Haýsy sahaba barada has köp eşitdiňiz?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
Hz.Ebu Bekir (r.a.)
36% (26 votes)
Hz.Ömer (r.a.)
24% (17 votes)
Hz. Osman (r.a.)
1% (1 vote)
Hz. Aly (r.a.)
22% (16 votes)
Hz. Hamza (r.a.)
0% (0 votes)
Hz. Halid (r.a.)
1% (1 vote)
Hz. Büreýde (r.a.)
0% (0 votes)
Hz. Musab (r.a.)
7% (5 votes)
Hz. Merýem (r.a.)
1% (1 vote)
Hz. Aýşe (r.a.)
3% (2 votes)
Hz.Fatma (r.a.)
1% (1 vote)
Başga?!
3% (2 votes)
Jemi 72 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Salam hormatly agzalar we

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Biri "...futbolçylary tanaýşymyz ýaly, sahabalary tanaýasmy?!..." diýen ýalyrak sorag sorapdy. Şoňa laýyklykda, men hem şuny açaýyn diýdim. Enşallah, peýdasy bolar gysga wagtlyk hem bolsa!

Özüm-ä Hz.Ömeri (r.a.) yşaratladym, sebäbi, iň köp şol barada eşidipdim, hakykatdanam.
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1657/

Ikinji bols, Hz.Ebu Bekir (r.a.)
http://www.tmolympiad.org/?q=node/1406#comment-24627

A sizde bu ýagdaý nähili?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga

Size hayyshym bar okap ybrat alar yaly wagyz-nesihatlar ya-da musulman durmusyndan parcalar yokmy. menin okayan saherimde metjit yok imanym pese gacyar men nadip imanymy artdyryp bilerin (internet usti bilen)

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • vatan 5 telpek goyyar we yazyar: "gowy yazipsin!"

meň açan bloglaryma seret,

meň açan bloglaryma seret, kiçi göwünli, şonda gerekli käbir bloglary taparmykaň diýip umyt edýärin! Mundan soň bilemok ýöne!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy blog"

4 çaryýaryň içinde iň

4 çaryýaryň içinde iň soňky bolup Ebu Bekir'i tanadym! Ilki tananym Hz.Omar, onson Hz.Hamza! Bulary hem Pygamberimiziň kinosyndan tanapdym. Gadyr gijeleri TMT görkezýädi:)

Dogrymy aýtsam, men Hz.

Dogrymy aýtsam, men Hz. Omary iň halaýan sahabam hasap edýän. Gaty açyk, gaty gönümel, gaty adalatly we gaty jogapkär, üstesine gaty pesgöwünli.
Beý diýdigim, beýleki sahabalar beýle däl diýmek däl elbetde. Hz. Ebu Bekir tefekküri we takwasy bilen belli, men bolsa entäk ol temalardan uzagrak öýdýän, beýle täsirlenip bilemok. Hz. Aly ylmy bilen, Hz. Osman edebi bilen. A Hz. Omar bolsa halk arasynyň rowaýat we hekaýatlarynyň gahrymany bolan etmişleri bilen! EDEN IŞLERI bilen! Meň okan we eşden zatlarym gaty duýgulandyrdy.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Hz.Ömeriň ADALATY"

Hz. Omar barada bir waka

Hz. Omar öz halyflyk döwründe hutbe berip otyrmyka, ýa wagyz edip otyrmyka aýdypdyr ki "dauri", ýagny türkmende galyň diýseňem boljak, "köp bolmasyn" diýipdir. Sebäbi Hadysda "aýallaryň iň haýyrlysy daurisi az bolany" diýlipdir.
Hutbe gutaransoň gidip barýarka bir beduin aýal ony çagyrypdyr. Beduinem arablaryň göçme, ýabany diýseňem boljak, halky, ýagny ylmy we medeniýedi pes hasaplanýan. Ol Hz. Omara aýdypdyr:
-Eý Omar sen biziň hakymyzy elimizden aljak bolýaňmy? Hz. Allah aýdypdyr aýadynda, eger bir aýalyňyz üçin 1000 gr altyn sowan bolsaňyz, beýlekisi üçinem 1 gramyny azaltman, kemeltmän sowuň manysynda (bagyşlaň Hadyslar we aýatlar edil doly görnüşinde aklymda däl, bilýäniňiz düzeldiň). Sen nädip bu haky elimizden alýaň?
Hz. Omar yzyna gidip, aýalyň dogry aýdandygyny, özüniň ýalňyşandygyny aýdypdyr.
Şu ýerde many şu, Hz. Omar şol wagtyň iň Beýik musulmany, iň bilimli musulmany, iň amally musulmany, iň abraýly musulmany, iň gowy görülýän musulmany, galyberse-de Halyf! Emma bir beduin (!!!) aýalyň (!!!) sözüni diňlemekden çekinmändir, "sen alym däl, hiç zady bileňok, sen kim?" diýmändir, gepleşipdir, we öz ýalňyşyny kabul edipdir. Ine pesgöwünlilik şu bolsa gerek.

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • SA 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy mysal!"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry!"

Kuranda Nisa süresinde

Kuranda Nisa süresinde öýdýän "mehir" diýip geçýär bizdäki galyň.
Şol aýaty aýdýar Hz.Ömere we "aýata(Allaha) garşy gidýäňmi, eý, Ömer?!" diýýär hutbeden soňra. Aýat we hadyslara garşy Hz.Ömeriň ejizligi bar, göni maňlaýyna urup, ol bedewi(bediun-çöl ynsany) zenanyň aýdanyna(aýata) tbyn bolýar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

"...Şol aýaty aýdýar

"...Şol aýaty aýdýar Hz.Ömere we "aýata(Allaha) garşy gidýäňmi, eý, Ömer?!" diýýär hutbeden soňra..."

Hutbede diýýän bolmaly, ýagny, göni aýdan badyna şol aýaty ýatladýar we Hz.Ömer(r.a.) kabul edýär.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Aslynda mena hemmesindenem

Aslynda mena hemmesindenem kop maglumatlary bilyan, hemmesi den diysenem boljak , son ucin "basga" diyen yere ses berip goyberdim , olan icinde "hemmesi" diyip yazylmandyr, yogsam sona goyardym:)

aslynda, dogry diýipsiň,

aslynda, dogry diýipsiň, ýöne ses berlişigiň manysy hem şonda-da. Edit etjek däl indi, ýogsam, men "hemmesi" diýleni özümem pikir edipdim açmakam!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

wiý, men "iň gowy

wiý, men "iň gowy görýäniň" diýmedim-ä birem.
Hemmesi barada-da eşidensiň, okansyňdyr, ýöne "iň köp haýsy barada eşitdiň?!" diýip sorapdym, ynha, muňa jogap berse bolýarmyka diýýän?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hz ebu bekiring halyfa

hz ebu bekiring halyfa bolandan song hem geçi sagmaga gidip işleyşi baradaky hekeyany bilyan bar bolsa yazsynla hayyşt:) gaty tasin bolmaly meng doly yadymda dal...

men takyk-ha bilemok welin,

men takyk-ha bilemok welin, ouň barada ýokarda link goýupdym.

Ikinjidenem, ol halypa bolsa-da, öz ryzkynyň halypalygyň daşyndan gözläp tapypdyr, şoň üin şeýle kyn bolan ekeni oňa. Şol sebäpli-de Hz.Ömer oňa bir teklip/maslahat beripdir we sahabalaryň beýikleri tarapyndan kabul edilipdir. Olam halypa döwlet işiniň daşyndan şahsy we maşgalasy üçin işlemezlik, wagtynyň köp bölegini döwlet işine bermek we garşylygynda aýlyk (maaş) baglamak bolmaly!

Hz.Ebu Bekir geçi hem sagypdyr, diýmek, halypa bolsa-da aýlyk almaýan wagtlary eden bolmaly!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

salam ey yaranlar,

ata aga, eger bilyan bolsan mana aydaysan,
hz. Ömerin, Ebu Bekirin, we başga uly yaşly sahabalaryn gyzlary bolupdyrmy? Yslam gelmezden önünça hiçisinin gyzy yok ekenmi? Hemme gyz çagalary gömyana daldirler, sebabi beytseler nesil dowam etmez. onda şol yslamdan önünçaki daplerinde nama göra gyz gömyan ekenler, haysylaryny gömüp, haysylaryny dal?
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Hz.Ebu Bekir Yslamdan öň

Hz.Ebu Bekir Yslamdan öň hem musulman ýaly ýaşan. Onda beýle säwlik ýok bolmaly. Hz.Aýşe onuň gyzy, meselem.

Hz.Ömeriň hem gyzy bar ekeni, hatda, Hz.Hafsady öýdýän, Pygamberimiziň ýanýoldaşy bolmaly.

Ýöne Hz.Ömerde 1 waka bolan şuňa degişli, ýokarda linkinem goýupdym, ynha:

"...Hz.Omer bir gezek sahabalaryn arasynda sheyle diyyar:
-Men 1 zady yatlamda hemishe gulyan, yagny, yola cykamyzda ugur getirmegi ucin halwadan putlar yasap, olary yanymyza alardyk we yalbarardyk, yolda ajygan wagtymyzam olary alyp iyerdik, shona her yatlamda gulyarin. Yene bir zady yatlasam welin, hemishe aglayaryn. Olam oz gyzymy diri cukura gommegim - diyyar..."

Garaz, Yslamdna öň araplarda gyz çagasy "namyssyzlyga sebäp" diýlip, köpüsi diriligine ýere gömülipdir. Yslamdan soň bolsa bu ýalňyşlara düşünip, örän ahmyr we toba edipdirler.

Hawa, seň aýdyşyň ýaly, hemmesi diri ýere gömlen bolsa, onda olaryň nesli dowam etmezdi, şol sebäpli-de, hemmesi gömülmändir :)

Enşallah, kanagatlandyryjy bolar, Myrat!

Häzirlikçe şul diýeýin ýa-da:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Yok, kanagatlandyryjy dal

Yok, kanagatlandyryjy dal Ata aga :)

Yazan infon elbetde gyzykly, yone soraga jogap dal.
Yagday sheylerak: Bolyar, araplarda Yslam'dan on gyzlary diri gomyan ekenler, bu barada sorag-diskusia yok, yone olaryn neslinin tukenmanine gora, hemme gyz diriligine gomulmeyan ekeni...Onda Sorag: Haysy gyzyny gomup, haysysyny alyp galjakdygyny adamlar nadip karar beryan ekeni ??"

Mana gora jogap: Yuregi ejizrak bolan adamlar, ya-da gyz chagajyklaryny beter halap, olara dozmeyanler "risk"-e garamazdan olary saklandyrlar, erkeklerem urush dagy diyip yashlykda kop olensonlar, shol galanja gyzlaram olman galan erkeklere yetendir...

sizin jogabynyza

sizin jogabynyza goşmaça:
hanif dinine uyyanlar hem bar ekena o dowur.. pygamberimiz hem shol dine uyup yaşapdyr 40 yaşayança.. edil şonun yaly bolmasa da çalarak şo dine uyup yaşanlar hem bardy oydyan..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Guychliligi uchin!"

aý, güýçl-ä güýçli

aý, güýçl-ä güýçli diýmeli, seňkem dogry, jigim :)

Hawa, Pygamberimiziň atasy Abdulmuttalib şolardan iň meşhurlarynyň biri, onuň kabylasyndan hem köp sanly adamlar. Hz.Ebu Bekir we käbir beýleki sahabalar hem.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

umuman, seňki dogry, sag

umuman, seňki dogry, sag bol, jigim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Menin bilshime gora olarda

Menin bilshime gora olarda birinji chagan gyz bolsa namyssyzlyk hasaplanyar we shon uchinem oldurilyar,oglan dogulansonky gyzlara bolsa degilenok oydyan.

mümkin, bolup biler, men

mümkin, bolup biler, men pikir etmändirin beýle, has takygy, şeýle diýip okamandyryn ýa göze ilmändir ýa ýatdan çykarandyryn...!

Sag bol, Mekan!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Salam! Bagyshlan velin,

Salam!

Bagyshlan velin, menin bilshim boyuncha her Pygamber shu dyunya gelende, shol wagt yer yuzyunde bir erbetlikler bolup gecheni uchin gelyar.
Shol dyushyunjelem dogrymy ?!
Muhhammet Pygamberimiz (SAV) gelende name erbetlikler bolup gechipdi dyunyade?

With the best wishes, Merjen!

Takyk ýagdaýda

Takyk ýagdaýda düşünmedim welin, 1-2 ýagdaýy aýdaýyn:

Pygamberimize Biribar tarapyndan pygamberligine delil hökmünde mugjyzalar (adatdan daşary wakalary görkezme aýratynlygy) berlen bolmaly. Bu ýagdaý pygamberliginden soň berilýär. Ýöne pygamberliginden öň hem örän geň wakalar bolup geçýär Onuň (SAW) bn baglanşykda. Şol wakalara bolsa "Irhasat" diýilýär.

INdi, Pygamberimiz doglan wagty hem birnäçe geň-enaýy wakalar bolup geçýär, şolary hem Irhasat kabul edýärler köp Yslam alymlary. Ynha, şolardan birnäçesi:

1- Aýry bir ýyldyz dogdy;
2- Medaýyndaky Kisra saraýyndan ondört minarasy ýykyldy;
3- Käbedäki birnäçe put ýykyldy;
4- Istahrabatda müň ýyldan bäri ýanyp duran mejusileriň ýanyp duran ody söndi;
5- Mukaddes hasaplanýan meşhur Sawe (Taberiýýe) köli gurady;
6- Gündogary we günbatary bir otagy ýagtyldýan ýaly bir nur görüldi;
7- Semawe jülgesi joşan siliň aşagynda galdy;
8- Gök ýüzünde köp sanly ýyldyzlar süýndi.

Pygamberimiz dogulmaka bolsa, şol ýerlerde (Arabystan) örän betgelşik, bihaýa, zalym ýagdaýlar bardy. Şol ýagdaýlary hem düzetmek üçin iberilen bolmaly, ynha, olardan käbirleri:

1- Kä ynsanlar öz gyz çagalarynyň bolmagyny binamyslyk bilip, diri-diri ýere gömýärdiler;
2- Köp ynsanlar Biribara däl, köp sanly puta çokunýadylar;
3- Ejize ganymlyk, zalymlyk möçberi beýgelipdi we köpelipdi;
4- Faiz, gyýbat, ýalan we ş.m. erbet häsiýetler rowaç bolupdy;
5- Jynlar bn ynsanlaryň aragatnaşygy we olar arkaly gaýypdan/geljekden habar alynýardy, ynsanlara täsir edilýärdi we ş.m;
6- Käbede erkeler we zenanlar ýalaňaç gezip, öz ynançlaryny berjaý edýärdiler

we ş.m.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • vatan 1 telpek goyyar we yazyar: "Berekella!"

Onda Hudayyn gyovnyune

Onda Hudayyn gyovnyune yaraman son sholary dyuzeltchek bolup Muhhamet (SAW) Pygamberi iyberyar bolup chykyar. Dogrymy?

With the best wishes, Merjen!

şeýle diýseňem bolýar,

şeýle diýseňem bolýar, ýagny, hakykatlary azan ynsanlara düşündirmek we olaryň baky hözüri gazanmaklaryna sebäp bolmak, baky azapdan halas bolaklaryna sebbäp bolmak üçin Ilçi hökmünde iberýär Hz.Muhammedi(SAW) Hz.Isadan soň iň soňky pygamber hökmünde!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, bagyshlan velin, sizin

Ata, bagyshlan velin, sizin syozyunizi gaytalatyan bolsam, yone sizin aydyshynyza gyorya, Hz. Muhammet (SAW)in sonky pygamber boldy hya???
With the best wishes, Merjen!

hut şeýle! "Elinden we

hut şeýle!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, siz hut sheyle diydiniz

Ata, siz hut sheyle diydiniz velin, siz shony nireden bilyanyz? Bir yerde okap gyordyunizmi? Gurhanda yazykmy Hz. Muhhamet (SAW) in sonky Pygamber diyip??? Haysy Surasynda?
Gayrat edip jogap beryayindya?!

With the best wishes, Merjen!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "wah merjenjan"
  • kici gowunli 1 telpek goyyar we yazyar: "Howwa Merjenjan yalnysmasam 8 sur"

Nämä ýalbarýaň-aý,

Nämä ýalbarýaň-aý, jigim :)

Neme, men az-owlak jogaplaýyn şuny:

Hawa, elbetde, hem aýat hem-de hadyslar arkaly Hz.Muhammediň (SAW) soňky pygamberdigi subut edilýär. Men aýaty goýaýyn, hadyslarda, barybir, bar we köp.

Ilki birnäçe link goýaýyn şu pygamberlik barada:

1- www_biriz.biz/kuran/hasr/59hasr.htm;
2- www_kuran.gen.tr/?x=s_main&y=s_middle&kid=1&sid=33
3- www_biriz.biz/kuran/muhammed/47muhammed.htm

Indi şol degişli aýatyň Türkmençe manysyny goýaýyn bärä:

"Muhammed, siziň erkekleriňizden hiçbiriniň kakasy däldir. Ýöne ol, Allahyň Resuly we nebileriň(pygamberleriň) iň soňkysydyr. Allah hemme zady haky bilen bilendir." (Ahzab, 33/40)

PS: Indi bir kanagatlandyňmy, jigim?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Öňki ýazgylarymdan bu

Öňki ýazgylarymdan bu babatda goşmaça maglumat:

Yene bir zat, Gurhanda Yslamyn in sonky we hak dinligi barada, burin dinlere ustun edilip iberilenine delil hokmunde 2-3 sany ayatyn mealyny(manysyny) yazmakcy shu yere:

1-"...Bugun kapyrlar dininizden(ony yok etmekden) umytlaryny kesdiler. Indi olardan gorkman, Menden gorkun! Bugun sizin ucin dininizi kamil dereja yetirdim. Size nygmatymy tamamladym we sizin ucin din hokmunde Yslamy secdim...." (Maide, 5/3 - bu in sonky inen ayat diyip bilyarin?!);

2-"Ol (Allah), Pygamberini(Hz.Muhammed(SAW) hidayet we hak din bilen iberendir. Allah hak dini (Yslamy) butun dinlere ustun etmek ucin (sheyle etdi). Shayat hokmunde Allah yeter!" (Fetih, 48/28)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Merjenjan 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Kop-kop sagbolun!"

Hz. Omar barada yene bir

Hz. Omar barada yene bir tasin we ajayip waka.
Eger yalnyshly gurrun bersem, hayish edyan, duzeldin!
Hz. Omar bir gije, adatkysy yaly, shaheri aylanyp yorka, bir diwaryn arkasyndan ses eshidyar. Seredip gorse, biri sherap(=arak) ichip otyr. Diwardan gechip, gelip ol adama kanuny bozyandygyny we jezalandyrylmalydygyny aydyar.
Muna ol adam sheylerak jogap beryar, doly yadymda dal:
-Ey Omar, sen ozun Allan kanunyny bozmadynmy birinin howlusyna rugsatsyz seredip? Diwaryndan rugsat gechip? Oyune we howlusyna rugsatsyz girip?
diyyarde yalnyshmasam ya bir Hadysy ya-da Ayady yadyna salyar we Hz. Omara herekedinin nadogrydygyny aydyar.
Butin Yslam aleminin soltany, Halyfy Hz. Omar otunch sorap, chykyp gidyar yalnyshyny boynuna alyp. Sheylerak...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Haý, Baýram jan, meň

Haý, Baýram jan, meň açan blogymy doly okamansyň öýdýän :)

Şol blogdaky bar degişli mysallary bärik ýelmesemmikäm ýa :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Name üçin sahabalar

meni şol döwür erkek adamlaryn birnaçe ayallar bilen öylenip yörmekleri, aralaryndaky yaş tapawytlary, birnaçe uruşdan galma gyrnaklara eye bolmaklary gaty geng galdyrdy.

Name üçin sahabalar bir-birinin gyzlary, dul ayallary bilen öylenyaler?
Muhammet pygamberin öwey ogly Zeydin ayrylyşan ayalyny Pygamberimiz alyar, çaryyar Alynyn gyzyny (Ümmü Gülsüm) çaryyar Omar alyar. (Omar, Muhammet bilen yaşytdaş yaşuly biri, Aly bolsa, Pygamberlik gelende 10ly yaşlaryndady öydyan, Alynyn gyzy bilen Hezreti Omaryn yaş tapawydyny özüniz hasaplap görayin.) Çaryyar Omar we Ebu Bekirin gyzlaryny hem Muhammet Pygamberimiz alyar, Pygamberin bir gyzyny Hezreti Osman yene bir gyzyny Hezreti Aly. şunun yaly öylenmeler köp bolupdyr ol döwür. Name üçinka?

men Möwlana dal, "Adam bol, sonra gel".

Beggeldi wrote: Name üçin

Beggeldi wrote:

Name üçin sahabalar bir-birinin gyzlary, dul ayallary bilen öylenyaler?

Barde dushunmez yaly ullakan zat yokmyka diyyan, eger yagdaya "gyz/dul" meselesini ayyryp seretsen. Yagny: Sen 1 gyzyn bolsa, ozem sana "Meni kime chykarmagy makul bilsen shona-da chykar, men sen kararyn bilen razylashyan" diyyan bolsa, onda ol gyzyny in bil baglayan, yarty yolda tashlap gitmejekdigine berk ynanyan, galyberse-de "govy/dogry adam" hasaplayan bir tanshyna chykarmak islemezdinmi ?? Eger jogap hava bolsa, onda oz gyzyny/dul ayaly yokardaky adamlardan has hayirli, ynamdar adamlara chykaryp bilern oydyanmi ??

Ozumden mysal bersem: Men 1 gyzyn adamkarchiligini/ynsaplylygyny/yuregi arassalygyny we sh.m hasiyetlerini yaman govy goryadim, bashga yanda-da yene-de shol hasiyetlere eye 1 oglan dostum bar, we ol oglanyn ol gyzy yarty yolda goymajakdygyna 95% ynanyan. Onson birini beyleka maslahat bermek, olary dushurjak bolmak, men nukdayi nazarymdan adaty we edilaymeli ish dalmi name ??

Aygytly adim'i okan bolsan, shonda Artyk jigisi Sheker'i dosty Ashyr'a bermage
razy bolyandyr, yogsa Ashyr 25 yashan, ozem dul galan erkek, a jigisi bolsa gulun suvy yaly, entak 16 yashyndaky gyz, yone Ashyr'a ynanany uchin, Artyk uchin onun dul bolany problema bolanok, sebabi turkmenler "onum bolandon sonum bolsun" diyyaler, we dogry hem aydypdyrlar !!!

men bir yerde birinin shu

men bir yerde birinin shu soraga informal(yuzustu) beren jogabini aydayin emma bilyanler has ginishleyin yazarlar. Sheyle diyipdi" shol mahallar durmush diysen kyn ayal mashagala yeke ozu yada cagalry bn dul galsa kyn yagdaya dusher ve kynchylyklar sebapli islenmedik hadysalar yuze chykyp biler" men shu jogaby makul bilip gaydip hic hili soramadim. Beyle soraglar Ylaytada pygamberimiz ve onun ashaby hakinda esasanam shu tema hakinda kan soraglar soramak bizi yalnysh gurlemeklige yada olara garshy sylagsyzlyklara elter diyip erbet gorkym bar. Menden sheyle maslahat kan dorjelemalin. Ata Aga siz name diyyaniz????????

men şu Beggeldä hem

men şu Beggeldä hem ynandyryjy we delilli jogaplar berip bilerin. Şeýle soraglary, hakykatdanam, öwrenmek we rahatlamak/ynjalmak üçin soralýan bolsa, onda men jogaplaryn ýaltanman, ýöne haýsydyr bir art niýet bar bolsa, onda jogaplamak islemerin!

Goý, soralsyn, ýöne erbet niýet bolmasyn. Häzir ýazjak däl. Biri kanagatlandyryjy jogap ýazmasa we talap köpeliberse, onda men jogap ýazaryn, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hazreti Musab Bin

Hazreti Musab Bin Umeyr!

Entegem eden ishlerine alymlar hem dushunip bilmandirler!

nadip oncha ishi (yslam dunyasi uchin uly uly ishler eden sahabi)edipdir diyip sac dokyaler!

18 yasynda musulman bolyar!

26 yasynda huzura gowushyar,

IF YOU HAVE BIG BIG TELPEK, THATS is the ONE WHo deserves!
-----------------------------------
Nä günüňe şat bolar sen adamzat?!
Sansyz hatar ahu-zarlar alnynda.
Niçik takat kylar bir muşt toprak?!
Ýedi dowzah atly narlar alnynda!

*** *** *** * * *

*** *** ***
* * * ***
*** *** * *
CORRECTION:

hAZRETI MERYEM SAHABY DAL HOW ATA AGA!
-----------------------------------
Nä günüňe şat bolar sen adamzat?!
Sansyz hatar ahu-zarlar alnynda.
Niçik takat kylar bir muşt toprak?!
Ýedi dowzah atly narlar alnynda!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "säwligimi tapanyňa!"

Men "Hz.Hatyja" diýjek

Men "Hz.Hatyja" diýjek bolup, "Hz.Merýem" diýen ekenim. Indi bu ses berlişigi düzetmäge hajat ýok. Netijeleriň belli bolup galmagy üçin. Şeýle bir wajyp hem däl, ýöne, goý, şeýle galsyn!

Telpek menden saňa!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bu ses berlişik 4 güni kem

bu ses berlişik 4 güni kem 1 aý durupdyr. 67 ses berlipdir jemi.

Ses berlişikde ýeňiji Hz.Ebu Bekir(r.a.) çykdy, diýmek, iň köp onuň barada maglumatlar bar ekeni her ýerräkde.

Gynanýan ýerim bolsa, sahabalaryň arasynda iň meşhurlary Allahyň arslany adyna eýe bolan Hz.Hamza(r.a.) we Türkmenistanyň bagrynda ýatan we Yslamyň ilkinji baýdakçysy Hz.Büreýdäniň(Buryda baba) (r.a.) hiç-hili ses almaýyşy.

Men Hz.Ömere(r.a.) ses beripdim, sebäbi, onuň barada, hakykatdanam, köp maglumat bar, hatda, Hz.Ebu Bekir(r.a.) baradaky maglumatlardanam, ýa men şeýle bilýärin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

täze ses berlişik açypdym

täze ses berlişik açypdym renkler barada, moderleriň biri aktiw edip biler isleseler/göwneseler?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

diýmek göwnelenok ýa

diýmek göwnelenok ýa wagty gelmedi?!

:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"