Prezident: "Çykýan makalalar çuňňur däl"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ýene köp wagtdan bäri turkmenistan.ru girmän, bir göz aýladym, gije (daňdan?) 3 bolsa-da, bir göreýin diýdim. Ine aşakdaky habara gözüm düşdi:
http://www.turkmenistan.ru/?page_id=3&lang_id=ru&elem_id=13930&type=event&sort=date_desc
Ýagny Gurbanmuhammedow Türkmen mediasynyň işiniň pesligini aýdýa we... ministre muny düzeltmegi buýurýa.
1. Ministr näme gazetlerde näme çykýanyny düzeldip bilýärmi? Bilýän bolsa, nädip?!
2. Siziň pikiriňizçe, türkmen mediýasy, gazet-jurnallar we ş. m. gowy işleýämi? Nädip düzeldip bolar?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ministr duzeldip bilmez,

Ministr duzeldip bilmez, yone duzeldilmegini talap edip biler. President gidip gazet redaktorlary, ya-da ondanam 1 basganchak ashakdaky yazyjylardan talap etmeza bu meselani ?? Talap etmeli bolsa, herkim oz gol astyndaky 1-nji derejeden jogapkar adamy gyssayada, we bu zynjyr halynda yokardan ashaga gelip, tasiri yetmegem mumkin ! Yone 1 "yone" bar, oda "duzeltmek" diyip nama diyyar ?? T.e. President tankydyny konstruktiv shekilde edipmi "shu, shu, shu taraplary gowshak, sholary birinji bilen duzeldin" dagy diyip ?! Aslynda gazet-jurnallara shol bir "talaby" we tankydy birinji bilen halk etmeli, President'e yetirman, yok, halk'y dinleyan yok bolsa, onda Ministr'lige boluminin halk'yn sesine gulak asmayandygy uchin duydurysh bermeli. IMHO ! Yone shu gunki context'de birhilirak bir zat bolyar oza, eline ony berme, muny berme, sonam "hany, eden zadyn name beyle erbet ?!" diy...

Media diyenin bizdaki yaly gysylsa, onda gyzykly zatlar dine "yurek gysanda gorulyan" zatlar bolaymasa(kino, serial we etc), olaram 1 yere chenli, dushunjeli adamlar dine "wala-wala" zatlar uchin umuman yaylymy halaslary yok, o zatlar dine bonus yaly 1 zat bolmaly wagt gechirmek uchin !

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Umuman name diyjek bolanyna

Umuman name diyjek bolanyna hijem dushunmedim diysem yalan sozledigim bolmaz.
Ministr duzeldilmegini talap edip biler? Ahow, bula sirk boldy. Ministrem redaktordan, redaktoram jurnalistden...
Ahow, mun yalam bir duzeltmek barmay?! Prezidente makalalar chun dal, analizi az gorunyamish. Ony nadip duzeltmeli?!
Gazet jurnaldan talaby halk etmeli? Goysanay walla, senem Turkmenistany bilmeyan yaly. Halk ISLESE gazet-jurnaly satyn almaly. Bizde mejbur. Shon uchin talap edip bilenok. Halkyn gazetden talaby gaty yonekey zat. Halk halamasa gazedi almaya, halamasa gazet bankrot ya biderejik gazet bolya. A bizde bu gazetlere emeli demand edyalar mydamalyk, onson halk gazedi halanda-halamanda halkyn pikirine seredyalermi?! Halky munyn uchinem gunakarle, bolaydy onsona...
Sen umumy shu yazgyn seni kommunist gorkezya. Halk talap etmeli, sebabi olar gazet almaly. Halkyn edip bilmeyan talabyny prezident etmeli ministrden. Name name?! Nirede gorlen zat?! Ilki bilen, gazet bir produkt, onum. Halk ISLESE ALMALY. Onson islemeyan bolsa, talabyn nahilidigi gaty chalt belli bolar. Diymek gazet biderek. Bu ishe prezidentem goshulmaly dal, ministrem.

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

:)) Men yazan zadymy perfect

:))
Men yazan zadymy perfect demokratia, halk'yn islan zadyny alyp, islan zadyny almazlyk arkaly market'daki erbet onumi govysyndan tapavutlandyryan sistemasyna gora yazdymmy ?? Yok, TM'de yagday belli, sen "Ministr duzeldip bilyami ?" diyip soradyn, "duzeltmelimi, ya-da goshulmaly dalmi" we etc daldi sorag, menem shu gunun, shu wagtky sisteman context'inde asyl soragyna jogabymy yazdym! Barybir gozune basyp gazet abonentligi uchin puluny alyan bolsalar, onda in azyndan redaksia arza-shikayat yazybermeli "idili" yazgylaryn kopelmegini argumentli yazgylar bilen talap edip, bolmasa yokarraklaryna we etc. Mana gora-ha sen bashda soragy goyushyn sonundan yazyan zatlaryna gora dal, sen gazedin ichini duzeltmek barada, Ministr'in tasir edip bilip-bilmeyanligi barada soradyn, menem shu gunun, shu wagtky sisteman context'inde jogap berdim, yogsa menem gorup duryn barde(dashary yurtda) sisteman nadip ishlap durshyny, bizin halkymyzynam oz ygtyyary bilen shol gazetlere puluny beren guni menem uytgeshigrak metod yazaryn, yone yokarky yazanym meni komunist edyan bolsa, muna sistema gunakar, sebabi sisteman goyan limit'lerinde sen aydan zatlaryny etmek mumkin dal, men bolsa birinji bilen edil shu gun uchin yazdym, gelejekdaki edilmeli zatlaryn 1 ujyndan bashlap, asyl bolmalysy yaly yazmak uchin der dokmegim gerek dal, yashayan yerimdaki yagday artykmajy bilen yetik mysal hokmunde !!
Gepin gysgasy: Yokarda yazan jogabyn gaty umumy gurrun, t.e. Turkmenistan'yn yerine bashga yurt, "gazet" sozunin yerine "kitap", "palan", "pismidan" goyanynda-da uytganok, free trade'in "talap barmy, doredilerem, satylaram, yokmy, yitip gider" logikasy, yone nirede ol azat sowda dushunjesi ? Almajak bolsanam aylykdan tutup alyp galynyan TM'nin yagdayi goz onunde tutulyp yazylan yazgy dal! We eger gurruni halk'yn asyl fundamental hak'laryny talap etmegine yazdyrjak bolsan, onda bashdaky soraglaryndan on gelyan gaty kop soraga soramaly bolar, bu 2 soragyn nobaty gelyancha huday bilyar nache hak talap edilmeli bolar!

Onson shu wagtky konseptde

Onson shu wagtky konseptde halk talap edip bilmeýän bolsa prezident talap edýä diýeli. Nämä peýdasy bar? Her kim öz aşagyndan talap etmeli diýýäň, aşakdan etjek talabyň şu ýagdaýa näme peýda eder? Hiç hili.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

"Hich hili" peyda

"Hich hili" peyda etmejekdigine ynanamok, talabyn her durlusi hokman peyda edyar ! Men mekdepde ishlap yorun, design ishlerine-de seredyan, elimdaki edilmeli zady "ozun islan wagtyn gutararsyn, gutaranda guk diy" diyip dalde, gerek yerinde konstruktiv tankyt edip, "barlerini eyle, beyle edeli" diyip durup, "palan wagta chenli eyyam print edilmeli" diyibem talap etseler, onda men shol ishlere has kop uns beryan ! Yokardan gerekli/peydaly, adam shekilli tankytlar bilen has govy netije talap edip dursalar, bu ishin hilinde pozitiv tarapdan gorunjegi 2 uchsyz !

Men saňa garantiýa

Men saňa garantiýa berýän, üýtgetmeýä şu tankyt hiç zady (ýokarda şu ýagdaýda diýipdimem). Tankyt konstruktiw däl, ola bir. Ikinjidenem, bu iş Berdimuhammedow üçin edilen däl, ýa şeýle bolmaly däl. Bu türkmen halky üçin. Türkmen halkynyňam tankydy, idealda, ol gazetleri satyn almazlyklary bolmaly.
Tankyt diýeniň tankyt bolsa. Jurnalistler indi ertirden başlap Berdimuhammedowyň ýa ministrleriň işini ANALIZLÄP başlarlar öýdýäňmi şu tankyt netijesinde!
Muň ýaly tankyda käbirleri ters düşünýäler. Pikir edýäler, "hää... diýmek ýeterlik öwmändiris. Öwmeli, täze titul bermeli. Türkmenbaşy II diýsek näderkäk". Öňki prezidentem çykyp "tankyt edýädi", meselem, "adamlar meni ömürlik prezident etmäň, öwmäň" diýip...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Berdimuhammedow name "siz

Berdimuhammedow name "siz ministrlerin/men edyan ishlerimi analizlap, tankyt edenzok" diyip duydurysh berdimi ?? Mena on gepinde beyle many gormedim ! Umuman "Soderjitelnost"-y yuzley, elim ujy diyyar, media'da hokumet'den, politikadan bashga-da "wala-wala" zatlar kop, sholary goz onunde tutup diyipdirmika diyyan, yogsa oz ayagyna ozi palta uryan yaly bolardy !

Oň näme diýjek bolýanyna

Oň näme diýjek bolýanyna düşünýän ýogow, her kim özüçe many çykarýa. Bilmedim, jurnalistler "köpräk öwmeli" diýip many çykarsa geň galjak däl.
Onsoňam onuň bu aýdany ilkinji gezek däl. Eýýäm näçe redaktor üýtgetdi, näçe TW direktor üýtgetdi. Sebäbi halk halanokmyş, eýlemiş, beýlemiş, analiz ýokmuş habarlarda.
Sen nädip analizlejek habary, syýasada goşulmasaň?! Analiz mümkin dälä!
Ýa diýeli habarlar diňe bir taraplaýyn berilýä. Türkmenistanda bir bolup geçen erbet habar TW çykan däldir. Näme üçin? Buýruga görä, biziň ýurdumyz jennet, diňe şadyýan we begençli habarlar.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Gazetlerin gyzyklandyrylmagy

Gazetlerin gyzyklandyrylmagy hokmunde, Zaman'y mysal alayaly: Sholaram sistemany garalanok, hokumete "ziyan" yetirjek gepleri atanoklar, yone name uchindir kop adam dovlet gazetlerinden shony has gyzykly hasaplayar. Men diyyan yerimem shu, t.e. bolya, sistema ozune degisli habarlary dagy 1 taraplayin analiz etdiryar, yone dunyade bashga zadam gapysmandyr, in bolmanda "geyik" bolsa-da gyzykly zat yaz/gorkeza how, tv'de 1 sagatlap 2 sany yashulynyn sakowlap, yat tutan zatlaryny yatlaryna saljak bolup duranyny gorkezeninden sheydenin govy dalmi ?! "Jahan yany" beryada habarlardan son "Hitay'da 2 panda zoopark'da tutulyady, yany yakynda guzladylar" dagy diyip :) Halk uchin 24 sagat monoton wala-waladan shol zatlaram has gyzyklydyr ! Bizin gazetlerimiz zaman'yn edyanini etselerem, t.e. "barybir sistema dil yetirip bilmejek bolsak, onda gelin adamlara durmushyn siyasat'dan bashga meselelerdaki uytgeshiklikleri/tazelikleri bir gorkezip galalyn" diyselerem 1 adim one bolman durjak dal...Yeterlimi ? Elbetde dal, yone shu wagtlykcha elini uzatmaga rugsat beryan yerlerinin her cm'ine chenli elini bir uzadyp gal, son bir gun belki ol el rugsat beryane-de yeter !!

Seň aýdýanyň dogry.

Seň aýdýanyň dogry. Käbir gazetleriň "Zamandan" mysal alsa gowy boljagy hak. Emma bizde "Türkmenistan" diýen ýaly resmi we başga işewür gazetlerem bara. Olar "geýik" edip bilmezler ýa etmeli däl.
Onsoň Berdimuhammedowyň aýtýanam, düşünşim boýunça, has şolar barada. Ýagny çuň däl, soderjitel'nosti pes, analiz ýok. Bolmanam geýik üçin muň ýaly pritenziýa bolasy ýok.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Onsoňam sen ýazgyňy gel

Onsoňam sen ýazgyňy gel Türkmenistan üçin ýazdyň diýeli. Halk talap etmeli? Halk hiç ýerde bir önümiň nähili bolmalydygyny talap edýän däldir. Halk indi Ýanbaş suwynyň tagamy barada hem talap etsinmi?
Bu zatlar önüm, halk bolsa alyjy. Umumy ýagdaýda, halkyň islegini satyjy bilip durmaly. A Türkmenistanda demand emeli we constant bolany üçin, halkyň pikirine agram goýanoklar önüm çykarýanlar. Halkyňam üýtgetjek zady ýok. Problema düýpgöter başga we ironiki. TWa çykyp Prezident mediadan nalynýa. Şu ýagdaýyň SIRKdigini görkezýä. Mediany Türkmenistanda düzeldip biljek bir adam bar, olam çykyp ministre "düzelt" diýýä. Bar bolany.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Quote: Halk hiç ýerde bir

Quote:

Halk hiç ýerde bir önümiň nähili bolmalydygyny talap edýän däldir.

Bey diyjek bolsan, menem "Halk hich yerde-de zor bilen gazet satyn aldyrylyan daldir" diyip bilyan, yone bu dogrymy ?? Hachan idili yurtlar bilen den hatarda, zorluksyz, hemme ugurda oz islan zadyny almaga rugsat berseler, onda gurruni duybinden uytgederis ! Yanbash suvuny zorlap aldyryan yok, gazet yaly olam hokman almaly zat dal, TM'de ayry kategoriadaky harytlar.
Turkmenistandaky "constant" zatlar 1 ujy hokumede baryp yetyan zatlar !! Bu gepler, gurrunler pokazuha, ya-da sirk'mi ? Hawa, 2'sem, yone yagday sheyleka, President alyp oz ustune dushenini etmekden gachyp, yagdayi hem ozunin abrayi galar yaly azajyk bolsa-da govulashdyrmak isleyar, yone mediany azat edip guyjunin belli 1 bolegini elinden aldyrasy hem gelenok!
Gepin tummek yeri: Shu wagt medianyn gyzyklylyk/peydalylyk yagdayi x bolsa, azat media'ly yagday 100x bolsa, sistema duybinden uytgedilmese-de(doly soz azatlygy berilmese-de) shol x'i 8-10x'e chykaryp bolar hokumet'e "azary yetmeyan". yone halk'yn gyzykly hasaplayan zatlaryny doretmek/gorkezmek bilen. Men "govulashdyryp biler" diyyanimem shol, "super-muper, asyl bolmalysy yaly eder" diyjegem bolmandym/bolamok ! Bu yeterlikmi ? Elbetde dal, yone "show" gutaryancha, fundamental hak'lar talap edilip bashlanyancha bu zatlaram oz-ozunden uytgasi yok !

Bayram wrote: 1. Ministr

Bayram wrote:

1. Ministr näme gazetlerde näme çykýanyny düzeldip bilýärmi? Bilýän bolsa, nädip?!
2. Siziň pikiriňizçe, türkmen mediýasy, gazet-jurnallar we ş. m. gowy işleýämi? Nädip düzeldip bolar?

Telpek goy

1. duzedip bilmeyarler ong hem ogrenishen zadymyz, 100-lerche ministre 100-lerche kayinch edilenini eshitdik. ya-eyyy, olara kayinch berjegi chyny bolsa telewizora chykyp artits yaly geplemezzdilay..
2. yok ishlanok, duzemez

Elde galam-keserim bar,
Yurekde ot-heserim bar,
Yazylmadyk eserim bar,
Chalarma bashym! Chalarma!

Köp zadyň düzelmegi kagyz

Köp zadyň düzelmegi kagyz ýüzündäki däl-de iş ýüzündäki erkinlikden başlanýarmyka diýip hasaplaýan. Elbetde men absalýut erkinlik barada aýdamok... bu erkinligi jemgyeýetde ornaşdyrmagyň hem bir esasy metody demokratik mehanizmler arkaly bolýar! Ýurdymyzda, demokratik prinsipler amala aşyrylmasa we munuň amala aşmagyny çyn kalbyndan isläp ýerine ýetirýän president ýada bir täsirli topar şu döwürde hereket etmese onda ministre käýinç ýada duýdyryş bu meseläni çözüp bilmezmikä diýip pikir edýän. Näme üçin bir president ýada bir ýurdy dolandyrýan topar diýmegimiň bir sebäbi hem biziň halkymyz soňky 25 ýylyň dowamynda haýsy tarapa häkimýet tarapdan alnyp gitse şol tarap hem gidýär, ýagny öz pikirini beýan eder ýaly mümkinçilik döredilmedi. Bu sebäpden şu wagtky president biz hakykatdan hem demokratiýany ornaşdyrjak we şonuň mehanizmlerini hem işlär ýaly etjek diýse muny başarar. Çünki biziň halkymyz nähili bolsada aslynda şol demokratik prinsiplerine durmuşda eýerýän halk, bilimli we bilime hormat goýýan halk. Şeýle halk bilen zorluk ulanýan häkimýetden, erkinligiň we adamlaryň hak-hukugynyň goragyna çykan we üpjün edýän döwlete öwrülip bolýar!

Turkmenistanyn metbugatynda,

Turkmenistanyn metbugatynda, ay her yerinde diysenem yalnysh dal, gorky hokum suryar. Ilden uytgeshik bir soz aytmaga, bir sozlem duzmage, bir paragraf yazmaga gorkyan yaly. Umumy akym her gun shuny yazyp 5 manat alyan bolsa, turmede gozuni achmayan bolsa ya ishinden kowulmayan bolsa, edil sowet stili-da, beylekilerem shol howpsyz yoldan yoremekchi bolya.

Netije name? Netije chunnur makala dalligi belli. Her kim biri-birinin sozuni gaytalap, tassyklap aylanyp yorler. Hatda, gazedi okaman gazetde name yazyljagyny sozme-soz 80-90% garantiya bilen aytsanam bolyar. Chunnur makala, analiz... ony etmek uchin atynky yaly yurek gerek. Analizinde birden kritiki ok dagy giden bolsa, kim bilya gozuni nirede achjak?!
Ondan gowusy, howpsyzy diyeli, shol "turkmenler jennetde yashaya, hemme zadam gul yaly" manysyndaky makalan yene birini basmak dalmi?!
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Indi geleli ikinji bolumune.

Indi geleli ikinji bolumune. Yagday sheyle gozgyny, muny kor bolmasa her kim goryar. Muny elbetde Prezidentem goryar we... gaty paradoks buyruk beryar. "Ministr, shuny duzelt!".
Ahow, probleman gozbashy dalmi shol ministrin we prezidentin metbugat ishine garyshmagy?! Azat metbugat bolsa, sen muny kellane hem getirmeli dal! Goy islan islanini yazsyn, pul berip satyn alsalar gazetleri, alsynlar, diymek shol gazet we ichindaki pikir gyzykly!

Ministr name edip duzeltsin makalalary? Ozi yazsynmy? Ya "islaninizi yazyn" diysinmi? Azat metbugat demokratiyan uly fundamenti we Berdimuhammedow hakykatdanam reformator bolyan bolsa, we shu ugurda planlary bolsa, metbugaty azat etmeli. Beyle "kemchiligi duzelt" bilen makalalar nadip uytgesin?! Ilkinji bilen, olar makalamy bir?!
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • utp_li 2 telpek goyyar we yazyar: "Gowy Analiz, berekella, yokardaki yazgilarin ucin"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bayram aga sen yashulin

Bayram aga sen yashulin buyrugnun bashga tarapynada seret.. Men pikrimche indi birazajik manyly, chunnur yazyan adamlarada yol berin diycek bolya..
Manyly yazyan adamlarinam bardigni bilya herkimem. yone sholara yol bermek barada gurrun gidya ..

Şeýlemi? "Çuňňur

Şeýlemi? "Çuňňur ýazýan" näme temada? Syýasatmy ýa başga temalarda?
Men muňa, gynansagam, ynanyp bilemok. Ýöne "çykmadyk janda umyt bar", nesip bolsa seniň aýdanyň dogrudyr.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Çunnur yazgy dine siyasata

Çunnur yazgy dine siyasata degisli bolmaly daldira ?? President'em bilshin yaly, dine siyasy gurrunleri tankyt edenok, her zada-da goshulyar !

Zaman'daky yaly, edep, turkmenchilik, eyle-beyle zatlar barada biraz chunyrak manyly yazgylar yazybermeli! Men tomus'da ogurlyk aydymlar barada yazylanyny gorupdim, sheyle edyanleri tankyt edyadi...Dovam edibermeli 1 uchdan!

aydaly men gowy ssenariya

aydaly men gowy ssenariya yazyanda şonam kinofilm edip çekjek bolyan elimde gerekli abzallaryn hemmesi bar
mana dine söwdasy gerek şony satjak bolsan tr-de ansat birgiden yaryş , hatda gowja yer alsan tv-ler öz aralarynda yaryşyalar pul beryaler...

İndi men kime gidip öz proyektim hakda yüzlenmeli?

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

bayram wrote: Şeýlemi?

bayram wrote:

Şeýlemi? "Çuňňur ýazýan" näme temada? Syýasatmy ýa başga temalarda?
Men muňa, gynansagam, ynanyp bilemok.

Bizde cunnur yazgilar kan aslinda.. "Garassizlik", "bitaraplik" ya-da "serdaryn, ruhnamanin mukaddesligi" baradaki makalalarin cunluk derejesi kate-kate cakdan asha cunnur bolup gidyardi oza.. Bolya-da..