Menin Arzuwym

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam.Turkmenlerde 1 nakyl bar ,,Ganat syz gush bolmaz, arzuwsyz adam."Gelin bizem bir-birimiz bilen arzuwlarmyzy payalashalyn.1 bilen men bashlayan:
Menin 1 arzuwym herbir ynanchly adamynky yaly,Beyik Biribaryn razylygyny gazanmak.Sonra bolsa eje kakam hemishe mana seredip buysanmaklarny isleyan.Sonam turkmenistanda dunya derejesine chyp biljek kinolary dushurmek.
INDI GEZEK SIZDE...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gowy arzuwlaryn bar eken,

Gowy arzuwlaryn bar eken, Allajan hemme edyan arzuwlaryny hasyl etsin. Men oz arzuwum barada aytsam, meniň arzuwum, hemme arzuwumyň hasyl bolmagy.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Guljemal 1 telpek goyyar we yazyar: "hemme arzuwlan hasyl bolmagy ucin"

Sagbol

Senem arzuwyn hasyl bolsun!!!

Gaty gowy arzuwynga bar

Gaty gowy arzuwynga bar eken.Yone bolmajak zady arzuw etmeging manysy yokmuka diyyan.

Be a leader when you see
A path others have missed
Be a follower when you are
Shrouded in the midst of uncertainty

Berekella!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!!

Govy arzuwlan bar ekeni...Kino dushurmega menem isleyan....
Yone cynymy aytsam in zerur zt ejen- kakany buysnadyrmak..

Dogry aytyan

Yone egerde men gowy kinolar dushursem eneatamam mana buysanar.

Meng arzuwym bolsa

Meng arzuwym bolsa bilemmogey dogrumy aytsam.Chaltrak tapyp yapishaymasam birine.
Turklerde bir soz bar:
Hedefi olmayan yelkenliye hichbir ruzgar yardim edemez
(Maksady(barjak yerini bilmeyan) bolmayan gama hichbir shemal komek etmez)

Be a leader when you see
A path others have missed
Be a follower when you are
Shrouded in the midst of uncertainty

Vallahi,

Seninem gowja arzuwyng bar. Mening pikirimçe sen bu arzuwyny merdiwan arzuw diyip oikir etyansin.
Hany Asyl arzuwyna barmak üçin başga zatlara ünsin bölünmez yaly. :)

- Nie kanvule, sunkutu -

Dushunmedim toty manga

Dushunmedim toty manga aytdyngmy?

Be a leader when you see
A path others have missed
Be a follower when you are
Shrouded in the midst of uncertainty

meng arzuwym gaty uly, yone

meng arzuwym gaty uly, yone ol hazsyl bolarmy , yone sheyle arzuw etyan
mening Uly mekdebim bolsa , hususy , men hem mugallym bolup ishlesim ichinde , ozem manga degishli bolsa, hemme programmalry ozum duzyan bolsam
yada omurumi yetimlere bagysh etmek , sholarda mugallym bolup ishlemegi , ruhy taydan komek etmegi , yada sholara seretmek , arzuwym,hemde bilyanjelerimi owretmek

______________________________
Yagshylyga yagshylyk , her kishining ishidir.
Yamanlyga yagshylyk ,ar kishining ishidir...

menem

Menem 1,2 yyl on mekdep achmagy we pulsyz chagalary okatmagy gaty isleyardim.(hatda kawagtlar proekdinem chyzyardym)Mugallymam bolasym gelyardi.
yone bilemok sonlar howesim gachdy.Belkem muna toweregimdakiler sebap bolandyr....

Arzuwlar…arzuwlar…menä

Arzuwlar…arzuwlar…menä çynymy aýtsam kän bir maksatlarymy illere aýdyp ýörmegi halamok, ýalňyş dűşűnmäň kimler bolushesleri gelse oz işiňiz, ýone men beýdip bilemok soňundan ol iş edip bilmesem ýalançy ýaly duýýan özűmi. Yöne meni öz şahsy aruwlam dälde jemgyýetimiz barada alada edýän zatlarym hakda ýazaýayyn:
Allajan ýol berse, Tűrkemnisatn döwletimiň has hem gűlläp ösmegini göresim gelýär.
Bilim esasanam, ýokary okuw jaýlara-da her kim girip bolar ýaly edilsedi. Menem häzir Turkmenistanda okasym gelýär, emma kakamyň hukuk fak. tölär ýaly $40 000 ýokda, şonuň űçin Orsyede gidýän, çűnki ol ýerde bahalar el ýeterli, ondan başgada gowy bilseň mugtam okap bolýar(has detallaşdyrmak hökman däl, özűňizem bilýärsiňizle)
Başga ýene-de bir arzuwym…
Shu ýylyň mart aýlarynda Moskwada boldum, ine ejem bilen metroda gidip barýas, menem daş töweregimdäki adamlary synlap otyryn, bir 15 ýaşly gyz kitap okap otyr, garryrak bir adam gazet okaýar, yene 1-2 sany 30dan geçen aýal kitap bilen başagaý. Yene biri zurnal okap otyr. Indi dűnýäň başga kűnjegine seredeliň: Amerika uçup barýan uçarda, özűmem “Garagum” zurnaly okap otyryn, eyläme beýläme seretsem, 20 den gechen bir gelin elinde roman, öňumde-de biri kitap okap otyr. Shu wagtam orta mekdepde synlaýan welin köp kişiň eli kitaplydyr.
Garri Potter kitap dagyn çykanda, 5-nji bölűmi, bir gűnde millionlarça(bagyşlaň takyk ýadyma dűşenok, gerek bolsa tapyp beräýerin) kitap satylypdyr, rekorda giripdir dagyn.
Bizde bolsa “marşrutkada” kitap okanyňy göräýseler, hamana sen samsyk ýa däli hanadan çykan ýaly edip seretýaler, oba baramda-da , hamana sen samsyk ýa däli hanadan çykan ýaly edip seretýaler, oba baramda-da ýanym bilen kitap akelsem, ýadaýan-da näme beýle köp okaýaň diýýaler, a how, adamalar kitabyň gymmatlygyny bileňzokmy?!
Men edil hemmä diyemok, araňyzda kitap okap edebiýat bilen mesgullanýan kändir, ýöne menem gören zatlarymy aýdýan.Men edil hemmä diyemok, araňyzda kitap okap edebiýat bilen mesgullanýan kändir, ýöne menem gören zatlarymy aýdýan. Bizde edil Orsyetde ýa Amerikadaky ýaly kitap okalyp duranok, kitaphanalaram doly däl, kitap magazinlerem(dukanlaram). Ozem bir hili gyzyklanma ýokmy nämemi, meň arzuwym edebiýata bolan höwes artaýmala! Yaşlarymyz işsizlikden zaýalanyp barýar, olaram diňe edebiýat halas eder. ( iňlis dilini bilýänleriňiz Rey Bradboriň “Farenheit 450” we George Orwell iň “1984” kitaplaryny okap görűň, ökűnmersiňiz,edebiyatyň ýok ýerinde dűnýä name öwrűlýändigi hakynda gűrrűň edilýär!)
Soňkyja arzuwym Mary-Aşgabat ýoly tekizläpjik, oňatlaşdyrsadylar, bolmasa ýöne şygyr-dygyr. Ine, Aşgabatdan aňaryk gidýän ýolda sűrýäň welin masyn uçup barýa, Marydan Aşgabada bolsa ýol nähili?
Yöne ýol gurup ýördűler öza, yzyma barýançam megerem dynarlar?! 
Wagtlaýyn şular erte bir gűn ýene kelläme bir zat girmese-hä…

Leyla

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Mary Ashgabat yoly uchin!"

onarmasynlarlay

Tuweleme maryn taksisleri shol yolda 150den 180den suryarler.Onaraysalara onda 200den barde sursen ustunden gulerler.:))
Dost shol yolda mena erbet awariyada bolup gordum.

Quote: Tuweleme maryn

Quote:

Tuweleme maryn taksisleri shol yolda 150den 180den suryarler.Onaraysalara onda 200den barde sursen ustunden gulerler.:))

???
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

dushunmedim

bayram dushunmedim

Aýtjak bolanym, şol ýolda

Aýtjak bolanym, şol ýolda şonça tizlik bilen sürülýänine "tüweleme" diýmek geň zat. Amerikada ýollaram has gowy, maşynlaram, emma şeýle süräýýän ýok. Näme üçin beýtjek?! Gaty jogapkärsiz bir ýagdaý, öz janynam, klientleriniň janynam, ýoldaky beýleki ýolagçylaryň janynam aýanoklar. Hamala ýagy kowýan ýaly...

Soňuna goýan smaýlyňa hem düşünmedim. Meň pikirimçe, bu ýagdaý tekiz gülkünç däl.

Meň klasdaşym şu ýyl täze maşyn alypdyram, kireýe başlapdyram. Mundan 3-4 aý öň habar berdiler, awariýa düşüpdir klientleri bilen. 2 kliendi öläýipdir öýdýän. Özem ölmän galypdyr. Ahow, maşyn alanyňa 4 aý geçenok, sebäpsiz 150-200 bilen gidip näme görüň bar?! Bar gitdiň, diňe öz janyňy howpa salýaňmy?! Ine ölmän galypdyr, emma kim bilýä näçe çagany hossarsyz etdi, näçe adamyň doganyny öl(dürdi)ümüne sebäp boldy?!

-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

arzuwlar niri...tizlik niri?

arzuwlar niri...tizlik niri? yene temadan gityanizda!
Leyla

Aý gidilýär how az-kem,

Aý gidilýär how az-kem, bir manyly ýazgy bolsa, azar bermesene! Paý... milisiýamaý sen?! :D
Hol anekdotda çaga aýdýara milisiýalaryň nämeden ýasalýanyny :D Şoň üçin polisiýalyk etjek bolup dyrjaşma
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Belle'den govy moder chykar,

Belle'den govy moder chykar, hami ?! :D

2 Belle.
"Limitsiz flud" diylen sozun "limit" sozi gaty mohum, eger 3-5 yazgy bilen galjak zat bolsa, onda palan diyip oturmagam gerek dal, Tmolympiad'da hich hachan 1 gram tolerance'siz flud pozulanokdy, yone 20-30 sany, itin ichegesi yaly, onda-da manysyz(!!) zatlar yazylsa, we olary yazyanlar her yerde yazsa, onda bu endigin galmagy uchin has strict halda filtr'lenmegi adaty. Ona chenli, palan diyer-diymez "hayt, eytme" diymek yadadar adamlary :)

P.S. Sonky dovur manyly zat gorsem flud bolsa-da begenyanow, wahahay-da, hahahay manyly flud'lardan sheyle bizar bolanymdanmy namemi :)

way, bor Bayram aga

way, bor Bayram aga diyerlikche yok eken...mena "practice" edip yordum-le :):)D
Leyla

Azrak gurlap koprak pikir

Azrak gurlap koprak pikir etsem, ishlesem... Allahin mana beren zatlarini yaltalik bilen zaya etmanjik yashap bilsem

Sheyle pikir etmeli...dogry

Sheyle pikir etmeli...dogry diyyaniz, telpek bererdim welin ozumde-de az.
Leyla

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Karz berýändirin"

Dünýni

Dünýni sаklаýan zаt ölümdir öýdеrdim. Dоgrusy ilki bаşdа, ýaňy dünýä diýlеn şähеriň gyrаsyndаn girip ugrаmdа "Munuň dirеgi söýgi" diýipdim. Sоň söýgüdеn, şо ýyllаrdаky düşünýän söýgümdеn dаşlаşyp, оl dirеg ynаmdyr diýеn kаrаrа gеldim. Emmа dil bilеn näçе düşündirilsе-dе, edil "Ussаsyny" düşündirip bоlmаýşy ýaly, düşündirip bоlmаýan "şähеriň" öwrümli köçеlеrindе entеdigimçе ynаmyň dirеg dеrеjеsindеn ejizdigi, ynаmаm sаklаýan bir dirеgiň bаrdygy bаrаdа оýlаnyp ugrаdym. Ýogsа ynаm uly güýç, gаýrаt, kuwwаt çеşmеsi. Bu çеşmе sаňа tаrаp bir аkyp bаşlаsа, sеni jоşup durаn dеrýa öwürýär, ylhаm gаnаtlаry bilеn gаnаtlаndyrýar. "Emmа ynаmlаňňаm synýany üçin..."
Allan razylygy arzuwym.

bäh, men hem şol

bäh, men hem şol pikirde/arzuwda entägem :)
öň erbet/agyr ýazýan wagtlarym bir ýazgy ýazan eknim bu babatda:

Quote:

...dunyade ynsanlar ucin in uly mertebe Gurhanda: "Ve ridvanum minallahi ekber..." yagny, "Ynsanlar ucin in beyik mertebe Menin razylygymdyr..." diyyar. Ol razy bolanson, dunya dushman bolsa name, Ol razy bolmasa, dunya dost bolanda name gazanarsyn?! Bolsa bu dunyani ozunce lezzetli yasharsyn, olyancan, onson "...kulli nefsin zaiketul mevt, summe ileyna turjeun..." (hemme ynsanlar/nebsler olumi dadyjydyr we donushiniz Mana bolar..." syryna eye bolup, jahenneme gitse, onda ol, belki, in bagtsyz adam bolar....

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

quote=jemile] meniň

jemile wrote:

meniň arzuwum, hemme arzuwumyň hasyl bolmagy.

Mena islamok hemme arzuwlarimin hasyl bolmagyny.. Hasil bolmawersin toba..:)

erbet arzuwlaňam barmaý

erbet arzuwlaňam barmaý :)
garaw ýok bolsa guk diýsene birjigini :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"