"Men ony/seni tanayan" barada

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Shu dine turkmenlerde bolyamy biljek dal, emma bizde has kan bolyany hakykat. Bizin mentalitedimiz we yashayish filosofiyamyzda indiwidualizm az dalde, topbak bolmak has kan. Netijesi name, bir topar sana kan bir baglanyshykly dal adamlarynam pikiri gelip yetyar.

Bilemok sizde bolyamy, emma mende shu yash omrume goren bir yaramaz zadym, birinin chykyp "ay men seni gowy tanayan" ya-da "ay men ol oglany bilyanlay" diymesi. Ya "gyzy". Dunyanin kop adamy ozuni zordan tanayar welin, bu adamlar gaty gowy tanayyalar dash-toweregindakileri. Birinji bilena, ony tanamak bilen name ishin bar?! Ikinjiden, tanasan muny ile jar edip aytmak bilen name ishin bar? Uchunjidenem... hakykatdanam tanayanmy?!

Men oz obamyzda yashamayanyma ep-esli boldy, mekdebi gutaranyma hem ep-esli boldy, hatda uniwersitedi gutaranyma hem ep-esli bolup barya. Shu yagdayda obamdan ya yene bir yerden biri chykyp "ay men Bayramy tanayan" diyayseler bir hili bolyan. Men pikirimche, mena uytgap durun. Yone tanayyalarlay meni?!
Sizem sheylemi? Kabir adamlar butin obany "tanayalar"...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Diýeli bir gyz bar, obaň o

Diýeli bir gyz bar, obaň o çetinde ýaşaýar. Soň bir gün başga oba toýa gidýäň. Onsoň ol ýerde şol gyzy görýäň. Oglanlar gelip "eý şol gyz siziň obaňyzdan dälmi?" diýenlerinde, oglanlaryň köpüsi "hawa, men ony gowy tanaýan" diýýäler. Gyzlar näme diýýä bilemok, ýöne bu gülki. Nämesini tanaýaň? Nädip? Bile oturyşyp-turuşdyňmy? Gep etdiňmi? Dostmy?
Hemmesine jogap ýok, emma şeýle paşyrdamak bolsa her ýerde bar.

Men bir döwür bir gyz barada sorag sorapdym oglanlardan oba gidemde. Ol gyz goňşy obada ýaşaýa. Onsoň oglanlaryň birem şol obadan bir gyz bilen söýüşýämiş, köp gidýämiş. Aýdýany
-Aý ol obany, ol gyzy menden sora. Bar istoriýasyny aýdyp bereýin we ş. m.
Men diňlän boldum, emma sorasym gelýä, "nämehow, öýlerinde ýatyp turýaňmy ol gyzyň? Bütin ömrüňe gepleşip bir gördüňmi?"...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

name uytgesede hasiyet

name uytgesede hasiyet uytgemez diyen dushunje bolanson shoni goz onunde tutup diyyan bolamasalar

Meň pikirimçe, tejribä

Meň pikirimçe, tejribä görä häsiýedem üýtgeýär. Elbetde, sähel-mähel üýtgeşmedik. Düýpgöter üýtgemek kyn we köplenç üýtgeýänem ýok beýle. Emma menä mundan 4-5 ýyl öňki özümden tapawutly ýaly görýän özümi.

Meni gyjyndyrýan zat, seň bilen bir döwür, onlarça ýyl öň sähel-mähel bagy bolanlaram hamala sen barada hemme zady bilýän ýaly görkezýäler özlerini. 10 ýylyň içinde, esasanam şahsyýedimiň gurulýan döwri, kim bilýä men näçe gezek üýtgedim?!
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

ynsanyň asyl maýasy

ynsanyň asyl maýasy üýtgemez aňsat-aňsat welin, kä ýagdaýlara has werziş bolar, tejribe gazanar diýip pikir edýän men-ä! Sende-de şeýle bolýan bolaýmasa!

"Süýtden agzy bişen, suwy üfläp içer" mysalynda bolşy ýaly!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hawa, şolda gürrüň. Asyl

Hawa, şolda gürrüň. Asyl adam tanamak aňsat dälä. Esasanam bir ýakynrak aragatnaşygyň bolmadyk bolsa. Onda-da üstünden 5-10 ýyl geçen bolsa...
Aý bu gürrüň umumy manydalaý. "Aý okuwa gidip ulalypsyň Baýram, öňä biziň bilen toýada gidýädiň çagakaň. Seni men gowy tanaýan, ýöne sen indi bizi tanaňok" diýen gürrüňleri kän eşitdim obadaşlarymdan, klasdaşlarymdan. Men ulumsylykdan däl, ýöne indi olar bilen oturyşyp turuşmakda kynçylyk çekýän. Sebäbi men üýtgäpdirin, olar üýtgäpdir. Hiý çagalyk döwrüni gaýtaryp bolýamy?!
Oturýaň welin gürrüňler başga, gyzyklar başga... derrew nirede mugt arak içip bolarka diýip başlaýanlary haýsy...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

dogurdanam bizi tanayan

dogurdanam bizi tanayan barmyka menem, :))

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Tanamak govı zat!

Men meselem oba mekdebinden 4.klasda taşlap Aşgabatta oba mekdepde okadım.37.mekdep bilyan bar bolsa.Otayda marly diyip çağıryadılar.Son 6 yıl Bayramalıda okadım. şeydibem öye mıhman bolduk.Yöne mena hiç obamda gonşularımı tanaymasam köp kişini tanammok.Obadan uzakda yaşayanıma 16 yıl boldı.Planılar toy etya diyseler olar kim bolyar.Apsolutna tanammok.Meni welin tanaylar.Tanamayanlaram bar.

WEkilden men diysem, wekilin plan yerinde planı bolmalı.Menem 3 jay beylamdakini sorasana ilki diyyan.yüzünü gören bolmağım ahmal yöne adını bilemmok.A sen munça vagtlap kimi tanayan diysen welin onı hem bilemmok..

Aeroprtta bir gün 3 adim beylamde biri menin yüzüme seredip Serdar diyip dur.
Menem eşitmedik bolan bolyan welinem bolanok.Son has beter yanına gelip Serdar diyendede ,yok men Serdar dal diysemem oyun etmesene diyse name diyjek.Adam adama menzeyar.
Beyle zatlaram bolyar.
LOL

maňa meňzäýýärmikäň

maňa meňzäýýärmikäň ýa!!! :)

"Jemşitü sen ön agzadyn

"Jemşitü sen ön agzadyn gerek, men seni tanayan.. sen önki Myrat. palan palan."
Menem bizar şundan. :)

Myratmy? Men ol oglany gowy

Myratmy? Men ol oglany gowy tanaýan... :D
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

way myrat , menem tanayan

way myrat , menem tanayan shony shu tayda agzady:)

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

2 barmagymy burnuma sokup

2 barmagymy burnuma sokup otyryn.. :D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "nadip ynandyrjak :) way myrat aga sizmay"

Bayramyn aytyany obada

Bayramyn aytyany obada müdimilk,işi okuwy yaşayyşy dowam etyanler üçin dal öytyan...
Olarda gep başga sebap,işi öz hojalygynda,toya gidilyar,uruşylyar,iş salynyşyalar,ony muny alyp beryaler , karz alyalar beryaler...biribirini tanayalar!

Birem türkmenlerde şu hasiyet bar,adamyny nahili görseler şeyle hasiyetlendiryaler.
1 oglan naçe gowy hem bolsa beyleki oglanlara goşulmasa myllyk,gompy,ulumsy...etc bolup galyar...yaly...
Mena her gidemde klasdaşlar,kursdaşlar,obadaşlar bn bile enteyan name etselerem etyan,köplenç maşynda gezyas,futbol,kart oynayas,çagasy bolanyn çagasyna sowgat eltyan,yogalan garyndaşy bar bolsa -yzy yarasyna- gityan,mena tanayandyr bary , birgiden zat aydarlar:)
türk mekdepdekam kan garyşamokdym,son pylan sebap bn işim düşse keyerjeklap durulyady...

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Menä hiç kimem tananok,

Menä hiç kimem tananok, şol problemam ýok. :)D
Leyla

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • marocco 1 telpek goyyar we yazyar: "Meni in bolmanda tanayansına!"

ha-ha Leyla men tanayan

ha-ha Leyla men tanayan seni..

ing yigrenyan zadymay shu,

ing yigrenyan zadymay shu, men 3 sany medepde okadym, uniwersitetde 2 klasda okadym, istanbulda 4 hili adamlar bilen tirkeship yashadym, maryng 3 yerinde yashadym, meni hemme kishi tanayar, men bolsa hich kimem tanamok(tanasym hem gelenok aslynda kopisini)

Bayram dost!

Bayram dost! Beytmeda...?! men tanayana seni, sen beyle yigit bolmaly dal .... :))

mena shu yerde 2-3 agzany

mena shu yerde 2-3 agzany tanayan ..galanlarynam tanasama kem bolmazdy...tuweleme hemmaniz dogan okashan yaly..göz degmesin..:)

Nicin Nicin Nicin Nicinler dolu icin Bu nicinler nicin Arkadash olduğumuz icin.

BAy senem tapsa boljak

BAy senem tapsa boljak ekenow ...ay bardakiler gaty govy,yone barysam jedelleshmani govy goryarle,hersi ozuninkini dogry etmani govy goryar.Mena shu tayda 2 hepde boldy gelenime yone kopusini tanayan barysam govy..

ozumi zordan tanayan ola ili

ozumi zordan tanayan ola ili tanamak ekeni..

Salam hemmanize! Hemisheki

Salam hemmanize!

Hemisheki bolshy yaly yokarda yazylanalary okamok, son wagtym bolanda hemme taze mowzuklara goz aylap chykjak nesip bolsa!

Tanamak barada bolsa, mende shol problema barda... yashan yerimizde gonshylarymyzy tanamok, mekdepde okayarkam parallel klasdashlarymy tanamok... ay joralam birini tanatjak bolsalar hemme nokatlaryna chenli sanap chykyardylar :) name uchin beyleka bilemok. Oz passivligimden diysem passivama dalmika diyyan, hemmesinde sho hili problema barmykanay?! ay borda

men tanyshmany gowy goryan ,

men tanyshmany gowy goryan , tanyshyanam yone ichigaragalmysh atlaryny bilmeyan , nache tanayanymbolsada sholang atlaryny bilmeyan , ine kynchylk:)))

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

salam

salam agzalar!hermiona(Gulnara)menem gyz bolan bolsm in azyndan oglanlaryna yarysyny tanardym,ya da tanyshardym...oglan bolsan tanajak bolyan azda ya da yok:)):)::):):)