Aýna we finlandiýaly elf

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Çagyrylmadyk myhman

Ÿalta gűnjagaz şöhlelerini ýaýyp daş töweregindäki gatlak jaýlary ýagtylandyrýardy. Mary şäherem ýuwaş-ýuwaş oýanyp, janlanyp başlady. Eýlede beýlede maşyndyr ýa-da ýöreýän adam görűnýärdi. Uzap gidýän Kemine köçesiniň ugrunda bäş gatlakly jaýlaryň içindäki ýaşaýan jandarlara göz aýlalyň. Ikinji gatlakda ýyly ýorganjygyny űstűne ýapyp sűyji dűýşleri görűp ýatan Aýnajyk bardy. Megerem siziň köpűňiz ýaly dynç alyş döwri gijräk turmagy halaýan ýaltajyk Aýnajyk beýle tarapyna öwrűldi-de ýatyberdi. Jaýjagaş görnűşindäki sagat dokuzlygy görkezýärdi. Ÿuwaşlyk bilen ol gözlerini oýkalasdyryp, pallady-da ýerinden turdy. Sary gűlli pejamalyja wanna ýöneldi. Dişini, ýűzűni ýuwup öz otagyna girdi-de, Jeren daýzasynyň tiken gyzylja ştapyljygyny haýaldan, howlukman geýdi. Soňra saçyny darap bir bogdy. Biraz aýna seredip, beýleki otaglardan gelýän sesleri diňledi; biriniň gezmeleýäni eşidildi. Aýna gazjaýa(aşhana) tarap ýöredi.
Onuň uly on iki ýaşly oglan dogany Serdar çaltlyk (çalt hereketler)bilen sűýtli nan iýip otyrdy.. Onuň mele saçlary daralandy, biraz harryjak gulaklary bolsa çykypjyk durdy. Ol Aýnany gördi-de:
“Al, näme iyesiň gelse, sűýt bar, çörek bar, mesge, bal, sowadyjyda(holodilnikde) ýogurt bolmaly, iýseň. Ejemdagy häli işe gitdi.”-ol gap çanagy rakawina goýdy-da-“menem futbol oýnamaga gitjek, çagalar bagynyň ýanyndaky “dworda” bolaryn. Bir zat gerek bolsa Altyn daýzalaň nomerini bilýäňdämi? Şolara aýlaý.” Ol pökgini bir sapar ýere tarkyldadyp ussatlyk bilen eline gapdy-da:
“Işigi ýap, men ýöredim, hiç kime açaýmagyn!”
Serdar işikden ylgap çykdy. Ÿaňyja ukudan oýanan Aýna bolsa işigi ýapyp ýene pallady-da ukuly gözleri bilen stoluň űstűndäkilere seretdi.
Sowadyjydan tudanaly yogurdy aldy-da sessiz-űýnsűz iýip başlady, soňra bolsa gyzyl gűlli çäýnekden çaý goýup mesge,baly nana çalyp garynjygyny doýurdy. Öý gum-guhlykdy. Bu űýűnsizlik Aýna kän ýaramady. Ol myhman jaýa bardy-da telewizory ýakdy. Pultdan kanallary geçirişdirdi. MTVde Raýana aýdymçynyň “Umbrella” aýdymy gidip durdy. Ol şonda goýup sesini gataltdy. Indi, otaglara Raýananyň “ella, ella” sözleri bilen ýaňlanýardy. Dokuz ýaşly Aýna daşary yurtly aýdymlar diýseň ýaraýardy. Olam çala hiňlenip, bir az tans eden boldy. Soň olam ýűregine dűşdi. Bardy-da tűrkmen kanallara geçirdi. Mirasdan “Kiçijek suw perisi” multifilmi gidip durdy. Garaja gözlerini pökgerdipjik, telewizor diýilýän korobka nazaryny dikdi. Onda suw perisi Ariýel we akrap dosty Sebastýan keşbleri janlanyp gűrleşýärdiler. Birden Aýna bir ses gulagyna eşidilen ýaly boldy. Yzyna bakdy, otaga gözűni aýlady. Hiç zat ýok. Ÿene-de telewizora seretdi welin, ýene-de şygyrdy eşidildi. Aýna yzyna bakdy. Edil şol wagt bir zat, näme-de bolsa ýaşyl reňkde, ýyldyrym çaltlygynda myhman jaýyň burçundaky diwandan atylyp ýatylýan jaýa(spalnya) girdi. Aýna ýere çűylenen ýaly bolup durdy. Gygyrybam bilmedi. Bir minutlyk gymyldaman, hiç hili pikirsiz durdy. Otagda bolsa telewizordan başga şu wagt zat eşidilenokdy.
“Hudaý, o zat nämekä?Öýde mendem başga hiç kim bolmaly dälä. Waý, ol…o zat nämekä dogurdanam?! Serdaryň diýýän çaga iýýän döwi bolaýmasyn? Aý, ýok döw uly bolmaly, meňzänok.Ogry bolaýmasyn, aý, ogry bolmak űçin hem gaty kiçi görűnýär. Hä, bildim, “prewideniyedir”!
Beýle pikirlerden soň Aýna hasam gorkup başlady.
“Altyn daýzama jaň edeýinle”- ol bir ädim edende, telefonyň ýatylýan jaýdadygy ýadyna dűşdi.
“Waý, men indi näme etsemkäm?”
Ÿene-de şygyrdy eşilidi. Bu gezek Aýna doňmady-da tersine çirkin gygyryp wanna ok atylan ýaly ylgap bardy-da içinden gurplanyp oturdy.
“Iň bolmany giribä bilmez. Serdar çaltrak geläýmelä”- diýip Aýnajyk alada edýärdi.
Duýdansyzlyk bilen gapy kakypldy. Gapyny bir kiçijek el kakan bolmaly, ýogsa-da gaty haýal eşidildi. Aýna dymdy, jaýda çyndanam biri bar, onuň endamy titremäge başlady. Duk-duk. Ÿene-de kakyldy. Gum-guhluk. Birdenem inçejik, haýal sesjagaz gűrledi:
“Hanym, bagyşlaň, men sizi gorkuzmak islämokdym!”
Aýna geňlik bilen gapa seretdi.
“Men çyndanam ýaňky sesi eşitdimmi? Wi, men dűýş görýän bolaýmaýyn” diýip ol elini çűmműkledi.
“Wäk! Ÿok dűýşä däl” diýip ol şeýle netijä geldi. Gapyň arkasynda ýene ses eşidildi.
“Hanym, gapyňyzy açaýyň, men size degjek däl. Men diňe siz bilen dostlaşmak isleýän.
“Waý, bu bir döw bir zat bolaýmasyn, meni aldap çykaryp, iýer ýa-da alyp gider öz öýűnede işleder, onsoňam men hiç haçan ejemem, kakamam görűp bilmerin” diýip Aýna äpet aýylganç döwűň öýűnde özűniň başagaý bolup içeri syryşyny gözegine getirdi.
“Siz kim?” biraz gujurly ses bilen sorady.
“Men…men Jenap Kristian Waýdrous!”
Aýnajyk gaşlaryny sorag görnűşde çitdi.
“Ehm…hawa…megerem siz işigiňizi açarsyňyz, men adam iýemok, iýýän bolsamam siz meň garnyma sygmardyňyz.”
Ÿene gum-guhluk. Aýna ýuwaşlyk gapyň gulpuny açdy-da yza çekildi. Gapy haýallyk bilen açylyp öňűmizde bir täsin jandaryň Aýna ýylgyryp durandygy görkezdi. Aýna bir salym agzyny açyp durýar. Siz Aýnany gűnäkärlemäň, özűňizem bu jandary görseňiz aňka-taňka bolardyňyz. Çűnki men şűbhesiz siziň beýle jandary Maryň köçelerinde entek-entek görensiňiz diýip pikir edemok. Meň özűmem çynymy aýtsam görmändim. Yöne men size Aýnaň gören zatlaryny suratlandyraýyn. Kyrk santimetre golaý boýly, űstűnde bir ýaşyl donmy şoňa meňzeş bir çabyt bardy. Gök gözlerini petredipjik bu jandar ýylgyryş bilen Aýna seredýärdi. Aýnaň ýadyna gorky dűşenokdy, oň ýűzűnde şu wagt geňlik bardy. Ÿaňky janadaryň iki uçluja gulajygy, kellesinde bolsa ýaşyl reňkde bir űçburçlygy gytalygyna geýdirlen bir şapkasy bardy, gyralaryndan bolsa mele sary saç çykyşyp durdy. Iň haýran galdyrýan zadam onuň ujy inçelip dolanyp gidýän, Alladindäki ýaly geýilýän köwűşleri ýatladnýan köwşidi.
-Ertiriňiz haýyrly bolsun, Hanym-diýip bu jandar mylakatly gűrledi-de başyny egdi.
Bir sellem Aýna gűrläp bilmedi, soňra birden oýanan ýaly:
-Siziňkem!-diýdi.
Bu salyhatly jandarymyz bolsa:
-Men Jenap Kristian Waidrous, özűm elf Finlandiýadan geldim. Hanym, siziň adyňyzy bilip bolmazmyka?
Beýdip hiç gűrleşip görmedik Aýna, haýranlyk bilen:
-Aýna…Aýna Gurbanowa-diýdi.
-Siza duşanyma örän şat, Hanym Gurbanowa-Jenap Kristian elini uzadyp dostluk alamaty hökműnde ýene-de salamlaşdy.
-Siz bärik nädip dűşdűňiz?- diýip Aýna bilesigelijilik bilen sorady. Ÿaňy ukudan oýanan ýaly onuň bu jandaryň ýa-da öz aýdyşyna göra elfiň Tűrkemnistana nädip dűşenini bilesi gelýärdi, özem bu dűnýäde bular ýaly jandarlaryň ýaşap ýörendiginden habarsyz, çynymyzy aýtsak Aýna habarlydy, ýöne çyndyr diýip pikir edenokdy.
-Gaty uzak waka-diýip Jenap Kristian uludan demini aldy-da:
-Hany, men sizden bir zat sorasam bolýarmy?
-Elbetde-Aýna guwanç bilen jogap berdi.
-Men gaty uzak ýollary sökdűm iki-űç gűnden bäri bolsa ýekeje zadam garnyma barmady. Menä`zat dilemäni halamok, ýöne kyn görmeseňiz…
Aýna ony böldi.
-Waý, men samsyk, myhman nädip garşy almalydygam ýatdan çykypdyr öýdýän!Jenap Kristian, siz meni bagyşlaň, men elflere mundan öň hiç duşmandym welin, sizi görűp hemme zady ýatdan çykarypdyryn! Ol ylgaşlap:
-Geliň, myhman boluň!-diýip aşhanadaky stoluň başynda oturtdy. Biziň elfimiz bu stolda özűni emelsiz duýdy, görgűliň eli stola zordan ýetýärdi. Bunu aňan Aýna kakasynyň ofisindäki uly oturgyjy äkeldi-de:
-Siz şu oturgyjda otursaňyz has ykjam borsuňyzmyka diýýän-diýip ol oturgyja görkezdi.
-Minnetdar-diýip Jenap Kristian ýylgyrdy.
Aýna onuň öňűne çaý, köke-sűýji, ýagly nan, alma, yogurt zat baryny goýdy-da!Görgűli nämeden başlajagynam bilmedi.Bir kökäni aldy-da, bir ýandan gyzgyn çaýy űfleýärdi.
-Sizde sowugyrak bir zat ýokmyka?
-Soga bar, bolýamy?
-Hawa, bolar.
Aýna sowadyjydan “Ruhubelent” ýazgyly űlje sogy alyp stakana guýdy. Jenap Kristian kiçijek elleri stakany alyp ondan ganyp içdi. Aýna Jenap Kristian iýip bolup, doýýança hiç zat soramady. Ahyr biziň elfimiz almany iýdi-de, ýene-de ýylgyryp:
- Aç garny doýuranyňyz űçin köp minnetdar, Hanym Gurbanowa, indi men size öz başdan geçirenlerimi gűrrűň beräýin, elbetde, eger siz diňläsiňiz gelýän bolsa?-diýip Jenap Kristian soragly Aýna seretdi.
-Hawa…hawa, onda-da nähili bilesim gelýär-diýip hälden bäri Jenap Kristianyň gűrrűňine garaşaşyp oturan Aýna sabyrsyzlyk bilen gűrledi.
-Bolýarda-Jenap Kristian uludan demine aldy.
-Elbetde köp adamlar biz hakda bilenoklar. Entek şalar, soltanlar hökűm sűren döwűrleri biz arkaýyn ýer űstűnde gezip bilýärdik, ýöne soňky asyrlar täze tehnologiýa, maşyn diýdiňiz, ýa şol telewizor zat çykyp ugrady. Bizem adamlar ýatdan çykardylar. Onsoňam indi biz űçin köçede aýlanyp ýörmek gaty howply. Şol sebäplerden, bizem gizlenip öz durmuşymyz bilen, haýaljak akym bilen ýaşap ýörűs.
Ÿöne menä bu töwerekde elfler bardyr öýdemok. Biziň köpűmiz Finlandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa töwereklerinde ýaşaýarys. Meň özűm Finlandiýadaky tokaýlyklarda ýaşayan, eýýäm näçe asyr bäri elfleň iň köp bolýan ýeri şol!
Aýna garaja gözlerini tegelekläp űnsli diňleýärdi.
-Siz onsoň nädip bu ýerik dűşdűňiz?
-Biz ýaşap ýörűs, haýal akym bilen, meň bolsa beýle durmuş ýűregime dűşýär. Edýän işmiz ýök, ýöne şol bir zat gűnde. Turarsyň, iýersiň, tokaýa aýlanyp barlarsyň hemme zat ýerbe ýermi, eýlede beýlede tudanajyk diýdi, agaçjyk diýdi eken bolarsyň. Manysyz durmuşlaý! Menem, ine, dűnýäni göreýin diýip gaýtdym. Helsinki diýip bir şäher bar, şona bardym,onsoň hol guş ýaly uçýan demir bar-a?!-ol gaşyny çytyp bir sözi ýadyna dűşűrjek boldy.
-Uçarmy?- Aýna dillendi.
-Hä…hawa, edil özi, ana, şo taýda bir uçara műndűm, olam bir ýerlerigä äkitdi. Neme, Moskwa diýdiler öýdýän. Ol şäher gaty uly eken, menem uly şäherleri kän halamamsoň, ýene bir uçara műndű, olam bir owadan şäherä äkeldi, Jaýlar ýaman gownűme ýarady. Ady, ýalňyşmaýan bolsam Aşat, ýok Aşbat öýdýän!
-Aşgabat-diyip Aýna dűzetdi.
-Edil özi!
-A Mara nädip dűşdűňiz?
-Bir seretsem Aşgabat-Mary diýlen ýazgy bar.Menem haýran galdym, sebäbi meň bir gyz jigimiň ady Mary, ýone siz ony başgarak diýyän ekeniňiz. Menem şu ýer nähili-kä diýip műnűp şu ýerik gelşim.
-Siz biziň öýműzde näme işleýäňiz onsoň? Maryda jaý kän, ayroportam bize ýakyn däl.
-Men bu töwerekde kän aýlandym, dűýnem siziň oýnap ýöreniňizi gördűm. Men siziň elfleri görűp bilýäniňizi aňdym.
-Hä…indi şol ýapraklaň arkasynda biri bar diýdim-le. Hä, näme başgalar görűp bilenokmy?
-Ÿok, diňe bize ynanjaklar bizi görűp biler.
-Onda, häzir ejem ýa-da kakam gelse sizi görmeýärmi?
-Ÿok, eger ynanmýan bolsa görmez.
-Onda sizi uçarda-da hiç kim görmedi-dä? Ÿöne uçarda-da bir ynanýan tapylar-a? Sizi şonda-da görmedimi?
-Megerem ynanýan bardyr, bizi köplenç çagalar gorűp bilýär.Ÿöne men jadyly paraşok ulandym, şoň űçin görűp biläýjeklerem gören däldir.
-Jadyly parşok?!-Aýna ýűzlendi.
-Hawa, ol seni görűnmer ýaly edýär, ine-diýip ol jűbűsinden bir haltajygy çykardy-da, bir hili ýaşyl paraşogy űstűne sepdi. Jyk, Ÿom ýok, ýitdi. Jyk. Indem Jenap Kristian hiç zat bolmadyk ýaly ýerinde otyr.
-Men sizde biraz wagtlyk myhmançylykda bolsam bolarmy?
-Waý, elbetde…bir azajyk däl, köpräk boluň!- diýip Aýna begenjiden ýaňa uçaýjak bolýardy.
Bularyň gűrrűňini gapyň sesi böldi.
-Way, Serdar gelendir, ol sizi göräýse?
-Hol mele saçly oglanjykdämi? Yok, ol meni görűp bilenok. Arkaýyn boluň.
-Siz bolmasa meň jaýym geçäýiň?-diýip Aýna öz otagynyň gapysyna görkezdi.
Jenap Kristian űýtgeşik köwűşjagazalary bilen ýere dűşdi-de:
-Örän minnetdar!-diýdi. Aýnajygyň dulujyklary gyzarypjyk gitdi.
Ol işige tarap ylgap baryp gygyrdy.
-Ki:m?
-Men how, aç işigi! Serdar sabyrsyzlyk bilen gűrledi.
-Kim men?-oýun edip Aýna sorady.
-Men milisge, siziň öýňűzde bir bet gyz barmyş, şony almana geldim.
Aýna jak-jaklap gűldi. Serdar gapydan ýylgyryp girdi.

Telpekler (3 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Sheyle gowi fantaziya"
  • Yusup_Ahmet 3 telpek goyyar we yazyar: "gayratin uci"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gadyrly myhmanlar we

Gadyrly myhmanlar we agzalar, ine, oz ýene bir yazan işimi okarsyňyz diyen umyt bilen ýazýan. Çagalyk döwrűňizi ýatlaýmasaňyz, hekaýa erteki görnűşde ýazylan, aslynda bu hekaýa däl, dine fantastiki görnűşde ýazylan çagalaryň romanynyň 1nji baby. Maslahat berseňiz diňlejek, sorag bolsa-da aýdybermeli.

Leyla

Sok, wanna, rakowina, pult,

Sok, wanna, rakowina, pult, kanal(“ýaýlym” bolýamy?), pajama, poroşok sozleriniň turkmençesini bilýän ýokmy? Sözlűkde-de tapmadym.
Birem grammatikadan ökdäňiz bar bolsa, men dialoglar birem başganyň sözűnde ýaý bilen kese çyzygy bulaşdyrdym öýdýän, inlis dildäki dűzgűnler bilen garyşdyrypdyryn, indem haýsy näme bolmaly ýadyma dűşenok, şoňa bir kömek etsediňiz.

Leyla

sok-miwe suwy. galanlaryny

sok-miwe suwy. galanlaryny bilemok. okayan turkmen hekayalamda dush gelemokdym on :) (kop okamayanlygymam hasaba almaly)
poroshok- pylan edyan jadyly serishde diyaymesen. mysal uchin kir yuwujy serishde diyilyara, stiralny poroshoga.
yalnyshmasam, bashganyn sozi : son "" ichinde yazylmaly.

Leyla: "Sözlűkde-de tapmadym" - diydi.

eger gurrun berip son dialoga gechip gitsen, onda - bilen onaymaly :)

mysal uchin:

- Siz kim? - diyip biraz gujurly ses bilen sorady.
- Men…men Jenap Kristian Waýdrous!

ertekin gyzykly. esasy uns bermeli zadyn, yazan auditoriyan chagalar bolsa (yashyny goz onune tutup) ertekin olaryn dushunjek dilinde yazylmagy.

men 3-4 yyl on sadikdaki 3-5-6 yashly chagalara erteki okap beremde, ortasyna yetmankam bashyny yatdan chykaryadylar eger ertekide agzalyan kynyrak sozler ya-da natanysh zatlar bolsa :) onson her sheyle yerinde dushundirip durup gechyadim.
garaz yazyan adamda okyjylaryn onunde jogapkarchiligi kop. yazan her bir yazgyn, goy shu ertekin diysek, bir terbiyeleyji many bilen chaganyn anynda galar yaly bolsa azabyn yerine yetdigi bolar. yenil okalyp gidilyan we dushuniljek dilde bolsa hasam gowy.

Bu yazgy 7-12 yashly

Bu yazgy 7-12 yashly chagalar uchin niyetlenen.ondan yokary gitsede bolyar elbetde.
maksadam bar yone dowamyny okamaly borsunyz onun uchin, bu dine bir birinji baby.
Leyla

Ol yalnyshmasam hekayadaky

Ol yalnyshmasam hekayadaky gahrymanlary chagalaryn anynyn alyp biljek limit'lerinde suratlandyrmagy maslahat berdimika diyyan. Adamyn pikirlenme dili bilen baglanyshykly mesele. T.e. meselem sen bash roldaky gyzyn adyna "Akpamyk" goysan, onda chaga ol ady "hanym Shirzingust" diyeninden has ansat anyna yerleshdirer we hekayan ichine has chun girer.

P.S. Yokardaky yazgyn kabir yerlerini ha ulylarynam hemmesi dushunmezmika diyyan. Goz onune getir: 1 garry mama agtyklaryna okap beryar bu yazgyny, we Rihanna'ly yerine yetende "Rihanna MTV'de "Umbrella" diyen aydymy aydyar, ella, ella...hoppa, hoppa.." dagy diyip ?! :)) Yone men meselem ejem Gorogly'dan bolekler aydyp bererdi, shonda anyrdaky goshgylaryn aydym hallaryny hinlenerdi we hekayan context'ine sokulanda aydymyn nahili manylydygyna, we gide bara jana gelyan yaly bolshuna dushunmegime sebap bolardy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "umuman men aydan pikirime yakyn"

shol rihanna aydmy barada

shol rihanna aydmy barada pikir edip gorerin, yazamda-da menem shony pikir etdim, men chynyp aytsam oz tejribami ulandym sebabi men jiglem ong klasdashlary shola yaly aydymchylary tanayar, dinleyar.olam shaering adamalry, hawa, chyndanam obadakylar dushunmezligi mukin yone men utgedesim gelenok, sebabi ol "realistik" gornushde yazylana, shaher durmushy hakda, yene pikirlenip gorayerin, amslahatynyz uchin kop sag bolung.
dushunmedim, men ayna adyny akpamyga owureyinmi?
mena yone "modern" erteki etjek boldum-la muny.
Leyla

Yok, sana "eyt, beyt" diyjek

Yok, sana "eyt, beyt" diyjek bolmadym, Akpamyk adam dine mysaldy. Yagny, chagalaryn Turkmen atlaryny has ansat yatlarynda saklap bilyandikleri sebapli bir mysaldy. Gowy hekaya chagan kellesinden chykanok nache wagtlap, yone ne hekayan ichindaki yerlerin/aydymlaryn atlaryny, ne-de gahrymanlaryn adyny yat tutup bilmese, birhili hekayan effekti peselermika diyyan! Modern erteki etjek bolanyna dushundim, ady hem aydyp dur muny belli 1 derejede :) Bize kichi wagtymyz shuny aytsadylar, "elf namay ?" diyerdim birinji bilen :)

gaty gyzykly, 5 yashynda

gaty gyzykly, 5 yashynda yegen bar, tm- gitsem shonga okap berjek, ynanjangyrak shol.., galamyng ujy yiti bolsyn..

menem jiglem uchin

menem jiglem uchin yazdym-da! "guneshe" ugratsammykam? nahili pikir edyaniz?
Leyla

gaty gowy bolar, meng ejem

gaty gowy bolar, meng ejem edebiyaty gaty gowy goryar, has hem chaga edebiyatyny, biz kichijekkak ejem her hepde alyardy gunesh bize, bizem hezil edip okardyk, ay yone chagalar hakynda bir zat yazjak bolsang ong kriteriyalary bolmaly:
1. hekayanyng maksady name
2. chagalng diline dushunuklimi
3. chagalar uchin howp doretjek gahryman barmy hekayada.
4. dinge shaherde yashayan dalde obada yashayanlara hem dushunukli bolmaly....
shulary gozden gechiripjik ugraday..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty dogry yazipsin! Berekella!"

Gowyja

ilki okamjak boldym yazan zatlanny gaty uly gorüp yöne 1nji setirdäki mary sözüni okap nädip yzyny akanmy duyman galdym.
_________________
Yürekden yürege

BELLE!Berekella

salam agzalar!BElle!gowy hekaya yazypsyn..berekella!mary yadyma duship gitti:)sebabi manada dush gelipdi sholardan biri...hihihi...oyun edyan..yone yazmana dowam et!Sonabaka romanam yazp bashlrsyn....hemme zada sheydip bashlanyada...

gaty gowy ýazypsyň!

gaty gowy ýazypsyň! Berekella
ýöne kä ýerlerinde türkçe söz giden ýaly, niresindedigi şu wagt ýadyma düşenok, sebäbi düýnki okan bölegimde gabat gelipdi. tapsam aýdaryn.

paraşok- tozga, tozanjyk bolup biler!
birem wanna içine girip suwa düşülýän zada diýýäs bizä

yogurt diyjek bolyang

yogurt diyjek bolyang oytyan, :)

ýogurtmyka, ýök o

ýogurtmyka, ýök o dällaý! ýogurty orslaram ulanýa, bizem orslar ulanýany üçin ulanýas(mykak diýýän). ýogut-yň ýerine miweli gatyk diýip bolar!

iňlislerem çekizä/gatyga

iňlislerem çekizä/gatyga "ýogurt" diýýäler we greklerden geldi diýip bilýäler, aslynda, türklerden gelen bolmaly. Mümkin, bizde hem bardyr şol söz, ýöne ulanyşdan galan bolmagy ahmal?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men turkche bilemoga,

men turkche bilemoga, niresinde turkce bar?
Leyla

bizing obamyzda yogurt yok

bizing obamyzda yogurt yok dinge gatyk bar:)

A gyz Leyla okamda name

A gyz Leyla okamda name yadyma dusdi diy,sizin oyunizde galyp "HArry potter"gorenimiz yadyma dushup gitdi-da.....

turkmenler yogurt

turkmenler yogurt ondirenokmy? dashynda name diyip yazyarlar? obada yogurt yokdygyny bolyan, yone shaherdakiler iyyar ony, buda shaher durmushyndan alynan, obalylaram dushunemika diyyan,sebabi meng hemme garyndashlarym obada, menem shol yerdaki jiglem hem okar yaly edip yazdym.

Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

miweli gatyk

Belle wrote:

turkmenler yogurt ondirenokmy? dashynda name diyip yazyarlar?

türkmenler öndürýär, ýöne daşynda ýazanlarynda "miweli gatyk" diýip ýazan bolaýmasalar! sebäbi 100% türkmen dilinde ýazýalar! mysal: uýadylan gaýmak(sliwka)-ýalňyş ýadyma düşýän däldirlaý

100% türkmençe diýemde, sahypada türkmençä öwrilip başlan ýalylaý :)) şu Belle moder bolsa gowy üýtgeşmeler bolar diýýädim :P:))
ýöne intek doly öwrilmändir! mysal: Teswirin özeni field is required. :)))

Quote: şu Belle moder

Quote:

şu Belle moder bolsa gowy üýtgeşmeler bolar diýýädim :P:))

Bizem bilelida Belle'nin boldyran uytgeshmelerini :)

hahaha aýdaýynmy! :P Belle

hahaha
aýdaýynmy! :P
Belle täze moderator we admin paneldäki hemme zada düşünenok, we käte käte 10-15 sany telpejigem oklaýýa :))
onsoň beýleki moderiň içinde gorkyly pikir döreýär; "birden täze işdeş ýalňyşyp bir zada basyp sahypany bulaşdyraýmasyn" bu ýagdaýa bir çözgüt gözleýän beýleki moder, sahypaň admin panelini dörmäge başlaýar we sahypada ylanylýan terminlere duş gelýär we öz ýanyndan "tapdym" diýip begenýär. sebäbi agzalar öööňden bäri sahypaň doly türkmençe dälliginden şykaýatçy. we şunlyk bilen sahypada ulanylýan terminleri türkmençä terjime edip başlaýar! :)) gowy senariýa ýazdymmy :P

Bay guldurtiniz ow Serdar

Bay guldurtiniz ow Serdar aga.Aydayyn diyip otyrdym menga barde eden zadym yokla Mergen agang ozi duzedishdirip bashlady. Mena dinge shahsy maglumatda jynsy gosg diydim, bashga zat diyemok. menem geng galyan gele gele men moder bolamsong utgetmeler girizip bashladyla?! Bir zat tasir etdimika?! :)D

Danalara uýsaň, açylar gözűň,
Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen.

Telpek paylanylyan yeri

Telpek paylanylyan yeri owalam turkmencedi, sebabi Atamyrat eli bilen yasan/gosan modullarynyn hemmesini Turkmen dilinde yazypdy. Belle nahili ishleyanini gorjek bolandyr, yogsa "Telpek payla" sozune islesenem yalnys dusunip bolmaymasa.