: : :: rugsat - hak - hukuk :: : :

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we myhmanlar! Hemmamizin bilşi yaly yurdumyzda telefon gün günden yaybanlaşyar.. we yany bilenem kabir yagdaylary getiryar.. meselem hak hukuk meselesiii .. nadip düşündirsemkam.. garaz .. biri sen telefonyny görayse derrew gorjalap başlaya.. ya da sorap alsa da girmedik yeri galanok.. atlara çenli barlap çykyar..bermesen a diysenem gizlin bir zat bar yaly.. bersenem kabir atlara göwni gara gidayjek yaly.. ya da ar ayal jahan uruşlaram şu telefondaky natanyş nomerlerden ya da sms lerden dörap bilyar (köp klipde şunun yalyrak:) .. siz muna nahili garayarsynyz ya da .. gizlin nomerden telefon edip yapyan kelesanlar diyjekmi? ya da yene bir gezek biri mana jan edyar we mana kamazyny sorayar.. sen nirde şu wagt diyya .. menem oyun edip balkanabat diydim welin tasdan özünden gityadi..:D " ey , 1 sutgada nadip balkana yetdin.. seni tutsam bolya .. " diyip yatyr.. ha ha derrew düzeltjek bolsam eyyam giyç boldy.. :D ya da sizinem başynyza da gelyami şunun yaly gen we tasin wakalar..:D saglykda tapyşalyn.:D

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

name diyyang dushunmedim?

name diyyang dushunmedim? hich yazgynga dushunmedim?
name olar siz borchlymy onga gormekezmekde ? berjek dal? name uchin ichini doryalaer, dorende bu kiming telefony diyip sorayarlarmy? yada men ters dushundim?
______________________________
Live in the present, not in the past

Men soltan :D Gelnim dagy

Men soltan :D
Gelnim dagy telefonymy aljak bolup durmaz, alsa kelläni agyrtmaz :D Kellesini alaryn bolmasa! :D
Şu problema diňe gelniň bilen çykaýmasa. Başgalary aýdyp başlasa jogaby gaty arkaýyn berip bolýar. "Şahsy işim" diýäýmeli. Gelniňe bolsa, telefonyňdaky at üçin goh turuzýan bolsa, çäre ýokdyr diýýän
PS Beý diýýän welin, gelnimiň telefonynda atlary tapaýsam näderdim?! :D Palta-pyçak bilen girerdimmikäm?! :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

:)

Bayram wrote:

Men soltan :D

men Baýrammykaň öýdüp ýördüm :))

Quote:

Gelnim dagy telefonymy aljak bolup durmaz, alsa kelläni agyrtmaz :D Kellesini alaryn bolmasa! :D

ha-ha-ha to me :)

Quote:

Şu problema diňe gelniň bilen çykaýmasa. Başgalary aýdyp başlasa jogaby gaty arkaýyn berip bolýar. "Şahsy işim" diýäýmeli. Gelniňe bolsa, telefonyňdaky at üçin goh turuzýan bolsa, çäre ýokdyr diýýän

+1.
Oň daşyndan, gelniň hasap soraýan bolsa, onda ýagdaýy boşy ýaly aýtmaly, pikirimçe. Garaz, şübhesini gidirmeli-dä. Aldajak adam ýene aldap biler welin, bir gün ýene belli bolar - ýalan ýerde ýatmaz! Muň ahyret tarapyny hem pikir etmeli - "kim näme etse özüne eder we netijesini hem alar"

Quote:

PS Beý diýýän welin, gelnimiň telefonynda atlary tapaýsam näderdim?! :D Palta-pyçak bilen girerdimmikäm?! :D

Sen gowusy öýlenme beýtjek bolsaň, tm-da gyz goýmarsyň bu bolşyň bn :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry aytyang, gelnejem shu wagtdan haypym gelyar:)"

Menin telefonymda

Menin telefonymda sms'ler we settings'ler password'ly, onson kim goreyin diyip sorasa berip goyberyan, yzyndanam "Password sorayan yerler bardyr, goni ustunden gechiber, shahsy zatlarym bolany uchin password'y aytjak dal" diyip goyberyan !!
Oylenemsonam gelnime ol password'y aydarynmy, aytmarynmy, entak palan diyip bilemok, yone men gelnimin joralary bilen edyan "ayal gurrun"-lerini okasym gelenok, herkimin shahsy gurrunleri/ishi bolmalymyka diyyan, "Birden her hili adam bilen sms'leshyan bolsa name ?" diyyanlerem biraz pikirlenip gorseler, samsyk bolmadyk ayal shol "birhili" sms'leri pozmany hem biler, shon uchinem barla-barlama, "Name gurleshyanini bilmek" boyuncha peydasyzmyka diyyan, eger gelinin ozi zandy yaman bolsa!

pikir

Mergen wrote:

Menin telefonymda sms'ler we settings'ler password'ly,

gowy telefonyň bar eken-aý:) Bar Motorolalarda barmy şu aýratynlyk?!
Alarmy hem gowy, açarsözi hem bar. Şänik hem döwüp bolýar :P

Quote:

Oylenemsonam gelnime ol password'y aydarynmy, aytmarynmy, entak palan diyip bilemok, yone men gelnimin joralary bilen edyan "ayal gurrun"-lerini okasym gelenok, herkimin shahsy gurrunleri/ishi bolmalymyka diyyan, "Birden her hili adam bilen sms'leshyan bolsa name ?" diyyanlerem biraz pikirlenip gorseler, samsyk bolmadyk ayal shol "birhili" sms'leri pozmany hem biler, shon uchinem barla-barlama, "Name gurleshyanini bilmek" boyuncha peydasyzmyka diyyan, eger gelinin ozi zandy yaman bolsa!

Umuman, şuňa men hem goşulýan. Ýöne ejeň saňa jaň edende, telesekretar çykan wagty "Rumynka bn näme işi barka oň...?" diýen pikir dörän ekeni. Şu ýagdaý gelniňde has köp bolup biljek bir ýagdaý.
Galyberse-de, zenan maşgala erkeklerden has bilesigeliji bolýar, umuman. Köp gepleýişleri ýaly :) Şoň üçinem, bu babatda ynamdar we wepaly bolmak hem ýetmän bilýär. Töhmet geläýse-hä hasam. Garaz, şübhelenip biläýjek mesažlary hem pozsaň amatlymyka diýýän. Ýogsam, başga zenan(lar)dan adaty mail/mesaž/jaň we ş.m. gelse-de ýalňyş düşünip biler gelniň.

Quote:

zandy yaman

zanNy ýaman :-)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ayalym bilesigeliji

Ayalym bilesigeliji bolsa gelip adam shekilli sorasyn, telefonymy dorjelap, sonam yalnysh-mulnysh dushunen zatlary uchin kellami agyrtmasyn, gyzlaryn kopusinde shu hasiyet bar, chala-eshidip chatma yikyalar, menem in yigrenyan zadym anigine-shanigine yetman tossaryshyp yorseler ! Hich hili message'imem pozjak dal, natse sheytsin, men ozum nahilidigimi bilsem bolya-da, hasap bermek niyetim yok ayalyma-da, dine adam shekilli, bilesigelijilik sebapli soran soraglaryna jogap bererin !!

Eger ayalym shuphelense adam shekilli sorasyn "shular yaly zat boldy, men yalnysh dushundimmi ?" diyip, goni ustume herrelip, ya-da sesini gataldyp dagy 1 zat edayse, durdane sozler bilen yerine oturdarynmykam diyyan :)

Men ayalyna hasap bermegi heleyguly'lygyn 1 bolegi hasap edyan, onun yerine ozunden bilip, "alada etmesin" diyip aytmagy has yerlikli hasap edyan, shon bilen onmayan bolsa, ozunden gorsun, yone mana ayalym "Name uchin gitdiniz anyra ? Name ishiniz bardy ? Gitmesen bolanokdymy ? Hawa onson, nameler etdiniz ? Aydyp otur" dagy diyayse, huday bar, omur eshitmek islemeyan zatlaryny eshider !

wahhhh mergen aga

Wahhhh Mergen aga senem gyzyklayyyyy.

sen daýow-a :) umuman,

sen daýow-a :)

umuman, goldaýayn!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

meng pirimche erkeking hemme

meng pirimche erkeking hemme ishine goshulmaly dal, kawagt kakamdan sorayanda name uchin gityangiz diyip, kakam bashlayar sen gyz mashgala beytmeli dal, sening gorjeging ongungde, owrenme shu hasiyetleri diyip gunde gaytalayandyr, bir ishi nadogryrak etsem aydyp bashlayar, yada aytyar edil ejenge mengzapsingda diyip, goy shu hasiyetingi diyip bashlayar , ongler ejem shun yanak aytyady, kakam ish bilen bize kan ozat edip bilmeyardi, indi barde ejem bolmansong kakam bilen welin, hemishe hasiyetime uns beryar, aytyar goy shol hasiyeting goy , shol endigingi, gyzlangkam gidayerde, yene sorayyanda,:)))
yone kakam meng komp hich hachan achmaz soragsyz , hemde emalimimng parolyny bilyar , egerde emailme girjek bolsa gooni sorayar emalinge girjekdirin, sebabi manga gelmeli hatlar kakama hem degishleri hem bolyarda, sorayar ichinden gelen hatlaram okamayar ,ongunden aytyar, yada meng komnatyma omur girmeyar , hich hachan dinge sorap giryarler oyde ,kichi doganym hem sheyle , shu tayda eger men kuhniyada bolsam komnatynga gireyeyin diyip sorayar , yada bir zadyngy alayyn diyyar, yada tel nomer gorse bu kimingki diyenok:)
yone dorjelap dursalar halamayan , bashga yazgylamy , yada komp hatlary , emailimi , shasy zatlamay sorasalar halamayan, egerde bu kim sorasa biri meng oz shasy zadym diyerin, eger enem atam, yada doganym, yada yanyoldashym bolsa onda jogap bermeli bolaryn :)
______________________________
Live in the present, not in the past

kakam

kakam yadima dushdi, hich zat bilen ishi bolmaz:... Ruh yali...

Men pikirimçede eger

Men pikirimçede eger ayalından saklar yalı zadın bolmasa gizlap name etjek.Garaz özüne edilse yokmajak zatları garşındakada etmeli dalda.

---------------------------------------------------------
'' Bu günü düşünürüm, dün geçti, yarın varmı?
Gençligede güvenmem, ölen hep ihtiyarmı?''

ýekeje ýagdaý üçin

ýekeje ýagdaý üçin ýazypsyň sen. Muňa men hem goşulýaryn!
nakyl: ody özüňe bas, ötmese kesekä!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

maňa galsa-ha, ot ötse-de,

maňa galsa-ha, ot ötse-de, ötmese-de kesekä basmaly däl ýöne! Şeýle wajyp bolsa we hakly bolsaň, onda bassaňam bolar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

vVv wrote:

vVv wrote:

biri sen telefonyny görayse derrew gorjalap başlaya.. ya da sorap alsa da girmedik yeri galanok.. atlara çenli barlap çykyar..bermesen a diysenem gizlin bir zat bar yaly..

Edyan gizlin zatlaryn erbet mi name? Kabir atlary gorseler, gorsunler...Yogsam belli bir derejede 2-yuzluluk bolmaz my?!...shon uchin men telefonum bile isheshyan, bile yashayan ya-da tanayan we shu wagt kellame gelyan hemme adama achyk.

goşulamok

SA wrote:
vVv wrote:

biri sen telefonyny görayse derrew gorjalap başlaya.. ya da sorap alsa da girmedik yeri galanok.. atlara çenli barlap çykyar..bermesen a diysenem gizlin bir zat bar yaly..

Edyan gizlin zatlaryn erbet mi name? Kabir atlary gorseler, gorsunler...Yogsam belli bir derejede 2-yuzluluk bolmaz my?!...shon uchin men telefonum bile isheshyan, bile yashayan ya-da tanayan we shu wagt kellame gelyan hemme adama achyk.

Sapar, diýeli, seniň sylaýan bir türkmen agaň bar we birnäçe türkmen oglan bolup bir ýerde galýaňyz. Indi sen öýlenmeli ýa ş.m. ýagdaýyň bar. Şoňa laýyklykda mesažlar, jaňlar we ş.m. gelýär. Adaty ýagdaýda şu haly görkezmek tebigy bolsa-da, sende bir ýygralyk bar ýa-da, hakykatdanam, şony görkezmek isläňok. Bulam seň hususy/mährem ýagdaýyň bolýar.

Garaz, ikiýüzlilik däl ol. Şol agaňa ýa dostlaryňa wagty gekende görkezmek isläp bilýäň-dä.

Özüm-ä şeýderdim.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ey ony yone meng telefony

ey ony yone meng telefony dorjelap durany gormedim, yada ichini atlary okanoklar, mena shu wagt birining telefony alyp ichini dorjelap bilmeyan, nadip basharyalarka?
gyz durmusha chykansong meng pikirmiche bashgalar bilen sms leshmage wagt bolmaymasa?
yone gelin bolandada hemme zada burnungy sokup yormeli dalmika diyyan, teleofyny yada bashga zatlaryny hem dorjelemeli dal adamsynyng, belki ishdeshidir , belki tanshydyr ,, her kimimgs shahsy zady bar , nadip el gotrip bilyarlerka?
______________________________
Live in the present, not in the past

hemme kişi sen däl-ä,

hemme kişi sen däl-ä, jigim!

Bu babatda seň ýaly bolsalardy şeýle däl ynsanlar!
Garaz, men hem barlap duramok beýlekileriň telefonyny, ýöne barlaýanaram bolýar. Şoň üçin Mergeniňki ýaly tel almaly, meňkide password goýup bolýarmy ýa ýok - şony bilemok, ýöne maňa häzir-ä gerek ýok :)
Ýagny, gelen mesažlara düşünýän biri bolsady, onda açarsöz gerek bolardy:))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

toba dogurdanam barlayangmy?

toba dogurdanam barlayangmy? ata aga , nadip adamyng shasy zadyny barlap bilyang?
______________________________
Live in the present, not in the past

:)

Selbishkajyk wrote:

toba dogurdanam barlayangmy? ata aga , nadip adamyng shasy zadyny barlap bilyang?

ha-ha, sen ýalňyş ýazyşyň ýaly, ýalňyşam okaýan ekeniň-ow, seresap bolmaly senden bar-a :)
Men ýokarda näme diýip ýazypdym, bärä-de goýaýyn, ondan soňam bir göreýli näme diýjegiňi :)

ata çopan wrote:

Garaz, men hem barlap duramok beýlekileriň telefonyny, ýöne barlaýanaram bolýar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ata aga bagyshla , bir

ata aga bagyshla , bir litrjik ganymy gech :)))))
______________________________
Live in the present, not in the past

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "indikide bolmasyn :-)"

Wepa jan, seňem ýaşyň

Wepa jan, seňem ýaşyň ýetdi, indi seniňem "privacy"-iň (mähremlik) bolaýmalymyka diýýän :) Olara garşy çäre bolsa - Mergeniňki ýaly tel al :)) (Reklama/mahabat) :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Rugsat" barada men oz

"Rugsat" barada men oz mashgalamyzdan 1 mysal bereyin.

Men kakamyn mashgalasynda 8 chaga bolan, olarynam 6'sy oglan, yashlaram biri-birlerine yakynrak bolansonlar, onson goz-onune getiriberin aram-aram turyan gyrlymy :))

Ejem gelin bolup gelende kakamyn birinji bilen goyan 2 sherti:

1 - "Eger 2 oglan urushyp duran bolsa, aralaryna girip aralajak bolma, ayal mashgala dushmandir olary ayirmak"

2 - Sen bilen 1 yere myhmanchylyga gitsem, sagat 3 bolsa-da men oturan otagyma girip "Oye gaydalymy ?" diyme, hachan gaytmalydygyny ozum aydaryn !

2 sany in kichi agalarym urushyp oturan wagty(17 dagy yashlarynda) ejem 1 gezek aralajak bolupdyr, yankylaryn birinin 1 goly boynyna degipdir, nache gunlap boyny agyryp, zordan aylap gezipdir :) Onson "Bashda "aralaryna girayme" diyende "urushyanlary aralamak name uchin bolanokka" diysem, aydarcha bar ekena olar" diyipdi :)

Rehmetli kakaň örän rast

Rehmetli kakaň örän rast aýdan ekeni her iki ýagdaý üçin. Senem has köp şertler bn razy edermikäň diýýän geljekki ýanýoldaşyňy :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ay men 15 sany shert goymak

Ay men 15 sany shert goymak niyetim yokla, yone belli hereketleri etmegini goldamayandygymy gozlerim bilen belli etme hasiyetim bar, okuwchylaryma dushunyaler, olam dushunerle !

Yone 1-nji bilen goyjak shertimi bilyan, oda "Iti s*chan yerinde urmaly"(Manysyna dushunmeyanler gidip turkmen dilini owrensinler, gelip "kim it ? kim s*chanda ?" yaly soraglary soramanjyk!!!), in yigrenyan zadym gep suyrap yorup, son 1 dushunishmezlikde "palan yerde-de sheydipdin, ondan onem beydipdin" diyip, bar toplanjasyna chydaman yarylsalar !! Name pritenziasy bar bolsa shol ish edilen badyna belli etsin, eger yalnysh dushunen bolsa dushundirerin, yok, men yalnysh eden bolsamam duzelderin, yone shol zady 2-3 ay son yene 1 gepde soksa, gaty erbet gaharym geler !!

SMS

Mende bir gezek sms geldi bir gizdan eken. Oydakilerem buni okap kop vagitlap gati gorup gezipdir. manada zat diymandir. Son bir nache vagit son bildim vakani. Sona dushundirdimem velin garaz dushunen boldi. yone bashda gorende ichinden gechenlerni goz onume getiryan. Gepin keltesi taze telefon aldim parol goyup bolyan eken menem parol goydum indi men telefonuma menden bashga hich kim girip bilenok. shulam bir chozum dogrusi..

Sana gelen sms sebapli,

Sana gelen sms sebapli, oydakiler name uchin gaty goryar ?? Ol gyz "ejen palan ekeni, kakan palandanam beter" yaly, olaryn gaharyny getirjek zat yazan daldira ?? 24 yashyndaky oglyna gelyan sms'i okap, gaty gormek, birhili men kellame syganok, yash oglandyrda, sms'em geler, janam, muna "govy dal" diyyan bolup bilerler, yone gaty gormek birhili "ne to" reaksia dalmay ?

Oydaki

Oydaki diyanim ayalim bolya.. Men biri bilen smslashyanima ginanip gaty gorupdir. menden beyle zat garashamanson..
Indi dushniklirak bolandir inshalla..

Wii..Sheylemi ya, menem

Wii..Sheylemi ya, menem "oydakiler" diyenson ene-atanmyka oytdum, "oydaki" diysen dushinerdimem welin :)
Yone bu yagday gaytalanmaz yaly senem gelnine menin yokarda agzap gechen shertimi goysan govy bolmagy mumkin, yagny "1 zat govnune yaramasa goni ayt, ya dushundirerin, ya-da otunch sorap, yalnyshymy duzelderin" manysynda :))

Quote: "1 zat govnune

Quote:

"1 zat govnune yaramasa goni ayt, ya dushundirerin, ya-da otunch sorap, yalnyshymy duzelderin"

1. "1 zat govnune yaramasa goni ayt, pachagyny chykararyn"
2. "1 zat govnune yaramasa goni ayt, ya dushundirerin, ya-da dushunersin"
3. "1 zat govnune yaramasa goni ayt, ya dushundirerin, ya-da otunch soramaly bolarsyn"
4. "1 zat govnune yaramasa goni ayt, ya dushundirerin, ya-da otunch sorap, yalnyshyny gaytalamarsyn"
5. "1 zat govnune yaramasa goni ayt, ya dushundirerin, ya-da otunch sorap, yalnyshyny duzeldersin"

Turkmenin yokardaky wariantlaram bardyr :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Huday diy, size dushjek

Huday diy, size dushjek gelne gynanyan!!! Beytemek bolmaza ahyr!!!
Leyla

Dogrymy aytsam, mana

Dogrymy aytsam, mana durmusha chykjaga menem gynanyan :)
Yok, ozumi yigrenemok. Yone gowudyrynam oydemok.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "menem..."

“Privacy” diyilyan bir

“Privacy” diyilyan bir zat bar, yagny her adam shahsy atmosferasyna hukugy bar, mena telefonymdaky nomerlere parol zada goyamok, yone edyan kishilering beytmage sebabi bardyrda. O iling telefonyna girip dorjelayanler hakda bolsa sheyle diyip bor, ejesi kakasy tertip duzgun owretmandirlere. Estetikang duzgunlerinde beydip yormek gaty gelshiksiz zat. Yone sizem plan diymang telefonlaryna parol goyyanlang oz ishi; mysal uchin bir gyz halashyanynyng telefonyny ya-da smskalaryny kakasy ya ejesi gormez yaly edip bilera!
Ayal ya-da adamynyz bilen gowy yashashyp, biri birinize ynanyan bolsanyz gizlap name etjek, yone akylly adam oz ornuny bilerde, ayaly bolsun adamsy beydip dorjelap oturmaz. Ine, bir sapar mana hat geldi welin shony jiglem gelmakam achypdyrlar, onda uytgeshik bir gizlin zat song olara ozumem okap berdimle, yone men yaman gaharym geldi, olarda sowup men adym bolsa achmang ol men zadym ahyr diyip sargap goyberdim. Aytjak bolyan zadym birining zadyny soraman okamak ya-da achmak gelsiksiz, ol seng doganyng ayalyng adamyng bolsada, mena sheyle pikirde!

Leyla

Privacy, yagny shahsy

Privacy, yagny shahsy durmush oylenmakan ya durmusha chykmakan bar. Ondan son, we bu adalatly hem, hemme zat paylashylsa gowy. Telefonyny dorjelemekmi? Aslynda was-was achyp ynanmazlyk etmezlik gowy dal, yone men ayalymyn telefony parolly bolsa men gaharym gelerdi.
Telefonyny alyp dorjelemek kellame gelmezdi, emma parol goyan adam gizlasi gelyandir diyip munkirlik chykmagy mumkin.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

privacy diyilyan zat

privacy diyilyan zat durmusha chykansong ya-da oylenen song hem bolup biler, sebabi shahsy zatlar dine bir telefon daldira. Bolmanam gelniniz goyup oturmasyn paroly. Menem sheytseler halamayardym.
Leyla

Näme şahsy zatlar bolup

Näme şahsy zatlar bolup biler durmuşa çykaňsoň?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

eshiklem, kitaplam, mana

eshiklem, kitaplam, mana gelyan hatlar...
Leyla

sana nahili hatlar

sana nahili hatlar gelyar?
ayallaryn ishine goshulyan erkeklere turkmenler "heleyguly" diyyaler. Goshulasy yoklay eshiklerine, eger bir asha goshulmaly dal bolsa (meselem, mini-yubka geysen goshulmaly bolaymasa :D)
Hat name hatay?
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

dashary yurtda yashayan

dashary yurtda yashayan tanyshlam kan, mysal uchin finlandiyada, sri lankada joralam bar, orsyetde, moldovada garyndsh kan, ondan bashgada mana kan hat gelyar,(ya ne imeyu ne chego takogo) prosto ine halki mysalda getirshim yaly, hat gedli welin jiglem mana garshyp bilman achdylarda, hatam Daniel Radcliffdendile-Harry Potteri oynayan aktor.
Eshik... bolmanam mini yubka geyjek bolsa gelniniz goshulsanyz bolmaz! Eylde bir zat bomy! Kim menzejek bolya?!
Mena olar yaly dal, turkmen koynekden gowy zat yokla!
Leyla

Onler

Arada doganym aydyp berya on yashap gechen men oz garndashlarymdan bolan atamym kakasynyn kakasymy garaz epeslije dovur on 1 asyr diysenem boljak bir adam bar eken. Bunam bir adaglysy,oylencek bolup yoren govi goryan gizi bar eken turkche aytsan nishanlisi. Bir gun sho giz cheshmeden suw almana gidipdir otaydada gizlar bilen oyun ediship hahahaylap gulupdir. Buni gorubem yanki oylencek oglan giza name syrady gechdinmi beyle gulup diyip yanki nishanini bozup oylenmekden yuz owurupdir. Wakany dinlap hayran galdim sheyle inche yollar bilen yorap yashapdirlar. Bizin dovrumizde ar ayal gatnashygny gorsediler ahyr zaman gelen bolmali diyerdiler belkem. Dowrun getiren biderekliklerinden yana yashamak yenilleshen yalam bolsa kynlashdymyka diyyan.

Wah ony aýdýaň welin,

Wah ony aýdýaň welin, meň babamyň babasyna, Sabyr babama "aýal ýüzi görmedik" diýýän ekenler. Öz aýalyndan we ejesinden başga, hiç aýal ýüzüni görmändir

PS Bu ýerde düşündiriş, meň babamyň babasy din adamsy bolan ekeni, Sabyr işan. Belki sebäp şoldur we ol döwür edil beýle hem däldir her kim. 18-nji asyryň soňy, 19-njy asyryň başlary.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

?!

kemaltm wrote:

... Bir gun sho giz cheshmeden suw almana gidipdir otaydada gizlar bilen oyun ediship hahahaylap gulupdir. Buni gorubem yanki oylencek oglan giza name syrady gechdinmi beyle gulup diyip yanki nishanini bozup oylenmekden yuz owurupdir..

bäý-bä, men-ä gidiberjek onda :-)
ýöne, çyndanam, hakyky takwa eýesi ekeni ol ýigit.
her kime bu başartmaýmasa, iň azyndan özüm-ä şeýle däl.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Dovurem indi onkusi dal, her

Dovurem indi onkusi dal, her yerde ayagyny yorganyna gora uzatmaly!

haýsy tarapdan diýdiň,

haýsy tarapdan diýdiň, Mergen?!
Baýlyk taýdanmy, akyl taýdanmy ýa ynanç/takwa taýdan?!
Hemmesi üçin hem şeýledir welin, mümkin, sen has başgarak zat diýmekçi bolansyňdyr?!
Mümkin, gönüden-göni meň şahsym bn baglanşykly 1 zatlar pikir edensipdir?!

Meň üçin gyzykly bolansoň soradym, jigim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Takwa meselesi dovur'den

Takwa meselesi dovur'den dovure, yerden yere uytgeyan zat! Shaherde yashap, ishi/durmushy sebapli kabir zatlary tolerance bilen garshylamaly bolyan adam, obada ya-da chet yerde yashap, belli 1 derejede mumkinchiliklerin yok bolany sebapli kabir zatlardan uzak duryan bolsa, onda men yokardaky 2 adamyn takwa derejesini deneshdirip biljek dal ! T.e. 100 gyzylyn barka 10'syny bermegin, 2 gyzylyn barka 1'isini bermekden az sogaply bolushy mysaly!!

Men ozum halamok yokardaky adamyn beren jogaby yaly jogaplary, t.e. "Name, jennetden bushlyk aldynmy?" yaly zatlary. Ahow, yash gyzdyrda, gulmek harammy ?? Nirede yazylan bu dunyade yuzuni sallap, omur gulman yashamaly, dine Jennete gitjegini bilen wagtyn keyp edip bashlamaly diylen zat ?? T.e. ozun ynanyp bilersin nahili ynansan, takwa derejanem ozunde galsa govy, yone name uchin sen bashga adama oz takwa derejane gora soz atyan ?? Hamala gulman gezsen Jennete giryan yaly...

umuman, seňki ýaly pikir

umuman, seňki ýaly pikir edipdim men hem başda okamda.
häzirem şeýle-le welin, Kemal hem bolan bir wakany ýazan ýaly, ýogsam, "sizem şeýdiň, men hem şeýle!" diýmändir ýaly.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men ol "palan diydi,

Men ol "palan diydi, pysmydan diydi" manysynda yazmadym, yone sen yokarda yazanyny okap, 1 wagt Tomiris'in 2 sany yasha diyen zady sebapli orta alan gurrunimiz yadyma dushdi, we yene-de bir gezek oz takwa derejane gora adamlara islanini, yagny "ozune gora dogry" zat sebapli palan diyyan adamlara "bah, takwaly adam ekeni" diymeli dalde, beytmage ne moral, ne-de maddy hakynyn yokdugyny duydurmalydygyny yazjak boldum! T.e. tolerance'de minimum goz onunde tutulmaly, oz derejan dal!

Yashuli

Yashulin hereketine baha bermek uchin yashulin derejesinde bolmali.. Oturan yerinden o dogri bu dogri dal diymek yalnish hereket..Onsonam tolerans nirde gorkezmelidigni o dereje baranda has aydin gorunyandir.
Kiminkin dogridignam dine Alla bilya.
Ata agada yokarda diyshim yalak hereket edeni uchin telpek goyyan.. Iki yashulin tapavudi..

kemaltm wrote: Yashulin

kemaltm wrote:

Yashulin hereketine baha bermek uchin yashulin derejesinde bolmali.. Oturan yerinden o dogri bu dogri dal diymek yalnish hereket

Hava onson, yashulyn "derejesi" namemish ?? Oturan yerim "tolerance"-in in bir pajarlap, gullap osen yeri, shona gora-de gurleyan, argumentsiz "bolmaly", "yalnysh" diyip yorenlerin manysy 1 kopuk, bir herekedi tankyt etmek uchin ony edenin "derejesinde" bolmak dalde, waka on seretmeyan taraplaryndan seredyan bolmaly!

iki waka maňa görä

iki waka maňa görä üýtgeşik, Mergen!
birinde hususy gyzlaň içinde "gülmek" ýerliksiz hasaplanypdyr, beýlekide uly iliň içinde "wejera bolmaklyk/öpüşmek". Birinjisi "takwalyk" bolsa-da, ikinjisi "fetwalyk" maňa görä. Sebäbi, arassa türkmen ýaş juwanlary giden märekäň içinde, onda-da Türkmenistanda türkmen märekesiniň içinde şeýdip bilýän bolsa, ol wejeranyň baryp ýatany. Olara bu babatda tolerans/hoşniýetlilik görkezilse, onda gysga wagtda TM Pariže ýetişermikä diýýän bu babatda. Uzyn-uzyn ýazypdym şol ýerde men kä mysallar bn. Bärä ýene-de ýazyp oturmaýyn uzadyp. Ol ýerde iň wajyp zatlaryň biriniň hem "niýetligini" ýazypdym. Siz bolsa "usula" närazylyk bildiridiňiz. Meň asyl maksadym "niýetdi" şol ýerde.

Ýokarky waka üçin bolsa, men hem goldamok şol ýigidi, ýöne özümiň şonuň mertebesinde däldigim sebäplidigenem aýdypdym. Şu asyrda şeýle bolmak örän kyn. Men ony umumy ýagdaýda däl-de, şahsy bagdaýda goldaýaryn. Özüm-ä şol ýagdaýy etnerin, ýene bir gezek aýdýaryn. Sebäbi, özüm-ä ha-ha-haýlap köp gülýän, maňa gelin boljagam edil meň ýaly bolmasa-da, gülermikä diýýan şu ýagdaýda. Men şony taşlamaryn şonuň üçin, olam meni.

Bor-laý, uzadyp oturmaýyn - maksadyňa düşündim men. Umumanam, seni goldaýaryn. Umumy märeke şol ýagdaýa taýýar däl.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

shu gidemde cynymy edip

shu gidemde cynymy edip toylara gatnashdym

kabir uytgeshigrak wakalar toylarda dabe owrulipdir
mysal-gelin gul zynyar gyzlar gapyar gapan cykyamyshmysh...gulagym galdy yewropadaaky zatlar

vals edin diyip bogaz etdiler,*ahow etdima diysen:
*bular ishdeshler ucin.kursdashlar ucin...

-waa sena walsa yok diyyan pylany opushdem gelni bn...
shulara kan gabat geldim
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

meň dostum wals sazy

meň dostum wals sazy çalnyp başlady welin, ylgap ýören oglanlardan birine aýtdyryp, goýbolsun etdiripdi, tamada we sazandalar haýran we nägile bolupdylar şonda - bolýar eken-ä:) Men hem şeýle etmekçi, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yok how natyanay agam sen

yok how natyanay agam sen gyzyk tapmasanam garyndaş dostlar etyan walsyna guwanyp etdirjek bolyalar
etmeli welin çany çeki barda her çykanda vals etmeli dal
ondan vals etmegi öwrenin how:) öwredeyin:)banderasa döndüm mena:)))
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

aý, ýok, sag bol,

aý, ýok, sag bol, jigim!
men-ä etjek däl şol tansy, asyl-a, tans etjek däl başarsam öz toýumda-da başga toýlarda-da. Sebäbi, edip bilemok. Geljekki gelnim ýüregime düşüberse, onda 1-2 sany adaty tans etmeli hem bolaýmasa göwni üçin :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

gozegime gelyar , ata aga

gozegime gelyar , ata aga bilen gelnejem wals etyarler, bizem dashynda elimizi kakan bolup durs, yada gozegime gelyar ata aga lezginka oynap yor:)

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

diňe göz öňüňe

diňe göz öňüňe gelewersin, jigim, hakykatda bolsa amala aşmasyn, ýagny, wals! Omyn!

:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

adam chap chalyng ata agany

adam chap chalyng ata agany walsa chagyryas:))) ey dogurdanam aljyarap zat edip biz yanaky oman ashar , dushmeli yerden

______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

name üçin beyle walsa

name üçin beyle walsa garşy?
sana herkim bilen oyna diyilenog-a. dineje gelnin bilen, ömründe yekeje gezek et diyilyar.
Dini tarapdan garşy zat dal öydyan.
Onam toyunda, arak, aydym-saz meselesini natjek?
*şahsy bolany üçin, jogaplamasan hem bolar.

ýoklaý, Jemşit. Men

ýoklaý, Jemşit. Men şahsym bn hem walsa garşy. Dini ýagdaýy takyk bilemok ýöne.

Arak ýagdaýam bilmedim-dä, men-ä garşylygymy bildirjek welin, kakam dagy diňlemäýmese!

Haýyrlysy bolsun-da hernä, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yolki

toba, olmesen it- bilen pishik hem bir- birini soyer bu dunyad:)

sabyr diyding mi bayram aga.....

bh menden soz achyldy diysene bayram aga... menem oz ozume "hi byr sabyr-am" turkmen at bolar my diyip yordum..... Diymek bar eken-a..... :-)

Menem zadyma goshulushsalar

Menem zadyma goshulushsalar in yigrenyan zadymda, ine sholam menin host mashgalamda barda. Men name etsem goshulyshyarlar, telefonda gurleship oturan bolsamam kim bilen gurleshyan, name uchin guldun diyip menin halamayan zadym barda sholardada. Ol gun telefonda Wepa bilen gurleship otyryn, Wepa bir zat gurrun berdi menem gulushup otyrdym shonun bilen, telefony goyanymdan sonra name uchin gulishdiniz, name uchin Wepa jan etdin diyip bizar edyarlerda yone,

Mumkin shunda peyda bardyr.

Mumkin shunda peyda bardyr. Yagny seni idap-sorap dursalar gowyda. Bolmasa kim bilya name bolar?!
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar