Goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y... (SUPER-TM-PROZA)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y...
ýa-da goňşusyna aşyk bolan gyz barada

Goňşymyzyň bir gowy ogly bar. Arassa, agzyndan ýekeje-de gybat söz eşitmersiň. Ýöräninde-de ýere seredip ýöreýär. Ejesine-de “siz” diýýärmiş. Bir ýerin-ä gutardy. Şo diýip ölüp barýanda. Okuwly. Özem ýeke ogul. Jaýlaram gowy. Düzgünlerem gül ýaly. Ejesem erbet däl. Özi ýaly ýuwaş, “meni urany hudaý ursun”. Kakasam bir institutda mugallym. Özlerem gyz gözleýämişler. Şol oglana görünjek bolup her zat edip çykdym. Şonda-da maňa barmysyňam diýenok. Ýekeje gezek özüme seretdirip bildim, onda-da jigime gaharyma “Gömül, ýerçeken” diýip, bir şapbat uramda jigim uly-ili bilen aglady. Ol oglanam maňa seretdi.

Nämemiş, düşünjeli gyz gözleýämişler. Menem ýüzüme reňk çalmany-ha öwrendim. Zontigem göterýän. Düşünjeli diýdikleri näme-kä? Okuwly diýdiklerimi-kä diýsem, o-da dälmiş. Arada okuwly bir gyza-da barypdyrlar welin, gyz: “Ýaşmak ýaşyndyrmasa, gyňaç daňyn diýmese baraýaryn” diýýämiş. Şo sözi üçinem halamandyrlar. Mes tulalar bar gyz, biri diläp gelýän bolsa boldugydyr-da. Onda-da oň ýaly oglan üçin. Şu wagt düşündirip bilemok-da, goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y...

Jigimi uranymy halamadymy-ka? Aý, ýok-la. Gelnejemem çagalaryny eliniň ýeten ýerine geldigi “gyran degmişler” diýip urýar. Urmasaň bolýamy, o ýerçekenleri. Etiňi iýip barýalar-a. Oň üçin däldir-le. Şu düşünje diýilýän zatlarynyň nämedigini bilsem, ölerdim welin düşünjeli bolardym, şol oglan üçin. Oň nämedigini ne gelnejem düşündirip bilýä, ne-de ejem. Kakamdan soramaga-da utanýan. Bolmasa ertir ölýänem bolsam kakamdan soraýyn. Hindi kinosam başlaman geçdi-le. Gelnejemä: “Otursan-a gyz, bir gerreçi duşmasa şükür et” diýýä...

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Hm... men hazir olaryn

Hm... men hazir olaryn tarapyny tutyanym yali bolar. Emma bir zat ayan, sen mysh-myshlara, yagny gybada gora shol gyzy islemeyan kakasy edip goydun. Belki oglan soyushendir, wagt gechirendir, oylenmeli wagty gelende bahana tapyp bashga birine oylenendir? Yenil kelle gyzy ulanyp, sonam oylenmeli wagty gelende butin omruni yenil kelle bilen gechirmekden gorkup bashga birine oylenendir?
Garaz, mysh-myshlara gora bir zat diymek kyn. Kakasy her name diyende-de oylenyan ogly, yer depip, arassalygyna, gowulygyna guwa gechse kakasy hem razy bolardymyka diyyan. Onsonam, ol okuwly gyz "bolya, eklesen ishlemayerin" diyip bilmedimika? Ya ishi tayin, ishinde ustunlugem tayin bolup SOYYAN(sen aytmyshlayin) oglanyndan gechip ishine yapishan ishennir gyzmy aydyanyn?

hahahahhaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa

hhahaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa gulup gulup icim gyryldy indi gyrylanogam ay bayram aga gaty dogry aytyanay menem gosulyan yone bir zat ay ol kim mena tanammok welin yone hemme admamynam bir dal kop yalnysy bolyarda mana gora ol gyz senden gaty gorendir diyip pikir etyan yada men yalnysyanmy ony bilemmok ol sana galan isda yone jogap gaty orjinaldy waraaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaaa

Hehehe... Yaman govja text

Hehehe...
Yaman govja text ekeni, hezil edip guldim ,nastroyeniyam duzelip gitday :D
Ol gyzyn jigisine beyle sutem etmesini halamadim, ayak aldygyna yercheken diyip 1-2 sharpyk yelmap yatana menzeyar ve bu duybinden govy zat dal !!
Dushinjeli bolmak--Hmm..Bu biraz ginirak tema yone gysgacha kesgitleme berjek bolsak -- Goz yetimi gin,yenil kelle bolmadyk,nirede nahili hereket ediljegini bilyan, adamysyna gaty sylanyshykly ve mashgala ojagyny saklap biljek-- diyip hasap edyan..
Okuvly ya-da okuvsyz,o beter tapavutly hem dal yone eger eje dushinjesiz bolsa ol mashgala erkek adamy hakyt mayirar,hemme zada ozi kellesini agyrtmaly bolar ve bu ish beyle dovam etse ayalin erkegin gozunde gadry gachar...Gelin dine nahar bishirip,chagalara ve adamsyna seredyan ayal mashgala diymek dal ahyry.. Gyzlaryn okamagyna 100% razy ve tarapdary, okuv diylen zat hem adamyn gozyetimini gineldyar, has durmysh'dan bash alyp chikyan hala getiryar!

SORAG ?

aA uchin sorag ?
Sen ol oglany hakykatdanam söyyanmi yada ol okuwly, birinin yekeje ogly we men ona durmuşa çyksam menin kabir gaygylarym bolmaz diyip ony gowy goryani ?

2 Sanjar: aA'nin infosyna

2 Sanjar:
aA'nin infosyna seret,ol oglan oydyan t.e. gyz dal !!
A ol texti adamlaryn pikirlrini almak uchin goydi,bizem chirshashdiryas birzatlar!

Ay şu ysk myşk zat diyen

Ay şu ysk myşk zat diyen zatlaryna mena ynanamok,işsizlering işimika diyyan, edere işin bolmasa derrew aşyk bolup başlayan:D Onurak bir gyz kursdaşym mana akyl satan bolyar-Ay aşyk bolayma men na gun gordum aşyk bolyp,aslynda gaty gowy okayadym eyleng beyleng.Sen girlfriending bamy ? Menem -Bir yerlerde bardy öytyan,ölmedik bolmasa bolmaly diydim:) Ay entek gowyja okaly ondan song görers da.

Soltan Sanjar guldurip

Soltan Sanjar guldurip yykdynow :D

yalnysmayan, bolsam, agajan

yalnysmayan, bolsam, agajan diyip bir kompyuter olimp bady oydyan
shu aA shol myka?
Shuna menzesrak proza lar bar bolsa yada oylap tapyp bilsen gayrat etde goysana...
Keymipiz yerine gelsin bir.
Yada beyleki oglanlar haysynyz shunyn yaly zatlar onnaryp bilseniz yazyn.
Mysal,indi oglanyn dunyasinden seredyan bir yazgy kem bolup dur...

Ha, birem, shu

Ha, birem, shu olimpiyadacylara degisli sapaklary hakynda hem shunyn yaly yazgy yazan tapylaysa gaty hezil ederdik. Bir olimpiyadacynyn gozunden.
Mysal, olimpler beter kop prof lardan we sapaklardan sikayat edyarler.
Calculus sapagyndan kop narazy bolyalar.
Bayram aga sen shu tema barada bir yazgy yazsana gayrat etde...

Quote: yalnysmayan, bolsam,

Quote:

yalnysmayan, bolsam, agajan diyip bir kompyuter olimp bady oydyan
shu aA shol myka?

Hawa Agajan diyip bizden bir yas uly biri bar yone aA ol dal.

4-5 yil mundan on Turkmen internedinde http://www.agajan.8m.com/ atly gaty gyzykly sahypa bardy. aA-ni men sol yerden tanayan.

Yenede, TTM-lerin cikarin kop zadini dizayn eden.
http://www.agajan2.8m.com/
http://agajan2.8m.com/htm/dizayn-altyn.htm
http://agajan2.8m.com/htm/dizayn-2006.htm
http://agajan2.8m.com/htm/dizayn-kalendar.htm
http://agajan2.8m.com/htm/dizayn-bio.htm
http://agajan2.8m.com/htm/dizayn-ylham.htm

gowy hekaya. aslynda sheyle

gowy hekaya. aslynda sheyle hekayalar Turkmenistanda cykyan jurnallarda kop cykya. radyoda-da kop beryaler. hakykatdanam gowy. hezil edip dinleyan, gownun acylyar. okuw beyleki diyip bashagay bolup, shu dowrun stresi bilen yashap yorkan sheyle zatlar gowni acyar, rahatladyar.
dushunjelilik barada beyleki temada yazayaly.

Quote:

aA wrote:
Goňşymyň ogly şeýle bir gowy-y-y, şeýle bir gowy-y-y...
ýa-da goňşusyna aşyk bolan gyz barada

ilkinji bilen senden

ilkinji bilen senden günamin geçilmegini sorayan we indiki yazylarynda beyle bir yalnyşlyga yol bermezligini dileyan .
bir makala yada bir eserden alynandygyny bildirmansin

Bah men gonshylam sheyle

Bah men gonshylam sheyle pikir etyamika? Asyl diyyanimle oye barsam jigilerni köp urya diyip şikayat etyaler:D

merwezi aga oye baranda

merwezi aga oye baranda gonsularyna gowca dykkat et jigilerini zatlaryny uryan bolsa dusunaygin bormy. sana gorunjek bolyandyr. sen prozadaky oglana menzemanem duranok

bolyan zat soltan sanjar

bolyan zat soltan sanjar menem basda seyle pikir etdim. asagyndakylary okap son dusundum

Hmm...

Dushunjeli bolmak. Bu yonekey mesele-ha dal.
( Proza gowy yazilipdir. )

men ERKEK

SoLtanSaNjaR wrote:

aA uchin sorag ?
Sen ol oglany hakykatdanam söyyanmi yada ol okuwly, birinin yekeje ogly we men ona durmuşa çyksam menin kabir gaygylarym bolmaz diyip ony gowy goryani ?

Hormatly dostum. Okanyň diňe bir PROZA-dyr. Bu hakykat däl. Bu prozany ýazan hem ýazyjydyr. Ol ýazyjam men dal. (ýazjyjy barada bir gun aýdaryn). Men hem «goňşymyň ogluny» söýemok. sebäbi men erkek. :-)

Sesleniň

pikiriňizi bilmek gyzykly.

sen nadip bu zatlar pikirine geldi.

Cyndanam hazir sol yaly gyzlar bamay.Mena kan goremok su wagtlar.Yone bir gezek
gonsymyzyn gyzyna gudacylyga gelipdirler.Ay koroce oglana okan eken gyzam okan eken onson bir birlerini halapdyrlar.Onson oglanyn kakasam aytyarmysyn ogluma okuwly gyz alyp berjek dal.Okuwsyz bolsun okuwly bolsa islejek diyen bor zat diyen bor oyde durmaz diyyarmis.Ay seydibem ol oglana bir halamayan dusunjesiz gyza oylendi.Ay gyzam name etsin entega cykanok.ykarda halayana barmys.

Quote: pikiriňizi bilmek

Quote:

pikiriňizi bilmek gyzykly.

Azajik off-topic, yone oylenmek meselesinde onki yazgilara link bereyin diydim, taze gelenler ucin.

Turkmenlerde oylenmek meselesi

Yada sahypadan "oylenmek" diyip gozleyaniz.
http://tmolympiad.org/?q=search/node/oylenmek

Hazir pikirlerimi

Hazir pikirlerimi setirlayin. Onincha Atasha sag bolsun aydyan, onki tema gaty chalymdash, shonda kop zady taparsyn hormatly aA!
Indi bashlamakam yene bir zat Mahrijemal uchin. Mahrijan, yashin kichirak oydyan, men sana dushundureyin yokardaky yazilanyn manysyny. Gowja dykgat bilen okasan yazilanda okuwly bolmak=dushunjeli diymek her wagt dogry dal diyyar we tersine okuwsyz bolmak=dushunjesiz bolmak diymegem dal! Sen shona dushun. DIyjek bolyanym, shol gyzyn dushunjelimi ya dalmi ony sen nireden bilyan? Adam bilen oturyp gurleshmesen, gowy tanamasan, pikirlerini bilmesen sen haysy tar bilen onun dushunjeli ya daldigini kesgitleyan?
Kaka diyen adamyn kellesi 0 daldir, olam bir sebap bilen shol gyzy halan daldir. Gyzlar turkmenchilikde, isle isleme, pes palli, pes gowunli bolmaly bolyar! Oz diyenli bolup yer depip duran, erkek kashir yali bolyanlar halananok, salyhatlylyk, arine we arinin ene-atasyna hormaty sylanya. Diymek ol gyz sheyle adama menzan daldirda... Men tanamamson zat diyjek dal, emma hazir yakamdan tutup sorasan "haysysy shularyn dushunjeli?" diyip shol oglanyn oylenen gyzyny saylajak. Sebabi ol oglanyn ozem sonunda shona razy bolupdyr, onki soygulisinden boyun gachyrypdyr. Bir sebabi bardyra? Yene bir zat, oz aydishin yali ol gyz hazirem taze ar tapanmysh... onunam oylenjegi nabelli... Sholmy gyzyn dushunjesi? Okuwly bolmak bilen dushunjeli bolmagyn tapawudy gaty ulymyka diyyan...

Indi yazilan barada kelam

Indi yazilan barada kelam agyz soz. Mena haladym, guldumem. Onat yazilipdir, sada turkmen gyzyda. Yazana berekella diyyan, onat yazipdir! Shu edyan pikirleri hakykada golaydyr, esasanam obaly gyzlar uchin. Menin pikirimche edyan pikirlerinde hich erbetlik yok, mena shu gyzy yamanlap biljek dal. Azajyk samsygrajyk gorunya, sebabi edyan pikirleri gaty sada. Yone shol bir wagtda bu pikirler YASH GYZYN kellesine gelen bolup biler, yagny yashy sebapli. Edyan pikirleri gaty dury, gara pikirleriha yok...
Yone mumkin azajyk samsyklygy yashy sebapli dal, bashy sebaplidir... Munda bolsa ishi kynrak bolaymasa...
PS DIne halamadyk yerim gyz pahyryn oglana yaranjak bolup kraskalanmasy, zontik zady... Bu zatlar gerek dal...

bayram agan 2 yazgysynyda

bayram agan 2 yazgysynyda gosulyan.
Men hem yazjakdym yone gerek galmady.
menem kop gulup hezil etdim original yazga.

Agajan aga we beylekiler,

Agajan aga we beylekiler, bagyslan yenede birje gezek mowzuk dasyna cikayin, aydayin diyip pursat gozlap yordum.

Quote:

yashin kichirak oydyan,

Bir agzamyz ulanyjylaryn yashlary bilen gyzyklandy we profile sahypa doglan yili gosmagymyzy hayis edipdi.

Doglan yilini girmek isleyan bar bolsa, oz hasabyny edit etseler sol yerde soralyar.

Men Mahra aydypdym yashyn

Men Mahra aydypdym yashyn kichirak oydyan diyip. Sebabi onun mekdep okuwchysydygyny bilyan! Agajan aga barada bolsa habarym yok.

Men diyenim

Men dienim ol gyz menin pikirimce gowy gyz.Seyle ol oglanyn kakasy dine okuwly gyzy ogluma aberjek dal.Okuwly bolsa islejek bolar diyipdir.Dusundirip bilemok gaty gowy.Gysgacasy oglanyn kakasy okuw gyzlar etmeli isi dal diyyar.ol asly oz gyzlarynam okuwa goybermedi .