Düýn - bugün - ertir

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly mhmanlar!

Baýramyň bir blogyndaky ýazgysyny görüp, şu blogy açmagy müwessa bildim. Öňden bärem piki edip ýördüm-le, aslynda! Şu wagt karar berdim.

Blogyň adyndan hem belli bolşy ýaly, mowzuk wagtda, taryh, häzirki wagt we geljek zamana barada.

Baýramyň şol ýazgysyndan bir bölek alyp, soňam dowam etdiribereýin aşakda.

Sizem bu babatda öz pikirleriňizi ýazaýsaňyz!

Sag boluň!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bayram

Bayram wrote:

...ylmyny öweýin diýseň, ... onda mundan 5-10 asyr öňki alymlary öwmeli bolýar... Gynançly şu!

"...(öňki) döwürde ony tapdy, muny tapdy". Dogry. Häzir? Häzir näme?...

Men hem şuňa goşulýaryn!

Özüm-ä el bn tutup, göz bn görjek ýagdaýda hiç zadam etmedim. Enşallah, ýazgyň eýesi Baýram we içiňizden (myhman-u agza) käbirleri hem geljekde oňat açyşlar ederler, enşallah! Dilegim-ä şol!

ýene soň...

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Aý meň adymy kän

Aý meň adymy kän gaýtalamaly däl ekeniň Atamyrat aga. Menem eden işim ýok, wala-wala diýseň bar ýöne.
Men aslynda "Bir talantyň gadry" temasynda aýdanymy diňe Türkmenistan üçin däl, azajyk giňeldip bar musulman doganlarymyz üçinem aýdasym gelýär. Musulman adam kän, talantam kän. Ýöne bu gezek, musulmanlaryň, meniňem şol sanda, umumy passiwligimiz agyr gelýär. Passiw, fatalist... ylymda-da passiw, ekonomikada-da... süýrenip ýörüs. Bilýän, bu pany dünýä. Emma pany dünýä diýip şeýle jogapkär bolmajak hereket etmelimikäk?!
Meselem, häzir şu ýerdäki agzalaryň aglabasy talypdyr. Arasyndan Yslamy gowy bilip ýaşamagy borç bilýän talyplarymyz bardyr. Bu bir hakykat we elbetde başarana BEREKELLA! Emma şol talyplarymyzam talyp hökmünde ylym almagy, sapak okamagy hem borç göräýsediler...

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Dogrymy aýdaýyn, men Ahmed

Dogrymy aýdaýyn, men Ahmed Zewail barada okamda, gaty begenipdim, depäm göge degäýjek boldy. Mundan 6-7 ýyl öň okapdym öýdýän, "ýaş wagtym". Musulmanlaryň şeýle uly işler edýäni buýsandyrdy.
Ahmed Zewail femtohimiýanyň atasy, himiýa Nobel baýragynyň eýesi Müsürli arap alym.
http://en.wikipedia.org/wiki/Ahmed_Zewail

Näme üçin er Razi, Ahmed Zewail tanalanok we ýaşlaryň gahrymany bolanok?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Musulman ýurtlaryndan Nobel

Musulman ýurtlaryndan Nobel alan çykdymy? Kän bolmasa-da bar, ýöne bar bolanlaryň aglabasy "biderek". Olar gaty syýasy, ýagny bahasy bir köpük, Nobel Asudalyl baýragyny alanlar, ýa bolmasa Nobel Edebiýat baýragyny alanlar.
Olaryň köpüsinden Yslama we musulmanlara peýda däl, zyýan geldi diýseňem ýalňyş däl. Görelde bolmakdan geçen, pulamy, abraýamy, ýa baýragamy ýa başga zadamy satylyp, ilki eden işleri... Yslamy we musulmanlary garalamak boldy duruberdi. Olar musulmanlarda görelde däl, ýigrenç döretdiler...

Nädip öňüni almaly? Hakyky Yslamy tanaýan, we terbiýeli musulman oglan gyzlar gaty üstünlikli bolmaly her tarapdan. Onsoň jurnaldyr gazet, TW kanallar interwýu alanda, Yslamyň pozitiw we gowy taraplaryny ýatlamaly. Erbet tarapy ýok, emma bäş manat pula ýa abraýa satanlar alsa, Yslamy "diktator rejim" edip görkezýäler.

Ýokarda Ahmed Zewail barada ýazdym. Ine guwanýan musulman alymymyz, Amerikada musulmanlaryň terrorist yglan edilen döwri, orta çykyp özüni görkezdi! Kim ol? Alym, Nobel baýragynyň eýesi, medeniýetli we gowy adam. Üstesine Yslamy hem gorady şu makala bilen!
http://www.zewail.caltech.edu/independent2.pdf
Bir uly alym uly ses edýär. Musulman görnükli alymlaryň 100 sanysy bolaýa edil häzir, dürli ýerlerde oturan, dürli baýraklaryň eýesi. Kim milt eder "musulmanlar eýle, musulmanlar beýle" diýmäge?! Häzir milt edýäler, sebäbi 1.5 milliard musulmanlardan birijigi himiýa Nobel baýragynyň eýesi...

Ýa-da onuň medeniýetler we dinler arasyndaky dialogy barada UNESCO üçin ýazan makalasy:
http://www.zewail.caltech.edu/UNESCO.pdf
Okaň, gaty gyzykly, ylmy we takyk!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Musulmanlar eyle, beyle

Musulmanlar eyle, beyle diyilyan bolsa, şolardan sapak almaly; olary yigrenmek bilen dalde.
Köpüsi kabul edip boljak dogrylary aytyandyrlar. Meselem diktatorlyk barada, beter bir yalnyşam dal ahyryn.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

"Musulmanlar eyle,

"Musulmanlar eyle, musulmanlar beyle"
Aslynda bularyn bary diylen yaly tohmet. Sapak alnarlyk zat KONSTRUKTIW aydylyar. Musulmanlar eyle beyle diyyan neokonlar ya sionistler umuman Yslamy we musulmanlaryn baryny yamanlayalar, bir chukura gomyaler, we dini ayrymchylyk edyaler.

Edil yokarda ulanamda, "musulmanlar terrorist" diyyandiklerini aytmak uchin yazypdym. Konstruktiw geplani itemizok. Hatda on yaly adamlaryn hormatly yeri bar. Emma "musulmanlar eyle beyle" diyyanleri inetde, youtube'de gozle. Haysysy konstruktiw? Baram tohmet we yalan, ozlerem hich hili argumentsiz tohmet.

Sen meselem ozun bagtly kapyr, ya sheyle gorunjek bolyan. Seni haysy musulman oldurjek bolyar? Nache wagt bari yashap yorsun musulmanlaryn arasynda? Terroristligi sana Yslam owretdimi?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Baýram, diýilýän negatiw

Baýram, diýilýän negatiw zatlaryň hemmesi töhmet bolup bilmezä, näm fundamental islamyň bardygy we onuň jemgyýete zyany konstruktiw fakt dälmi, ýada bu hem oýlanyp toslanan zatmy. Olaryň dünýäniň her bir burçunda alyp barýän "ýigrenmek we Allanyň ady hatyrasyna kapyrlary öldürmeli" diýen propogandasy hiç hili ýok zatmy? Hemmeleriň musulmanlary şol bir kiçijik topara ýagny "teroristler" diýilmegine eltýän zat hem köpçülik bolan musulmanlaryň şol ideologiýa garşy seslerini çykarman pessimist ýagdaýda bolýandyklaryndan bolaýmasyn!? Problema hiç hili ýok diýip denial ýagdaýda bolup, bar bolan kiçijik problemanyň ulalmagyna ýol açylýan bolaýmasyn?!
Olar ýaly toparlaryň bardygy we aktiwleşýändigi we bütin dünýäni zorluk bilen boýun etdirmek maksadynyň bardygy mese-mälim görnüp dur we faktdyr.
Maňa dogry düşünersiň diýip umyt edýän, meniň maksadym ýamanlamak däl-de bar belli zatlary aýtmak! Hudaýa şükür gowlygyň tarapynda bolan musulmanlaryň heniz köpdügi üçin hem!

Seret, hemme zat tohmet

Seret, hemme zat tohmet bolmasa, kopusi.
Fundamental Yslamyn bolshy yaly, fundamental hinduizmem bar, hristiyanlygam bar, yene-de bar. Ya yazybereyinmi Hristiyanlaryn taryhda edenlerini ya hazirem kabir amerikan serkowlaryn skandallaryny?
Biz kop aydyas, "umumylashdyrmak yalnysh, ekstropolirowat' etmek yalnysh". Shu soze ynanyan bolsak, doly derejede ynanmaly!

Quote:

Olaryň dünýäniň her bir burçunda alyp barýän "ýigrenmek we Allanyň ady hatyrasyna kapyrlary öldürmeli" diýen propogandasy hiç hili ýok zatmy?

Shu bolsa, ozunden duzme tohmet. Sen mana bir cheshmeli yeri gorkez, sen aydanlaryny aydyan bolsun!
Sen ine gozi kor, tohmetchi boldun, oturuberdin!
Fundamental Yslam bar, emma name uchin sonky 20-60 yila chenli hich kim bu barada dil achmady? Sebabi fundamental Yslamynam kadalary bar. Olaryn arasynda, "sizin oyunize giryan kapyry oldurmek uchin soweshmek jihaddyr" diyen pikire eyeryaler. Bu dini dal, has kop siyasy-ekonomiki sebaplere dayalan problemalar. Musulman yurtlarynyn baryny diyen yaly dine nebit-gaz almak uchin, ya pes derejede saklamak uchin ulanyalar Gunbatar medeniyetler. Muny goryan musulmanlar bir yil chydaya, iki yil chydaya, son kellesine name gelse, shona gora hereket edyaler. Men olara simpatiya bilen seredemok, yalnyshyalar. Emma diyeli bir Musurli arap, yurdunyn shuncha yil Mubarek tarapyndan yoredilmegine gaty gaharly arap, sebabi Amerikada goryar. We dogram edyar. Amerika butin arap dunyasinde diyen yaly marionetka-prostitutka hokumetleri goydy we GUYCH BILEN GOLDAYAR, Olaryn kopusi ganhor, oz halkynyn dushmany diktatorlar. Saddam Huseinem Amerikanyn jan yaly dostudy, aralaryna tow dushyancha...
Muny goren, Amerikanyn oz oyune, oz yurduna giren yaly goryaler. Amerika gidyar, ol yurtlarda harby baza achyar, tebigy resurslaryny alyalar, halkyny gan agladyalar. Palestina... Bu yagdayi goryanler elbetde gaharlanyar.
Indi men sana sorayin, sebap Yslammy? Ya siyasat we ekonomikamy? Turkmenistany edil shol yagdayda tutyan bolsa Amerika hazir, sen yigrenmezdinmi? Bu dini problema dal. Yone adam pahyr dinden guych alyar we dinden goltgy aljak bolyar oz kararlaryna.

Eger problema dinde bolsa, dunyanin 25% musulman, soyayardyk yolda goren kapyrymyzy. Yigrenmek diyen zadyny ozunden duzupsin. Muhammet Pygamber bashlanda yanynda bir musulmanam yokdy, yigrenmek yaly lozungy bolsa, "Alla hatyryna oldurmek" yaly lozungy bolsa, yzyna dushen bormydy? Mun yaly zady ozunden duzdinem, tohmet edenem boldun. Ine Myrat sana gowja mysal.
PS Sen "faktlaryn" yaman ichimi yakyar, banlasym geldi sen tohmetlerin uchin. Musulmanlar dunyan char tarapynda yagdayin beyle bolmaly daldigini aytdylar. Eshidesi gelen eshder. Erbet yeri, muny eshidesi gelen bolmady. CNN we FOX chagyrdylarmy hiy bir muftini? Yok, derrew yaraglanyp, bichare we gunasiz halkyn ustune chozdular...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Şeýleräk jogap berjegiňi

Şeýleräk jogap berjegiňi bilýärdim! Ine şunda hem problema, ýagny radikal islamyň ideologiasynyň nädogry ideologiadygyny aýdyp muňa garşy durmagyň ýerine, aklamak we munuň sebäplerini daşky faktorlardan gözlemek we sebäplendirmek. Şeýle ideologiýanyň bardygyny biljek bolsaň her bir radikal islmçy metjitlerine baryp olaryň wagyzlaryny diňläp gör, her bir radikal islamçy mezhebiň wagyzlaryny we çagyryşlaryny eşidip gör we olara sen nädogry pikirlenýäň diýip gör şonda özüň muňa göz ýetirersiň! TAlibanyň Owganystanda edenlerine bir göz aýlap gör, radikal musulmanyň musulmanlara eden zorluklaryny sen bu gün baryp owganlardan sorap gör saňa aýdarlar! Şol radikallaryň elinde Türkmenleriň Iranda çekýän ezýetlerini, Irandan gaçyp gaýdan türkmen ildeşlerimizden sorap gör onda şonda düşünersiň! Meniň diýjek bolýanym hemmeleri bir çukura atmak däl-de radikal islamyň edýänleriniň we ideologiýasynyň kimdir biriniň eýle ýada beýle edendigi üçin däl-de problemanyň zorluga we ýigrençe esaslanan ideologiýadygydyr! Bilşiň ýaly şeýle ideologiýany ýaýratmak üçin we adamlary ynandyrmak üçin bolsa her bir faktor ulanylýar! Maňa dogry düşünersiň diýip umyt edýän!:)

Radikal Yslamyň sebäpleri

Radikal Yslamyň sebäpleri barada ýazypdym. Radikal Yslam hem sebäpsiz peýda bolmaýar. Barmy? Bar.
Men bir ýazgy ýazyp gideýin, dünýäniň adamlary okasyn, her kim özüçe düşüner. Bu adaty. Özüçe ters düşünýän hemme ýerde bar.
Emma häzirki döwürde Amerikan medianyň "terrorist" diýip yglan eden musulmanlarynyň köpüsinde radikal ýa fundamental pikirler düýbünden ýok. Men talibany aklamok ýa Eýranyň rejimini. Hatda isleseň olaryň erbetdiginem aýtjak. Olar Yslama görä hereket edýändir öýdemok we olar Yslamyň mysaly däl!

Emma men ýokarda arap dünýäsi we Palestina barada ýazdym. Daşky faktorlar? Men olary aklamok, bütin dünýä aklaýar! Sen girde youtube'däki kommentleri oka Palestina barada ýa Yrak barada. Bir topar hristiýan we ateist girip Amerika we Buşa sögünýäler! Sebäbi näme? Sebäbi problema bütinleý neokon-hristiýanlar we sionistler tarapyndan döredildi, bularam daşky faktor.
Palestina 60 ýyl bäri gan aglaýa. Öz öýlerinde terrorist adyny göterýäler, günde öýleri ýumurulýalar, garyplykda, çykalgasyz ýagdaýda. Men olara bahana gözleýänmi? Eger sen şuňa şeýle düşünseň, jogap "hawa". Men özümi göz öňüne getirýän ol pahyrlaryň ýerinde. Maşgala agzalarym öldürilen, iş ýok, güniň 2/3 wagty karantin wagt, öýüňden çykmaly däl... öýüňmi? Öýüň ýok, Ysraýylyň buldozeri ýykyp gitdi geçen aý. 4 çagaňdan ikisini Ysraýylyň tanky "tötänleýin" basyp gitdi geçen hepde. Amerika we Ysraýyl bolsa, seni ýene terrorist yglan edýär. Aklyň ýerinde durarmy? Kim näme diýende näme, ar aljak bolup ýola çykarsyň!

Ýa Müsüriň rejimi.

Gynansagam, radikal Yslamyň çykmagyna iň köp goltgy beren Amerikanlar we Britanlar boldy! Ilki Yslam dünýäsine milletparazlygy getirdiler, soňam resurslaryny aljak bolup diktator rejim gurdular.

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Eýran Yslam Respublikasy

Eýran Yslam Respublikasy barada.

Bilşiň ýaly, Eýran Yslam Respublikasy demokratiki şekilde üýtgäp barýardy. 1950-nji ýyllarda olar Şahyň ýerine medeni döwlet gurmaga ses berdiler. Emma Eýranyň Şasy Britaniýa we Amerika nebit-gaz wada bereni üçin, olar GÜÝÇ bilen ganhor diktator Şany yzyna goýdular. Halk muny gördi we bildi. 1979 we 80-leriň rewolýusiýasyna getirdi ýagdaý we häzirki rejim bilen netijelendi.
Ýogsam 50-nji ýyllarda häzirki rejimi gurmak pikiri birjigem ýokdy!

Indi günä Yslamdamy ýa şu pyssy-pyjurlyklary guraýan Britaniýa we Amerikadamy? Sebäp Yslam däl ahyryn, sebäp SYÝASAT we EKONOMIKA. Şular sebäpli, häzirki radikal rejimler emele geldi...

Talibanlaram öň ýokdy Owganystanda. Nädip dörediler? SSSR Owganystana girdi, talibanlaram goramak üçin döredi, Amerika kömek etdi, hatda döretdi.

Sebäbi sen Yslamda gözlemegiň seni töhmetçi edýär. Sebäp gözläýin diýseň syýasat we ekonomikada.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Hmm, Sylap, sen haçan

Hmm, Sylap, sen haçan goýjak şu häsiýediňi?!
Blşiň ýaly, dinde säwlik ýok, ýöne oňa uýýanlarda bolup bilýär.
Şu halat her ýerde-de, her ynançda-da, her milletde-de, her welaýatda-da we ş.m. zatlaryň ynsanlarynda bolup biler, "süri agsaksyz bolmaz!" diýlişi ýaly.
Ýöne getirip getirip Yslaman mysal berýäň. Hristiýanlykda azmy şu ýagdaý?! Biziňkiden esse köplüh=gi mälim.

Her gören ýeriňde ýazmaly diýip borçly bilme özüňi bar-a!

Düşünýäs seň imanyňa! "Halasgär" Isaňa! Halaýan, iman edýän Hz.Isamyzy hem ýigrendirjek sen şu bolşuň bn! Günä galarsyň gaýtam!

Seň bn jedelleşmek islämok. Seň "hakykatlaryňy" hem her ýerde okasym gelenok, iliň keýpine-de sogan dograsym gelenok.

Şu dini jedellerden ýaňa agzalar girip ýazasy hem gelenomyka diýýän.

Garaz, indi şeýle ýazgylaryňy azyrak ýazjak bol! Ýazsaňam, Yslamy bir saý-sebäp bn ýamanlajak bolýan ýazgy ýazmajak bol! Öwüber Isaňy! Ýöne Yslamy döwme, haýyş!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ata ildeş! Pikirleriňi

Ata ildeş! Pikirleriňi hormatlaýan we şeýle fundamental we radikalizmiň tarapdary däldigiň üçin begenýän! Men ýamanlamak islemedim, ýöne şeýle toparlaryň bardygy, ideologiýanyň bardygynyň faktdygyny aýtmak isledim bolany!:) Eger seniň hem Isa MEsihiň ýolunda bolup şeýle "ýigrenmek we zorluk ulanmak" barada propoganda edýän mezhep ýada toparlaryň bardygyny aýtsaň men gaty görmerin we olary goramaga çalyşmaryn!
Bu sebäpden meniň pikir ýöredişime düşünersiň diýip umyt edýän!:)
Hormat we sylag bilen,
Sylap

yrakdaky, owganystandaky,

yrakdaky, owganystandaky, palestinadaky (az sanly hem bolsa) we ş.m. musulman ülkelerindäki "demokratiýa" getirýän "dindeşleriňi" aýtmaga gerek barmy, Sylap?!

Garaz, siziňkini sanap başlasaň, biziňkiň çeni-çaky bolmaz - bulam bir fakt!

Şeýle toparlaryň barlygy, elbetde, mälim musulmanlarda-da, men hem olary goldamok, dinden sowadýar ynsanlary.

Pikir ýöredişiňe düşünýän, ýöne her ýerde öz diniňi öwüp, biziňkidenem säwlik tapjak bolşuňa düşünemok, hs takygy, düşünýän-de, ony goldamok!

Senem maňa düşünersiň diýip umyt edýärin!

Salam we hormat bn,

atamyrat

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata dost! düşünýäniň

Ata dost! düşünýäniň üçin minnetdar!

Quote:

yrakdaky, owganystandaky, palestinadaky (az sanly hem bolsa) we ş.m. musulman ülkelerindäki "demokratiýa" getirýän "dindeşleriňi" aýtmaga gerek barmy, Sylap?!

Ine şu diýýänleriňde meniň diýýänim bilen baglanyşygy ýokmyka diýýän. Nähilidir bir hökümediň edýän işini Isa Mesihe ynanýanlaryň dini toparynyň maksady ýaly edip görkezmek dogry bolmaýar. Eger şol döwlet edýän hereketlerini "hristianlar" şeýle etmeli diýýärler we olaryň kitaplarynda şeýle zat bar bu sebäpden biz şeýle etmeli diýip edýän bolsa onda beýle diýseň bolar! Meniň diýjek bolýanym Injile beýle ideologiýa ýok! Elbetde her bir ýerde bolşy ýaly we taryhda eýýam bolup geçişi ýaly dini öz gara maksatlary üçin ulanmak isleýän adamlar tapylar, emma Injilde hiç haçan hem "zorluga, gan döküşligi" goldaýan taglymat ýok, bu Injiliň taglymatynda açykdan açyk belli!
Säwlik gözleýän ýaly düşünme, çyn ýürekden Hudaýa boýun bolmak isläp hoşniýetlikden ugur alýan musulmanlaryň bardygyny we köpdügini men bilýän we olaryň beýle hoşniýetligini gowy görýän we hormatlaýan! Ata dost seni hem çyn kalbymdan sylaýan!:)

hmm, bor-laý, Sylap! Maňa

hmm, bor-laý, Sylap! Maňa gözletme indi :)
Senem bilýänsiňdir welin, men diňeje şol niýet bn hristiýanlaryň radikallaryny ýa art niýetlilerini gözläp oturmaýyn, barlygyna welin, şçübhäm ýok, seňkem şeýlemikä diýýän.

Hormat bn!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men "musulmanlar terorist"

men "musulmanlar terorist" diyilyani aytjak bolanyny bilemokdym.
Diymek sen aydyşyna göra Nobel alan (önki) musulmanlar konstruktiw dal eken-da..
kan bilemok welin, beyle daldir diyip çaklayan.
Meni "öldürjek" bolyan yok, hudaya şükür.
umumy musulmanlara terorist diyip bolmaz.

Onki Nobel alanlaryn

Onki Nobel alanlaryn yazyshyna seretsen, olar musulman dal yaly bolup dur. Na derejede musulman belli dal.
Onki Nobel alanlaryn konstruktiw aydanlaram bar, dallerem bar elbetde.
Meselem, Pakistanly fizigin umumy kritiki yazan makalasynda gaty kan konstruktiw zatlar bar. Belki ol 5 wagt namazly musulman daldir, emma aydanlary gaty gownejay.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

düyn buğün ertir diylende..

Name üçin oylanma diylip açılan blokda gürrün dine geçip gidyar..??
ya-da düyn bugün ertir diylende din yadınıza düşyarmi..
name gürrün kana..Ekonomika tarapdan,türkmenistanın geljeği,gaz,yaşlar,medeniyet barada yekejede gürrün açılanok..

LOL

Nurmuhammet, bu blog diňe

Nurmuhammet, bu blog diňe din barada däl, men diňeje 1 mysal berdim ýokarda. Bärde başg mysallar, mowzuklar arkaly nlogyň adyna görä maglumatlar goýlar, enşallah - kän alada etme! Onsoňam, oýlanma diýlende, diňeje din gelenok, eger sen bärini okap, şeýle düşünen bolsaň, onda ýalňyşýarsyň!

Özüňem bloga degişli köp sanly mysal we mowzuklar bn goşant goşubermeli. "Garaňka söwjegiňe, senem 1 ýa birnäçe şem ýak!"

Wesselam!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Yahlar biza

Yash, ine biz yash nesil... yokardakylang hemmesine menem goshulyan chyndanam songky dowur musulmanlardan zat eshidilenok, onga kim gunakar? Shong uchin musulman ya-da ine songky dowur turkmenlerden zat chykanok diymangde, HEREKET EDING! Plan diyemok kopuniz chyndanam okap jan edyangiz, sozum yok. Men kan gowy turkmen oglanlary, gyzlary tanayan, yone ishe chykarmaly edilyan ishleri. Menem ine, jan edip okayan oza, belki dowletim uchin peydaly bir adam bolaryn!

Leyla

dogurdan hem barde dine din

dogurdan hem barde dine din hakda dal de, dineje ondan mysal getirilipdir. ol hem gaty yerlikli!
basga da mysal getirilip bolar..
saz-sungatda yza galyas,(dine ogurlyk,1-asyr mundan onki halk aydymlaryny dinleyaris-in gowulary olar.!!!)

basga da kan mysallar kan....................

yurekde name bolsa dil shony diyer!!

gechen yilmy ya ondan onki

gechen yilmy ya ondan onki yilmy biri polo barada blog achypdy.namemish,polo sportunyn duybuni turkmenler tutanmysh.shonda "tapdyn owunere zat"-tipde zat yazamda kop kishi gaty gorupdi.birinjidena biz bir sportun duybuni tutan bolsak beylekiler 5 sportun duybuni tutandyrlar.biz duybuni tutan bolsak,olar chempionlary chykardylar,dunya belli sport etdiler.bar guwanyp biljek zadymyz shomy?
bashga,urushlar diysen,in neudachnik yurt biz.gelen-gechen,yaltanmadyk talapdyr.dowlet diysen 8 asyrlarp dowlet yok,hmmmm...aydym-saz,sungat...gechmishde eden uytgeshik guwanyp biljek zadymyz yok.bu gunem edyan uytgeshik zadymyz yok,natjek...ozumiz edip bir zatlara guwanaymasak bashga chykalga galanok.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • garabekewul 1 telpek goyyar we yazyar: "oran mamla sen bu ugurda"

Şu agyr we gynançly hem

Şu agyr we gynançly hem bolsa, dogry sözler. Türkmenbaşy "türkmen türkmenligine buýsanmalydyr" diýip bir topar ýalan we ýasama zatlary taryhy fakt edip görkezip gitdi. Türkmen tekerlegem tapanmyş...
Men özümi ýa türkmençiligi ýa Türkmenistanyň ýigrenýän adam däl. Tersine, özümi watansöýer hasap edýän. Men Watanymy we türkmenleri söýmek üçin, ýasama "taryhy faktlara" ynanmagym hökman däl. Türkmen tekerlegem tapmady, ýazuwam. Ruhnamada geçen döwletlere oguzlaryň täsiri bolan bolup biler, emma häzirki Türkmenistandaky türkmenleriň oňa näme dahyly bar?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

__Shola dogry...

__Shola dogry... _______
Leyla

sonky dowurlerde

sonky dowurlerde tmolympiyatda din barada asha kop yazilyar. haysi tema girsenem yene din bilen baglanylyar. belki yazilyanlar dogrydyram velin emma mena kan bir munun tarapdary dal...
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Dini temalaryn asha kan

Dini temalaryn asha kan bolmagyny menem halamok. On bir gezek shu dini temalary san boyuncha gaty kopeltmali diyipdik. Ondan bari dowur gechipdir oydyan
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Yeter Besdir!

Birek biregin ynanjyna igenip tankyt penjarasyny aralamak kimin peydasyna?!
Haysynyz beylekinizin ynanjy hakynda söz açmazdan önürti şol ynanç hakynda gözleg geçiryaniz, kitabyny okayanyz?! Dine dawa dawa...yene-de dawa... sony yok... besdir.

put on a happy face:)

indi dini ýazgy ýazmaga

indi dini ýazgy ýazmaga özümem çekinýän. Nirä barsaň goh, jedel başlaýar. Niýetim ateistligi ýa hristiýanlygy ýamanlamak däl, ýöne gl-gel, şu musulmanlygy öwüleni gören ýagdaýlarynda, erbet tarapyny tapjak bolýanlar, ýamanlajak bolýanlar çykyberýär.

Agzalaň höwesi üçin, şu jedelleri azaldalyň mümkin bolsa! Ýokardaky ýazgydaky "musulman" sözlerini hem aýyrdym edit bn.

Aşakda ýene mysallar ýazjak welin, ýene bahana tapyp, dini säwlik tapjak bolarlarmyka diýip şübhelenmänem duramok.

Bolýar-da, enşallah, beýle bolmaz! Bolsa welin, onda netijesi gowy bolmaz, göwne degişlik artyp bilermikä diýýän!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"Kung Fu Panda" multigini

"Kung Fu Panda" multigini görüpdim hem rusça hem iňlisçe. Şonda Kung Fu masteri pyşdyl Ugweý gamgyn hem-de çişijek Panda seredip:"Yesterday is history. Tomorros is mystery. Todaý is a gift..." diýýär. Türkmençe manysy:" Düýn taryh boldy. Ertir bolsa gaýyp/bilinmeýär. Bugün bolsa bize bir sowgat. Şoň üçin, iň amatlysy bugünden iň oňat ýagdaýda peýdalanmakdyr..." diýen manyda 1 zatlar-a diýýär. Panda bolsa, şondan bäri şat ýaşaýarmyş :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

blog bn baglanşykda...

Sabyr barada mübärek bir ynsan many taydan şeýle diýýär: “Ynsan öz ýaşaýan gününe seretmeli. Geçen günler, barybir, geçipdir, kynçylyklaryň geçenine begenmeli, olary pikir edip, gynanmaly däl. Geljek günler hem entäk gelmändir, kim bilýär, ol günler gelýänçä, biz baky äleme göçüp gideris. Diýmek, ynsan şu gününe diş-dyrnak bolup ýapyşmaly we iň gowy ýagdaýda ryzyk agtarma, her iki älemde bagtly bolmagynä sebäp boljak amallary ýerine ýetirmeli. Geljekdäki kynçylyklara ýa “baý bolmaklyga” hem-de geçmişdäki kynçylyklara we gowulyklara görä pikir-oýa batyp, gamgyn ýa şat bolmak däl-de, elbetde, bugüniňe görä hereket etmek iň dogrusy, ýogsam, bar güýç we sabryňy geçmiş we geljekdäki wakalara dagadyp, bugüniňe hiç-hili takatyň galmasa, anha, şonda ynsan örän ejiz bolar, lagşar. ”

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bu babatda ýene bir mysal

bu babatda ýene bir mysal berse bolar, ynha:

Seljukly imperiýäsyndan ata-babalarymyzy şugüne getirsek, onda olar bize seredip:"...Şumy biziň neberelerimiz?! Şumydy milletimiziň geljek haly?! Şulara amanatmy biziň milletiň haly?!Ne gözel milletimizi nä günlere düşüräýipdirler?! Biz soňkylara näme miras goýduk, bular nädäýipdirler?!...." diýip, nälet okamaklary ahmal.

Geljekden türkmen neslinden bir bölek bugüne getisek, onda olaram uly ähtimallyk bn şeýle diýerlermikä diýýän:" Wah, şularmydy bize kyn ýagdaýa sezewar eden?! Şu günki erbet ýagdaýymyza sebäp bolanlar?! Bize gowy mümkinçilikleriň ýerine, erbet mümkinçilikleri miras goýan?! Biziň gan aglamagymyza sebäp bolan?!..."

Garaz, sud/mahkeme gurnalsa, hem taryhdan, hem-de geljekden geljek ata-babadyr neberelerimiz şugünki türkmenler bolan bizi günäkärläp bilerler. Ynha, şu ýagdaýa düşmezlik üçin, şu güni iň oňat ýagdaýda ulanmak, şugünden iň oňat ýagdaýda peýdalanmak amatlydyr/ýegdir!

Biz hem özümizden öňkilere nägilelik bildirip bileris. Ýöne soňky nesilleriň bize nägilelik bildirmezlikleri üçin gaýrat etmeli. Bugüni we onuň mümkinçiliklerini ýerli-ýerinde we mukdaryna görä ulnmaly we amal etmeli.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Belle 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! birem...hereket edeling adamlar!!!"