Turkmenhh'den alynan makalalar !

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Ekin Tymsaly
(bu makala www_turkmenhh.org websityndan alyndy)

Köp halaýyk üýşüp, her şäherden Isanyň ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrüň berdi: “Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň ýakasyna düşýär, olar depelenýär we guşlar gelip, olary çokalaýarlar. Birnäçesi hem daşlyga düşüp, gögeren badyna guraýar. Çünki yzgar ýok eken. Birnäçesi tikenleriň arasyna düşýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar. Birnäçesi-de gowy ýere düşensoň, gögerip, ýüz esse hasyl berýär.” Bulary aýdansoň: “Gulagy barlar eşitsin!” diýip gygyrdy. Şägirtleri Ondan: “Bu tymsalyň manysy näme? Näme üçin olara tymsallar arkaly gürrüň berýärsiň?”diýip soradylar. Ol şeýle diýdi: “Gögüň Patyşalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar. Meniň olara tymsallar bermegimiň sebäbi şu. Çünki gözläp görmeýärler, diňläp eşitmeýärler, düşünmeýärler. Işaýa pygamberiň aýdan öň welilik sözleri olarda ýerine ýetýär: “Gulagyňyz bilen eşidip, düşünmersiňiz; Gözleriňiz bilen gözläp, görmersiňiz; Çünki bu halkyň ýüregi gatady, Gulagy agraldy, Gözlerini-de ýumdylar. Beýle bolmadyk bolsady, Gözleri bilen görüp, Gulaklary bilen eşidip, Ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim”. Siziň gözleriňiz ne bagtly, çünki olar görýär, gulaklaryňyz ne bagtly, çünki olar eşidýär. Size dogrusyny aýdýaryn, köp pygamberler, dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýöne eşitmediler. Indi daýhan hakdaky tymsalyň manysy şeýle: Tohum Hudaýyň Sözüdir. Ýoluň ýakasyna düşen däneler sözi eşidýän adamlary aňladýar. Ýöne olar oňa düşünmäninde, gutulmazlyklary üçin şeýtan olaryň kalbyndan sözi sogrup alar. Daşlyk ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde şatlyk bilen kabul edýän adamlary aňladýar. Ýöne olar kökleriniň ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty ýagny bu söz üçin muşakgat ýada yzarlama bolanda imandan dänýärler. Tikenler arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänleri aňladýar, ýöne bu ýaşaýşyň gaýgylary, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bermeýärler. Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar. Olaryü käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri-de otuz esse hasyl getirýär”

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hemme pigamberlerem

Hemme pigamberlerem gelenlerinde halk olara garsi cikipdir, her hili musakgatlar beripdirler. Emma Allanyn ilcileri oz ilciliginden danmandirler. Hatda kabir pigamberler yzynda hic hili ynanyan ymmat goyup bilman gidipdirler. Mun manysy Kuran-i Kerim de acik aydilyar. Hidayat Allanyn elindedir. Eger Alla islemese sen nace dyrjassanam olary ynandyryp bilmersin. Men su yagdayda Kuraysh yali tazelige yapik, kone daplerine bagli taypany yola salanlygy ucin Hz. Muhammedin eden islerine hayran galyan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bu tymsal pygamberler barada

Bu tymsal pygamberler barada dal, Hudaýyň sözüni, ýagny HOş habaryny eşidýän her bir ynsan barada gidyýar! Alla her bir ynsanyň iman etmegini isleýär, emma bu islege jogap bermek bolsa ynsanyň saýlamaly çözgüdi! Ýokardaky tymsaly ýene bir gezek okap bu barada oýlansaň we Hudaýyň Hoş Habaryna iman etseň sen hem şol bagtly saýylanlaryň arasynda bolardyň!:)

Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşyşyk…

Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşyşyk…
(bu makala www-turkmenhh.org websahypadan alyndy)

Iýerusalim şäheri gyzgalaňly şäherleriň biridi. Günde ol ýere gelip gidýänleriň sany müňlerçedi. Ol döwürde Iýerusalim biziň döwrümiziň iň gyzgalaňly şäherleri ýalydy. Ýeriň dürli künjeklerinden ol ýere adamlar gelerdi. Bu şäher şol döwrüň söwda merkezidi. Biziň döwrümizdäki ýaly otaýdaky adamlar hem gündelik aladalary bilen, arzuwlary we kynçylyklary bilen ýaşaýardylar. Ýene bir bellemeli zat Iýerusalimiň mukaddes şäherdigidir. Çünki, otaýda diri Biribar Hudaý diýip tanalýana ybadathana gurlupdy we ol ýere Biribara sežde etmäge-de dürli obalardan we şäherlerden adamlar gelerdi.

Mundan başgada, Iýerusalim birhudaýlyk ylahyýet taglymatynyň merkezi hem bolup durýardy. Ol ýerde şol döwürde belli bolan ylahy mekdepleri bardy, alymlary ýaşardylar we olaryň köpüsi durmuşynyň köp wagtyny Hudaýyň Kitaplary bolan Töwrat, pygamberler ýazgylaryny, Zebur ýaly kitaplary gije-gündiz öwrenip,olary başgalara öwrederdiler. Olar bu kitaplary göçürmek, originaly we göçürilen täze nusgalary saklamak, olary goramak bilen meşgullanardylar. Ol alymlar iki topara bölünerdiler, olaryň birine “fariseýler” beýlekisine hem “sadukeýler” diýip at bererdiler.

Iki müň ýyl mundan ozal şol şäherde Nikodimos atly fariseý başlyklaryndan bolan dini mugallym bardy. Nikodimus Iýerusalimde bolup geçýän wakalardyr täzeliklerdir bilen gaty ýakyndan gyzyklanardy. Gününiň köp wagtyny Hudaýyň kitaplaryny öwrenmek bilen geçirerdi, Sabat günlerinde ýahudylar ybadat etmäge ybadathana barardylar we otaýda Hudaýyň sözüni wagyz ederdiler, wagyz diňlärdiler. Nikodimos hem otaýa baryp Hudaýyň sözüni wagyz ederdi.

Ol günlerde Nasyra şäherinden bolan bir gudratly täze mugallymyň obalara we şäherlere aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny aýdyp, uly gudratlar we alamatlar bilen wagyz edýändigi baradaky habar hemme ýere ýaýrapdy. Köp adamlar Ol dünýäni halas etjek Halasgär Mesihmiş diýip hem gürrüň edýärdiler. Ol baradaky habarlar Nikodimosyň hem gulagyna gelip ýetipdi…

Nikodimos dini däp-dessurlary ýerine ýetirmäge näçe çalyşsa-da, ylahy kitaplary gowy bilse-de, içinde diri Hudaý bilen aragatnaşyk ýokdy:« Hudaý meni kabul edermikä, onuň Öňünde meniň dogrulygym ýeterlikmikä, näme üçin Ol menden şeýle uzakda ýaly görünýär?…» diýip hemişe oýlanardy.

Bü gün bolsa günüň jöwzasy düýnkiden hem has ýandyryp barýardy. Nikodimos bolsa jaýyň içinde ol jöwzadan goranmak üçin we günortan naharyny iýmäge maşgalasy bilen oturypdy. Birdenkä, şäheriň merkezine öz işi bilen giden uly ogly jaýa girip, kakasy, ejesi we beýleki öýdäki doganlary bilen hal-ahwal soraşyp, şäherde bolan bir, öň eşidilmedik habary aýtmaga gyssandy: “ Bu gün men Süleýmänyň Hudaý üçin salan Mukaddes Ybadathanasynyň daşky howlusyndaky bazara öýe gerek zat almak üçin barypdym, “öňler otaýy bazar däldi…” diýip babam dagy aýdardylar, men hem onuň ybadathana bolsa näme üçin bazara dönderendiklerine birhili bolýardym, ybadathana Hudaýa ybadat edip sežde etmeli ýer dälmi eýsem diýip oýlanardym, emma beýlekiler ýaly men hem hiç bir sesimi çykarmaga welin milt etmezdim, bu gün bolsa gaty haýran galdyryjy biri we erk-ygtyýarly gürleýän biri ýüpden bir dürre örüp, goýunlardyr sygyrlary bilen birlikde baryny ybadathanadan kowdy, pul çalyşýanlaryň pullaryny dökdi, öňlerindäki tekjelerini ýykdy…olara “Bulary bu ýerden aýryň, Atamyň öýüni dükäna öwürmäň…diýdi. Bazarda uly galagolplyk döredi. Ýanymdakylaryň käbiri: “Bu Isa Mesih, ynsanlaryň Halasgäri…”diýişdiler. Hemmeler bu Adama haýran galdylar.. Olaryň köpüsi Oňa gaharlanyp: “Sen şeýle etmäge ygtyýaryň barlygyny bize näme alamat görkezersiň”diýip soradylar. Isa olara: “Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin” diýip jogap berdi.

Men bu Adamyň edenlerine we sözlerine gaty haýran galdym, meniň kalbymda birzatlar bolup geçýärdi we men Oňa ýanynda galmak isledim…

“Kaka, ol hakykatdan hem biziň halkymyzyň garaşýan Halasgäri Mesihmikä?” Nikodimos: “Mesihiň geljekdigni Hudaýyň pygamberleriniň köpüsi (ýüzlerçeden hem köp) ençeme gezek pygamberlik edipdirler. Mesihiň geljekdigine biz garaşýarys. Emma Onuň Mesihdigini men şu wagt bilemok…”diýip ogluna jogap gaýtardy-da, içinden: «Men hökman Ony görmeli we Onuň kimdigine özüm göz ýetirmeli …emma muny ybadathana ýolbaşçylary bilse…maňa gaharlanarlar, meni ybadathanamdan kowarlar…dinini satan diýerler-ä…» diýip içinden oýlandy. “Nätsemkäm… men Onuň bu gün bolýan ýerini bileýin…soňra bir gün gijäň içinde hiç kime bildirmän, Onuň ýanyna bararyn we Ondan soramaly zatlarymy soraryn…ybadathananyň golaýynda ýaşaýan, hemme zatdan habarly bolýan dostumam bar, ol maňa kömek eder” diýip içinden pikirlenmegini dowam etdirdi.

Bu habary eşidip, Mesih diýilýäniň şäherdedigini bilen Nikodimos oturyp bilmän, öýlän onuň bolýan ýerini bilmek üçin şäher merkezine ugrady. Nikodimosyň şäher merkezinde ýaşaýan, hemişe-de oňa ýakyn bolan we hiç wagt ony ýazgarmaýan, hemişe köp zatdan habarly bolan dosty ýaşaýardy. Nikodimos şol dostunyň öýüne tarap atyna münüp ýola düşdi…

Nikodimos dostuny öýünde tapanyna gaty hoşal boldy. Dosty hem onuň gelenine begendi, çünki ol hem şäherde bolan haýran galdyryjy waka barada dosty bilen gürleşmäge garaşypdy. Olar özaralarynda, bu günki bolanlar barada we ondan başga-da bu Isa atly mugallymyň at-owazasynyň dürli ýerlere ýaýrandygy, Onuň şeýle bir erk-ygtyýar bilen Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýändigi, alamatlar, mugjyzalar görkezýändigi, syrkawlara gudrat bilen şypa berýändigi, hatda jynlary hem kowýandygy we başga-da kän zatlar barada Nikodimos dosty bilen gürrüň etdiler. Ol Isa baradaky bu gürrüňleri eşidip, öýünde:«Gije gizlin baryp, Ony görerin…»diýen maksady ýüregine düwdi. Dosty gürrüň edip bolandan: “Dostjan, sen Isanyň nirede bolýandygyny bilýärmisiň?” diýip sorady. Dosty bolsa, şeýle dindar mugallymyň näme üçin Isanyň bolýan ýerini soraýandygyna düşünmäge çalyşdy ,ýöne düşünmedi. Nikodimos bolsa özüniň pikiriniň duýulmagyndan heder edip: “aý neme-dä… biz tarapdaky ruhanylar bu hakynda bilmek isledilerdä…”diýip howatyrlandy. Dosty: “Men Onuň nirede bolýandygyny bilýän…”diýip Nikodimosa Isanyň bolýan jaýyny salgy berdi. Nikodimos muňa içinden şeýle bir begense-de, dostuna bildirmejek boldy. “Meniň şäherde başga-da işim bar…”diýip, gaýtmak bilen boldy. Dosty: “Nikodimos, garaňky-da düşüp barýar, bizde galyp, ertir öýüňize gaýdarsyňda.. diýip, ýatarlaýyn galmaga Nikodimosy yrmaga çalyşdy…. Munuň sebäbi — ol Nikodimos bilen Hudaýyň kitaplaryndaky Mesihiň gelmegi baradaky pygamberlikler barada çekeleşmegi gowy görerdi…” Nikodimos bolsa öýüne barmalydygyny nygtap, dosty bilen hoşlaşdy.

Köçä çykanda gije garaňkyrapdy, köçede käbir adamlar bardy. Nikodimos öýüne tarap köçä ugramakçy boldy, ýöne: “Içindäki Isany görüp ol bilen gürleşmek islegi şeýle bir güýçli bolansoň, bu gijäni başga bir gijä goýup bilmeýärdi. Ol atyny yzyna dolady-da, dostunyň salgy beren jaýyna tarap ugrady. Nikodimos Isanyň bolýan jaýyna ýakynlaşdygyça, eýläk-beýläk garanjaklaýardy, “meni tanaýan ruhanylardan ýa-da başlyklardan hiç kim göräýmesin” diýip içini gepledýärdi. Ine, ol şol salgy berlen jaýa ýakyn ýetip geldi. Ol atyny bir garaňkylykda, agaja daňdy-da, ýuwaşja ýöräp jaýyň gapysynyň agzyna geldi. Gapyny kakanda, öý eýesi gapyny açyp Nikodimosdan habar sorady, şeýle başlyk bolan fariseý mugallymyň Isany görmäge gelenine haýran bolan öý eýesi ony Isanyň bolýan jaýyna geçirdi. Nikodimos Isany görende aljyraňňydy…,ýöne otaga girip Isanyň huzyryna gelende, oňa şeýle bir dynçlyk aralaşyp, Nikodimosyň kalby şeýle bir rahatlandy welin, ol beýle duýguny hiç haçan başdan geçirmändi. Isa Nikodimosy gaty hoş garşylady we hal-ahwal sorap Nikodimos bilen tanyşdy we gürrüň etmäge başlady. Nikodimos Isa şeýle diýip ýüzlendi: “Mugallym, biz Seniň Hudaýdan gelen bir Mugallymdygyňy bilýäris, çünki Hudaý özi bilen bolmasa, hiç kim Seniň görkezen alamatlaryňy görkezip bilmez”. Isa bolsa Nikodimosyň näme gözleýändigini, Hudaýyň patyşalygyna girmäge men mynasypmy… men nädip muny başararyn… meniň eden işlerim ýeterlikmikä…”diýip içinden beren soraglaryny bilýärdi. Bu sebäpden, Isa gös-göni Nikodimosyň kalbyndaky bar soraglara jogap bermäge başlady. Isa oňa: “Hakykatdan-da saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez”diýip jogap berdi. Nikodimos bu jogaba aňk-taňk boldy-da, Oňa: “Garran adam gaýtadan nähili doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip doglup bilermi?” diýdi. Isa mylakatlylyk bilen şeýle jogap berdi: “Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, suwdan we ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez. Bedenden doglan bedendir, ruhdan doglan ruhdur. Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma. Ýel islän ýerinde öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Ruhdan doglanlaryň ählisi hem şeýledir.” Nikodimos beýle düşündirişi hiç haçan hem eşitmändi. Haýran galyp, Ondan: “Bu nähili bolup biler?” diýip sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: “Sen ysraýylyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýärsiňmi? Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny diýýärin, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize güwä geçýäris, ýöne siz biziň güwäligimizi kabul etmeýärsiňiz. Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda Gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarsyňyz? Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr...” Nikodimos Isany diňledigiçe Onuň diýýänlerine düşünip ugrady, ol sözler onuň kalbynda orun tapýardy we ony has-da galkyndyrýardy, çünki ol bütin ömür gözlän we garaşanyna duşupdy…”Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr. Şeýlelik-de, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar…” “Heläk bolmaz…ebedi ýaşaýyş…bular eýsem meniň durmuşymyň dowamynda gözleýänlerim dälmi eýsem…men Hudaýyň öňünde günäli…men heläk bolmak islämok!!!…men ölüp ýok bolup gitmek islämok… maňa ebedi ýaşaýyş gerek….” bular Nikodimosyň aňynda we kalbyndan çykýan sözlerdi…
Musa baradaky bu sözler Nikodimosa has düşüniklidi. Musa pygamber ysraýyl halkyny Müsürden gulçulykdan çykaryp, kyrk ýyllap çölde wada edilen topraga alyp gidende, bir haýran galdyryjy we Hudaýyň rehimine we söýgüsine esaslanan ajaýyp bir gutulyş bolupdy. Şol döwürde, ysraýyllylar Hudaýa garşy günä edip, Musanyň diýýänlerine-de gulak asman, erbetlikde ýaşap başlanlarynda, Hudaý olaryň üstüne jeza ýollaýar, ýagny zäherli ýylanlar çölde ysraýyllylary çakyp öldürip başlaýar. Bu ýagdaýda, ysraýyllylar bu jezadan gutulmak üçin haraý isläp, Musanyň ýanyna baryp ýalbarýarlar. Musa-da olar üçin Hudaýa ýalbarýar. Hudaý hem Musa, misden bir ýylan ýasap ony hasasynyň daşyna çolap ýokaryk galdyrmagy we şoňa seredenleriň halas boljakdygyny wada berýär. Musa hem Hudaýyň görkezme berşi ýaly ýerine ýetiripdi we ýylany ýokaryk galdyrypdy, muňa ynanyp seredenleriň hemmesi şol jezadan gutulypdy…Nikodimos bu mysal arkaly Isanyň hem adamzadyň günäsiniň jezasy üçin gutulyş getirmäge gelendigine düşündi, özüniň bolsa günälidigini we Hudaýyň jezasyna mynasypdygyny, emma Hudaýyň ony söýýändigini we rehim edip Isany Mesih Halasgär hökmünde ýollandygyny, Isa ynansa heläk bolmajakdygyna doly düşündi we Isa Mesihe kalbynda eýýäm iman getirdi.Onuň kalby şeýle bir şatlykdan, joşgundan we dynçlykdan dolupdy…

Isa sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç bir heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir…”

Bu sözler Nikodimosyň Isanyň Halasgär bolan Mesihdigine bolan täze ynamyny berkitdi… Nikodimosyň Isa Mesih bilen bu gürrüňdeşligi daňa çenli dowam etdi. Isa Mesih Nikodimosy ýene-de köp sözler bilen ruhlandyrdy, Nikodimos Isanyň ýanyndan aýrylasy gelmedi, ýöne ol öýüne dolanmalydy we özünde bolup geçen bu ajaýyp gutulyşy, özüniň dünýäniň Halasgäri Isa Mesihe duşandygyny we Ony kabul edendigini, bu imanyň oňa beren gutulyşy, ebedi ýaşaýşy, kalbynda bolýan dynçlyk we joşgunyny maşgalasy bilen hem paýlaşmaga howlugýardy...

Edit: Her hayisi yerine yetirip bolanok, her makala uchinem ayry mowzuk achdyramzok hichkime, 2 makalan 1 blog'da durkada 1-2 teswir yazypdyrlar, okasy gelen munam barde okar, teswirler blog'a sygman, chogup bashlanda tazelerine gechersinda! Mergen

Mergen name beydyang!

Mergen name beydyang! Bolgusyz zatlary hem açyp taze blog ýaly goýup ýörler, sesiňi çykaraňok, gelip normalny ýazylan makalany hemmeleriň gelip ilkinji girýan ýerine bolsa goýdurmak isläňok, sen meniň goýjak her bir taze blogym meniň köne ýazanlarymyň içinde goýmakçymy? Beýle etseň dogry bolmaza, näme üçin meniň ýazanlaryma aýratyn bir düzgün ulanýarsyň?!
Mumkin bolsa hemmelere deňlik ýagdaý döretseň gowy bolmazmy!
Hormat bilen,
Sylap

agam, bu temany achanynyza 1

agam, bu temany achanynyza 1 aydanam kop vagt gechipdir. ichindeki 5 yazgin 4si hem yene sizinki.
has dogrysy mena ozume degishli dal zatlary okamok.
_____________________________
cennet cennet dedikleri
bir kaç koşkle, bir kaç huri
isteyene ver onlari
bana seni, gerek seni...

Yhlasjan jigim, Name uchin

Yhlasjan jigim,
Name uchin mening yazanlarym sana degishli dal? Bu hakykatlar her bir ynsana degishli, bulary okap gorseng we sonra pikir yoretseng dogry bolardy!
yagshy dilegler bilen,
sylap

Bu reklama ýaly görünýär

Bu blog reklamanyň iň peýdasyz görnüşine çalym edýär. Eger makalalary okatjak bolsaň oň nämedigi barada gysgaça aýdyp Linki beräýmeli ekeni. Okajak şol tarapa gidip okardy. Ýa-da bu vagzyň bir görnüşimi? Menä düşünmedim... Belki indi garrandyrys...

Future starts today.

Salam

Salam hemmane
bir adamyn yhlasyna hormat goyun we pasgel berman
Islan okar we yazar

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bu blog reklama dal,

Bu blog reklama dal, hakykatyň beýany! Hawa islän adam bu taýda ýada ol taýda okar, hakykata düşüner we ony kabul eder we gutulyşa eýe bolar!

"Başga hiç kimde gutulyş ýokdur..."

“Başga hiç kimde gutulyş ýokdur…”
(bu makala www_turkmenhh.org websahypasyndan alyndy)

Isa Mesihiň ilkinji şägirtleriniň, ine bu sözleri: “Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris” aýdyp tassyklanlaryň güwälikleri barada we başdan geçirenleriniň biri barada gürrüň edip geçmegi makul bildim.

Men size bu taryhy wakany bolşy ýaly ýazyp geçerin, siz bolsa olary okap özüňiz üçin bu gürrüňi edilýän “Isa Mesihdäki Hudaýyň üpjün eden janlaryňyz gutulyşyny” kabul etmegi çözmelisiňiz!

Bu waka Injil kitabynyň, Resullaryň Işleri atly bölüminden alyndy.

“Olar (şägirtler Petrus we Ýahýa) halka gürrüň berip durkalar, ruhanylar, ybadathananyň serkerdesi we sadukeýler olaryň üstüne döküldiler. Olar gaharlydylar, sebäbi resullar halka sapak berip, Isanyň mysalynda ölüleriň direlişini yglan edýärdiler. Olara el urdular, ertire çenli tussaga saldylar; çünki eýýam agşam bolupdy. Emma sözi eşidenleriň köpüsi iman etdi; iman edenleri sany bäş müňe golaýlady. Şol günüň ertesi olaryň başlyklary, ýaşulylary we kanunçylary Iýerusalime ýygnandylar. Baş ruhany Hanna we Kaýafa, Ýahýa we Isgender hem-de baş ruhanynyň urugyndan bolanlaryň bary şol ýerdediler. Olary (Petrusy we Ýahýany) ortada durzup: “Siz muny haýsy güýç, haýsy at bilen etdiňiz?”diýip soradylar. Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: “Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşulylary! Biz bu gün bir maýyp adama edeilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak, onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni ...Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur. Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy. Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur”.

Eger bu taryhyň yzyny okap öwrenmekçi bolsaňyz, biziň bu websaýtymyzyň “Kitaplar” sahypasyndan, Täze Äht bölümindäki “Resullaryň Işleri” kitabyndan okap bilersiňiz.

Reb Isa Mesih dünýä gelip ýaşap, adamzadyň günäsiniň muzdy ýagny tölegi üçin Öz janyny haçda gurban berenden soňra direlip Öz şägirtlerine we bäş ýüzden gowrak adama kyrk günüň dowamynda görünenden soň Göge galýar. Bu wakalardan soňky günlerde ýokardaky waka bolup geçipdi. Ýagny Isanyň şägirtleri Isa Mesihdäki gutulyş, bakyýete bolan umyt we ýaşaýyş barada gujurly wagyz edýärdiler we Isa Mesihiň ady bilen syrkawlara şypa berýärdiler, jynlary kowýardylar we alamatlar görkezýärdiler. Şol döwüriň dindar başlyklary we häkimýetleri tarapyndan Isa Mesihiň şägirtlerine garşy bolan yzaralamalar we tussaglar hem diňe Isa Mesihiň adyny wagyz edendikleri we Onuň ady bilen keramatlar bolýandygy üçindi. Petrus bilen Ýahýanyň bu tussag edilmesi hem, olaryň Isa Mesihiň ady bilen bir ýaşy kyrkdan geçen otura syrkawa şypa berendikleri we Isa Mesihiň adyndan wagyz edýändikleri sebäp bolupdy.

Bu taýda belläp geçilmeli ýene bir zat, Isa Mesih haça çüýlenmeginiň öň ýanynda gorkan we hatda Isa Mesihi tanaýandygyny ret eden Petrus bu wagt gaýratly gorkmazdan Isa Mesihi wagyz edýärdi. Munuň sebäbi hem Isa Mesihiň wada edeni, ýagny olara güýç kuwwat, gujur-gaýrat berjek we olar bilen hemişe boljak Mukaddes Ruhyň olaryň üstüne inmegidir.

Islam taglymaty Mukaddes Ruh hakynda aýdylanlar Muhammet pygamber hakynda aýdylypdyr diýip düşündirmäge synanyşýarlar, emma Hudaýyň Sözi beýle düşünjäniň düýbünden nädogrudygyny görkezýär. Hatda ýokardaky wakadan hem muny biz açykdan açyk görüp bilýäris. Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: “Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşulylary! Biz bu gün bir maýym adama edeilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak, onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni ...Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur. Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy. Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur”.

Bu ýerde Petrus şol bada Mukaddes Ruh bilen dolandygyny aýdýar we dolup hem Isa Mesih hakda güwä geçip başladylar we Mukaddes Ruhyň düşündirmegi bilen Isa Mesihden başga adamzat üçin Şeýtanyň güýjünden, ýagny ruhy gulçulykkdan, günäniň jezasy bolan ölümden ýagny ruhy ölümden, Hudaýdan baky aýra düşmekden, dowzah odundan gutulmaga Isa Mesihden başga hiç kimde gutulyş ýokdugyny aýtdylar. Olar durmuşynyň iň soňky gününe çenli Isa Mesihi eke-täk Halasgär we adamzat üçin Hoş Habar bolan gutulyşdygyny wagyz etdiler; ýagny Petrus Isa Mesihi wagyz edendigi üçin ömrüniň soňunda baş aýaklygyna haça çüýlenip öldürilipdi, resul Ýahýa bolsa Isa Mesih baradaky güwäligi üçin ömrüniň soňky günlerini Patmos adasynda sürgünlükde geçiripdi.

Islamyň Mukaddes Ruh Muhammet pygamber barada diýmegine we Muhammet pygamberi iň soňky pygamber we adamzadyň gutulmagy onuň ýol görkezmegi arkaly diýip nygtalmagyna bolan logiki sorag ýüze çykýar! Mukaddes Ruhdan dolan Isanyň şägirtleri we Isa Mesihe iman edip Mukaddes Ruhdan dolan başgada imanlylar 6-njy asyra çenli Isa Mesihiň Hoş Habaryny wagyz edip geldiler we “Isa Mesihden Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur” diýen taglymaty wagyz edip we onuň esasynda durmuşyny ýaşap geçdiler we köpüsi hiç hili erbetlik etmezden diňe şu taglymat üçin ýagny Isa Mesih üçin ejir çekdiler we janlaryny gurban etdiler, emma näme üçin Muhammet pygamber (Hudaýdan geldi diýilip tassyklansada, hatda Mukaddes Ruh hem ol diýip düşündirilmäge synanyşylsa hem) ýokardaky “Isa Mesihden başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur” diýip Mukaddes Ruhyň nygtaýany we düşündirýäni we bütin Mukaddes Ýazgylaryň özeni bolan Injiliň esasy taglymatyny wagyz etmedi-de, başga bir taglymaty wagyz etdi, we özüni hatda Isa Mesihden hem ýokary goýmaga çalyşdy, Isa Mesihe we Onuň yzyna eýerenleriň ynamyna garşy din döretdi, bu dini Isa Mesihiň şägirtleriniň diňe wagyz etmek arkaly we jepa-ezýetler arkaly wagyz edip ýaýratmaklarynyň tersine, öz dinini ol we onuň şägirtleri köp ýagdaýda gylyç we gan dökmek arkaly ýaýratdy????!

Bu soraga men hem jogap gözläpdim, çünki men hem Injildäki Isa Mesih baradaky hakyky taryhy eşidip kabul edýänçäm, musulman bolup, Islam taglymatlaryna ynanýardym. Emma ýokardaky soraga dogry jogaby bilenimde we hakykata iman getirenimde meniň pikirim we durmuşym üýtgedi!

Gadyrly ildeşim bu gün seniň öňüňde hem Isa Mesihe hakykata esaslanyp ynanmak we ynanmazlyk durandyr! Eger sen Isa Mesihiň şägirtleri bolan, Ol bilen ýaşan, Onuň öwredenlerini diňlän we eden işlerini, gudratlaryny öz gözleri bilen gören, Isa Mesihiň haçdaky ölümine we täzeden direlmegini görenler we şaýat bolanlar, Isa Mesihiň wada beren Mukaddes Ruhyndan dolan we Ol arkaly we Isa Mesihiň ady bilen gudratlar görkezen, Petrusyň we Ýahýanyň aýdanlaryna, “Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur” diýip aýdýanlaryna iman getirseň bu gutulyşa eýe bolarsyň!

“Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Mesihiň Sözi arkaly bolýandyr…Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir, ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy: “Oňa iman eden kişi utandyrylmaz…Rebbiň Adyny çagyran adam gutular…” Injil

Töwrat we Injil mobil el telefonlary üçin...

Mukaddes Kitap -Bu nähili kitap? Bu Hudaýyň sözi, Beýik Hudaýyň bütin adamzada ýollan Mukaddes Kitabydyr. Mukaddes Ruhdan ylhamlanan kyrka golaý awtorlar tarapyndan 1500 ýyllyk döwrüň içinde ýazylyp, dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açyp berýän bu kitap Mukaddes Ýazgylar ýygyndysyndan ybaratdyr. Mukaddes Kitap iki bölüme, ýagny Köne Ähte we Täze Ähte bölünýär (”äht” sözi Hudaýyň adamzat bilen aýratyn gyzyklanyşyny görkezýär). Töwrat, Zebur we pygamberleriň ýazgylaryndan ybarat bolan Köne Äht Isa Mesihden ozal gadymy ewreý dilinde, Täze Äht (Injil) hem Isa Mesiihden soň birinji asyrda şol döwrüň edebi dili bolan grek(ýunan) dilinde ýazylypdyr. Köne ähtde Hudaýyň älem-jahany ýaradyşy, adamzadyň günä batyşy, şeýle hem Hudaýyň saýlan hlaky Ysraýylyň taryhy hakda maglumat berilýär. Ol gadymky pygamberleriň ýazgylaryny, Süleýmanyň Tymsallaryny, Zebur atly kitaplary öz içine alýar. Täze Ähtde bolsa Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrluşy, ömri, görkezen mugjyza we alamatlary, günäkär adamlary halas etmke üçin ölüp, gaýtadan direlişi beýan edilýär. Biziň ýyl hasabymyz Isa Mesihiň dogaln ýylyndan başlanýar. Ähli döwürlerdäki ynsanlara ýüzlenýän Mukaddes Kitabyň özeni ýalňyz Hudaýyň sypatlary we Onuň adamzat bilen gyzyklanyşyndan ybaratdyr. Mukaddes Kitapda, bir tarapdan, adamzadyň günä edip, Hudaýyň huzyryndan kowluşy, müdimi heläkçilige höküm edilişi barada aýdylsa, beýleki bir tarapdan, Hudaýyň adamzady halas etmek üçin, gören çäreleri hakda gürrüň berilýär. Aýratyn hem adamzada gutulyş ýoluny açan Halasgärimiz Isa Mesih hakda Kitapda doly maglumat berilýär. Mukaddes Kitap çap bolan ilkinji kitapdyr (”Gutenbergiň Mukaddes Kitaby” 1452-1456-ýyllarda çapp edilipdir). Kitap çap etme we sowatlylygyň aratanlygy netijesinde, häzir Mukaddes Kitap juda köp adamlar tarapyndan okalýar. Ol hem ýonekeý zähmetkeşler öýünde, hem bilimliler arasynda iň zerur kitapdyr. Mukaddes Kitabyň taryhda köp halklaryň medeniýetine biçak uly täsir edenligi öz-özünden düşnüklidir. Mukaddes Kitap başga dillere terjime we neşir ediilişde hem dünýäde birinji orny eýeleýär. Ol mundan baş ýuz ýyl ozal doly ýa-da bölekleýin bary-ýogy 33 dile terjimel edilen bolssa, 19-njy asyryň içinde dört ýuzden gowrak dilde neşir edilýär. 20-nji asyrda Mukaddes Kitap doly ýa-da onuň aýry-aýry bölümleri ene-de 1500 dile terjime edildi. 1992-nji ýylda Mukaddes Kitabyň doly ýa-da bölekleýin terjime edilen dilleriniň sany bir müň dokuz ýüz ýetmiş sekize ýetdi. Ýer şarynda ýaşaýan halklaryň 2 prosenti heniz öz dilinde Mukaddes Kitabyň tekstlerine eýe däl. Şu baglanyşykda 1880-nji, 1884-nji ýyllarda türkmen dilinde arap elipbiýinde Londonda çykan “Mattadan Ýazylan Injil” we 1982-nji ýylda Mukaddes Kitap Terjime Instituty tarapyndan neşir edilen “Ýahýa Boýunça Injil” aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. Görşimiz ýaly, Mukaddes Kitap dünýäde iň köp neşir edilýän we okalýan kitap. Şonuň üçin türkmen halkyna hem Mukaddes Kitabyň şu bölümini hödürlemek uly medeni waka, türkmen edebiýatyna möhüm goşantdyr. Mukaddes Kitaby okap tanyşmak bilen siz Hudaýyň siziň üçin döreden gutulyş ýoluna hem düşünersiňiz we ol ýoly kabul edip günäleriňiziň bagyşlanmagyna we ebedi ýaşaýşa gowuşarsyňyz diýip umyt edýäris.

Mukaddes Kitaby edinmek isleseňiz biz bilen habarlaşyň. Biz size onuň käbir bölümlerini sowgat hökmünde kitap görnüşinde berip bileris. Size Hudaýyň Mukaddes Sözüni okap düşünmekde Biribar Hudaýymyz düşünje we pata bersin diýip arzuw edýäris! Mukaddes Kitap hakynda soraglaryňyz bar bolsa bize hat ýazyň.

Download this file.(http://www.turkmenhh.org/2009/08/24/towrat-we-injil-mobil-el-telefonlary-ucin/ )-şu salgylanmada siz özüňiziň mobil el-telefonlaryňyz üçin Mukaddes Ýazgydan Töwrat kitabyny we Injili mobiliňiz üçin indirip kabul edip alyp bilersiňiz.

Isa Filmini goni online-de görmek mümkinçiligi

Biz size bu bölümde Isa filminiň wideo ýazgysyny hödürleýäris. Bu film Injile esaslanyp taýýarlandy. Bu arkaly siz Halasgär Isa Mesihiň size bermek islän “günälerden gutulyşyna, jennetdäki baky ýaşaýşyna, Hudaý bilen ýaraşmaga we baky parahatlyga eýe bolmaga, şeýtanyň üstünden we onuň gara güýçelerinden eňişli ýaşaýşyna” düşünersiňiz we Ony kabul edip günälerden we dowzah odundan gutulyşa eýe bolmagyňyzy arzuw edýäris. Isa Mesih sizi gutulyşa etirenden soň, size gundelik durmuşyňyzda hem nähili dynçlykdan, ruhy manydan we şatlykdan doly ýaşaýyş bilen ýaşamagy öwreder!
Bu filmi ine şu taýda görüp bilersiňiz:
http://www.turkmenhh.org/2009/08/25/isa-mesih-atly-filim/

Direliş-de, Ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar!”

Direliş-de, Ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar!” Isa Mesih

Geliň Halasgär Isa Mesihiň bu sözleri aýdyp Özüniň hakykatdan hem Ýaşaýyşdygyny iş ýüzünde hem aýan edendigi baradaky taryhy waka seredip geçeliň. Bu taryhy okap öwrenmek bilen, gadyrly ildeşim sen hem hakykata göz ýetirersiň we Isa Mesihiň berjek ýaşaýşyny almak üçin Ony Ýaşaýyş we Direliş hökmünde kalbyňa iman arkaly kabul edersiň diýip umyt edýärin!

“Merýem bilen onuň uýasy Martanyň obasy bolan Beýtaniýadan Lazar atly bir adam syrkawdy. Merýem Rebbiň (Isanyň) üstüne atyr ysly ýag çalyp, Onuň aýagyny öz saçy bilen süpürip guradan aýaldy. Onuň dogany Lazar syrkawdy. Şeýlelikde, uýalar: “Ýa Reb, Seniň söýýän adamyň syrkaw ýatyr” diýip, Isa habar ýolladylar. Isa muny eşidende: “Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir” diýdi. Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy. Onsoň şägirtlerine: “Ýene Ýahuda gideliň” diýdi. Şägirtleri Oňa: “Mugallym, ehudylar Seni ýaňy daşlamaga synanyşdylar, Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?” diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: “Gündizde on iki sagat bar dälmi? Gündiz gezýän adam büdremez, çünki ol bu dünýäniň Nuruny görýändir. Ýöne adam gije gezse, büdrär, çünki onda Nur ýokdur”. Soňra Isa olara: “Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn” diýdi. Şagirtleri Oňa: “Ýa Reb, ulan bolsa sagalar” diýdiler. Isa onuň ölendigi hakda gürrüň edýärdi, ýöne olar adaty ukudyr öýdýärdiler. Şeýlelikde, Isa olara açygyny aýtdy: “Lazar ölüpdir. Men siz iman edersiňiz diýip, şol ýerde bolmalygyma siziň üçin şat, ýöne indi onuň ýanyna gideliň”. Didimos (Ekiz) diýilýän şägirt Tomas ýoldaşlaryna: “Onuň bilen öler ýaly, biz-de gideliň” diýdi. Isa gelende, Lazaryň gabyrda ýatanyna dört gün bolan eken. Beýtaniýa Iýerusalimden üç kilometre golaý uzakdady. Doganlarynyň ölümi zerarly, Marta bilen Merýeme göwünlik berjek bolup, bu ýere köp ýehudy gelipdi. Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga gitdi, Merýem bolsa öýde galdy. Marta Isa: “Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi. Hazir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin” diýdi. Isa oňa: “Doganyň direler” diýdi. Marta bolsa: “Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin” diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?” Ol Oňa “Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim” diýdi. Ol muny aýdyp, gitdi-de, uýasy Merýemi ýaşyrynlyk bilen çagyryp: “Mugallym şu ýerde, seni çagyrýar” diýdi. Merýem muny eşiden badyna tiz ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. Isa entek oba barmandy, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ehudylar onuň howul-halat ýerinden turup, çykyp gidenini görenlerinde, aglamak üçin gabra tarap barýandyr öýdüp, onuň yzyndan gitdiler. Merýem Isanyň duran ýerine gelende, Ony gördi, Onuň aýagyna ýykylyp: “Ýa Reb, Sen şu ýerde, doganym ölmezdi” diýdi. Isa onuň we onuň bilen bile gelen ehudylaryň aglaýanyny görende, çüňňür gynanyp, ýüregi gyýyldy. Ol: “Ony nirede jaýladyňyz?” diýip sorady. Oňa: “Ýa Reb, bar-da, Özüň göräý” diýdiler. Isa aglady. Ehudylar: “Ol ony, gör, nähili söýýän eken!” diýişdiler. Käbirleri bolsa: “Körüň gözüni açan bu Adam munuň-da ölmezligi üçin bir zat edip bilmezmidi?” diýişdiler. Şol wagt Isa ýene-de gynanyp, gabryň ýanyna bardy. Gabyr bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. Isa: “Daşy aýryň” diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: “Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy” diýdi. Isa oňa: “Men saňa “Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň” diýmedimmi?” diýdi. Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni Göge dikip, şeýle diýdi: “Eý Ata, dielgimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym”. Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: “Lazar, daşaryk çyk!” diýip gygyrdy. Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy. Isa olara: “Onuň daňylaryny çözüň-de, goýberiň, gitsin” diýdi. Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen, Isanyň eden işini gören ehudylaryň köpüsi Oňa iman etdiler…

Gadyrdan ildeşim, sen hem iň bolmanda Isanyň, hiç kimiň hiç haçan ýerine ýetirmedik gudratly işini görüp Oňa Ýaşaýyş Beriji hökmünde iman edýärsiňmi? Ölseňde ýene-de direlmek isleýärmisiň? Asla ölümiň bolmajak baky ýaşaýşyna eýe bolmak isleýärmisiň? Her gezek bolşy ýaly, Isa bu gezek hem aýdan sözüni iş ýüzünde subut edip görkezdi. Biziň Isanyň Halasgärdigine ynanmagymyz üçin Hoş Habar ähli zady aýan etdi. Indi bolsa seniň saýlawyň, bu aýan bolan Nury görüp kabul edersiňmi we Nurda gezmek isleýärmisiň ýada bu Nury ret edip garaňkylykda galmak isleýärmisiň? Kabul etmek isleseň Isa Mesihiň seniň Halasgäriňdigine we Onuň aýdan sözlerine we eden işlerine kalbyňdan ynan we agzyň bilen Isa Mesihiň Halasgäriňdigini ykrar et we Onuň seniň hem günäleriň üçin Öz janyny haçda gurban etmek bilen we ganyny gökmek bilen töländigine we jaýlanyp üçünji güni direlendigine ynan we bulary öz sözüň bilen Hudaýa aýt! Hudaý ýüzlenmäge we gepleşmäge dileg-doga diýilýär, eger sen Isa Mesihiň adyndan Oňa ýüzlenseň Ol seni diňlär we dilegiňi saňa berer!

Sen Ölersiňmi?

Sen ölersiňmi? Hawa

Hawa, biziň her birimiz, bir gün 100% öleris! Bu, ýerine etjegi anyk bolan statistikadyr: 10-dan 10-ysy hem öler. Eger seniň ýüregiň şu wagtyň özünde dursa, sen janyňyň senden gidip barýan azajyk döwründe nähili bolarsyň? “Beýle zat meniň bilen hiç haçan bolmaz.” –diýip özüňi aldamakdan el çek! Ölüm başgalar bilen bolup geçýär diýip pikir etmek ynsanlaryň häsiýetine mahsusdyr. Emma her gün 150 000 adam ölýär, olaryň şu wagt bakyýetdedigine şubhe ýok, olaryň her biri hem seniň ýaly —ölüm “meniň bilen bolup geçmez” diýip oýlanypdy.
Ol gün gelende, sen Hudaýyň hökümi bilen duşmaly bolarsyň. Şonuň üçin, seniň soramaly iň wajyp soragyň: “Men jennete kabul edilerinmi?” diýen sorag bolmalydyr. Muny bilmek üçin gysgaça barlag: Sen ýalan geplediňmi, ogurlyk etdiňmi ýada Hudaýyň adyny nähak ulandyňmy? Isa Alehsalam şeýle diýipdi: “Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm zyna edendir” Sen kimdir birine azgyn nebis bilen seretdiňmi? Höküm günde sen günäkär bolarsyňmy? Eger biz şu ýokarda agzalan zatlary eden bolsak, onda Hudaý bizi ýalançy, ogry, Hudaýa dil ýetiren, zynagär hasaplaýar.
Hudaýyň gören seniň pikiriňde ýada hereketiň bilen eden zatlaryňy ýüregiňe ýagty saçyp görkezmegini Hudaýdan sora. Onuň mukaddes gözlerinden hiç bir zat gizlin däldir. Eger Hudaý saňa etmişiňe laýyk adalatlylyk görkezse onda sen bakyýeti elhenç dowzahda geçirmeli bolarsyň. Hudaý bolsa muny seniň üçin islemeýär. Seniň Hudaýyň jezasyndan halas bolmagyň üçin Isa Mesih seniň eriňe haçda ezýet çekdi we öldi. Ine nä derejede Hudaý seni söýýär. Biz Hudaýyň Kanunyny bozduk, ýöne Isa Mesih jezany töledi. Soňra Ol ölümden direldi we ölümi eňdi. Eger sen günäleriň üçin toba etseň we Oňa bil baglasaň, Hudaý seniň günäleriňi bagyşlar we saňa baky ýaşaýyş berer.
“Durmuş” diýilen zatda bizde diňe bir gezek mumkinçiligimiz bar. Bu baky ýaşaýyş mumkinçiligini elden giderme. Hoş Habara bu gün boýun bol. Soňra bolsa Mukaddes Ýazgyny her gün oka we onda ýazylanlara boýun bol, Hudaý bolsa seni hiç haçan taşlamaz!
Eger sen bu ýazgy bir akmaklykdyr diýip oýlansaň, onda sen maňa aýt: ölmejegiňe sende ynam barmy. Elbetde seniň haçan öljegiňi aýdyp biljek tapylmaz, emma her bir ynsanyň öljegi welin anykdyr.
Ýöne göz öňüne getirip gör, eger sen “sunami” tupanynda 229.200 adamyň Indonesiada, Şri Lankada, Indiada, Tailanda ölen döwri bolan 2004 ýyldan öňrak bir wagta gaýdyp baryp bilsediň. Sen näme ederdiň? Eger sen “geljekde boljak zatlary görendigiňi” adamlara aýdyp duýduryp başlan bolsaň we olaryň bu betbagtlykdan gutulmaklary üçin öňünden taýýarlyk görmelidiklerini aýdan bolsaň, olaryň köpüsi seni aklyndan azaşan diýerdiler. Emma näme hakyky akmaklyk bolardy…elbetde sen hiç bir zat etmedik bolsaň.
Dost oýlan, Hudaý geljegi bilýär. We Ol “Sunamiden” hem elhenç zadyň geljekdigini duýdurýar… ol Höküm Güni, ol günde sen Hudaýyň öňünde durmaly bolarsyň.
Aý men muňa ynanmaýaryn diýmegiň, hiç bir zady uýtgetmeýär. Bu, gara ýoluň orta arasynda durup, “Men maşyna ynanamok” diýýänçäň biriniň seniň kakyp geçmegine meňzeýär.
Ölüm gelýär, Hudaý seni Höküm eder we Dowzah bolsa Onuň kanuny bozanlar üçin tükenmez bolan ezýet türmesidir. Bilýäňmi näme hakyky akmaklyk bolardy…eger biz saňa muny aýtmadyk bolsak.
Bu hakykata göz etiren bolsaň onda günäleriň üçin toba et we Hudaýyň Özüniň seniň üçin berýän gutulyş ýoly Isa Mesihi kalbyňa kabul et!
Sen Hudaýa şeýleräk sözler bilen ýüzlenip bilersiň:
“Hudaýym, men seniň öňüňde eden günälerim üçin ökünip toba edýärin, meni bagyşla. Isa Mesih men saňa minnetdar, sen meniň günälerimiň tölegini, jezasyny tölemek üçin haçda ezýet çekdiň we janyňy berdiň. Men saňa öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Hudaýym meniň durmuşymy öz eliňe al we meni Öz erkiň bilen ýöret. Omyn”

Salam gadyrly diplomat has

Salam gadyrly diplomat has dogrusy Sylap aga, menin size kicijek hayyshym boljak, siz gayrat edip mana Rus dilinde .php formatynda bolyamy yada .exe formatynda bolyarmy okar yaly Towrat we Injil kitaplarynyn salgysyny bersenan, indi mana biraz sholardan materiallar gerek!!! Saglyk bilen Yarym kilo!!! Yone unutman mana hokman Rus dilinde gerekdir! Birem Injillerin 4 gornushem bilelikde bolsa has gowy bolardy!!!

Aleykum salam gadyrly Yarym

Aleykum salam gadyrly Yarym kilo dost!
Rus dilinde Towrat we Injili okajak bolsang ine shu websiteden alyp okap bilersing:
http://www.slovocars.org/scripture.php
Towrat Rus bibliyasyndaky ilkinji 5 kitapdyr. Injil bolsa Bibliyanyng Taze Aht bolumindedir.

Saglygyng,
Sylap