bekarlik sultanliktir er ya da gec demokrasiye gecilir.

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

bekarlik sultanliktir er ya da gec demokrasiye gecilir.

sallahlik dowri patshada sen soldanda ahli kada kanunlari sen goyarsing sen pozarsing.
islan yeringe gidersing islan yerinde galarsing (shu wagt men sheyle).islan eshigingi geyersing. islan zadyngy iyersing islemedik zadyngam iymersing (muni oylenip ayalining naharyny iyme mejburiyetinde bolsan erkeklere diyyan. towregimde mysal gyt dal:):). men oye barip oydaking bishireninden iymeli yogsa ol bul diyyanlere..:) ) yone hachanda siyasatcilar (dayzalar we ejeler) gelip azar beri ugran wagty. yuwas yuwas demokrasiya gechmeli bolarla name.. ka halatlarda jemgyyetci bolsagam demokrasi yuzini dakinmali bolara.. haa?
siz name diyyangiz ?
barde onsong dashari ishler misnistri kim bolar?
yada kimi bellarsingiz?

:):)

p.s: icim gysdy ka bir zatlara shong ucin yazdim. eger duzeldilmesi gerek zatlar bolsa guk diying elimden gelenini ederin nesip bolsa

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gulup hezil etdim:)"
  • Gulnara 1 telpek goyyar we yazyar: "Ata aganyn yerine."

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Gorkmasana dost :) Adam ogly

Gorkmasana dost :) Adam ogly hemme zada owrenisyar. Sotanlik bolsun demokratiya bolsun tapawudy yok ;)

Beh... sallahlyk - soltanlyk

Beh... sallahlyk - soltanlyk diýýänler türkmenler däldir, gowja seret! :D
Türkmenler öýlenensoňam soltan bolýalar! Azyndan öň şeýledi. Muny aýdanlar heleýguly bolmasynlar?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "ha-ha=> +1 :))"

...

soz turklering sozu. yone menem gollaman duramok. sebabi dash toweregimdakileri gorip diyyan.
bilki bayram sen dogry diyyang. yone intagem rol chalishanlar kan. meselem ari oyde ayali ishe gityar.. :)
yone gechen TM gidemde gormdik eshitmedik zadim galmadi menga. 12 yil ongki turkmencilik yok galmandir bizing obamizdara..
bilemok bashga yerde nahili?

ÇANG ÇIN ÇONG VANCING HONG

Bashga yerler onkisi

Bashga yerler onkisi yalydyr gaygy etme:))Hemme zat agzybirlikde chozulyar dostjan, syyasat bn chozyanleri goryasle bashga yerlerde...Shonun uchin soygi, mahir we agzybirlik....Shonda oz ounden hanam sen bolarsyn, soltanam oyunde...:)))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "tejribe no-1 :)"

Ay yoklay gardash...

Ay yoklay gardash... Sallahlyk soltanyk daldir :) Bolsa-da hokmurowanlygy gaty dar soltanlykdyr ! :)
Ol bir yone sallah oglanlaryn aydayan zady bolmaly. Oylenenson soltanlyk has hem gineyar :)

Yene-de islan zadyny edip, islan zadyny iyip islan yerinde gezip bolyar :)

Shonun uchin gaygy etme...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "tejribe no-2 :))"

busa, sheyle kyndymy

busa, sheyle kyndymy mowzugyn adyny turkmenche yazmak ?? Bolyar, terjime edeninde manysyny yitiryan zat yazsan, yone 1'je setir itin ansady 1 turkche sozlemi, onda-da mowzugyn adynda yazmak nama gerek ??

Onem aydypdyk, terjime dip bolyan zatlary TERJIME EDIN, ya-da mowzugyn adynda mowzugyn gysgacha mazmunyny dushundiryan turkmenche zat yazyp, ichinde "turkler ey diyyar, bey diyyar" yaly yazyn. Turkche bilmeyanler name etmeli how ?? Garaz, turkmen dilinde yazmak politikasyna uns berin, son filter'lense aytmady diyman!

Heley gulı!

Men heley gulı düşüncesine goşulammok..Heleyin gulı bolmak ,öz öyün gulı bolmak diymekdir..heleyin erbet zat islanoğa..idap dursa,sorap dursa erbet mi..Ol hem maşgalanın dikelmeğini isleyar.çökmeğini dal.Şonun üçin heley gulı bolmak islemeyanler biderek öylenip yörmesin..barı yoğı 1 yıla yetman ayrılşarsın...Yöne heleyin hem seni sılamalı,ol hem geplecek yerini bilmeli..Kararları bereninde maslahat almalı,yöne kararı erkek bermeli..

Onsonam daşari işler ministiri erkek,içeri işler ministiri yan yoldaşın bolyandır..Hemmer yerde şeyle.. :)) yalnış bolsa aydın :D

LOL

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

brave wrote: Heleyin gulı

brave wrote:

Heleyin gulı bolmak ,öz öyün gulı bolmak diymekdir..

Hmm...Nireden gelen "diymekdir" bu ?? Heleyin name oyunmi ?? Ya oyune bolan gatnashygyn, heleyin bilen gutaryarmy ?? "Heleyguly" sozunin niresinde "ayalyny, oyuni govy goryan" adam diyen dushunjani goryan ?? Ol soz heleyinin gepinden chykman, gel diyse gelip, git diyse gidip yorenlere, ozunden has kop on pikirine boyun bolyanlara diyilyar. Herkim govy zat islap biler, yone ol islegi dashyna chykaryan zat hereketlerdir, we dogry kararlardyr, we her govy niyetli ayal, govy zatlar edyandir oytmek yalnysh. 1 yil dagy diyip yorenini nireden aldynay ?? Statistika ??

Ne erkek heleyguly bolsun, ne-de ayal erkegin guly, hersinin oz yeri bar, shona gora-de sypatlar !

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "in sonky sozlem uchin!"
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "mendenem"

Mergen brave yokarda

Mergen brave yokarda heleyguly sozuni bashga manyda ulanan yaly bolupdyr.Sen aydyshyn dogry, egerde heleygulylyk ayalynyn gepinden chykman, ejesi, kakasy, doganlarynyn garshysyna gitmek bolsa onda bu gowy zat dal...Egerde heleygulylyk ayalyn gepinden chykman dalde, tersine oz bashtutanlygyny gorkezip , yone shuna garamazdan gerek yerinde ona komek etmek bolsa, muna gap-chanak yuwma, oy supurme, chagana suyt tayyarlama yaly barkije zatlary ele alyp pikir edip bilersin, onda bashgacha...

Quote:

Ne erkek heleyguly bolsun, ne-de ayal erkegin guly, hersinin oz yeri bar, shona gora-de sypatlar !

Bu diyenine goshulyan, yone mashgalada esasy zat shol sypatlary bir yere getirip, iki ayry sypatdan bir sypat emele getirip bagtly durmush gechirmek, gerek yerinde ayalam erkegem yza chekilmani bilip, ay men bolshum shuda men uytgemeyan sozunin deregine, her eden ishini bagtyn, ayalyn we chagalaryn uchin etmegi pikirlenmeli...Dowledimizi nahili beyleki dowletler bn den dereja getireris manysynda kop yazyldy, mashgala dowledin funamendidir...Birazajyk bashga yerlere gitdi oydyan bagyshlarsyn::))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Resul, her soz her

Resul, her soz her islan manynda ulanylanok, t.e. islan tarapyna chekip, shu manyda diymek, uytgeshik sozlerin bar bolush sebabine garshy chykyar. Yagny, ayalyny govy goryan, oyi barada alada edyan adamlar uchin "heleyguly"-dan bashga sypat gapyshypdyrmy ?? Heleyguly sozi bolsa, goni kellane gelishi yaly, "heleyinin guly" sozlerinden gelip chykyar, a "gul"-da erk we ygtyyar bolanok, ol shol ozune buyrulanyny edip, gel diyilse gelip, git diyilse gidip, illerin beren karary bilen bolup yoren zat...Onson, shun yaly oz erki oz elinde dal erkekdenem bir "idili" erkek bolarmy ?? Oyde oglanlar shondan erkek terbiyesini, "mertebe" yaly zatlary owrenip bilerlermi ?? Sena chaga erkegin oydaki yerini, ahmiyetini dushundir, sonam gelsinde ayalyn "Sachygy getir men nahary guyyancham, bol basym ozunem" diyip goybersin...Ya-da sesini gataldyp, senden galman sanashsyn we sen bu yagdaya OK gozi bilen seret...Ynha, shu zatlary edyan erkeklere heleyguly diyilyar, dineje oyuni/ayalyny govy goryanlere dal!

Mashgalada 2 sypatdan 1 sypat yasamaly diyyanine-de goshulamok. Gerek yerinde kompromis tapmaly, yza 1 adim atmeli bolsa, onam atmeli, yone "gerek yerinde" sozuni bashdan govyja kesgitlemeli, yogsa heleyguly bolaymagyn gaty ahmal !! Her kim ozune mahsus sypatlary saklamaly, t.e. bu meselede men goryan tapavudym, "assimilate" bilen "integrate" sozlerinin tapavudy yaly. Herkim oz ichki "men"-ini bilmeli, yone has uly govylyk bolan mashgala uchin, kabir 2-nji plandaky endiklerinden zatdan gechip bilmeli!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Reschik 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mergen yokarda dogry

Mergen yokarda dogry zatlary yazypsyn heleygulylyk barada.Yone mashgalanyn ichinde bolyan waka dashyna bolshy yaly gorunman bilyar.Adamlar dshardan seredende adamsy ayalyndan pesde duran yaly goruner, yone bu oz ara galynan mahaly beyle daldir menche.Bu tersi yagdaydan has gowumyka diyyan...
Yene bir yagday, eger bu heleygulylyk bolyan bolsa shu yagdayda shonam bolmaly bolyar erkek, hachanda ayaly artikmach hereket edip bilmejek derejede yaramayan bolsa, we oyde bashga adam yok bolsa.Yone sen dogry aydan zadyn, erkek komek eden yagdayyndada ayaly uslybyny dogry saylamaly, erkegin gururyny kirmamali...Esasanam kopchilikde...
Men 2 sypatdan 1 sypat yasamaly diymegimin sebabi, elbetde kiminki dogry bolsa yza onun chekilmeli daldigi belli zat. Yone hemme zady hosh soz, soygi bn pikirlenip, akyllyja bolup dushunshmek. Her ikiside ozborjuny yerine yetirmeli, birinin agsaklan yerinde beylekem komek edmani basharmali...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Men yokarda "ayalyn etmeli

Men yokarda "ayalyn etmeli ishlerini erkek edyan bolsa, yagday nahili bolayanda-da ol heleyguly bolyar" diyip yazmadym ! Yagny, ayalyn yaramayan bolsa hyzmat etmek, eyle-beyle zatlar barada gidenok gurrun. Gurrun mashgala uchin mohum bolan kararlarda nokady ozun goyup bilmek, otyrlary ayalyn bilen bile goysanam. Umuman, gurrun erkegin muzzerilip, her yerde "Heleybay, senki dogry" diyip yormezligi bilen baglanyshykly zat, yone tersini, yagny "ayalyny dinlemesin, mashgala degisli kararlary ozi bersin, ayaly oljek bolup yatsa-da hyzmat etmesin" dagy diyyan hem yok, bashyna dushse munam etmeli, ozem minnetsiz !

ha-ha, bu blog maňa

ha-ha, bu blog maňa göräräk-maý :)
Men bu babatda Baýramyň ýazanyna goşulýan, umuman :)

Hz.Ömer (r.a.) bn baglanşykly degişliräk 1 mysal bardy, bärä-de goýaýaýyn:

http://www.tmolympiad.org/?q=node/1657

Sahabalardan biri oz yanyoldashy(ayaly)ndan shikayatcy hokmunde Yslamiyetin 2-nji halypasy bolan Hz,Omerin (radiallahu anh=Alla ondan razy bolsun!) oyune gidyar. Ol onun oyune golaylashanda Hz.Omere ayalynyn gygyryp duranyny eshidyar. Azryak garashyar, belki yalnyshlyk bardyr, derrew gutarar diyip, yone gysga wagtda dynmanson ol oz-ozune:
-Bah, uly halypa halyna Hz.Omer hem ayalyndan gorkyan bolsa, onda menin ona oz yanyoldshymy shikayat edip oturmagyma geregem yok - diyip yzyna owrulyar we oyunin yoluny tutyar. Shol wagt hem Hz.Omer dasharyk cykyar we ona:
-Ey, pylany, sen name ucin bu yere geldin!? - diyip sorayar. Shonda ol:
-Yanyoldashym mana "Bir say sebap bn" yrsarady, kop inirdedi, shony sana shikayat etmage gelyardim, yone goryan welin, sen hem yanyoldashyndan gorkayn bolara cemeli, ondan soz eshidenini eshidip, men-a yza gaytmak bn boldum - diyipdir. Shonda Hz.Omer:
-Ey, pylany! Men yanyoldashymdan soz eshitdim, ol dogrudyr. Yone onun sebabi senin bilshin yaly dal, onun sebabi yanyoldashlarymyz gunuzyn:
-cagalara seredyarler;
-eshik yuwyarlar;
-mal-gara seredyarler;
-nahar bishiryarler;
-mellege seredyarler;
-oy-icerileri tamizleyarler we sh.m. zatlary yerine yetirip, halys yadayarlar, shol sebapden hem men yanyoldashymyn mana aydyan zatlaryny, derdinishini oran adaty kabul edyarin we men hem onun yanyoldashy hokmunde onun dertlerine shariklik we komek edyarin, in azyndan onun dertlerini dinlap, ona gowundeshlik edyarin we gowunlik beryarin - diyen manyda jogap beryar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Söygi diydiler, sallahlyk

Söygi diydiler, sallahlyk diydiler, gowy diydiler erbet diydiler.. oyun oyun çyn çyn.. mesele yene şol önki Göleli gürrüne geldi öydyan. We, öylenmage tayynlanyan yaşlara (:P) maslahatlarymy şu yere yazmagy hem de size yetirmegi makul bildim. Yazanlarym şahsy düşünjeler dal de köp terapistinem goldajak maslahatlarydyr(maglumatlarydyr:). Entagem siz şansly nesillerden.. sebabi.. Bizin wagtymyzda bu mowzuklar (meseleler) hakynda kan gürün edilmezdi, pikirem alyşylmazdy. Öyli işikli , yetişen agalaram köplenç toy etmekden has möhüm hem de ahmiyetli işler barada bellap geçerlerdi emma şu mesela gelenlerinde dymarlardy. Dini jurnallarda da yer berilmezdi bu gürrünlere, yaşlaryn ünsi sowulmasyn diyip. . Yagday şeyle bolanson öz aramyzda gepleşerdik pyşyrdaşyp.
“ Ba.. Öylenaysekmikagay? Nahileginden alsakkak:P?!”
“ Birin-a heni göwnüm yetyar welin egilip bileno ga :P.. problema bolayarmyka ? nahili borka?”
“Ulylarymyn(eje kaka aga..) tapjak gyzy bilen öylenaysem bagtly bolayarmykam ? nenen göryan?”
We ş.m . çykalgasyz yagdaylara duçar bolmayadynyz da inş.Zamanamyzda bu zatlar hakynda arkayyn gürün edilyar barybir.. Dogry karar bermekde yazjaklarymyn peydasy degse menden bagtyyar adam yok..
başladyk..:D

1. ÖYLENMEK HÖKMANY

1. ÖYLENMEK HÖKMANY MY?
Hiç kim Robinson Crusoe dal elbetde.. :P Şolam bir dost tapan mahaly begenjinden uçayjak bolyady.. Yeke yalnyz bolsa da dünyanin in bagtyyar we bagtly adamy bolan hatda göniden göni Rabbi bilen habarlaşyp bilyan Pygamberimiz (asm) hem, kawagt maşgalasyna “ Ey Aişe, gepleş menin bilen!” diyyan ekeni, kitaplar şeyle habar beryar. Gepleşmek, paylaşmak hem de kömekleşmek - bu kyn dünya yeke yalnyz gelen adamyn belki de in uly mataçligidir.
Asyryn eyesi şeyle diyyar .. “İnsanın en fazla ihtiyacını tatmin eden, kalbine mukabil (garşylyk) bir kalbin mevcut bulunmasıdır ki, her iki taraf sevgilerini, aşklarını, şevklerini mübadele etsinler (paylaşsynlar)ve lezaizde (owadan zatlarda) birbirine ortak, gam ve kederli şeylerde de yekdiğerine muavin ve yardımcı olsunlar.”
“Evet, bir işte mütehayyir (hayranlyk ya da alada içinde) kalan veya bir şeye dalarak tefekkür eden adam, velev zihnen olsun (hyyalynda da bolsa) ister ki, birisi gelsin, kendisiyle o hayreti, o tefekkürü paylaşsın.”
“Kalplerin en latifi (duygydaşy), en şefiki (şepagatlysy), ‘kısm-ı sani’ (beyleki yarysy) ile tabir edilen kadın kalbidir.”
(Bulary zordan tapdym terjime edip bilmedim.. ötünç sorayan.. )
Galyberse de öylenmek (çykmak), durmuşyn çynlakay kanunlary bolup durman eysem, adamoglynyn in esasy mataçliklerini (eklenmek, iymitlenmek ya da köpelmek) yerine yetiryan gurama bolany üçin ikuçsyz her asyrda , her medeniyetde öran eziz tutulypdyr, hökmany yaly görülipdir, hatda mukaddes hasaplanypdyr. Gaytam tersine , in köp şikayat edilyan guramadyr diysenizem bolar.. :D Problemaly, işleri ugrukmayan, yaşlygynda ideallaryna gowuşyp bilmedik kişiler, köplenç maşgalalaryndan zeyrenyandirler. Hamana sallah wagty şeyle bagtly yaly.. hamana sallah yaşasa ideallaryna gowuşjak yaly..Hem öylenerler hemem zeyrenerlerler hemem öylenmegi goybolsun etmezler.. Bar bolan zadam yaş sallahlara bolya.. Kelleler bulam bujar bolya …
“ Ba.. Öylenmaysekmikagay?” ..
In gawysy siz olara üns berman..:d hatda mana da üns berman.. kawagt menem “ Çykmadyk gyz yarymdyr, çykanda tamam bolar… Sallah erkek yarymdyr, öylense wapşe (bolar)biter” yaly oyun edyan emma çöp döwen yaly bilyan hemem açaçan göryan .. Olam şu.. Köp adam name döreden bolsa öylenenden son döredipdir.. kawagt öz dostlaryma sorayan.. “nahili ?”diyip “ edil şu wagta gowy..” diyip gülyaler.. :D kabirem bolsa işsiz , başyboş gaygyly gezip yör.. “ Ay, natjek?! Nam bolar öydyan? Döwür şeyle döwür ..” diyip jogap beryaler..
Garaz Asryn eyesi “ Bekarlyk, bikarlaryn karydyr” diyya.. “Sallahlyk, işsizlerin peydasydyr. “ menem şo söze goşulyan.. Aslynda sallahlyk , durmuşda eklenji bolmadyklaryn işidir.. we şo awtor yene şeyle bellap geçyar.. “ Sallah erkek – üçden iki bölegi erkek, üçden bir bölegi çagadyr. Durmuşa çykmadyk zenan – üçden iki bölegi zenan, üçden bir bölegi erkekdir.” Yagny erkeklerin betçilikden halas bolmaklary, zenanlaryn bolsa hasiyetlerini (kişiliklerini) yerli yerine ornaşdyrmagy üçin hökmany suratda toy etmelidirler.
Hmmm.. öylenjek (çykjak) adamynyzy nadip saylamaly?

----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

Wepa, "asryn eyesi" kim

Wepa, "asryn eyesi" kim bolmaly?

2. ILKI NAME ISLEYANIZI

2. ILKI NAME ISLEYANIZI KESGITLAN
Hemmamize malim bolşy yaly “ name iş tapsam edyan, agam(braşka:)“ diyyan adamyn , onat hem de aylykly iş tapmagy gaty kyndyr. Hatda iş tapmaz diysegem bolar. Emma welin , şol adam nahili iş isleyanini kesgitlese we bellese, gözleyan zadyny bilyanligi üçin arkayyn iş tapmagy mümkin. Öylenmek ya da çykmak üçinem yagdaylar şeyledir. Nahili adam bilen goş birikdirmek isleyanini kesgitlemek(kararyny bermek) diymek – yolun yarsyny geçdik diymek. Emma munun üçinem elbetde öz kişiliginizi, gönükmelerizi, mataçliklerinizi kesgitlemek gerek. Yagny ilki bilen özümizi tanamaly.
İkiçak gatnaşyklarda , maşgala durmuşynda sizin üçin möhüm zat name? bagt my, paylaşmakmy, goltgymy (goldaw) heyejanmy, ya da ynammy? Şo bolmasa bolanok diyyan ilkinji kriterleriniz ya da hiç hili kabul edip bilmejek zatlarynyz name? Bularyn adyny dogry goymaly. In az 10 (on:) sözlem bilen mataçliklerinizi, garaşyan zatlarynyzy, şertlerinizi setere düzün. Elinizde hem de yadynyzda .. bir yerlerde bolsun.. Elbetde bulary yazyarkanyz gaty maydaçyl hem bolman.. (abartmayın:)
Yene biri dostuna soraya diyya:
- Öylenenokmy?
- Şertlerim gabat gelse öylenjek..
- Nahili zat isleyan?
- Owadan bolsun, akylly bolsun, asylly (dindar) bolsun, bay bolsun, medeniyetli bolsun, şepagatly(mylayym) bolsun, agras bolsun, söz dinleyan (itaatli) bolsun birem alçak (waşi- esprili) bolsun..
- O how agam.. Birden kan ayal almak gadagan indi!..:D
Anekdot .. Emma yokardaky maslahatymy unutman.. Name isleyaninizi hökman kesgitlan.. In az 10 sözlem..:P

----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

3. İDEAL TAYDAN MENZEŞLİK

3. İDEAL TAYDAN MENZEŞLİK HÖKMANY, EMMA YETERLİK DAL
Durmuş yoldaşyny saylayarkan in bir esasy üns bermeli kriterlerin başynda ideal birligi gelyar. Bu durmuşda bile yaşajak adamynyzyn bu dünyani nahili göz bilen göryani, maksadynyn namedigi ve deger berme düşünjeleri, in köp pikir yöredip kelle döwmeli mowzuklardyr.
Durmuş, lezzetin yzynda, rahatlyk içinde yaşalmalymy ya da ideallaryn yzynda, gerek yerinde hiç zady hem ayaman(gaygyrman) yaşalmalymy?
Gazanylan pul has onat yaşamak üçin sowulmalymy ya da o gazanç hayyr sahawat yollaryna sarp edilmeli? Çaga bolanson, çaga haysy prensiplere göra yetişdirilmeli, ona kim edep terbiye bermeli? Sosial durmuşda kimler bilen nahili gatnaşylmaly? Şunun esasy saylawlarda pikirdeş bolmak bagtly bir ojak gurmak üçin öran möhümdir.
Öz durmuşynyzy bile bile ayamajak (hiç zady gaygyrmajak) ideallarynyzy gelniniz yarym yalta dinleyan bolsa, her setirini jikme jik okap onun bilen amal etjek bolyan kitaplarynyzy gelniniz dinleyarka irkilyan bolsa, siz thccd’e oyanyan mahalynyz gelniniz yssynam eda etman yatyan bolsa, onda bu ojakda ola söygi ekeni , birek birege hormatam galmaz..
Tasin bir yazgy okapdym... “ Öylenende bagtyn şertleri name ?” soragyna her iki jynsynam beren jogaby hatda birinjisi “ ideal menzeşligi (birligi)” ekeni.. (beyleki ikisem söygi we şehwetde ylalaşyk ekeni) ..
Şo sebaplem öylenmekçi bolyan adamynyzda ilkinji üns bermeli zadynyz menzeş ideal paylaşyp paylaşmayanyzdyr. Yagny sizin yolunyzda size “yoldaşam “ bolup bilmelidir maşgalanyz...
“ Şu wagtlykça isleyşim yaly dal, emma ilerde düzeler” diyibem özünizi aldaman. Ayatyn beryan sapagyny yatlap geçelin. “ Sen söyyanini hidayet edip bilmersin, dine Alla islanine hidayet eder” Üytgar diyen düşünjanizi goldayan (tassyklayan) garantiyanyz barmy? Ya da ol garantiya berip bilyar mi? Ya da siz aşa kumar(ya da şeşepeş) oynamagy gowy göryanizmi? Ya da howpy halayanyzmy?

----------------------------------------------------
Başa iş düşende hasratam gerek!
Yöne olam gerek öz çeni bilen!
Öz ilin hasratyn çekenin daldir,
Öz derdine aglap geçenin bilen!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gulnara 1 telpek goyyar we yazyar: "Ata aganyn deregine."

yene yetişenimden terjime

yene yetişenimden terjime etjek bolaryn:D.. yazanlarymyn köpüsi terjime..:D dilegde bolun..:D yzy bardyr..
onam yetirip yazgynyn sonyny tamamlaryn:Dnesip bolsa saglygynyz..:D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

meň ýerime-de biri

meň ýerime-de biri telpek(ler) berer diýip umyt edýärin saňa, Wepa :)
Daş edip terjime edipsiň. Örän peýdaly maglumatlar! Dowamyna garaşýas!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gulnara 1 telpek goyyar we yazyar: "Ana men berdim Ata aga."

sallahlyk soltanlyk dal

sallahlyk soltanlyk dal ekenlay musurlyk ekeni:))))))
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Maksat soygi ugrunda olmek

Maksat soygi ugrunda olmek dal
Ugrunda olunjek soygini tapmakdyr