Ekonomik krizis!!! Bizede täsir edermi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Köpűňiz bilşiňiz ýaly häzir Amrikada “ekonomika” esasy we iň bir wajyp temalaň biri bolup durýar. Näme űçin? Köp ekonomistleň aýtmagyna görä Amerika häzir ekonomik krizisde.(Ekonomistler aýtmanda-da gornűp dur!)Bular nädip beýle ýagdaýa geleldikleri barada gűrrűň-ä etjek däldim welin, geliň şonda-da hemme zat dűşnűkli bolar ýaly bir başdan başlalyň.
Banklaň ýagdaýlaynyň şu derejä ýetendikleriniň bir sebäbem: banklar adamlara karyz jaý berýärler, bu adamalar bolsa, haýsydyr bir sebäblere görä işlerini ýitirýärler we yzyna töläp bilenoklar. Bank jaýy yzyna alýar,ýöne bank birinjiden gazanjak puluny gazanyp bilmedi şu ýerde, hemem indi ol bu jaýa täze alyjy tapmaly(olam aňsat iş däl!) daşyndanam bu jaýyň hűmmeti azalar. Şu ýagdaýda bank örän köp ýitirýär, hemde Amerikanlaryň banklarynyň şu wagtky ýagdaýyn getirýär.Çyndanam şu wagt Amerikada işsizlik känelýär. Çig mal bazarynyňam ýagdaýy gowa däl.Başgada bu ýagdaý daşary yurt inwestorlary űçin hem uly zyýan getirýär. Umuman, meň bu gűrrűň bilen barýan yerim niri diýseňizläň?! Biz krizis diňe Amerikda diýýäs welin, ol bűtin dűnýäni şu wagt aýlap başlady. Mysal űçin bir- iki hepde mundane öň radioda Germaniýadaky ekonomik ýagdaý barada diňledim, bir maşyn magaziniň eýesi gűrrűň berýär soňky döwűr ýekeje alyjam ýokmuş, adamlar bir zat ýitireris öýdűp gorkýarlar.
Bir saýtyň berýän maglumatyna görä(bagyşlaň, haýsydygy ýadyma dűşenok)dűnýe 14 milliard adam gűnde $1.25 ýaşaýar, 3 milliardy bolsa $2.50 ýaşaýar. Afrikada şu wagt yagdaý ýaman erbet eger habarly bolsaňyz, iýere zady käbir ýurtlarda zordan tapýarlar.
Şu ýerde şeýle sorag döreýär bu krizis Turkmenistana täsir edermi? Meň pikirimçe edil Amerikadaky krizis etmez, ýöne tutuş dűnýa beýle täsirli bolsa műmkin. Garaz gadyrly agzalar we myhmanlar megerem bu “ekonomika” menden gowy dűşűnýänsiňiz, menä öz bilýänjelem, uniwersitetde-de mekdepde-de öwrenmedim, siz köpűňiz bolsa şu tema bilen içgin tanyşsyňyz öz pikiriňizi ýazyň bizem gowy maglumatlary we informasiýany öwreneris diýip umyt edýäs!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Belle wrote: , Bir saýtyň

Belle wrote:

,
Bir saýtyň berýän maglumatyna görä(bagyşlaň, haýsydygy ýadyma dűşenok)dűnýe 14 milliard adam gűnde $1.25 ýaşaýar, 3 milliardy bolsa $2.50 ýaşaýar.

Telpek goy

14 dalde 1,4 bolaymasyn how, dunyade yoga oncha adam

tasir etmezle men yurduma :)

turkmenistan durnukly nyrha gecti indi dollarda
14,250 manat
onki yaly isleglerine gora uytgedip bilenoklar dollary
Bayramalyda onlera 1-2 adam dollary uytgedip bilyardi
hemmekisa dollar dusyar diyyaler arzana alyp baslayalar....
bizin akylly halkymyzam satya dollarlaryny kan dusmaka diyip...
gunortandan son yene onki bahasydyr :)
sheydip allawa salyadylar indi hemme yerde pul calsar yaly "change" ler bar.indi kriz mriz tasir etmeya kecetelpek turkmene....
oz eli oz yakasy boldy....in gowusam sholdy?
men pikirimce :)

way, menem shonga dushunip

way, menem shonga dushunip bilmedim "billion' millirad bolya dami? men kagyza yazyp aldym maglumaty, sonrak barlap gorayerin, geng gorme duyn gije 1da yazdym welin, ilatam kopeldayipdirin-da :)D
Leyla

gechenlerde men habarlardi

gechenlerde men habarlardi okadim london based analist turkmenistan hakinda gisga ve manili bir zat aydip gechyar. Kriz turkmenistana tasir etmedi muni merkezi bankin bashligi yignakda aydip gecen onun ustesinede president indiki yildan bashlap butjet ayiryar halk krizden kosenmesin diyip. Analist aydyar
"The global economic crisis will have a much lesser effect in Turkmenistan. The simple reason for this is the country hasn’t integrated with the global economy," said Michael Dennison, a global risks analyst with Control Risks, an independent consultancy group based in London. "The financial sector [in Turkmenistan] is much less developed than in other states of the Former Soviet Union and as such global currents are less applicable."

"The country hasn’t borrowed heavily and it’s used its external rents gained from gas exports to finance development. It’s not indebted like other states, most notably Kazakh banks, which are likely to owe anything up to $10 billion by the end of the year," he added.

yone shu mahal gazi satyanligi uchin bir az yagdayda biz kinchiliklari hakikatdanda gormeyas eger sheyle bir zat export etmeyan bolsadik onda afrikadan yadan owganistandan uytgeshik yerimiz yok bolardi.

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Pelwertli 3 telpek goyyar we yazyar: "Long and meaninful text i've read in dis webpage:)"

birzat bolmaz

Blogy okamadym welin asyl gürrün ekonomk kriz babatda bolsa bu menin Türkmen halkyma hiç hili tasir etmez. Ençeme asyrlap bagt Türkmenin yanynda boldy, bu gezegem şeyle: hali bank sistemasyna doly ornaşmankak bu kriz boldy. Gowam boldy, sebabi halkymyz pulyny sandygynda saglygynda saklayar.

Puluny sandygynda saklasan

Puluny sandygynda saklasan kriz sovundan gechip gidayyami ??

Bu krizis dine finans dunyasini chokertmekden bir wagt ashdy, indi bu uly ekonomiki problema, we durmushyn hemme ugurynda oz tasirini gorkezyan problema halyna dondi !! Turkmenistan finans sektory boyuncha krizis'den aman sypsa-da, inflyasiya yaly problemalaryn 1 ujyny dadyp galar, we bu mesele halk'a goniden goni bazarlarda tasirini yetirer !! Shu wagt gazdan gelyan pul bar entagem, nahili krizis bolsa-da dollar gelip duranson, halk'am manadyn hummedinden has kop, "nache dollar dushyan"-digine uns berenson kan problema doranok, dollar hemme yerde 20-30% galyaka ony 1 baha'da tutmak bolsa manadyn bazardaky hummedini bir eyyam gachyrandyr, bu bolsa orta synpdaky, yagny halk'yn $ goterip yormeyan bolegine goniden goni etjek tasirini edendir!

Hmm,

Bir gününg içinde dollaryng bahasy oyna da, ol kriz dalde name? Biram krizing başynda, Türkmenistan IMF bergili bolupdyr. Nahili dogry ony bilemmok. :&

- Nie kanvule, sunkutu -

yalnismayan bolsam

yalnismayan bolsam turkmenistanda archmanda yada kowatanin yaninda saglik merkezini gurmak uchin IMF'den 55million euro alyar shol sebapli bolup biler. aslinda her pursatda gelip hodur edyarler sonam oz guli yali ulanmagi isleyarler. Mumkinchilik bolsa sholardan almali hem dal. Men yadima dushyar 2000-2001 turkiyede kriz bolanda IMF'den pul islapdiler sholam olar uchin gowy bolmandi. tazelikdede yene hodur etdiler emma turk dovleti kabul etmedi. Men gen galyan zadim Gordon Brown gidip IMF uchin Gulf yurtlarindan pul sorayar IMF'de gidip beylekilere komek edyar. eger men yurdum sheyle yagdayda bolsa belki gonumel gidip shol yurtlardan sorardim.Ay belki bir sebap bardirda.

Biz yakynda bmg-ning

Biz yakynda bmg-ning turkmenistandaky filyalynda isleyan turkmen yashulyny myhman etdik, shol gingiskleyin gurrung berdi: beren gurrungunung gysgasy: turkmenistan imf-den karz almady we almajak, yone belki hem onyng pikiridir..

Dunya ekonomikasyna

Dunya ekonomikasyna integrasiya etmegin peydasy has zerurmika diyyan. Onun getiryan peydalary gaty kan. Esasanam durnukly we dunya standartina dogri gelyan finance sektorynyn bolmagy we siyasi durnuklilik dasary yurt maya goyumyny cekmek ucin in uly sertlerdir. Dunya name etse shony etsin bizin oz yolumyz bar diyip kabir zatlara goz yummak bolmaz. Dunya krizisinden tasir alsa goy alsin. Indi bu meseleler global yagdayda cozulya. Entek bizin halkimiz ekonomikanyn namediginem doly bilenok, sen geljekdaki krisiz ucin fond doredipsin name peydasy bar.

şu mowzukda kän başym

şu mowzukda kän başym çykanok, ýöne çykýanlary welin bilýän :)

käbir degişli bloglaryň sanawyny goýaýaýyn bärä:

1- http://www.tmolympiad.org/?q=node/3310
2- http://www.tmolympiad.org/?q=node/1794
3- http://www.tmolympiad.org/?q=node/2124
4- http://www.tmolympiad.org/?q=node/3540/
5- http://www.tmolympiad.org/?q=node/3164

ýňne edil Belleniň açany ýaly däl, elbetde, ýokardakylar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Shu wagta chenli krizis

Shu wagta chenli krizis sebapli Amerikan investorlar dasary yurtlardaky dollarlaryny alyp Amerika getirdiler. Dollara bolan demand galany ucinem, dollary galdy welin. Yone shu towerek Amerika oz icindaki stimulus plan we shm bilen kop bergili yagdaya dusdi(kabir hasaplara gora 1 trillion dollar) Gechen bir makala okapdym 2-3 yylyn icinde dollar shu wagtykysyndan has pese gacar, yagny dollary hummeti uly derejede gacar diyen teoriya bar.

Krizisden son Amerikanyn dunya ekonomika we finansyny dolandyrma guyji onkusinden peseldi...

Turkmenistana degisli

Turkmenistana degisli tarapy:

Shu wagt nebitin bahasy ine 150$ dan 50$ ashagyna gacdy. Gazyn bahasy hem nebitin bahasyna gorarak hereket edyar(doly bolmasada) Yone nebitin bahasy gacsa, ol gaz bazaryna 6 aydan sonra tasir edyarmis. Mysal Russiya Yewropa gazy 400-450$ satyardy, indi sho baha 300$-lara gachjakmys shu 2009 yylynyn ortalarynda. Gazyn bahasy gacsa TM nin hem eksport edyan mukdary gacyarda. Ine shu tarapdan tasir eder...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • turk_men 1 telpek goyyar we yazyar: "Hakykat!"
  • diplomat2009 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

eksport etmek hokmanmy arzan

eksport etmek hokmanmy arzan pula?
onki alyp bilmedik pullaryny bir alsalar.. ukrainadan azyk harytlary gelyar, olarynam srogy geçen ya az galan..
onsonam shertnama baglanyshyalar şu yila çenli şunça bahadan satyan diyip..

quote

loverman wrote:

eksport etmek hokmanmy arzan pula?
onki alyp bilmedik pullaryny bir alsalar.. ukrainadan azyk harytlary gelyar, olarynam srogy geçen ya az galan..
onsonam shertnama baglanyshyalar şu yila çenli şunça bahadan satyan diyip..

ukraina shu wagt biz satmayarys. azyk dan alma meselesi 1-2 yyl onincha bes edildi.
Baha meselesi bolsa, gaty gitse 2-3 yyllygyna shertnama baglanshylyar. Ondan kop dal.
Yada indi Russiya turkmenistan bilen shertnamasyny Yewropa satyan bahasyna degisli bir formula gora etjek bolyar...

öňden bari şeýle formula ulanylýar how....

öňden bari şeýle formula ulanylýar how....

Ynha şeýleräk-dä gadyrdanlar!

onda formulany

onda formulany uytgedaymeli..

Mukdar uytgemaymese???

Mukdar diyer yaly gaty kan zat satanoga.Birem uytgese uytgemese TM o gazy hokman beraymeli birsydyrgyn.
Sebabi barja gazanjymyza shol gaz.Onam azaltmaz.
Azaltmak ucin yekeje bahanasy bolup biler,olam gazy az mukdarda cykaraysa az satmaly bolar.
Bolmasa shol bir shertnama ,dine bahasy uytgar.
Agam Yolotende gaz ugrundan hunarmen(injiner) bolup ishleyar.
Shola shey diyyar,bir bilyani barmyka diyyan?

Magtymguly sozun bilene sozdur
Bilmedik adama gury owazdyr

men adagly, men mukdar

men adagly,

men mukdar diyende gazyn mukdaryny dalde gazdan alynan pulun mukdaryny diyjek boldum. Bizin satyan gazyn bahasy galyardy, bashda 40$, son 60 boldy, 110 boldy, 150 boldy, indi 250 bir zat bolyar diyip yorduler. Elmydama Ruslar galyardy alyan gazlarynyn bahasyny, indi nebit gacdy welin indi shony gacyryp hem biler Ruslar. SEbabi olaryn Yewropa satyan gazynyn bahasy gacyar diyyarler...

Ýagdaýy gowy edip gysgajyk

Ýagdaýy gowy edip gysgajyk wideoda düşündiripdirler..

Crisis of Credit,
http://www.crisisofcredit.com/

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gowy dusunduryar ekeni. Sagbol!"

Ashakda bir ekonomiki

Ashakda bir ekonomiki tabel(chart) goydum gyzyklandyryjy chart. Yone menden Comment yok.
http://medya.zaman.com.tr/2009/04/24/tablo.jpg

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "sagbol!"

2008 yylynda ekonomikasy in

2008 yylynda ekonomikasy in kop osen 10 dowlet we olaryn osush mukdarlary:

1. Macau-15%
2. Angola-13.2%
3. Azerbeyjan-11.6%
4. Equitoral Guinea-11.2%
5. Qatar-11.2%
6. Anguilla-10.2%
7. Turkmenistan-10%
8. Hytay-9.8%
9. Yrak-9.8%
10. Belarus-9.2%

Chesme: Factbook

Turkmenistan ovnuk ushak

Turkmenistan ovnuk ushak sanlar bilen ish salyshman, goni 10% diyipjik durmy ? :)))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bashlyk 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

yangy inetde dorjelap yorkam

yangy inetde dorjelap yorkam tapdym, okap gorung:)
http://www.tfeb.gov.tm/press031.pdf
_____________________________
Ýürek urýar tolgunýar,
Emma galam dur ýerde,
Ak kagyzlar zyňylýar,
Söz çykanok leblerden.