Internet arkaly soyga ynanyarsynyzmy ??

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Sozumin bashyny salamdan bashlasam govy bolarmyka diyyan.
SALAM mahriban joralar ve dostlar.Hemmamizin bilshimiz yaly,hzir zamana gaty osdi.Admalar gaty kan zat doredyarler.Hemme zat mashyn bile diyen yaly.HAsam dashary yurtlarda okamyson goz yetirdim.Esasanam ynsan durmushunda internet diylen zat gaty osyar,gun-gunden taze oylanmalar doreyar.Sizin pikiriniz name internet arkaly soygi barmy ya-da yok??
Hazir yashlaryn arasynda internet arkaly tanyshlyklar gaty ginden yayrady.Hatda internetden tanyshyp toy etyanlerem bar.Men joram bar ol Amerika gelip internetden tanyshdy ,ol oglan Turkiyada okap yor.Ikisi gunde diyen yay hat lyshyp durlar,men pikirimce 2-em biri-birini govy goryarler.Yone men name ucindir ynanyp bilemok,men ozuma adamy gormesem,tanamasam,ynanyp biljek dal.Hazir cynymy aytsam admalary gorup,gunde gurleship,tanap bolanok.Yone internet arkaly????Ay bilmedimda..Bu bir dine men pikirim.
Hazir nace sany chatlar doredi,gaty kop adamlar tanyshyarlar,yone gaty hayran galyan,olar nadip tanaman,biri-birlerini govy gorup bilyarler,yone bu dine men pikirim,belki kopuniz bashga-ca pikir etyan bolmagynyzam ahtimal.
Belki kopunizde menin joramynky yaly waka bolandyr,belki mana maslahat berersiniz,ol menden sorayar,"Name edyin "diyip,men bolsa name maslahat berjegimi bilemok,gurleshme onun bilen diysema,2-in arasyna dushyan yaly bolya,gurlesh diysemem erbet maslahat yaly,sebabi men ol oglany tanamok.ine suratda gordum.Menin pikirimce joramam ony govy goryar,shonun ucin,onunam govnuni yykasym gelenok........
Name maslahat berip bilersiniz...??????

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu yazgi ucin

  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Sap turkmen dilinde yazanin uchin.."
  • BlueDomino 2 telpek goyyar we yazyar: ""Sap turkmen dilinde yazanin uchin.." "

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hmm..

Ozuniz-de shular yaly bolanam bolsa yazyp bilersiniz

menin

menin pikirmca, garshynda oturanam ozun yaly adamdyrda. Yone, onden bir birini tanap sonam internetde gurleshsena bir gorkar yaly zat yokmyka diyyan.

Gulnara

Ishem shonda-da shto olar biri birini onden tananoklar

Dinlan,i lubite drug-druga..

http://www.youtube.com/watch?v=xXdBC19Xh-c

Biri-birinizi sylan ve govy gorun,bu dunya omurlik gelemizok biz,ertir name boljagyny hic kim bienok..

GOVY GORUN....

Menin pikirimce bu nadogry.

Menin pikirimce bu nadogry. internetde biri bilen gatnasyk gurmak edil jansyz kompyuter bilen gatnasyk gurmak yaly.
Chynar K.

Sen muna doly yalnysh

Sen muna doly yalnysh diymegin nadogry. Onda menem senka yalnyshdiyjek, sebabi men, oz iki sany gowy tanshymyn internet usti bn tanshyp, bile durmush gurup yashap yorenlerini bilyan.
Mundan bashgada 1-2 shular yaly waka bar...

Mena uzak wagtdyr

Mena uzak wagtdyr giremokdym, shu yerde bir maslahat bereyin...Egerde garshydaky oglan turkchelap aytsak SAPIK bolmasa, gyzy oynap, tashlama niyeti yok bolsa, olam gyz yaly gowy niyetli we gowy bir bashlangych etmek isleyan bolsa gorkuljak zat yok..Esasy gorkuljak zat,inetde gurleshenlerinde bolmadyk zatlary bolan yaly edip, onarmajak zatlaryny onarjak yaly edip, ozlerinde yok gylyklary bar yaly edip, gysgacha ozlerini in gowy diyip bir birine aldasalar..shu yagdaylarda iki tarapam islese islemesede azajygam bolsa yurekleri ereyar, we uytgeshik duygulara girip ugrayarlar, esasanam kichi yashlylarda...
Yone, ajy emma, hakykat bar.Durmush hichem bashda goz onune getirshin yaly bolmayar, shol inetde yazyshan mahallary bir birine soz beren zatlarynyn 30-40 prosendinem yerine yetirip bilseler han bolduklary...In azyndan soyyan soyyan soyyan sozlerinden sonra, durmush gurlandan sonra yekeje saparam gowne degishman yashasalaram han boldukalry...Bu adamlaryn uytgemegi dal, dowrun adamy shu yagdaya getirmesindenmika diyyan...Mysal, bashda gowy gornushseler, chagalary bolandan son bir birlerine duzugli wagtam tapmazlar...Shonun uchin internetdenem tanshsan, biri arkaly hem tanshsan, toyda, ishde, okuwda nirede hem tanshsan tapawudy yok, hemme zat iki jubide galan zat. Biri beylekisini sylasa, garshysyndakydan hem shony gorer, we bagtly bolarlar....
Bagyshla birazajyk garym gatym edip yazdym oydyan, gerejigini alarsynda ozune:)))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hermiona 1 telpek goyyar we yazyar: "SAG bol ,men pikirimce dogrymyka oyutyan"

Sapık ol bolanok

Türkçedaki SAPIK ol dal.Sapık bolanda yaşı kamillik yaşına yetmedik gyzlara ya-da hiç tanamayan gyz maşgala el ve söz bilen arkalı edilyan tasirler bolyar.

Sen diyyanin ÜÇ kağıtçı bolyar.Rusça maşennik diymek.
Akıllı gyz özüni oynatmaz.her aydılan sözede ınanmaz.
Her adam SAPIK bolman biler yöne her adam allawçı,kezzap bolup biler..arasında ullakan tapawut bar.Men hiç yalan geplemedim diyen hem yalan aytyandır..azacık hem bolsa (enesine atasına gorkudan hem bolup biler) yalan aydandır herkim.

LOL

Akylly gyz ozuni

Akylly gyz ozuni oynatmaz diyyan.Asyl akylly gyz ozuni oynamaga bashgalara pursat bermez, onda internetde ashyk bolup soygi gozlejek bolup name ishi bar, real durmushda adam galmandyrmy? Yone gyzlar nache akylly bolsada ynanjan bolyar yatdan chykarma...

Internet'dakiler name

Internet'dakiler name hakyky adam dalmi ?? Real durmushdaky adamlar 1 uytgeshikmi ya ?? Internet'de oturanynda-da "hany shujagashjalaryn birine ashyk bolayinla" diyip oturmak hokman dal birine ashyk bolmak uchin, virtual dunyade-de herhili mumkinchilikler bar, her hili tanyshlyklar bar, edil hakyky dunyadaki yaly...

Men "internet govy, internet'de tanyshyn" diyemok, yone birden tanyshylaysa-da hakyky dunya'de tanyshylandan 1 kem yeri bardyr oydemok. Tanyshan adamyna belli kriterialaryna uyyanlygy, senin gozleyan zatlaryn barlygy sebapli ashyk bolmagam adaty. Gepin tummek yeri, gurleshmek in mohum zat, olam internetde-de, hakyky dunyade-de shol 1 zat, eger ozuni uytgeshik gorkezjek bolmadyk bolsan, onda ikisinin tapavudynam bilmersin, telefon'da, internet'de, yuzbe-yuz, barysy shol 1 adam bilen gurleshmekdirda...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "yuregimi beyan etdiniz! sizi goldayan!"

nätdiň-aý, Resul aga

nätdiň-aý, Resul aga :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Reschik 1 telpek goyyar we yazyar: "Name boldy ata aga::))"

Umuman internet peýdaly we

Umuman internet peýdaly we peýdaly tanyşlyklaram bolýar. Emma welin... durmuş internet däldä. Gaty seresaply durmuşda tanajak bolmaly, derrew "söýýän-köýýän" ýaly zöwledip ýörmän. Eger hemme zat garaşyşyň ýaly bolsa, onda özüň hereket edibermeli. Garaz internediň bir özi, hakyky durmuşda barlanman, peýdasyz.

Özüňem aýdýaňa, "häzirki döwür hakyky durmuşda gören adamyňy tanap bolanok" diýip. Internetdäkini nädip tanajak?! Her kim açyk, aç-açan adammy?!

Birem inetdäki tanyşlyk maksada görä. Maksat keýp bolsa, şoňa görä. Maksat näme?
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Gulnara

Ay senkem bir tarapdan dogry .maksadyna bagly hemme zadam durmushda,yone adamlara ynanmak gaty kynmyka diyan.....Bilmedim-da byla dine men pikirim her adam ozuce pikir edyar-da.

Kim ?

Kim internet arkaly soyup gordu?

lol

Ay soyyan kan,men joramam mysal bolup bilerdi yone biri-biri olar ynanmasalr ol soygi blomayarmyka diyyan,shonun ucinem mena ona soygi diyip biljek dal

Salam

Senin olaryn arasyna dushmeyanligin gowy
adamy kop wagt gurleship we kop zatlar hakda gurrun etsen yagny ichki pikirlerini aydyshyp gurlesheninde tanap bolyarmyka diyyarin.
has gowy tanajak bolsan skype programmasynda tanap bolar, soyushmek ucinem amatlymyka diyyarin.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • BlueDomino 2 telpek goyyar we yazyar: "dogry"

internet tanyşanlaryndan

internet tanyşanlaryndan sonra, göni öylenip yöran yokdyra??
internetde tanyşyarlar, halaşyarlar, sonra özleri göz bilen görüp duşuşyarlar, ondan sonra hem hemme zat dogry gitse, öylenyaler. we men munda hiç-hili erbet zat göremok.
türkmenistanda, gudaçylyk şondan name tapawytly??
tananok, birden guda bolyan tanayarlar, sonra duşuşyarlar, 3-4 ay içinde öylenyaler.
bir-birini tanamak üçin, hökman 1-2 yyllap bile yaşap, yatyp gezmeli daldira??

!

Jemşit wrote:

türkmenistanda, gudaçylyk şondan name tapawytly??

gudachylykda eyyam chagang ene atasyny tanayarlar , esasanam gudachylyga baranda ene atasyna seretyarler ilki bilen! mashgalang nahilidigini seretyarler, internetda tanshan bolyarlar, yyly mylayym sozlere gyzlar ynanyar! , nabilyang oglan aldap otyrandyr, olang shunga soygudir diyya , bu bir yonekeyje duygy bolyar , yashlyk , gushkelelik etDIRYA BU!
ynanmaly dal hatda doly adynam bermeyarler,! bu bir meng pikir
______________________________
Yagshylyga yagshylyk , her kishining ishidir.
Yamanlyga yagshylyk ,ar kia shining ishidir... dirya

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • BlueDomino 3 telpek goyyar we yazyar: "hawa"

iň soňky setiriňi aýryp,

iň soňky setiriňi aýryp, galanlaryna goşulýaryn :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Interned-a beylede dursun,

Interned-a beylede dursun, toydan onki soyga-de ynanamok men (yok diyemok, bardyr, yone men ozumin soyga garayshym). Sebabi, soygi diyen zat sebapler arkaly doreya, berkeya (aslynda dine soygi dal, hemme zadam sheylemika diyyan). Meselem, oylendim, cagalarym boldy, ayalym ata-eneme gowy hyzmat edyar, cagalara gowy seredyar, mana-da gowy seredyar, ine shu zatlar sebapli men ony soyerin.
Toy etmakan, ay bile kino gitdik, parkda oturyp morojnyy iydik, ertekilere gitdik, ol mana doglan gunumde sowgat berdi yaly zatlar ucin "soyyan" diyaymesen, bashga bir zadam yok? ond-a her bir tanshyny soyup yorubermeli :D

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • BlueDomino 1 telpek goyyar we yazyar: "guldurdin..."
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: ":))"

lol

onynam dogry welin,sen dine gyzlary olan isini ucin gov gordin bolayrda.Eger sen ol gyzy cyn yurekden govy goryan bolsan ty doljen yeyo vosprinat takaya kakaya ona na samom dele(turkemnce namedigini bilmedim)..

Men dushunjame gora soymek

Men dushunjame gora soymek ucin bir sebap bolmaly. Hic zat yok yerden birini soyup bilmerin-a men?
Duygylan hemmesi ucinem sheyle, yigrenmek ucinem, gowy gormek ucinem sebap gerek. A soygi in yokarda duryany ucin, ona has berk sebapler gerek :))

Tak, Güýç, seňki "üçin

Tak, Güýç, seňki "üçin söýgi", ýapon ýazyjynyň birinji kategoriýasynyň söýgüsi.
Bizlerde "garamazdan söýgi" :D
"Lýublýu gadinu, ne znayu za çto" :D diýýärä KWNde.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "za gadinu :)"

bir goşgy bardy

bir goşgy bardy türkmençe, doly yadyma düşenok goşgyng manysy şeylerakdi,
ay indi bir oglan bar diyyar, hemme kişini döyjek bolyarmyşyn diyyar, bir gün hem uly maşynyng yzy doly gyz görüpdür,(ola wagtlar uly maşynyng yzyna münüp pagta zada gityan eken gyzlar) ay yangky oglan hem ylgayar, bulang hemmesini söyeyein diyip, şol yerinde şahyr şey diyyar:
aşygyng bir maşyng gyz diyip ylgany,
seretse bir maşyn gaz maşyn eken..
internetde hem kan oglan gördümay, 30-40 gyzy birlikde söyjek bolup yören, yöne olang gynansak hem köpüsü GAZ balon-a dal welin oglan çykyan wagty bolyar... :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

lol

Ay zyomjan komdigina bilmedim welin gulup hezil edindim......

sizem internetdaky soygini

sizem internetdaky soygini barlap gordungmi?

______________________________
Yagshylyga yagshylyk , her kishining ishidir.
Yamanlyga yagshylyk ,ar kishining ishidir...

DÜZEDİŞ

aslymarly wrote:

bir goşgy bardy türkmençe, doly yadyma düşenok goşgyng manysy şeylerakdi,
ay indi bir oglan bar diyyar, hemme kişini döyjek bolyarmyşyn diyyar, bir gün hem uly maşynyng yzy doly gyz görüpdür,(ola wagtlar uly maşynyng yzyna münüp pagta zada gityan eken gyzlar) ay yangky oglan hem ylgayar, bulang hemmesini söyeyein diyip, şol yerinde şahyr şey diyyar:
aşygyng bir maşyng gyz diyip ylgany,
seretse bir maşyn gaz maşyn eken..
internetde hem kan oglan gördümay, 30-40 gyzy birlikde söyjek bolup yören, yöne olang gynansak hem köpüsü GAZ balon-a dal welin oglan çykyan wagty bolyar... :)

aşygyng bir maşyng gyz diyip ylgany,
seretse bir maşyn gaz BALON eken.. BOLAMLYDY

Ýöne degişmeler bir

Ýöne degişmeler bir gapdala, "play safe" we Bayat-Hajynyň aýdanyny eýer. Ola internet ekeni, toýdan öň söýdüm-köýdüme kän ynansaň, kän ýanarsyň. Hakyky söýgi bardyr, hakyky söýýänem bardyr, emma Allaň haky üçin, internetde nämesini söýüp ýetişýäň adamyň?!
Gaty gitse simpatiýa dörär we bu mümkin. Ahow, ýanyp öçer ýaly nädip söýgi döresin?!
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

lol

Meni shonu diyjek bolyanda,nadip ynanjak internetde,gaty gitse simaptiya doraymese..BAshga hic zat..

menin pikirimche

menin pikirimche siz duyshde gezip yorsiniz oyanyn adamlar name menin tanyshym olam dine shol hakda pikir edyar olam biiri bilen yatman gurleshyar menem onun gurleshyanine gaty ynanyp baramok menem bay aytyan mana da komek berin adamlar,.,.,.,

shu soygi diyyan zatdan

shu soygi diyyan zatdan alerigiyam bar meng:)

______________________________
Yagshylyga yagshylyk , her kishining ishidir.
Yamanlyga yagshylyk ,ar kishining ishidir...

Ola internet ekeni....

Ola internet arkaly soygi ekeni, mena soygi diyilyan zadin orginalinadam ynanamok.

P.S. Bul men bu sayta intek agza bolmadyk dostumin pikiri :) menden yazmagimi hayisht etdi

Menem şuň ýaly. Diňe

Menem şuň ýaly. Diňe ýüregimiň düýbünde bar pikir, "millionda bir bolýandyr" diýip. Ýagny dessanlardaky söýgi.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

hermiona

kimay ol styn sen,soyga ynanman nadip yashap bilyar ol.Soygi ol dine gyz bilen oglanyn arasyndaky soyga diyilmeyar.Ol umuman durmushy ejeni-kakany,hemme kishini govy gormek..Mena dshunemok,menem gyz bilen oglany arasyndaky soyga ynanamok,yone...ay bilmedimda..

ADAMLAR!!!!!

olar yalam bolman .........Cyn spygi bar..dine ynanyn shona..Ynam in guycli zatdyr....

soygi , soygi ah

soygi , soygi ah soydi,
internatdaky soygi
soygi, soygi jadyly duygy
wah soygi. xa xa xa xa

______________________________
Yagshylyga yagshylyk , her kishining ishidir.
Yamanlyga yagshylyk ,ar kishining ishidir...

internet bilen söygi na derecede bolup biler

umuman internet söhbetdetlik etmek, içki duygularını paylaşmak, pikir alışmak, garşındaki adamın pikirini bilmek üçin govy zat. internetde söymek diymek garşındaki adamın aytyan zatları, pikirleri gövnüne yaradı diymek. yöne söygi dine şundan ıbaratmı? elbetde dal. mısal üçin nameler bolup biler: özüni alıp barşı, mılayım hereketleri, görk-görmegi, boyı-sıraty, edep-ekramı, yöreyişi, oturşy-turuşy ( Magtymguly şahırımızın aydışı yalı: "oturşy-turuşy ovadan"). diymek, internet adamın hasiyetlerinin dine birini belli edip bilyar, onda da hıyalı görnüşde ( ikiçak gepleşseniz belki başgaça geplap biler). şonun üçin menin maslahatım internetde biri gövnünize yaradımı derrev onun başga taraplarını övrenmek için duşuşjak bolup, eger beyle pursadınız bolmasa entek ona beyle gövün bermek üçin entek irrak. eger gövün bersenin munın adı söymek bolmayar, bu aşık bolmak bolyar ( geplerine). söygi bileje birnaçe vagtın (aylar, yıllar) geçirilmesinden sonra yüze çıkyar. bizin yaşlarımız hem şeyle yalnışı kop goyberyarler, söyendirin oydyarler toy edyarler, yöne aşık bolup gözleri gapılandıgına son düşünyarler, söyüp bilmeyarler. gınansak da şu sebapden hem ayrılışmalar yüze çıkyar. şonun üçin söymek üçin öran oylanşıklı hereket etmeli.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • BlueDomino 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme."

shu temadan bizar boldum-la.

shu temadan bizar boldum-la. kopuniz yazipsiniz welin, ine bir adama stolun ustunde alma goyup, ine alma diyyaler, ol adamam yok, barde alma yok how diyyar. kopuniz sholar yaly.
gaty gormang hemmanize diyemok, soyga ynanmayanlara aydyan. bashga hich zat yazjak dal!
Leyla

Tak, gowy moderator bolaryň

Tak, gowy moderator bolaryň ýaly sapak bereýin :)
Temadan sen bizar bolup bilýäň welin, agzalar bizar bolmasa, temada hem kemçilik bolmasa, onda seniň "bizar boldum" diýmegiňde many ýok. Sen bizar bolduň diýip aýyralymy ýa ýazgylary?

Hany alma? Has dogrusy, hany söýgi? Ine maňa görkezdä, nirede hakyky söýgi? Şahruk Hanyň Dewdas diýen kinosynda bar, Zöhre-Tahyr, Şasenem-Garyp, Şirin-Perhat, Hüýrlukga-Hemra, Gül-Senuber, Gül-Bilbil we ş. m. bar. A sen hakyky durmuşda görkezdä :) Bill Klinton bilen Monika Lewinskimi?
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "he-he"

Way, bayram aga,

Way, bayram aga, gorkezerdim!
Bagyshlang men oz pikirim yazdym.
Yazmaga nastroyeniyam yok shu wagt song gorkezerin soygini!
Leyla

Gorkezjek wagtyn mana-da guk

Gorkezjek wagtyn mana-da guk diygin, menem cheta goresim geldi :)

Yokarda Chynar "internetde

Yokarda Chynar "internetde biri bilen gatnasyk gurmak, edil jansyz kompyuter bilen gatnasyk gurmak yaly." diyip yazdy. Yone bu sheylemika ??

Internet'de name kompyuter'ler yazyshyamy ?? Ya ol kompyuter'ler arkaly, hakyky adamlar ?? Birgiden adam hamala hakyky durmush'daky adamlar aldap bilmeyan yaly yazyalar internedin minuslaryny gorkezjek bolanlarynda. Turkmenistanda ynha internet yogamda, yone aldanyan gyzlaryn, oglanlaryn sany-sajagy barmy ?? Soyyan diyip 2 gyz bilen 1 wagt'da dushushyp yoren oglan azmy ?? Ya yene-de soyyan diyip, "Bu bolmasa palana ok diyerin" diyip, 2 oglanyn birini 1-nji, 2-njini hem 2-nji edip saklajak bolup yoren gyz azmy ?? Hakyky durmush shuncha waka bilen dolyka, gelip internet'daki shol bir minus'lary, hamala dine internede mahsus 1 zat yaly edip gorkezmek dogrymy ??

Men pikirimche internet tanyshlyk uchin ideal yer, yone ozuni elde saklap bilmeli! Internet arkaly soymek mumkinmi ?? Onchasyny biljek dal, yone soyup bolmasa-da, ashyk bolmak, yagny "soyup bashlamak" mumkin !! Internet'daki tanyshlyklaryn in govy tarapy, eger ashyk bolyan bolsan, onda birinji bilen dushunjelerine, pikirlerine, durmush yorelgesine ashyk bolyan, son surat dagy iberse boyuna, posuna we etc. We eger adam uchin birinji yazanlarym has mohum bolsa(meselem men uchin!), onda internet'de tanyshyp, gatnashyp bashlamakda hich hili minus goremok, gayta pluslaram az dal, yagny owadanlygyna seredip, birgiden wagtyny gidirip, son gush kelledigini bilip galanok.

Yone internet'daki tanyshlyk bilen hakyky durmushyn arasynda 1 baglanyshyk doretmegi bilmeli, yagny, belli 1 wagt son gurruni hakyky dunya gechirmeli, adamyn gozune seredip gurleshmeli, hereketlerine uns bermeli we aydan zatlary sebapli kellande guran psihologicheskiy portredine shol hereketlerin gabat gelip-gelmeyanligini gormeli, sheydilse adamyn na dereje dogry gurlanini, hakykaty aydanyny belli 1 derejede bilse bolyar. Yone sheyle bir oglanlar we gyzlar bar, huday saklasyn bara, maskalary yuzlerine gaty bet yapyshypdyr, ol maskanyn arkasyndaky yuzi gormek gaty kyn, gaty tejribeli we edyan zadyny govy bilyan bolmasan dagy, Alla komek etsin diymekden bashga chare galanok !!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "dash..."

önde biri; "söygi bir

önde biri;
"söygi bir bokdyr;
ony iymeyan yokdyr." diyenmiş :)

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • mati 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

:)

Jemşit wrote:

önde biri;
"söygi bir bokdyr;
ony iymeyan yokdyr." diyenmiş :)

hudaya shukur biza bok iyemzok, iyyan barmykanayt:)?

______________________________
Yagshylyga yagshylyk , her kishining ishidir.
Yamanlyga yagshylyk ,ar kishining ishidir...

edebiyata mahsus sozleri

edebiyata mahsus sozleri ulansanyzlang!
Leyla

men edebiyatym şol.

men edebiyatym şol.

TÜKÇE ŞYGAR:)

ÖNEMLİ OLAN AŞKIMIZ,
ODA BİZDE YOK, ŞAŞKINIZ

Söýgi barada gaty kän

Söýgi barada gaty kän gűrrűň edip bolýar, ýone men Hermionaň jorasyna berjek maslahatym bilen başlaýyn, yagdaýa çyndanam kyn öýdýän, tanamasa plan diýip bolanok-da. Menä internetdäki söýgä o diýen ynanyp baramok, ýöne “redkiý sluçiý” bolup bilermikä diýýän.
Gowusy howlukmasynda telefonda-da gűrleşip görsűn, megerem şol oglany tanaýan bir tanyş zat ýokmy? Şolardan sorap nähilidigni bilsin, ýone howlukmasynlar! Ýedi ölçe bir kes diýýälermi?! Meňä maslahatym şol!
Indi bolsa Bayram aga size söygini görkezjekdimmi?! Bolýar, bissimilla diýip başlayyn.
Eger siz çyn söýgä ynanmaýan bolsaňyz( diňe oglan bilen gyzyň arasyndaky söýgä seredip geçeliň, sebabi beýleki görnűşlerine ynanýansyňyz-la):
Onda siziň pikiriňizçe “Dewdas”(şol kinona men göremok ýone!), Leyli Mejnun, Zöhre Tahyr, Romeo I Julietta…hemmesi taslama, myf, fantastika?
ýone taslama-da bir zada esaslanyp döreýandirä!
Şol esaslanmada söygi!

Başga mysal, Osmanlaryň şasy batyr, gujurly şeyle beýik soltan Sűleýman, hiç kime (tutuş dűnýa öň elindedi!)boýun bolan däldir welin, ýöne bir 15 ýaşyndaky gyza! Olam Roksalana, indi siz aýdyň bu gűyç nähili gűýç, eýsem söýgidämi?
Edebiýatyňam 80% oda ataýmaly onda eger söýgä ynanmaýan bolsaňyz!
Ay, men bilmedim ynanmajak adama näçe zat aytsaňam ynanmaýar, ýöne bir zat aýdaýyn Bayram aga şu gűn size dileg etjeg-ä biri duşmazmyka onsoň műmkin pikiriňizi űýtgedersiňiz!
Tema kän degişlä ýöne umuman meň söygi barada yene öz pikirimi ýazsam, gaty görmesiňiz gerek?!
Söýgem dűrli görnűşde bolup biler, ine meň pkirimçe söýgi 3 basgançakdan ybarat:
1.Aşyk bolmak, şu durmuşda aşyk bolman gören yokdyr, bu söýgi bir wagtlaýyn geçip gidýän bir duygydyr. Ol 1 däl, birnäçe sapar bolup biler! Yönekey bir aşyk bolmak duýgusy, özem kate diňe 2-3 gűne-de çekip bilýär.
2.Yöne aşyk bolup, söymek, ýagny bu eýýam yokarky basgançak, bu ýagdaýdaky adamlar köplenç “beýhuş bolup, däldiräp” gezýän wagtlary. Romeo we Juliettaň, Leyli Mejnunyň söýgűsi şuňa degişlidir.
3.Söygiň muhabbete öwrűlen döwri, ýagny aşyklar indi “däldiräp” bolup, bir azajyk pikir edýärler. Bu basgançak iň soňkydyr, bu basgançaga çenli ýetýänem kän däldir.(Köplenç elhenç durmuş aýra salya Romoe bilen Julietta ine ikisem paçygaly ýagdaýda aradan çykýarar, şondan hem şu basgançaga ýetip bilmediler.)
Soňky iki basganjaga ýetenleriň söygisi çyn söygi bolup biler.

Leyla

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • azat 2 telpek goyyar we yazyar: "azabin ucin"

Quote: diňe oglan bilen

Quote:

diňe oglan bilen gyzyň arasyndaky söýgä seredip geçeliň, sebabi beýleki görnűşlerine ynanýansyňyz-la

Şu ýazanyň meni ýylgyrtdy :)
Nireden bilýäň?! Birden men ýaponlar ýaly geň-taň bir zat bolsam näme?! :D

Quote:

Onda siziň pikiriňizçe “Dewdas”(şol kinona men göremok ýone!), Leyli Mejnun, Zöhre Tahyr, Romeo I Julietta…hemmesi taslama, myf, fantastika?

Aý şol eserlere seredip entägem söýgä ynamymy doly ýitiremok. Söýgi owadan proýekt, ýogam bolsa, oýlap tapmak gerek bolan zat. Şoň üçin kim bilýä oýlanyp tapyldymy :D
Näme diýýäler, köňüller söýgi isleýär. Hakykatdanam.

Söýgini menem isleýänhow. Meni gynandyrýan zat, onuň şeýle seýrekligi. Her kim dadanok. Esasanam erkek adamlardan :D Biz köp gyzy söýýäs :D Ine musulmançylygam şony göz öňüne alýara, 4 aýala çenli ýürekde ýer bar :D
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Henizem ynananzokmy

Henizem ynananzokmy onda?
Leyla

Sen näme görkezdiň

Sen näme görkezdiň ynanarym ýaly? :)
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

yetenok bir organ!

Bayram wrote:

Sen näme görkezdiň ynanarym ýaly? :)
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Bayram aga men sizde bir duyush organynyng agdyklyk edyanine gunakar dala! Shong uchin gorkezsemem gorenzok!

Leyla

Men seni ya woobshe kimdir

Men seni ya woobshe kimdir birini gunakarlamok. Emma soygi oyunjak boldy sonky dowur. Gorup soyya, inetde habarlashyp soyya, hatda birinin gepinden eshidibem soyya adamlar. Beh... shular hakykatdanam soygumi ya simpatiyamy ya halamakmy bir tarapyny adamyn?
Halamak we simpatiya doremek bardyr, ynanyan. Birini goryan, sulhyn alya, owadan goryan. Yene birini goryan, umuman hasiyedini halayan, jynyn alyshya. Yene birini goryan, pikirlerini halayan, inetde halayan. A bular name soygumi?!
Soygi diyen zady mena bashgacha goz onune getiryadim...
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry aydyan, menem o zatlary soygi dp hasap edemok"

?

Bayram wrote:

Men seni ya woobshe kimdir birini gunakarlamok. Emma soygi oyunjak boldy sonky dowur. Gorup soyya, inetde habarlashyp soyya, hatda birinin gepinden eshidibem soyya adamlar. Beh... shular hakykatdanam soygumi ya simpatiyamy ya halamakmy bir tarapyny adamyn?

shu tayda uxaaaaaaaaa diyip guldim:)))
ay dogardanam oyunjak boldulay shu soygi , name sepapden sheyleka ? name uchin shun yanak , hey bilyan adam barmy shony?

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Bilemok

Söygü barmyka bir?
Talyplar comda tapyp bilmedik.
Shutaydada 1 blog achmaly öýtyän.:)
__________________
Yürekden yürege

Adyny eshidip ashyk

Adyny eshidip ashyk bolyanlaram gosh ustune:))

inetde dushdum men

inetde dushdum men sana
soygimi bagsh etdim sana
ellerinden tutabilsem
soygiden yok arman mana...

kesinlikle (exactly)

kesinlikle (exactly) ynanmok
chunki inetde dashtoweregin ginish bolya
islanin bn gurlesyan, islanin bn sogushyan, islanin bilenem soyushyan..

İnetden söygi bolup bilyar

İnetden söygi bolup bilyar emma durmuş gurmak,ya maryda şeyle bilemok,Maryda durmuş gurjak gyz bn oglanyn maşgalasy biribirini myjjygny çykaryp sorap ideyar ekeni...

Yöne netden söyüşibermeli in ansat zat
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

internet soyushseng...

el_mariachi wrote:

İnetden söygi bolup bilyar emma durmuş gurmak,ya maryda şeyle bilemok,Maryda durmuş gurjak gyz bn oglanyn maşgalasy biribirini myjjygny çykaryp sorap ideyar ekeni...

Yöne netden söyüşibermeli in ansat zat
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

internet soyushseng hich kim bilmez oydyarming?
Leyla

Kim bilsin? Ýöne her kime

Kim bilsin? Ýöne her kime bildirjek bolup ylgap, jar çekip ýörmeseň, biläýjegä ýokdyr
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

dogrymy aytsam hemme

dogrymy aytsam hemme yazylanlary dolu okap yetishmedim:( shonun ucun menin yazan zatlarym gaytalanyan bolmagam ahmal, int arkaly diyilyan soyga licno menin ozuma ynanamok, sebabi adam b\n nace gurleshsenem ol adamy goreninden son hemme pikirlerin uytgeyar, bolyar onunden ol adamy goren bolsan son bir sebap b\n ara ayralyk dushse, onson int arkasy bilen dowam etdirmek, a tak gury yurek agyrtmak oydyan int arkaly soyga ynanyp otyrmaklyk, gorenden son hemme zat uytgeyar, onsonam bir yerlerde okapdym , int-de adam ozunin nahili bolasy gelyanni gorkezip ozuni shol sypat diyip gorkezyar,

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "caklamami :)))"

bäh, Milka, saňa ne döw

bäh, Milka, saňa ne döw çaldy bugün :)

Marsdan zatdan gowja maglumatlar alyp gelýäň öýdýän :)

umuman, int arkaly tanyşlyk ýetenok. Hökmany ýagdaýda ýüzbe-ýüz hem tanyşylmaly.
her iki tarap hem oňatja ideg-sorag etmeli sebäpkärler barada we çykan netijä görä hereket edibermeli.

Internet arkaly tanyşlygam, söýgi hem bardyr. Ýekeje mysal berilse bolany bu babatda. Olam ýokarda berlipdir öýdýän. Bagtly ýaşaýanlary hem bar bolanyna görä.

Mukdar taýdan näçe kişi bagtly - ynha, şu mesele wajyp bärde!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Marsda soygi nahili

Marsda soygi nahili, ol baradada yazaymaly ekeninda:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "hehe, hakyky :)"

soygi

Salam agzalar!birinjidena ''immposible is nothing'' diyen bir soz bar yagny hemme zat mumkin..gechen 3-4 aylkda menem eshttim,oglan internetden tapan gyzy bilen toy edyamishin diyip..bagtly bolsunlar..onsanam internet arkaly soygi bolya yone dine internetde bolya,dushushan son ne soygi nede bashka zat galya....ya sen gyzy halannok yada gyz senii..hihih..gulkip geldi..sorry..yashlyk yada dushdide..internrt arkaly soygi dalde internet arkaly dossluk diysen onda ha diyjek..in dogrysam sho mykan diyyan..
Nicin Nicin Nicin Nicinler dolu icin Bu nicinler nicin Arkadash olduğumuz icin.

Önrak bir yerde

Önrak bir yerde okapdym.
İnternet arkalay söygi diyilende kella geldi,
biri internetde (yahoo-da) tanysan gyzy bilen durmus gurupdyr, dünya inen çagasyna hem Yahoo adyny beripdir, hatyra bolsun diyip.

"gindir dünya gendir dünya"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • mati 1 telpek goyyar we yazyar: "internet arkaly soygin tarapdary !!!"

salam

ola gaty bir hili bolyar

soygu barmyka?

soygu barmyka ady bilen talyplar comda 1 bolog achypdym.
Yone talyplar comda soygu diyil zady tapmadyk.bardenem gozlemeli oytyan:).
men pikirimcha söýgü YOK.

____________________
Yürekden yürege

....

ynanmany bolarmay menem sheydip tapdym:)

Nokat goyaylynmy::))

Nokat goyaylynmy::)) Internet arkaly tanyshlyk bolyar, son bolsa yuzbe yuz gorushup soyushlik bolyar diyelinmi::))

nokat :)D Leyla

nokat :)D
Leyla

internet-de soyushen

internet-de soyushen bolyandyrlar.
"eger soymedik bolsang
soyyan diymel dal eken,
mening bu yash yuregimi
oda goymal dal ekenin"
song beyle-de bolup biler:D biri birine dushan wagty.