Dini na derejede yaşayarys?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly jigitler we eziz gyzlar.
yene kabirlerimiz üçin "iç-gysgynç", "biderek" tema açdym, bagyşlan. :)

Köpümiz musulman , soraglar yüze çykyar.
Karl Marks: "Din halkyn tiryegidir" yaly bir zat diyipdir.
yene biri: "din adamlaryn özlerini gowy duyduryan zatlar sebapli, özlerini günali duymaklarydyr." diyipdir.
Emma aslynda bolsa dünya halklarynyn çenek bilen 70-80% dine ynanyar öydyan.

Din sizin üçin name zat?
Siz dini na derejede yaşayarsynyz??
Güna etdinizmi, edyanizmi? Meselem; (kiçijek) ogyrlyk etmeler, kyn yagdaya düşende yalan sözlemeler, jynsy gatnaşyk, haram işleri etmek; arak içmek, yslamy usulda geyinmezlik, harama seretmek we ş.m. yagny şularyn hemmesini öz erkiniz bilen "Huday bagyşlar-da" diyip edip gördünizmi? "Şeriat" sistemasy barada name pikir edyaniz? Şol hazir yöremelimi? Ogyrlyk edenin eli kesilmelimi? Jynsy gatnaşyga gireni daşlap öldürmelimi? Bir erkege 4 ayal rugsatlymy? Hazir şeyle adalat sistemasyny islarmidiniz? Eger "Hawa" bolsa name üçin hereket edilmeyar? Hudaya, Muhammet pygambere çyndanam ynansak, şon yolunda yöremeli bolmayarysmy?
Musulmanlyk barada öwrenyanizmi? Yslam name, şertleri name, namaz name; meselem namaz okalyarmy? Bular barada Muhammet Pygamber nameler diyipdir, onyn taryhy, ömri-durmuşy; musulman halklar barada maglumatlar okadynyzmy? oylanyp gördünizmi? Meselem Türkmenistan musulman yurt diyip geçyar, we şol musulmanlyk size göra dogrymy? sizi kanagatlandyryarmy? Bolyan zatlara garşy öz borjynyzy nahili şekillendiryaniz? Meselem yakyn dostyn güna iş edyar; sen nahili garayan şona? Pygamberimiz nahili garapdyr?
we in sonunda Gurhan, Gurhany arapça okap gördünizmi?? Gurhanyn siz üçin Hudayyn kitabydyr, şeyle bolsa arapça, öz dilinizde okap gördünizmi? we ş.m. birnaçe soraglar.

şu yokardakylaryn hemmesine "dogry" jogap berip bilmeyan bolsak; Onda edyanimiz dogrymy? Öz-özümiz bilen gapma garşylyk bolmayarmy? Yada çyndanam "önki yslam" hazir dogry sistema dalmi?

* Hiç-hili garalamak, yansylamak niyetim yokdyr, eger şeyle görünyan bolsa, hayyş edyan mana duydyryn, dineje "adam şekilli" oylanyp, türkmene gelişyan dil bilen gürleşmek, söhbetdeş bolmak, pikir paylaşmak isleyan.
sagbolun önünden.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hmm bilmedim-da mena

Ay Jemshitjan gaty kan soraglar bilen gaty govy zatlar yazypsyn,ol sorgalaryna mena cynymy aytsam name jogap bejegimime bilmedim,el kesilme,gyzlan binamyslygy usin sacyny gayrkmamyk,4 ayally bolmak yatyrylany govy boldey myka diyyan,men cynymy aytsam ozum Musulman,yone musulman daplerini yerine yetiremok(gaharymam gelyar).Men shu wagt ABS da okap yorun,barem bishiniz yaly musulman dal,yekeje musulmana-da dushmadym shu wagta cenli,in barkisi nahardan son tower okamanam yadymdan cykarayn,oyde etyan zatlarymy barysyny unutdym diyen yaly.Onson mena ozuma CYN MUSULMAN diyip biljek dal.Yone bir tarapdan seretsegem bizin gnymyzda bar dine uymaklyk,bir tarapdan men Karl Marx bilen ylalashyaryn,men pikirimce dine Hudaya ynanmaly,bi huday bar hemma denlik,din bu dine admalary yoldan cykmazlyklary ucin doredilen zatmyka diyyan...
men bilen ylalashmanam bilrsiniz...

sagbol, blogyma jogap yazyp,

sagbol, blogyma jogap yazyp, pikrini paylaşanyn üçin.
Sen özüni şol "musulman daplere" uymanyn üçin kemçilikli göryanmi?
eger dini ybadatlary edmeyan bolsan, muhammet Pygamberin sünnetine eyermeyan bolsan, diymek şu wagtky halyndan razy yaly görünyan.
Diymek menin pikrimçe, "yekeje dogry yol - Yslamdyr", "Yslama eyermeyan yalnyş yoldadyr" yaly sözler güyjüni yitiryar;
Herkim öz "dogry" yoluny özi tapyp bilyar; Akyl bilen.

dine dürli garayış

govı soraglar beripsin. ine men öz pikirimi aytmakçı. men hem musluman, alla ınanyan. yöne menin ınanjım başgarak. dini her adam özüçe yaşamalı, her adam yüreginde name ınancı bolsa şonı etmeli. din adamın yüreginde bolmalı, ol beyne guyulyan zat daldir ve dine ınsanın vıjdanı, ınsabı bilen hereket etmelidir. allatagalla ınsanı öran govı yaradıpdır, hiç hili egsiksiz yaradıpdır, şol sanda dindenem payımızı berendir. yagnı her kimin gursagyna, yüregine guylandır. onı belli bir galıba guymak, belli bir dini düşünjeler bilen gruplar gurmak, dini kitaplardaki yalı yerine yetirmek üçin ımtılmak hökman daldir. yüregin name diyse şonı et. allatagalla seni ınsan hökmünde yaradıpdır. sen ınsanlık vezipani yerine yetir, gününün köp vagtını dini kitaplar okap, dine yıkılıp yatman ınsanlık üçin has yaramlırak işleri etjek bolmalı

Quote: allatagalla ınsanı

Quote:

allatagalla ınsanı öran govı yaradıpdır, hiç hili egsiksiz yaradıpdır, şol sanda dindenem payımızı berendir.

Ýaşuly şu pikiriňe düýpgöter garşy men. Aý umuman ýazanyňa garşy welin, şunyňa hasam garşy. Bir nogsansyz Alla bar, adam diýleniň ideal jandar däl. Egsigi kän, edýän ýalňyşy kän. Ýalňyşlyk göýbermeýän barmy näme?!
Onsoňam Alla adama hiç zady berip göýberenok bu dünýä. Adam dünýä ineninden hemme zady daş-töwereginden, ene-atasyndan öwrenýär. Dinem şeýle. Hiç haçan öz çagaňy suwa oklaýasyň gelmez "Alla çagama ýüzmekden bir paý berendir" diýip. Ýa 4-5 ýaşyna gelende öýüňden çykaryp göýbermersiň. Dinem şeýle, öwrenmeseň, üstünde azajygam kelle döwmeseň, biljek zadyň ýok.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

HMM????

HMM,mena Soyunov bilen ylalashyan...men pikirimce dogrymyka diyyan..

А-hоw, ýigitlеr, utаnаňyzоkmаýt?

"Şükür bаgşy" kinоsyndа mаslаhаt gidip durkа bir ýaşuly ýеrindеn turup: "А-hоw, ýigitlеr, utаnаňyzоkmаýt?" diýý¬ändir. Bu sоwаlа ýürеgi tisginmеdigimiz ýok bоlsа gеrеk. Hеr kim türkmеniň milliligini bir zаtdа görý¬är. Kim şаý-sеpindе, kim аtyndа, kim itindе. Bu pikirlеriň hiç birinе-dе ýalňyş diýеmоk, ýönе utаnjy süňňi bilеn duýmаk türkmеnе аşа mаhsus bir hä¬siýеtmikä¬ diýýä¬n. Gаýry millеtdеn bоlаn biri: "Ertir bilеn ýassy nаmаzyny оkаmаk kyn. Birini dаň аtаndаn Gün dоgmаnkа turup оkаmаly, bеýlеkisini оkаjаk bоlsаňаm ukudаn gаlyp gаrаşmаly. Üstеsinе-dе оny оkаýanyňy-оkаmаýanyňy hiç kim görmеý¬är. Şоnuň üçin mynаpyklаr - ikiýüzlilеr şu nаmаzlаry оkаmаz ekеnlеr. Türkmеnlеriň аrаsyndа wеlin, bеýlеkilеri оkаp bilmеsеlеrеm, ertir bilеn ýassy nаmаzlаry оkаýan köp".

Biolmedimda?!

men şu soragy okap 1hili tisginip giydimçdogrydanam dini na dereje yashayas.Kim men doly dinimi yashayan diyip bilerkä?!

Yürekden yürege

Jemşit, sen öňki

Jemşit, sen öňki agzalardan kim bolarsyň?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Yokarda yazylanlara biraz

Yokarda yazylanlara biraz goşasym gelyar.
Köpümiz, yokarky jogaplara "dogry" jogap berip bilmeyaris, yagny gurhany öwrenjek bolamzok, sünnete eyerjek bolamzok, we ş.m. Yagny doly manyda, yüregin bilen edemzok şony köpümiz, menin pikrimçe. Dineje çaga wagtymyz şeyle, yüregimiz bilen edyan bolaymasak, sebabi men şeyledim, meselem kiçijek günajik edaysem, ("kinonyn içinde yalanaçrak gyzy göraysem",) şondan son özümi bagyşlasym gelmezdi, Hudayyn bagyşlamagy üçin doga ederdim. Yöne ol döwür, çagalyk sebapli öydyan, hazirem köpümiz şonun yaly "ak yürekli" dinin içine girigli daldiris. Sebabi yaş ulaldygyça Nebis hem ulalyar..
Emma muna garamazdan dine garşy gidesimiz gelmez. Meselem ömründe namaz okap görmedik adam, "namaz bir bolgusyz wagtyny yitirmek" yada "Haja gitmegin kime name peydasy bolsunay?" diyesi gelmez. Sebabi herkimin anynda, beyninde "din aytyan bolsa dogrydyr!", "din ing gowy yol" yaly kabul etmeler yatyr.
Emma çyndanam şeylemika?
Menin pikrimçe ing dogry yol; Akyl. Dinem Akylyn netijesinde yöreyar diymeginiz mümkin. Yagny "dinde zyna gadagan, edeni daşlamaly", Muny Akyl bilen düşündirende, "hawa dogrydanam, pikir edip gör, herkim islaniçe zyna etse, halkyn yagdayyny, şonun üçin din dogry aytyar, bir SEBABI bardyr.." diyilyar. Çyndanam dinde, gowy we akylly zatlar bar, emma Bu diymek dal, "ahli dindaki zatlar - Dogry" we "dineje şol Dini yol bar, başgasy dal". Ka Yarym Dinden çykmak hem gerek, yagny dinin, dindarlaryn aydyşy yekeje in dogry yol bolman bilyar.
Gepin gysgasy:
Dini hiç-hili yekeje ing dogry yol hökmünde görmeli dal, eger aytyanlary manyly, gowyja bolsa, Peydalanmaly, eger kemçilikli bolsa Düzedilmeli, yalnyş bolsa, ayyrmaly.
Bu işleri edip biljek münlerçe akyl bar bolsa gerek.
Sagbolun okanynyz üçin. :)

Jemşit, ynsan diňe akyldan

Jemşit, ynsan diňe akyldan ybarat däl.
Din Allah tarapyndan iberildi. Bizi hem Allah ýaratdy. Bizi bizden has gowy bilensoň dini ugradan bolmaly.

Garaz, akyl bn alyp çykaryn diýen pikir bar sende. Akylyň çatmaýan ýerlerinde ynsan näme etmeli?! Ynsanda duýgy, akyl, ruh, nebis, wyždan, aň, beden ýaly mehanizmalar/aýratynlyklar bar. Olaryň barsy hem bize ulanmak üçin berlen, diňe akyl däl!

Galyberse-de, sen nähili ýaşaýarsyň şu ynanç babatda?!

Täze geldim diýýärsiň welin, seň adaty ýazgylaň daşyndaky ynanja degişli ähli ýazgylaryňda dine, Yslama nägilelik, görüplik bar ýaly duýulýar maňa görä ýa men ýalňyşýarmyka ýa men görüplik edýärmikäm saňa?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata, edil menin

ata, edil menin isleyan soragymy sorapsyn, sagbol, minnetdar.

ata wrote:

Jemşit, ynsan diňe akyldan ybarat däl.

Ynsan Akyla eye bolmaly, we Akyl bilen yöremeli.
Name üçin dindaki "görnüp duran gowy zada" (meselem - Arak içmek haram), şona "yalnyş" diyilse, "Sen aklyn yokmy??" diyip bolyarda, Dini tankytlamak, düzeldilmeli yerlerinde, "Adam akyldan ybarat dal" bolayyar.
Yagny diyjek bolyanym, şol dinin gowy taraplaryny hem aslynda, akyla yakyn bolany üçin halayarys dalmi name??
Adam akyldan ybarat, akyla eyermesedi, din beyle güyçli bolup bilmezdi, manysyz bolardy.
Yokarda aydan gepimi gaytalamak isleyan. Ahli zady Akyl bilen ele almak gerek, Dini hiçwagt 100% dogry diyip kabul etmeli dal,

ata wrote:

Din Allah tarapyndan iberildi. Bizi hem Allah ýaratdy. Bizi bizden has gowy bilensoň dini ugradan bolmaly.

Eger dini çyndanam Huday iberen bolsa, onda ilki başda blogdaky soraglara sen nahili jogap berip biljek? Dini Huday iberdi, Yslama göra, Şeragat Adalatyny hem Huday iberdi, we ş.m. nbirnaçe yokarda sanan zatlarym. onda name üçin ona eye bolanzok, yada Hudaya ynamynyz yokmy? Name üçin nebise yenilyaniz?? Diymek hemmamiz hem bilyas, şol zatlaryn edip bolmajak, hazir modern dünyade gereksiz zatdygyny.
Eger çyndanam Dini Huday iberayen hem bolsa, şony Hudayyn bizi "synag" bolsun diyip iberendigine ynanyan.
(Elbetde mana göra huday dinleri ibermedi), "Synag" sebabi, Huday pikir etdi, "şeyle dinlere hem ynanan tapylarmykaray?" :D
Çyndanam Huday dinleri, bizi synamak üçin iberen daldira? (elbetde gülkünçdir), Aslynda men üçin "uly gülkünç zat", hudayyn dinleri ibermegine ynanylmagy.
____

Huday yada Tanry yokarda (yada nirde bolsa şol yerde) bar bolsa, Alemi yaradandyr. Şonda adamy dineje bir Akyla (duyga, nebise , palan zada dal), Hawa şol Akylyna ynanlygy sebapli, sonsuz, şonda-da baky, gyzlary saçyny görkezeni üçin asyp goymak, otlarda, gazan bişirmek yaly üytgeşik jezalar bilen jezalandyrmagy, meni ynandyrmayar.
Emma bir dine ynanyan adamyn (musulman, hirsityan yada başga din), şol dini Hudayyn iberendigine ynanyp hem!!!, şonun borçlaryny, parzlaryny, berjay etmeyandigi, nebisini öldürüp bilmeyandigi, yokarda agzalan Şeragat Adalatyny, Hudaya ynanyp hem, Hudaya arkadag hökmünde ynamsyz bolany üçin, gaty güyçli dowzahda (eger bar bolsa diyipdik) yakjagyna ynanyan.

Şonun üçin, eger aklynyz bar bolsa, saylaw sizinki, dinlere ynanyp hudaya wepasylyk etmek bar, bir tarapda, hem aklyna eyermek bar, Huday bagyşlarda. (eger çyndanam "synag sistemasy" diylen zat bar bolsa)

jogaplamaly etdiň-ow,

jogaplamaly etdiň-ow, Jemşit:)

Ýokardaky käbir soraglaryňa jogaplar öňki bloglarda bar. Gözleşdirip tapaý.
Aýratynam, aşakda goýuljak agzalaryň açan dini bloglarynda:

1- diplomat;
2- Baýram;
3- ata;
4- Monte_Kristo;
5- GaraDag;

Hakykatdanam, men seni Myrat Weliýew diýip tanap başladym. Özem senem şu ýerde moder bolup bilermikäň diýip pikir edip başladym. Ýokardaky käbir ýazgylaryň hem-de Myrat Weli bn bolan söhbetdeşligiň aýrylmagy şeýle pikir etmegime sebäp boldy. Iň azyndan bolsa, moderlerden haýyş edip aýyrdylan bolup biler. Ýöne söhbetdeşlik näme üçin aýyrdylsyn - ynha, men şoňa düşünemok?!

Gerekli jogaplary soň bermekçi, enşallah. Häzir 1 ýere gitmeli!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: Ynsan Akyla eye

Quote:

Ynsan Akyla eye bolmaly, we Akyl bilen yöremeli.

Ynsan akyla, elbetde, eýe bolmaly we şonuň bn ýöremelei, ýöne akylyň tap getirmedik ýerinde beýleki duýgylarymyzy hem ulanmaly. Robotlara hem seçme aýratynlyklary berlip biler, meselem, “şu iki ýagdaýda gowusyny/şeýlesini seç!” diýen ýaly. Kuranda, gör, näçe aýatda geçýär “...aklyňyzy ulanmaýarsyňyzmy, pikirlenmeýärsiňizmi?!...” diýen ýüzlenme ynsanlar üçin. Diýmek, Kuran hem goldaýar seniň ýokardaky diýýäniňi, ýöne diňeje şonuň bn hem kanagatlanman, eýsem-de bolsa, beýleki duýuş synalarymyzy hem ulanmagy maslahat berýär, ruh, kalp, göz we ş.m. ýaly.

Quote:

Name üçin dindaki "görnüp duran gowy zada" (meselem - Arak içmek haram), şona "yalnyş" diyilse, "Sen aklyn yokmy??" diyip bolyarda, Dini tankytlamak, düzeldilmeli yerlerinde, "Adam akyldan ybarat dal" bolayyar.
Yagny diyjek bolyanym, şol dinin gowy taraplaryny hem aslynda, akyla yakyn bolany üçin halayarys dalmi name??

Başda degişli aýaty goýaýyn: “Bugun kapyrlar dininizden(ony yok etmekden) umytlaryny kesdiler. Indi olardan gorkman, Menden gorkun! Bugun sizin ucin dininizi kamil dereja yetirdim. Size nygmatymy tamamladym we sizin ucin din hokmunde Yslamy secdim...." (Maide, 5/3)
Ynha, iň soňky din Yslamyň kanun kitaby bolan Kuranda dinleriň eýesi Allah şeýle diýýän bolsa, onda meň we seň ýalylaryň bu babatdaky beýany artykmaç gep bolýar. Sen ýa men 52 geplesegem, öz keýpimize, aklymyza, islegimize we ş.m. geplän bolarys. Şoň üçinem, seň diýýänleriňe pitiwa etmäge hajat ýok. Hä, eger Kurandaky buýruklaryň tersini etseň welin, ahyretde netije taýdan jeza berilmäkä, ýüzüňe basylar “aklyň ýokmudy?” diýlip. A bu dünýäde biz şeýdýän ynsanlara etmezliklerini ündäp bileris. Diniň gowy we erbet tarapy diýip zat ýok, diňeje gowy tarapy bar, muňa içiň ýansa-da, ýanmasa-da şeýle. Yşyga gözüňi ýummak bn diňeje öz (ruhy) dünýäňi garaldarsyň – bolany.

Quote:

Adam akyldan ybarat, akyla eyermesedi, din beyle güyçli bolup bilmezdi, manysyz bolardy.
Yokarda aydan gepimi gaytalamak isleyan. Ahli zady Akyl bilen ele almak gerek, Dini hiçwagt 100% dogry diyip kabul etmeli dal,

ýokardaky sitataňa berlen jogap muňa-da ýetýär. Şol gaýtalap otyrsyň senem.

Quote:

Eger dini çyndanam Huday iberen bolsa, onda ilki başda blogdaky soraglara sen nahili jogap berip biljek? Dini Huday iberdi, Yslama göra, Şeragat Adalatyny hem Huday iberdi, we ş.m. nbirnaçe yokarda sanan zatlarym. onda name üçin ona eye bolanzok, yada Hudaya ynamynyz yokmy? Name üçin nebise yenilyaniz?? Diymek hemmamiz hem bilyas, şol zatlaryn edip bolmajak, hazir modern dünyade gereksiz zatdygyny.

Ynsan ejiz bir jandar. Ýalňyşybam bilýär, düzedibem. Toba şonuň üçin örän ähmiýetli biz ynsanlar üçin. Ynha, meselem, özüm hem Allaha we Onuň buýruklaryna ynanyp, olara eýermäge synanyşýaryn güýjümiň ýetdiginden, ýöne säwliklerim hem bolýar, ynha, şonda maňa toba etmek iň amatlsy bolýar. Nebse ýeňilmeýän ýok diýiljek ýagdaýda az bolaýmasa ynsanlaryň içinde. Pygamberler we Allahyň islän az sanly bendeleri bu ýagdaýyň daşynda.
Isle modern bolsun, isle ondanam beter, edilip boljakdygy we wajyp bolany üçin, hemişe-de hak dine mätäçlik bolar ynsanlar içinde.

Quote:

Eger çyndanam Dini Huday iberayen hem bolsa, şony Hudayyn bizi "synag" bolsun diyip iberendigine ynanyan.
(Elbetde mana göra huday dinleri ibermedi), "Synag" sebabi, Huday pikir etdi, "şeyle dinlere hem ynanan tapylarmykaray?" :D
Çyndanam Huday dinleri, bizi synamak üçin iberen daldira? (elbetde gülkünçdir), Aslynda men üçin "uly gülkünç zat", hudayyn dinleri ibermegine ynanylmagy.

Gülüber, gülüber, ynanmaýan ahyretiň we tereziň gurlanda, halyň nähili bolarka?! Hemme kişiň bir mekirligi, hilesi bardyr, ýöne iň güýçli mekirlik, hile (adalat) Allaha degişlidir. Bu dünýä iberilmek we synag edilmek barada bolsa, ýene degişli bir aýaty many taýdan goýaýyn:
Kuranda biz ynsanlary (shol sanda, jynlary hem)yaradyp dunya yuzune ibermeginin yeke-tak maksadyny (Ishlap ryzyk(ryzkyn 9/10-y sowdadadyr-hadys) gazanmagyn, bu dunyade Pygamber sunneti bolan oylenmegin, oylenip hayirly cagalara eye bolmagyn we sh.m. shahsy adatlaryn dashynda) yene Ozuni(Allany) tanap O'na doly tabyn bolmagymyzy we Ozune ybadat etmegimiz hokmunde tanadyar. Mundan onunca bolsa, yene Kuranda Onun Ozi (Alla) Adam atadan kiyamatyn gopjagy wagta cenli gelip-gecjek ynsanlaryn ruhlaryny yaradyp, Ruhlar Aleminde ynsanlardan shol maksat boyunca soz alanyny we bizi yer yuzune iberenini aydyar. Mundan dashary, butun kainaty yaradyp, yer yuzundaki Oz Halypasy bolan biz ynsanlara beyleki mahluklary komekci hokmunde beripdir. Bizi her-hili naz-nygmatlar bn doyuryar. Mashgala, caga, baylyk we sh.m. nygmatlar beryar. Ozune yokarda yazylan maksada layiklykda yashan bendelerine, Jennetde baky bir lezzet hodurlapdir. Ynha, shular we sanap bolmajak sheyle uly nygmatlara shukur we sag bolsun hokmunde, hem-de Baky Jenneti, Jemalullahy we Pygamberimizi gonshulugy gazanmagyn caresi, shol maksada layiklykda yashamak. Dunya ishlerimizin yanyndan Allanyn boynumyza borc goyan parz ybadatlaryny yerine yetirmek bizin maksadymyz. Alla bizi yaratdy, shol sebapli Ol bizi bizden we hemme zatdan has onat bilyar, shol sebapli bu dunyade biz ynsanlaryn name eden wagtymyz ozumiz ucin in amatly we peydaly boljagyny Ol bilyar, we etmeli zatlary Gurhanda Pygamberi arkaly bize dushundiryar. Galyberse-de, shu hadysy hem unutmalyn:"Hic olmejek yaly dunya nygmatlary ucin ishle, ertir oljek yaly-da Ahyret ucin ishle!"

Quote:

Huday yada Tanry yokarda (yada nirde bolsa şol yerde) bar bolsa, Alemi yaradandyr. Şonda adamy dineje bir Akyla (duyga, nebise , palan zada dal), Hawa şol Akylyna ynanlygy sebapli, sonsuz, şonda-da baky, gyzlary saçyny görkezeni üçin asyp goymak, otlarda, gazan bişirmek yaly üytgeşik jezalar bilen jezalandyrmagy, meni ynandyrmayar.

Hudaý absolýut bir Zat, biz bolsa tersine. Şoň üçin Allahy bir ýerlerde gözlejek bolup ýörmeli däl, Ol her ýerde we hemişe bar. Bakara süresinde (2/255 – Aýatel Kürsi) örän oňat düşündirilýär:
”Allahdan başga ylah(taňry) ýokdur! Ol Haýý-dyr(hemişe ýaşaýar), Kaýýumdyr(hemişe barlygy we Birligi berk bilinen). Özüne hiç wagt uky gelmez, Oňa uky haly hem gelmez. Gökdäki we ýerdäki hemme zat Onuňkydyr. Onuň rugsady bolmasa, Onuň nazarynda kim şepagat edip biler?! Ol bendeleriniň (hemme) eden amallaryny we etmek isleýän amallaryny biler. Onuň maglumat beren zatlaryndan başga hiç kim Onuň ylmyndan hiçbir zady takyk bilip bilmezler. Onuň kürsisi gökleri we ýeri öz içine alar, olary gorap ideg etmek Özüne kyn bolmaz. Ol azymdyr(beýik)! ”
A jeza bermegi barada bolsa, seň meň işim däl Allahy hasaba çeker ýaly. Kuranda kanunlary bildiren bolsa, garşy çykany jezalandyrmak, tabyn bolany sylaglandyrmak Onuň işi. Bu babatda Kuranda şeýle diýilýär:”Zerre mukdary hayir ishleseniz, sogabyny alarsynyz! Zerre mukdary sher ishleseniz, jezasyny cekersiniz!” (Zilzal, 99/7-8). Bakara suresinin sonky (2/286) ayatynda-da: ”Herkimin gazanany(hayir amal) ozune, etjegi (sher) hem ozunedir. Rebbimiz! Unutsak ya-da hata etsek bizi hasaba cekme!”diyilyar.
Şu ýagdaýam bar: eger Allaha iman edip ýaşan bolsa, soňky demini hem şeýdip beren bolsa, onda hasaby gutaryp, wagtlaýynça jeza çekmeli bolaýanda-da, soňunda jennete gider Allahyň merhemeti boýunça. Ýöne ynanmaýanlar üçin beýle bolmaz.

Quote:

Emma bir dine ynanyan adamyn (musulman, hirsityan yada başga din), şol dini Hudayyn iberendigine ynanyp hem!!!, şonun borçlaryny, parzlaryny, berjay etmeyandigi, nebisini öldürüp bilmeyandigi, yokarda agzalan Şeragat Adalatyny, Hudaya ynanyp hem, Hudaya arkadag hökmünde ynamsyz bolany üçin, gaty güyçli dowzahda (eger bar bolsa diyipdik) yakjagyna ynanyan.

Ýokarda degişliräk jogaplar bolmaly bu babatda. Şerigat barada bolsa, sagadat asrynda Pygamberimiz tarapyndan sahabalar/musulmanlar şol ýagdaýa taýýar hala getirilipdi basgançak-basgançak. A häzirki zamana ynsanlary/musulmanlary şerigata tap getirip bilmez. Şerigat dini ýerine getirmede bir sistema, diniň özi däl. Şoň üçin şerigat wajyp hem däl şu we mundan soňky degişli asyrlar üçin. Şahyslar ynançlaryny/imanlaryny amal taýdan doly ýaşasalar bolany.
Bäh, dine, pygambere ynanaňok, ýöne şu ýagdaýa ynanýan ekeniň :)

Quote:

Şonun üçin, eger aklynyz bar bolsa, saylaw sizinki, dinlere ynanyp hudaya wepasylyk etmek bar, bir tarapda, hem aklyna eyermek bar, Huday bagyşlarda. (eger çyndanam "synag sistemasy" diylen zat bar bolsa)

Aklymyz bar, erkimiz hem. Akylly biri Allahyň goýan kanunlaryna tabyn bolar. Käbirleri bolsa boýun towlar. Onuňam özboluşly sebäpleri bardyr. Käbirleri:
1- Kyn geleni;
2- Nädogry göreni;
3- Şeýtana uýany;
4- Ketjallyk edeni we ş.m. üçinmikä diýýän.

Ýene bir zat: Hezreti Alynyň dine nägilelik bildiren bir ateiste(ynançsyza) aýdyşy ýaly: "Eger ahyret ýok bolsa, meniň ýitirjek zadym ýokdur. Durmuşymy dini prinsiplere/ýörelgelerä görä arassa ýaşamak bn, men-ä şu durmuşymdanam örän razy we senden has bagtly duýýaryn özümi, emma seň ýok diýýän ahyretiň bar bolsa, onda seniň halyň nähili bolar?!"
Garaz, Jemşit, Allah saňa-da Özüne iman etmegi miýesser etsin-dä saňa-da, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Alla razy bolsun! Gaty ongat..."

Jogaplaryny okadym, ka

Jogaplaryny okadym, ka yerlerde, "için yanyar.." yaly zatlar diyipsin, zyyany yok, yöne menin içim yanar yaly yagday göremok, sen göryan bolsan bilmedim.

Yazan zatlaryn gaty manyly, egerde men Gurhanyn Huday tarapyndan iberilendigine ynanan bolsam. Men beyle zada ynanan bolsadym, yokardaky soraglary soramazdym. Diymek ynanamok, yslama hem ynanamok, çyndan huday tarapyndan iberilendigine. Şonun üçin, yazanlaryn köpüsi, men üçin güyjüni yitiryar.

Sonky Aly barada yazanyn gowyja.

Quote:

"Eger ahyret ýok bolsa, meniň ýitirjek zadym ýokdur. Durmuşymy dini prinsiplere/ýörelgelerä görä arassa ýaşamak bn, men-ä şu durmuşymdanam örän razy we senden has bagtly duýýaryn özümi, emma seň ýok diýýän ahyretiň bar bolsa, onda seniň halyň nähili bolar?!"

Men sana aytsam, "Seni biri öldürjek diyyar, eger mana 10 mün dollar bersen, men seni halas edip bilerin" diysem, sende hem 10 mün dollar bar bolsa, sen name ederdin?? "Ay risk almak islamok, pulymam bar, berip goybereyin" diyip arkayyn gezermidin? yada "subut et" diyermidin? Ana men şol "subut et" diyyanlerden.

barybir, ölýäs dälmi?!

barybir, ölýäs dälmi?! Ölýäs! Ölüme çäre tapyp bilýärmiň?! Ýok!
Onda sen dowam ediber şu durmuşyňa!

Birem, sen ynanmasaňam, men Kuranyň Allah tarapyndan gelenine ynanýaryn! Şoň üçinem dini soraglaryňa dinden we dini jogaplar alarsyň menden-ä! Menden jogap almak isläňokmy?! Onda ontak-muntak ýazgylar ýazma! Dini, Kurany kiçelder ýaly sen kim bolupsyň?! Dini düzeltmelimiş akylyň ulanyp. Şeýle akyl üýşüp ýatan bolsa, onda kä dini hakykatlara ynanardyň!

Içi ýanmaýan biri bolsa, her ýerde dini garalap ýörmezdi - wesselam!

Bolýar-laý, Allah ynsap we iman bersin takyk ýagdaýda saňa-da!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

senin "turkmen_che"

senin "turkmen_che" "galtaman", we etc..'dygyn shu jogabindanam belli.. Shu mowzuga hemishe shol bir jogabi beryan..

eger 10 mun dolllarym

eger 10 mun dolllarym bolsady, we meni oldurjek bolyar diyselerdi, 10 mun dollarymy hayyr uchin bererdim, we oljek gunimi garashardym..Eger diylen wagtda shol diyen kishinin sozi yalnysh chyksa, tazeden bashlardym hemme zada...

ýene ehli kitap we

ýene ehli kitap we ynançsyzlara ýüzlenme babatda degişli hökmünde öňki goýan ýazgylarymdan birini azyrak hem ýazgy goşup, bärä-de goýmakçy:

1- Kuranda Yslam dininiň hak dinligi we oňa eýermek gerekdigi barada birnäçe aýatyp terjimesini goýaýyn bu ýere:

a- In sonky we hak dinin kitaby bolan Kuranyn Fetih suresin 28-nji ayatynda sheyle diyilyar: "Ol pygamberi(Hz.Muhammed(SAW)) hidayet(imana gowush(dyr)mak) we hak din bilen iberendir. (Allah) ol hak dini ahli dinlere ustun etdi. Shayat hokmunde Allah yeter!"
b- "Allah gatynda Yslam iň makbul dindir..." diýilýär (Ali Imran, 3/9);
ç- “Kim Yslamdan başga din gözlese, ondan (şol din) kabul edilmez we ahyretde zyýana duçar bolanlardan bolar. (Ali Imran, 3/85);
d- Ýene Kuranda: “Bugun kapyrlar dininizden(ony yok etmekden) umytlaryny kesdiler. Indi olardan gorkman, Menden gorkun! Bugun sizin ucin dininizi kamil dereja yetirdim. Size nygmatymy tamamladym we sizin ucin din hokmunde Yslamy secdim...." (Maide, 5/3)
e- Allah Kurany kyýamata çenli gorajagyny ýene Kuranda beýan edýär. (Hijr, 15/9)

2- Ynha, shu mynasybetli, in sonky we hak din bolan Yslama yene-de Gurhanda Biribaryn Ozi ehli kitapdakylary (hristiyan, yewrey, hatda, ynançsyzlary hem) Yslama cagyryar!
Maide suresi 15-nji ayatda sheyle diyilyar:
"Ey, kitap ehli! Artyk size ilçimiz (Muhammed) gelendir. Ol, kitabynyzdan gizlap duran hakykatlarynyzdan birnacesini size bildiryar, birnacesini hem bagyshlayar. Ynha, size Allahdan bir nur ve açık bir kitap (Kur'an) geldi!"
Sheyle diymek bn Allah sizi Yslama, Gurhana cagyryar!

3- Eger muny etmejek bolsanyz, onda size yene Gurhanda Nisa suresinin 171-nji ayatynda sheyle diyilyar:
" Ey, Kitab ehli! Dininizde serhetleri aşman we Allah hakynda dine hakykaty aydyn! Meryemogly İsa Mesih, dine Allahyn pygamberi, Meryeme yetiren (emri bilen ona nygmat beren) sozi we Ozunden bir ruhdyr. Shu yagdayda Allaha we pygamberlerine iman edin, "(Huday) üçdir" diyman! Oz gowulygynyz uçin sheytmeginizi goybolsun edin! Allah dine yeketak ylahdyr. Ol caga eye bolmakdan uzakdyr. Göklerdaki her bir zat, yerdaki her bir zat Onunkydyr. Wekil(shayat) hokmunde Allah yeter."

4- Eger muny hem etmejek bolsanyz, onda, alyn size Gurhanyn Kafirun suresinden sonky maslahat:

"Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen!
1.2. (Resulym!) Diý: Eý käfirler! Men siziň ybadat edenleriňize ybadat etmen.
3. Sizem meniň edenlerime ybadat etmeýärsiňiz.
4. Men siziň ybadat edenleriňize asla ybadat etjek däl.
5. Sizem meniň ybadat edenlerime ybadat etmersiňiz.
6. O halda siziň diniňiz size, meniň dinim maňa!"

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata ildeş ýazgyň üçin

Ata ildeş ýazgyň üçin minnetdar elbetde Hudaýyň bardygyny Islam bilen düşündirmäge çalyşypsyň!
Ata dost, sen şu taýda Hudaý hristiany, yahudiyni we hudaýsyzy hem Islama çagyrýar diýipsiň, we Isa MEsihe uýýanlary hem kapyrlar bilen bir kategoriýada goýupsyň, elbetde bu Kuranyň taglymatydyr, emma şol Kuranda hem eger meniň diýýänlerime düşünmeseňiz baryp Kitaplara ynanýanlardan maslahat soraň diýen ýeri hem bar dälmi eýsem? Degmäň goý olar Öz Kitaplaryna esaslanyp hereket etsinler diýen ýeri hem barmyka diýýärin, eger şeýle aýatlar bar bolsa onda Kuran öz-özüne gapma garşy gelmeýärmi?!
Hudaýyň bardygyny logiki, filosofiki we ylmy taýdan hem çemelşip subut edýänler bar. Elbetde Birhudaýlyga uýýan dinler bolan Yahudalyk, Mesihilik (hristianlyk) we Islam Hudaýyň barlygyny has ýakyndan düşündirip biler.
Hudaýyň bardygyny ret etmek her bir adama hem gaty kyn düşer emma ene bir wajyp sorag bolsa şol BirHudaýlyk taglymatyna eýerýan dinleriň haýsysy hakykatdygy bolsa başga sorag bolýar. Olaryň Kitaplarynda ýazylanlaryň köp bölegi biri birine ýakyn emma absalýut hakykat haýsynda?! Bu jogap berilmeli we jogap tapylmaly esasy zat!

Magtymguly şeýle diýipdir:

Ýazygym ýat edip, ýakam çäk edip,
Säher nalyş bilen boldum girýäna.
Didämden ýaş döküp, ýüzüm häk edip,
Telbeler dek özüm urdum her ýana.

Köňlümni geçirdim jümle-jahandan,
Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,
Hezreti Isadan, Şahymerdandan
Hümmet istäp, bakdym suýy-asamana.

Ata, hatda Nissa süresindäki getiren aýadyň hem Isa Mesihiň başgaçadygyny subut edýär. Ýagny ol aýat: Isa MEsih KelamAllah we Ruhallah, ýagny Hudaýyň sözi we ruhydyr diýýär!
Ondan başgada MErýem süresinde Isa Mesih barada şeýle hem diýilen:"Biz ony (Isany) ynsanlara bizden bolan "alamat we rehim" ederis!
Injil bolsa şeýle diýýär: "Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaýdady. Söz Hudaýyň Özüdi...Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady..." diýýär. Isa Mesihiň Hudaýyň Sözüdigini Injil aýdyp geçýär, bu bolsa Kuranyň sahypalarynda beýan tapypdyr!
Bu sebäpden Magtymguly hem ondan hümmet isleýär!Çünki Isadan başga hiç kimde gutulyş ýokdyr, Ol Hudaýyň adamzat üçin üpjün eden merhemetidir! Bu sebäpden Isa Mesihe çyn kalbyndan iman edýänlere Islama gelmek gerek däl-de, her bir ynsan Hudaýyň üpjün eden söýgüden we rehimden ugur alan Isa Mesihdäki gutulyşyny we baky ýaşaýşyny kabul etmäge çagyrylmalydyr! Bu sebäpden hem Isa Mesih baradaky habar Hoş Habarlygyna galýar we ähli ynsanlar üçin Hoş Habardyr. Bu Hoş Habar dünýäniň soňuna çenli bolsa ýeriň her bir künjeginde wagyz edilmelidir!

Sylap, Kuranda gap-garşylyk

Sylap, Kuranda gap-garşylyk ýok. Injiliň hem hak kitaplygyny we hristiýanlygyň hak dinligi beýän edilýär. Ýöne KÄBIR AÝATLARYNYŇ betpygal hristiýan/kapyr ynsanlaryň täsiri we ş.m. bn üýtgedileni hem aýdylýar we şeýle edilmezligi islenilýär.

Yslamyň soňky dinligi, şoň üçin hem hristiýanlary hem, jöhitleri hem, hatda, kapyrlary hem Yslama çagyrýar Allah aýatlar arkaly. Bärde kapyrlar bn hristiýanlar deň hatarda däl, ýagny, men hem deň diýmedim. Ýöne çakylyk her ikisine-de bar, hristiýanlara-ha "soňky we giňeldilen dine geliň!" diýilýär, kapyrlara bolsa "iman ediň!" diýilýär çakylyk hökmünde. Ýöne her ikisi hem öz ynançlaryna çagyrjak bolsalar we munda erjellik etseler, onda olara Kafirun süresindäki "siziň diniňiz size, meniň dinim hem maňa!" diýiň diýip ündelýär - bar bolany!

Hoş habaryň kyýamata çenli wagyz ediler, elbetde. Ýöne "soňunda hristiýanlyk hakyky aslyna döner, ýagny, olam Yslam bolýar-da. Musulmanlar we hristiýanlar birigip, "şahsy manewi" hökmünde Isewiligi, ýagny, Yslamyýeti amal ederler we ynanmaýanlara garşy ýeňiş gazanarlar" diýilýär gysgaça.

Kän uzadyp oturmaýyn, öň köp ýazyşdyk, netije belli :)

Minnetdar jogabyňa-da!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, hakykatdanam şu

Ata, hakykatdanam şu yokardaky yazanlaryna hayran galyaryn.
"Gurhanda Yslam hak, dogry dindir" diylip yazylanmyş diyip, birnaçe mysal getiryan.
Ahow, Gurhanyn özi yslamyn kitaby ahyryn??
sen meselem, "Injilde yslam hak din diyilyar" diyen bolsadyn, onda üytgeşik, manyly bolardy.
Gurhany getiren(yazan!) Muhammet, elbetde özüne Pygamber diyer, elbetde yslam hak din diyer. Eger şeyle diymedik bolsa, Yslam galarmydy?? Bir pikir edin-a. Asyl mesele, yslamy kabul edilmeyan bolsa, şon içine Gurhany, Muhammedin Pygamberligini kabul etmezlik yatyr.
Senin mana name sebapli yazanyna hayran. Saçymy yolasym gelyar, şu jogaby yazanyn üçin!! :)

(Aslynda sen bulary beyni massaj edip, uklatmak üçin aydyan diyip şüphelenyan :D, yagny ara gurhan, süre zat sokanda, adam birhili mowzukdan gaçasy gelyarda , beterem bardaki özüni musulman sayyanlar)

şunyň şugün ýazylanmyka

şunyň şugün ýazylanmyka öýtsem, düýnüňki ekeni we men görmändirin. Jogaplardym ýogsam-la welin. Ýöne ýokarda jogaplapdym, az-kem şunyňa-da jogap bolýar:
http://tmolympiad.org/?q=node/3638#comment-85815

indi gaýtalap oturmaýyn. Meni öjükdirmek üçinmikä öýdüp gitdim, ýöne däldir diýen niýet bn hem goýbolsun edýärin :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men geň galýan

men geň galýan şeýdýänine we düşünjek bolýan maksadyna. Orazdurdy, ýagny, M.Weli bolsa, onda düşünjek, ýöne Jemşit bolsa, onda düşünip bilemok. Muň maksady nämekä?! Näme üçin geleninden bäri dini garalajak bolup ýatyr?! Näme gazanýarka şu ýerde şeýtmek bn?! - diýen ýaly soraglar kelläme gelýär. Syr ýalak bolup dur. Ga1taman bn söhbetdeşlik unpublish bolýar bir seretseň. Ýene seretseň ýöne niki üýtgäp dur, soň edil şol 1 pikirde täze agza döreýär we şyltak atyp bolaýjak ýagdaýlary ulanyňp ýatyr we ş.m.

Ýokarda meňzedýänim barada pikirlerimi ýazypdym 6 sany, ynha, ýene biri:
7- ikisem dini ýamanlap ýatyrlar we görüplikleri bar.

Garaz, şahsyna ýetmejeg-ä bolýan, ýöne olam biziň şahsymyza ýetipdir, oňa-ha zat diýeňok :) "Dine ynanybam, ony ýerine ýetireňzok, onda nämä gerek beýtmek..." we ş.m. diýip. Men hem şol şahyslaryň içinden biri-dä:)

Bor-laý, ýňne gynanýan şu ýagdaýa!

Galyberse-de, Baýramam gowja ýazypdyr şu ýazgyňa!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata wrote:

ata wrote:

Men hem şol şahyslaryň içinden biri-dä:)

Ol shahsa yetmekden has kop, adamyn dushunjelerinin shahsy saylowa belli 1 dereje hormat goymayandygyny gorkezyar. T.e. bu bir umumy yagdaya garshy "hormatsyzlyk", yogsa olam "Dine ynanyan hich kim on aydyanlaryny yerine yetirenok, senem, senem" diymandir. Garaz, "shahsy" diyer yaly dal. Ex: Mini yubka geyilmegini goldaman, "nama gerek beytmek ?" diyip, yone mini yubka geyyanlerin shahsyna zat diyman yoren yaly 1 zat...Goy ichindakini chykarsyn, oz dogrylaryny doksun, bize "siz palan, pismidan" diyip bashlamasa, dushunje sebapli shahsy mesele doretmalin!
Sonky sozlem hayishtdir :)

düşnükli! Enşallah,

düşnükli! Enşallah, eýerjek bolaryn! Kämahal şahsylaşdyraýýar-da olam. Onsoň "ody özüňe bas, ötmese kesekä!" diýen degişli türkmen nakyly gelýär-dä akla. Şoň netijesi bolýar meňki köplenç. Şu ýagdaý köplenjem mende görüldimikä diýýän, aýratynam, dini meselelerde. Gowy däl-dä, Mergen jan, ynanjymyza dil ýetirip dursa. Maşgalama ýetmezlik bn şahsyma söwsün, hiç zat diýjek däl. Ýöne umumy ýerde aglabasy/hemmesi diýen ýaly musulman bolan şu ýerde dinimize ýöňkelen kä şyltaklara gaharlanman durup bilemok. Onsoň özümi ýa sebäpkäri şahsy taýdan hasaba çekmek bolýar.

Uzatmaýyn, gysgaça, saňa düşündim we amal etjek bolaryn, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Salam Mergen, şu yokardaky,

Salam Mergen, şu yokardaky, "offtopic"leri pozayyn,
temadan çykyp gidildi. blog onsuzam seryozna zatlar üçin we uzap gitdi.
Dineje sen mana dogry düşünipsin.
* şu "jogaby" hem pozup goyberin.
Sana iş bolyarys öz-a.. :) gayrat et-da. Sagbol.

seň pikiriň we şahsyň bn

seň pikiriň we şahsyň bn baglanşykda kä zatlar/soraglar/pikirler ýazyldy, pozulmasa amatly meň üçin-ä! Karar moderlerde, elbetde

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bayba

Bayba nace wagtdir hic hili wagtim bolmanson girip bilmedim velin ata aga senin gaharini getiryan yene biri bare agza bolupdir oydyan. Ay sen onarmayan Ata aga, hani soz bara it uyrer kerven gecer diyyarler senem seyt dine seydip yenersin yogsam sen bir zat yazarsin sana jogap geler.

Garrayas oydyan sonky

Garrayas oydyan sonky dowurler! Kamahal ozume diyyan "sen barde name ishin bar, git-de ishlerini et-da" diyip. Kelle agyry edyaler kabir agzalar. Bu yerdaki-ha yene-de akyla gora hereket edyar. Gonshy sahypada 2 sanysy bar welin, ay, bolyar-lay, gyybatlaryny etmayin!

Yene bir tazesi gelipdir, ozuni oran akylly oydyar oydyan. Hany, goreli bakaly!

Gen galyan, cyndanam. "Men owunjek bolyarmykam, sahypany dine oz islegime gora we agzalary hem dymdyryp, gorkuzyp, eden-etdilik edyarmikam shu yerlerde?!" diyip. Gulkunc gelyar men hakda sheyle pikir etmekleri ka agzalaryn shol yerde.

Olmesen her-hili adam we zat goryan diyyaler welin, yene 1 gezek tassyklandy men ucin-a!

Hawa, bardyr munda-da bir ya birnace hayyr!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

salam

salam agzalar arada kakam mana bir disk getirip berdi musulmanlar hakynda Texsada bir amerikan ayal dinini chalyshyar ol shu wagt musulman haja gidip hajy bolu gelyar ol oz adamsy bilen ayrylshyar sebabi adamsy halamayar ony name sebapdendigini aydayyn ol haja gidende ol ishde bolyar gelse ayaly musulman oyunde namaz okap otyranyny goryar ona adamsy gahary gelip oyunden chykyp gidyar yone habar hatyr yok adamsyndan onun 1ogly 1em gyzy bar olar yone musulman dal.Bilemok name sebapdendigini.

Wepa ildeş, kimdir biriniň

Wepa ildeş, kimdir biriniň bu dinden ol dine geçendiginiň dürli sebäpleri bolup biler elbetde! Emma heniz bu ol ýa bu diniň hakykatdygynyň subutnamasy däl. Hakykata göz ýetirjek bolsaň, logika, filosofiki we taryhy-ýuridiki taýdan, ylahy taýdan Hudaý tarapyndan diýilen Kitaplary okap öwrenmeli ýada olar barada maglumatlar bilmeli we soňra çözgüt çykarylmalymyka diýýärin! Meniň saňa maslahatym, eger sen Isa MEsihiň ýolunyň hakdygyny biljek bolsaň onda Injili okap öwren we Isa Mesihi tana, başga dinleri öwrenjek bolsaň hem şol diniň baş gahrymanynyň durmuşyny we onuň getiren kitabyny öwrenip gör, soňra eger soragyň bar bolsa iki tarapda hem bar bolan bilimli we tejribeli oglanlardan sorag sorap gör!
Hormat bilen,
Sylap

bolya

Ay bolyar doganjan ol dine men goz yetiremson yazyan da bolyar ol ayal dini kitap okamandyrda emme ol haja gidip hach boluba geldi yenede bir jogap bolyar ollogiki,filosfiki,taryhy-yuridiki kitaplar okadymy okamadymy men ona bilemok yone ol ayalyn 5 wagtyna namaz okayanyny hemem gozini kurandan ayyrmayanyna goz yetirdim.Bagyshla dostjan men Injila okamok yone Kurana okayan terjimesini.
agzalaryn biri Wepa.

Wepa ildeş jogabyň üçin

Wepa ildeş jogabyň üçin minnetdar!Kuran Injıle ıman edıň diýmeýarmi eýsem?Injili okamasaň we bilmeseň, hakykatyň nirededigini nädip biljek?
Hormat bilen,
Sylap