Jemgiýetimizi Nämeler Ýykar ?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Dillerniň ujundan köp ýalan sözläp,

Kalbynda sen kimin bolasy geler.”

Akyş Saparyň bir albomunda goşgy hökümde “…Dillerniň ujundan köp ýalan sözläp, / Kalbynda sen kimin bolasy geler,” diýen setirler geçýär. Edebiýatdan mahrum bolanym üçin, bu setirleriň kime degişlidigini bilemok. Emma muny Pyragy diýenem bolsa, günümüzdäki bir şahyr hem diýen bolsa, nähili dogry sözdügini aýdyp oturmagyň zeruryýeti ýok.

Munyň iki ýyl öň bir wakadan soň göz ýetirdim. Bu wakadan öňem 1-2 ýagdaýa şaýat bolupdym. We bu wakalar gynansak-da aramyzda dar gursakly, dar düşünjeli adamlaryň sany-çägi ýokduguna subutnamadyr.

Asyl aýtmak isleýän wakamdan öň bir-iki zat aýdyp geçmek isleýän. Meniň bu wakadan öňki we soňky düşünjelerime göz ýetirip bilersiňiz. Hatda siziňem şeýle pikredýändigiňizden hiç şübhe duýamok.

Bir näçe gezek käbir adamlaryň başgalarynyň üstünliklerini ýa-da aýratynlyklaryny siňdirip bilmän, öz aralarynda gyýbat edendiklerine şaýat boldum. We bu örän uly milli kesel ýagdaýyna gelendigine göz ýetirdim. Bu gyýbatlary, öňler men halys ýürekden, gynanç bilen aýdylýan sözlerdir öýdýädim. Emma munyň beýle däl indiler has gowy düşünýän. Mysal ýanymyzdan 40-45 ýaş arasynda bir ykjam telefonda gürleşip geçip gitdi. Yzyndan bolsa ýanymda duran şol ýaşlar töwereginde-de bir-iki erkek adam ‘Bolup ýörşüni’, ‘köwek’, ‘magtançyk’, ‘näme, baýlygy içiňe syganokmy’ ýaly sözler sarpetdiler. Ol wagt ýaş bolanym üçin, bu sözleri halys içinden aýdýandyrlar öýdýädim. Belki ykjamly adam hakykatdan-da köwek bolup biler. Emma onuň gyýbatyny, hasabatyny etmek bize galmandyr ahyryn. Adam halaldan-haramdan gazananjasy bilen satyn alypdyr. Haram alan bolsa, gaýgy etme Hudaý iki-üç essesi bilen alar. Halalyndan alan bolsa, diýmek halal alyp bolýar, gyýbat etmegiň ýerine, halal gazanjyň ýollaryny yzarla. Meşhur hytaýly filosof Konfiçýuz: “Garaňkylyga sögmegiň ýerine, bir mum (şem) ýak!” diýýär.

Bir gezek Aşgabatda bir taksa münenimde, sürüji ýanynda oturan bilen gep gurjak bolup otyrdy. Ol-am öz pikirlerini beýan edende, taksist-em ony goldaýardy. Ol müşderi düşenden soň bolsa taksist bize onuň gyýbatyny etdi. We ýanymdaky başga bir müşderi bilen gepini dowam etdi. Sürüji bu gezek onam goldady, emma bu hem ol müşderi düşmeli ýerine gelýänçä dowam etdi. Ahyr-am aýlanyp gezek maňa gelenini aňdym, menem ‘bilemok, agam’, ‘bolup biler, agam,’ diýip öz pikrimi beýan etmekden saklandym. We eger şeýle diýen hem bolsam, arkamdan gyýbatymy eden bolsa hiç haýran galjak däl.

Bahyllyk, göriplik näçe baýam bolsaň, garybam bolsaň bir ýerden çogup çykýar, özüni belli edýär. Käbirleri muny gyýbat etmek bilen içini sowatjak bolýar, käbirleri palmança gidip doga okatdyran bolýar, wşm. (men bärde o zatlar barada aýtmakçy däl). Seniň kyn günüňde baýram, bagtly günüňde bolsa ýas edýär. Emma göriplik näme getirer? Bahyllygyň eltjek ýeri nire? Sen ile zyýan bermek isleseň-de ruhy taýdan asyl sen öz içiňi gemirip iýip bitrýäň, we özüňi bagtly duýaňok… Peýdasyz işler bilen meşgullanmak nirä elter? Bary-bir halal-haram gazananyňam öleniňde ýanyň bilen alyp gidip bilmeýäň. Eger biriniň aýratynlygy we üstünlügi bar hem bolsa, onuňam seniňem soňuň ölüm boljakdyr. Hudaýyň öňünde deň hasap berersiňiz…

Ykjamlardan galan ýerimizden dowam edeli…. Şu wagt ülkämizde ykjam eýesi bolmak nähili kyn we gymmat bolsa-da, daşary ýurtlaryň uly böleginde bu eýýam adatdan daşary zat däl, we herkimde bar, we bolaýmal-am. Arzan bolsa çagalaryň herbirine birini alyp beräýmeli. Sebäbi ogluň ýa gyzyň ýolda yzda ýitäýse jaň edip soraýar ýaly. Emma biz bu zatlary bahyllanyp gyýbatyny etjek bolsak, ykdysady taýdan össek-de, medeni we ruhy taýdan bir ädimem süýşip bilmeris. Ýaponlar bizden akyllydyr öýdýäsmi? Ýalňyşýas. Men arkaýynlyk bilen aýdyp bilerin türkmenler olardan kem däl, hatda hasam akyllydyr. Biz kommunizmiň kynçylyklaryny, urşyň yzy-ýanyndaky açlygy başymyzdan geçirip gören adamlar. Biziň durmuşa garaýşymyzam tapawutly. Hatda Ýaponiýanyň hiçhili tebigi baýlyklaram ýok. Hudaýa müň şükür, bizde mizemez, ummasyz baýlyk bar. Emma ýaponlar ýaly ösjek bolsak, onda bahyllanmagy däl-de, arkalaşmagy, dostuň bagtly gününde-de, kyn gününde-de ýanynda bolmagy başarmaly.

Indi asyl waka: Meniň Myrat adynda bir dostum bar. Ol iki ýyla golaý bir kompýuter aljak bolup pul ýygnady. Stipendiýasyndan agyşdyrdy, boş wagtlar işledi. Soňam kän oňat bolmasa-da dizüsti kompýuter (notebook) satyn aldy. Dizüsti alanynyň sebäbi ýanyňda syýahat edeniňde ýanyň bilen göterip bolşydy. Ýogsam birazrak gymmadrakdy we gaty ýuwaşdy. Emma ýolda-yzda 5-6 sagatlyk ýolda iň bolmanda aýdym diňlemäne, film seretmäne ýeterlikdi. Biz bir gün 3-4 oglan bolup Türkiýä syýahata gitdik. Şonda ýolda-yzda gezekleşip Myradyň kompýuterini ulanýardyk. Türkiýäni 1 hepde gezip bolandan soň yzymyza Türkmenistan Howaýollary uçary bilen yzymyza geldik. Şonda 4 sagatlyk ýol bolany üçin uçaryň içinde-de gezekleşip ulanmana dowam etdik. Şonda ahyrky gezek Myradyň özünde gelipdi we ol aýdym diňläp, kompýuter öňünde açyk ýatyp galypdyr. Aşgabada gelip gonanymyzda aeroportda düşen 25-26 ýaşlarynda iki ýigit çilim otlap öz aralarynda gepleşip durdy. Biri beýlekisine “Notebook-y öňünde açyp goýupdyr, özem uklap ýatyr. Köwek,” diýenini eşidenimde ýüzüm ak-tam boldy. Eger men Myrady tanamadyk bolsadym bu barada hiçhili pikir beýan etmezdim. Emma Myrat biziň aramyzda iň ak-ýürekli, sada we okuwlarynda-da üstünlükli adam. Onuň köweklik, güjeňleme bilen hiçhili baglanşygam bolup bilmez. Bu iki ýaş ýigit özlerinde ýok kompýuteriň bahyllygyny içinden şeýdip çykaryp durdy. Men hiçzat diýmedim. Sebäbi adamlar belli bir ýaşdan soň pikirlerini özgertmekleri kyn bolýar. Bualara bahyllanmagyň we gyýbatyň ýalňyşdygyny we hiçhili peýda getirmeýändigini düşündirmek üçin 10 ýyl yza gidip, entek ýaşka düşündürmeli. Beýle gyýbat etmegiň ýerine çilime aýyran pulyň bir bukja üýşürse, belli bir wagtdan soň özi hem alyp biler. Muňa bir akyl ýetirip bilse.

Umuman meniň bu zatlary samramagymyň netijesi ‘Göriplikden we Gyýbatdan Garyn Doýanok!’ Bu meseläni aňmasak, gaplat ukysyndan oýanmasak hiç haçanam ösmeris, kemala gelmeris.

Mowzuk bilen baglanşykly şorta söz:

Dowzahda dürli milletler, dürli gazanlarda ýakyp gaýnadylýar eken. Hemme gazanlaryň gapaklary berk ýapylan we daş-töweregi garawullaýan melekden (perişdeden) doly eken. Bu melekler gazandan dyrmaşyp çykjak bolýanlary elindäki gural bilen dürtüp aşak düşürýämiş. Emma bu gazanlaryň arasynda biriniň gapagam ýok, daşynda garawul meleklerem ýok eken. Dowzah perişdelerine ýüzlenip: “Bu gazanyň näme üçin gapagy we garawullary ýok,”diýip soralanda, perişdelerden biri “Ol gazandakylar türkmenlerdir. Beýle milletler gazandan çykmak üçin arkalaşýalar, ýoldaşlarynyň öňürti çykmagy üçin yzyndan itip ýardam berýärler. Emma türkmenler bolsa özleri-hä çykyp bilenok, çykjak bolýanlaram çekip aşak düşürýärler.”

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ine mennin yuregimden turdun

Ine mennin yuregimden turdun Agam! Menem sheyle bir tema achylaryna garashyardym! Name uchin turkmenler sheyle gorip bolyarka? YA berekella diymek kynmyka?! In gynanchly yeri, iki yuzluluge indi hich kim ters seredenok... Iki yuzli erkek erkek bolmayan bolaymasa, a bizinkiler bolsa iki yuzluluge norma diyip seredip bashlapdyrlar.
Ozem adamlaryn any sheyle bir uytgapdir, aydyp diyer yali dal. Mylayim bolsan, hormatly we sada bolsan, iki yuzli bolmasan ya myllyk diyyaler, ya "agzyna sinek gonduryan" diyyaler, ya bolmasa ish basharmayan, godek diyyaler. Mana kakama chenli "sowda edyan shatyr oglanlara seret, Agamjan diyip gulum-yalim edip ichine girip baryalar, goparyp alyalar name gerek bolsa. Sheyle shatyr bol!" diyyaler. Yagny walalaylap aydasyn gelmeyan zadynam aydyp oz zadyny satsan, yalanam bolsa bir topar yok zady aydyp harydyny yoretsen shatyr diyyaler... Bolya bu sowda, bu bashga gep. Emma shulam bir problema!
Obamyzda Shohrat diyen bir oglan bar, ustunden gulyaler den-dushlary. Menem mekdebimizde garawul bolanson, mekdebimizem gonshujygymyz bolanson munyn bilen gepleship otyrsam... sheyle mylayim, sheyle edepli, salyhatly we medeniyetli oglan. Oba oglany, mena gorup hayran galyan, ichimden berekella diyyan. A yone obanyn adamlary onun yalilara "ay goyun yali, yuwash, erkek diyenin shatyr bolmaly, alyp-yolup barmaly" diyen bir samsyk dushunjani tapypdyrlar... Men meselem goni adam, eger biri ters zat etse alyp yuzune aydyan welin "ay sende ugurtapyjylyk yok, gaty godek sen" diyyaler. Menem "ahow, men oz ichimdakije pikirimi aydyan, ichimden bir hili dashymdan bir hili bolamok!" diyyan welin "sheydip zat gazanmarsyn" diyyaler...
Garaz, goriplerem sheyle adamlarmyka diyyan. Yanynda agzyna suw alan yali hich zat aytman 100 metr dashlashanson ichindakijelerini paylashyalar.

Hawa seyle

HAwa seyle men bir gezeksu egzamenden gecen wagtym hemme kisi gelip gutlan bolya.Bir gun men mekdebe gelip bilmedim welin hemme kisi men hakda gurrin edyarmis.Ay her hili zat diyipdirler.Ay manada in yakyn joram aytdy welin dogrymy cynmy biljek dal.Onson bir gun mekdebimizde bir inlisce gowy bilyan bir gyz bar.Onson onyn ejesem menin ejemin yanyna gelip sen gyzyn nadip gecdi?Yada pul berdinizmi?Nace berdiniz?Yogsam mahri aytyar men Maysadan gowy bilyan inliscani diyyar diyipdir.Sonam gyzy mana gelip mena gecip bilmedim sen nadip gecdin dogryny aydyp goyber pul berdiniz dalmi diyyar.
Yenede on men otayda wagtym ejem elmydama aytyardy kan oglanlar bilen isin bolmasyn diyip.Ay menin ozem isim bolup baranokdy 14 yasymda bolanson.onson bir gyz mana gelyarde sena otaydan boyfriend tapynarsyn.Biza yadynada dusmeris diyyar.
Onson dasary yurda durmusa cykayjakmy?illera bir hilek gorer diyip gidip otyr intek soragyna jogap berilenogam welin.

mergi

ildeshler dogry aydyanyz, hal aydyanyz, shu yazanlarynyz hazir turkmene degen mergi keseli, yashulylarymyz shunu ayyrjak bolup jan edyar welin, birden bolup barayonakda...

Hawa,hawa

Mengem bashymdan gechti shol bir zatlar.Turk mekdebe girenimden song ,o tayda gowuja okap bashlamsong,kabirleri"bahalang duzeltmek uchin seng dadeng name beryar turk mekdeplere"diyip soranlar hem boldy.Meng dagyn omur yatyp pikirlensem shonung yaly zat kellame gelmez.Agzym achyk galaydy.

Hawa eger gowy baha alsan

HAwa eger gowy baha alsan nace toleyan diyip sorayalar.Gizlap otyrmayin bir gezek marsrutkada otyran wagtym Shatlyk mekdepden biri aytyar.Otuz mun bersem informatika das bolyar.diyyar.Yaman gynandymay indi turkmenistanyn geljegi seyle bolmalymyka diyip.Sol gunden bari her gije dileg edip yatyan.Huday gorawersin diyip.

Kesel

Goripli keseli indi mena ozumi bilelim bary bar. Ahyrynda turkmenin ganynda barmyka diyip dusunip basladym. Natanyslardan gecen oz garyndaslaryn arasynda hem goriplik edyan kop. Men pikirimce biz birbirimizin gazanan ustunliklerine begenmeli, guwanmaly. Mena gaty begenyan dunya olimpiyadasynda altyn medallaryn alynmagyna, oglanlarymyzyn Amerika yali dowletlerde PhD edyandiklerine. Bular milletin geljegi ucin mohum.
Birem ahli is yerlerinde sen beylekilerden tapawutlanyp baslasan seni halaman baslayarlar. Men bir tanayanim Miras teleyayliminda her hilijek taze manyly programmalary goymaga baslady welin, bir yil gecmanka say-sebap bilen cikaraydilar. Yurdumyzda bilimin osmegi bilen goripligem galarmyka diyyan. Jahyllyk her zat diydirya. Onem aydilipdir is yerlerinde team worki osdurmek gerek.