Tomusda yagan yagysh we bashgalar

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Wagt öýläne golaýdy. Mawy gűn hatar-hatar jaýlaryň arkasynda gizlenip uka gitjek bolup durdy. Şemalsyz, dymyk tomus aýy Gunça hoş ýakmaýardy. Uzak gűn onda birhili, erbet duýgy bardy, hamana erbet bir zat bolaýjak ýalydy. Ol bedräni suwdan dolduryp, bir hili agyr duýgy bilen ýataga tarap ýöneldi. Birdenem ýatagyň agzynda doňdy. Şol pursatda onuň ýűregem urmasyny goýandyr. Suwly bedre takyrdaklap gaçdy. Onuň dodaklaryndan diňe “gelneje” diýen söz eşidildi. Onuň endamy titraýärdi, ol ne ses edip gygyryp bildi, ne-de gymyldap. Öňűnde tűwi ýaly ak reňkli gelnejesiniň ýűzi bardy. Onuň gören zadyny ýazyjy űçin hem suratlandyrmak kyn, suratlandyrylsa bolsa, okayja okamak agyr dűşerdi. Oturgyç bir yanda zyňylgy ýatyrdy. Gyzyl, gűlli ştapl köýnegiň aşadynda iki aýak sallanyp durdy. Horajyk, ak tenli boýnundan bolsa ýűp aýlanandy. Gara saçlary ýygnalypdy, onuň ýaşjyk ýűzi bolsa “meni bagyşlaň” diýýän ýalydy.Bu ýűzde eýýam jan ýokdy, onuň ruhy eýýam başga ýerlerdedi.
Bir minut geçendir, emma Gunça űçin asyr geçen ýaly bolup görűndi.Ol gözlerine ynananokdy. Groky onuň endamyna giripdi.Ahyrsoňy ol:
-Eje!Myrat!-diýip gygyrdy, emma onuň titreýän, haýal sesini hiç kim eşitmedi.
-Kömek ediň!
Onuň gözlerinden ýaş dökűlip başlady, jansyz sesi bilen ol:
-Myrat!-diýip ýene gaýtalady.
-Näme boldy?
Biraz gaharly Myrat gapydan girende gűrledi, ýöne onuň gözleri öňűndaki zatlary görende, gahary gorka öwrűldi.
-Jeren!-ana, şol sözden başga şol pursatda ondan hiç hili söz çykmady.Ol derrew oturgyjy alyp, ýuwaşlyk bilen ýűpi çözűp, Jereni eline aldy.
-Jeren, Jeren, oýan!-diýip ol zola gaýtalaýardy. Ellerini, ýűzűni sypalap, oýartjak bolýardy. Kellesini ýűregine goýdy. Gum-guhlyk. Diňe Gunçaň ýaşy hemem öz ýűreginiň urgusy eşidildi. Jerende jam ýokdy. Yűrek durdy.

***
Horajyk, gara saçly, akýagyz Jeren ýigrimi ýaşyndady. Ol gűn onuň keýpi kökdi. “Durmuşyň ajaýypdygyny” diýen ýaly pikirler onuň kellesinde aýlanýardy. Obany garaňky basdy, ýöne bu wagtlar daşarda bolmak oba gyzy űçin aýyp zat däldi, elbetde şäher däl, şäherde gijara gyzlar űçin daşaryk çykara iş ýok. Ol köýnegini jorasy Kűműşhe tikdirmäge äkidip barýardy, ýöne köýnek daşaryk çykmana bir bahanady. Köçäniň o çetinde oňa biri sabyrsyzlyk bilen garaşyp durdy.Hemme durmuşyň manysy şol köçäniň o çetinde oňa garaşyp durdy. “Men mundan öň nädip ýaşadymkam?”diýip ol pikir edýärdi. Ol ädimini haýallatdy.Yuwaşlyk bilen barmaly agajynyň ýanyna golaýlaşdy.. Garaňkyda agaja ýaplanyp duran uzyn boýly, daýawrak bir adamyň heýkeli görűnýärdi.
-Azat-diýip Jeren pyşyrdady.
-Geldiňmi?
-Hawa
Azat aýyň şöhlesi bilen nurlanan Jereniň ýűzűnde ýylgyryş gördi. Onuň ýűregi gysyldy. “Beýle eýjejik zada men nädip bu habary aýtsamkam? Ol bu habary nädip Kabul edip bilerkä?! Jeren, Jeren… Hudaý name űçin biz bile bolup bilemzok? Bu dűnýäde adalat diýilýän zat barmyka?”
Ol Jereniň dodaklarynyň sowukdan ýaňa titreýänini gördi-de:
-O, name ýaman ýuka geýinipsiňle?! Uşäýmä, how-diýip ol öz egnindäki koža kurtkasyny oňa atdy.
-Yok, hökman däl-diýip Jeren garşylyk görkezdi, ýöne kurtka eýýäm egnindedi.
Gyşyň soňky aýy bolansoň, entek howa ýylamandy.
Biraz wagt olar dymyp durdular. Jeren Azada bir zat bolýanyny syzyp başlady.
-Näme boldy? Hemme zat oňatjylykmy?
-Hawa…neme…yok!
-Näme boldy onda, Azat beýtmesene meni gorkuzýaňa!
Azat ýűzűni sallady.
-Men özűmiňkileri seň ýanyňa ugratjakdym, edenoklar!
Jereniň ýűzűndäki ýylgyryş häli ýitipdi, indi bolsa gorky bardy.
-Biraz garaşaýarys- Jeren umyt bilen pyşyrdady.
-Yok, Jeren, olar…Azat sözűni soňlap bilmedi.
Jeren bolsa diňe ýaşyny saklady.
-Jeren, bagyşla…
Ol ellerini eline aljak boldy, emma Jeren çekip aýyrdy-da:
-Şumy indi bar söýgiň?
Gahar, gorky, ýitgi, onuň Azada bolan söýgűsi bilen bulaşdy. Ol kurtkany çykaryp Azada zyňdy, soňra bolsa ädimini gataldyp öýűne tarap ylgady.
Haçanda biz ene-atamyz we söýgűli ýarymyzdan birini saýlamaly bolanymyzda, herimiz dűrli jogaby saýlaýarys. Käte ikisi bilen hem asuda durmuşda ýaşap bolýar, ýöne saýlamaly bolsa nätjek?! Megerem Azadyň söýgűsi beýle gűýçli däldi ýa-da ol maňlaý diýilýän zatdyr.Nämede bolsa ýowuz we sowuk gijede ýeke duran Azat näme etjegini bilenokdy. Ol hemme zady eýýäm çözűpdi, ýöne ony durmuşa geçirmek pikirlenmekden kyndyr.
-Jeren, dur, Jeren!
Azat oň yzyndan ylgady. Ÿetip ony gűýji bilen saklap duzurdy.
-Diňle meni, sen başga oglan tap, ine görersiň menden gowusy duşar…bar, durmuş gur, wagt geçer menem ýatdan çykararsyň-
Jeren hiç zat diýmedi. Ÿuwaşlyk, diňe şemala ýapraklaň şygyldysy eşidilýärdi.
-Men seň bagtly bolmagyňy isleýän.
Aýyň ýagtysynda ol Jereniň aglaýanyny gördi.
-Bagtly bolmagymy isleýäň?!
Ol soragly Azada seretdi.
-Sen dűşűnmediňmi? Men sensiz bagtly hijem bolup bilmerin.
Ol elini çekip, garaňkylyk bilen birigip, Azadyň gözűnden ýitdi.

Dowamy barde

Telpekler (9 kisiden 11 sany)

Bu yazgi ucin

  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Merjenjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! I wish you good luck in your great work (hobby)!!!"
  • Yusup_Ahmet 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "tas aglapdym :)"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Okamda inim titrap gitdi. Perfect!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gatygowy:)"
  • Wepa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Dowamy boljakdyr

Okap manga pikirngizi aydayng...dowamynam basym yazjak, yazdymam yone type etmeli
______
Leyla

Özün yazan bolsan,

Özün yazan bolsan, çyndanam tüweleme.
Pursatlary gowy düşündirip bilipsin.
emma tema yönekey, elbetde sen yaly yaş biri üçin yazanyn uly iş.
Gutlayan geljekde, has gowy romanlar yazarsyn.
Oba söygi durmuşy gaty gyzykly bolyar. :)
"kojza kurtka", "daşaryk çykmak üçin köynek bahanasy", "garankyda garaşyp durmak", "yataga bedreli suw akitmek", we ş.m. gaty gowy ulanyp bilipsin.

pikirim...

gaty gynancly yone peydaly...
yazgy oran gowy bolupdyr. men pikirimce yazyjylyk durmusuna dowam et. belkem geljek uly yazyjylaryn biri bolarsyn....Berekella! eline, yuregine, zehinine berekella!

Gynancly eken. Gyzykly yone,

Gynancly eken. Gyzykly yone, dowamyna garashyas...

Bu wakalar bagly dälmi?

Bu wakalar bagly dälmi? Dowamy ýokmy? Şonda-da berekella özüň ýazan bolsaň!
PS Baglydygyny bilýän welin, ýaman "hindi kino" stil ýazgylarda. Özüň ýaş gyz bolaňsoň, "düşünýän". Oglan ýazan bolsa, başgaça pikir ýazardym.

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Wi, bagly dalmi ya? Menem

Wi, bagly dalmi ya? Menem baglymyka diyip otyrdym, ilki hazirki bolan zatdan gorkezip, sonundan onki bolan wakalary getirip, bashky yagdayy dushundirjek bolyamyka oydupdim :))

bagly oydyan..

bagly oydyan.. Jeren son Myrada dagy durmusha chykyandyr.. ya-da chykmaly bolyandyr?! yogsa gyz ady gyt dal-a, ayri wakada shol bir gyz adyny ullanmak..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry aydyan"

bagly, bagly Leyla

bagly, bagly
Leyla

Belle, bashda wakanyn

Belle, bashda wakanyn sonundan bashlap, son onundaki bolanlary beyan etmegin govy pikir, sebabi adamlar olumin sebabini biljek bolup yzyny has dykgatly okayalarmyka diyyan, bashda agajyn ashagynda dushushyp duran 2 yash bilen bashlasan, edil shol dykgaty gazanyp bilman bilerdin!
Yone, kabir sozlemlerinden Turk dilinin ysy gelyar, sozler turkmenche bolsa-da, sozlemin gurlushy Turk grammatikasyna uyyar. We "bir hili" yaly sozleri nache az ulansan, shoncha-da govy bolayjak yaly men govnume, sebabi yazyjy diyen adam "sypatlar" bilen bile yugrylan yaly bolmaly, we her "birhili" duygyny "birhilijek duygy oza, nahili diysemkam.." yaly sozleri ulanman, yerlikli sypatlar bilen okyja yetirip bilmeli, we bu mesele okyjyny shol wakanyn atmosferasyna sokmak uchin gaty mohum !!

P.S. Dushunmedik zadym: Name uchin Gunça Jeren'i asylgy yagdayda gorende "gelneje" diyyar ?? Jeren name chykanmy ?? Chykan bolsa, agajyn ashagynda na gori bar ?? Chykmadyk bolsa, 20 yashyndaky gyza gelneje diyyalermi ??

P.P.S. Yaman yigrenyanda ozuni assalar, nahili sebap bolayanda-da "bagyshla" diyip "gachyp gitmek" namartlyk !

Myrat jerenin agasy;Gunça

Myrat Gunçanyn agasy;
Jeren bolsa, Myradyn gelni.
birinji waka bilen sonky wakan arasynda köp wagt bar bolmaly.

Haaa...Beyle bolsa eyyam

Haaa...Beyle bolsa eyyam ayry gurrun !

Yone sheyle yagdayda ozuni asmak name netije beryar ?? Biderek yzyndakylary agladyp, o dunyan ishini gorup, seni govy goryanleri gynanch deryasyna bogup...Beyle yashashmak agyr bolsa ayrylysh, ya-da duybinden durmusha chykma, olup gidibermek in biderek saylow bolaymasa. Yone sheyle yagdayda galyp durmusha chykan gyzlar goni 1 chagajyk edinmelimika diyyan, adamsy bilen ysnyshyp bilmese-de chagasy bolanson oyune ysnyshar, adamsy bilenem wagtyn gechmegi bilen umumy dil taparlarda !

oran dogry

Orazdurdy hawa, siz oran dogry dushundinipsiniz. Mergen size aytjak zadym welin sizin pikiriniz oran dogry, yone Jeren megerem ruhy taydan gaty guychli dal, shondan hem shol sebap bilen yashandan olumi saylady.Men barde yashasyng gelmese ozunizi asyng diyemok! men Jerening yalnyshyny gorkezjek bolyan.
Leyla

Maslahatynyz uchin kop sag

Maslahatynyz uchin kop sag bolung, goz onude tutaryn... chynym aytsam yazamda turkmen dil sozlugiming yetrlik yagdayda daldigini ozum hem duyyan, shu wagt shong ustunde ishlap yorun.
menem assalar yigrenyan, yone her kim durli yoly saylayarda, men Jerening yerinde bolsam beytmezdim welin, ol men dalde jeren.
Dowamyny okasanyz has govy dushnukli bolar...

Ok, dovamyna garasyas onda,

Ok, dovamyna garasyas onda, enshalla hekaya Jeren'in saylan yoluny azajyk bolsa-da "bir tarapdan on edyanem dogry" diydirjek bolyan shekilde gutarmaz !

Turk dilining ysy?!

Men turk dilini bilemoga...men dinge rus inlis dillerini bilyan...
Leyla

Wow, Leylajan, oryan gyzykly

Wow, Leylajan, oryan gyzykly istoriya yazypsyn!
Spasibo, mana oz blogyn barada aydanyn uchin i spasibo chto podelilas s nami so svoim shedevrom, iskustvom!
With the best wishes, Merjen!

Edit: Turkmen dilinde yazyp bilyakaniz bashga dilleri goshmak asla gerek dal, biraz pikirlenmelem bolsa, turkmen dilinde yazjak bolun! Mergen!

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 2 telpek goyyar we yazyar: "Yalnyslyk boldy, ine galan 2 telpek!"

Bolyar Mergen indiki gezek 1

Bolyar Mergen indiki gezek 1 sagat pikir etmeli bolsamda turkmenche yazjak bolaryn...
Sagbolun!
With the best wishes, Merjen!

Leýla, ýazgyň üçin köp

Leýla, ýazgyň üçin köp minnetdar! Gowy yazypsyň! Yzyna mende garaşýan!
Saňa bu işde üstünlik arzuw edýän,
hormat bilen,
Sylap

Leýla, sen romantiki däl,

Leýla, sen romantiki däl, has pragmatiki zadam ýazyp biljekmi meň üçin? :) Men pahyr romantik däl :(
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

hm... onam onarayarys...

hm... onam onarayarys... biraz garashsanyz, men romantik bolsamam bashga gornushde-de yazjak bolup synanshayaryn
Leyla

Belle, hosh geldin sahypa :)

Belle, hosh geldin sahypa :) yazgylaryn howri kop bolsun! Berekella, bu yazgyn gaty gowy! menem halanymy aytmak isledim. romantiklen yurejigini para para etdin :) romantik dal agzalar uchinem gyzykly hekayan howri kop bolsun :)

Hindilere menzesh

Hindilere menzesh goysanyzlang, hindim kinolary durup bilemok...romantism dine hindi kinoda yoga, gozunizi achsanyz shu wagtky chykyan taze Amerikan yazyjylarynyng hemme kitaplary diyen yaly romantism, mysal uchin "Wicked Lovely". "The Luxe", "Rebel Angles" yaly kitaplar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "tüweleme, güýçlä güýçli diýmeli :)"

entägem okamadym, ýöne

entägem okamadym, ýöne ýaman gowy ýazga meňzeýär başky/asyl ýazgy.
Soňurak men hem bir göz gezdirip, pikir bildirsemmikäm :)))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men shunyanak Romantik

men shunyanak Romantik kitapalary gowy goryan, yone alyp okamana takadym chatanok, yaman gysdanyan shony tizden nahili bolany bilesim gelyar:0
bir gezek bir kitap okadym, okap otyryn yuregim gysyar , indishong asyl manysyy owrenmelida onsang natdim diyeenile, ongunden 30 sahypa okadym, ortasyndan 10 sahypa okadym, yzyndan 30 sahypa okadym, wesalam etdim, bay yurege dushgunch kitap eken , yuregim gysyp gitdi , zordan okaydym, ady shu wagt doly yadyma dushenok haysy kitapdygyny, shong ady " Girdapmy " ay bilemok shonga bir zat mengzeshler, selbi diyyan gyzyng ykbaly hakda gurrung gityar , belki okanlar bardyr, erbedam dal welin, kop kishii gowy goryar ony welin men kan halamadym, chalt okap manysyna dushundim, goydum:)
yone manga gurrung berseler halayan, birem men esasan gazetlerdakini gowy goryan okamany, esasanam Zaman gazetdak , duzrmushdan bolan zatlary halayadym, Dash diyen bolumini
______________________________
Live in the present, not in the past

Girdabyn manysy name

Girdabyn manysy name Turkmence manysy?

"Girdap" bolanda tovalanyp

"Girdap" bolanda tovalanyp ashaga tarap gidyan suw'myka diyyan, ortasyna dushsen senem aylap alyp gidyan ! Chayi chemche bilen garanynda ortasynda doreyan suv "chukurynyn" uly gornushi !

Girdap nireden

Girdap nireden chykdy?
____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

girdap-kaos(turkche)

girdap-kaos(turkche) xaoc(ruscha) chaos(inglische) bolmaly.

Uzun mesafelere ulaşmak, yakın mesafeleri aşmakla mümkündür
İmam Gazali

Zamana menem soyyan,

Zamana menem soyyan, diyaymeli... her sahypasyny okap chykyan. Dash elbetde halayan sahypalarymyng biri...
Selbijan beydip okasanga bilmedim, men yone bara yuregim yarylyp gelse bilesim gelip, onda kitabyng govudygyny angladyar. Mysal uchin Garri Pottering 5nji bolumini sheyle gyzykly gordum welin, uzak gun songam uzak gije 800 sahypany okap gozumi ayyryp bilmedim, sebabi sonuny bilman yatmajagymy bilyanda
Leyla

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "berekella "

harry pottering mende

harry pottering mende birinji bolumi bardy , kitaby , bir okan boldum welin, song tashladym , shu wagtam bir kitap aldym okara diyip yplda okasym diyip welin, elim sowukdan yanga hich zat okap bilemok:) ong okayadym welin shu gunler, Texasy sowuk aldy :)))
shu kitaby okap gorjek , sozlerem yengil, destkiy kitap :))) sabyrlylyk bilen okajak indi , ongki yanak etjek dal:)))
ongki girdap diyyan kitapda , bir howlukyan songy nahili bolduka diyip, ay song yuregime dushup bashlady welin her yerinden manysyny bilsem bolyar diydim::)))
songam yzyndan okap bashladym welin ola wapshede gowy dal eken gyzykly dal, onam sheydip okadym, yone men cheper eser okamdan matematika ishlanimi gowy goryan:)))
______________________________
Live in the present, not in the past

sonky bolumlerini oka...

sonky bolumlerini oka... detskiy diymersing...
voobshe "duh zahvativayet"...bilemok mena J.K. Rowling ing stilini soyyan
Leyla

Men romantik dal, yone hindi

Men romantik dal, yone hindi kinolardaky yaly dalirap soyushmage hem yok diymerin! :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: " Berekella!Onaryanyz ona!!!"

Men yarym romantik bolsamam,

Men yarym romantik bolsamam, her mowzukda shahsy gurrunleri yazsanyz pozjakdyryn adamlar.
Ayry mowzuk achayin romantik'mi dalmi diyip, barde Jeren pahyr olup yatyr, sizem romantika, eyle, beyle...Mowzuk bashga yana sovulyar !

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Atmasanyzlang, bashga tema gechip gitdiler! Bar telpeklemi paylap yorun-da! ozumdede zat yok welin! ay, goldaw uchin sag bolung!"

Dowamy !

Dowamy

Şol duşuşykdan soň bir aý geçipdi. Jeren Azady şondan bäri görmändi. Elbetde oba gep ýaýrapdy. Jeren űçin bolsa parhy ýokdy, durmuş onuň űçin indi, maksatsyz oýundy.Emma şol gűnleriň birinde oňa guda boldular. Goňşý obadan bir sadaja ýigit, baý däl, garyp däl, özem ýol kreý edip pul gazanýarmyş, ýaşam ýigrimi űçe barypdyr. Jerenden ejesi kakasy razylyk bermegini soranlarynda göwűnli-göwűnsiz “bor” diýdi. Jeren űçin ýaşamak gűndeki bir edilýän iş ýalydy. Ol turardy, iýerdi, içeri syrardy, sygyr sagardy, nahar bişirerdi, ýöne jansyz, durmuşa hiç hili gyzyksyz “robot” ýaly ýaşaýardy. Onuň on sekiz ýaşly gyz jigsi Jahan buny duýýardy. Elbetde Jeren öz duýgularyny hiç kime görkezmeýärdi, ýöne Jahandan zat gizläp bolanokdy, ol şeýleräk häsiýetlidi. Jeren hemmelere Azat bilen aýrylany űçin hiç zadyň űýtgemänini, Azat oň űçin tapawutsyzdygyny aýdýardy. Hakykatda ol beýle däldi.
Toý gűni bellenildi. Alada iş. Ony almaly, muny almaly. Bagşyny çagyrmaly. Seýdip ýaz gűnleri kitap agtaran ýaly geçip gitdi.
Ol gűnem ýetdi. Jeren gyzyl ketenili aýnaň öňűnde otyrdy. Jahan bolsa onuň şar gara saçlaryny örýärdi. Űç-dört sany jorasy hem ýanlaryndady. Gapyda on, on iki ýaşly iki űç sany gyz girip bir çetde otyrdylar. Uşaklar gelniň bezenşini görmegi halaýarlar. Haýsy toýa barsaň, uşak halk gelniň jaýynda, şo:l gelni synlap oturandyr, käte dagyn kowup çykarmaly bolýar.
Jahan hiç kim eşitmez ýaly Jereniň gulagyna golaýlaşdy:
-Sen şu wagt Azat barada pikir edýäň gerek?
-Ÿok
-Men görýänä, Jeren. Sen ejemi, kakamy aldap bilersiň, ýöne men seni tanaýana…
-Edemde näme?! Bu gűrrűň peýda etmeýär.
-Jerenjan, ony ýadyňdan çykar özűňi beýdip kösemedä. Sen täze durmuşa başlamaly. Bu täze durmuşda Azat ýok, eşidýäňmi? Ýok…
-Jahan, bolanok, men synanşýan, ol elmydama meň öňűmde. Men ony elmydama duýýan, pikir edýän ol hakda…
-Wagt…wagt hemme zady oňarar…hemme zat gowy bolar Jeren, eşitýäňmi, hemme zat…
Ol Jereni gujaklady. Ikisiniňem gözűnde ýaş bardy.
-Gelnajy gelýär, gelnajy-diýip çaga-çuga gygyrşýardy. Bolmanam olaň başga näme işi bar?! Biz diňe şol döwűr hiç zat barada pikir etmän gűlűp, oýnap bilýäsä ahyr.
Daşarda maşynlaň signaly eşidildi.

***
Awgust aýy ýaňy gadam basypdy. Yssy howa, asuda asman, yagty gűn, Jeren bolsa ýuwaşlyk bilen ýaşmagyny gysyp howuzdan suw almaga ýöredi. Myrat, onuň ýan ýoldaşy, orta boýly, gara saçlydy, häzirem maşynyny howla salyp durdy. Dűşűp Jereni gördi-de:
-Jeren, derrew suw abersene, öldűm halys şu yssydan!
Jeren sessiz derrewden ywana girip holodilnikden bir baklaşka buzly suw bilen stakan alyp çykdy. Myrat suwy ganlap işdi, soňam sag bolsuz, ýekeje mähir sözsűz içerä girdi.Myrat şeýle häsiýetlidi, mähri, ýumşaklygy halamaýardy. Elbetde ol Jereni gowy görýärdi, ýöne ýyly sözlere öwrenşen Jeren űçin bu hereketler agyr degýärdi.Myradyňam gűnűne baglydy, käte bir ýyly söz aýdýan wagtam, degişýän wagtam bolýar.
Jeren sessiz, űýnsiz agşamlyk nahary taýýarlamaga başlady.
Öýlänara hemmeler saçaga ýygnanşdy. Gaýynlary, iki baldyzy, Myrat saçagyň başyna geçdiler. “Bissimilladan” soň ilki diňe çemçeleň sesi eşidilýärdi. Jereniň eli sűýjidi, oň naharynyň kemçiligini tapmak iňirdeýän adam űçin hem käte kynrak dűşýärdi. Bu gűnki çorba bolsa, adatkysy ýaly tagamlydy. Megerem durmuş başga ugry alan bolsa, bu tagamly çorbany iýip oturan Myrat dälde, başga biri bolmalydyr, emma nätjek boljak zat bolupdy eýýäm.
Birdenem, gum-guhlygy bozup, Myradyň ejesi Gyzylgűl eje ogluna ýűzlendi:
-Oglum, bu gűn ýol kreý nahili boldy? Ÿolagçybir bamy bu yssyda?
-Aý, edil o diýenä däl, ýöne boşa oturmadym.
Birden baldyzlaryndan Göwher atlysy, dayawragy, ýadyna bir zat dűşen ýaly çöregini çeynäp bolup, geplemäge başlady:
-Waý, neme…hol Aman aganyň ogluny bilýäňizmi?
Gyzylgűl eje kän bir bu soraga űns bermän:
-Azatmy?-diýdi.
Jereniň ýűregi gysyldy. Bir salym demem alyp bilmedi. “Göwher, ol hakda näme diýjek bolýarka? Alla, oňa bir zat bolan bolaýsa? Hudaýym maňa gűýç ber!” Jeren kynlyk bilen syr bildirmejek bolup otyrdy. Hna boýalan bir örűmli baldyzy Gunça ilki Jerene, soň Göwhere göz`aýlady. Bu gűrrűňiň soňunyň gowulyk bilen gutarmajagyny aňýan ýalydy. Gözi bilen hereket edip Göwhere“Otur sokulda! Näme bileňokmy?!” diýjek bolýardy. Emma Göwher bilgeşşin edýän ýaly gűrrűňi dowam etdirdi.
-hawa…men ýaňy Maraldan eşitdim… öýlenýärmiş…
Hiç zatdan habarsyz Gyzylgűl eje:
-Kime?
-Hol… maşyn satýan Orazdurdy bara…şoň gyzy Selbäle…
Jereniň elindäki çemçe tas gaçypdy, emma ol wagtynda özűne geldi.
Myrat ony gördi, ýöne görmedik bolup:
-Göwher, oba aýlanyp çykyp gep baryny tapyp gelýäň, ondana Gunça ýaly tikin bir zat öwrenäýerler.
Göwheriň ýűzi gyzaryp gitdi. Gyzylgűl eje ogluna gytaklap seretdi. Gaýyn atasy bolsa bu gűrruňden sogjak bolup potrat barada gűrrűň edip başlady. Azat barada şondan soň hiç zat diýilmedi.

***
Çydamsyz, yssy awgust aýynyň ortalarydy. Kondisionerli ywanda howa salkyndy. Hälki naharda bolan gűrrűňden soň iki hepdä golaý geçipdi. Jeren ussatlyk bilen hamyr ýaýyp otyrdy. Ol käte telewizora serederdi. Kajol bilen Sahruh hindi heňlerinde tans edip aýdym aýdýardylar. “Şolar ýaly bagtly bolsadym! Allajan men näme űçin Azat bilen bile bolup bilemok?! Azat, Azat…seň adyňy million gezek gaýtalasamam az. Men sensiz bu dűnýä nurly gűnsűz galan ýaly. Wah, sen meň şu wagt ýanymda bolsadyň! Şonuň űçin hemme zady bererdim.” Onuň kalbyna daş goýlan ýalydy, uludan demine aldy. Gözűnde ýenede ýaş bardy. Derýa deýin akýan ýaşynyň soňy ýokdy, emme ýűrekdäki gaýgy aýrylmaýardy. “Durmuş…nämä gerek bu durmuş eger Azat bolmasa ýanymda?! Myrat, sen ýaman goy sözűm ýok, ýöne sen Azat däl. Men çagalarymyň nurly ýűzűne seredemde Myradyň ýűzűni däl, Azat, seň ýűzűňi, seň gözleriňi göresim gelýär!”
Yssynyň täsirimi, nämemi, Jereniň başy aýlanyp başlady. Ol soňky somsasyny ýaýyp, gazjaýa bişirmäge ýöneldi. Göwsűndäki agram, demini kynlaşdyrýardy. Eli pikirsiz “awtomatiçeski” hereket edýärdi. Birdenem nazary aýnadan howludaky surata dűşdi. Towukdyr, horaz nan owuntyklaryny çokupjyk ýördűler, ilerden mäleýän goýunlaryň sesi eşidilýärdi, Myradyň biraz ýalta gűjűgi Alabaý ullkan göwresini ýaýradyp işsiz howluda ýatyrdy. “Durmuş, ine durnmuş, maňa bu zatlar nämä gerek?! Bu durmuşda Azat ýok ahyryn. Birdenem oň kellesine bir pikir geldi. “Mende şondan başga çykalga ýok…”
…Iki sagatdan soň Jeren bu dűnýä bilen hoşlaşdy.

***
Aýly agşamly asmanda ýyldyz ýokdy. Jaýdan käte-käte enäniň çirkin agysy, beýleki gelinlerdir, aýallaryň sesi eşidliýärdi. Tamyň arka burçunda kimdir biri çommalyp otyrdy. Biraz salymdan gara ýalyga bűrenen gyzyň figurasyny nurly aýyň aşagynda görűndi.
-Ol başga çykalga ýokdur diýip pikir etdi, elbetde gapy ýapyldy, ýöne haçanda gapy ýapylanda Hudaý elmydama bize başga gapyny açyp berýär ahyr. Diňe biziň köpűmiz şol ýapyk gapa uzak seredip, beýleki gapyny göremzok-ol uludan demine aldy. Ÿaňky sözleri aýdan Jereniň jigsi Jahandy. Çommalyp oturan adam onuň ýűzűne seretdi.
Onuň gözleri dym gyzyldy, aglan bolmaly, ýöne garaňkyda Jahan ony görmedi. Megerem köpűňiz bilensiňiz, ýaňky adam Azatdy.
-Men oň beýtjegini bilen bolsam, wah, men, men gűnakär…
-Sen ozűňi gűnäkärleme, biziň indi edip biljek zadymyz ýok. Diňe Hudaýdan oň gűnäsini geçmegini bagyşlamagy dileg et.
Salkyn şemal öwűsýärdi. Daşarda itleň uwuldusy eşidilýärdi.
Jahanyň bokurdagyndaky saklap duran ýaşlary joşan däli umman deý dökűlip başlady. Onuň eginleri titreýärdi.
-Azat,- Ol ýűzűni elleri bilen yapdy-Men beý diýmeli däl, ol indi gitdi, ýöne ol näme űçin beýtdikä?! Ol men hakda, ejem, kakam hakda pikir etmedimikä? Ejem pahyryň onsuzam ýűregi gowy däl, ýaňam tutup otyrdy, bir zat bolaýsa, way, Hudaý saklasyn, Allajanlarym, oň kellesine bu pikir nädip geldika?
Azadyň bu soraglara jogaplary ýokdy.
Damja. Ÿene bir damja. Gökden damjalaýardy. Haýal yzygidrelik bilen, hamana bir saz çalýan ýalydy. Gögem aglaýardy. Gynanç bilen ýuwurlan damjalar.
Bir ene bilen atanyň balasy; dogan, gelin, megerem eje bolmaly Jeren gitdi, ýitdi, indem gaýdyp gelmez. Şol tomusda ýagan ýagyş Jereni soňky ýoluna ugradylýança dynman ýagdy.
Durmuş ýoly...onuň dogrusy ýa ýalňyşy bamyka, biz bir ugry saýlayas welin, bu ýol dogrymyka? Kim biler…

Telpekler (6 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekellah!"
  • Yusup_Ahmet 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Bah aglatdyngyzay..."
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!Galamyn ujy yiti bolsun!"

hekayan baş gahrymany

hekayan baş gahrymany Jereni, gaty samsyk, akylsyz, dar düşünjeli edip goyupsyn.
Yagny gahrymany şeyle bolandan sonra, hekayan gyzygy gaçyar, gahrymany has "Dogry" adamdan saylan bolsan gowy bolardy, meselem Myradyn harakterlerine gowyja goşantlar goşup, şony öne çykaryp bilerdin. Jeren bolsa, biderek samsyklapdyr.
"Azat"myş?! Azadyn ony "zynyp gidenden" habary yok yaly.. Şony söyen bolyar. Aytsan aydyp otyrmaly..

Belle, şu yokardaky kemçilikleri hasaba almasan, gowy yazypsyn, edebi owadan sözler bilen bezap bilipsin.
Hekaya dal-de, klip yada gysga kino senariyasyna menzeyar. :)
Indiki yazgylaryna sabyrsyzlyk bilen garaşyan. Sagbol.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Yusup_Ahmet 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Jerem samsyklyk edti

Jerem samsyklyk edti diysegem bolanok, sebabi ol ong durmushy her kimem oz yoluny ozi saylayar.
"Dogry" adam saylan bolsamam bolardy, yone durmushda "dogry" adam gaty gyt, men bolsa yonekey bir durmush barada yazdym ahyr.
Leyla

Öran gyzykly eser. Köp sag

Öran gyzykly eser. Köp sag bolun. Mundan beylak hem taze taze eserler bilen bu günkü Türkmen edebiyatyny janlandyrarsynyz diyip umyt edyarin. Galamyn bady gaçmasyn.

turkmen edbeiyaty uchin we

turkmen edbeiyaty uchin we turkmen ilim uchin gije yatman yazmagymy dowam ederin! hazirem 3-4 sany hekayadyr powetleng ustunde ishleyan...24 sagat yetenokda!:)
Leyla

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! "

beyle ykbaly Jerenin ozi

beyle ykbaly Jerenin ozi saylapdyr. yogsam has gowy we bagtly yashabam bilerdi..Myrat erbet dal yaly hekayada beyan edilshi boyuncha.
Belle, aytsana, bu bolan wakamy? ya-da ozunden duzdun?

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Yusup_Ahmet 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bolan waka dal diysema

Bolan waka dal diysema yalanchy, yone sheylerak bir wakany eshidipdim, yone men sholary tanamogam... wakany ozumche duzdim diysemem boljak, sebabi kop zady ozumden goshdum...
Leyla

Tüweleme, gowy yazypsyn.

Tüweleme, gowy yazypsyn.

Pikirlerimi ýazaýyn. 1.

Pikirlerimi ýazaýyn.
1. Bolup biljek waka. Gynansagam(?), gyzlar has duýguly oglanlara garanda.
2. Ol gyzyň özi hem Azatdan az günäkär däl bolan ýagdaýda.
3. Sen obaly bolmaly Belle.
4. Göýberen ýalňyşlaryňam seň ýazan wakaňy has bolan waka çalymdaş görkezýä :) Hakyky türkmendä, "gelnajy", "işdi" we ş. m. :D
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Men obaly?! ha..ha.. wakany

Men obaly?! ha..ha.. wakany gaty gowy beyan edipdirin oydyan... yok, butin omrum shaherde yashap gechdim, oba durmushy meng uchin dal, ICHIM GYSYP OLYAN 2-3 gunluk gitsemem, yone men garyndashlarymyn hemmesi diyen yaly obada, menem gezmane baramda synlayan, owrenyan...shondan naman namedigini bilyan.
Menem bolman Azat gunali diyemoga, Jereninem Azadynam eden yalnysh hereketleri bar.
Hakyky turkmen, eysem kim bolmaly?
Leyla
P.S. men hakyky turkmen dal diysem ynanarsynyzmy?!

baa onda kim sen:D

baa onda kim sen:D

Bilmedim, bir hili

Bilmedim, bir hili ýaşlaryň duşuşmaklary, soňam muny bütin obaň eşitmegi... edil obaň ýagdaýyda...
Diýmek sen obada kän bolup göreňsoň bilensiň. Şäherden oba gezmäge gelýän gyzlar... pah, ýaşlygymy ýatlaýdym diýen bolaýyn :D
Oba iç gysgynçmy? Aý goýa, şäheriň nämesi üýtgeşik gowy?!

Azat klassiki oglan herekedini edipdir. Bizde Azat ýaly hereket etjek we edýän oglan gaty kän. Ýalňyşmy? Belki. Ýöne ýagdaý şoda.

PS Ynanaryn. Hakyky türkmen milletde däl. "Işjekmi?", "gelnajy" ýaly zatlarda :D
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

Dushunmedim "ishjekmi",

Dushunmedim "ishjekmi", "gelnajy" mena yalnysh yazdym ony? Shaherde name bar diyyanizmi?
Men bosh oturmany halamok, obada bolsa mellek ishlemage niyetim yok , shaherde ish alada uzak gun... wah, shu wagt yatlatdynyzda onki durmushymy, okuw, klasdashlar, song America Corner, yadap 6 towerego oye gelersing, nahar ya eyle beyle komek ederin, sonam yene kitaba yapysharsyng, bilemok, yone shaher durmushy meng uchin has yakymly, uly shaherleri hasam gowy goryan , sebabi bosh oturyp bolanok, obada bosh oturyalar diyemok, yone obada durmush bir hili hayal gechyar. ya men gownumemi?!
Leyla

Hawa, "gelnajy" bilen

Hawa, "gelnajy" bilen "işjekmi" ýalňyş ýazylan. Ýöne şu ýalňyşlary göýberýän kändä :D Şoň üçin "türkmendä" diýdim.
Obada mellek her kim işlänok, biziň obalar posýolok ýala. Seň şäherdäki işleriňi sanadyň... borda, at dakmaýyn :D
Obada durmuş haýal, emma çalt geçen durmuşy näme etjek?! Bary-ýogy 50-70 ýyllyk durmuşyňyň 80%-ini nädip geçirenini duýman galýaň.
Borda, meň nostalgiýam bolmagy mümkin. Ýogsam oba häzir gitsem näme diýjegim belli däl.
-------------------------------------------------
Pyragy sözlär tilinden,
Namysyn bermez golundan,
Kyýas ediñ gyz gelinden,
Ýyl ýyldan bihaýa bolar

"gelinalyjy" bolmalymy name?

"gelinalyjy" bolmalymy name? yene dushunmedim gramaticheski yalnyshmy ol?
Ay, kim biler haysy yer gowy, mena shaher owrenshen yerimle shondadyr. Durmush chalt gechse, hawa ola gowy dal, yone mena ishli bolmasam yone chaylap tapchanda tebigat synlap bilemok, way, yok yalanchydygymy kate yone pikirlenip ya-da bir zady synlap wagtymy yitirmegem gowy goryan.
ay, yone bu gurruni boldy edayeling.
Leyla

gelinalyjy, içjek,

gelinalyjy, içjek, türkmen-dä.

wi... ay, menem sorayan

wi... ay, menem sorayan welin hich kim haysy dogrydygynam bilenok... masgara, gramatikany owrenip bashlamaly...ozumem tm dili edebiyaty 5 gechduim...
Leyla

Seýilgäh

Seýilgäh
Gije. Garaňkylyk.Köçaniň ugry boýunça ýagtylanan çyralar. Şuwlap ýokary tizlikde gidip barýan maşynlar. Salkyn şemal. Hatar-hatar tokaýlyga öwrűlip barýan agaçlar.
Şäheriň merkezindäki seýilgäh öňkűleri ýaly űmsűmdi, diňe şemalyň ugruna meýmireýän ýapraklaryň sesi eşidilýärdi. Agaçlar uzyn, dogumly, ýogyndan inçe bu seýilgähi has-da garaňky we gijelerine ýowuz edýärdi.Gijeara bu agaçlara jan berilen ýaly, gözleri bilen synlap seýilgähiň hemme syrlaryny bilýän ýalydy. Hiç kimiň hiç haçan bilmejek syrlary. Agaçlar saklap ýörerdi. Niçe ýyl kök beren agaçlar. Olaryň uzyn tallary, syrpynyşan gabyklary garran gojalara meňzeýärdi.Bu ýerde parasatlyk hökűm sűrýärdi, çűnki bu agaçlaryň gören,eşiden zatlaryny biz hem bilmeýäris. Garaňky gatlaşyp ugran mahaly, bu ýerde bolýan wakalara diňe şolar şaýatdy. Şagalaňly toýdan soň ýöräp geçjek oglanlar, duşuşjak aşyk-magşuklar, bir garry, itdir, pişik hem ýöräp geçse bilerdiler. Siziň pikirleriňizem, niýetleriňizem olara aýandy.
Häzirem edil beýleki gűnler ýaly, tűm garaňkylygyň içinde iki sany magşuk bir goja tut agaja ýaplanyp durdular.Kerimiň söýgiden doly juwan ýűregi gűrsűldäp dammar ganyny chyrpyndyryardy. Ol Uzugyň näzli şar gara gözlerinde ýűregini ýylatjak jogaby gözlerýärdi. Uzuk çalaja gűlűp:
-Elbetde, men elmydama seň ýanyňda bolaryn.
Bu gözler, bu şar gara gözler Kerime köp zada umyt berýärdi. Onuň huşy bäş aý yza gaýtdy.
…Kerimiň daýysy gyzyny çykarýardy. Şäheriň iň bir abraýly restoranlarynyň birinde, aýdym saz ýaňlanýardy. Bäş ýűz adamlyk stollarda märeke bary ýygnanypdy. Palaw, çorba, alma, űzűm, umuman ir-iýmiş bary bar, çörek, kolbasa, syr diýdi, stollaryň űstűnde zat goýara ýer ýokdy. Gazlandyrlan içgiler, miwe suwlary, erkek adamlaryň öňűnde bolsa dűrli şeraplardan doludy. Toý eýesi sahy adam ekeni diýdirýärdi. Kerim wahahaýlap oglan dogany Maksadyň aýdyp beren bir gűrrűňiniň űstűnden gűldi.
Olaryň stollary bir çetiräkde, kän bir görűnmeýän ýerdedi. Ýanyndakylara göra ýaşuly bolup töňňerip oturan otuz ýaşly burunlak Maksat bűtin stoluň oglnalaryny gűmäp, gulaklaryna her hilijek gűlkűnçje wakalardan unaş asyp otyrdy.
-ýene, elli gramjyk guýsana, hazir onsoň ýene bir anekdot ýadyma dűşer!- diýip göwni göge galan Maksat dillendi.
-Guý how!- çep gapdalyndaky hor, uzyn boýly ogaln degişdi-bolmasa, eýýam içimiz gysyp ugrady.
Kerim oturanlaryň arasynda iň kiçisi bolansoň öňűnde duran çűýşäni alyp her kime guýuşdyrdy, emma özi ellemedi. Restoranyň içi azerbaýjan aýdymy bilen ýaňlandy, rus dilindäki sözler her ýana ýaýrady. Birden Kerimiň gözlerin ortada saýlanyp duran, tans edýän iki gyza gözi dűşdi. Olaryň biri jigsi Jemaldy. Emma onuň űnsűni çeken jigsi Jemal däl-de, onuň ýanyndaky gara saçly gyzdy. Orta boýly, inçe billi, näzik elleriniň hereketi bilen ol perişdä meňzeýärdi. Kerim ondan gözűni aýyryp bilmedi. Tans edip duran topbaga ýakyn stollardakylaryň hemmesiniňem nazary şonda-dy. Kerim bir minutlyk hat-da özűniň nirededigini ýatdan çykardy. Bu gyzyň gözelligi onuň űçin haýrangaldyryjydy.Alla ýokardan bir perişdäni yere goýberen ýaly. Aýdym gutardy. Kerimiň gözleri bolsa şol perişdäni gözleýärdi. Birdenem gyzam onuň synlaýanyny gördi, nazarlary kaklyşdy, gyz ýylgyryp beýlesine bakdy. Jemaldan bir zatlary soraşdyryp, gyzyl ketensini oňaryşdyrdy-da emaýlyk bilen bir gelniň ýanynda oturdy. Kerim bu duşuşykdan ýaňa biraz wagtlap sesini çykarman dymyp oturdy. Ýanyndaky oglanlaryň hemmesi bir zada gűlűşdiler. “seryozny” ýűz keşbi bilen oturan Kerimi gören Maksat:
-Ahow, inim, näme? Indi näme meň degişmelerim sen űçin gűlkűnçdämi?
-Hä? Aý, menä diňlemändirin-diýip Kerim boýnuna aldy.
-Muňa elli gramjyk guýuň, ýogsa uklap ýatyr öýdýän-keýpi kök Maksat degişdi.
-Men häzir geljek-diýip Kerim ýerinden turup ejesiniň we Jemalyň oturan stolunyň ýanyna bardy.
-Dur how! Nirä barýaň!-diýip Maksat kellesini ýaýkady, emma jogaba garaşman ýene bir stakany ýelmedi.
Kerim stola golaýlaşyp:
-Eje, Jemaly bäş minutlyk ogurlaýynla!
Gűlşat eje ilki dűşűnmedi, soňra:
-Ÿaman degişgen bolupsyň, Kerim jan!-diýdi.
Kerim Jemala bakyp:
-Ÿör lezginka tans edeli!-diýdi.
On bäş ýaşly meleje gözli Jemal geňlik bilen seretdi-de:
-Bor-diýip turup tans meýdança ýöneldi.
Jemala tans edeli diyseň bolýar, “yok” diýjek gumany ýok, emma Kerim ony entek entek “ýör” diyip tansa çagyran adam däl.Jemal bilen Kerim orta çykyp lezginka oýnap başladylar.Kerim Jemala eşidiler ýaly golaýlaşyp:
-Yaňky ýanyňdaky tans eden gyz kim?-diýip sorady.
Jemal ilki bilen jogap bermedi-de “şolar ýaly bir zatdygyny bilýärdim-le” diýýän nazary bilen seretdi-de, biraz dymyp:
-Uzuk…Kakyş daýymyň işdeşiniň gyzy…biziň mekdebimizde okaýar.
Kerim sesini çykarmady, diňe aýaklary hereket edýärdi.
-Hm…sen oň bilen haçandan bäri jora? Men ony öň görmändim?!
-Ol meň joram däl-le, ýöne bir tanyş-ol Kerime bakdy-da biraz dymyp, hamana bir zat aýtjagyny ýa aýtmajagyny çözýän ýaly, ahyr diýdi:.
-Oň halaşýany bar.
Kerim űmsűmdi, saz ýatyşdy. Hemmeler ýerli ýerine dargady. Toý myhmanlarynyň biri gutlag aýdyp sowgat gowşurýardy. Emma Kerim űçin hiç zadyň parhy ýokdy. “Uzuk, Uzuk” diýip ol içinden zola gaýtalaýardy. Şeýle gysga wagtyň içinde durmuşyň başga ugra, ýokary tizlikde barýan Avalonyň dyzardyp öwrűm edişi ýaly, öwrűlip bilýärmikä?!
Kerim hiç zat etmedi, diňe garaşdy. Ol şol şar gara gözlere ynanýardy.űç dört hepde soň tötänlikden gűrrűňleriň birinde Jemal Uzugyň halaşýan oglany bilen haýsydyr bir näbelli sebäplere görä aýrylşanyny aýtdy. Kerimiň ýűregi çaltlandy, şar gara gözler ynanjyny ýitirmedi. Ol şol gűnűň özűnde hat ýazmak, duşuşyga çagyrmak netijesine geldi, emma eline ruçka alanda, el ýazmady. “Beýle perişde duşuşyga çykar öýdýäňmi?Saňa “bor” diýer öýdýärmiň? Kerim, aklyňdan azaşypsyň öýdýän?! Sen kim? Bir talyp, ýönekeý adam, sen oňa mynasyp däl! Ol owadan, görmegeý, PERIŞDE!”-diýip ol öz özűne zeýrendi. Iki űç gűn ýazmady, keýpsiz tutuk ýűzi bilen gezdi ýördi. Ahyr “näme bolsa, şol bolar” diyip ak kagyza öz içindäkileri dökdi. Indem, haty nädip ugratjagyny bilmän otyrdy, edil şol wagt, bilip diýen ýalyJemal ylgaşlap gapydan girdi:
-Kerim, seni telefona çagyrýarlar! Arslan diýýär!
Kerim oňa siňe seredip:
-Jemal?
-Hä?
-Şu haty Uzuga berip bilermiň?
Jemal eşitmedik ýaly:
-Seni telefona çagyrýarlar.
-Bor, alaryn, ýöne senden haýyş Uzuga beräý su haty.
Jemal irgindi, soňam:
-Bor.
-Jigijigim, senden aýlanaýyn-diýip Kerim ýylgyrdy-da myhman jaýa telefona tarap ýöneldi. Jemal uludan demine aldy.
Elbetde, Uzuk derrew “bor” diýmedi, Kerim birnäçe gezek gatnamaly boldy, emma ahyry seýilgähde duşuşmaga ylalaşdy.
Hawa, edil şu seýilgähde, şu goja agaçlaryň ýanynda bäş aý mundan öň olar ilkinji gezek duşuşypdylar.
Birden Kerimiň ýadyna Uzugyň bir soragy dűşdi. “sen meň bilen oýun edýän dälsiňä?!”-diýip Uzuk yazyksyzlyk bilen sorapdy. Kerimiň gaşlary hem çytylypdy biraz gahardan: “Sen maňa ynanaňokmy? Men seni çyndanam söýýänä, gűlűm, men saňa hijem zyýan etmerin! Öz kösenenim gowy, ýöne sen…sen elmydama şat bolmalysyň!” Uzuk hem ýylgyrypdy, şol owadan ýylgyrşy bilen.
Kerim dűýşden öýanan ýaly öňűndäki gyza seretdi. Alty aý mundan öň beýle bagt oň dűýşűnede girmezdi. Durmuş ertekä meňzeýärdi.
-Gűlűm-diýip ol Uzugyň şemala sypan saçlaryny gulagynyň arkasyna ýygnady.
Olar köplenç gűrrűň etmegi halardylar, esasanam Kerim, Uzuk bolsa diňe bar űnsi bilen diňläp oturardy.Bu gűn bolsa olaryň hiçisinden ses űýn ýokdy, göz bilen gűrleşýän ýaly. Uzuk mähirlik bilen Kerime garap:
-Kerim?
-Hawa, gűlűm?
-Sagat on bir bolup barýar…
-Öýe ýörälimi?
-Aha.
-Ÿene biraz duraý ýanymda…
Salkyn şemal hiňlenip aýdym aýdyp berýärdi. Bir näce minutdan soň:
-Yörälimi?
-Hawa…ýöne…
-Näme?
-Öýe gidesim gelenok…seň yanyň has ýyly.
-Meň ýanymda gal, onda!
Uzuk çalaja gűlűp:
-Ejem pahyryň ýűregini ýarjak bolýarmyň?
Kerim ony elinden tutup garaňkylygyň içinde öye barýan ýola äkitdi. Haýal ädimler bilen olar Uzugyň ýaşayan jaýyna tarap ýöneldiler. Yol daş däldi, emma bu yolda hakyky synanşyklar indi başlamalydy.

_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Telpekler (3 kisiden 8 sany)

Bu komment ucin
  • ata 5 telpek goyyar we yazyar: "yhlasyňa Berekellah!"
  • batyok 1 telpek goyyar we yazyar: "Tuweleme,Bir bakyshda ashyk bolmak!"
  • loverman 2 telpek goyyar we yazyar: "shu wagt shu yerde alyan 'telpeklerin', wagtyn gecmegi bilen 'Nobel Edebiyat Bayragyna' owrulsin!"

doly okadym. kiçi yaşly

doly okadym.
kiçi yaşly biri üçin, yokary dereje gowy yazyan.
"Oba"daky yaşlaryn "söygüsi" barada gowy düşündiryan.
hekaya barada:
Uzugyn önki söygülisini hem tanamak isleyan, we name üçin ayrylyşdylar?
Kerim Uzuga bir bakyşda, daş keşbi üçin, aşyk bolyar. Çyndanam Uzuk perişde yaly gowymyka? Sebabi yakynda birinden ayrylyşdy, sonra hat gelyar, kabul etyar, sonra derrew parkda "men sen bilen galmak isleyan", beter ansatlay işler. Birazjyk realist bolsa gowy bolmazmy?
Kerim kim? Çyndanam Uzuk şeyle perişde yaly bolsa, name üçin bir hat sebapli derrew Kerimin çagyryşyny kabul edyar?
hekayada hemme zat gowy tarapa gidip dur. Biraz arada kynçylyklar goysan, meselem Kerimi gowy düşündirmeli, sebabi gahryman ol, talyp diyipsin, alkogol içmeyar, we ş.m. emma nameçi, name maksady bar, has içgin tanatmak gerek.
Uzuk mekdepde okayar diyipsin. yagny Uzuk 15li yaşlarda, we şol yaşda, biri bilen ayrylyşyp, toyda tans edip durka, özüne seredyan oglana yylgyryp sonra, ong hatyny kabul edip parka çykyp bilyan bolsa. Tüweleme diyaymek galyar!

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Jemshit maslahatlaryngyz

Jemshit maslahatlaryngyz uchin sag bolung, yokarda aydyshymm yaly bu bary dal, kynchylyklar indi bashlar, bu bir dine 3den 1 bolegi. Uzuk we Kerim hakynda olaryng ichgi dunyasi barada ichgin dowamynda gurrung berilyar, howlukmasangyz onam basym goyaryn!
Aydanlaryngyzam goz ongunde tutaryn, goldaw uchinem sag bolung!

____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

*Yokarda hem aydyşym yaly,

*Yokarda hem aydyşym yaly, Kerim dineje daş keşbi üçin, derrew "perişde,perişde.." diyip durşy, Kerimin abrayyny gaçyryar.
*Şonun şeyle bolmazlygy üçin, Uzugyn başga gowy adamkarçiligini yazyp bilersin,
meselem: jigisi Jemal agasy Kerime, Uzuk barada gaty üytgeşik, çyndanam perişde sypatyny düşündiryan waka gürrün berip biler. mekdepden, yada onyn durmuşyndan, belki Uzugy yetim edip goyarsyn?? Sebabi yetimlerin güni kyn bolyar, şona garamazdan durmuşda yokaryk gelen bolsa, çyndanam perişde yaly diyip bolar, okyjyn gözünde.
* Uzuk Kerimin hatyna derrew jogap bermeyar, birneme gatnamaly bolyar diyipsin.
Birazjyk köp gatnanda, derrew ynanaymalymyka? Şu yagday hem Uzugyn abrayyny gaçyryar, Şonun üçin, Kerimin söygüsinin ynandyrjy bolmagy üçin has üytgeşik waka goysan gowy bolup biler. Meselem söygüsi üçin barmagyny kesjek bolyar (Bayram aga yaly :D), yada üytgeşik söygünin bardygyny subut ediji waka goymak gerek.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Uzugy yetim edip goymanhow...haha :)) Bet pikirler beryan oza.."

Murik nirede men

Murik nirede men "söýgülim üçin barmagymy kesjek" diýdimaý? Näme bolsa-da, fantaziýaň güýçli ekeni :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Bayram bizing duyna

Bayram bizing duyna garayshymyz durlirak oydyan, edil durmushda-da shular yaly bolan yerleri, wakalary gozumiz bilen gordugem, eshitdigem…
Yalngyshlyklary gorkezeningize minnetdar, sheydenem bolsyna!(goluma-da goz aylang) duzendendirin!
Yone bir yalngyshym bar, “neprostimaya oshibka” olam “prestizniy”…indi olincham bilerin ony!

_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Uzuk hakda yene bir zat

Uzuk hakda yene bir zat goshjadyryn, men onga perishde yaly owadan diyip beyan edendirin, Keriming gozuning onunde-de hasiyetem perishde yaly bolup dur. Men realistic bolyan how, sholar yaly yagdaylar bolyar, “lyubov slepa” diyyanleri-da!
Uzuk bilen songrak gowy tanysharsyngyz, kan zat aytmayyn song okamak gyzkly bolmaz, ha sizing pikirngiz bular yaly eken, songy onda “surpriz” bolaymasa. Bu waka kan bir uytgeshik zadam dal. Yashlardyrda ah, shol soygidir oydup, daldirap, mejnun bolyarlar…:)D
Barmak kesmegi goshaysam hm…”hakyt romantika” bolyar onsong…

_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

garashyng azajyk

Jemşit wrote:

Uzuk mekdepde okayar diyipsin. yagny Uzuk 15li yaşlarda, we şol yaşda, biri bilen ayrylyşyp, toyda tans edip durka, özüne seredyan oglana yylgyryp sonra, ong hatyny kabul edip parka çykyp bilyan bolsa. Tüweleme diyaymek galyar!

uzuk 17 yashynda onam indiki yazgylarymda aydaryn, jemal 15.birem dowamyna garashyng shonda Uzuk hakda has kop aydylar.
_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Näme diýsene, ýazgyňda

Näme diýsene, ýazgyňda şeýle ýalňyşjyklar bar welin, meni ýylgyrtdy :D
Bor, olary düzeltmek möhüm däl. Emma seň ýazan bu eseriň şeýle bir gyz tarapdan seredilen eserdä... beh... näme diýsemkäm... borda, komment goýmaýyn seň ýazgyňa. Meň pragmatiki dünýägaraýşym bu romantikany öldürmesin :)
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Aytjak zadyngyz bar bolsa

Aytjak zadyngyz bar bolsa aydyng, gaty gormen...yalnysham bolsa, bilsem gowuda...
ay, nadeyin romantik bolup doglupdyryn?!

_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

Ýalňyşlaryň üstünde işlemek

Belle öz haýyşyň boýunça başlandyryn.

Quote:

Kerimiň söýgiden doly juwan ýűregi gűrsűldäp dammar ganyny gyzgalaňdyrýardy.

gyzgalaň=şowhun=gykylyk=hezillik. Söz kän dogry ulanylmadyk ýaly.

Quote:

Ol Uzugyň näzli şar gara gözlerinde ýűregini ýylatjak jogaby gözlerýärdi.

Gözleri "näzli" diýip sypatlandyrany görmändim. Belki bolýandyram. "Mähirli" gözler diýýäler. Näzli gözler? Nähili bolýarka?

Quote:

Şäheriň iň bir “pristizniy” restoranlaryň birinde, aýdym saz ýaňlanýardy.

Pristizniy=türkmençe "abraýly". Aý gel rusça ýazasyň gelse, prEstijniý has dogrurak.

Quote:

Toý eýesi rehimdar adam ekeni diýdirýärdi.

Birinjidenä näme diýdirýäni belli bolar ýaly "" ylansaň gowy bordy. Bor ol hiç welin, "rehimdar" diýmek rehimli diýmek. Seň aýtjak bolanyň "sahy" ýa "eli açyk" ýaly sypat bolmasyn?

Quote:

Birden Kerimiň gözlerin ortada saýlanyp duran, tans edýän ii gyza gözi dűşdi.

ii? "Iri"? Gyz iridimi? :D

Quote:

Şeýle gysga wagtyň içinde durmuşyň başga ugra, ýokary tizlikde barýan toýota ya-da Avalonyň dyzardyp öwrűm edişi ýaly, öwrűlip bilýärmikä?!

Toyota ya-da Avalon? Ohow, Avalon Toyotanyň bir maşyn seriasynyň ady. Toyota Avalon!

Onsoňam seň ýazgyňa şeýle bir garşy çykasym gelýär welin... garşy çykman otyryn! :D Belki bolýandyram seň gürrüňiňdäki ýaly ýagdaý... hindi kinomaý bu?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

o name ucin garshy chykasyn

o name ucin garshy chykasyn gelya :)
indi Belle shu zatlary yazdy diyip gunakar bolyamy?
tankyt edip bilersin, yone garshy chykmak bolmaz-a..
hindi kino bolan bolsa arasynda aydymam bolar-da :)
nazli gozem bolya, mahirli gozem bolya.. ikisinin arasyndaky tapawudy shol pursatlary yashanlar we yashayanlar bilyandir :)

Ýo Bellede günä ýok.

Ýo Bellede günä ýok. Garşy çykasym gelýä, sebäbi hakyky durmuşda ýagdaý beýle dälde, başgaçarak köplenç. Azyndan men şeýle bilýän ýagdaýy
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

yene bir zatjyga yazan

yene bir zatjyga yazan boldum, bu yone bary dal, okang lezzet alyng, pikirlerngizem eshitsem hoshal bolardym!
_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

gowy yazypsyn

gowy yazypsyn tuweleme..
yekeje soragym bar...
adama bagt uchin nameler gerek???

bagt name?

loverman wrote:

adama bagt uchin nameler gerek???

Gowy sorag. Meng pikirimche(!!!) bagt her adam uchin durli, bir oglanjyk ayazbabadan welosiped alsa, ong uchin ondan uly bagt yok yaly goruner, eje kaka watana hyzmat edjek, abrayly gyz ogul yetishdirse, olar uchin ol bagt, mysal kan alybermeli, her kim oz yureginden gozlap tapmaly ol jogaby(IMHO)…Kerim uchin megerem bagt diyilyan zat bashga gornushdedi, emma ol Uzuga dushanyndan song Uzukdan bashga zat onga bu dunyede parhsyz bolup gorunyar. Uzuk bilen bolmak ony dunyade ing bagtly adam eder, yone(!!!) bizing bagta bolan garayshymyz hem uytgap biler, yokardaky mysaldan oglanjyk ulalar welosiped ong gozunde indi bir yonekey oyunjak, bashga hich zat, indi ol bagty bashga yerden gozlar!
_____________________________
Laugh at your mistakes, but learn from them!
-Elaiza Wyeldowoyan de Murwuaz

soraga yalnysh dushunene

soraga yalnysh dushunene menzeyan..
men adam hacan bagtly bolar diyip soramandym..
sorag shu:
adama bagt ucin nameler gerek?
meselem , birinji bilen saglyk gerek....

Томусда яган ягыш!!

Говы экен. Ёне эдил ойундакилере созуни гечирип билмейан оглан учин кан бир дегмежек зат. Она дурмуша чыкандада команда эжесинде болса гыза пейдасы етер ойдемок. Ай адамларымыз кабир затлардан хабарсызда, наме дийжек!!??
Бизема ашык болуп горупдик велин эдил озумизи асжак дережа гелмедик.
Наме оглан я-да гыз сени ислемейан болса "Сен болмасан Сенем жан" дийаймелида.
Башга адам гытмай. Йоне бир оглан я-да гыз дурмушдакы бейлеки адамлары далде сени сайлап геленинден сонам онун юзуни ере салмалы дал.
Сыйн эдип горун;
Хелей ковуп я-да ар сортлап ёрен болаймаса копуленч адамлар омрунде бир гезек ойленйар. Шейле далми?!
Шол пурсаты сенин янында болмак учин гечирен бирин на ынсап билен юз усти ташлап 3-5 минутлык кейпин ызына душйарлер. мена аклым эренок.
Сизем озунузче пикир эдип горун!!

Она дурмуша

Она дурмуша чыкандада команда эжесинде болса гыза пейдасы етер ойдемок. Ай адамларымыз кабир затлардан хабарсызда, наме дийжек!!??

-munyna birhili öylenenden son hojalyk işleri gelne geçmeza how ejede bolr,mydamada ejede bolsa gowy dami eyse...sen öyündakilere söz geçirip bilmeyan diyende öyündakilere eje-kaka giryar!

habarly bolmagam şomy?
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

ол дал! душунмансин

менин дийжек боляным; оз эркинде бири болмагы.
Сен хич шейле оглан гордун ми? Гормедик болсан дост дунйаде хер хили адам яшаяр.
Мен шейле адамлары танадым.
Эжен Какан гирйанини менем билйан ёне эжеси ве какасы чагасынын ислегине онун ялы гаршы чыкян болса галаныны озун пикир эт.
Бу меселе бейле дал.
Эже кака наме дурмуш бойу гелин билен озу яшамалы мы?!
Давай говжа пикир эделин!!
Асыл гелин эже кака учин алынярмы?! Мен шол меселани диййан. Ол меселеде соз гечирип билмейан огланам гаты горме велин ягдайлы бири болдугы.
Шондан шейле дийдим.
Душуненсин дийен умыт билен!!

gelin name üçin

gelin name üçin alynyar
edil türkmenlerda hemmesem bolmasa öndenem gelyan kada-kanuna (!) göra gelin eje-kaka üçinem ,jigilen üçinem,özün üçinem,garyndaşlaryn üçinem... alynyar!

Söyyan diyip keseligine gitmeli dalde ilki bn ejen-kakany dinlemelimika diyyan (mena)

mysal tm-de işanlar öz arasynda gyz alyp beryar
İşan gyzy söyyan garamayak oglanam bolyar,eger oglan gudaçylyga iberse köplenç YOK diyilyar.
name etmeli maşgalasyna garşy çykmalymy?

__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

ай олам бир пикир.

Мен гыз хакда далде оглан хакда язян. Бермеселер отурарсында дымып Ёне озуне баглы ерде дымып отурян болсан кан умытлы бир вака ялы горунмерсин.
Сенин билйанин шейле болмагы ахмал Ёне менин билйаним бейле дал.
Гелин билен оглан яшашсын дийилйар.

''-sagat on bir bolup

''-sagat on bir bolup barýar…''
sagat on bire cenli dagy guymap bilyan bolsa gaty bet oglan bolmaly :)

Ýok, ol bet däl, gyzyň

Ýok, ol bet däl, gyzyň öýündäkiler gaty döwrebap bolýa dälmi? 11-e çenli gije entäp ýör, gyzam pikir edýä gaýtsammy ýa ýok?! :D
Onsoňam, ol parkda on bire çenli kim bilýä näme bolýa, oturyp Buşyň Yraga gidenini gürrüň edýänä däldirler?!
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

:)

:)

Quote: Kerimiň söýgiden

Quote:

Kerimiň söýgiden doly juwan ýűregi gűrsűldäp dammar ganyny gyzgalaňdyrýardy.

Bayram bu garaldilan sozun yalnish ulanilandigi barada aydipdir. Menem goshayin birzatlar.. Bu sozun ulanilan yeri dogry bolayanda-da gyzgalaňdyrýar diyilmeyar.. gyzgalaňlandyrýar diyip aydilyar..

PS: Hekayajik(?) yaman dal.. Yarimhaladim.. Jemshidinem, bayraminam commentlerine goshulyan.. Yene goshjak zatlarim kandi welin gurrun gaty uzarmika diyip pikir edyan..

Ustunlik arzuwlar bilen!

Yol daş däldi, emma bu

Yol daş däldi, emma bu yolda hakyky synanşyklar indi başlamalyd...
BELLE! a munam dowamy bar my?ya men tapmadymmykam...dowamy bolsa erbet bolmazdy..
biram:burunlak Maksat bűtin stoluň oglnalaryny gűmäp, gulaklaryna her hilijek gűlkűnçje wakalardan unaş asyp otyrdy.
şu yerde 2-3 mintlap gülip gülip aşgazanymyz agyryp gittay..:)

Seýilgäh***Kerim

Seýilgäh (dowamy)
***
Kerim penjiresinden şähdiaçyk al-asmanda bökjekleşip ýaýyp, uçup barýan ak bulutlara űnjűli nazaryny dikdi. Gara mama, dűýe, başga bir bulut bolsa gämiň suduryna meňzeýärdi.Onuň içgi dűnýäsinde parahatlyk eýýäm ençe gűn ýokdy, harasat hökűm sűrýärdi, häzirem ýuwaş-ýuwaş zarynlyk kalbynda eselipdi. Ol uludan demine aldy, öňűndäki gök daşly, ýűzűnde markaly hatly kitaby ýapdy. Birsellem pikilere çűműp oturdy. Ýene-de kitabyň daşyna seretdi, onda “John Grisham”, “The Brethren” diýen ýazgy bardy. Ýaşy on dokuzdan geçen Kerimiň Azadynyň “bir zat çykar” diýilýän talyplaryndandy, stoluň űstűndäki topbak-topbak terjime edilen işler garalama işler hem muňa aýandy. Ahyr oýanan ýaly ol yerinden galpa turdy-da, aşhana tarap ýöneldi,edil şol wagt telefonyň sesi eşidildi.
-Alo?
-Alo? Kerim senmiň?
-Hä, hawa, Arslan, ýagdaý nähili?-diýip Kerim kineli ýylgyrdy.
-Näme täzelik?
-şol bir za mendä, sende nähili?
-Aý, menem oňat…neme…oglanlar bolup ýygnanşmak etdik…olaryň gűrrűňi täze ýyl syrasy ediljek oturşyga, soňra bolsa futbol tema öwrűlip gitdi. Şeýdip, bu tűkeniksiz söhbet ýarym sagada dagyn çekipdi. Sag bollaşyp trubaky goýjak bolup durkalar, Arslan:
-Uzuk bilen araň nähili? –diýip ýene saklandy.
-Gowy, hä, näme?
-Aý, ýöne soraýdymla…-Arslan dymdy, soňra:
Eý, şuny saňa aýdasym gelenok welin, sen uwerenmy şol gyz saňa ikilik edenok?
Kerimiň ýűzi agraslaşdy:
-Näme diýjek bolyaň?
-Başga bir oglan bilen görűpdirler. Bilýäň, onsoň öňem ol hakda gowy gep çykanokdy. Eý, men seni prosto gaty gowy tanaýan, ýűregiňe almasana- trubkanyň o çetindäki Arslan hem sesini agraslaşdyrdy.
Ýolda öz teretoriýasyna geçäyen bolsaň gaharlanyp janygym űýűrýän itlerdäki ýaly gözler Kerimdedi:
-Nirden gelýär bu gepler? Öz gözűň bilen gördűňmi şeý diýer ýaly?
-Eý, bor-eý, diýmedigim, seň öz işiň menkä aýtmak.Bor, sagja bol onda!
-Sag bol-diyip Kerim tarpyldadyp trubkany goýdy. Arslanyň sözlerinden soň onuň ýűregi gysyldy, ynanasy gelmedi. Aşhana, baryp bir agyz suw içdi, emma gyzan damarlarynda gahar gazap ony gabapdy.
“Wah, Uzuk jan” diyip ol kellesini ýaýkady. Içindäki gahar Uzugamy ýa-da Arslanyň aýdan sözlerinemi,ýa durmuşamy özi hem dűşűnmedi. Ol elindäki stakana gözlerini dikdi, eli bilen pugta gysyp, ahyry hemme gahar gazabyny görgűli stakandan çykaryp biläýjek yaly, bar gűýji bilen stena aýlap zyňdy. Stakan uly ses bilen pytrap gitdi.Gyçak bölekleri ýerde ýaýrap ýatyrdy. Kerim aýlanyp öz jaýyna geçdi, döwlen stakan hem kän bir peýda etmedi. Kalbyndaky hasrat oňa gűn berenokdy. Ýűrek bir zat, kelle bir zat diýerdi. Ýűregi Uzuga ynan diýýärdi, emma eşidilen sözlerden soň pikirler ony goýanokdy, çűnki hiç bir ýerden gep diýilýän zat hem çykmazdy. Birdenem Jemalyň toýda aýdan sözleri onuň gulagynda ýaňlandy: “Oň halaşýany bar”. “Näme űçin ol bu hakda öň pikir etmedikä?Söygi ony şeýle kör etdimikä?” şeýle jogapsyz sowallar onuň kellesinde aýlanýardy. Ol ýene baryp stolunda oturdy. “Näme űçin men bu hakda Uzukdan soramadymkam? Muň bir sebäbi bardyr-a? Näme űçin ol menden öň biri bilen duşuşyp ýördikä?” Kerim tokaýda ýasap ýören mele aýynyň gyş ukusyndan oýanşy ýaly boldy. Öýde ondan başga hiç kim ýokdy, birdenem gapy ýuwaşlyk bilen açyldy. Sary gűlli atlas köýnegini şowurdadyp, Jemal Kerimiň gapysynyň agzynda eglendi. Bir zadyň dűzűw daldigine Kerimiň ýűzűnden aňdy, emma sesini çykarmady, jempirini çykaryp myhman jaýdaky gyzyl koja diwanyň űstűne atdy.Aşhana ýöneldi, sowadyja golaýlaşanda tarpa doňdy:
-Kerim!
Kerimden jogap gelmedi.
-Kerim, bu ýerde näme boldy?-onuň gözleri töweregindäki gyçaklara dűşdi.
-Aý…ýöne…stakan döwűldi…-diýip Kerim yz ýanyndan girdi. Ol Jemalyň ýűzűne seretmedi.
-Aýyryşdyrsana!-diýip ol buýurdy, gahardan ol entegem aýrylşanokdy.Kerim näçe ýumşak häsiýetli hem bolsa, kakasynyňky ýaly gyzma harakteriniň bardygyny bilýän Jemal garşylyk görkezmän sűwsäni alyp işe başlady. Kerim aşhanadaky oturgyçlaryň birine çökdi, ýene pikirlerine dolandy, ol özűne gahar edýärdi. “Nirä seredýäň diýsene?Bä, indi näme etsemkäm? Uzukdan gönűmel soraýsammykam? Olam hakykat gűrlärmi, ýöňe ýalan-a sözlemeli däl ol maňa. Ýok, meň Uzugym beýle däldir.” Sowallar, jogapsyz sowallar kellede aýlanar ýörerdi.
Jemal poly sűpűrişdirip, aý ýaly edip ýalpyldadyp goýdy. Kerim ahyry oňa ýűzlendi:
-Uzugyň öňki halaşýany kim?
Jemal uludan demine aldy-da:
-Bilýädimle-hamana soragyna jogap dälde öz özi bilen gűrleşýän ýaly diydi-de, soňam yzyndan:
-Klasdaşy Sűleýman.
Kerim bir salym dymdy-da, zaňňa ýerinden galyp, stoldaky
öÿjüklitelefonyny eline aldy, mele ýuka kurtkasyny egnine atdy-da, sesini çykarman gapydan çykdy. Jemalyň başga biriniň işine burnuny sokup ýörme häsiýeti ýokdy, emma Kerimiň kösenşi oňa agyr degýärdi, eýsemde ýeke doganjygynyň beýdip ýörmegini islänokdy. Uzugy hem näçe owadan görsede Kerime mynasyp görenokdy, emma goşulmagada gorkýardy, çűnki özi hem ýalňyşýan bolmagy ahmal.

***
Kerim sotkasyndaky nomerlerden dűnýede oňa iň eziz ady tapdy “Uzuk”. Aýlady. Gudaklar műdimi ýaly bolup duýuldy, ahyry mylaýym ses eşidildi:
-Alo?
-Alo?
-Keş, oňatmyň?-Kerim bolsa hiç hili salamsyz:
-şu wagt seýilgähe çykyp bilýäňmi?
Uzukdan ses çykmady, Kerimiň sesinden bir zadyň ýerbe ýer däldigini aňdy.Irginlik bilen:
-A…bilmedim…hä, bir zat boldumy?
-Seň bilen gűrrűňim bar-ol biraz ýumşak gűrlejek boldy.
Uzuk aljyraňlyk bilen:
-Bor, häzir barýan-diýdi.
Kerim haýal ädimleri bilen seýilgähe tarap ýöneldi:
-Garaşýan, onda!-diýip ol trubkany goýdy.
Mylaýym şemal öwűsýärdi. Seyilgähiň öňki görki ýokdy diňe ýalaňaç agaçlar bary şoldy. Gyş hem bolsa howa sowuk däldi. Kerim hem ahyry duşuşýan tutlarynyň deňine ýetip geldi. Uzuk entek gelmändir. Ol hem uruşdan öň başagaý bolup eýläk-beýläk gezişdirip ýören serkerde ýaly bir wajyp soragyň jogabyny gözleşdirýän ýaly gezmeleýärdi.Ol ýűzűni ýokaryk bakdy, gyzylymtyl köýnekde we ak owadan paltoda Uzuk ilerden ylgaşlap gelýärdi. Golaýlaşanda olaryň nazary kaklyşdy, Uzuk Kerimiň gözlerindäki sowuklygy gördi, öňkileri yaly ýyly sözleri eşitmejegini aýandy. Kerim onuň elinden tutup, golaýdaky otugyja oturtdy-da:
-Men senden bir zady sorajak, ýöne dogryjaňy aýt.
Uzuk ullakan kirpiklerini gyrp-gyrp edip, oňa soragly seretdi. “Bor” diýen nyşanda kellesini ýaýkady.
-Menden öň kim bilen söýűşdiň?
Uzuk ondan gözlerini aýyrmady gűrrűňiň haýsy tarapa soguljagyny bilmän, ahyry jogap berdi:
-Klasdaşym Sűleýman.
-Näme űçin şonam aydyp goýber?-Kerimiň sowuk sesinde sarkazm eşdildi.
Uzuk ahyr gűrrűňiň nirä barýanyna dűşűnen ýaly, gözlerini Kerimden aýyrdy-da, ýalaňaç tuda tarap seretdi, hamana tut oňa kömek edäýjek ýaly, soňra bolsa aljyraňlyk bilen:
-Sen öňem bilýädiň, näme űçin şu wagt soran bolýaň?! Dűşűnäý, seň bilýäňä men ynanjaň…olam meni söýýäN diýdi, özem ýöne gowy oglan, menem…menem gowy göremsoň “bor” diýdim…hemme joralamyňam halaşýanlary bar-a…ýalňýşypdyryn…bagyşla…hawa…men samsykdym…-diýip sözűni soňlaman dymdy.
Kerim näme diýjegini bilmän sesini çykarman diňläp durdy, ol sögjeginem sögmejeginem bilmedi, emma bir tarapdan Uzuga gynandy. Uzuk gaýgydan doly gara gozlerini oňa bakdy-da:
-Bilýän, men pikirlenmän etdim…indi Sűleýman bilen aramyzda hiç zat ýok, men saňa duşanymdan soň ony taşladym…onsoňam oň űçin hemme zat oýun ýaly…sen…sen bolsa…-edil şu sözleri aýdyp durka Uzugyň jűbűsindäki telefon jyrlady, olam sözűni soňlamady, gözlerini Kerime soragly bakyp:
-Ejem-diýdi. Kerim bolsa hälki sowuklygy bilen:
-Al!-diýdi.
-Alo?Hä?...Ine, barýan, eje…Bir minutdan…ýok, ýok, men taýyn…bor…poka.
Telefony ýapyp:
-Toýa barýas, maşyn garaşyp dur diýýär-diýip ol Kerimden rugsat soraýan ýaly oňa seretdi.
-Bar, onda-diýip Kerim göwűnli-göwűnsiz jogap berdi.
Uzuk bir apatdan halas bolan ýaly, sesini çykarman “sag bol” diýip öýlerine tarap ýöräp ugrady. Şol wagt Kerim yzyndan ýetip:
-Senden bir zat çykaýsa gaty görme-diýdi.
Ol bolsa űmsűmlik bilen hiç zat aýtman ýöräp gitdi, çűňki özi hem bu sözleme näme jogap berjegini, onuň asla jogap isleýämi, islemeýärmi bilenokdy.

***
Garsyz gyş gűnleri dowam edýärdi. Köneräk, aga reňklenen mekdep jaýynyň meýdançasy gum guhlykdy. Duýdansyz jaň kakyldy we daş-töwerege jan berlen ýaly mekdebiň gapysyndan ajygyp iým okara ýetişjek bolýan jűýjejikler deý kiçi klasyň okuwçylary ylgaşlap çykdylar.Aralarynda uluraklary hem gönűp başlady.Goh-galmagal, her kim bir zat gygyrýardy.Kimdir biri sagbollaşardy, iki oglan, biri uzyn boýly arryjakdy, beýlekisi semizräk, ýedinji klas bolmaly öýdýän, biri birini kogalaşyp ýördűler. Semizräk oglan “Aber-eý papkamy” diýip iň soňkysyndan gygyrýardy. Häzirem mekdebiň gapysynda Kerimiň jigsi Jemal görűndi, asylly haýal ýöräp ol ýanyna bir jorasyny alyp çykyp gelýärdi. Bularyň bir ýanlarynda orta boýly garaja owadan ýűzli oglan bir zatlary gűrrűň berýärdi. Iki gyz birden biri birine seredişip gűlűşdiler, ol oglanam ýanlary bilen.
-Bar, indi sen azrak gűrlede, ertirki barlag işe taýýarlan, ýogmasam ertir ýene “Jemal, göçűräýin-ä” bolaýmasyn-diýip Jemal başlyksyrady.
-Eý, eý, ýakamy bir goýber, gitdim…gitdim, urjagam eý, şu gyzlar-diýip ýaňky oglan degişdi-de:
-Parry, dur-eý, garaş, menem “igroteka”-diýip gygyrdy. Gyzlar ýene-de gűlişdi-de mekdebiň meýdançasyndaky otugyja geçdiler. Gyşa garamazdan bu gűn howa sowuk däldi, bulutlaryň arasyndan gűn hem käte-käte jyklaýardy. Jemal joralary bilen entek öýe gitmäge howluganokdylar, bolmanam öýde näme bar?! On minutjak ýaly joralar bolup gep etseň hezildämi gaýtam?!
-Aýka, hany Merjendagy gelenokmy?-diýip Jemal ýanyndaky uzyn saçly horajyk gyza bakdy.
-Anha-la, gelýäler-diýip Aýka mekdebiň gapysyna görkezdi. Sarymtyl mele reňkli saçly,bir boglan gara gözleri sűrmeli gaýşaryp ýöräp gelýän gyz klasdaşlary Merjendi. Ýanynda bolsa ýene űç gyza bardy. Kelteräk boýly, tegelek ýűzli Enejan geldigi nägilelikli gűrläp başlady:
-öz saçyny oňarsyn-la, dodagyny mölerdip.
-Hä, näme boldy?-diýip Aýka sorady.
-Näme bolandyr öýdýäň? Aýtäç saklady.
-Aýtäç Nuryýewna-diýip Jemal dűzeltdi.
-Aýtäç şol meň űçin-Enejan gaýtawul berdi-“Kraskaňy çalynýançaň sapagyňy okarlar”-diýp Enejen Aýtäç Nuryýewanyň sesine ökűndi.
-Hä, hakykatdämi?-diýip Jemal gűlűmsiredi, emma bu temany uzaga çekdirse gohuň turjagyny bilip gűrrűňi başga tarapa sogdy:
-Wiii…9”A”-lardaky Sapary bilýäňizmi?
Merjen gözlerini tegelekläp bar űnsűni Jemala berdi:
-Hawa, bilýän-diýip Jemaly utandyrjak bolan ýaly etdi, garaz Sapary özi hem halaman duranokdy.
-Onsoň?-Merjen sabyrsyzlyk bilen sorady.
-Ho:l 8 “D”lardaky Jahan bilen bolmajym bolup durdy nobatçylykda, tas gujaklaýady ony, Jahanyňam piňinede däl yaly, entegem Zöhre Amanowna görűnäydi, bolmasa kino görýädik-diýip Jemal ýylgyrdy. Merjen gaşyny çitip gözlerini ýokaryk aýlady-da:
-şol Sapar şolar ýaly samsykmyka? Jahanyň nämesini gowy görýärkä? Owadanam-a däl- ol nägileligini bildirtdi.
Jemal jak-jaklap gűldi-de:
-Merjen jan, samsyk däl-de, akylly,Jahanyň oýnatgydygyny bilýärdä!
Merjen sesini çykarmady,içinde Jemal bilen razylaşan ýaly boldy. Aýka Jemalyň ýeňinen çekip:
-Jemal-diýdi-de, mekdebiň içine tozzardyp giren ak “Mark”-a görkezdi. Mekdep meýdançasynda adam ýokdy, şonuň űçin maşyndakylaram ýanynadaky duran iki gyz hem Jemal we onuň ýanyndakylarynyň agaçlaryn arasynda oturandyklaryndan habarsyzdylar. Maşynyň aynasyndan gepleşip duran oglan iki gyza bir zatlary diýýärdi. Gözlerini bolsa golaýrakda duran gara sacly gyzdan aýyryp bilenokdy, çűnki gyz diýseň owadandy, megerem bu mekdepde iň owadan gyz bolaýmasa, ýanyndaky jorasy bolsa mundan habarsyz ýalydy.Birdenem ýarym garalanan penjireli maşynyň içinde ýene bir oglanyň oturany görűndi. Ikisem ýigrim ýaşlaryna golaýdy duran gyzlaryň deň duşa däldi. Gara saçly gyzam bir zatdan howatyrlanýan ýaly eýlesine beýlesine seretdi. Ahyry iki gyz hem maşynyň yzky oturgyjyna műndiler we maşyn tigriniň sesi eşidildi. Jemal bolsa olardan gözűni aýyrman synlap durdy, gahardan gaçlary çitildi, içinden bolsa: “Wah, Kerimjan, aýtdyma men saňa” diýip kellesini ýaýkady-da, gyzlara bakyp:
-Bor, onda sag boluň, menä öýe-diýdi-de çalt-caltdan ýöräp gitdi. Gyzlar hem seslerini çykarmadylar, Aýka ony ugratjak hem boldy, emma Jemal garşy çykdy, ahyr Jemalam gözden ýitdi, gyzlaram ýuwaş-ýuwaş öýlerine dargadylar. Gep etmek hezil hem bolsa öýűň işinem biri etmeli bor özä.
“Waý, Alla, men indi Kerime baryp aýtsammykam? Olam ýanyndaky jorasynyň söýűşýäni bolaýmasyn? Onsoň men beýdip aýtsam goh tuzuraýmasam. Şol maşynda näme işiň bar diýsene?! Gowusy goşulmaýynla, goý Kerimiň özi çözsűn.”-Jemal ahyry şeýle netijä geldi.
Şondan bir sagat geçenden soň ak Mark ýaňky gara saçly gyzy öýleriniň bir çetiräginde hiç kime görűnmeýän ýerde dűşűrip öwrűlip sűrűp gitdi. Gara saçly gyz bolsa, sumkasyny goltuklap "podýeze" girip gitdi.
-Uzuk, näme giçläpsiň?
Uzuk yzyna bakdy, gelnejesi Maýsa oňa ýylgyryp, , yz ýanyndan basgançaklara műnűp gelýärdi. Ol howatyrlandy, emma gelnejesiniň zatdan habasyzdygyny aňyp, begenip:
-Nobatçy boldum-diýip ýalan sözledi.

***
Kerim bu gűn özűniň keýpi kökligi bilen özűnide haýran galdyrdy. Täze ýyl sag aman sogulypdy we Yanwaryň soňky gűnleridi, howa sogapdy. Soňky iki gűn çalaja gar ýagypdy. Kerim taksiniň penjiresinden köçeleri synlaýardy. Elindäki öýjűkli telefony dörjeläp, göwnűne hoş ýakjak aýdymy gözleýärdi. Durmuş öňkisi ýaly akabadan birsydyrgyn akyp gidýärdi.Täzelik ýok, gűnde şol bir zat. Birdenlik bilen Kerimiň gözleri köçaniň gyrasynda agaçlaryň arasynda duran “Mark”-a dűşdi. Onuň űnsűni çeken ak Mark däldi, eýsemde beýle maşyn şäherde gytam däldir. Ilki ol oňa görűnendir öytdi, emma soň ýalňyşmaýandygyna ynanyp başlady. Ýaşy kyrkdan geçen murtlak sűrűjä bakyp:
-Eý, ýaşuly gaýrat etde şu ýerden yzyňa öwűrsene-diýdi.
-Aýt, nädýäňaý ýigit bulam oýunjak däl-ä-sűrűji nägileligini bildirtdi.
-Iki esse töleýän, yzyňa öwrűl ýöne.
Sűrűji sesini çykarman başga kiçiräk köçä soglup yzyana öwrűm etdi. Markyň ýanyna golaýlaşanlarynda Kerim:
-şu ýerde saklan ýaşuly- diýdi, emma taksiden çykmady. Ak markyň içini synlady. Garalanan penjirelerden ýaňa içindäkileri görmek kyndy, Kerim görjek bolup zola synlaýardy, emma kimiň kimdigini görmek başartmady, ahyry ol sűrűjä “sűr” diýjek bolup durka, maşyndan bir gyz çykdy. Uzuk.
Kerim oň ýanyna ylgamadam, gygyrmadam, gaharlanmadam. Diňeje: “ýaşuly sűr, öýe”-diydi-de içinden bolsa: “Hemme zat gutardy Uzuk jan. Sabyr käsäm doldy indi.”

***
Şol gűn gijara Uzuk bilen duşuşmaly etdiler. Bu gűn ol oňa hemme zady diýer, ýöne Uzuk sen bulara özűň gűnäkär. Kerim Uzugy görende öňkisi ýaly ýyly mähirli duýgudanam has gűyçli gelýän gahar we sowuklyk içinde çogup daşyna çykaýjak bolýardy, saklandy, emma sarkazmdan doly sözler ahyr daşyna çykdy:
-Hä, gűlűm, gűnűň nähili geçirdiň? Ak marklam “gűlűm” diýýärmi? Hä?Ýa “guşum” diýýärmi? Nämä dymýaň? Bol, gűrledä indi! Gutardy hemme zat, Uzuk! Gaýdyp ýűzűňi görmäýin! Maňa aýdanlarynda saňa ynanan bolup diňlemedim illeri, samsyk ekenim! Gűrledä bol!
Uzuk dymdy, aljyrady, näme diýjegini bilmedi, ýalan sözläp halys bizar bolupdy. Ýalbarýan gözleri bilen Kerime bakyp:
-Kerim, men seň bilen bolasym gelýär-diýip pyşyrdady.
Kerim gaharly gűlki bilen gűlűp:
-şeýlemi, indi seň meň bilen bolsayň gelýärmi?Hä, ak markly owadan dälmi ýa puly meňkiden az ekenmi? Ýa olam seni taşladymy? Gutardy diýdimmi-gutardy. Bar, git-eý indi şu ýerden-diýip ol gűýçli ädimlerini çaltladyp öýlerine ýöräp gitdi. Uzuk garaňkylykda ýeke galdy. Ýeke özi pikir edip durdy. Eden işlerine garady, ökűndimi? Bilmedim. Sowuk şemal öwsűp ugrady, olam ädimledi. “ Gowy oglany gidirdiň”-diýip içinden gűrledi, bar ökűnjem şol. Ol Kerimi söýýärmidi? Söýgi bular ýaly gyzyň ýűreginde näme işlesin? Gymmat baha “Dolce and Gabbana” kurtkasynyň jűbsűndäki telefon ýene jyraldy sms-ka gelipdir. Soňky modada geýilen uzyn ädik ony öýe äkidip barýardy.Ol seýilgähden köçä çykyp öýe gidip barýan ýolda ýitdi.
Tallar bolsa şemala şabyrdap aralarynda gűrleşýän ýalydy. Bu söýgi bir näçe ýyllar soň diňe ýatlama bolup galdy. Kerimiň ýanýan ýűregi wagtyň geçmegi bilen sowaşdy, soň soňlar Uzuga tarap hiç zat duýmady. Emma goja agaçlar Uzugyň sowuk, ýalan wadalaryny, doň ýűregini, Kerimiň janygyp urýan ýűreginide duýup heňizem ýatlaýarlar.Belki sizem şol seýilgähde durup görensiňiz, belki siziňem syr bolup giden wakaňyz agaçlara aýandyr.
Menem käte şol seýilgähden geçip agaçlary diňleýärin, olar kän syr bilýän eken, kän wakalary, buda şolaryň biri.

_____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella. Azabyn ucin!"

Okap gidip oturşyma şu

Okap gidip oturşyma şu sözlem ünsümi gaty çekdi:

Quote:

-Alo?Hä?...Ine, barýan, eje…Bir minutdan…ýok, ýok, men taýyn…bor…poka.

-Poka mamaş :D

Degişme bir gapdala, gyz ýaman "döwrebap" öýdýän. "Süleýmany taşladym, öň samsykdym, men ynanjakdym, poka"... Men MGUnyň forumynda ýarym-ýalaňaç gyzyň suradyny goýanlary ýadymda, maýkasynyň üstünde "ýa ne legkomyslennaýa, ýa prosto dowerçiwaya" diýip ýazylgy durdy :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Onsoň men okap barşyma

Onsoň men okap barşyma ýene çykan pikirleriiň birem şu. Şu ýazan zatlaryň bolýandyr, welin gaty çaga düşünjelaý (ponyatiye) gürrüňler, pikirler. Men bir hili düşünip bilemok, adamlarda bir hili birini-birinden aýyrýan häsiýet, pikir zat bardyra?!
Sen ýazyjy bolsaň şolary ulaltmaly. Bolmasa sen bir süri adam barada ýazdyň, süriňdäki bar adamam ýeňil kelle mekdep okuwçysy ("teenager") bolup durlaý?!
Içinde bir hili azajyk pikir ýöredýäni, zady ýokmy bir düşünjelisi?! Olary analizlesene. Bolmasa adamlar gaty ýüzleý we bir hili bimany görünýär
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Harezmi 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Birem turkmenleng teenager

Birem turkmenleng teenager leri sholar yalygrakda, menem goren eshiden zatlamy yazyan...edil hemmesinem yengilkelle hatar goshaymaly daldira?
Jemalam halamadyngyzmy?
_____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

Sen ýalňyş düşünme,

Sen ýalňyş düşünme, türkmen ýaşlary ýeňilkelle diýjek bolmadym. Meň aýdanym, seniň ýazgyňdaky gep ýöredýänleriň bary ýeňilkelle görünýä.
Jemal? Haýsy Jemaly? :D
Ýo degişmän aýtsam, Jemal ýene ýagşy welin, nemeräk momentleri barda şuň ýaly:

Quote:

Jemal jak-jaklap gűldi-de:
-Merjen jan, samsyk däl-de, akylly,Jahanyň oýnatgydygyny bilýärdä!

Ony gowy analiz etmedim, içinden bir oňlyragy şu öýdýän. Olam bolsa bolmasa gülýäne meňzeýä :D (Bagyşla, Jemal, okap duran bolsaň, bir damja ganymy geç ;) )
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

Quote: -Hä, gűlűm,

Quote:

-Hä, gűlűm, gűnűň nähili geçirdiň? Ak marklam “gűlűm” diýýärmi? Hä?Ýa “guşum” diýýärmi? Nämä dymýaň? Bol, gűrledä indi! Gutardy hemme zat, Uzuk! Gaýdyp ýűzűňi görmäýin! Maňa aýdanlarynda saňa ynanan bolup diňlemedim illeri, samsyk ekenim! Gűrledä bol!
...
-şeýlemi, indi seň meň bilen bolsayň gelýärmi?Hä, ak markly owadan dälmi ýa puly meňkiden az ekenmi? Ýa olam seni taşladymy? Gutardy diýdimmi-gutardy. Bar, git-eý indi şu ýerden
...

Gaýrat et, aýtsana, şol Kerim näçe ýaşyndady? Bu gürrüňi kim edýäraý gyz bilen?! Ýaman gülkünç, okasam gyjynýan.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

hehehe... chynyma aytsam

hehehe...
chynyma aytsam shuny hich goyasym gelmedi, umuman hekayany gaty nerealisticheski gorunyanini menem bilyan...yone ertekidir-da?
umuman bilyan ishlemeli yene-de bir az.az dal kop.
_____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

Onsoň Uzuk prostitutka

Onsoň Uzuk prostitutka ekenimi?
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

toba , nahili biderek zat

toba , nahili biderek zat aytyangyz?
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Nämehow, ol sözi nädip

Nämehow, ol sözi nädip ýumşadaýyn?! Prostitutka iň ýumşak görnüşidähow, türkmençe aýtsam has erbet bolmazmy?
Bilmeýän bolsaň aýdaýyn, Germaniýada prostitusiýa kanunda bar, işleýänler pensiýa çykyp bilýäler. Bu resmi söz. Derrew menden görýäňlaý?!

Ýa "Jrica lyubvi" diýeýinmi?! :D
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

naem , toba ,shun yanak soz

naem , toba ,shun yanak soz soralyamy? bir gerek dale shun yanak soramok, germaniyada dgyny nadip bilyang? :D toba hemme zat eshek sizdenem :D
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Aý sen känräk okasaň

Aý sen känräk okasaň nirede näme pohluk bardygyny çalt öwrenersiň!

Quote:

toba hemme zat eshek sizdenem :D

Selbiş, sen ýazmagy gowy öwrenmänsiň, bagyşla welin. Ýazgylaryň ýalňyşlary käwagt sögünç bolup gidýä, sendigiňi bilemsoň häläm göwnüme alamok
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

:((( kyn yaman manga nache

:((( kyn yaman manga nache gezek pikirlenip yazyan how shunam , bagyshla , kyn name soz yzyndan kan gelyani bilmeyan yone aydylshy yanak aydyberyan
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Bayram, chyndanam sholar

Bayram, chyndanam sholar yaly gorundimi Uzuk?!hm...ba... aslynda hemme mashyna munyan gyzlara bey diyjek bolsangyz onda... yok, Uzuk o diyen bir erbet gyz dal how, yone birlikde ikisi bilen dushushyp yordi, bary shol...bashga zat bolan bolsa dushnuklirak ederdim.
_____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

yone gorkman nadip

yone gorkman nadip gorushyarka , tuweleme diyaymeli gyza , eneng atangdan birinji bilena songam oglandan gorkarsynga , bir hilay , shun yanak gyza kop dush gelyadimay Ashgabatda
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Jogaplar

Quote:

Bayram, chyndanam sholar yaly gorundimi Uzuk?

Ýok, men näme diýjek bolanyňa doly düşünmän galypdym.

Quote:

Gymmat baha “Dolce and Gabbana” kurtkasynyň jűbsűndäki telefon ýene jyraldy sms-ka gelipdir. Soňky modada geýilen uzyn ädik ony öýe äkidip barýardy.

Şu ýerde ýazanlaryňy okap, iň soňky moda ädigi, Dolçe&Gabbanany nireden alandygyna düşünmän, jytdydyr öýtdüm.

Quote:

aslynda hemme mashyna munyan gyzlara bey diyjek bolsangyz onda...

Ýok, maşyna münýän gyz "pylany" diýemok. Maşyna münesi gelen münsin, ýöne men şol ýokarda ýazan sebäbim bile ol zatdyr öýtdüm.
-------------------------------------------------
Magtymguly bir guldur,
Gullugyna kaýyldyr,
Akmak özün akyl diýr,
Tentek özün sag saýar.

chynym men yaman haladym ,

chynym men yaman haladym , yaman gowy gordum:D gaty gowy
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

salam Belle!dowamyny şugun

salam Belle!dowamyny şugun kopyalap aldym,agşam nesip etse çayyn yany bilen okarys..şuwagytdan gutlayan!

Belle wrote: Eý, şuny

Belle wrote:

Eý, şuny saňa aýdasym gelenok welin, sen uwerenmy şol gyz saňa ikilik edenok?

Eý, şuny saňa aýdasym gelenok welin, şol gyzyn sana ikilik etmeyanine ynamyn barmy?

umuman, hekaya erbet dal..yazip-yazip owrenersin-le..

Belle, tuweleme gutlayan.

Belle, tuweleme gutlayan. Azap edyan bir zatlar yazjak bolup. Tayyarlan yazgylaryn 17-18 yashly biri ucin gaty gowy.
Senin geljekde hem shu roman yazmak zat bilen gyzyklanma pikrin bar my?
Yagny uniwersitetde shuna menzesh bir bolum okamakcy my yada dine "hobby" hokmunde edyan mi?

uniwersitetde hukuk okajak

uniwersitetde hukuk okajak bolyan, yone edil shu wagta dinge bir hobby.
_____________________________
Dunyang bar jepasyn hasraty bilen,
Duyar bu yuregim duygusy bile,
Diydiler ozungi koseme beyle,
Janykma edip biljek alajyng seng yok.

sorag/hayysh

yazgyny (blogy) butinley ayyryp bolyarmy?
hayysh, kim-de kim blogy ayyrmagyng ugruny bilyan bolsa...yazyp berse, ugrukdursa...
belki-de Admine yuzlenme:)