Söýgi

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.


Söýgi
(bu makalanyň çeşmesi: www_turkmenhh.org websaýtydyr)

“Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr…”

“Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbaldyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. Ähli zadymy paýlap ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur.
Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatlsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar…Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir!”
dowamyny okamak isleseň şu website gidip bilersiň: www_turkmenhh.org

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • poahf 1 telpek goyyar we yazyar: "gynansamam menin söygim başga söygi eken! berekella"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

blogun adyny gorende,

blogun adyny gorende, diplomat agamyzam "soygi" diyip bashlapdyr-ow oydup gen galypdym welin :))....

Quote: “Biz Hudaýyň

Quote:

“Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr…”

Bu sitata gowy terjime edilmändir. Türkmen üçin gaty üýtgeşik gepler ýokarda. Hudaý söýgüdir? Ýa sen Hristiýanlykdan ýüz öwürdiňmi? Bolýa ola hiç, "söýgüde galmak" näme bolýar? "Hudaýda galmak" näme bolýar?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Hudaýyň söýgidir

Hudaýyň söýgidir diýilende söýgüniň çeşmesiniň Hudaýdygyny aňladýar. Bu Türkemn üçin üýtgeşik bolmagynyň bir sebäbi hem Söýgiden doly Hudaýy tanamazlykmyka diýýärin. Hudaý söýgüdir diýilende "agape" söýgi barada gürrüň gidýar, Hudaýyň ýaradyjy hökmünde ynsanlara bolan merhemetden we rehimden doly bolan söýgüsini aňladýar! Söýgüde galmak, Hudaýy we ynsanlary söýmek bolýar, eger bizde söýgimiz bolmasa onda biz söýgüde galmaýarys. Hudaýyň bize bolan söýgüsini biz entek günäkärkäk, jeza mynasyp wagtymyzda bizi söýýändigi üçin Isa MEsihiň biziň deregimize gurbanlyk bermegi arkaly bize bildirdi!
Hudaýda galmak, Onuň buýruklarynda galmak we olary ýerine ýetirmek bolýar, Onuň iň esasy buýrugy hem Onuň üpjün eden gutulyşyna iman etmekden başlanýar we bu hem bize Hudaýy bütin kalbymyz bilen söýmegi we özümizi nähili gowy görýän bolsak ýakynlarymyzy hem şeýle söýmegi aňladýar!

Men barde her durli

Men barde her durli hristiyanlar bilen gurrundesh bolyan. Sholaryn kopusem Hz. Isanyn ozleri uchin olendigine, indi her kimin jennede gitjekdigine ynanyalar.
Bizin gunalarimiz uchin oldi, indi biz bagyshlandyk.
Ine sheylerak dushunje. "Yone hristiyanlyk shuny shuny gadagan edyara, etsen jeza hokmunde gitmersinmi dowzaha?". Kopusinin beryan jogaby "yok". Olaryn pikiriche, Hz. Isa olary sheyle bir soyya welin, dine jennede iberer. Nahili guna etselerem, adam oldurselerem.
Olara soragam berdim, "onda dowzah nama gerek?". Kopusi dowzaha kan ynananogam...
Ine Hristiyanlygyn dogmatiki dindiginin yene bir alamaty.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram sen hristianlar bilen

Bayram sen hristianlar bilen gürrüň edip olaryň pikirlerini eşideniň gowy, Isa Mesihe ynanýan diýip ynanmaýan ýaly ýaşaýan bolsaň we günäniň içinde ýaşasaň onda heniz sen Isa MEsihe iman etdigiň bolanok we bu seniň jennete gitjegiňiň alamaty däl. Bu sebäpden Isa Mesih maňa ynanýan bolsaňyz meniň buýruklarymy berjaý ediň diýýär! Ondan başgada men ynanýan diýip günä seredişiň, günä etmegi dowam etdirmegiň dowam etse we sende toba ýüregi bolmasa onda ol imanyň puçdygyny Injil aýdýar. Bu sebäpden, hristianlar günäni söýýärler, Isa Mesihe ynansalarda günä etmegi dowam etdirýärler we muňa normalny seredýär diýen pikirleriň nädogry! Isa MEsihe hakykatdan iman eden edýän işleri bilen, ýaşaýşy bien görkezýärler!
Hakyky Injile ynanýan we Isa Mesihe ynanýanlar dowzaha gowy ynanýarlar. Bu sebäpden nädogry düşünje eýerýän käbir hristian men diýýänleriň diýýänlerine seretmek gerek däl, eger hakykaty gözlejek bolsaň ony Injilden gözle we Injiliň günä, gutulyş, dowzah baradaky taglymatlaryny öwren! Şonda dogry düşünersiň!:)

Ýo, sen gaýgy etme, men

Ýo, sen gaýgy etme, men Hakyky Hristiýanlygyň, ýagny Yslamyň (ikisi bir dinä HAKYKY WERSIÝALARYNDA), näme diýýänine azda-kände düşünýän :)

Meň aýdýanym, Hristiýanlaryň özlerem düşünenokda şoňa. Bilýäňmi, Serkowyň eden etmişleri adamlary şeýle bir itipdir wagtynda, ýagny inkwizisiýa ýeneleri, olar dini terk etmäge başlapdyrlar. Munyň öňüni almak üçin, her wagtky bolşy ýaly, ruhanylar Allanyň adyndan jennedi, gutylyşy we ýenäni az baha wada etmegi öwrenipdirler Hristiýanlykda. Men günäkärläp aýdamok, emma hakykat şeýle. Bolýa-da...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Inkwizisia eden ruhanylar

Inkwizisia eden ruhanylar dowlet dini bolan serkowlarda hyzmat edip, dini hakimyet uchin adamlary kontrollyk etmek uchin ulanypdyrlar! Olar durli zatlary oz maksatlary uchin ulanandygyny men hem bilyan. Bu yada ol toparyng dini beyle yada eyle ulanmagy we gorkezmegi heniz hakykaty aradan ayranok. Bu sebapden olary ara goshmak gerek hem dal. Her bir dining hakykatyna dushunjek bolsang, onung cheshmesi bolan kitaba, yagny Injile we shol ylahy taglymatyng ozeni bolan gahrymana yada lidering durmushyny owrenip dushunip bilersing!
Islam bilen hristianlyk bir din diyipsing welin bu dushunje hakykata yakynrak yaly gorunsede, olar duybunden bashga! Men olaryng ikisi barada hem yeterlik bilim gazandym, olaryng birrak yerleri bar men muny ret edemok, emma shol bir hatarda esasy zatlarda tapawutlanyarlar!
Ay bolyada... ynanmajak adama her bir zat hem bahana bolyar!:)

Sen menin hazirki

Sen menin hazirki Hristiyanlyga ynanmajagyma pugta ynanyandygyna begendim. Bu hakykatdanam sheyle.

Men ozumche sen Yslamyn 1/1000 bolegini hem bilmeyandigini pikir edyan. Hristiyanlyk bilen Yslam barada yeterlik bilim gazandynmy? Muna ynanamok.

Yone yazgyny okap, sen katolik daldigin belli bolyar.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Sylap ya yazanda

Sylap ya yazanda yalnyshlyk goyberyan(gramatiki), yadanam sozi aylap kellelerin garyhsmagyny isleyan:::)) Mysal;

Quote:

Her bir dining hakykatyna dushunjek bolsang, onung cheshmesi bolan kitaba, yagny Injile we shol ylahy taglymatyng ozeni bolan gahrymana yada lidering durmushyny owrenip dushunip bilersing!

Bashda her bir din, sonam hemmesini ayyryanda Hristyanlygy galdyryan::))
Bu sozlemini yazmagymyn sebabi sen postlarynda kop unsimi chekyar shonyn yaly zatlar::))

:):)Sen hazirki kimdir

:):)Sen hazirki kimdir biriniň pikirine esaslanan Isa Mesihe bolan imana däl-de Hudaýyň diri sözi bolan Isa Mesihiň Özüne ynansadyň şonda hemme zada düşünerdiň! Baýram her bir ynsanyň gözleýäni hakykat, ýol we ýaşaýyş, bularyň hemmesi hem Isa Mesidedir! Eger sen Ony ýakyndan tanasadyň, onda Oňa özüň iman ederdiň. Meniň islegim saňa hristianlyk dinini düşündirmek däl-de Isa Mesihi tanatmak! Hemme zadyň özeni hem şonda!
Hristianlyk we Islam barada mende ýeterlik bilimim bar, beýle diýmegim hem durmuşymda birnäçe ýyllaryň dowamynda okap we görüp öwrenenlerime esaslanýar! Emma elbetde bu bilimimi durmuşyny şu ugura bagş eden alymlar bilen deňeşdirip biljek däl, ýöne olar barada pikir ýöreder ýaly bilimim bar diýip hasaplaýaryn! Elbetde adam tä ölýänçe öwrenmek bilen bolýar!:)
Men dini topara degişli däl, mende Hudaý bilen Isa Mesihde üpjün edilen şahsy aragatnaşyk bar we meniň durmuşym munuň esasynda gurulan!
Gönümel pikirleriň üçin we açykdan açyk gürrüň eýändigiň üçin minnetdarlyk bildiresim geldi we ylalaşmasamda pikirleriňi hormatlaýan!

Men Hz. Isany söýýän we

Men Hz. Isany söýýän we men oňa iman edýän.
La ilahe illallah, Isa Resulullah
(Atamyrat aga barla)

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "dogryrak ýaly:)"

Isa ynanýan bolsaň, ONuň

Isa ynanýan bolsaň, ONuň MEsihdigine, onuň taglymatyna, aýdan sözlerine, eden işlerine iman edýärsiňmi? Isa MEsih barada habaryň, gürrüňiň çeşmesi bolan Injili okadyňmy we Injilde ýazylanlara doly ynanýaňmy?! Diňe bir bölegine däl, ähli aýdýanlaryna!?

Häzirki Injil bilen Hz.

Häzirki Injil bilen Hz. Isanyň aýdanlarynyň arasynda näme baglanyşyk bar?!
Häzirki Injilleriň iň gadymysy Hz. Isadan 3 asyr soň ýazylypdyr...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Baýram ildeş hazirki Injil

Baýram ildeş hazirki Injil 3 asyrda ýazylmandyr, Isa Mesihiň ýaşap geçen döwründe ýazylypdyr we şol golýazmalaryň nusgalary biziň eramyzyň 1-nji asyryna degişlileri hem bar, 2-nji asyra we 3-nji asyra degişlilieri hem bar. 3-nji asyra degişli bolan golýazmalar bu onuň şol döwürde ýazylandygyny alamaty däl-de tapylan golýazmanyň 3-nji asyra degişli edilendigi, emma bilşiň ýaly ol döwürlerde original kitaplardan nusgalara göçürmek arkaly kitaplary saklap gelipdirler. Diňe bu hem däl, eger her kim özüçe Injil ýazýan bolsa onda Şol 2nji we 3-nji asyrlara degişli diýilen Ylahy Kitaplar ýygyndylary dürli ýerlerden tapylypdyr we şu wagt hem dürli ýerlerde saklanýar, mysal üçin tapylan we Vatikan we Sinay kanonlary diýip at alan kitaplar toplumyna seredip göreniňde hem olaryň biri birinden tapawutlanmaýandygy haýran galdyryjydyr. Olar şol ilkinji ýazylan originallardan göçürilen nusgalardyr. Ondan başgada eýýäm 3-nji asyra çenli Injiliň orginalyndan alynyp ýüzlerçe nusgalary dürli ýerlere ýaýrady we dürli dillere terjime edilip başlandy. Bu sebäpden Injil üýtgedilipdir diýen teoria ýalňyşdyr we faktlara esaslanan däldir!

Men umuman her wagtam seň

Men umuman her wagtam seň bilen jedel etmegi boş wagt ýitirmek hasaplaýardym, senem şeýlesiň.
Men jedeli dowam etmekde many göremok.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

+1 hemişe-de şeý

+1

hemişe-de şeý diýýän welin, menem 1 ýagdaýda dowam ediberýän-dä. Şu bolanok bar-a!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men sen bilen jedel edomok,

Men sen bilen jedel edomok, bar bolan fakty aýdýan! Sen meniň edýän gürrüňlerimi boş hasaplap bilersiň, emma bu bilen hakykat üýtgemeýär hakykat hakykatlygyna galýar! Isanyň Mesihdigi üýtgewsiz, muny aýdýan meniň sözüme esaslanmaýar-da, Hudaýyň Sözi bolan Injile esaslanýar, oňa ynanmak we ynanmazlyk her kimiň öz işi, hakykaty bilenimden soň ony aýtmak bolsa meniň borjum!

Men sheyle bir sorag

Men sheyle bir sorag beresim gelyar, bir gun Hz. Isa sana sonky din Yslamdyr, sonky pygamber hem Hz. Muhammetdir diyse, sen pikirlerin uytgarmidi. Bagyshla soragy owadanlap bilmedim, yone dushunen bolsan gerek...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Isa Mesih beýle diýip hiç

Isa Mesih beýle diýip hiç haçan aýtmaz, çünki Ol men başlangyç we iň soňkydyr diýip eýýäm aýtdy! Ol öz-özüne garşy zat aýtmaz! Isa: "Men ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn" diýdi, indi başga ýol aýdyp bilmez, "ýer we gök geçer emma Meniň sözlerim asla geçmez" diýdi, ahyrzamanda Men gelerin we sizi ýanyma alaryn diýdi! Onuň diýýänlerini sen bir bilsediň we iman getirsediň onda ýaňky ýokarda aýdanyňy aýtmazdyň, çünki Isa Mesihiň ilkinji sapar dünýä gelip aýdyp geçenlerinden we durmuşyndan başga hili bir zady aýtmagy asla mümkin däl, Ol öz-özüni ret edenok! Beýle etse onda Ol öz-özüni ýalançy edýär! Ondan başgada Isa Mesih ahyr zamanda geljek ýalan "Isa Mesihleriň" boljakdygyny we adamlary azdyrjakdygyny öňünden aýtdy bu sebäpden hem eger kimdir biri men Isa MEsih diýip gelip Onuň öwredeninden başga zady öwretse men onuň Hudaýdan däldigini bilýärin, çünki Isa Mesih munuň şeýle boljakdygyny biziň ýalňyşmazlygymyz üçin öňünden aýdyp geçdi we hatda Özüniň ikinji gezek gökden nähili geljekdigini we nämeler etjekdigini hem öňünden aýtdy! Çünki şeýtan Isa MEsih barada adamlaryň büdremegini isleýär we Oňa Halasgär Mesih hökmünde iman etmeklerini islemeýär, bu sebäpden elinde baryny edip gelýär we eder! Men Injil okap öwrenensoň we onda ýazylanlara iman getirenim soň bu zatlara düşündim, sen hem diňe şonda düşünersiň! Isa Mesih şeýle diýýär: "hakykaty biliň hakykat sizi azat eder" Ol hakykat hem Isa Mesihdedir! Isa Mesihde şeýtanyň gara guýçleriniň üstünden we her bir zadyň üstünden höküm edýän güýji bardy we bu gün hem bar, çünki Ol diri! Oňa bolan iman hem diri, bu günki gün hem Isa Mesihiň adynda güýç kuwwat bar! Ol hakyky azatlygy getirýär! Isa Mesih barada aýtmaga şeýle zat köp welin bu taýa sygmaz! Şonuň üçin sen Ony tanamaga çalyş şonda ýalan zatlara ynanmarsyň!:)
Çyndan beren soragyň üçin minnetdar we hormat-sylag!:)

diplomat wrote: hiç

diplomat wrote:

hiç haçan aýtmaz, Ol öz-özüne garşy zat aýtmaz, indi başga ýol aýdyp bilmez, başga hili bir zady aýtmagy asla mümkin däl, Beýle etse onda Ol öz-özüni ýalançy edýär..

Hmmm..

Biderek yere hymmyldayan,

Biderek yere hymmyldayan, Gadyr aga ;)))

Bu yerde diyjek bolan zadim

Bu yerde diyjek bolan zadim belki diplomadin ozunin yadinda bolsa gerek. Men bir yerde "Alla adam sypatinda bolup bilmez, sebabi Gurhanda beyle zat etmejekdigini, adamin aklina gelyan sipatlarin ahlisinden ozunin uzakdadigini aydyandigini" bellapdim. Ol bolsa "Alla bolsa islan zadini edip biler, edip bilmez diymek onun erkini gysmak bolar" diyen yali birzat yazipdi..

Indem (hasha) Huday diyen Mesihinin erkini ozi gysyan yali boldi..

Garaz (onem kop agzalarimiz bilen bir hatarda meninem kop yerde belleyshim yali) bu diplomat bilen jedel etmek yerliksiz we biderek imho..(nokat)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "+1 :-)"

Gadyr dost, galdyran

Gadyr dost, galdyran komentiň üçin minnetdar! Isa Mesihiň Hudaýlyk häsiýetini kabul edip bilmeýän bolsaň, Onuň Mesih bolan Halasgärdigini we Onuň ýer ýüzüne gelip eden işlerine we taglymatyna bir iman getir! Sen şolara hem iman getirip duraňoga!?
Isa Mesihiň özüniň ilki aýdanyna düýbunden garşy birzat aýdyp bilmejegi bu ýazgylara esaslanan, eger Isa menden soň başga bir din döremeli diýýän bolsa onda Onuň dünýä Mesih bolup gelendiginiň ýagny birinji gezek gelendiginiň maksady hem puç bolýar! Isa Mesihiň aýdan zady tä Onuň Özi ikinji gezek gelip hemme zady ýerbe ýer edýänçe Onuň birinji sapar gelendiginiň Hoş Habarynyň tä ýeriň soňuna çenli her bir millete wagyz edilmegini aýdyp geçipdir we ONuň ikinji gezek gökden gaýdyp gelmeginiň bolup geçmeginiň esasy sebäbi hem şol Hoş Habaryň ýeriň her bir künjeginde milletler arasynda iman üçin wagyz edilip bolmagydygyny öňünden aýdyp geçdi!
Hudaýyň bu ýada ol ýol bilen ynsanlara özüni yglan edendigi täzelik däl. Eger töwrady, Zebury we gadymy pygamberleriň ýazgylaryny okasaň Hudaýyň dürli ýollar bilen ynsanlara özüni aýan edendigini öwrenersiň!
Men jedel edemok, men saňa bar bolany aýdýan we isleseň gürrüňdeşligi dowam etdirmaga garaşýan!

yok dowam etman. nokat

yok dowam etman. nokat diyilda... (nokat)
_____________________________
cennet cennet dedikler
bir kaç koşkle, bir kaç huri
isteyene ver onlari
bana seni, gerek seni...

(in sonky abzasyn)> menem

(in sonky abzasyn)> menem shon ucin diydim-da :))

näme üçin biderek?:)

näme üçin biderek?:)

Name uchidnir bu gunler

Name uchidnir bu gunler Tmolympiada giryanler azla?!

Mumkinchilik yok bolaymasa..

Mumkinchilik yok bolaymasa..

Mumkinchilik bardylra,

Mumkinchilik bardylra, Akgul, sebabi bashga websaytlarda kan oturyarlar-a!?
Bu makala barada pikiring nahili, sheyle arassa soyguni kuyseyarmising?