Hydyr Amangeldiniň "Dogulmadyklaryň portreti"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Iň soňky görnüşini goýýan. Okaň, lezzet alyň we dilegleriňizi Hydyr aga iberiň! Pikirleriňizem beýleki temada ýazyň!

Heýjan

Dogulmadyklaryň portreti

Pygamberimiz (s.a.w.):
“Dünýä bir pursatdan ybaratdyr” buýurdy.

„Bu wagt tutha-tutluk ýyly – 37-nji ýyl däl. Gyrgynçylyk, açlyk getiren 41-nji ýylam däl. Gökdepe galasynyň ýarylan gününden bäri-hä 120 ýyldanam köp wagt geçipdir. Häzir ýigrimi birinji asyryň başy, o döwürlerden nijeme oba göçdi. Ýöne Ýedigen – şol Ýedigen, güýzüň ýetip gelýänini habar berip, käwagt ösýän salkynjak şemalam şol şemal. Dünýede ütgeýän zat köp, ýöne dünýe üýtgänok“.
Gijäň ýary ýegeniniň toýundan çykyp, gatnawly ýola tarap barýan, ady tanalýan suratkeşleriň biri, uzyndan inçemik pyýada – Narly asmandaky Ýedigeni bir salym synlap durşuna, akylyndan geçen bu pikiriniň dünýäň özi ýaly könedigini bilse-de, Ýedigeniň şol çagalygyndaky ýyldyzlardygyna nädip ynanjagyny bilmedi. Oglanjykka tomsuň güni daşarda ýatanlarynda ejesi o geň ýyldyzlary görkezip, ýedi doganlaryň Ülkeriň gyzyny alyp gaçandyklary barada geň rowaýaty gürrüň bererdi.
„Ikinji barýan ýyldyzyň ýanynda bir kiçiräjik ýyldyz ýylpyldaýandyr. Ana, şol Ülkeriň gyzy“.
Özi aýtmyşlaýyn „Saçy gyr baýtalyň sagrysyna meňzän“ ýaşuly kütelşen gözlerini bürüşdirip yhlas etdi. Birdenem „Ülkeriň gyzy“ ýylyldap gitdi.
„Doganlar henizem ýolda. Atlaryny gyssap, gaçyp barýalar. Ülkerem yzlarynda. Ejem şol wagt „Sen elli ýaşap, saçyň agarar, biz ölüp gideris, emma şonça ýyl geçse-de, üýtgän zat bolmaz – ne doganlar gaçyp gutularlar, ne Ülker olar bilen garpyşyp gyzyny yzyna alar“ diýen bolsa, muňa akylym çatmazdy. Häzirem çatyp baranok. Bu dünýe özüm bilen bile üýtgeýärdi ahyryn. Men ulaldym, daşarda ýatýan agaç sekimiz çüýräp gitdi – ýerinde erik gögerip otyr. O erigem, wagty geler, gurar, edil ejemiň, kakamyň ýogalyp gidişi ýaly. Ülker bolsa, henizem ýedi doganyň yzyndan ýetip bilenok – haýran galaýmaly, ýetibem bilmez“.

* * *
Öňi gözenekli kiçijik penjireden eýlesi-beýlesi üç, üç ýarym metr töweregi dar otaga daň ýagtysam göwünsiz girýän ýaly. Törde, ortarada ellinji ýyllaryň ysy gelip duran, galyň tagtadan ýasalan mähnet stol, onuň bilen asla sazlaşmaýan ýeňiljek, ejizje oturgyç jaýyň esasy bölegini tutup dur. Üstüniň matasy süzülip giden köne diwanda ýatan goja diwardan asylan suratlardan gözüni aýyryp bilenokdy. Alagaraňkyda, birihili, başga bir dünýeden seredýän ýaly görünýän Lenin bilen Dzeržinskiý hem oňa diňkelerini dikipdiler. Kagyzynyň saralyp, ýüzüni tozan basyp gidenligi bu suratdakylara hasam adatdan daşary jadylaýjy sypat berýärdi. Lenin ýasama gülümsiräp, gözlerini köpbilmiş süzgekletse, Dzeržinskiniň gözi çakgyň çüýi ýaly içiňden giçip barýar. Olar gürläberselerem geň däl. Olaryň ikisiniňem gözlerini sowman, başga seredere zat gapyşan ýaly, özüne dikanlap durmalary garrynyň bogunlaryny sanaýardy. Oýanandan esli salym gecenden soň, özüne gelip ugran ýaşuly ýüreginde dörän gorkyny kowjak bolup, daşyndan: “Al-aýt diri ýal-aýt” diýenini duýman galdy. Suratdakylar welin, diýdiňmem diýenok. Daňyň ümsümliginde naýynjar çykan howsalaly sesi onyň gorkusyny hasam artdyrdy.
Harby adamlarda köp duş gelýän, endigi durmuşyna öwrülip giden bu „weýenniý“ adam nire, beýdip ýatmak nire. Onuň üçin jahanyň ýagtylmasy altmyş, belki ondanam kän ýyldan bäri, harby eşigini geýipdir diňe ukudan oýanmalydygyny, hasyr-husur düşegiňi ýügnaşdyryp, ýuwunmalydygyny aýdýan buýruk. Ýöne bu gün welin, onuň düşeginden turasy gelenok. Bendäniň baryp-ha haçandan bäri, hiç wagt hiç zady küýsemedik göwni birinji ýola bir zat isleýär ýa-da ol göwnüniň islegini ilkinji gezek diňleýär. Göwni bolsa, bary-ýogy „Turma, ýene azajyk ýat!“ diýýärdi.

* * *
Aý-aýdyň. Çolalyk. Ümsümlik. Şäher diýmersiň. Narly Aýyň ýagtysyna sagadynyň dillerine seretdi. Bir bolup barýar. Ýaşuly indiden soň öýüne – oba gitjeginem, „beýläk“ gitjeginem, ussahanasyna barjagynam bilmän ýaýdandy.
„Ussahana barsam-a garawul „ýatyraňyzok“ diýip hüňürdäp başlar-da, bar keýpiňi alar, oba aşjak bolsaňam, aňsat maşyn tapdyrmaz, tapdyraýanda-da, atasynyň bahasyny salar. Gowusy, beýläk gideýin“.
Narlyň „beýläk“ diýýäni indi 17 ýyldyr gatnaşyp, günde-günaşa ýatyp-turup ýören ýeri, sungaty öwreniji, dul aýalyň öýüdi. Oňa dul gelin diýseň hem gelişmän durjak däl. Narlyň özünden 10-12 ýaş kiçi, Moskwada okap gelen, geýinmäni, gürleşmäni, kofe gaýnatmany oňarýan, görmegeý aýal. Sülgüniň öýüniň mazasy ilki-ilkiler hasam başgady. Sungat hakynda, suratkeşler, Narlyň çekýän işleri barada, şeýle süýji gürrüňler edýärdiler. Ýeke otagly bolsa-da, sungatdan başy çykýan gelniň her hilije zatlar bilen bezelen öýünde, alagaraňky yşykda, dükanlarda kän duş gelmeýän dürli-dürlije likýordyr, konýak süzmegiň, Bahyň, Bethoweniň sazlaryny diňlemegiň, Matissiň, Kuinjiň, Wan Goguň, Kandinskiniň, Şagalyň... işleriniň albomyny görmegiň lezzeti başgady.

* * *
Narly basgançaklary sanaýan ýaly howlukman basyp, iki girişli, dört gatly jaýyň ikinji gatyna çykdy. Sülgüniň gapysyna geldi, jaňy basdy.
- Kim?
- Bu men.
Gapy açyldy. Egni owadan gülli halatly, tegelek ýüzli, gözleri okara ýaly diýilýän owadan gelin gapyň aňyrsynda göründi.
- Hä... senmi?
- Ýatyrmydyň?
- Hmm.
Ýaşuly edil öz öýüne gelen ýaly arkaýyn girdi-de, aýakgabyny çykaryp durşuna:
- Ýegen öýlendi, şoň toýunda eglenäýdim – diýdi.
- Çaý goýaýynmy?
- Ýok, gerek däl.
Narly Sülgüniň ýüzüne seredeninden ýagdaýyny aňmaga ökdeläpdi. Onuň biparh bakyşyndan, ýuwaşja gürleýşinden gelenine känbir begenmeýänine düşündi, ussahanasynyň deňinde galmanyna ökündi. Emma köpi gören ýaşuly syr bermedi, sesini çykarman eşiklerini aýyrmaga durdy. Şu wagt bagyşla beýleki diýäýdigiň Sülgüniň gözünden döküp başlamagynyň hatda ýarylaýmagynyňam daş däldigini Narly bilip durdy. Endigine görä, hamala ukuda ýaly hereketler bilen düşegini giňeldip, Narly üçinem bir ýassyk çykaran gelin ýuka ýorganyň aşagyna girdi. Narlam uludan demini alyp Sülgüniň ýanynda süýndi. Ol hakykatdan hem özüni ýadaw duýýardy. „Sagadam üçe golaýlandyr, bahymrak uklap bolsa“ diýip oýlananam şoldy, Sülgün:
- Ýaňy sen gelmäňkäň bir düýş görüpdirin – diýdi.
- Nähili düýş?
- Ogullarymy görüpdirin. Eginlerine düşüp duran, ösgünje, buýra-buýraja galpaklyja. Olaň kirpiklerini bir gören bolsadyň, gaşlaryna ýetip dur, gözlerem ullakanja, şar-gara...
- Nädýäň-aý, dogulmadyk çagalaram düýşüňe girermi? Goňşyň çagalarymydyr...
- Olar maňa: «eje, eje» diýişip eljagazlaryny uzatdylar.
Narly Sülgüni gujaklady. Ol sessiz aglaýardy.
- Özüňi kösemesene. Isleseň indi çaga edeli?
- Çaga edeniň bilen näme üýtgär, ekizjelerim dirilip geler öýdýäňmi?
- Bilýäň-ä o wagt çaga ulaldara ýagdaýymyz ýokdy. Özüňem islemediň...

* * *
„Maşyn gelmejekmikä? Uly ýola-da ýetmän geçdim“.
Şu ýaşyna çenli reňk bilen holstdan başga zat bilen iş salyşmadyk Narly maşynly bolmaga kän bir höwes etmändi. Ol hakyky suratkeşi şahsy maşynly-ha däl, öýli-öwzarly, çagaly-çugaly hem göz öňüne getirmeýärdi. Ol: “Çyn hudožnik Wan Gog ýaly bolar-laý, egninde molberti ýegşerlip barýandyr. Öýem, çaga-çugasam, janynyň rahatlygam - bary şol gapyrjagyň içindedir” diýerdi. Hatda ýörände-de Wan Gogyňka meňzedip, depesinden agyr daş basýan ýaly ýegşerlip, eginlerini gysyp ýörärdi. Soňa-baka bu ýöriş onuň özüniňkä öwrülip gidipdi. Emma agzyndan süýt ysy gitmedikleriň ulagly bolup, (hiç kimiň ýanynda aýtmasa-da) türkmeniň taryhyna girjek suratkeşkä pyýadalygyna, şunuň ýaly ýerde, içinden namys edenini duýman galardy. Gugaryp duran köçäniň gyrasynda oturan agaçlar dym-dyrs dymyp, böwürlerini diňleşip, garalşyp durdular. Aşagyndan eýläk-beýläk geçýän adamlardyr, ellekileşen it-pişikleri, ynsana höwrügen serçedir gumry guşlary bolmansoň, hereketsiz köçe içinde gany doňan damara meňzeýär.
“Ähli gapylar ýapyk. Her kim ukuda. Kim ir turup işe gitmegiň aladasynda, kim uzak günüň hysyrdysyndan ýadaw, kim gündizki galmagaldan, dawa jenjelden sütüni süýnüp, gijäň bardygyna şükür edip ýatandyr.”
Kellesine gelen bu pikirini Narly höwes bilen dowam etdi.
“Şu wagt “Gündizim, ömrümdäki ýekeje täsin gündizim gutardy, ýerine gözüňi bürüp barýan biparh gije geldi” diýip ahmyr edip ýatanam bardyr. “Bäh, şeýle gündizden soň ýene hiç zat bolmadyk ýaly gije geläýjek eken-aý” diýip, hem gijä, hem gündize haýran galyp ýatanam tapylar. Aý, ýöne köp kişi gijemi, gündizmi kän bir parh edip ýörenem däldir. Olar üçin garaňky düşdümi - gije, Gün çykdymy - gündizdir. Gün-güzeran bilen kimiň gije-gündize eli degýä, meniň ýaly iki-ýeke işini tükeden bolaýmasa... Geň-aý. Ynsanyň öýem bir dünýä çalymdaş. Dünýäň içindäki hatar-hatar dünýeler. Merdiň kötelden-kötele uzaýan mert dünýesinem, namardyň jardan-jara, jülgeden-jülgä bukdaklap, telim öwrülip, ýedi büklüm bolup uzaýan dünýesinem, her jaý dünýe kimin, öz içinde gizleýär. Daşyndan göräýmäge meňzeş jaýlar - diwar, üçek, gapy, penjire... Adamlaram şeýle - el, aýak, göwre, ýüz... Dünýäň içindäki dünýelere bürenen dünýeler... Bu dünýäň özüniňem dünýeleriň içindäki bir dünýe bolmagy ähtimal.”
Arrykdan uzynak pyýada akylyna gelen pikirini görnüşe saljak boldy-da, onuň iç-içine geçip, soňsuza çenli uzalyp gidişini göz öňüne getirende, çuň guýa sereden ýaly, hopugyp gitdi. Ol gören görnüşiniň iň soňky nokadyny ýagta meňzetjeginem bilmedi, tümlüge meňzetjeginem.

* * *

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

* * * Aýyň ýagtysyna

* * *
Aýyň ýagtysyna düz meýdanda ýeke tümmek hasam gözeilginç. Ýazyň güni bolansoň töwerege ot örüpdir, diňe ýalňyz täze mazar eýmendirip, garalyp dur. Ýigitkä pälwan bolandyr diýdirýän, irimçik egin süňkleri çykyşyp duran gür sakgally, burunlak ýaşuly atan-satan ädimläp geldi-de, parahat ses bilen: “Es-salawmaleýkim, Işan aga” diýip, guburyň gapdalynda bir bölek kilimini ýazdy. Howlukman onuň üstünde gyşardy. Goja kişi asmana – dolan Aýa, ýyldyzlara diňkesini dikip ýatyşyna, köpüsini içinden, kä sözleri daşyndan aýdyp, mazar bilen gürleşmäge başlady.
- Işan aga, özüňiz gowy bilýänsiňiz welinim, meniň diýenimi etmediňiz. Eýran aşmadyňyz. Hawa, meni däl, Allahy diňlediňiz. Şonuň üçin men bir ýeňiýoluk Hallow kürt, siz Işan aga...

* * *
“Aslynda ýagty – wagtlaýynlygy, tüm-garaňkylyk – bakylygy ýatlatmaýarmy?! Ýanýan zat ahyry söner, ýöne sönen zadyň gaýdyp ýanjagyndan ýanmajagy ýakyn. Diýmek, ýanmak däl-de, sönmek baky. Dogulmagam ýagtylyk, ölmek – tümlik. Dirilik – wagtlaýyn, ölmek – baky.”
Ellä ýeten ýaşuly bir pursat gizlinden-gizlin zady görendirin öýtdi. Soň hem öz-özüne garşy gitdi: “Beýle däl, gaýta, tersine bolaýmasa” diýdi.
“Şu wagt bogazyňa sygdygyndan gygyraýsaň geň-ä bolardy. Ylgap köçä çykan, dünýesinden çykan ýaly, daşaryk çykar, içki otaglarynyň içkisinde ýatanam eşitmejek bolup, başyna ýorganyny bürär. Kimiň-kimdigi-hä derrew bildirer. Hakyky sungat eseri diýilýänem, megerem, şoň ýaly bir zat bolmalydyr – her kime kimdigini tanadýan. Aý, bu adamlara özüni tanadaýjak bolsaň… Özümi tanap bilýänmi diýsene, ile özüni tanadar ýaly. Aslyna seredeňde, döredijilik adamsy iň nahal adam bolsa gerek – utançsyz… Ilden özüňi köp bilýändirin öýtmek üçin nähili bihaýalyk gerek?
- Onda Magtymguly bihaýamy?
- Magtymguly bolsaň, başga gep.
- Aý, bahymrak Sülgüniň ýanyna ýeteýinde, il ýaly uklaýyn. Maňa-da öz gündizim garaşýar. Elli ýyl bäri gelip duransoň, reňki solagragam bolsa, öz gündizim.
Narly köçäň ortasy bilen barşyna, niredendir asfalta düşen, aşykdan sähel ulurak daşy aýagynyň burny bilen öňe depdi.
“Könelenje gündizime höwrügip gidipdirin. Oňa beledem bolupdyryn. Indi nije ýyldyr o meni geň galdyranok, menem ony. Emma ýekeje gezegem bolsa, geň galdyryp bilsedi, gaty ýeser gündiz-ä bolardy. Ýa-da men ony geň galdyryp bilsem...”

* * *
Garry kütelen gözlerini otagyna aýlady.
Birden suratdaky çokga sakgal pyýadalaryň ikisem aşak düşüberdi. Hamala öňem mydama diwardan syrylyp ýere düşüp ýören ýaly olar juda arkaýyn. Adatdan daşary bir iş edýändirisem öýdenoklar. Haýran galaýmaly, Lenin bilen Dzeržinskiniň boluşlaryny Garamurtam demi tutulyp synlap ýatsa-da geň görenokdy. Ol „Keýpine bütin ömür diwara ýelmenen ýaly asylyp duran-a dälsiňiz, ahyry bir hokga-ra çykararsyňyz“ diýip öňem göwnüne getirerdi. Emma olaryň bolşy nämyrtar. Tilki gözlüsi Garamurtuň hemişeki ýöreýän ýerinde iki-baka haýdap, hyrsyzy ony düşegine şatyrdadyp saramaga başlady. Il bilýän eken, Pelekis diýilýäniň eline düşseň sypjak gümanyň ýok. Ol tutan ýerini doňduryp goýaýýardy. Garamurt gymyldajak boldugyça beter, ne eline diýenini etdirip bilýär, ne aýagyna. Ol gorkusyna zowladyp gygyrjak boldy, emma sesi çykmady. Lenin ýyljyraklap geldi-de: «Ta-ak» diýip, eliniň sowuk aýasyny Garamurtyň dodaklaryna tutup aýyrdy welin, agzy gowuşsun-la. Dili agzyny dolduryp duran, herketsiz, lokga ete öwrüldi durberdi. Asla, gutarmaz öýden günleriniň gutaranyna birden akyl ýetiren garry hopukdy. Ýene turaýyn diýip dyzynanda, dyzanma beýlede dursun, çala tisginmedem. Gapy ýapyk. Ölüp gitseňem duýjak ýok, maslygyň porsap, töwerege ýaýransoň, duýaýmasalar. Sen kimiň ýadyna-oýuna düşýäň?! Gaýta, şu garram ölüp dynsa, jaýy boşatsa dýýändirler. Ol ýere düşen suratlara üm bilen ýalbaryp gapyny açdyrjak, nobatçy oglany çagyrtjak bolýardy. Ýalbarmadan peýda ýokdugyna düşünen, ýüzüniň gasyn atan ýygyrtary segseniňem soňlaryndan habar berýän garrynyň gözüne ýaş aýlandy. Göz owasyndan syrygyp gaýdan ýeke düwme gasynlaryň birini yzarlarlap, çöken eňeginden boýnuň hamynyň epinlerine ýetdi. Ýaşuly ony sylybam bilmedi. Muny gören Lenin iki eliniň aýasyny bir-birine şapyldadyp urdy-da, soňam olary biri-birine sürtüp rusçalap «Ta-ak» diýdi. Birdenem ol sakga durdy-da, garryň üstüne egilip keýpihon gürledi:
- Öldi. Gutardy. Nokat. Sen öldürdiň, bu gün özüň öldüň. Tapawut ýok. Ýok, bar. Sen özüň öldüň. Seni öldüren ýok.
Lenin çalgyrt geplese-de geň galaýmaly Feliks Edmundowiç türkmençä suwara eken:
- Tapawudy näme, Wladimir Ilýiç? Nokat, nokatdyr, ony çep eliň bilen goý, sag eliň bilen goý parhy ýok – gyşarmaz. Ol ýeňseçukuryňdan giren okuň yzy ýalydyr.
Goja ýere düşen suratlaryň gürrüňlerine düşünse-de, olaryň näme diýjek bolýanlaryna düşünmedi. Ýöne olaryň heşelle kakýany welin, görnüp durdy. Garry munuň sebäbine-de, düşünmedi. Olara näme ýamanlyk edenini ýadyna salyp bilmedi. Birdenem soňky günlerini ýaşaýan gojanyň ýaşly gözleriniň öňünden tutuş ömri bir-bir geçiberdi... Ol olary saklajagam bolmady...

* * *
Hakykatdan hem, Sülgün göwreli bolan ýyllary Narlyda üýtgeşik gazanç ýokdy. Aslynda, hiç wagtam ýok welin, şo ýyllar has hem pulsuzdy, öz maşgalasyny ekläp bilse boldugy. Sülgün hem: „Ýeke öz aýlygym çagany deňli-derejeli ulaltmaga ýetmez. Iň ýigrenýänim çagasyny ýetde-gütde ýaşaýyşda ulaldýanlar“ diýipdi. Tanyş tapyp ony aýyrtdylar. Çagalar ekizje eken, ikisem ogul. „Indi çaga galsa ulaldarys“ diýip özlerini köşeşdirseler hem, Sülgün göwreli bolmazlygyň aladasyny etdi. Bu wakalardan 5-6 aý geçenden soň, Sülgün: „Bize çaga gerek däldi. Biz göwnümizi aldadyk. Ony ne sen isleýärdiň, ne-de men“ diýdi. Narly: „Ýok, isleýädim. Şu wagtam isleýän“ diýip janygypdy. „Mümkin sen isleýänsiň. Çagany ulaltjak sen däl-dä“. Sülgüniň bu sözi, has beterem onuň ýakymsyz ýylgyrmasy, Narlyň beýnisine sanjyldy, emma berere jogap tapmady. Sülgün munuň bilenem oňmady: „Biz oýun edip iki çagaň ganyna galdyk“ diýdi. Narly öňündäki bulgury konýakdan dolduryp, başyna çekdi. Soň hem, hiç zat datman, penjiräň öňüne bardy. Şo gije-de, edil şu wagtky ýaly, Aý-aýdyňdy. Ýedigenler hem lowurdap görünýärdi. Ikinji gatdan gatnawy kesilen boş köçe-de göze ilginçdi. Onuň çykyp gidesi, oba – hiç zatdan habarsyz pukara aýalynyň, çagalarynyň arasyna barasy gelipdi.
Hakydasyna gelip geçen bu wakalar Sülgünden arany açmak pikirini Narlyda döretmedi. Edil öz öýünden geçip bilmeýşi ýaly, indi Sülgüniň öýünem terk edip bilmejegini ol anyk bilýär. Hemişe gussaly, hemişe ýakymly, hemişe medeniýetli sungaty öwreniji gelinsiz ýaşaýşy Narly göz öňüne-de getirip bilenok. Ol gijäň birmahaly barsyn, Sülgün ony edil agşamara işden gelen adamsyny garşylan ýaly, parahat garşylaýar, hemişekisi ýaly: „Açmyň ýa-da kofe edeýinmi?“ diýýär, ýöne sowuk. Onuň hereketlerindäki kaýyllyk Narlyda ajymtyk gussa döredip, dogulmadyk ekiz çagalaryny ýadyna salýardy.
„Kim bilýär, olaryň ekiz oguldygyny?! Bolmanda, dogtorlar aýtmadyk bolsalar hem, beýle bolmazdy. Ynha, indem düýşümde gördüm diýip ýatyr.“

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Daşjagaz ýoldan

* * *
Daşjagaz ýoldan çykyp, bir agajyň düýbüne bukulyp galaýmady-da, ýaşula ýoldaş bolmak isleýän kimin, ýene ýoluň ortasynda garaşdy. Narlyňam ondan aýrylyşasy gelmedi – daşy ýene ýol ugruna çala depdi.
“Aý, indi gündizim bilen ymykly hoşlaşjak günümem meni geň galdyrmasa gerek. Köpden bäri onuň bar işi men pahyry şo güne taýýarlamak, şo gün bilen öwrenişdirmek. Hamala duýdansyz duşuşsak, duýdansyz hoşlaşsak maňa agyr degäýjek, armanym galaýjak ýaly...”
Üç-dört aýlykda ussahanasynda gymyldap bilmän, “Biri gelmezmikä?” diýip ýüregini tutup ýatyşy, soň şondaky ýagdaýyny Sülgüne gürrüň berişi, ýaşuly suratkeşiň ýadyna düşdi.
“Işlän bolup durdum welin, birden ýüregim sowuk darak bilen daralan ýaly bolup gitdi. Ujy ýiti sowuk demir darak bolýar-a. Soňam çep gursagyma buz goýlan ýaly boldy. Agyryp üýtgeşik agyrysam ýok, ýöne doňdurylan ýaly bolaýdy. Tutuş çep gapdalym, gapyrgamyň aşagy buzuň tokgasyna öwrüläýdi. Ysgynym gidip, zordan krowadyma ýetdim. Penjiräň öňünde ýarty çüýşejik aragym dur. Şoňa ýetäýsem döşümiň ýylaýjagyny bilýän welin, asyl gymyldap bolanok. Gözümi petredip gapa seredip ýatyryn, “Biri gelmezmikä?” diýip. Ýarsy ýazylan işime-de seredýän. Tekjelerde hatar-hatar duran, üstüni çala kirşen basan işlerimem gözüme ilýä. “Öläýsem, onnoň siziň gymmatyňyz artar” diýýän işlerim eýesiz, ýetim galan çagalar ýaly, gaýta, maňa naýynjar seredişýä. Ýakyn-u garyndaşlarymyň “Neresse bar ömrüni şulara siňdirdi, bularam, ine, gör-dä, indi kime gerek?!” diýşip başlaryny ýaýkaşan bolup duruşlaryna çenli göz öňüme gelýä. Şo wagt hakykatdanam: “Pylan eserim bardyr” diýip biläýjek bir işimem ýatlap bilemok. Gözüm peträp hanasyndan çykyp barýar welin, çekenje işlerimi ýeke-ýeke ýatlajak bolýan, haý, birjigi bir ýadyňa düşsün-le... Ölsem öläýmeli boldum. Ýürek diýlen serçe guşundan uly däldir welin, tutuş göwrä diýenini etdirip dur eken-aý”

* * *
Kiçi Işanyň ukusy tutmaýardy. Ol gijäniň gijedigini görüp dursa-da, duýmaýardy. Hamala ýary gije süýrgünortan ýaly. Turup täret kyldy. Tehejjüd namazyny okady. Düşegine welin, geçesi gelmedi. Atasy dünýeden ötmeziniň on gün çemesi öň ýanlary hem ol şunuň ýaly bir gündizden tapawutsyz gijäni geçiripdi. Ol wagtlar Işan aga ýigrimi ýaşlaryndady, heniz öýlenmändem. Ondan bäri altmyş ýyl geçen hem bolsa, goja kişi üçin düýn bolan ýaly hakydasynda. Ynha, tutuş ömründe gijä meňzemeýän ikinji gijesi. Munuň ýönelige däldigi oňa aýan...
Işan aganyň endik bolup giden eli kitaba uzady...
Her kim Allanyň beren ryzkynyň azyna razy bolsa, Alla Tagala hem ol bendäniň azajyk amaly bilen razy bolar.
Her bir ymmat üçin fitne bardyr, meniň ymmatymyň fitnesi maldyr.
Ynsan imanyň hakykatyna ýetmez tä şu hökümi bilinçä: ýagny, şu bendä takdyrda näme ýazylan bolsa, şol närse şondan başga adama degmez we näme närse takdyrda başga adama ýazylan bolsa, bu adama gelip ýetmez.
Adamlarga bir zaman geler, ol zamanda hemmeleriň maksady garynlary bolar, ýagny, dünýäden başga aladalary bolmaz.
Dünýäden ötenleriňizi salyh we päkize kowumlaryň arasynda depin ediň, çünki ýaman kowumlaryň arasynda mürde (öli) azarlanar.
Ynsanyň uly bereketli we haýryýatly esbaby tilidir: til özi kiçik hem bolsa jenaýaty uludyr.
Dünýäde garyp we mysafyr kişi dek bolgun ýa ki, ýolagçy adam dek bolgun: öz nefsiňi ölüklerden hasap kyl, çünki dünýä saňa asyl watan däldir: elbetde, mysafyrlar ýöräp-ýöräp öz jaýlaryna baryp aram taparlar.

* * *
Garamurtuň çyn ady Garamyratmy, Garagulmy, Garameretmi... şoňa meňzeş bir zat bolmaly, ýöne anyk bilýän az-azdy, her kim ony Garamurt diýip tanaýardy. Garamurty ähli deň-duşundan tapawutlandyrýan gulaklaryna ýetip duran, ujy tekäň şahy ýaly towly, haýbatly murtudy. Diňe murtam däl. Tutuş Garagumy tirýek bilen üpjin edýän baý heleý – Mamur telekeçiň ýeke dogmasy Garamurt geýnende-de iň saýlama eşikler geýerdi. Üstesine-de daýaw göwresi göreni eýmendirerdi. Mamuryň özi erkekleri oturyp-turuzyp bilýän, gepi-gep, sözi-söz – edenli aýal bolansoň, ondan bolan ogla-da, şo häsiýetler ýokupdy. Mamur telekeçiň hem bar derdi ogluny hakyky erkek kişi edip ýetişdirmek ýalydy. Ol ogluna ýeke gezek şarpyk çalypdy. Şol gezek Aşgabatdan öýlerine gelen iki sany myhman üç-dört gün ýatyp gidipdi. Olaryň biri saryýagyz çypar ýigit türkmen däldi. Emma alçakdy. Öz dilinde birzatlar diýip gülýärdi. Hatda ol ýaňy ýetginjek ýaşa gelen Garamurtdan aşyk oýnamany hem öwrenipdi. Kese ýurtly bir gün kiçijik aýnasyny, ýaşyl saply, poladynda ýüzüň görnüp duran päkisini çykaryp, sakgal-murtuny syrypdy. Gözüni aýyrman, gapdalynda her hereketini sypdyrman synlaýan oglan onuň üýtgeşik päkisine höwes edipdi. Garamurt myhmanyň eýlesine bir geçip, beýlesine bir geçip, päkisini aýnasy bilen birlikde bir gysym grana hem bäş sany aşyga satyn alypdy. Myhmanlar gaýdany bilen hem alaňyň aňyrsyna geçip, ýaňy dümterip ugran murtuny syrypdy. Murtuny syryp ýyljyraklap ejesine görünmäge gelende, Garamurt birinji gezek ejäň eliniň gatysyny bilipdi.
- Näme murtuňy syryp, heleý boljak bolýaňmy? Özüňe Mamuryň ýylmanagy diýdiresiň gelýämi? Gaýdyp murtuňa päki degreniňi göräýmäýin. Murtuň peleňiň murty ýaly bolsun. Gaýratyňam şoň ýaly. Geçi sakgalyň bilen işim ýok.
Şodur-şodur Garamurtuň murtuna päki degmedi. Oňa Garamurt diýmez ýalam bolmady, zaňňaryň murty ygally ýylyň selini ýaly ösdi. Şeýle bir murt boldy, gözüňe söweýin, çugdamlap ýeňsesinde bogaýmalydy. Sakgaly welin, Garamurt goýbermedi. Her hereketi bilen ejesiniň göwnünden turmaga çalyşýan ýigit gapylaryndaky hyzmatkärden, talabandan paýyş sözüni, gamçysynyň awusyny gysganmady. Şonda-da merdemsi heleý oglunyň bärden gaýdan ýerini görende: «Häk, höwür atym duşmady-da» diýip, hyrçyny dişlärdi. Bu Garamurta iň ýokuş degýän sözdi. Heniz bäbejikkä gum içinde şehit bolan kakasynyň sypatynyň nähili bolanyny hem bilmese-de, ahmyr edip, ondan ar alasy gelibererdi.
Döwürem 30-njy ýyllaryň öň ýanlary. O döwürler gumuň jümmüşinde bir guýyň daşyna üýşen bu obajyga Aşgabatdan setanda-seýranda, birlän-ikilän, myhman gelerdi. Olar hem Mamur telekeçiňkide bolardylar, gaýdardylar. Emma 30-40 öýli kiçijik obadan Mamuruň özünden başga Aşgabada gidip-gelip bilýän ýok diýerlikdi.
Garamurt gem ýyl içinde bir gezek şähere giderdi. Onda-da ne gidiş – murty ýaglap, ädigi lowurdadyp, täzeje gyrmyzy dony şowurdadyp, eslije kümüş gyranam biline guşap giderdi. Bäş gün, bir hepdeden hem öňküsinden-de, peşşerlip dolanyp gelerdi. Gelensoň, dyzlarynyň aşagyny ýalaňaçlap gezýän aýal maşgalalar, çala çekseň çözülip, goýberdigiňem daňylýan bihaýa uçgurlar, öz-özi ýöreýän arabalar, gaýnatma çorba atylýan «gärtişge» diýilýän zat hakynda geň gürrüňler bererdi. Ol bir gezek «möwzer» diýip, birhili, gysga nilli tüpeň hem alyp gelipdi. Onuň bilen Garamurt alakany, beýlekini atan bordy. Şo sesine alakanyň her tikesini gulagy ýaly edäýmeli welin, zähresi ýarylan janawar göreni haýran edip, hinine tarap haýdap barýandyr. Muny gören gumlular hezil edip gülşerdiler, o bela-beteriň sesinden welin eýmenerdiler. Degrip ataýsaň dagy içegäňi çogduraýjagy bes-bellidi. Zada ýaramasa-da, haýbat üçin, Garamurt möwzerini bilinden sallap gezerdi.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Narlyň hyýalynda

* * *
Narlyň hyýalynda dogulmadyk çagalarynyň keşbi görnüp giden ýaly boldy. Ýok gözleri, ýüz keşbi däl, başaga bir görnüş. Sudur. Narlyň endamy gowşap gitdi.
“Çagalar, ekizler… Dogulmadyk... Dogulmadyk çagalaryň portreti…”
Narly dem alýanynam unutdy. Onuň göz öňünden iki sudur gitmeýärdi. Olaryň ýüzüne kül sepilen ýaly. Birhili, ýanyk-ýanyk, jaýryk-jaýryk. Olar ýagta ymtylýarlar. Ýagty reňk ýok diýseň hem boljak, goýy garamtyl reňkler. Ýaşylmy, goňrasmy. Beýle ýagdaý onda seýrek bolýardy. Ýöne iň kiçijik çyzyklaryna çenli görnen suraty soň hemişe şowly bolup çykýardy. Ol işi soň her görene güýçli täsir edýärdi. Narlyň ussahanasyna – molbertiň başyna gidesi geldi. Çekjek portretiniň gowy boljakdygy ony gyssaýardy. Goý, suratkeş özüniň ýarasyny täzelesin, gussasyny, ahmyryny, armanyny çeksin – tapawudy ýok, edil şatlygyny, begenjini bildirjek ýaly alňasaýar. Esasy zat gowy eser döretmek, döredýän adam munuň üçin aýbyny açmaga-da, hatda masgaraçylygyny görkezmäge-de taýýar.
„Bolmalysam şeýle-dä. Diňe gowyja tarapyňy ile görkezmekden näme netije bar? Gowynam ýazyp bilseň gowudyr-la welin, hany, o eýgerdäýýämi?! Gussaňy çekmek begenjiňi çekenden müň esse aňsat. Ýüregiňdäki giňligi görkezenden darlygyňy görkezmek ýeňil hem gyzykly, görýän üçinem, çekýän üçinem.“
Narly düşekden dikeldi. Ýüzüni tutdy.
- Näme bolýar?
- Aý, hiç.
- Kelläň agyrýamy? Derman äbereýin?
- Ýok, men olaň portretini gördüm.
- Kimleň?
- Ekizlerimiň.
- ...
- Wah, şu wagt kraska, holst bolsady.
Sülgün hem dikelip, ýürekdeşiniň boýnundan goluny geçirdi.
- Ýaňy ýolda gelýäkäm: „Näme üçin şu wagta çenli Işan atamyň portretini çekmedimkäm?“ diýip pikir etdim. Pygamberiň sünneti diýip sakgalyna ömründe bir gezegem päki degirmedik atamyň portretini çekesim geldi. Indem dogulmadyk çagalarymyň sudury gözüme görünýär.
- Ýataly, Narly. Indi giç. Ertir işlärsiň.
- Hawa, indi giç.

* * *
Narly ýany bilen depip äkidip barýan daşjagazynyň deňinden nädip geçip gidenini bilmedi.
“Hem bu dünýe bilen hoşlaşygyň hem o dünýe bilen duşuşygyň birden bir wagtyň özünde bolup geçjek sähelçe salymy, saňa öwrenşip bolýarmyka-raý? Ýyllap düşekde hassa ýatanlaram, çyny bilen ajaly çagyranlaram, ýene-de, şol salyma biparh bolup bilýän däldirler. Ýogalaram maşk baryny edip, aç-suwsuz diňkesini bir nokada dikip oturyp, şol pursat bilen öwrenişjek bolýan bolaýmasa? Şonda-da öwrenşýänini öwrenişmeýänini özlerinden başga biljek ýok. Dogrusy, olaryňam muny bilşi hyýalydyr-laý. Näçe batyrsyrasaňam gorkunç-laý. Ýogsa bar boljak zat – demiň gelip-gitmesi kesiler. Ýüregiňem urmasyny goýar. Bolany. Filmiň soňy.”
Narly başyny silkip goýberenini duýman galdy.
“Ýok, entek ogul öýermeli. Men ýekeje gezegem ogul öýerip görmedim, meni heniz bir gezegem “ata” diýip çagyrmadylar. Meniň filmim ýaňy başlanýar. Muny nähili isleýänimi gijämem, gündizimem gaty gowy bilýänsiňiz. Gowusy, meni gyssamaň-da, bahymrak bir tünege ýetiriň. Ýekeje maşynam görnäýenok. Gatnawly ýola-da ýetmän geçdim.”
Öz-özüň bilen gürleşip barmagyň hem lezzeti gaçdy. Narly zol-zol yzyna garanjaklap barşyna ädimlerini çaltlandyrdy.
“Edil şu wagt molbertiň başyna barsam-a bir zatlar edişdirerdim. Uka giden bulutlara meňzeş agyr agaçlar, garran jaýlar, Aýyň ýagtysyna ýarysy lowurdap duran, ýarysam şar gara telegraf sütüni. Hoşlaşyk hem duşuşyk pursady. Bir ýerlerde Ýedigen. Özümiň emenip, gapa naýynjar diňkämi dikip, biriniň gelerine garaşyp, gymyldap bilmän ýatyşym, penjiräň öňündäki ýarty çüýşe arak...”
Gojalygyň ilkinji habarlaryny alyp ugran suratkeş ýaşlygyndan bäri özüniň ölşüni, tabydyny, ýüzi salyk gölegçilerini holsta geçirerdi. Ol bu işlerine at goýanda kakasynyň, ejesiniň, ir ýogalan dostlarynyň ölümi bilen baglanyşdyrsa-da, çekende özüni göz öňüne getirip işlärdi. Ol özüniň ölümini holsta geçirmekden nähilidir bir tagamly lezzet alardy. Emma hakykatyň daşdaka ýakymly, özüňe ýakynlaşdygyça ajysynyň artyşy ýaly, ölüm hem daşdaka ýakymly boldugy-da. Ol ýumşak sesi bilen daşyndan “Narly jan, Narly!” diýip goýberdi. Öz adyny mähir bilen gaýtalamasyna onuň ýüregi düşüşdi. Birden hem aňy ony çeperçilik mekdebinde okaýan ýyllaryna äkitdi. Bir gezek mugallymy oňa şeý diýipdi:
- “Nar” diýmek bilýäňmi näme? Ýok iýilýän nar däl. Ot, ýanyp duran ot diýmek. Hudožnigem hemişe ot bolmaly. Hakyky hudožnigiň eserini synlan wagtyň, hemişe, baryp holsty elläýseň, eliňi ýakaýarmyka diýdirýän ýalyn duýulmaly. Hemişe. Adyň-a tüýs, hakyky hudožnigiň ady. Belki, senden bir zat çykar. Ýöne häzir ýalyn däl-de, tüsse. Zyýany ýok, ot hemişe-de tutaşmanka tüsseleýändir. Hemişe. Demiň ýetdiginden üfläber. Öl esgi bolmasaň tutaşarsyň, ýanarsyň. Gowy ýalynlap ýananyňdan soň nar emele gelýändir. Bu hemişe şeýle, hemişe. Nar – hakyky sungat eseri. Hemişe, hemişe...
Gepiniň arasyna, gelişse-gelişmese, “hemişe” sözüni goşup gürlänsoň, okuwçylaryň arasynda “Hemişe” lakamyny alan ýaşuly mugallymyň Narla nä sebäpden beý diýeni belli däl. Kim bilýär, sekiz-on ýaşlaryndaky gözi möleje oglanjykda hakykatdan hem bir hyjuw, “ýanmak” höwesini döretmek isländir. Ýa-da onda geljekki hakyky suratkeşi görendir – belli däl, ýöne Narly şondan soň, bütin ömrüne ýanasy gelip ýaşady. Hatda ýigit ýaşynda adamlar bilen gürleşende-de “ýalynly” gürleşmäge çalyşdy. Parahat häsiýetlileri myllyk görüp, dogumly, kesgir, sözlerinde-de, boluşlarynda-da “degene gözüm men däl” edip ýaşaýan oglanlary dost tutundy. Surat çekende-de tüssä üfleýän ýaly, gözlerini ýaşartmasa-da, molbertiň öňünde, arassa holsta diňkesini dikip, ýanyp tutaşýança garaşýan ýaly, köp oturardy. Mugallymy aýtmyşlaýyn, işe başlamazyndan öň uzak wagtlap tüsseleýärdi. Işe başlansoň wein, “ýalynly” işleýärdi – kän ýaýdanyp durman eliniň ýetişdiginden reňkleri holsta geçirerdi. Şonuň üçin bir başlan işini nädip gutaranyny özi hem duýman galardy.
“Haý ýaş-şuly, “Demiň ýetdiginden üfläber” diýip, özüň ýüregime üflän ekeniň. Şol günden bärem “ýanyp” ýörün. Töweregimi ýyladýanmy ýa ýagtyldýanmy, ýa...”
Narlyň göz öňüne goňşusynyň ýoluň gyrasynda gögeren syrkynlary çapyşdyryp, otlaýşy geldi. Gury çöp tomsuň güni, gündiziň günortany alawlap ýansa-da, onuň ne gyzgyny, ne-de ýagtysy hiç kime gerek däldi. Bir salym ýalynlap ýanan otdan galan, şemala sowrulyp ýatan küle, hem garalyp duran ýere Narly jadylanan ýaly seredipdi.
“Dereksiz ýanan bolsam, yzymda ýerim garalyp galsa-da, ýyllaryň günäsi ýok. Diýmek, köçäň gyrasynda gögeren çöp-çalamdyryn. Ýyllaryň günäsi ýok, gülleriň günäsi ýok, illeriň günäsi ýok... ”
Narly birden serine gelen bu ýoklary ömrüň ahyry bilen jemläp, “Üstüňe gum sürer piller, pilleriň günäsi ne?” diýip goýberdi.
“Şahyrçylyk bilen meşgullanan bolsam, şahyram bolup bilerdim. Hemmesem bir sungat-da...”

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Bir gezek hem Garamurt

* * *
Bir gezek hem Garamurt Aşgabada diýip gitdi-de, gaýdyp dolanyp gelmedi. Mamur hem, näme üçindir, ýeke ogluny gözlemedi. Oba her-hili myş-myşlar ýaýrady. Kim «Aşgabatda pul oýnap, utulyp, öldürilenmiş» diýdi. Emma pul diýilýäniň nädip oýnalýanyny hiç kim göz öňüne-de getirip bilmeýärdi. «Mamur telekeçiň özi ogluny kowanmyş» diýenem tapyldy. Il-gün «Kim öz perzendini, onda-da, ene bolup ýeke dikraryny kowsun. Mamurdan beýle zadyň çykaýmagam biçeme däl welin, kim bolaňda-da, garabagyrdyr-a, heýem ene ogluny kowarmy? Öldürilen bolsa, ahmal» diýdi-de goýdy. Mamuruň özünden hem het edip sorap bilen bolmady. Bolan iş welin şeýledi:
«Baý-gulak» diýlip, Sibirde gözi açyljak bagtygaralaryň has baýap, puluna ýer tapmaýan döwürleri, «Teke bazar» diýilýän ýer ahalda iň meşhur ýere öwrüldi. Teke bazaryň hem iň meşhur ýeri çaýhanasydy. Bu çaýhana juda özüne göwni ýetýän mes ýigitler barardylar. Munda çilim ýerine ýüzi möhürli tirýek çekilip, çaý ýerine göknar içilerdi. Ady belli, elýetmez bagşylar hem gulagyna urlan ýaly gygyryp, aýdym aýdardy. Kä «Gürjiniň» janyňy alyp barsa, kä «Sallançakly» ýüregiňi tüýdüm-tüýdüm ederdi. Oturanlar çaýkanyşyp, käte bir çümmük Eýranyň nohutly kişmişini agyzlaryna atyp, dere batyp, aýdym diňlärdiler. Bazar sowlansoň, o bagşylar orta oklanan kümüş gyranlardan doly ýelýyrtan ýaglygyň uçlaryny zordan düwüp, alyp giderdiler. Pah, meslik, elpe-şelpelik diýibem şoňa diýseň. Her kimiň gapdalynda mauzeri sallanyp durandyr. Olar gaharyny getirse, siňegem tüpeňlemekden gaýtjak däldiler. Bir günem çaýhana murty, hamala, pişge, elleri ýekedaban ýaly, goşarlarynyň çopüri täze gyrmyzy donuň ýeňinden çogup duran, her egninde bir ýigdekçe oturaýmaly pyýada, sary ädigni lowurdadyp, owşanaklap geldi. Öň görülmedik bu haýbatly ýigit her kimiň ünsüni çekdi. Şol wagt çaýhanaň töründe büküdip, ýumruk ýalyjak bolup, ýassyga ýaplanyp, tirýek kükedip ýatan iki kişiň biri beýlekisine:
- Şol söwüt saplyň murtunyň birini kesip bilermiň? – diýip, kih-kih edip, güldi.
- „Gel“ diýemde gels-ä – keserin.
- Çagyr onda, gelmese, özüm getirin.
Murt kesjek kişi mauzerini gabyndan çykaryp, ýassygynyň aşagyna dykdy-da, dyzyna galyp:
- Ah-ow! Goç ýigit! – diýip, çasly gygyrdy. Tüňçeden sähel ulurak pyýadadan beýle haýbatly, ýognas ses çykar öýtmersiň – Garamurt ýalt edenini duýman galdy.
- Bärik gel, gürrüň bar.
Garamurt birbada geňirgenjek ýaly etse-de, apaň-apaň ädimläp, göni çagyranlara tarap gaýdyberdi. Şowhuny asmana göterilýän çaýhana birden dym-dyrslyk boldy. «Şekli kümüşe çitilmeli durna-da» asmanda doňup galdy. Diňe agyr göwräň aşagynda jygyldaýan sary ädigiň sesi eşidilýärdi. Goçulardan oňňullugyň çykmajagyny bilýän adamlar gözlerini gyrpman, nätanyş ýigidi yzarlaýardy. Bu ümsümligiň ýöne ýere däldigini aňan Garamurtuň hem uýlugy saňňyllaberdi. Ol gelenden çagyran kişi bir eli bilen sapançanyň sowuk nilini onuň ýagly böwrüne diredi-de, beýleki eline-de ýanyndakyň uzadan gaýçysyny alyp, murtunyň bir taýyny şarpyldadyp goýberdi. Garry kempiriň ýüň daragyndan çykan gara guzyň ýüňüni ýatladýan pişge murt ýere togarlanyp gitdi. Göz-açyp ýumasy salymda bolup geçen bu işe Garamurt hiç hili päsgel hem berip ýetişmedi. Soň hem gözleri çakgyň çüýi ýaly içiňden geçip barýan garadan gaýtmaz:
- Gaýdyp şu jelegaýda görnäýseň, indi kelläňden dynarsyň. Bar gidiber – diýdi-de, hiç zat bolmadyk ýaly, saçy täze syrylan ýylpyldap duran ýalaňaç ýeňsesini öwrüp, ýassyga ýaplanaýdy.
Onuň ýoldaşynyňam eliniň üstüne gyraly ýaglyk ýapylan sapançaň mäşesindedigine Garamurtuň gözi düşdi. Äm-sämlikde aňňalak gapdyrylan gelmişek ýigit şagga derläp, näderini bilmedi.
- Saňa gidiber diýildi.
Murtuny keseniň ýanyndakyň dişiniň arasyndan syzdyryp, ýigrenç bilen aýdan bu sözleri Garamurta Hudaýyň emri ýaly eşidildi. Ol gelşi ýaly, çaýhanadan çykyp gitdi. Çaýhana welin, henizem dym-dyrslykdy. Her kim aýak astynda ýatan burmaly ýeke taý murta seredýärdi.
- Bagşy aga durnaň yzy gelmedi-le. Mämmedaly, bu tüýleri çaýhanaň bir böwründen asyp goý, görene sapak bolsun. Her kim hetdini tanasyn. Göterip bilmejek murtuny goýbermesin. Ha... ha... ha...

* * *
- Men ölmedi. Ölsedi, Hallow kürt hemişe ýanyňda ýatardy. Emma maňa ýaşa diýýä. Bu ýerler, bahym tümmeklerden dolar. Meniň tümmegimem şu ýerde bolarmyka? Muny Allahymdan dilesem günämi bolarka, hä, Işan aga? Nadan kişi dilegi bilenem günä galyp biljek ekenim... Emma dolar. Siz ýeke ýatmarsyňyz, sadagaňyz gideýin, Işan jan. Bilýän zadyň köpdi, aýdýanyň azdy. Belki, aýtmaga rugsat ýokdur... Rugsat!

* * *
Işan aga burnunyň aşagy ýaňy tüýjerip ugran, on üc-on dört ýaşly oglandan kesek atym daşlaşansoň nädip yzyna gaňrylyp seredenini hem duýman galdy. Edep bilen salam berip gyra çekilen ýigdekçe heniz hem sarsman, onuň yzyndan seredip dur. Kiçi Işan onuň bilen hoşlaşýan ýaly esli salym ondan nazaryny aýryp bilmedi. Oglanyň hem ellerini göbeginiň deňinde gowşuryp, gymyldaman durşy, gojany iň soňky gezek görýän, bu görnüşi hem ömürlik ýadynda saklajak bolýana meňzeýär.
Bu görnüşden gojanyň ýüreginde dörän tisginme gurap diňe süňk bolup galan, ysgyny giden aýaklaryna geçmedi. Onuň çala gowkaryp duran aýaklary eýesini ynjytman, çybşyldysyny hem üýtgetmän, seresap ädimler ädýär.
Soňky günler Işan aganyň hereketleri öňküsindenem haýallap, nazary sereden zadynda adatdakysyndan köp eglenýärdi. Onuň ýüregine bir syr aralaşypdy. Ol syryň nämedigini Işan agaň özem anyk seljerip bilenok. Emma syr agyr, jogapkärçiligi uly, aň ýetirmesi kyn. Işan aga ony jany-teni bilen açjak bolsa-da, halk oňa düşünmez.
„Köre ganyň reňkiniň gyzyldygyny nädip düşündirjek? Muňa körem günäkär däl, reňkem. „Bu halk hat-sowada höwessiz bolup nadanlaşypdyr“ diýer ýalam däl. Biziň garry atamyzyň atasyny Gökdepe urşundanam öň Bäherdenden „Obada molla ýok, çagalarymyza Kur’an okamagy öwretsin“ diýip ýörite ýer-ýurt berip, göçürip getiripdirler. Şodur-şodur nesilme-nesil oba çagalaryna „Epdegi“, „Kur’any“ başga-da bilenimizi öwredýäs. Özümiz Hywa, Buhara gidip ylym alyp geldik. Adamlaryň uçdan tutma sowatly bolmaga-da ýagdaýy barmy? Çarwaçylyk, daýhançylyk, gün-güzeran... Ýöne dilden, toýda-tomguda, ýasda-sadakada haram-halal, kyýamat, ýetime-ýesire hossar çykma ýaly adamçylyk häsiýetler barada köp gürrüňler etdik. Obaň adamlary aglaba adam ysy gelýän adamlar. Ogurlyk, aldawçylyk, bihaýalyk, masgaraçylyk ýok.“
Işan agany öz-özüni aklajak bolýan ýaly duýgy gaplady.

* * *
Narly maşyn görner umydy bilen ýene yzyna gaňrylyp seretdi. Seýreklän saçyny eliniň aýasy bilen sypalaşdyrdy. Agzy ajap gitdi.
“Häk, şu wagt ýene bir elli gramjyk bolaýsa-ha kem bolmazdy.”
Ýaşuly suratkeşiň özüne-de bildirmän özüni aldasy, göwnüni göteresi geldi - ýasama ýylgyryp, uludan demini alan boldy:
“Bu ýalançyň aldawaç oýunjaklary biri-birinden owadan bolýan eken-ow! Munda elli sany ýyly ýaşan adam ýaşamadan bizar bolaýjak ýaly welin... Aý, edil öňküligimiz-ä galmandyr. Öňler dagy aragy bal içen ýaly içýädik. Ind-ä garry heleýiň ýüzi ýaly çüýşelerdenem mähir gaçypdyr. Onda-da... Dogtor “Spirtli içgi içmek bolanok” diýen bolýa. Heý, onsuzam ýaşaýyş bormy? Içgi diýlen penjiräň kiçijik fortoçkasy ýaly bir zad-a, o bolmasa bu dünýede demigibem ölersiň. Dogtor diýlenem bu zatlara düşünäýmeli ýaly welin...”
Narly öz degişmesine özi ýylgyryp hezil etdi. Ol köp bolmasa-da, özüne geregini içipdi, ýüreginde-de hiç hili agyry ýokdy. Döredijilik adamsyny arak-şerapsyz göz öňüne-de getirmeýän suratkeş, muňa çyny bilen begenýärdi. Tomus bilen güýzüň sepgidinde birden-birden ösýän salkynjak şemal hem üstüne.
“Elli ýaşy diňe ýaşuly adamlar ýaşaýandyr, biziň ýaly bolgusyzlary-ha ellä ýetirerlerem öýtmezdik. Aý, elli diýlenem beýle kän zat däl eken-laý...”
Oglanlykdan höwes edip, hatda kakasyna çenli “Şol okuwyňdanam okuw bormy” diýse-de, etmän suratkeşligi saýlan Narly, ilki ýyllar umumy ýaşaýyş jaýda reňkine-harjyna pul tapman horlansa-da, çyr-çytyr molbertiň başyna barardy. Şeýdip okuwy gutaryp, öýlenenden soň, Narly “Hakyky sungat adamsy merkezde ýaşamaly” diýen düşünje bilen obasyny taşlap, Aşgabadyň ilersindäki baýyrlykdan külbemi, kepbemi, garaz, adam ýaşaýan jaýa az meňzeýän öýi kireýine alyp ýaşapdy. Şol ýyllar – ogly Seýranyň dünýä inen ýyllary – pulsuzlykdan näçe kösense-de, reňkine, holstuna pul gysganmandy. Şojagaz kepbesi birden Narla ähli yssysy, ýatlamalary bilen, ýanynda ýaly, görnüp gitdi. Daşky, giräýen ýeriňde kiçijik otag, öýüň töründe köneje, jygyrdyly telewizor. Içki - giňiräk otag hem ussahanasydy. Iki gapyň aralygynda-da solýarka bilen ýanýan peç. Onuň ýylysy iki otaga-da ýetmelidi. Içki jaýa gireniňden reňkiň ysy burnuňa urardy. Diwaryň bir ýüzi durşuna Narlyň çeken suratlary goýlan tekjelerdi. Törde molbert. Külbäň penjireleri pessejik hem kiçi bolansoň, ýylydan beter ýagty ýetenokdy. Agaç atylman, ýöne palçyk suwagyň üstüne ýazylan köneje keçeden saklanman geçýän sowuk dabanyňy üşedýärdi. Şonuň üçin ol öýe geldigi ýüň jorabyny geýerdi. “Il daşaryk çyksa ýüň jorap geýýändir welin, meňki tersine” diýip gülşi ýadyna düşen Narly özbaşyna ýylgyrdy. Myhman oglanlar nätsin, çydamaly bolýardylar. Olara-da berer ýaly öýde üýşüp ýatan ýüň jorap barmy?! Özi ýaly ýaş suratkeşler, kyssaçylar, şahyrlar, sazandalar, kompozitorlar, umuman, sungat adamlary Narlyň öýüne kän gelerdi. Asyl, olaryň yzy üzülmezdi diýseňem boljak.
Narly içinden: “Bäh, şu heleýem zor görmeli-aý, bir gezegem “Nökeriň yzy gutarmady” diýip çytylmady” diýip, aýaly Nurgözeli ýatlady. Bir gün dostlarynyň biri bilen (onuň kimdigini ýadyna düşürip bilmedi) uzak gije oturypdylar. Narly oňa täze çeken işlerini görkezipdi. Ortada bir çüýşe, saçda-da gowrulan pomidor. Narly “Meniň tabydym” (o wagt ol işiniň ady “Dostumyň tabydydy”) diýen işini kärdeş dostuna görkezýärdi. Dosty işiň öwgüsini ýetiripdi. Onuň “Skolko filosofii! Otliçno, dos!” diýşi häzirem Narlyň gulagyna gelip gitdi.
“Hä, ol Ataşdy - Atamyrat...”
Şonda kellesi gowja sämän, dogrusy, özüni Wan Gog bolmasa-da bäri ýany duýan Narly: “Kä wagt oturýanda içimden pikir edýän - şu çeken suratlaň bilen çagalaň ikisinden birini saýla - diýseler öýüm gözüme görünmez, edenje işlerimi saýlardym” diýipdi. Munuň bilenem oňman bu düşünjesini ýene-de birdir-ikidir dostlarynyň, dost saýýanlarynyň ýanynda-da aýdypdy. Soň aýlanyp-dolanyp, bu gepi ýaňsa alnyp, özüne eştdirilende başyny tutup uzak oturypdy. Ol şonda bir hadysanyň – ýangynyňmy, siliňmi – bir betbagtçylygyň bolmagyny çyny bilen isläpdi. Narly ýanyp duran oda özüni urup, çagalaryny däl, edenje işlerini halas etjek bolşuny ähli eli çotga tutýan, görip, gybat tapsa sungat ýadyna düşmeýänlere görkezjekdi. Has soň, özüne ynanmazçylyk edilip däl-de, gara çyny bilen aýdýany üçin ýaňsa alynýandygyna düşünende nähili pikir etjeginem bilmändi.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Garamurt daşaryk

Garamurt daşaryk çykyp-çykman murtuna ýapyşdy. Yzyna dolanyp haklaşmaga gaýraty çatmady. Dolanaýanda-da ol entek ýaňkylaň ýanyna ýetmänkä paçagynyň pytrajagyna düşündi. Biçärelikden onuň daýaw göwresi büküläýdi. Ol elini ýüzünden aýyrman gözünüň garaýan tarapyna haýdady. Köp ýöredi. Hamala, halasgäri öňünden çykyp, çykalga salgy beräýjek ýalydy. Emma her kim oňa haýran-haýran bakyp oňaýýardy. Kime dadyňy aýtjak, bu güwläp duran ýat şäherde? Haýsy gapy saňa hossar çykjak? Onuň ezilen ýüreginde birinji gezek ynsana ýigrenç döredi. Yns-jynssyz Garagumy şeýle bir küýsedi welin, bogunlaryna çenli syzlady. «Ak çägä ýaplanyp, ýaňkylar bilen atyşsam, onusyna-da aldyrmazdym. Bil tutuşsam ýüzüsiniň bilini çykan ýerinden oňurardym» diýip, ahmyrly hyrçyny dişledi. Ýöne indi nädip oba barjak? Nädip ejeňe görünjek? Ýöräp-ýöräp sütüni süýnen Garamurt şäheriň gaýrasyndaky gonamçylyga – «Ors öwlüýä» diýilýän ýere ýetdi. Başujunda ekilen agaçlaryň kölegesinde ýatan mazarlara gözügidijilik bilen seretdi. Töwerek çolady. Garamurt ejizje pürli arçalaryň iň edenlisiniň aşagyna bardy. Bilindäki guşagyny çözdi. Ejesiniň beren granlary bir garry orsuň mazarynyň üstüne şaňňyrdap döküldi. Mazaryň baş ujuna dikilen haça berkidilen suratdaky goja granlardan gözüni aýryp bilmän seredýän ýalydy. Garamurtuň gözüne welin, gran görnenokdy. Onuň titreýän gödensiz elleri guşagynyň bir ujuna syrtmak salmak bilen başagaýdy. Garamurt ahyry salan syrtmagyny boýnundan geçirdi. Soň howlukman atanak çüýlenen haça çykyp, gök salyp oturan arçaň ýokary başyndaky şahasyna elini ýetirdi. Ony özüne tarap egdi-de, guşagynyň beýleki ujuny agajyň berdaşlyrak şahasynyň çykan ýeriniň ýokary ýanyndan geçirip berk daňdy. Indi diňe haçdan özüňi aşak goýberäýmelidi. Ol haçyň üstünde durşuna birden töweregine seretdi. Entek ýigrimi bäşiň dälijesi diýilýän ýaşa-da ýetmedik, öňünden çykylar öýtmedik, «tüf!» diýse tüýkülgi ýere gaçmadyk, baý ogly henize çenli dünýäni beýle gözel görnüşde görmändi. Guşlaryň owazymy, mymyjak şemalymy, dury asman gümmezimi... töwerek diýip-aýdardan owadandy. «Be, mawy reňk, asyl, reňkleriň iň owadany eken-ow, men gyrmyzymyka diýer ýörerdim» diýip, pikir eden Garamurtuň göz öňüne çaýhanadaky goçular geldi. Ol:
- Haý, munuň reňkiniňem, görküniňem... – diýip, paýyş sögündi-de, özüni haçdan aşak oklady. Garamurt aýagy ýere ýetmän bir asylyp, boglan ýaly etdi. Soň şartyldy eşdildi. Ol gütläp ýere düşdi. Agaç näçe berdaşly görünse-de, daýaw pyýadanyň agramyna orta bilinden döwlüpdi. Oňa çenli hem orsçalap, bogazyna sygdygyndan gygyryp, gelýän garry ors göründi. Bu şol gonamçylygyň serenjamçysydy. Garamurt turup gaçjak boldy. Boýnundaky guşagy çözülmedi. Ol döwlen agajam özi bilen süýräp, bäş ädim gaçsa-da, garry derrew yzyndan ýetdi.
- Ty çýo, sumaşedşiý? Stoý tebe goworýat.
Garry tozan turzup barýan şahadan aslyşyp, Garamurty saklady. Garamurt syrtyny ýere urdy-da, başyny dyzyna goýup aglamaga başlady. Öküz bögüren ýaly, kä wagt bir ýognas ses çykaýmasa, onuň aglaýanam bildirenokdy. Diňe ýasy eginler silkinýärdi. Birsalymdan nämäň-nämedigine düşünen goja biçäräň gapdalynda çökdi.

* * *
Narly eli bilen ýüzüni owkalady. “Aragyňy goý” diýýäler, adamyň ýüreginiň işini görýän arak däl, şular ýaly zatlar-a. Özümem samsyk, ýeri, şony diliňe almak nämäňe gerek?! Işleriňi çagalaňdanam gowy görýäňmi, görüber-dä. Göterimlik-dä.”
Şol wagt bir ýerlerden itiň üýrýän sesi geldi.
“Bäh, şäherde-de it saklaýan bar eken-aý.”
Narly bu “açyşyna” ýylgyrdy.
“Itiň ýok ýeri barmydyr? Bu ýerleriniň-ä obadan kän bir tapawudam ýok. Ýöne hakykatdanam işlerimi saýlardym, häzirem...”
Narly bu sözlerini näçe janyndan syzdyryp aýtsa-da, hakydasyna öýerjek bolup ýören ogly gelip-gitdi welin, ýalan sözläniňki ýaly duýgy ýüreginiň jümmüşinde bir ýerde oýandy. Indi birnäçe aýdan bäri Narlyň içersi Seýrany öýermegiň aladasyndady. Hatda çekýän suratyndan başga zadyň pikirini etmejek bolýan, tutuş dünýesi bilen işine siňip gitmäge çalyşýan suratkeş birden-birden edip oturan işini goýup, geljek gelin, onuň galyňy, toýy, restorany hakynda pikire gidenini duýman galýardy.
“Aý, paňkelle! Saňa “Çagalaňňy ýa suratyňy saýla!” diýip, barmagyny çommaldyp duran barmy?”
Bu ýönekeý çykalgasyna suratkeşiň hezil edip gülesi geldi. Ýeke-özüň gijäň içinde haha-haýlap barsaňam birhili.
“Işan atam-a dinini saýlapdyr.”
32-nji ýyl atylan atasy, Ahala belli Kiçi işan ýadyna düşenden, Narlyň dünýesi sarsyp gitdi.
“Atam, atam… Näme üçin şu wagta çenli ýörite atamyň portretini çekmedim-aý?”
Edil geçen hepde agasynyň sadakasy sowlup, gelim-gidim azalansoň, dört dogan – iň kiçisem kyrka ýeten adamlar – dalbara galdyrylan üzümiň kölegesinde öňlerine çaý alypdylar. Her kim öz öýi, hojalygy bilen başagaý – doganam bolsalar günde-günaşa üýşüşip, jemlenşip durmansoňlar, olaryň özbaşlaryna mesaýy gürrüň edip oturaslary gelip gidipdi. Narlyň ogly Seýranam çaý çekýärdi. Gürrüň, neneň-niçik boldy, bagşylardan çykdy. Soňam “Ak ýüzli maralymy” Sahy gowy aýdýarmy – Orazgeldi?” diýip gep tapdylar. Şonda bir çäýnek çaýy kakasynyň öňünde goýan Seýran:
- Nemeslerem öz aralarynda: “Gýote güýçlimi ýa-da Şiller?” diýdip dawa edýärmişler. Şonda bu jedeli eşiden Gýote: “Alla eçilip, nemeslere iki sany geniý beripdir. Näme olar muny kän görýärmikäler?” diýipdir diýipdi.
- Ýok, olaryň ikisem bagşyla… Alla türkmene-de eçilip bilipdir-le…
Ara dymyşlyk düşdi. Ahyry dymyşlygy iň uly agalary Sähet aga bozdy. Ol bir gobsundy-da:
Ýörüsin, agalar, kerwen ýörüsin,
Kyrk gulak gazanda doň ýag erisin,
Aslyň adamzatdyr, özüň perisiň,
Kejebäň çekmäge ak maýa gerek.
- diýip, Garaja pyýan aýdardy. Ýöne indiki bagşylar-a sanamaýa” diýdi. Iň kiçileri gürrüňi edilýäni tanamady:
- Kim-aý o Garaja pyýan?
- Oba belli iň içegen adamdy. Ellinji ýylyň başlarynda ýogalaýdy öýdýän, pahyr – diýdi-de, ýetmişden geçen ýaşuly hasam geň galdyran, her kimde bir pikir oýaran Garaja pyýan hakyndaky gürrüňiniň yzyny aýtdy.
- O bende owal obaň ölüsine-dirisine ýarap, nika gyýyp, öli ugradyp ýören mollaçar adam eken. Tutha-tutlykda molla diýip, munuňam üstüne NKWD-äň adamlary gelýär. Gelseler, Garaja öňünde bir çüýşe, lül-gammar, özüni ýygnamaga gelenlere çakyr hödürleýärmiş. Olar “Bize ýalňyş maglumat beripdirler” diýip yzlaryna boş dolanypdyrlar. Şonda Orazaly kümsük diýilýän “O molla! Çyndanam molla! Tutulmajak bolup, bilgeşli içýä” diýýämiş. Gör, gelenleriň başlygynyň akylyny: “Aýby ýok, gaýta, öňki molla arak içse, has gowy. Ýene mollaçylygyna başlasa, şonda görübereris. Pyýançylykdan açylmasa-da, jany sag bolsun – degmeris” diýipdir. Garajaň şondan soň namaz bilenem, toý-ýas bilenem işi bolmandyr, açylman içipdir. NKWD-e “Içmesini goýsa görübereris” diýeni üçin şeýdipmi ýa-da eden işine ahmyryna içipmi, ony biljek däl, ýöne sag wagty ýokdy, garransoňam. Aýagynyň üstünde zordan durýandyr, şol “Ak maýa gerege” hiňlener ýörerdi. Garrap öldi, ýetmişden-ä esli geçendir.
Ýene Seýran durup bilmedi:
- O imanyňy satmak bolýar-a.
Oturanlar derrew ýerli-ýerden oňa garşy çykdylar.
- Janam süýji zatdyr.
- Yzyňdan gara maşyn ýetip gelse, molla-da adamdyr-da…
Ogly şonda-da eňek bermedi:
- Onda-da molla halyňa beýtmek bolmaz-a.
Ýeser ýeri doganlaryň arasynda Işan agaň nebereleri bolsalar-da, namaz okaýany ýokdy. Ýene öýlenmedik oglan Seýran mesjide gatnap, tebärek çykyp ýörensoň, ýaşam bolsa, din ara düşen gürrüňde dili uzyn bolaýýardy. Emma Narlyň oglundan pes görnesi gelmedi. Aslynda, aralarynda iň köp içýänem özüdi.
- Häzir “bolmaz-a” diýen bolmak aňsatdyr. Öz başyňa düşse näme diýjegiň belli däl.
Doganlardan iň kiçisem Narlyň arkasyny aldy:
- Pygamberem “Janyňyza howp abansa, dil ujundan dinden çykybam bilersiňiz” diýýä dämi? Esasan, ýürekden Alla ýok diýmeseň boldygydyr-da?!
Seýran agalaryna gepiniň ýakmajagyny bilse-de, “Sähet kakam bir namazyny okaýmal-a” diýip ýörensoň, sesini çykarman oturmady:
- Nädip dil ujundan arak içjek?
- Sen näme oň içine girip çykdyňmy, belki, eden işine ökünjine, yzyna gaýtmagyňam ugruny tapman janynyň ýangynjyna içendir? Aragam näme, ýüregiňi giňeldýär-dä.
Seýran: “Onda etjegiňi et-de yzyndanam aragy basyber” diýesi gelse-de:
- Hawa, belki şeýledir. Alla günäsini geçsin – diýdi.
Narly ogluny ýeňenlerine ýassykdan dikelip:
- Isa: “Ne sudi, sudimim budeş” diýýä – diýip ogluna seretdi. Seýran welin, başyny galdyrman:
- Işan atam-a satmandyr – diýdi.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * „Durusyn içmişler

* * *
„Durusyn içmişler laýa sataşdym“.
Durusy geçipdir, suw bulanýar. Işan aga-da bu bulançaklykda öz ornunyň nirede bolmalydygyna düşünip bilenokdy. Gyra çekilmelimi ýa-da läbigiň ortasyna özüni urmalymy? Kiçi Işanyň uly mugallymy wagtdy. Wagtyň özi geler, gapyny usullyk bilen açar, öňünde oturar. Işan aga wagtyň gözüne göni sereder, wagtam ondan gözüni sowmaz, şol pursat hem bary düşnükli bolar. Wagtdan öňe düşmeli bolmasam bolýar. Ol gelip „Maňa garaşmaly däldiň, Işan“ diýmese, galanyna kaýyl. Her zada kaýyldyryn, edeniňe kaýyldyryn. Ýamanyň ýüzüni bize tarap öwüreniňden soň, biz ony nädip aňryk bakdyraly? Siliň öňünden gaçyp gutulyp bolanok. Bu ýerde syram ýok. Ony her kes bilýär. Emma bilmekden peýda ýok. Şonuň üçindir belki, onyň bilmezlige salynýany, syra öwrülýäni. Ne Işan aga syryny açýar, ne-de il-gün dil ýarýar. Her kime mälim syryň açylmagy üçin goja başyny ölüm ýassygyna goýmaly. Onsoň yzyny basyp duran ýaşulular üýşüp gelmeli hem ondan rugsat soramaly:
- Işan aga, siz obaň iň sylanýan adamsy. Sizi gonambaşy edäýsek...
Emma Kiçi Işan öz ajalyna ölmeli däldi. Muny bolsa, diňe onuň özi hem şäher merkezinden gonjy ýaldyrawyk ädikli Garamurt diýiýän biri aňýardy ýa-da aňmasa-da muny çyny bilen isleýärdi...

* * *
Gonamçylygy täzelemek gürrüňi mundan bir aý töweregi öň – Seýitmyrat neresse ýogalanda başlanypdy. Ortada täze mazar, Annak gaty sesi bilen:
- Gonamçylygam doldy. Täze ýer açylaýmasa, Işan aga – diýipdi.
Işan aga syr bermän razylaşýan äheňde baş atyp oňdy. Bu gürrüňiň şu ýerde, şu wagt aýdylmagyny ýanynda çök düşüp oturan beýleki ýaşulular hem halamandylar:
„Beýle zowladyp aýtmak hökmanmydyka? Muny bilmeýän barmy? Bu gürrüň bu neressäň mazarynyň başujunda edilmeli gürrüňmi?‘
Işan aga gözlerini tümmeklere aýlady. Birdenem ýerinden turdy-da atasynyň, daşyna aýmança aýlanan mazaryna tarap gitdi. Ýaşulular gozganman oturyşlaryna onuň yzyndan seredişdiler. Gonambaşynyň gubury ses ýeterde, kyblada. Ýaşuly emaý bilen tümmekleriň daşyndan aýlanyp barýar. Ýumşak otlar mal girmänsoň, adam depelemänsoň ýylyň-ýylyna galňap gidipdir. Iri çöp-ä kän ýok. Goja gelip, atasynyň mazarynyň başujynda çöke düşdi. Kur’an okady. Alladan atasynyň jaýynyň jennet bolmagyny diledi. Ýogsa halatly diýdirip dünýeden giden atasynyň jaýynyň jennetdedigine ýüreginde şübhesi ýokdy.
„Bu ýere indi adam getirilmez. Ata seniň jemagatyň soňkusyny getirdik. Indi täze jemagat, täze gonamçylyk açyljak. Diriler üýtgedi, ölülerem üýtgemli. Garry atam, olara men gonambaşy bolmaly...“
Bu gonamçylykda onuň garry atasyndan başga-da atasy, kakasy, kakasynyň doganlary, aýaly Aýnur totam, aýýarymlyjakka aýrylan uly ogly... ýatyr. Işan agaň gözi öwlüýäniň gonambaşysy, garry atasynyň üstüne galdyrylan ýaşyl gümmezde eglendi. Ol şol pursat öz guburynyň üstüne galdyryljak gümmezi hem synlan ýaly boldy. Uly gonamçylyk, degiş-degiş tümmekler dörär. Kyýamat ahyr güni atam şu tümmekleri yzyna düşürip, menem täze gonamçylykda indiki dörejek mazarlarda ýatjaklaryň öňüne düşüp, magşar meýdanyna tarap äkitmeli bolaryn. Şu ýatanlar şu obanyň, indikiler welin, täze dörejek obanyň – namazy-orazasy gizlenip berjaý ediljek obanyň adamlary bolar. Dirisi üýtgäniň ölüsem, ýatjak ýerem üýtgäýýämikä? Gojanyň ini tikenekläp gitdi. Wagt göründi. Emaý bilen onuň ýanynda çök düşüp oturdy. Işan agaň garry atasyna aýat-töwür etdi. Soňam Kiçi Işanyň gözlerine seretdi, goja-da oňa. Wagtyň gözlerinde başga bir wagty gördi hem onuň alyp gelýän bulanyk suwuny...

* * *
Narly darajyk çola köçede barşyna, ýene-de özüniň çagalaryny däl-de, suratlaryny saýlamak pikiri ýadyna düşüp, özünden hoşal bolanda edäýýänje endigi – başyny silkip, saçlaryny tertipleşdiren boldy.
“Haý, ýöne, ýaşamak hezil-laý. Ýalançy diýseler, çüýrük diýseler diýibersinler. Diýilýä bolsa, mümkin, oňam jany bardyr. Ýöne bilseň, şu dünýede pyýadaja aýagyňy süýräp, yzyňdan bir maşynlyň ýeterine garaşyp barşyňa çeken suratlaryňy, öýermeli ogluňy ýatlap barmagyňam lezzeti bar. Şuňam lezzeti bar bolsa, ogluňa bir laýyk gelinlik tapyp toý etmegiň lezzeti niçikdir öýdýäň?! Arman, laýyk gelni tapmakda iş bar-da. Gyz gyz bolýar-da. Olar ogula mynasyp taý bolsun diýip ýaradylan bolsa-da, bolup bilmeýäler-dä. Gowusy, öýlenmezlikdir-le welin, nätjek, öz geçenje ýodaňdan çagaňam geçmeli-dä. Asmanda ganat ýaýyp ýören haladyna ganatyny gyrkdyryp towuk ketegine girýänini adam oglanka bilmeýä-dä.”
Ýaşuly uludan demini alyp yzyna gaňryldy. Boş köçe oňa dymyp jogap berdi.
“Ýa ussahanada galaýsammykam? Holstuň başyna barsam, atamyň portretine başlasam…”
Şol wagt arkasyndan çykan maşynyň yşygynyň ýagtysy köçäni ýagtyldyp gitdi. Paý-pyýadalygyň lezzetini şo bada unudan ýaşuly yhlas bilen elini galgadyp, maşyny saklamaga çalyşdy. Onuň deňinde ak mersedes saklandy. “Bularam kireý edäýýämikä-raý?” diýip, ýaýdanybraga-da maşynyň gapysyny açan Narly rulda oturanyň gyz maşgladygyny görüp hasam birhili boldy. Emma onuň indi çola köçede ýeke galasy gelenokdy.
- Gurgunmyň? Men... men kireý edýänleriň birisiňiz öýdüpdirin.
- Berzeňňä çenlä gitjek, ugurdaş bolsaňyz münüň.
- Aý... şäheriň merkezine golaýlasamam bolýa.
Özi aýtmyşlaýyn, hamala arkasyndan bir güýç iten ýaly Narly maşynyň yzky oturgyjyna mündi.
Häli-şindi daşary ýurt maşynyna münüp ýörmänsoň, üstesine-de peri ýaly gyz rulda, Narly birden başga dünýä düşen ýaly boldy. Maşynyň gapysyny gütledip uraýmaýyn diýip has çala ýapany üçin açyp, ikinji gezek ýapdy. Giň salonda burnuňa urýan ýakymly ys, aýagy jinsyly, ýeňsiz koftaly gyzyň ruly towlanda alagaraňkyda has hem gözeilginç görünýän ak bilekleri bir salymdan suratkeşiň dilini gijetdi.
“Wah, ýaşlygym haýp geçipdir. Şular ýalyjak aýalyň bolsa bir okda iki-üç towşan dagy birden uruljak-da”
- Berzeňňä barýan diýdiňizmi? Menem «Howdanyň» töweregine barmakçy.
Narly ussahanasyna barmak pikirinden dänip ýene «beýläk» baraýyn diýdi.
- Aý, ýegen toý etdi-de... Sagadam esliň ýarsy bolandyr.
Gyz inçeden uzyn barmaklary bilen maşynyň sagadyny görkezende gymmatbaha ýüzükleri ýaşulyň gözüne ildi.
- Eý-ho-o! Ikiň ýary! Men on ikiň töweregidir öýdýän.
„Rahatlyk diýip şuňa diýäýseň. Zaňňar gyzyň süren bolşuny... Bu dünýede süren-ä sürýä-le.“
Gojalygyň gyrasyndan girenine ahmyrly pyýada, içinden eden pikirleriniň bir bölejigini daşyna çykardy:
- Maşyn sürmäg-ä ökdeje ekeniňiz.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Goja Garamurty

* * *
Goja Garamurty külbesine äkitdi, bildiginden ýarpy-ýalta türkmençeläp oňa arak içirdi. Hakykatdan hem göwni giňän ýaly bolan işigaýdan özüni bilmän ýykylýança içdi. Murtunyň beýleki taýynam syryp, on-onki gün ors gonamçylygynda ýatyp, soň, garry orsuň maslahaty bilen obasyna, ejesiniň ýanyna gitdi. Emma obasyna gündiz baryp bilmedi. Ogurlyga gelen kimin, çola ýerde, garaňky düşüp, aýak ýygnanaryna garaşdy. Bu oňa näçe agyr degse-de, ilki ejesine görünmän, bu sypaty bilen iliň gözüne görnesi gelmedi. Ahyry garaňky hem düşdi. Ol atuwa barýan ýaly saňňyldap, öýlerine tarap ugrady. Emma Garamurt özüniň nähili barýanyny, aýagynyyň ýerden süýrenýänini-süýrenmeýänini hem bilmeýärdi. Hatda şol barşyna gapylaryna ýetmän büdränini hem duýanokdy. Ol gapylarynyň agzynda ardynjyrajak boldy – bokurdagyndan ses çykmady. Ýüzüni ak tam edip içerik ätlän ogluny görenden Mamur telekeçi «Hih» edip ýakasyny tutdy. Garamurtam iç işikde uly göwresini aşak goýberip, ýüzüni tutup, iner çöken ýaly ejesiniň öňünde dyzyna çökdi.
- Murtuňy nätdiň?
Garamurt sakawlap, sesini endiredidp, näçe agyr düşse-de, başyndan geçenleri, özüni öldürjek bolşuna çenli, birin-birin gürrüň berdi. Mamur ýüzüni ýerden galdyrman, esli oturdy-da:
- Murtuňy aldyryp geleniňden başyňy aldyryp gelen bolsaň gowy bordy – diýende, Garamurt nädip syçrap ýerinden turanynam duýmady. Şol turşuna-da gaýdyp öýlerinde dyzyny epmedi. Ýüzüni garaňka tutup, çykyp gitdi. Mamuram sarsmady. Belki, oňa-da «Ogly masgara bolup gelipdir» diýlenden gelmäni gowy görnendir.
Niredeigini, näme işleýänini bilmeýän Garamurtyň bir-iki alaňy aşansoň, gapdalynda şalkyldap barýan mauzeri ýadyna düşdi. Halasgäri hakydasyna gelen kimin, mauzeriň agaç gabyny açdy. Gap boşdy. Megerem, ony ätiýaçdan müjewür ors alyp ýygnan bolmaly. «Möwzerini» araga çalşan bolsa kim bilýär. Garamurt sähelçe günüň içinde ikinji gezek syrtyny ýere urdy, ikinji gezek adamzada ýigrenji bokurdagyna dykyldy. Ol Garagumyň çägesine togalanyp, janynyň ýangynjyna bogazayna sygdygyndan gygyryp, paýyş sögünýärdi. Ömründe bir gezegem görmedik kakasyndan başlap, ejesine, doglan ýurduna, teke bazaryna, onuň goçularyna, ors öwlüýäsine, onuň müjewirine çenli gaýgyrmaýardy. Emma onuň sesini eşidýänem, diňleýänem, alga alýanam ýokdy. Gum depeleri hem bagyrlaryny ýere berşip, çöken düýä meňzäp, garalyp ýatyrdy. Olar şeýle bir biparhdylar welin, gäwüşem çalýarmyka diýdirýärdi. Elinden ýaragy alynan, murty kesilen, enesi tarapyndan itçe-de görülmän kowlan, garamaňlaý ýigidiň bolsa, bar elinden gelýän sögünmekdi. Sögüne-sögüne ahyry gidip orsdan ýaragyny almagy, teke bazaryna barmagy, çaýhanada öňünden çykanyň janyny jähenneme ibermegi ýüregine düwdi. «Eje, dogry aýdýaň, beýdip diri gezenimden ölenim gowy. Ýöne ölmezden öň içimi bir sowadaýyn» diýdi. Emma garry sapançany bermedi. Ant içip, awy ýalap «Alamok» diýdi. Öldir ýaly ýençdi, şonda-da bermedi. Ahyry öldürse-de, ýaragyny alyp bilmejegine gözi ýeten Garamurt orsuň külbesini agdar-düňder edip çykdy, şonda-da ýaragyny tapmady. Ýene-de oň iň ýakyn dosty arak boldy. Birnäçe günläp galman içdi. Çalajan orsa getirdip içdi. Emma her zadyň çägi bar. Arakdan doýup dünýäni duýman ýatmagyň hem. Allanyň güni darydan köp, Garamurt içmän içini hümledibem ýatyp gördi. Gün bolsa dogup-ýaşyp dur. Indi orsuň hem iňirdisi artyp ugrady. Arak getirmesini goýdy. Garaz, Garamurt ýuwaş-ýuwaş sowaberdi. Edil gyzyşy ýaly, ýüregine myrtar sowuklyk ornaşdy. Ors ony demirýol edarasyna - «DEPO» diýilýän ýere işe saldy. Adynyň yzyndaky «murty» aýrylyp, diňe Garasy galdy. Daýaw, gujurly, dymma ýigidi demirýolçular erbet görmeseler-de, onuň garasöýmezliginden çekindiler. Kim «Ol bir gumly, ejesini öldürip gelipdir» diýdi. Kim «Öýleneni gyz çykmansoň, şony öldürip gelipdir» diýip, gürrüň çykardy. Her kim göhert ýaly hyýrsyz pyýadadan daşrak duranyny kem görmedi. Onuňam il diýip gözi-gaşy çekip durmady. Garaň eline ýekedaban berdiler. Onuň janynyň ýangynjyny gyzgyn demirden çykarjak bolýan ýaly ýekedabany başyndan aýlap urşuny görseň, eýmenmez ýaly hem däldi. Gara gaýdyp «Teke bazaryň» töweregine barmady. Goçularyň öňüni garawullap, öz edişleri ýaly ahmala salyp, ar alasy gelmedi. Ejesi «Başyňy aldyryp gelen bolsaň gowy bordy» diýenden soň, ol goçular gözüne çirkeýçe-de görünmedi. Ol olary ýeke-ýeke öldürse-de, ejesiniň sözüniň içinden çykmajagyny bilýärdi. Namazyny goýdy, nahar başynda garry ors bilen arajyk içmesini goýmady. Sakgal murtuny ürç edip, her gün gazap-gazap syrdy. Edarada aýlyk paýlaýan garaýagyzja ýumruk ýalyjak gyz Garaň gowşak tarapyndan barmany oňardy. NKWD-äň ketdeleriniň biri bilen arasy bar diýlip gürrüňi edilýän kassir gyz Gara durmuşa çykdy. Garaň bu gürrüňlerden habary bolmasa-da: «Aý indi maňa parhy näme? Öňi-soňy ejemiň alyp berjek «Baýdak ýaly gelniniň» maňa nesip etjek gümany ýok» diýdi. Birinji gije gelniniň ýagdaýyny bilse-de, bilmedik boldy. «Bu-da bir özüm ýaly bagtygaranyň biridir-dä» diýdi. Hakykatda welin, Gara bar zatdan doýgundy, doňdy. Indi ony eredip, gaýtadan direldip, adam hataryna goşjak zat ýokdy.

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Narlyň ýadyna 5-6

* * *
Narlyň ýadyna 5-6 aýlykda ussahanasyna çeperçilik uçilişesinde okaýan 3-4 sany ýaş gyz gelip: “Işleriňizi görüp bolmazmyka?” diýende-de, şolara hem kofejik hödürläp, hem soňky çeken suratlaryny görkezip, ýeňil gopup, göterilip, bolşundan beter bolşy, ömür etmeýän, başga biri etse-de, halamaýan zadyny edip, işlerini gözel gyzlara düşündirjek bolşy düşdi. Gyzlar gidensoň, boşap galan ussahanasynda köneje oturgyjyna çöken suratkeş maňlaýynyň derini sylyp, köp oturypdy. “Haý, paňkelle, sen genial hudožnik bolaňda-da, haýsy akmak gyz saňa aşyk bolar öýdýäň? Bolşuňa boluber-dä, hetdiňi tanada. Hany, sende Dostoýewskiňki ýaly daş ýaran maňlaý” diýip ajy ýylgyrypdy. “Bäh, 50 ýaşaňdan soňam, bir ýaşajyk gyzyň saňa aşyk bolanyny küýseýän ekeniň-aý. Şeýle bir gyz bolsady, men bu sümükli oglanjyklara aşyklygyň nämedigini görkezerdim” diýip ahmyr bilen uludan demini alypdy.
- Sürüp-sürmez ýaly kynam däldir-le, ýöne meniň üçin-ä maşyn sürmegem edil samolýot süren bilen deň. Döredijilik edýän adama demirden sowuklyk, duýgusyzlyk geçýär diýseler ynanypdyryn-da.
- Düşünmedim, nähili döredijilik?
Gaňrylyp özüne seredende, Narlynyň suratkeş aňyna gyzyň sähelçe tüňňerip, soň düzelip gidýän burnuna gelşip duran, giň çyzylan gara gaşlary, çala kiçiräk, emma dogumlyjadygyny aýdyp duran gözleri, ýasy maňlaýynyň ýarsyna golaýyny ýapyp duran şar-gara saçlary çekildi.
- Men hudožnik, garaz, özümi bilelim bäri reňk oýnaýan. Onsoň, bolsaň-bolmasaň hudožnik diýmeli bolýa-da.
- Çyndanam hudožnikmi, surat çekýäňizmi? Birinji gezek hakyky hudožnik bilen tanyşýan.
- Menem birinji gezek maşyn sürýän gyzyň maşynyna münüp görýän.
Gyzyň edepli gülküsi Narla sazdanam ýakymly eşdildi.
- Hudožnikligi nirede okap öwrendiňiz?
- Moskwada. Geliň gowsy tanyş bolalyň, Narly Işanow, Türkmenistanyň at gazanan hudožnigi.
- Baý-bow! Men-ä adymy aýtmaga-da utanýan - ýönekeý Döndi.
- Döndi! Prelest. Adyňam özüň ýaly owadan eken. Dö-öndi! Çynym bilen, owadan at.
- Sag boluň.
„At gazanan suratkeş“ ady alanyna eslje ýyl bolanam bolsa, henize çenli muny diline almadyk Narly öz bolşuny özi geňledi.
„Haý, akly çaşan, aragyň oýnumyka ýa „Garry oýnasa gaý turara“ barjak bolýamyka?
Emma göwün seni diňleýärmi:
- Bilýäňizmi, mende teklip bar. Razy bolsaňyz, portretiňizi çekmekçi. Çynymy aýdýan, gaty wyrazytelnyý ýüzüňiz bar.
- Meňmi?...
Şol wagt garşydan gelýän maşynyň ýagtysy Döndüň owadanlygyny has hem açyk görkezmek islän ýaly, sähelçe pursat gyzyň gijäň garaňkysyna has hem ak görünýän Aý ýaly ýüzüni ýagtyldyp gitdi. Suratkeşiň ýagdaýy özüňe belli, Narlyň galama ýapyşyp, bolmanda kagyzyň ýüzünde işläberesi geldi.
- Çynyňyzmy?
- Çynym. Haçan boş wagtyň bolsa... Isleseň häzirem ussahana barsak, nabroskalara başlap bileris.
Gyz üç barmagy bilen agzyny ýapyp şadyýan güldi.
- Ýok. Sag boluň teklibiňize.
- Hä, o näme üçin isläňizok? Meni gynandyrýaňyz.
Rahat mersedes Aşgabadyň çolaran giň köçelerinden süýnüp barýardy. Gyz maşynynyň magnitofonyny açdy. Ýakymly saz ulagyň içine has hem rahatlyk getiräýmeli ýalydy welin, ara düşen dymyşlyk bar zadyň mazasyny gaçyrypdy. Narlyň sähel wagt mundan öň zol-zol yzyna gaňrylyp: „Kireýkeş gelmezmikä?“ diýip, pyýadalap barşy ýadyna düşdi.
“Eýýämem ony ussahanama sowup bilmänime ahmyr edýän. Aý, adam-da. Ýöne ahmyr edeniňe-de degýänje eken.”
Oýunda utulan, köpi gören suratkeş gep nokatlap ugrady.
- Aslynda, bu wagtlaýyn zat.
Sazyň täsirinden öz dünýesine giden Döndi Narlyň näme diýjek bolýanyna düşünmän, biygtyýar yzyna gaňrylyp seretdi. Ýaşuly hiç zat bolmadyk ýaly sözüni dowam etdi.
- Adam diýlen mahlugyň bir betbagtlygy bar. Ol bu dünýä öwrenip gelmeýär – gelip öwrenýär. Hemmesi! Alym bolsun, akmak bolsun. Hiç zat öwrenýän däldir, öwrenmäge-de ukypsyzdyr diýeniňem hökman bir zatlar öwrenýär. Millet hem edil adam ýaly öwrenýär. Düşünjeli – düşünip öwrenýär, düşünjesiz – düşünmän öwrenýär, ýöne hökman öwrenýär. Gyzlaryň maşyn sürmesini, eşigini üýtgetmesini geň görmezligi, ondan ters many çykarmazlygam öwreneris.
Döndüň göwnüne Narly bir ýerden eşden ýa-da okan zadyny gaýtalaýan ýaly göründi.
- Aý, serhetlerem açyldy. Her hili ýadymyza-oýumyza düşmeýän zatlarymyzy görýäs. Ýöne görenmizi köre-kör göçürýäsmi ýa-da düşünip, “Be, şul-a gowy zat” diýip durmuşymyza kabul edýäsmi? Meseläň ulsy şü. Ynha, ýaňy, toýda ýegeniň gelni restoranda Ýewropa biçüwli, ak eşikli, fataly otyr. Soň toý sowuldy, öýe gelindem welin, ýaňky gelin kürteli, ýaşmakly, zordan dähedem-dessem ýörän bolýar. Ýarym sagat mundan öň gaýyn ataň öňünde egniňi ýalaňaçlap, ýaşmak ýadyňa düşmän oturaňsoň, indi soňky maskarad nämä gerek? Ýa-da sen ýaşynmagy gowy görýän bolsaň, tä ölünçäň gaýyn ataňdan ýaşynyp gezjek bolsaň, bir-iki sagat ak eşik geýip oturmagyň näme manysy bar?! “Men islesem günbatarly bolmagam, islesem gündogarly bolmagam başarýandyryn” diýildigimikä? Ýa-da “Näler günbatarly bolup ýaşajak welin, ýol berenoklar” diýildigimikä? Ýa-da iki jahan owarrasy diýjekmi? Ýa-da bir köre-kör öýkünjeňlikmi?
Narly sowalynyň jogabyna-da garaşman gürrüňini dowam etdi. Dowam edenem gowy boldy, Döndini ýaşulyň janygýan meseleleri düýbüneden gyzyklandyrmaýardy.
- Meň pikirimçe-hä, türkmen günbatarly bolup ýaşamagy oňarmaz, edil günbatarlyň türkmen bolup ýaşamagy oňarmajaklygy ýaly.
Kakasy bilen daşary ýurtlarda telim gezek bolup gören Döndi:
- Ewropalylaň nähili üýtgeşik ýaşaýşy bar? Olar kürte atynyp, ýaşmak ýaşynyp bilmese bilmez welin... - diýdi.
- Ýo-ýo... özüň ýaly kiçijiklikden şäher içinde ulalan bolsa, başga gep, ýöne çarşagy pyçakdan tapawutlandyrmany ýaňy öwrenip, tort bişirmäni bildigiň Ýewropa ýaşaýşyny bilidigiň däl-ä. Çynymy aýtsam, senem özüňi ýewropalylaň arasynda suwa gaçan balyk ýaly duýsaňam, olar ýaly ýaşap bilmersiň. Bagyşla men „sen“ diýäýýän welin...
- Aýby ýok, ýöne näme üçin ýaşap bilmerin?
Narly “üçinini” aýtjagyny aýtmajagyny bilmän bir ýaýdany-da, özünkiniň dogrudygyny subut etmegiň hatyrasyna akylyndakyny diline aldy:
- Birhili gelşiksizrägem welin, maňa dogry düşün. Ýaňy ussahanama sowulyp-sowlmazlykda ýewropaly üçin hiç hili mesele ýok, emma seniň türkmen ganyň welin, muňa ýol berenok.
Narlyň özüni mysal getirmesinden utanmak ýadyna-da düşmedik Döndi razylaşdy:
- Ol-a şeýle. Bizde çäklendirmeler kän, olarda ýok diýseňem boljak. Wyždanyň “bolýa” diýse, göwnüňe getireniňi edibermeli.
- Elbetde. Hany bizde edip gör. Gaýta, tersine, iliň geň görmejegini bilseň, wyždanyň kabul etmeýän zadynam ediber. Mysal üçin, yzyndan töwür galdyrsaň bolýar, arkaýyn arajyk içiber.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Garaja gelin Garany

* * *
Garaja gelin Garany hor etmedi. Ol NKWD-ä işe girdi-de, sähel salymdan adamsyny hem ýanyna aldy. Gara harby eşik berdiler. Eline bäşatar, biline sapança dakdylar. Ol täzeden murt goýberdi. Ýene Garamurt boldy. Bar etmeli işi hem, ölüme höküm edilenleri atmakdy.
Garamurt birinji gezek sapançanyň sowuk nilini goly arkasyna bagly, aňyrsyna bakyp duran orta boýly arryk adamyň ýeňseçukuryna diräp mäşäni gysjak bolanda, barmaklary doňan ýaly, diýenini etmejek bolupdy. Şol bada-da onuň ýadyna teke bazaryň çaýhanasy düşdi.
- Ah-ow! Goç ýigit! Bärik gel, gürrüň bar.
Garamurtuň böwrüne täzeden mauzer direlen ýaly boldy. Ol hyrçyny dişläp, mäşäni gysdy. Ýeňsesinden ok giren adam şalkyldap ýere ýazyldy. Teke bazary hem goçulary bilen şol bada gümüň teýine gitdi. Sag eliniň ýaglak aýasynyň derini çep eliniň gödensiz barmaklary bilen sylan Garamurtuň göwresine atan adamsynyň ysgyny goşulan ýaly boldy. Ol sapançasyny gabyna salyp, murtuny taýly gezek towlaşdyrdy. Emma janyny alanynyň jesedine seretmedi. Ölini süýremek, gömmek oňa degişli däldi. Garamurtda iş bitiren, aryny alan, ahmyryny çykaran ýaly duýgy döredi. Bu duýgy ondan esli wagtlap aýrylmady. Garamurtuň günde birnäçe adamy atýan günleri hem bolýardy. Şonda agzysary ors esgerleriniň ýöwsellemesine onuň hasam göhi gelip, ýeke özi hatara duruzylan adamlary ýeke-ýekeden atyp çykýardy. Hemişe-de, adamyň ýeňse çukuryndan – gün düşmezinden atýardy. Ölüme höküm edilenleriň sandyraýşy, gözleriniň hanasyndan çykaýjak bolşy, sowuk derläp, ysgyndan gidişleri oňa düşündirip bolmajak lezzet berýärdi. Ol her adamy atanda, hamala, onuň jany özüne geçýän ýaly, özüniň asla ölmejekdigine ynamy artýardy. Garamurtuň ak sakgal garrynyň äňinden ädiginiň beýik ökjesi bilen basyp, towlap durşuna: «Keramatly işanmyşyň-la. Görkez näme keramatyň bolsa maňa!» diýşi NKWD-äň işgärleriniň hem käbirini üýşendirse-de, onuň arkasyna kakyp: «Molodes!» diýýärdiler. Berekellalar oňa hasam meçew berýärdi.
Teke bazardaky çaýhana bir wagt gum-guklyga öwrülipdi. Hatda bir gün Garamurt ýanyna iki sany esgeri alyp gidip, ýörite boş çaýhanaň bir burçuna buşugybam gaýdypdy. Emma şonda-da içi sowamaýardy. Aslynda, ýüreginiň ody ejesi, onuň sözleridi. Ol gugaryp galan çaýhanada näme edende-de, dünýesiniň düzelmejegine göz ýetirdi. Garamurt indi adamy keýpine, serçe atan ýaly biparh atyp başlady. Onuň käri onuň çöregidi, goragydy, abraýydy, derejesidi. Ol adam atmasa, özüniň hiç kim boljagyny bilýärdi. «Tut-ha-tutlugyň yzy kesiläýsä-rä, men bulara gerek bolman. Aý, heleýler dogrup dursa, adam gyrlyp gutarasy ýok. Bu millete geregem şodur – gorkmasa sylamaz. Murtda akyl-a bar» diýýärdi.
Gana suwsan Garamurt daşyndan şeýle doňýürek görünse-de, öýünde ýatsa, rahat ukusyny alyp bilmeýärdi. Kä wagt düýşünde öz ejesini atýarmykam öýdüp basyrganyp oýanýardy. Käte-de, haýsydyr bir işan ony keramaty bilen jadylap, oda oklaýardy. Bir günem ol gijesi bilen iş ýerinde bolmaly boldy. Haýran galaýmaly, ol näçe ýyldan bäri ilki gezek ukusyny alyp oýandy. Ne düýş gördi, ne-de basyrgandy. Diwardan asylgy suratlar onyň ukusyny goran ýalydy. Hasam Stalini diýsene, özünkiçe bolmasa-da haýbatly murtlary, gaýşaryp duruşy Garamurta arkasynda gala bar ýaly täsir edýärdi. Garamurt naçalnigi «Gyzyl orsuň» ýanyna bardy-da, iş ýerinde ýatyp-turmaga rugsat sorady. Nämäň nämedigine şo bada düşünen naçalnik ýylgyryp: «Sen tarhansyň, Garamurt!» diýdi. «Tarhan» sözüni eşden pyýada murtuny towlap ardynjyrady. Birdenem ýadyna ejesi düşüp gitdi. Ejesiniňem gowy görýän sözi «tarhandy».
Şeýtdi-de, Garamurt iş ýerine çaýy-çäýnegi, paty-putusy bilen göçüp geldi Ol indi dünýäni unudyp, egnindäki şinelinem aýyrman, ädiginem çykarman arkaýyn uklaýardy. Daň bildirendenem turup maşk edýärdi, maşkdan soň gyşyn-ýazyn üstünden bir bedre sowuk suw guýýardy. Muny oňa «Gyzyl ors» diýýän naçalnigi «Şeýtseň, nerwiň berk bolar» diýip öwredipdi. Garamurt özüni ähli adamlardan tapawutly duýýardy. Hatda adam atmak wezipesi hem şeýle üýtgeşikligi üçin özüne ynanylan hasaplaýardy. Öz ýanyndan özüne «Diňe maňa adam atmak hukugy berlipdir. Diňe men lezzet bilen jan alyp bilýän. Men Eraýylyň ýerdäki wekili. Ta-ak!» diýýärdi.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Narlyň kellesi

* * *
Narlyň kellesi gürrüňe gyzdy. Ol häzir Döndüni birinji gezek görýänini hem, gijäň ýarydygyny hem, duýanok diýen ýaly. Ol ellerini hereketlendirip, pikirini subut etmesini dowam etdi:
- Dagy näme?! Muňa taryhdanam subutnama gaty kän. Gaty daş taryham däl. Ynha, musulman patyşalarynyň, soltanlarynyň köşklerinde ýörite şerap saklanýan ýerler bolupdyr. Yslamda-da arak-şerap haram. Ýöne ol soltan! Onda-da ýeňiş gazanan, gala alan soltan! Hany, sen oňa şerap içmek bolanok diýip bir gör. Soltanyň ýeňiş güni şerap göterenini geňlänem bolmandyr. Göroglymyzy al-da göräý, namalarynyň iki küplediniň birinde Alla diýýändir welin, kyrk ýigidi bilen meý-mest bolup oturberýändir zaňňar.
Narlyň özi ýaly suratkeşleriň, “diýýänje oglanlarynyň” arasynda köp gaýtalanyp leji çykan bu gürrüňi Döndüň ýanynda täzedi. Emma sähel bahana bolsa, ýüregi gysasy gelýän baý gyzynyň halamaýan zady taryh hem taryhdan mysallar. Ol maşynyň magnitofonynyň sesini peseldip:
- Narly aga, öz öýlenşiňiz hakynda gürrüň berseňiz-le - diýdi.
- Öýlenşimmi?
- Ýok, gelşiksiz görmeseňiz...
- Gelşiksiz zat ýok. Biz oglankak komsomol toýlary ýaňy bat alyp ugrapdy. Ynha, şu wagtky meşhur telejkaly, restoranly toýlar. Biziň o wagtlar habarymyz ýok, ilki başladanlarynda toýy stol-stulda gurnamaly diýip komsomol-partiýa guramalaryna ýokardan ýörite görkezme berýän ekenler. „Halk halamasa, ilki özüňiz toýlaryňyzy şeýdip geçiriň“ diýýän ekenler. Ilki bada hiç kimiň beýle toý edesi gelmeýän eken. Ýogsa göwünjeň tapylsa, ep-eslije pul kömeginem berýän ekenler. Türkmen näme, ýaýkanyp duran agajyň üstünde oturandan keçäň üstünde ýassyga ýaplanany gowy görýä-dä.
Döndi Narlyň aýdýanlaryny göz öňüne getirip bilmän:
- Nähili keçäň üstünde? - diýdi.
- Keçäň üstünde-dä. Daşarda nire kölege bolsa, ýazýaň keçäni, bölek-bölek oturberýäň.
- Ondan-a tertipli oturlyp, tertipli toý sowulsa gowy dälmi? Ýerde sähel şemal össe-de tabagyň gumdan dolar durar.
- Hawa, o diýýäniň bir tarapdan dogry, ýöne gadym toýlarda at çapdyrlyp, göreş tutdurylyp, ýaglyga towusdyrylyp, düzdüm, küşt oýnalýardy.
- Onsoň siz toýuňyzy nähili etdiňiz? Keçäň üstündemi?
Narly Döndüň ýaňsa alýanyny duýsa-da hezil edip güldi.
- Ýok. O wagtlar komsomol toýy edilse-de, heniz telejkalar çykmandy. Ondan-mundan 5-10 sany stol tapyşdyryp, oturgyç ýerine uzyn-uzyn şalmanlar goýuşdyrdyk, garaz, bir zatlar edişdirildi. Şoň başynda bir sagat, ýarym sagat oturdyk bolany. Akkardion, tar, dep, tüýdügem aýdym-saz etdi. O wagtlar Öwezgeldi Tekäň Sahydan ýaňy öňe düşüp ýören ýyllarydy. Ses güýçlendirilýän bilen oba ýaňlandyryp toý edipdik. Moskwada okap gelen, hatda kän bir obaly hem hasaplanmaýan adym bardy o wagtlar.
Gürrüňi taryhdan üýtgedesi gelýän Döndi pursady sypdyrmady:
- Halaşan gyzyňa-ra öýlenensiňiz?
Gyzyň bu sowaly Narlyny kürtdürdi. Onuň göz öňüne hakykatdan hem gowy gören gyzy gelip gitdi. Wagt diýlen asla geçmedik ýaly onuň şol owadanlygy, asyllylygy, ýumşaklygy.
- Ýok, halaşan gyzyma öýlenmedim. Dogrusy, oňa öýlenmek däl, bir sözem diýmedim. Ýogsa, obadaşdy, öýem daşda däldi. Her ýyl Moskwadan kanikula gelemde-de, bir gezejigem bolsa, görüp galýardym. Ýöne hiç zat diýmedim.
- O näme üçin?
- Aý, zat diýip bilmedim. Mende o wagtlar “Söýýän diýmeg-ä däl, ýöne lak atyp bolýan gyzam söýýän dälsiň” diýen düşünje bardy. O gyza söz aýdyp bilmänimden soň döredimi ýa-da hakykatdanam, şu düşünjäm sebäpli oňa habar gatmadymmy – bilemok. Garaz, soňky kursda oba gelsem, o gyzy bir ýere çykaran ekenler.
- Siz-ä geň adam ekeniňiz... – diýse-de, Döndiň ýaşulyň aýdanyna ynanasy gelmedi. Onuň düşünjesi gyzyň akylyna sygmaýardy. Öz ýanyndan muny at gazanan suratkeşiň üýtgeşik görünmek isleginden düzen rowaýaty hasaplady. “Gulagyňy sallap otursaň makoron asmany-ha oňarjak bu ýaş-şuly” diýip içinden eden pikirine ýylgyrdy. Narlyň bolsa gürrüňi üýtgedesi geldi.
- Ynha, şu günki toý, tüweleme, gowy boldy. Restoranda etdiler. Biziň döwrümizdäki ýaly ýaýkanşyp duran uzyn tagtalaram ýok. Ýaşlaram hezil etdiler tans edip. Ýöne ýekeje kem ýeri toýuň hakyky eýeleri, oňa hakyky begenýän adamlar, öýlenýän oglanyň garry atasy bilen enesi öýde galdy-da. Öýem gum-gukluk, her kim restoranda.
- Galmasynlar.
Galman restorana geläýenlerinde-de, segsene ýeten garrylara öýdäki ýaly rahat bolmaýa.
- Haýran galýan, Moskwada okamany oňaryp, bir gyza lak atmany oňarmaýşyňyza. Soň onsoň, tanamaýanyňyza öýlenip oturberdiňizmi? Bolmanda ejeňize-daga aýdyp bolardy ahyryn?!
Narly uludan demini aldy.
- Mejnuna: “Maňa mejnun diýýän bolsaňyz, siz Leýlini gören dälsiňiz” diýdirýäler. Sen o gyzy görmäniň üçin “Heý, onam özüňe aýal edinip bormy?” diýsem düşünmersiň. Emma öýlenşim hakykatdanam geň boldy. O döwürler obada ýokary bilimliler ýaňy köpelip ugrapdy. Menem şolaň biridim. Onda-da ýaňky diýşiň ýaly, obamyzda Moskwany gutaryp gelenem ýokdy, menden başga. Üstesine-de çeper kitaplary köp okardym. Dostoýewskiý diýdi, Akutagawa diýdi, Ekzýuperi diýdi.
Döndi ýaşulyň gürrüňini süýndürýänini halamasa-da, mejbury sabyr edip, maşynyň yzyny görkezýän aýnasyndan ony synlap barýardy. Ol Narlyň ýiti seredişini halasa-da, birhili egnini gysyp, ellerini owkalaýşyny ejizligiň alamaty ýaly görýärdi. Göwnüne bu ýaşuly gyssaga düşse, durmuşyň öňünde ýallaklaýjak ýalydy. Narlyň garrap ugranyna garamazdan, görmegeý keşbi, hereketleri “Egjek hem bolma, döwülerin ýöne egilmen” diýip duran erkek kişini ýatlatmaýardy. Gaýta ýüregindäki zehinini, gujuryny göterip bilmän ýegşerilýäne meňzeýärdi. Döndi onuň gowy gören gyzyna lak atyp bilmeýşinde-de, bigaýratlygyň ysy bar diýip hasaplady.
“Bir-ä ne gözel maşgalaly bolupdyr, muňa ýetenem owadan pelsepe.”
- Gysgaldyp gyzykly ýerini aýdaýyn, ýogsa gürrüňiň ýarsyna ýetmänkäk «Howdana» barýas. Garaz, gepiň gysgasy – goňşy obadan bir gyzy äberjek bolýalar. Ejem dagy tapypdyrlar, guda bolupdyrlar. Bu zatlardan kän bir habarymam ýok. Habarym ýok diýsemem, garaz, öýerjek bolýanlaryny bilýän, ýöne edil beýle çynyrgadandyrlaram öýdemok. Meniň diýjek bolýanym oba gyzyna göwniýetmezçilikden däl, ýöne “Men-ä sungat adamsy - kitap, kino, konsertler diýip ölemen, o gyzam mal-garaň, mata-marlagyň höwesinde, onsoň, biz nädip düşünşip ýaşaşarys?” diýýän. Ejeme düşündirjek bolýan, he-ýeý, diýýäňmem diýenok.
- Bir söz bilen aýtsaň, sen-ä oba gyzyna öýlenmäge garşy, ejeň dagam zor bilen öýerjek bolýalar şeýle dämi?
- Wah, garşy bolup bolýan bolsa boljak-la welin, biziň kakamyz gaty gaharjaň adamdy. Çagalarynam berk tutardy. Şo bolýa diýensoň kaýyl bolup öýlenäýmelisiň. Hawa, onsoň, gyz berjek tarap oglany göräýsek diýipdir. Indi olar meni synlajakmyş. Menem öldür göwnämok. Şolaň geljek güni öýe-de gelmen diýýän. Elbet, kakama däl, ejeme diýýän. Bu zatlary edip ýörenem aýallar. Kakam pahyryň işem ýok. Gyzlaň erkek kişilerinden biri uçilişä barsyn, direktorymyz bilen gürleşsin, maňa bildirmän sapaga girsin. Bilsemem, men garşy däl, ýöne bir topar aýala özümi synlatman diýýän. Men okuwymy gutaryp gelen ýylym uçilişede mugallym bolup işleýädim. Ejem dagy welin, “Erkek kişem giýew boljak ýigidi synlarmy?” diýşip, gaýta, al-petimden alýalar.
Döndi hakykatdan hem geň galyp:
- Aýallar sizi nädip synlajakka? - diýdi-de soň hem: - Eýläk-beýläk ýöredipmi - diýip saklanyp bilmän güldi.
- Men dostlarym bilen jaýda oturmalymyşym, aýallaram geljekmiş, bizem salam berip çykyp gitmelimişik.
- Barymy?
- Hawa, ýöne aňsat işdir öýdýäňmi, öýlenjek halyňa nätanyş aýallara salam beräýmek? O wagtlar bir guş gatyrak jürküldese-de, üstüňden biri gülýämikä diýip gyzaryp ýören wagtyň.
- Şeýle utanjaňmydyňyz? Özüňizem Moskwany gutaryp geldim diýýäňiz. Ondan gowsy, Moskwada bir sary gyz bilen söýüşdim welin, kakam öýe gelmersiň diýensoň, alyp bilmedim. Ýüregimiň ýarsy Orsýetde galdy diýseňiz-le.
- Wah, şony başarmadym-da. Okaýarkak moskwiçkalar biz hakynda bilýäňmi näme diýýädiler? Türkmen oglanlary gowy welin, olar bilen tanyşmak, arany sazlamak kyn diýýädiler. Hakykatdanam uly gyz ýalydyk. Şu wagt ýalan ýaly-da. Okuwdan başga zady bilmezik. Ene-atamyz bizi bu ýere oka diýip iberdi diýerdik. Ynanmarsyň.
Döndi ýaşulyň gürrüňlerine hezil edip gülýärdi.
- Hakyky obaly düşünjämiz bardy. Bizden öňki okap gaýdanlar bizdenem beter ýygra ekenler. Ýöne çekýän işlerimiz artyk bolmasa hiç kimiňkiden, moskwalyňkydanam, leningradlyňkydanam, aýdýan-a hiç kimiňkiden pes däldi. Mugallymymyz “Sizde özboluşly pikirlenme bar” diýýädi.
- Hawa, onsoň synlamak işi nähili geçdi?
- Nätjek, eje halky bir diýensoň gepini gögerdýär. Oglanlaň biri bilen öýde oturdyk. Geldiler güsürdeşip, bäş-alty aýal-a bardy. Salam berip çykyberjek boldum-da, birden durup: “Nätdiňiz, gowy synladyňyzmy? Menem özümi tanaman ýörün, tanan bolsaňyz, soň, maňa-da habaryny ýetirersiňiz-dä” diýdim.
Bu wakany öň hem telim ýola ýaş-ýeleňleň arasynda gürrüň beren Narlyň edil garaşyşy ýaly bolmasa-da, Döndi barmaklary bilen agzyny gizläp hezil edip güldi.
- Hawa, özem şeýle bir ýumşaklyk bilen, ýüzümi ýerden galdyrman diýdim. Utanjyma gara suw derlänimem şu günki ýaly ýadymda. Nädersiň, barysy birden ýakalaryna tüýkürşip toba-da, toba boluşdylar. Şeý diýdim-de çykyp gitdim.
- Onsoň olaram gyzlaryny bermediler, şeýle gerek?
- Ýok, berdiler. Ýaşy segsenden geçen okumyş atasy bar eken. Bu waka şoň gulagyna degýär. Olam: “Akylly ýigit eken, gyzyňyzy eglemäň-de beriň” diýýär. Hiç kim o garryň gepinden çykyp bilmeýär. Şeýdibem öýlendim.
- Boýun alaýyň, öýlenmejek bolup bilgeşleýin şeýtdiňiz gerek?
- Ýok, öňünden şeýdeýin diýip eden zadym-a däl, ýöne öýlenesimem gelmeýädi. Özüm ýaly sungat bilen iş salyşýan birine duşaryn diýen umytjagazymam ýok däldi. Biriniň meni şeýle gowy görüp ömrüni maňa bagyş edenini, meniňem ony şoň ýaly eý görenimi isleýädim. Dogrusy, özüni maňa bagyşlamakda hiç kim keýwanym Nurgözelden öňe geçip bilmez welin.
- „Ýöne siz özüňizi Nurgözel gelnejeme bagyş edip bildiňzmi?“ diýip, gowusy, soramaýyn.
- Hawa, gowusy, sorama.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Üç ýaşuly üç tirkeş

Üç ýaşuly üç tirkeş bolup seslerini çykarman barýardylar. Işan aga özleriniň alňasaman obaň gündogar başyna tarap tutduryp baryşlaryny, „Ezraýyl bilen görşüp gaýdaýaly diýdik-de, çykaýdyk“ diýip, ýola düşenlere meňzetdi. Ikisi segsenden geçen, Annagam ýetmişden aşyp barýan gojalar – ölüm bilen diriligiň arasyndakyja menziljige ýetenler. Dymyşlygy Annak bozdy:
- Işan aga, adam jaýlanmanka, täze gonamçylyk boljak ýeriň daşyna öňünden haýat aýlanyp ýörülse, dogry bolarmyka?
Işan aga bu sowala geň ýylgyrdy. Keltejik boýly, ýumşak sesli Işan aganyň täsin ýylgyryşy bardy. Onuň ýylgyryşy garagollyk edip, onam ýaşyrjak bolýan agtygyna söýünç bilen seredip, ýylgyrýan gojanyňka-da, garaşman durka begenen çaganyňka-da meňzeýär. Aslynda, Işan aga adamlaryň pikir öwrüş ýollarynyňam ömürleri ýaly, dürli-dürlüdigine ýylgyrypdy. Allanyň bendesiniň hiç biriniň ýüzüni birinden alaga-da, beýlekisine goýaýmaýşy ýaly, pikirlenşinde-de, des-deň gaýtalanmanyň ýokdugyna çaga ýylgyryşy bilen ýylgyrypdy. Allanyň isleýşini görsene, „Ynsan başy ölümli“ diýlip, jedelsiz kabul edilen pikire-de, her kim öz oýlanyş ýodasy bilen barýar. Ol gonamçylygyň daşynyň haýaty barada hiç oýlanmandy, belki oýlanmazdam. Işan aga ýuwaş sesi bilen:
- Ölüler bilen dirileriň arasyny belertýän bir zat edilmeli bolar welin, boş ýere haýat aýlanyp ýörülse-de, birhiliräk bolaýmasa... – diýdi.
- Menem hälden bäri şony diýip otyryn-da...
Işan aga gürrüňi uzaltmady. Annagyň bu gün keýpi kök bolar. Telim ýerde, telim kişä bolan gürrüňi aýdyp berer. „Işan aga-da meň diýýänimi tassyklady, dogry diýdi“ diýer. Özüniň ýeňşini äleme jar eder. Ynsany ýaşy ölüme ýakynlaşdyrmaýan bolarly. Onuň üçin täze gonamçylyk – edil „täze köýnek“ diýen ýaly. Oňa çenli Sary:
- Baýlary, mollalary täze hökümet şähere ýygnaýamyşam-a diýýäler, Işan aga – diýdi.
- Hawa, şeý-ä diýýäler, kysmatdakyny görübermeli bor-da, Sary.
- Dagdan aşylaýsa näder?
Işan aga Sarynyň sowalyna-da ýylgyrdy oňaýdy...
Täze gonamçylyk, obaň baýlarynyň, mollalarynyň ýygnalýany baradaky gürrüňlerden soň, üýşüşip duran ýigitler gatyrak gülüşseler-de, gundagda ýatan bäbek jägildese-de, Işan agaň gulagyna başgaça eşidilýäninden iki garry habarsyz. Onuň üçin welin, dogup gelýän Gün hem, ýaşyp barýan Aýyň inçelip duruşy hem – başga. Ol Seýitmyrat neressäň jaýlanan günüden soň, her bir zada giden giňişlikde, Ýeriň aşagynda ýeke ýatanyň nazary bilen seredýärdi. Öňki oba öňki gonamçylyk, täze oba täze gonamçylyk. Sähelçe günden il arasynda: „Obaň „Kese agyz“ ady üýtgejekmiş, „Şöhle“ boljakmyş“ diýen gürrüň ýaýrady.
Dogrusy, indi bu ýadadan dünýeden gidenini kem görmeýän gojanyň ölümden gorkusy ýokdy. Işan aganyň ýüreginde başga bir düşnüksiz gorky döredi. Adaty gorky diýlen duýgynyň deňinden bir wagt geçip giden Işan aga ýüregine birden ornan täze gorkudan gorkýardy, emma bu gorky ony aljyratmaýardy, ýüregine dowulam salmaýardy. Gaýta, Işan agada bu gorkudan gorkmasa, gorkunç bolaýjak ýaly, duýgy bardy...
Soň obada ýene bir gelin ýaş üstünden gitdi. Gonamçylyk doldy hasap edilse-de, ol kysmaty ýamana-da, ýer tapdylar. Emma indikä bu gonamçylykda ýer ýok. Onuň iki tarapy ekin meýdanyna, bir ýany sil ugry – jara, beýleki gapdaly hem oba diräpdi. Doýmaz dolmaz gara Ýerem dolsa, dolup duruberjek eken.
Işan aga yzynda bäbegi diri galan gelniň ýedisini sowuşyp, agşamara ýaňy kitabyny eline alanda, Annagyň ardynjyranyny eşitdi.
- Geliber, Annak.
Gür sakgaly ýüzüniň köp bölegini tutup duransoň, diňe kiçijik gözleri ýyldyrap görünýän ýaşuly, öýe salam berip içeri girdi. Işan aga onyň ikindi bilen agşamyň arasynda gelmesini geň görse-de, syr bermedi. „Gelinler, ýene bir çaý äbereweriň“ diýmänkä, agtyjagy eli çäýnekli göründi.
- Aý, känbir çaý meýlimem ýok.
- Hä?
- Aý, Işan aga, garralypdyr. Ikindiden soň çaý içsem ýätyranok, telim çykmaly bolaýýan.
Niçigem bolsa, demlenen çaý yzyna äkidilmedi. Annagyň ýönelige gelmejegi belli. Işan aganyň welin, onuň habaryny alasy gelenok. Ahyry Annagyň özi morta habaryny berdi.
- Işan aga, bir-iki günlükde biz-ä sizsiz bir maslahat edendiris.
- Haýyr ola, o nämäň maslahaty?
- Çaga hem aýal adamdan başga, ýaş-u-garry tapawudy ýok, kim dünýeden ötse, täze gonamçylykda jaýlamaly diýişdik.
Işan aga „hä“ diýdi-de goýaýdy. Ýöne maslahatda „Işan aga haçan ýurduny başgalasa-da, gonambaşy bolar“ diýilenini aýtmaga Annagyň dili barmady. Aslynda, bu şeýle-de düşnükli. Ol esasy aýtjak zadyny aýtdy.
Işan agany ilki geň galdyran zat näme üçin özüniň bu maslahata çagyrylmanlygy boldy. „Gizlin maslahat edilipdir, indi ony maňa aýtmagyň näme manysy barka? Onsoňam gonamçylykda indi adam ýerläre ýer ýokdugy şeýle-de, belli ahyryn“ diýip oýlandy.
Iki garryň arasynda başga gürrüň bolmady. Annak näçe garaşsa-da, Işan agadan ýagşydan ýamandan, bir sözem alyp bilmedi. Emma Işan aganyň dili dymsa-da, aňy diýenini etmeýärdi.
„Näme üçin Annak mensiz edilen maslahaty maňa ýetirmäge howlukdyka? Munuň parahat wagtyny görmedim. Bu adam mydam galagoply, gözlerinden gorky gidenok. Gorky kalpda däl, gözde bolsa, pis görünjek ekeni. Görünýänden gorkýan, görünmeýänden gorkmaz. Görünmeýänden gorkmaýandanam her zat çykar. Maňa bahymrak öl diýmäge gelindigimkä şü...“
- Bor-da, öýe baraýyn. Birden-birden endamym gyzyberýär.
- Hä... Bor, bor...
Myhman çykyp gidensoň, Işan aga täret kyldy. Agşam namazyny tamamlan goja Kur‘any eline aldy. Gatyny açmazynyň öň ýany: „Alla şeýle bolanyny isleýär, şeýle-de bolar“ diýip, pikir edende, gözünden syýrygan iki damja Kitabyň daş sahabyna damdy. Köneliginden lowurdap duran gaýşyň ýüzünde az salym düwmelenen damjalar bir burça syrygyp gitdi.
„Eger diriligim meniň üçin haýyrly bolmajak bolsa... Meniň iň pynhan pikirlerimem, niýetimem, Saňa aýandyr. Şonuň üçin, ýaşyrynlyk etmäge utanýan. Allahym, meni ýanyňa ýygna! Rebbim, hiç kimi menden öňe salma! Diriligim üçin, meni öleniň öňünde müýnli halda goýma! Şu wagta çenli Senden imandan, Saňa ýakynlykdan başga zat dilemedim. Aýýarymlyjak oglum tamdyra salynan ýaly bolup ýatyrka-da, „Haýsy haýyrly bolsa şony et!“ diýdim. Ýa Reb! Bu meniň şu dünýede bähbidimi arap eden ýekeje dilegimdir. Dilegimi kabul et, ýa Ýaradan. We hüwä älä külli şeýýin gady-yýr.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Birden Narlyň ýadyna

* * *
Birden Narlyň ýadyna ogly Seýran düşüp gitdi. “Ine, Seýrana mynasyp gyz. Owadan, düşünjeli... Bildirip dur-a, hem sowremennaýa, hem asylly. Ýöne bu gyz Seýrana göwnärmikä? Wah, tanasa tans edip geler-le welin, nädip tanatjak? Nädip?” Narlyň göwnüne maşynyň tizligi gatalan, barjak ýerine has ýakynlan ýaly boldy.
- Bilýäňmi näme, Döndi, kelläme bir pikir geldi. Sen ýöne maňa dogry düşün, men seni oglum - Seýran bilen tanyşdyraýsam...
- Hä-ä?
- Diňe tanyşyň... başga hiç zat.
Döndi çyny bilen gülüp başlady:
- Size maşynym ýaraýdy öýdýän?
Döndüň maşyny, baýyň gyzydygy barada asla pikir etmekdik Narly ylgap barýarka büdrän ýaly boldy.
- Nämäň maşyny? Aý... ýok, beýle zat kelläme-de gelenok. Islemeseň özüň bilersiň. Men birden ýöne, göwün ýüwürtdim-de onam gizläp oturman aýdyp goýberdim. Maşynyň hakynda-ra pikirem etmändirin. Ýöne munuň bolup bilmejek zatdygyny gowy düşündirdiň – sen baýyň gyzy, biziň hatda hususy žigulimizem ýok.
Döndi ýaşulyň göwnüne degenine düşündi. Emma näme diýjegini bilmedi. Ýaşuly akyla sygmajak zadyň gürrüňini edýärdi. “Indi bir kemim köçede duşan nätanyşyň ogly bilen tanyşmak...”
- Narly aga, siz meni tanaňyzok, bileňizok, göreniňize-de ýarym sagadam bolanok. Eýýäm meni ogluňyz bilen tanyşdyrjak...
- A, çto? Durmuş tötänlikleri bilen nepowtorim. Men diňe tanyş boluň diýýän. Halaşyp-halaşmazlyk meselesi – ol öz işiňiz.
- I na to spasibo.
Ara dymyşlyk düşdi. Magnitofondan bir türk ýigidi “Kalbymy ýakma!” diýip aýdyma gygyrýardy.
- Bilýäňmi, näme üçin biz erkin, isleýşimiz ýaly, ýaşamany oňaramyzok? Ýok, sen bu meselede görýän ýaşlarymdan has öňe giden, ýöne şonda-da... Türkmene erkinligi söýýänligi bilen beýleki milletlerden tapawutlanýar diýýäler. Bu millet hiç kime hyzmat hem etmändir, bakna-da bolmandyr. Ýöne şu wagta çenli isleýşi ýaly ýaşaýan, isleýşi ýaly özüni alyp barýan, isleýşi ýaly pikirlenýän türkmene gaty az duşdum diýen ýaly.
“Isleýşi ýalylary” hatarlap gatyrak gitjek bolýanyny duýan Narly soňuny “diýen ýaly” diýip ýuwmarlady.
- Gel, erkin pikrleneli-le. Meniň oglum ýokary bilimli, kstati, fransuz dilini gutaran. Düşünjeli, sowatly.
Narly “Bäş wagt namamazly” diýjek boldy-da saklandy.
- Tanyşlyk. Çto tut takogo?
Ýaşulyň ellerini iki ýana gerip, dyzyna urup, Döndä haýran galýandygyny hereketleri arkaly ökdelik bilen görkezişi gyzyň has hem gülküsini tutdurdy.
- «Her maşynynma münen ýaşulyň ogly bilen tanyşjak bolsam» diýýänsiň, ýöne
uweren, menden başga saňa öz ogly bilen tanyşmagy teklip eden ýekeje ýaşulam ýokdur. Şeýle gerek, ýöne çestno?
- Hudaýa şükür, şol-a şeýle.
- Gördüňmi? Ýaşamaly. Akmaly däl, ýüzmeli. Durmuşyň lezzeti, manysy şunda.

* * *
Garamurtuň iş bolsa-bolmasa edarada ýatmak häsiýeti aýaly üçinem kemje kerdem däldi. Oglam oglanjykka-ra kakasynyň işde ýatyp turmasyny kän bilmedi. Ulalansoň hem kakasynyň kimdigini, näme işler edenini aýdanyndan, ýaşyranyny kem görmedi. Ejesiniň ýanyna gelýän «Alik daýy» oňa murtlak, hyýrsyz adamdan has mährem göründi.
Ýyllar geçdi. Garamurt üçin agyr günler başlandy – uruş turdy, adam atylmasy galdy. Ýogsa Garamurt üçin uruş turdy-turmady birdi. Onuň urşa alynjak aladasy ýok – milisiýa işgärleri bronlydy. Ol harby eşikli, uzak gününi edaranyň darajyk kabinetinde o burçdan, o burça gatnap geçirýärdi hem özüniň urşa alynmaýanyna begenýärdi. «Diňe şu bähbidem ähli zada degýär» diýip, özüne jellatlyk käriniň ynananylanyna depesi göge ýetýärdi.
Garamurt urşuň nähili gutaranyny hem bilmedi. Çünki uruş ýyllary radiodan Lewitany diňlärdi, milisiýaň işgärleri bilen urşuň gürrüňini ederdi. Kim urşa gitmejek bolup gaçgaklyk etse, ony tutmaga kömekleşerdi. Uruşdan soň welin, onuň güni asla-da geçmedi. Stalin öldi. Bir günem onuň kabinetindäki üç suratyň biriniň, iň erkek kişi saýýanynyň suratyny alyp gitdiler. Staliniň suraty äkidilensoň Garamurtuň göwnüne kabineti boşap galan ýaly bolaýdy. Ol surat Garamurtuň arkasynyň dagy, öňüniň galkanydy ahyryn. Soňa-baka ol «Staliniň guýrugy» diýlip atylmakdan gorkup başlady. Ýüzüne kül sepilen ýaly bolan murtlary sallandy, sesi ýuwaşady. Emma ony atmadylar – türmä garawül etdiler. Özüniň atylmajagyna düşünen Garamurt muňa begense-de, bu işigaýdan üçin tutulanlary atmasa işi netijesiz ýalydy. Garawulçylygyndan hiç hili lezzet almaýan garry özüni gapyň öňünde goýlan gury töňňe ýaly görýärdi. Ýaşy hem gidip barýardy. Indi elleri sandyraýardy. Şol sebäpden oňa setanda-seýranda atuw jezasy berlýänlerem atdyrmaýardylar. Garamurtuň ýigrendigi ýaşlar ýetişýärdi. Ol ýaşlary garrylaryň belasy saýýardy. Olar köpeldigiçe, garrylar azalýardy. Muňa garamazdan, Garamurt öljege meňzänokdy, heniz hem kellesi çüri, maňlaýy bäş ýyldyzly papakly, köne şinelli milisiýaň jaýynda ýatyp-turup ýördi. Täze gelenler oňa indi hiç işi hem etdirmeýärdiler – “Seni pensiýa çykardyk, biziň weteranymyz” diýýärdiler. Milisiýaň jaýyny boşat hem diýip bilmeýärdiler. “Aý, ýene ýaşasa sähel ýyl ýaşar, öler gider-dä” diýip oňşuk edýärdiler. Garamurt bolsa, ne ýasa görünýärdi, ne-de toýa gidýärdi. Dört diwar, Leniniň, Dzeržinskiniň suratlary onuň gürrüňdeşi, ýakyn ýoldaşydy. Dogrusy, Stalin gideli bäri olar bilenem uzak gürleşip durmaýardy. Garamurtuň iň köp gaýtalaýan sözi türkmençä geçirseň hiç bir manysyz, diliň ugruna «şeýle» diýmegi aňladýan ors sözi «takdy». Bu sözi ol uzadyp «ta-ak» dýip aýdardy-da, ýene darajyk otagynyň o burçundan beýleki burçuna gatnap başlardy. Onuň içini hümledip, nämäniň pikirini edýänini bilýän ýok. Asla hiç zadyň pikirini etmeýän bolsa-da, belli däl.
Garamurt diňe oglunyň toýunda zordan ýarym sagat oturyp gaýdypdy. Çünki her kimiň gözi gadym woýenniý eşikli, goçuň şahy ýaly çal murtly adamdady. Toýa gelenler barmaklaryny çommaldyşyp «kakasy-da, kakasy» bolşup, ony biri-bilerine görkezişýärdiler. Aýaly, oglam onuň barlygyndan utanýan ýalydy. Ýaşulular hem edil geplese atylaýjak ýaly, Garamurtuň ýanynda dymyşyp otyrdylar. Ekin-tikiniň, ýagyş-ýagmyryň gürrüňini etseler hem Garamurt olara goşulşyp bilmeýärdi. Onuň üçin ekin bitdi-bitmedi, ýagyş ýagdy-ýagmady tapawudy ýokdy. Garamurt ahyry çydamady, hiç kim bilen gepleşmän doňdurylan ýaly oturdy-oturdy-da, toýdan iki çüýşe arak alyp, çykyp gitdi. Kabinetine gelibem çüýşäň başynda teke bazaryň çaýhanasyny, işan-mollalary atyşyny ýatlady (onda ýatlara başga zat hem ýokdy). Birden hem onuň ýadyna arak içmäni öwreden, soň DEPO işe ýerleşdiren garry ors düşdi.
- Barmykan-aý? Ýa ölüp gitdimikä? Ölen bolaýmasa?
Garamurtuň nije ýyldyr doňan ýüreginde çalaja ýyly döräp ugran ýaly boldy. Aňynda mähir bilen ýatlap biljek ýekeje-de bolsa, bir adamyň bardygyna onuň özem geň galdy. «Bolmanda mazaryny taparyn» diýip, ors mazarçylygyna gitjek boldy. Emma aýaklary diýenini etmedi. Daşarda-da eýýäm garaňky düşüpdi. Garamurtuň iň halamaýan zady garaňkylykdy. Ol garaňkydan gorkýardy. Garaňkyda gözüne her hili zatlar görünýärdi. Şonuň üçin ol ýatanda-da çyrany öçürmän ýatýardy.
Garamurt käsesini arakdan dolduryp, garry orsuň hatyrasyna içäýmekden başga alaç tapmady. Duz datman diýen ýaly, tä ýykylynça içdi. Bu onuň iş ýerinde ilkinji hem iň soňky gezek düzgüni bozan gezegi boldy. Ol uzak gün kellesini ýassykdan galdyrman ýatdy. Ýöne ertesi ýene öňki düzgünine mündi.

* * *
- Işan aga öýdedir?
Işan aga ukudan oýanan ýaly, tisginip gitdi. Gapydan salam berip, Hallow kürt girdi...

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Bu waka bolup

* * *
Bu waka bolup geçende Işan aga kyrk ýaşlaryndady. Ol wagtlar ýanynda ýylan saklaýany üçin „Ýylançy Işan“ ady bilen meşhurdy.
Kakaly baýyň gapy guly Hallow kürt ýorunja ýatyrýardy. Oňa has golaý baraýmasaň, maňňalynyň görünjek gümany ýokdy. Emma yzynda namazlyk ýazybermeli edip barýan daýaw burunlak ýigidi sähel beýleräkden synlasaň welin, guşaklygyňa düşüp duran gülli ýorunjaň içinde bir diwana eginlerini bir saga, bir sola öwürip, agzyndan köpük saçyp durmyka diýdirýärdi. Ol Ýylançy Işanyň geçip barýanyny gördi-de, maňňalyny taşlap, öňünden çykdy.
- Işan aga, es-salowmaleýkim.
- Waleýkim es-salam. Hä, Hallow gurgunmyň?
- Allaha şükür. Hallow jany sagdyr welinim...
Işan aga Eýran obalaryndan olja alynyp getirlen maňlaýy garaň näme arzynyň baryny aýtmanka aňan kimin nurana hem syrly ýylgyrdy.
- Aýdyber, welinimiň näme?
- Işan aga, döwletiň köp-köp bolsun welinim, amma turkmen baý ýamandyr. Meni horlaýandyr.
- Näme, Kakaly köp işledýämi?
- Hallow kürt işden gaçmaýandyr. Ol gije rahat ýatmaz. Zynjyrly ýatadyr.
Işan aga çalgyrdyrak bolsa-da, dilini gowy düşündirýän Hallow kürte kellesini birýana ýykyp, içgin-içgin seretdi-de, soň hem, parahat, ýumşak sesi bilen, Kakaly baýyň edýänini makullaýan äheňde:
- Gije zynjyrlaýan bolsa, gaçarsyň öýdýänir-dä – diýdi.
- Ýok, Hallow gaçmaz.
Işan aga kiçiden ýiti gözlerini hasam kiçeldip:
- Diýseňem gaçaýmasaň? – diýip, ýene ýylgyrdy.
- Gaçmaz, Hallow kürt sözünde durýandyr.
- Seňem ýurduňa aşasyň gelýändir-ä?
- Gaçman, Işan aga.
- Üç gezek gaçmaryn diýdiň, bolýar, Kakaly baýa aýdaýaryn.
Ýylançy Işan Hallowa „Men seni boşatdyraýsam nädýär?“ diýse-de, ýurdundan jyda düşen biçäräniň „Ýök“ diýmejegi belli, emma Hallowyň sabyrsyz lowurdaýan gözlerinden başga bir many gördi. Diýmek, Alla şony isleýär.
Işan aga diýensoň, „ýok“ diýip bolýarmy – Kakaly baý gulunyň zynjyryny aýyrdy. Hallow bir-iki gün hezil etdi. Üçülenji gün welin, ukusy tutsunda. Dagyň aňyrsy ony özüne çekdi durdy. Ýary gijeden agyp, it uklansoň, ol ýüzüni ilerligine tutdurdy-da, obadan çykdy. Daň ýaňy agaranda, dagyň gerşine dyrmaşyp barýan Hallow, gaýaň depesinde Işanyň duranyny gördi. Ol: „Bu wagt Işan aga bu ýerde näme işleýärkä?“ diýibem oýlanman, derrew ýowşanyň aňyrsynda gizlenip, deräň ugry bilen bukdaklap gitdi. Ýöne deräň gutaran ýerinde-de, üstüne owsun atýan mähnet ýylana gözi düşen biçäre gaçgak, ýylçyr daşyň üstüne çökäýdi. Hallowyň göwnüne ýylanyň ýüzünde Ýylançy Işanyň keşbi görnüp gidýärdi. Hallow elini ahmyrly silkip, „Haý, bolmady“ diýdi-de yzyna dolandy.
- Ýeri-how Hallow, nirä ýitirim bolduň?
- Ýurduma aşjakdym, Işan aga goýberen däldir...
Bu wakadan bäş-üç gün geçenden soň, Kakaly baý bilen Ýylançy Işanyň arasynda şeýle gürrüň bolupdyr diýýäler.
- Şol gün „Guluňy azat et, Allaň sogabyny gazan“ diýmek üçin, ýörite ýanyňa gaýdypdym. Garamaňlaý öňümden çykanda-da: „Meni baý agadan dile-de, azat et“ diýer, işim hasam aňsatlaşar öýdüpdim. Gul bolsa, üç gezek „gaçman“ diýip, söz edip dur. „Elbet, ryzky kesearkaja sepilendir“ diýip, bialaç saňa: „Guluň zynjyryny aýyr“ diýdim. Iki arada onuň ýurduna gowuşmazlygyna sebäp boldum. Kakaly, sen ol petigara pylanyň gyzyny alyp ber-de, öýer. Nikasyny özüm gyýaýyn.
- Olar gyzlaryny gula berermikäler?
- Bererler, ony özüm gürleşerin, senem zadyňy gysganma, galyňyny aşa kes.
- Bolar.
„Ýylançy Işan Hallowyň öňünden cykyp durman, ýurduna goýberäýende-de Kakaly baý garyp galasy ýokdu-la“ diýip, telim ýerde dil uzadan Annak, elbetde, bu gürrüňden habarsyzdy.

* * *
Döndi kän bir pitwa-da etmedik adamsynyň ýuwaş-ýuwaş jadylap barýanyny duýdy. Ýöne onuň «akyp ýörmekden» ýadanam çyndy.
- Siz bar zady ogluňyzyň ýerine çözüp otyrsyňyz, oň göwnünde nämä bardygyny nä bilýäňiz? Ýa ol bir zat tapsaňyz razymy?
Narly meseläň ogluna ýazmagyny gyzyň ýumşap ugradygy diýip düşündi.
- Garganyň gaz balasy diýýä. Oglumy öwjegem däl, syndyrjagam. Görüşiň tanyşyň. Ýöne her öň ýetene oglum bilen tanyş diýip ýörendir öýdýän bolsaň ýalňyşýaň.
Döndi näme diýjegini bilmedi. Içinden «Bu nirden başyma bela boldy?» diýse-de, ýagdaýdan bir çykalga tapmalydy.
- «Howdana-ra» geldik.
- Hä. Halan ýeriňizde saklaýyň. Indi aňryk daş däl.
- Narly aga nähak ýere menden öýkeleýäňiz.
- Ýok, näme üçin öýkeläýin. Şo-ondan getirdiňiz. Ýöne şu bolşumyza hiç wagtam türkmen ýewropalyň yzyndan ýetmez.
- Bu ýere Ýowropa nirden geldi? Göni gidibermelimi?
- Ýok, çynymy aýdýan saklaýyň, mundan aňryk pyýada giderin.
Ýaşulyň hötjetligine näçe gahary gelse-de, Döndi ony munça getirip, iň soňunda-da köçede öýkeli taşlap gidesi gelmedi.
- Ogluna duşuşyk belläp ýören kakany birinji gezek görýän. Nähilem bolsa, nädip gelenimiz-ä bilmedik.
- Siz terse barýaňyz.
Döndi maşyny sakga saklady. Maşyn durany bilen Narly onuň gapysyny açdy.
- Bolýa, sag boluň. Bilmän göwnüňize degen bolsam bagyşlaň.
Maşyndan düşüp gidiberjek ýaly eden Narly ýene saklandy, gaňrylyp, gyzyň ýüzüne seretdi-de:
- Baýyň gyzlarynyň gedem bolýanyn-a eşidýädim welin, edil beýledir öýtmeýädim – diýdi.
- Bagyşlaň, Narly aga, men gideýin.
Ak «Mersedes» ýöräp ugrandan soň, tamasynyň puja çykanyna düşünen ýaşuly hudožnige elini galgadyp Döndi bilen hoşlaşmakdan başga alaç galmady.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Olar esli wagt

* * *
Olar esli wagt seslerini çykarman ýatdylar. Birden Sülgün:
- Sen öz portretiňi çeksene, Işan ataň dogulmadyk çowlugynyň portretini – diýdi. Narly muňa näme diýjegini, nähili düşünjegini bilmedi. Hernä Sülgün gürrüňini dowam etdi.
- Eger ataň 37-de atylmadyk bolsa, sen başga bir Narly bolardyň. Senem bir dogulmadygyň biri ahyryn.
Narlyň endamy tikenekläp gitdi. Sülgün bolsa, hiç zat aýtmadyk ýaly parahat turup, aşhana gitdi. Onuň şakyrdysyndan kofe gaýnadany bellidi.
„Öňi-soňy indi aňsat-aňsat uklanmajagyny bilýä. Enaýyja gaplarda şekerinem laýyk edip getirer. Şoň üçinem men oň ýesiri-dä. Pikirlenişini diýsene. Senem dogulmadyklaryň biri... Owf! Näme üçin Nurgözel şeýdip kofe getirip bilmeýärkä? Ýadawdygyňy, uklap bilmeýäniňi, uklasyň gelmeýänini duýup, sesini çykarman aşhana tarap kofe gaýnatmaga gidibermeýärkä? Ýa-da almaň gabygyna çenli aýyryp, inçe kesişdirip, gelşiklije gapda öňüňde goýmany oňarmaýarka? Aý, olaryň dert-aladasy ýetik, öý, hojalyk, mal-gara... dogry, ýöne şonda-da şonça işe ýetişeňsoň iň zerurja, sähelçe işem edip biläýmeli ýaly. Megerem, bu düşünjesizlikden. Düşünjeli adam duýgur bolýa. Muňa duýgurlyk gerek.“
- Kofä süýdem goşaýynmy?
- Ýok, gerek däl.
Az salymdan taýýar kofeli dolanyp gelen gelin otagyň diwarynda oturdylan ölügsije yşygy ýakdy hem magnitofony işletdi. Bethoweniň «Aý sonatasynyň» pesaýja sesi geldi.

* * *
Ýyllar bolsa geçiberdi. Garamurtuň agtyklary dünýä indi. Olaryň bolanynyň käbirinden habarly bolsa, köpüsini-hä bilmedi hem. Öň milisiýada bile işlän, «Men ilki işe başlamda-da şar gara murtyny towlap, gara ädigini günde iki ýaglap, adam atyp ýördi» diýýän ýaşulular hem öldi gitdi. Garamurt welin ölenokdy. Hepde-de bir gün agtyjak gyzlarynyň biri (Ol gyzjagazyň özüdigini Sülgün Narla aýtmady) kirli eşiklerini alyp gidip, ýuwulgylaryny getirýärdi. Käte öýlerinde palaw, manty bişse-de getirip giderdi. Emma atasy bilen kän gürleşip oturyp bilmezdi. Dogrusy, Garamurtyň özi agtygyna ýüz bermezdi. Onuň ýaşynam anyk bilýän ýokdy. Ýöne Garamurtda ýekeje gara gyl galmady. Kän Gün görmänsoň ýüzüniň hem reňki üýtgäp, gögerdi. Agaran murty birhili ýakymsyz gyzgylt sary öwüsdi. Şonda-da ol irden turýardy, maşklaryny doly edýärdi, sowuk suwa düşünýärdi. Hatda il arasynda «Ony öldürmeýän irden sowuk suwa düşünmesi» diýibem gürrüň edýärdiler. Ahyry sowuk suwuňam güýji gaçdy.

***
...Bu gün Garamurt aladaňdandan düşegine çüýlenen ýaly bolaýdy. Ol turjak bolýardy welin, hatda dyzabam, özüne agram salybam bilmeýärdi. Hamala göwresi ýok ýalydy. Ysmaz bolan Garamurtuň göwnüne ähli bela iki suratdan – Lenin bilen Dzeržinskiniň könelip, saralyp giden portretlerinden gelýärdi. Emma olara garşy elinden gelýän zat ýokdy, hatda bogazyna sygdygyndan gygyryp hem bilmeýärdi. Garamurtuň ala-takyrdy bolup, ukyň nebir süýji wagty oýarmandygyny dokuzyň öň ýany tisginip turan nobatçy hem duýmady. Iş başlap, aladalar köpelensoň-a Garmurt diýlen bir aýagyny göre sokup oturan garryň dünýede bardygy hem unudyldy. Diňe gün günortana ýetende edarany syryp-süpürýän Amanbibi daýzaň ýadyna Garamurt düşdi. Ol nobatça «Gyýw, janym. Bu gün garry milisgeden ses-üýn çykmady-la» diýdi. Birden göwnüne howsala düşen ýaş ýigit ylgap, Garamurtyň gapysyna geldi. Gapy içinden ildirilgidi. Onuň gapyny kakmasyna garry ses bermeýärdi. Nobatçy egni bilen gapyny itip kilti goparjak boldy – başarmady. Ol näme etjegini bilmän, uzyn koridorda ondan oňa ylgady. Garamurt welin, bir wagtky «ors öwlüýäsinde» özüni asjak bolan Garamurt däl ýalydy. Garrap sandan galan, ýaşynyň näçedigem bilinmeýän bu ülhidiň ýaşasy gelýärdi. Ol bir hysyrdyň bardygyny aňyp gapa seredýärdi. Lenin bilen Dzeržinskiý bolsa bir zatlar diýişýärdiler. Olar türkmençe gürleýän ýaly bolsalar hem Garamurt olaryň näme diýişýändigini aňşyrmaýardy. Ol özüni nähili hem bolsa aklajak bolup: «Stalini näme üçin äkitdiňiz? Şo gitdi siziňem badyňyz gaçdy. Getiriň murty, getieirň. Bar zat ýerbe-ýer bolar» diýýändirin öýdýärdi. Ahyry nobatçynyň akylyna naçalnigine telefon etmek geldi:
- Şol garry ölýä diýibem maňa azar berýäňmi? Ussa Mişany tap. Gapyny döwsün-de açsyn.

* * *
Ynha, indem Annagyň duýduryşyndan soň Hallow başga bir duýduryş bilen Işan agaň öňünde çök düşüp otyr:
- Işan aga, Hallow ýurduna gaçyp barjak, Işan agany aldadyp ýaşajakdy. Ýalançy bolup öljekdi. Siziň bilen razylaşmajakdy. O dünýede jogap tapmajakdy. Siz Hallowy göýberen däldir. Dowzaha goýberen däldir... Razy boluň!
Üstünden kyrk ýyldanam köp wagt geçen waka üçin Hallowyň gelip razylaşmasyna Işan aganyň ýüreginiň urmasy güýçlendi.
- Näme bir zat eşitdiňmi, Hallow?
- Hawa, Işan aga. Ertir seni hökümet ýygnajakmyşdyr. Garamurtyň özi geljekmiş.
- Ony sen nireden eşitdiň?
- Annak aýdandyr. Onuň Hudaýsyzlar bilen arasy bar.
Işan aga ýüzüni ýerden galdyrman az salym dymyp oturdy.
- Men ynjytman dagdan aşyrjakdyryn, ýör, Işan aga. O ýurtda arkaňda Hallow kürt durjak. Çybynyň burny ganamajak.
- Ýok, Hallow. Allah seni öz penasynda saklasyn. Biziň kysmatymyz şu ýere ýazylan. Ondan bize gaçmak bolmaýar. Bu Allahyň islegi. Beýle islegi getiren günämiziň agramy biz götererden agyr bolmasynd-a hernä…

* * *
Ertesi Işan agany hakykatdan hem aýagy ýalpyldawuk ädikli, murty pişge ýaly, töwerege meşhur jellat – Garamurt diýilýän, nökerleri bilen gelip, alyp gitdi. On-onki günden soň, Ýylançy Işanyň jesedini getirdiler. Ol „Şöhle“ obasynda täze açylan gonamçylykda ilki bolup jaýlandy hem gonambaşy edildi. Obada ýene biri dünýeden ötüp goňşy bolýança-da, Işan agaň ýalňyz guburynyň ýanynda Hallow kürt ýatdy. Ýogsa oňa şeýt diýen hem ýokdy...

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Bir sagat çemesi wagt

* * *
Bir sagat çemesi wagt geçenden soň, ussa Mişa tapyldy. Garamurtda bolsa gapy açylar diýen umyt galmandy. Ol henizem diwaradan aşak düşen hyýrsyz adamlaryň öňünde özüni aklajak bolýardy:
- Atmaly diýdiňiz atdym. Stalin “At!“ diýdi, men bir kiçijik adam. Barynyň günäkäri, baryny eden Stalin. Men ahmyrymy atdym, arymy atdym, armanymy atdym. Meň ölesim gelenok. Ölesim gelenok...
Gapy döwüldi. Nobatçy kürsäp jaýa girdi. Garamurt gözünden akan ýaşam süpürip bilmän gelenlere emenip seredip ýatyrdy.
Çakylyga gelen lukmanlar Garamurtuň bäş-alty günden artyk ýaşamajakdygyny aýtdylar. Naçalnik derrew onuň ogluna jaň etdi. Ogly, agtyklary ýörite maşynly gelip, Garamurty edaradan öýe, oba ýygnadylar. Garamurt töweregine garanjaklap «Meni nirä getirdiňiz?» diýjek bolýardy. Birden ol ogluny tanady. Megerem, özüniň öýüne getirilenine-de düşünendir-dä, Garamurt zordan «Maýsa... Maýsa...» diýip, pyşyrdady. Onuň agzyna gulagyny goýup sözlerini saýgarjak bolýan ogly: «Kaka, ejemiň ölenine on ýyl boldy, ony bilýäň-ä» diýdi. Mundan soň, Garamurt bir zatlar ýatlajak bolýan ýaly hanasynyň düýbüne çöken, nury öçük, çöňňelen gözlerini depesine dikip, sesini çykarman uzak ýatdy. Şondan soň, ol asla, gürlemedi. Hor çekgeleri sallanaýdy. Hatda ajygýan, suwsaýan hem diýmedi. Agtyklary onuň iýjek-içjegini agzyna tutup berdiler.
Garamurtuň öýüne getirileniniň bäşinji günüdi. Gyrasy çala gädilen Aýyň ýagtysy demini sanap, dilsiz-agyzsyz ýtanyň ýüzüne düşýärdi. Ol gabagyny zordan galdyryp, Aýa seretdi-de, ýene gözlerini ýumdy. Aýyň keşbi onda geň pikirleri oýardy.
«Näme üçin ýaşasym, Aýyň nuruna seredesim gelýärkä? Mawzermi tapman alaňlaň arasynda togalanýarkamam Aý aýdyňdy. Ýadyma düşýä. Men şonda Aýa-da sögünipdim. Şondan soň bir gezegem Aýa seredenim ýadyma düşenok. Bu gün şondan bäri birinji gezek Aýy göresim gelýär.»
Garamurt ýene gabagyny galdyrdy. Aýyň reňki oňa ors mazarçylygyndaky asmanyň mawy reňkiniň owadanlygy ýaly owadan göründi.
«Asyl men murtumyň kesilen güni ölen ekenim. Şonça ýyllap özümiň ölenimi nädip bilmedimkäm? Ölen ölenini bilmese nähili bor?! Batan Aýymyň täzeden dogjak bolup durşumyka bi?»
Agtyklarynyň biri:
- Aýyň ýagtysy gözüne düşýär öýdýän – diýeniinden, beýlekisi galyň tutyny penjiräň öňüne çekdi. Aýyň öňi tutuldy.
Garamurt «Açyň!» diýip, gygyrjak boldy, emma basylan dili «Açyň!» diýdimi «Atyň!» diýdimi saýgartmady. Ýaşy altmyşdan geçen ogly:
- Işigaýdan henizem adam atyp ýatyr-ow – diýdi. Oglunyň aýdanlaryny aýyl-saýyl eşiden Garamurt gözlerini ýumup oňaýdy.
Orsuň jelladynyň iň soňky aýdan sözleri şu düşünilmedik sözler boldy. Ol ýatylmazynyň öň ýany jan berdi.

* * *
- Hmm. Öz garyndaşlaryňyzdan birimi?
- Kim? Garamurtmy? Ýok, goňşy daýza gürrüň berdi.
- Hä.
Kofe iki gezek getirlip, ikisem içilipdi. Indi geçip ýatylyberse-de boljakdy welin, Narly Sülgüne Döndi hakynda gürrüň berdi. Iň soňunda-da ony ogly Seýran bilen duşuşmaga göwnedip bilmändigine çenli aýtdy. Sülgün Narlyň elnden çekip, düşegine geçirdi-de:
- Eh, meň at gazanan hudožnigim, garrapdyryn diý-de gutar-da. Öňler Piterde okap gelen iskusstwowedka Sülgüni toruňa düşürýädiň. Indi bir zat görmedik gyzjagazam ogluň bilen duşuryp bilmänsiň – diýdi.
- O, ony bir görsediň...
Sülgün ýatan ýerinden yşygy öçürdi.
- Öňi-soňy Seýran o gyz bilen ýaşaşyp bilmezdi. Ol seň ýaly däl, başga adam.
- Oňa totam eje äber diýjek bolýaňmy?
- Ýok, ýöne ýönekeýräk gyz bolsa, gowy ýaşaşaýmasa. Ogluň seň ýaly başyna dert gözläp ýörenlerden däl...

***
Siz Hallow kürt däl... ýazgytdan gaçmadyňyz. Men gaçjak bolandyr. Emma Işan aga Allahdan „Maňa-da seniň gonamçylygyňda jaýlanmak nesip etsin, iň gyra çetinde bolsa-da razy“ diýip, dileg etsem, günä boljakmydyr? Siz meni dowzaha goýberen dälsiňiz, emma men sizi kapyryň elinden halas edip bilmedim...
Birden golaý gapdalynda turan galmagala Hallow kürt zowwe dikeldi.
- Dur, gaçma! Ataryn!
Hallow kürt özüne tarap ylgap gelýän adamyň sapançasyndan ot çykanyny görüp galdy. Aňy welin, hiç zada düşünmedi.
Gaçgagyň yzyndan kowalap gelýän, maňlaýy gyzyl ýyldyzly çürrük papaklylaryň biri şobada jan beren Hallowyň başyny galdyryp:
- Haý ajaly ýeten... – diýdi.
Bahym daň hem atdy. „Şöhle“ obasynyň adamlary Säwlik bilen ýurduny başgalan Hallowy Işan aganyň gapdalynda, ganyna boýalan kiliminiň ýerinde jaýlady...

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Gün günortana golaý

* * *
Gün günortana golaý oýanan Narly gerinjiräp töweregine seretdi. Ümsümlik. Sülgün işine gidipdir. „Dogulmadyklaryň portreti“ ýadyna düşenden ýaşuly ýorganyny serpip dikeldi, pişik ýuwunşyny edip, gyssanmaç geýindi-de, Sülgüniň taýýarlan ertiliginem iýmän ussahanasyna tarap haýdap ugrady. Onuň aňynda portretler biri-biriniň öňüne geçsem diýýärdi. Narly düýnki toýda içilen arakdanmy ýa-da Sülgün bilen gürrüňe gyzyp giç ýatanyndanmy kellesiniň çalarak agyrýanyna çytylýardy.
„Wah, şu wagt ýyljak suwly howuza girip çyksaň, bir ýaşajyk zenanam endamlaryňy owkalap, gowja ezse, täzeden dünýä inäýersiň-le. Nädersiň, onsoň, portretler yz-yza ýazylyberse. Aslynda, olaryň hemmsini bir holsta ýerleşdirsem ýa-da triptih ýaly bir zat?..“
Narly ussahanasynyň gapysynyň gulpuna açary sokanam şoldy, aňyrdan özi ýaly suratkeşleriň biri göründi. «Nähili-de, nähili» diýişersiň-dä.
- Dos jan, kelleler agyrýa.
- Aý, agyrara kelle tapylsa, ony bejermek aňsat. Ýöne men bir kelläň gürrüňini edýän.
Öz-özi dörän degişmä olar hezil edip gülüşdiler. Soň derrew çüýşe-de geldi, pomidor, soganjygam. Kelleagyrydanam nam-nyşan galmady.
- Eşitdiňmi, gonamçylyklary ýapypdyrlar.
- Nähili ýapypdyrlar?
- Nähili bor. Ýapypdyrlar i wsýo. Agzynda iki sany milisge «Bolanok» diýip dur diýýä.
- Aý, nätdiň-aý. Näme indi ölmelem dälmikä? Biziň-ä ýekeje çykalgamyz şol.
- Ýok-laý, ölübermeli, oňa hiç kim garşy däl, ýöne islän ýeriňde jaýlanmaga hakyň ýok.
Narly dostunyň näme diýjek bolýanyna ýa-da oýun edýänine düşünmedi.
- Näme gözüňi tegeleýäň? Öldüňmi, požaluýsta, Çoganla gitmeli.
- O nämäň Çoganlysy? Näme üçin gitmeli?
- Öleniň üçin.
Narlyň kärdeşi aragyň keýpem üstüne ýoldaşynyň sadalygyna kikir-kikir edip gülýärdi.
- Şeýle-dä dost, öldüň gutardy, Çoganla tarap marş. Ölmeseňem islän ýeriňde geziwerýeň, geziwerýeň.
Daşhowuz şiwesine öýkünmegem suratkeşleň arasynda täze çykan ýoňdy. Munuňam jaý ýerine düşenine hasam keýpi göterlen suratkeş burnunyň aşagynda pežžerip duran murtuny sypalap, hezil edip gülýärdi. Narlam dostunyň ugruna gülen bolsa-da Çoganlyly gürrüňe hiç düşünip bilmeýärdi, hem özüniň şular ýaly ýerde kütekligine jany ýanýardy.
- Nätdiň-aý, ýaş-şuly. Öň obada biri ýogalsa nädýädiler? Golaýyňyzdaky gonamçylyga eltip jaýlaýardylar, indi beýle etmek gadagan. Her öwlüýäň başynda iki sany milisge dur. Ölüňi Çoganla äkitmeli. Şo taýdan täze gonamçylyk açypdyrlar. Orsuň türkmeniň, kapyryň-musulmanyň ýok – baryň ölüňi Çoganla eltmeli. Elbetde, ors mazaryçylygy aýratyndyr, ýöne baryb-a görmedim. Täzeje täzelik.
- Eý, o nähili bolýar-aý? Meniň Işan atamyň öwlüýäsinde jaýlanasym gelýä.
- Onda entejik ölmejek bol. Häzir-ä şol bolanok. Hany, guý. Bir tarapdan dogram-laý. Şäheriň ortasynda-da, çar tarapynda-da mazarçylyk. Obalaňam edil alkymy öwlüýäçilik. Orslaň kladbişşeleri ýaly bagly-gülli, oturgyçly parka gaýra dur diýýän gonamçylyklarymyz bolsa... Aý, dawaý, saglyk bolsun, entejik ölmäli.

* * *
«Garamurt ýogalypdyr» diýlen habar şo gije oba ýaýrady. Obadaky mollalaryň biri daň atandan gapysyndaky goýunlaryny öňüne salyp, öýündäkilere-de «Garamurtuňkylar idese, meň nirdedigimi salgy bermäň» diýip, berk tabşyryp, gaýraky tutlyga siňdi. Beýlekisi-hä «Bir hepdeden gelerin» diýip, Tejende oturýan garyndaşynyňka gitdi. Murty sallanyp ýatan ölini welin, jaýlamalydy. Ogly, agtyklary uly obadan molla gözleýärdiler. Niçigem bolsa, Garamurtuň ogly goýun bakmaga giden mollany tapdy. Ol molladan aýyp bir işi etmegi haýyş edýän ýaly ýüzüni ýerden galdyrman:
- Goýunlaryňa sereder ýaly oglanam alyp geldim. Etmelisini edip gaýtsaňyz bolýa, molla aga. Item ölse gömülýändir-ä, o näme indi öýde porsap ýatsynmy? Edilmelsini edip gaýtsaňyz... – diýip ýalbardy.
Molla ahyry gönülemeli boldy:
- Özüne edilmelisini onuň özi edendir. Ony barylmajak, görülmejek çörlüräk, çöp-çalamrak bir ýere duwlaýyň. «Pylanyňkylar kakalaryny şeýdäýipdirler» diýip, il sizi ýazgarmaz.
Bu anyk jogapdan soň Garamurtuň ogly sesini çykarman yzyna dolandy.

* * *
Çüýşe boşady. Ikinjä gidilmedi. Narly göwnemedi. Onuň göz öňüne agzy polisiýaly Muhammetnur işan atasynyň gonamçylygy geldi durdy. Göwnüne atasy tussag edilen ýaly. Dostuny ugradan soň, bu wakany holsta geçirmek niýeti bilen molbertiň başyna-da bardy. Emma agzy polisiýaly gonamçylyk reňke geçenok. Narly pikirlerini jemläp bilmeýärdi. Ýogsa, öwlüýäň daşyna aýlanan pessejik haýatyň aňyrsynda-da, bärsinde-de, ölüler. Egni pogonly dirileriň bolsa, arada durup, ölüleriň biri-birine gowuşmagyna ýol bermeýişleri gözüne görnübem gidýärdi. Wah, kagyza ýazmaly bolsady, emma reňkiň dili başga. Ýogsa ol, entek başlamadyk işiniň adynam tapypdy – «Razluçýonnyýe – Jyda düşürilenler». Aý, entek çig, gowja bişsin. Narly «Dogulmadyklaryň portretine» başlady. Has dogrusy dünýä inmedik ekiz ogullarynyň hyýalyndaky portretine. Sudurlar gitdigiçe has dury görünýär, reňkler öz-özi ýerini tapýar. Narly kä wagt yza çekilip, eňegini çümmükläp, içini hümledip durýar diýäýmeseň, reňkleriň akyşyna ýetişip bilenokdy. Emma akylyndan gonamçylykly gürrüň gidenokdy. Obalarynyň gaýrasyndaky öwlüýäniň gonambaşysy Işan atasy, Garamurt „görnüp“ gidýärdi. Narly ýatýan krowadyna geçip lampa oturdy. Ýarragy edilen işi özüne seredip dur.
„Senem dogulmadyklaryň biri. Ataň atylandan soň başga Narly doguldy. Hakyky Narly dogulman galdy. Şondan soň tutuş millet dogulman galan bolaýmasyn? Ýerine başga bir milletmi, edil beýle däldir-le?!“
Suratkeş ýaşuly bu pikirine hopugdy.

* * *

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

* * * Soňky wakalar çalt

* * *
Soňky wakalar çalt bolup geçdi ýa-da her kimiň göwnüne şeýle göründimi, gepiň gysgasy, sähelçe wagtdan “Annak obaň jansyzymyş“ diýen gürrüň ýaýrady. Oraza tutýanlar penjiresine keçe çüýläp, selälige turýandyklaryny, gijelerine biwagt çagt köçelerde görünýän Annakdan gizledi. Emma Annagam uzak ýaşamady. „Tigirli oba gelýärkä, iki sany özüne göwni ýetýän ýigit öňünden çykyp, ýeňsesinden damagyny çalyp, tigrine ýaplap gidipdir“ diýip gürrüň berýärler. Kim öz ajalyna öldi diýýär. Ony anyk bilýänler hem indi ýok. Jaýlanan ýeri hem anyk beli däl. „Annagy Işan agaň gapdalynda-da, Hallow kürtüň gapdalynda-da jaýlamandyrlar. Ýaşulular „Gonamçylygyň iň aňry başy, araçägi belli bolar“ diýip, ony ara ep-esli ýer goýup, depin edipdirler. Soň ýyllar geçip ol „ep-esli“ diýilýän aralygy hem soňky dörän tümmekler doldurypdyr“ diýýän hem bar. Käbir ýaşulam: „Annagy hemm şol iki guburyň ýanynda jaýlapdyrlar“ diýýär. Olaň aýdyşyna tümmekler biri-birinden uzaga düşmändir. Obada hiç kim: „Ony bulara ýakynlaşdyrmalyň hem“ diýmändir. Elbet: „Olary ýanaşyk ýatyranyň bilen ýakynlaşjakmy diýsene“ diýendirler-dä. Soňky tümmekler garym-gatym bolupdyr. Diňe gonambaşynyň, Işan aganyň mazary daşy aýmançaly, üsti ýaşyl gümmezli, beýlekilere garyşman galypdyr. Hatda Hallowyň jaýyny hem käsi Işan agaň sagynda görkezýär, käsi solunda. Aslynda, bu zatlaryň tapawudy bir barmyka? Wagt geçýär. Baryny garym-gatym edip alyp gidýär. Onsoň ony her kim isleýşi ýaly ýoruberýär. Wagt diýlende-de salym barmy?! Onuň nähili çalt geçýänini biz belmeris, ony Işan agadan, Hallow kürtden, Annakdan ýa-da beýleki tümmeklerden – „pursatlardan“ soraýsaň... Dogrusy, olar ony soramasaň hem aýdyp durlar, hamala diňe şony aýtmak üçin güberilişip duran mysaly...

* * *
„Dogrymy aýtsam, näme diýjegimi bilemok. Säwlik bilen bolýan zad-a ýok. Çingiz hanyň gelmegine Nejimeddin Kubrany günäkärläp bolmaýşy ýaly, Garamurtyň ýa-da Annak şugulyň dünýä ineni üçinem Işan atam sen günäkär dälsiň. Şonda-da...“
Ýaşuly hudožnik turup «ekizleriniň» ýanyna bardy.
„Dogulmadyklar, siziň dogulmanyňyza men günäkärmi? Eger sizi hiç zatdan kemsitmän ulaldyp biljegimi bilsemdim, ömür siziň aýrylmagyňyzy islärmidim. Eden işiň gadyry, bahasy bolan bolsa, men şeýdip, köwşümi süýrär ýörermidim?..“
Solagrak goňur reňkdäki sudurlaryň adamdygam sähel bildirýär. Suratkeş olary aýyrtmak üçin tanyş lukman gözleýşini ýatlady. Her tanaýanyňa ýüz tutup bolanok, tanamaýanlaryň hem wagty geçipdir diýip göwnänok. Sülgüniň garnyna ütügi dözer-dözmez gyzdyryp, goýuşy göz öňüne geldi. Muny suratkeş oglanlaň biri öwredipdi.
- Ýok, ýok o çaga indi aýrylmaýar. Gyzgynyň peýdasy ýok...
Hernä ýene Sülgüniň özi bir tanyşyna duşdy, karz-kowal edip tanyşa berilmeli pulam özi tapdy.
Birden Narlyň elleri işläp başlady. Iki sany ýemşik-ýumşuk kelleler, gözüň ýerine gara goňur çukurlar. Kelleleriň ýokarsyndan ýagtylygy aňladýan açyk reňk, goýy, gara ýakyn ýaşyl reňk hem ekizleriň ikisiniňem daşyndan aýlanýar... Narly işine ähli ahmyryny, ökünjüni, çala tanyş ak ýektaýly semiz aýala ýalbaryşyny, hatda konslageriň pejine meňzeýän ütügiň gyzgynyna çenli, holsta sygdyrjak bolýardy. Iki sagatdan hem gowrak durman işlän suratkeş birden agyr ýadawlyk duýdy. Işiň esasy özenini boldum edip, krowadyna geçip süýndi. Şobada-da uka gitdi. Uzak uklap bilmänem, basyrganyp, oýandy. Ol düýşüne Işan atasynyň girenini anyk bilse-de, ony nähili görenini, näme diýenini, näme edenini ýatlap bilmedi. Atasy ýöne özüne seredip duran ýaly. Ekizleri-hä, Hudaýa şükür, düýşüne girmändir. Hudožnigiň kellesi ýarylyp barýardy. Bir ýerlerden arak çüýşesini tapdy. Onuň düýbünde ýarty owurt arak galypdyr. Ony içäýeňde-de kän peýdasy degjek däl. Bir döwüm çöregi görüp, Narlyň dünýesi ýagtyldy. Ol derrew aragy käsä guýdy-da oňa çöregi batyryp iýmäge başlady. Özüne zor salyp, iýen bolsa, iki döwüm iýendir, kellesi durlanyp başlady.
„ Sülgün dogry aýdýar – menem bir dogulmadygyň biri. Dogulmalym ýaly dogulamda, şeýle bolarmydym...“

* * *
Bir hepde töweregi iş beren „Dogulmadyklaryň portreti“ tamam boldy. Işi ilki Sülgün gördi. Esli wagt ony synlan gelin, birden öwrüldi-de, ýanynda duran Narlyň boýnundan gujaklap öpdi.
„Sen geniý...“
Beýleki dost hudožnilkleri hem işiň öwgüsini ýetirdiler. Ýöne adyny üýtgetmeli boldy - „Ýer yranmagy sebäpli, dünýä inmedik çagalaryň portreti.“
Narly:
- O ýerde diňe çagalar däl, gonamçylygam, Işan atamam, Sülgünem, Garamurtam bar, özümem... – diýip bilmedi.

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Gulnara

GAty kan yazypsynyz,berekella

Bu entek kan dal how, kane

Bu entek kan dal how, kane entek kan bar=)

Başga kitaplar

Gaty gowy ýazypdyr. Turkmende-de galam tutup bilýän bar!

Hydyr aga Somerset Maughamyň "Aý we bir köpük" (The Moon and Sixpence or Luna i Groş) kitabyny okadymyka? Şoň "çaga dogryşy" hem üýtgeşik.