Obalardaky ýada şäherlerdäki gelin gyzlar we ýaş ýetginjekler pagta ýygmalymy ýada Türke Dubaýa işlemäge gitmelimi?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Şu wagtlar Türkmenistanda gyzgalaňly pagta ýygym wagty. Oba hojalygy, ekerançylyk we ylaýtada Pagta biziň 50% halkymyzyň esasy girdeýjisi.
Soňky wagtlarda ylaýtada ýaş gelin gyzlar başda bolmak bilen köp sanly ýaş ýetginjeklerimiz daşary ýurtlara, başda Türkiýe, Rossiýa we Dubaý bolmak bilen(Sebäbi bu ýerlere gidip gelmek aňsat, wiza almak aňsat, bolmasa olar Amerika we Angliýa däl Awstraliýa bilen Cape Town-ada gitjekler), işlemäge gidýärler. Bu saýtdakylaryň köpüsi daşary ýurtly türkmenler bolany sebäpli olaryň garşylaşýan kynçylyklaryny we ýeňilliklerini gowy bilýändirsiniz?

DAŞARY ÝURDA gitmelimi ýada obada PAGTA ÝYGMALYMY...???

Bir gün gije bir zat ugratmak üçin aeroporta bardym Halkara uçuşlara garaşylýan ýere. Garaşmaga başladym. Sagat 22:00 töweregidi. Her gün Istanbula bar bolan Türkmen Howaýollary uçuşy şol gün gije sagat 4:00-dady. Eýýam sagat 22:00-da türke gitjek adamdan dolydy garaşylýan zalyň içi. Jemi hem işlemäge barýan oba adamlary. Asyl arkaýyn gitjekler giç barýarlar. Baryny ýogyny jemläp, türke iş tapyp bereris diýýänlere pul beren, soňky pullarynada bilet alyp daşary ýurda barýan bir umyt ýolagçysy jemide. Menden bolsa:
-Sizem işlemäge barýaňyzmy, Istanbula barýaňyzmy?-diýip sorady aralarynda biri. Men bolsa olaryň arasynda ynanar ýaly adam gözläp ýüzlerine gözlerine seretsem ol pahyrlaram menden birzatlar öwrenjek bolýardylar, hemmäni özleri ýaly diýip oýlaýarlar. Dogry düşünmeli olaryň entek birinji gezek daşary ýurda gidişleri. Entek olary nämeler garaşýandygyna olar näbelet. Olaryň eşiklerine, daş sypatyna seredeniňde olaryň söwda ýada okuw üçin gitmeýändikleri belli.

Herhili umytlar wada edilýänen DAŞARY ÝURDA gitmelimi ýada obada PAGTA ÝYGMALYMY...???

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

menin pikirim

menin pikirim olaryn hemmesinde-de is bardyr (yagny karende, potrady, basga is) bardyr olaryn birinji maksady aylygy kop diyip pikir edyarler. ikinji dasary yurdy gorsem diyyarler. yone olar yalnysmyka diyyarin. men beydiymek bilen gowunlerine degjek bolmayan yone gynanyanyny aydyaryn. olar ucin in gowysy Turkmenistanda islap son gezmane gitseler gowy bordy.

Men öňem bir ýerde

Men öňem bir ýerde aýtdym, olar ýalňyşýalar welin, olaram ýöne tankytlamaga gaýradym ýok.
Sebäbi ýaş oglanlar, erkekler, boş işsiz ýatanlar, pul ýok... Nätsinler, bir ýerden girdeji gerekdä.
Ýöne gelinleri we gyzlary ibermeli däl, nätselerem. Özem muny dogan-garyndaşlary boýunlaryna almaly. Haýsy kelleleri bilen şoňa ýol berýäler men haýran?!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

kanundan çykmanlaryndan

kanundan çykmanlaryndan sonra, gözel göwünleri haysysyny islese şony etmeli.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

kanuny sylamak hakynda

kanuny sylamak hakynda kellede pikiri emele getirmeli birinji ondan song ang yaly araçak goymaly, gitsinler kanuny bozsalar hem ahlaky bozmasalar bolyar

Pagtany kim ýygmaly?

Gitsinler, gowy!
Emma ýöne pagtany kim ýygmaly?

Okuwçylar, mugallymlar, ykdysadyýetçiler we doktorlar pagta ýygýarlar.

Bu dogrymy?

indi

indi okuwcular, mugallymlar gitmeya..
pagtany pagta mashyn yigya. name tm uchin birgiden pagta yigyan mashyn alyndy sholar yigarda pagtany.
bu blogy acmak bln namani undejek boldun, pagtan gaygysyny etdinmi yada ayl-gyzlaryn dahsry yurda gityanin mi!?
menem garshy gitmelerine yagny ish uchin gitmelerine..

Pagta yigmali, esasanam

Pagta yigmali, esasanam yashlar. Koprak yigmali. Pagta dushlerine girsede yigmali. Esasanam dashari yurda gidip gelenlere yigdirmali. Sholara gati gerek.
Bey diysenem derrew ters dushunyaler. Yone yenede harakterin doly bishmegi uchin pagta gerekmika diyyan. Sebabi aydishlarina gora, chopan bolmadik pygamber yokmushin. Chin mi dalmi bilmedim yone gowi aydipdirlar.
Ayal gizini dashari yurda iberenler barada bir zat aytmak peydasizmika diyyan. Sebabi olari dashari yurda dozen bolsa,mena on yalidan gachan yagshimika diyyan. Bolmanda mashgala bolup gitseler. Gizin Amerikada gezip yor senem pagta yigip yorsen bolyamay?
Tersine bolani gowi dalmi?
Gowsi hicisem bolmasin.
Jonnuk

haçana çenli gyzlar

haçana çenli gyzlar maşgala diyilyan krugyng diyeni bilen yaşamaly, Paulo Colhe diyien yazyjynyng 11 minut diyyan kitaby bar, şol kitaby okap gör, ay meng pikirima yygan yygsyn pagtany daşary yurda gidip namys satman pul gazanyan gazansyn, sen name daşary yurda gidip gelenlere pagta yygydryp goyun bakdyryp pygamber etjek bolyangmy, dinge gyzy dal başaran gitsin daşlary yurda mena Türkiyede hem okayan hemem işleyan, şong üçin at dakmang işleyanlere men hem şolang biri...

umuman, ýalňyşrak

umuman, ýalňyşrak düşünipsiň öýdýän, aslymarylyly!
beýdip gyzmagyňa gerek ýok, pikirmçe!

Ýene-de düşünmedik ýagdaýyň barada ýazgyň eýesine sora diýjekdim, ýazgyň durşy bn sorag, eýesi hem gelip jogaplar-da. Ýöne ýalňyşrak düşünip, ýaşulylara gyzmalyk etme - kiçiräk maslahat tutsaň!

Ýazgy ýüzleýräk bolup biler görünişde, ýöne manysy çuň bolup biler.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bolyar ata aga, ay entak men

bolyar ata aga, ay entak men hem doly pikirimi yazmadym ol yerde, borlay eger Jonnuk gelip bir zat diyse men hem pikirimi doly düşündürjek, yöne at dakmalynglay işleyanlere, sarcasm hem etmeling şolara, begenip dynç almaga gelenoga şolar işlemage gelyara, ay umuman bolyar ata aga:)

Ay beyle oykelejegini bilen

Ay beyle oykelejegini bilen bolsam pikrimi has yumshak edip yazardimda. Gayrat get gidewer.+)
Jonnuk

wah yokla meng öykelemegim

wah yokla meng öykelemegim bilen garşy tarapyng pikiri ütgemez, yöne işlemage gityanlere dogry düşüneling,
pkir edip gör hany şular hakynda:
1, pagta yygmak üçin yering bolmaly karendesine, özem 1 yada 2 gektar dalde 10-12 gektar ing azyndan. ol yeri almak hem hemme kişa başardanok, alanda hem seretmek başardanok, başaraysa hem eydip beydip, pul YENEDE yetenok, potrot işlap gowy yaşayan meng bilyan hojalyklam 2-3 gektar yeri azajyk PARA berip dokumensiz alyarlar we şol yerden alan hasyllaryny hem dokumetnli yering adyndan tabşyryarlar, şeydip yaşayarlar..
2. men öz maşagalamy mysal berjek: ejem maşgala lukmany, kakam bolsa salgyt gullygynyng inspektory, enem hem orta dejede pensiya layan pensioner, öyde eklenji bolmayaniki sanyjak adam bar, men we jigim, meng bir yyllyk çykdayjym bolsa bolsa 1200 dollar, jigimki bolsa yaryçada yokdyr, onsong üç sany aylyk giryan hojalyk rahadyrak yaşamak üçin PARNİK edip MALLARA seretmek zerurlugy duymalymy, eger Parnik bilen mallar bolmasa meng hojalygym rahat yaşap bilenok,
3. ATALARYMYZ yerlikli aydypdyr: GEDAYÇYLYGA HEM GURP GEREK,
işlap gör özüng birinji yat yurtda maşgala eklemeging başga çaresini tapman onsong olary yazgar, bolmasa gürüüng samsygrak bolyar,
p.s: HAAA EŞİDİLENOK, NAN TAPAMASALAR TOR İYSİNLER DİYYANMGİ:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

he

Jonnuk wrote:

Ayal gizini dashari yurda iberenler barada bir zat aytmak peydasizmika diyyan. Sebabi olari dashari yurda dozen bolsa,mena on yalidan gachan yagshimika diyyan. Bolmanda mashgala bolup gitseler. Gizin Amerikada gezip yor senem pagta yigip yorsen bolyamay?
Tersine bolani gowi dalmi?

name gyzyn dashary yurda okaman gitse ayipmi? belki de ayip bolup biler kabirleri uchin? yone bir turkmenin Ylym- bilim almagyndan bashga name gowy zat barka? kabirlerinin(az mukdarda) edyan yalnishliklarindan sebapli hemmelerine netije chikrmali:)
meydan;da ishlemane hem adam tapylar:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Gep ishlemage gitmek barada

Gep ishlemage gitmek barada azat, context'den many chykaraysana
o yana, bu yana chekip oturanyndan...

dahsary yurda engmeli, otayi

dahsary yurda engmeli, otayi baryp pagta yigmaly:)

"Pagta yigmaly" diyen soze

"Pagta yigmaly" diyen soze goni manyda, yagny "Onune halta dakyp, elin bilen yigmaly" diyen manyda dalde, "pagta ekmeli, seretmeli, yigmaly.." manysynda, umuman potrat bilen meshgullanmak manysynda dushunilse, onda HAWA, "pagta yigmaly" !!!

Pagta ekilende dovlet ol pagtanyn ekilip, suvarylyp, yigilip, pagta zavodyna tabshyrylyancha chykyan chykdayjylaryna kredit beryar...Yagny, "surup bereni uchin 200.000 manat, suvarsa palancha.." we etc hasaplap, seni "palancha manat bergili" edyar, hemme zadyny tabshyrandan sonam gazanan pulyndan kesip alyar. Men shu tomus chopan tanyshlar bilen gurleshdim, olar goyunyn yanyndan 2-3 gektardan pagta-da alypdyrlar, ozlera optimist'diler...Sholaram oylerinde yatan bolsalar, ya-da "ish yok" diyip otursalar oturardylar, yone gymyldap yorlera ?!!

Men Turkiya giden nache oglan tanayan, TM'de ishleri bar hallaryna, 2.5 mln toveregi aylygy az gorup, "turkde 500$ dagy iberip bolyamysh" diyip, nirede/name etmeli boljakdygyna garamazdan gidyaler...Ya-da medsestra/doktor ayallar bar, sholaryn aylygam 3 mln toveregi yogsa, shonda-da gidyaler chykyp..T.e. bu eyyam "olmez ode pul gazanmak" uchin dalde, "Yyzyma gaydamda govy yashayin" diyip edilyan zat, bu hereketi bolsa "ishsizlik"/"garyplyk" sozleri bilen argumentirlap bolmayar !!!

Pagta ýygmak we himikatlar

Şu wagt turdym, uly Mergen aga bilen kiçi Mergeniň pagtaly gürrüňini okap, bir döwür biriniň maňa "obaň gyzlarynyň umuman şäherlä görä has betgelşik bolmagyna sebäp pagta, gara zähmet" diýeni ýadyma düşdi...
Özüňe timar berip geziberseň baý owadan bolarsyňa...
Ýöne bärde gürrüň başga zat barada.

Pagta ýygmasa gowy hiç kimem. Nebis terbiýelemek gowy welin, gadym zamanlarda pagta ýa başga ekine himikat dökenokdylar, dökseler mallaryň tezeklerini, dersleri dökýädiler. Häzir ýüz dürli pestisit we fungisit, sera we azot, superfosfat dökýäler. Obada kellä aýlaman şol ekinde işläbem ýörüs, şolary sepen günimiziň ertesi. Ekini ýuwmanam iýýäs.
Ondan soň bolsa, haýran galýas näme üçin:

1. türkmenler az ýaşaýa
2. türkmenlerde saglyk problemasy kän
3. obaň adamlarynyň derisi gowy däl
4. ýaşlaram mürşeýipjik dur garra meňzäp...
Daşary ýurtlylaryň derisi bäbegiňki ýalyrakdyr.

Ine şu meselä başga tarapdan garaýyş. Men himigä :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jonnuk 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry aydyan! "

Kichi Mergenin pagtaly

Kichi Mergenin pagtaly gurruninde "gidip elleri bilen pagta yigsinlar" diylen yer yokdyr :) Yone umuman potrat, pagtachylyk bilen meshgul bolmagyn, erbet gazanch getiryan ish daldiginin ustunde durdym men. Belki bay bolmarsyn, yone yat yurtlarda, chagana/oyune zar bolup, ilin hyzmatyny edeninden, shu ishler fiziki yagdaylar boyuncha has kyn bolsa-da, moralniy taydan has rahat bolany uchin, oz yurdynda, oz chagalaryn yanynda, oz oyunde bolup ishlanin govymyka diyyan!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bizin bir gonshymyz

Bizin bir gonshymyz bar,menden 4-5 yashyl uly gyz.Onler mekdebe gidyakam aram aram goryadim,peri yaly gyzdy,agzyn suwaryady her gorende. Mekdepden son barik gaytdym,uzak wagtlap choganlydaky kop kishini gormedim. Gechen tomus oye gaydamda sluchayno kochede sho gyzy gordum welin...shok gechirdim.sheyle uytgapdir pahyrjyk.Bir hili horlanyp solup galypdyr.Durmush yiksa sheyle bolyarda,onki gururlu, ozunden ynamly her zada ynam we hyrs bilen seredyan adamyn yerine gunlik aladalar bilen meshgullanyp gezyan chekinjen biri galypdyr.Gozunin ody yitipdir...Erbet gynanyndyryan yagday:(

Ol gyz shol himikatlardan

Ol gyz shol himikatlardan doly meydanlarda ishlap shol hala gelipdirmi ??
Ya moralniy taydan 1 sebapler bolup chokupdirmi ??

kici mergen wrote: Yone

kici mergen wrote:

Yone umuman potrat, pagtachylyk bilen meshgul bolmagyn, erbet gazanch getiryan ish daldiginin ustunde durdym men.

3-4 milliard manatlap dohod alan obaly adamlar barmishin shu yil 100-150 gektar yerden.. Pagta gowi girdeji getiryar sonki dowur, in ygtybarli aliji bolsa DOWLET..:)

Bizinkiler dashary yurda

Bizinkiler dashary yurda gidip okasinlar ishlesinler velin yone shu osen yurtlarin terbiyesizlerini ilaytada bezzat garalari getirip bizde pagta yigdirmali shonda adam bolarlar yogsam 10-15 yash aralarinda etmage ish yok ozara grupba bolup biri birileri bn atishyarlar yada pichaklashyarlar.Sholar pagta gitmeli.