ÝÜREGIŇ GAÝYP BOLMAGY

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

ÝÜREGIŇ GAÝYP BOLMAGY

Meniň paýyma düşýäni bu ynsan, edebiýatçylaryň dilinde aýtsam eseriň gahrymany bilen sizi tanyşdyrmak. Gahryman diýer ýaly gahrymançylyk eden ýeri ýok, ýönekeý bir ylym adamsy. Ady Kasym. Ýumşak, pesaý sesli, uzyn boýly, hortap, altmyş ýaşlaryndaky alym. Ýandakdan alymlyk derejesini gorapdyr. Biziň gözümize hemmesem bir meňzeş görünýän ýandaklaryň görnüşlerini bäş ýyllap öwrenipdir, üstesine-de haýsy görnüşiň haýsy aýlarda, hatda haýsy günlerde gülleýändigini bäş ýyl irmän-ýadaman hasaba alypdyr. Elbetde, özüne «Bu edýän zatlaryň kime geregi bar?» diýen ýaly gödek soragy bermändir. Bu ylym, onuň ýaşaýşy, ýaşaýyşynyň manysy diýseňem boljak.
Ylym adamlaryna görä, ähli zada şu günki günüň nazary bilen garamaly däl. Şu gün manysyz ýaly görünýän zatlar, ertir örän derwaýysam bolup biler. Teker ilki oýlanyp tapylanda adamlar oňa geljekde şeýle uly ähmiýeti bolar diýip garan däldirler. Bir tegelek zat, halka-da. Onda näme ähmiýet bolup biler? Emma, hakykatda nähili bolup çykdy! Başgalar üçin ähmiýetsiz zatlara ähmiýet berip bilmek, ine alymlyk! Şonuň üçin bolsa gerek, alymlar giň, parahat, mylkatlydyr, kän bir darygyp ýörmezler. Alym adam taryhmy ýa-da ýyldyzlar hakynda, beýleki adamlar üçin gyzykly zatlaryň gürrüňi edilende, bilimlidigini känbir mazamlaman, anyk sözleri bilen özüni tanadar. Ýylgyryp, özüniň üstündigini görkezer. Haýsydyr bir okuwsyza gepiňi düşündirjek bolup, gyzyp gitmek, alymlara görä, medenýetsizlik. Ýylgyryşlary, seredişleri, gep atyşlary başgamy, goý ol ýandakdan alym bolaýsyn her kim olary hormatlar. Ilçilikdir, alymlaryňam içinde her dürlüsi bardyr. Ýöne, esasan, alym adam alym diýen adyny ýere salmazlygyň aladasyny başga zatdan köp edegen bolýar.
Dogrusy, Kasymyň adyny ýere saljak, utandyrjak, saýlap alan ýaşaýyş äheňini bulaşdyrjak adamlara galtaşýan wagtam örän az. Bile işleşýän, Botanika ylmy-barlag institutyndaky ýigrimä golaý işgär, ona golaý, özi ýaly botanik alymlar oba adamlarynyň «tütül-tütül» diýýänlerinden. Öýünde ýeke özi, aýalam ýok. Ýeke ogly bar, olam özbaşyna bir hojalyk bolup, aýry ýaşap ýör. Dostlary... üýtgeşik dostlaram ýok, iki-ýeke ülpetdeşleri diýäýmeseň. Olar bilenem warsaky, degişme gürrüňler... Bolany.
Başga biri: «Ýeke ogluňam senden aýry, tünegiň bolsa gugaryp dur, mundanam bir ýaşaýyş bolarmy?» diýer. Kasym welin özündenem, ýaşaýyşyndan gaty razy. Näme üçin närza bolsun? Närza bolmakdan näme peýda? Heý üýtgejek zat barmy? Onuň pikiriçe, kim durmuşyndan, özünden närza bolup ýaşaýan bolsa, diýmek onuň şeýdip zeýrenip, özüni ýa durmuşyny düzetjek bolýanlardan bolup ýaşasy gelýändir. Düzedip biljek zadynyň ýokdugyny bilip dursa-da, onuň üçin durmuşyň gyzygy şondadyr. «Beýdip ýörme, biderek ýere beýniňi iýýäň, ýüregiňe agram salýaň» diýip, oňa ýagdaýyny düşündirjek bolup bir gör. Ör gökden geler. Özüniňkiň dogrudygyny subut etmäge başlar, has beter beýniňi iýer.
Şeýle adamlardan biri Kasyma «Ýeke ogluňdan bir aýry ýaşamasaň bolmaýarmy?» diýse ýylgyryp, gaty mylaýymlyk bilen, uly bir teatryň meşhur artisti ýaly roluny oňaryp, jogabyňy berer. Onuňky ýaly edip aýtmagam kyn. Ýöne, sözüniň manysy «Diňe özüňi bilmeli däl. Ýaşlara erkinlik bermeli». Bu jogapdan, ogly ony ýük görýärmi, ýa-da özi ogluna ýük bolmajak bolýarmy, belli bir netije çykarmak kyn... Hawa, şeýleräk bir ynsan bilen sizi tanyşdyrmak isleýän.
DOWAMY BAR!!

Telpekler (5 kisiden 5 sany)

Bu yazgi ucin

  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: "Dowamyna garasyas!"
  • maksat 1 telpek goyyar we yazyar: "Dowamly yazga, dowamly telpek :)"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ylýas aga salawmaleýkim we

Ylýas aga salawmaleýkim we hoş geldiňiz!
Öňem göz aýlaýansyňyz, indi hakyt agzalyk adyňyzam, hasabyňyzam peýda bolupdyr.
Meň birje soragym bar, düýn gije ýatmankam bir ýazgyňyz bardy "GÜNÄKÄR! DÜZELERIN!" diýip, indi ol ýitip, oň ýerinde "ÝÜREGIŇ GAÝYP BOLMAGY" dur ir tursam.
Şol ikisem bir zatmy? Sebäbi düýnkini okaman, "ertir okaryn" diýip ýatypdym, indem okamadygyma puşman etdim.
PS Kasymy tanadanyňyz üçin 1 telpek
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Sen moder'a Bayram,

Sen moder'a Bayram, yokardaky soragyna ozunem jogap berip bilyan "Recent log entries"-e seretsen! Ylyas agan yerine men jogap bereyin: Hava, 2'sem shol 1 blog, ady update edilipdir !