary barada gerek bolsa aydyp bilerin:
shony yone zor salyp okadyp gaty uly yalngyshlyk etdi, men shol kitaby tak okardym.
Ruhnamada halamayan zadym turkmenleri gaty owup yazyar. Mena kate buysanyan, kate-de shol chyndanam hakykatmy diyip ozume sorag beryan.
Namede bolsa ruhnamany okanyng bilen etjek zyyany yok, ichinde kan manyly zat bar.
Shu temany indi yapalyng, blok garyndashlyk barada Ruhnamang analizi dalde, bolmasa bashga blok achalyng, bir hili temadan chykyp baryas.

Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "telpek almada meni geçmegiň üçin :))"

men hem şony diýjek

men hem şony diýjek boldum-da Baýrama :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Emma Ruhnamanyň özi

Emma Ruhnamanyň özi dünýäde ýazylan millionlarça kitapdan bir gram has gowy däl, millionarçasyndan has gowy we millionlarçasyndanam has biderek.
Gysgaçasy, göçürilip ýazylan kitapjagaz. We muň üstünde edilen gürrüňler ýeneler... gerek däl hijem. Dogry aýdýaň.
Ruhnama daşary ýurtly biznesmenler üçin gerek, sebäbi ýene bir dile terjime edip öz bizneslerini Türkmenistanda öňe sürüp bilýäler
PS Men birinji Ruhnamany gözden geçirenimde, Kowusnama gaty meňzeş zatlary gördüm.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Mena gaty gitse

Mena gaty gitse 3-4 sahypa okandyryn, yone yadymada dushenok:)) Yone diplomyny kabul etdirmek uchin shondanam sorag sorayarlar diydiler, sheyle bolsa ishimiz kyn:))

Turkmenlerdaki garyndashlyk

Turkmenlerdaki garyndashlyk gowy. geregem. Biz kopchulige eyyam owrenshen, yekelik hich kime-de yaranokmyka diyyan. Bayramyn shu yazanyna gulkim tutdy "Yashap yorkan bir gun garyndashyn peyda bolya" :) "garyndashlyk derejesini" ulanmak yaly gorulyarmi eger komek sorasalar ?! ilki yakynyndan soralyarda ol borchly ya daldigin anladanok, turkmende garyndashyn kyn we shat gununde yanynda boljak birilerida. erbedem bolyar arasynda, yone kesip ayyryp bolmayar barybir.

Bolýar, kömek soralýar.

Bolýar, kömek soralýar. Men gysganç däl, ýa-da özümi şeýle tanamok. Emma olaryň käbiriniň özlerini alyp baryşy bir hili üýtgeşikdä.
Ine diýeli saňa bir dostuň, goňşyň ýa tanşyň kömek sorap gelse, bir hili ýalbarmasa-da, gaty sypaýy we mylaýymdyr. Aşakdan alýalar. Bizde oň ýaly dälä... esasanam sen ýaşkiçi bolsaň, kömegä bir sorajaklar, ikinjidenem özlerini gaty naglyý alyp barýalar. Hemmesi diýemok, emma şeýdýänleri kän, esasanam özüni seň ýanyňda arkaýyn duýsa.
Men eşidýädim Türkmenistandakam şeýle gürrüňleri:
-Bar Myrada aýdyp gel, öýüň pylan ýerinde tok işlänok, oňaryp bersin
Bir däl, iki däl, ýyllar boýy. Aý ol adamam ýadaýandyrda ýöne aýlanyp garyndaşlarynyň onusyny munysyny oňaryp bermäge. Onsoň eşidýäň
-Aý oglanyny s&*%&&% gaçyp aýlanyp ýörä oňar diýsek. Nähili ulumsy, tumşugyny göge tutup ýör, aýdanyma 1 aý boldy.

Dur birje minut, ol saňa borçlydymy?! Näme, aýlanyp garyndaşlarynyň baryna kömek edip ýörseler 1 manat pul berýälermi?! Azyndan bir düşünjek bolmalyda. Hemmesi şeýle bolmasa-da, şeýle bolýanlar bar. Soňam bir zat diýseňem "aý sen ýumruk ýalykaň göterýädik, sähel ulalyp bizi göreňogam" bolaýýa.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

sen diyyanine dushundim.

sen diyyanine dushundim. beyle adamlar gynandyryjy yagdayda dushunjesi pes bolsa aydyalar. olara el uzatmankan ilki pikirlenersin ya-da keypine gora onararsyn et diyyan zadyny. etsen etmesenem barybir gep tapyalara.

Beý diýsem, ters

Beý diýsem, ters düşünmäň, garyndaşlarymyz ýene alyp çykýa. Ine toý bolar welin, barysam Colgate reklama edýän ýaly ýylgyryp gelerler :D Az salymlygam bolsa, äpbe-de-jüpbe bolýaň barysy bilen
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

men pikir edyadim dashda

men pikir edyadim dashda yashasan ene-atan, garyndashlaryn arasynda gadyrly bolyan diyip?! beyle dal eken, ozun gadyrly bolsan aralyk tapawut etmeyan eken.
bir mysal aydayyn, bir garyndashyn diyeli dayin mashgalasy bar shol oz obanda yashayar, we edil shon yaly yakyn yene bir dayin dashda yashayar. edil gonshy diymesemem, has yakynda yashayanyn toyda yasda gorunmegi dashdaka garanynda seyrek. ozleri bir zat etselerem gaty az adam baryar. olaryn islegem shol. kopun ichinde beyle ayratyn boljak bolyan garyndashlaram bar, bashda gen gorulse-de son owrenshilyar. shu wagt sheyle kopchulik bolup gatnashyan dine obada zatda bolaymasa. shaherliler her kim oz guni bilen bashagay.

Aý obada-da garyndaşlyk

Aý obada-da garyndaşlyk gowy gowşady. Kynda how garyndaşlaryňa bir gep diňledip bolanok, olar edenini etjekler, senem olara kömek etjek bolmaly. Ondan özüňe jogap bereniň has ýeňil düşýä.

Aslynda bu zatlar adama bagly. Käbiri bar, gyzyl ýaly oňuşýaň, araň gül ýaly. A käbiri bar, gidenokda aragatnaşyk. Tekiz. Häsiýet deň gelenok. Men meselem, işlerime garyşyberseler we sebäpsiz eýle-beýle bolsa bolamok. Eýle-beýle diýýänim "haý ony et, muny et" bolsa.

Garyndaşlaryň iň ýakyn wagty çagalyk wagty. Diňe oýnamak, hezillik :) Ondan soň görýäň welin, aňsat däl. Men özüm garyndaşçyl, asyl ýumşal tarabymy tapman warra-şarra edýän garyndaşlary bolsa halamok. Bir gezek toýda bir garyndaşymyz ýaşuly maňa sögünipdi, özem sebäpsiz. Bir zady ters edenmişim. Özem içgili, soň ertesi ýene meni günäkärläp aýlanyp ýör. Tas aýdýadym ters zady. Oň garyndaş bolmagy beýle medeniýetsiz bolmagyny aňlatmaly däl, ýa beýle gödek bolmagyny. Ýaşuly bolsa-da. Maňa aýdany şol wagt
-Burnuň sümügini oňaraňok, maňa gelip bir zatlar diýen bolýaň
Ine garyndaşda şol. Men 100% aýdýan, garyndaşym bolmadyk bolsa, maňa şol gepi aýdyp bilmezdi, ýa men ony diňlemän jogabymy bererdim. Ýöne bu kiçi mesele, mundan has beterlerem bolýa.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Garyndaşlygyň ýene bir

Garyndaşlygyň ýene bir ýeri barada belläsim gelýä.
Men çagakam garyndaşlarymyň barynyň gynanjyna gaty gynanýardym. Wagt geçdi welin, indi mende duýgular öçüpdir. Aý gaty gitse "waheý bolmandyr" bolýar, geçip gidýär. Sebäbi görüp otursam, adamyň düşýän kyn günleriniň köpüsine... özi sebäpkär. Onsoň men şoň üçin öz durmuşymy oňarsam kaýyl, özüme jogap bersem razy. Başgalary okamaly ýerinde okuwyny okamadyk bolsa, işlemeli ýerinde işlemedik bolsa ýa ýene bir zat bolsa... "aý özi günäkär" diýmek gaty tebigy gelýär.
Şu hem meň indiwidualistdigimi görkezýär. Şu ömrüme öz ene-atamdan başlap hiç kimden bäş manat pul soramadym ýa kömek soramadym. Alan pulumyň baryny gaýdyp berdim. Onsoň umumy ýagdaýda her kimiň öz başyny çaramalydygyna ynanýan we özleri sebäpli bulaşanlara bolsa, kän bir hili simpatiýam bolanok :)
Kömek ediler, garaşylmadyk ýagdaýda bir kömek gerek bolsa, toýa we ýasa we ş. m. Özem men kömegi garşylykly etmegi gaty gelşiksiz hasaplaýan. Meselem obada haýsy garyndaşyň toýa näme getirenini spisoga ýazyp goýýalar, soň olar toý edende edil şony alyp barar ýaly. Men şuny şeýle geň we gelşiksiz görüpdim. Eden kömegimiň ýa maňa edil kömegiň hat petegini ömürem saklamazdym we saklamaryn. Kömegi islän etsin, göwnünden çykarsyn. Menem islänimçäni kömek etjek, maňa gaýtarsalar gaýtarmasalar tapawudy ýok. Mundan bir wagt öň bir dostuma kömek edipdim welin, ejesi maňa "toýuňda gaýtararys oglum" diýdi. Şoňa bir hili boldum. A men woobşe oň ýaly hasap bilen kömek edemoga...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Men şu ýazgymy

Men şu ýazgymy ýazmagymyň sebäbi, öz toýumy gaýgy edýän. Menä jar çekdirmekçi, maňa sowgat getirip oturmaň toýa diýip :D Men spisoga ýazyp alyp galmaryn :D
Şoň ýalyrak. Göreli näme bolarka...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Bayram hemme kishi

Bayram hemme kishi bu temada senin yaly pikir edenok.Sen spisoga bellemesenem, sandygyn bashynda birini oturdarlar, olam bellap oturar..Yone ol spisogy saklayarlarmy biljek dal, yone kabirleri shol spisogy yatdanam bilyar kim name getirdi eylen beylenini..Yone yene bir yaman zat, palany palan zat getiripdir, palany bolsa gaty yaglyk getiripdir diyyaler, shona gaharym gelyar....Adamlary toya zadyny almak uchin dalde, begenjini paylashsyn diyip chagyryan, sonam palany hich zadam getirmedi yada az getirdi gurruni gowy bolmayar...
Spisok duzmezlik pikrini dogry hasap edyan.Yone sen shondada sana beren kisha ozuninkiden az bersen gepin gybatyn bashlayar:)))

Bilýänlaý gep

Bilýänlaý gep başlaýandygyny. Şonam ýigrenýändä. Iliň edeninem gep edýäler, öz edeninem.
Berseň ber we ýatdan çykar ýa azyndan ýatlama, bermeseňem berme-dä...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Wah sen diyyanin

Wah sen diyyanin bolan bolsady, turkmenlerin any osup, dunya derejesindaki dowletler bn den bolardy:)

kim biler?!

Reschik wrote:

Wah sen diyyanin bolan bolsady, turkmenlerin any osup, dunya derejesindaki dowletler bn den bolardy:)

Bey diymang bizing tapawudymyz shol garyndashchylyk bolaymasa. Kim dogry kim yalngysh bilip bolanok, turkmenler garyndashchylmy? Bor, bolsun. Bu uytgarmi? Goreris-da. Uytgese gowumy? hawa hem yok. Garyndashchyl bolmasak osermi dowlet? Ongada plan diyip bolmaz.

Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

Garyndashchylygyn edil

Garyndashchylygyn edil bizdaki gornushi belli manyda bizi yzda hem saklayar. Yagny garyndash wajyp, emma prinsipler has wajyp, meselem, halallyk has wajyp.
Diyeli ish bolsa, ishe garyndashyny salmasan bar garyndashyn gargysh okayara Turkmenistanda :D "Ozi osdi, bizi tananogam" zat diyip. "Bir peydasy yok" ya yene bir zat. Aslynda halallyk has yokary, eger ish uchin kwalifikasiya gerek bolsa, shol ishi bilene bermeli, sheyle dalmi?! Eger 0 garyndashyna bersen bir wajyp ishi, ozem sen biznesin ozunki dal bolsa, dowlet ishinde bolsan, sen garyndashyn kim bilya nahili ishlejek?!

Bizde prinsiplere seredyanam az. Prinsipli adam aza.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Bayram aydyanyna goshulyan

Bayram aydyanyna goshulyan.Aslynda bizde sen ozun ish gurup yokary galyp bilishin yaly garyndashynam galyp bilerdi, yone kabirleri name edyar, aramyzdan biri gowja edip ossede bizi hem yanyna alsa diyip pikirlenyanlerem az dal...

Oba gideninde yikyalar gerek

Oba gideninde yikyalar gerek "Birden palan zat bolsan, bizem yatdan chykarmarsyna ?!" zat diyip ? :))

Iň ýakyn garyndaşlardan

Iň ýakyn garyndaşlardan başlap, doganlarymdan diýeýin, dostlaryma çenli şony aýdandyrlar. Degişibem bolsa, aýdýalarda.
-Eý dostjan, bizem süýrejek tapylmazmyka?! Ministr bolsana, bizem ýatdan çykarma.
Hatda käbir dostlarymyň ejelerem şeýle diýdi maňa köp gezek. Onsoň gaty agyr ýagdaý. Gep düşündirmek kyn. Içimden uly işde oturmaýanlygyma hem şükür etdirjegow şuň ýaly gürrüňler
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

TM'de toya gideninde gapyda

TM'de toya gideninde gapyda pul alyanlar adynam yazyan ekenler, menem pul berdim, adymy soradylar, "hokman dal" diyip gechjek boldum welin, goyberjekden dal olar...Ay onson aytmaly boldy !
Barde metjit'lerde Remezan'da zatda eyle-beyle zatlar uchin pul uyshurilyar, pul beryan adamlar butin jemagat bolup otyrkan, Juma namazdan on dagy "menden palancha" diyip, son akidip beryaler...Ahow, beyle sadaka diyip beryan bolsan, sadakany sheydip bermelimi ?? Samsyklar, Habarlary yok pokazuha uchin beren pullary sebapli 1 gram sogap gazanmajaklaryndan, dash-toveregindaki adamlaryn "berekella"-syny alyalar, bar bolany, ol berekella'dan name chorek bar, ozleri bilyan bolaymasalar, mena habarsyz !

Yone meselem bularyn Toyda birgiden pul berme endikleri bar. T.e. TM'de yaman az beryaler toy edilyan yere, 40-50 mun manat. Barde bolsa millionlap beryaler, t.e. 50-100$ arasyny dine yashlar beryar, toya gitmezden on alada edip yorendirler "toya gitmeli, shu wagt pulymam yok" diyip :)) Yone son ozleri oylenenlerinde hayryny goryaler we on beren pullary, oz toylaryny sowyar arkayin !!
Hasaby ichinde aslynda, berenjani alyanam diylen yaly, yone 1 govy tarapy bar, oda sen illerin toyuna gidende sallah hokmunde gidyan, a olar sen toyuna eyyam oylenen bolup gelyaler, we oylenen adamlar koplench 100-150$ toveregi zat getiryar. Yagny, on beren 50$'yn, 100$ bolyan yaly bir zat :)
Birhili, materialistirak bolsa-da, peydaly zat, sebabi toyun chykdayjylary sebapli toy edip bilmejek adamlar uchin toy etmek ansat bolyar, gelenje pullar bilen toyun bar chykdayjysy yapylyar, we artyaram koplench !

Mergen yone senem

Mergen yone senem oylenen son on 50 beren bolsan bu sapar 100 bermeli bolarsyn...onda yeke gowy zady oylenende pikirlenman duran yerinden pul gelyar diyaymesen:))

Olam bar elbetde, yone

Olam bar elbetde, yone gatnashyan dost-yarlaryn arasynda in gich oylensen, onda sana 2 esse bolup gelyar, we ol "krug" yapylyar eyyam, son 20 yil dagy son kichi-kirim, 1 nesil kichi yashlarynka gidilip bashlanyar, we bu eyyam bashga krug, sebabi olaram getiryaler chagalarynka...

Bizde katyol diyip

Bizde katyol diyip bar.Biz oynapdyk, men oylenemde dollar 24dendi we 50 dollardan oynapdyk 17 oglan. Sonra dollar gachdy welin shol mahal manatdan beren pulumyzy ber diydiler, ay menem berdim...Yene onumde takmynan 12-13 oglan bar, olaryn hemmesem yetishen:)))

Tazelikde gazetde okadym.

Tazelikde gazetde okadym. Belki okanlar bardyr.

Hytayda garyndaş sözü yitip baryar. Hatda yok diyen yaly. Sebabi her maşgala bir çaga doguryp bilyar. Şeyle bolanson Hytayly çagalaryn ne dogany bar ne-de inisi. Olaryn dine eje-kakasy we ene-atasy bar. Dayy name, dayza name kan bilenoklar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gyzykly!"

Bu gaty gyzykly habar.

Bu gaty gyzykly habar. Hytaý indiwidualistleriň ýurdy bolup barýar diýsene... isleseler-islemeseler...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Wo wo, men şuny aýdýan.

Wo wo, men şuny aýdýan. Elementar zat, hyzmat üçin pul bermeli! Kimem bolsa! Belki ol adam maşgalasyny ekleýändir şeýle. Ýokarda-da gürrüň berşim ýaly, şol bejerýän oglan bir zady bejermese uly sögünç. Onsoň aýdýaň "aý olam ýadap gelýändir, birem öz maşgalasyny eklemeli, azap hakam bereňzoga" diýseň bolsa, "aý ýeri gelende men "azap haky" diýmän kömek etdim" diýip bir sanap başlaýar... minnediň soňy gelenok...
Men şoň üçin woobşe garyndaşlarymdan toýuma kömege-de garaşamok, maddy tarapdan, sowgada-da. Emma aýtsama ters düşünerler, "Amerika gidip garyndaşlygy ýatdan çykarypdyr bu, ulumsy bolupdyr" diýerler. Aýtman kabul etsemem, ertir kömek diläp gelseler, menem "ýok" diýsem, "aý muny öýlendirenem özümiz welin, eýýäm bizi ýatdan çykarypdyr" bolar :)

Men bir daýym bilenem gygyryşypdym bir döwür şu temada. Men olara baryp kakam üçin kömek sorapdym. Olam "ýok" diýdi, menem "bolýa daýy" diýdim. Asyl ýagdaýyna düşünjek boldum, dogrymy aýdaýyn. Emma ol durman "aý seň kakaňam özi edäýmelidä, ýaman şeýle adam, beýle adam" diýip başlady tankytlamaga. "Ýüzüne aýt" diýseň hijisinem aýtmaýarlaý "Işan aga gowumy?" diýip durandyr, emma meň ýanymda aýtdy, kömek etmekden geçen. Menem çydaman
-Aý bolýa, kömek etmeseň hiç welin, hormatyň dagy ýokmy meň kakama, maňa?! Ýanymda şuň ýaly samsyk zatlary aýdýaň, diňlär öýdýäňmi? Adam däl ekeniň, öýüňe gaýdyp gelsem eşekdirin!
diýidim-de, gijäň ýarynda çykyp gaýtdym. Soň kakama-da aýtdym "gaýdyp kömek sorama şondan" diýip. Soran däldir. Soň bir döwür menden Amerika barada kömek sorap ýördi, eýle-beýle... kaniteldä, garyndaşlyk.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.