Dini bloglar barada geneşelin..

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

salam eziz moderler we söygüli agzalar. :)

düyn-önnün men "din(siz) blogym" pozulypdyr.
mana habar berilmedi, yöne hökman dal, belki "jedelli, sylagsyz, syyasy we ş.m." sebapli pozulayandyr-da,.

geling bu blogda, dini bloglar açmagyn, yazmagyn kadalary, çyzyklary barada geneşelin.
Bize 1nji belli zat, egerde blog syyasy bolsa pozulyar we muny men kabul edyan.
2njiden bolsa, eger blogyn içinde beylekilerin ynanjyna sylagsyzlyk, hormatsyzlyk edilyan bolsa pozulyar.
hristiyan agzamyz, diplomadyn ynanjyna garşy şu kanun yörayami bilemok, ony diplomadyn özi aydaymasa, dinine garşy sylagsyzlyk edilyarmika?

forumda yslam dini bilen kesişyan zat yazmak gadaganmy?
meselem: "muhammet pygamber aslynda hudayyn pygamberi dal" yada "huday yok" diymek, yslama garşy sylagsyzlyk bolyamy?
eger dal bolsa, nahili, haysy derejelerde, şekilde yazmaga rugsat berilyar?

Forumda açylyan beyleki bloglaryn her 10syndan biri dini temaly. Forumyn 98%i hem musulman. Elbetde size garşy yazylanlary halamarsynyz, yöne musulmançylykda beyleki pikirleri gadaganlamak diylen zat yokdyra?

(önki) Administrator Atamyradyn sayt açylanda yazan zady, gapdalda "FAQ"da goylupdyr:

Quote:

[b]Administrator! Shu yazilani gayrat etde pozsana?![b]

Name diyseniz diyin yone gayrat edip basga birinin yazanini pozmagi bizden hayish etman. Egerde yerlikli gormeyan bolsaniz, bize dalde awtorynyn ozune yazin we dusundirin. Yada asagyna komment yazin "Bu yerlikli dal! Gayrat edip yazanin ozi pozsyn" diyip.

Goz onunize getirip gorun. Sizin yazaninizi basga biri halamady we hayish etdi diyip pozsak bu kop oturmazmikaniz diyyarin.

Şular barada agzalaryn, esasan hem "kanun-gorayjy" forumyn moderatorlaryn pikirlerini bilmek isleyan.
Saglygynyz.

* "jübüne bir zat düşyami şolary yazanda?" diyip bilersiniz. Şu soragy öz açan bloglarynyz barada özünüze sorap görün. Esasan hem dini blog açyanlar sorasyn özlerine.

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kiçirak nesihat...

1. Allah Kurany Kerimde - yagny Hak Kelamynda kalby möhürlenenler barada gürrün beryar - Bakara süresinde. Enşallah Allah kalbyny açsyn. Onun (j.j)muna güyji yeter, Ol Kadyrdyr. Kalplar Onun (j.j) elındedir. Ayratynam şu mübarek ayda gijelerine tehejjüd namazlarynda sana we senin yaranlaryna dileg etmek bize uly bir borç.

2. Hiç haçan hristiyanlyk asylsyz diyip ya-da pygamberi İsa aleyhisselamy yalanlamadyk. Yslamyn şondan sonky tamamlayjy Hak dindigini nygtadyk. Eger sizem Yslamy ya-da onun pygamberini yalanlaman ondan önki gelen dindigi barada agzasanyz "Ha..." diyenler köp bolar bu yerde-de. Başga halatlarda köp zat diymage haklary bar.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

salam

slm, jubime sheyle kop zatlar dushya, senin yone habaryn yok:
gynansakda yene pozulya senin shu teman.(syrtar)

ozun bir sayt ach we...

jenap jenap-che!
sana bir teklibim bar. sen ozun oz dinini yada dinsizligini owredyan bir taze web site ach. onson shol yere senin garshyna(!) ya-da halamayan/islemeyan(!) zadyny yazanlar bolsa sholaryn yazgylaryny bozay. yone bu site'yn eyeleri, eger senin we oz dini ynanjyna ters gelyan zatlary yazyanlaryn yazgylaryny bozyan bolsalar, onda olaryn edyani dogry. sebabi mal olarynky, mulk olarynky. mal-mulkun eyesi oz hazynasynda islan zadyny edip biler.
shu wagtjyk agza boldum we yalnyshyp bashga zatlara basyshdyrsam onda bir chemche ganymy gechayin!
sorap owrenen alym,
soramaga utanan ozune zalym.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

aslynda barin eyesi yok,

aslynda barin eyesi yok, yöne ing başda forumy açanyn pikrini yokarda yazypdym.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

türkçe bir goşgy bar

türkçe bir goşgy bar terjime etmage yaltandym bagyşlang
ayagın uydur
hedefin buldur
çevreni kirletme
kafanı doldur
jenap che seng yazyan yazgylaryngy men yzarladym hatda bozulan yazgylaryngy hem, we sanga ÖZ PİKİRLERİMİ AYTYARYN
yslam dini jemagat dini, bu din köpçülüge hitap etyar, we yslam dinini kabul edenler hem bu dining ahli buyruklaryny kabul etyarler, ynha indi diyjek zadym sanga, yslam dininde JİHAD diyip bir zat bar, hemme kişi seng pikirleringi okayarda sanga garşy Jihad başladyar, ol jihad duşmanlyk dal, dinge dogry yola getirmek üçin, we seng yazan yazgylarynga birnaçe agza düşündürüş hem yazdy, yöne sen olang hiç birini hem kabul etmek barada pikir etmeding, a indi agzalar bolsa şol bir zady düşündürmekden yadady, İş aslynda eşeging gulagyna 40 yasin okana bardy, bagyşla sanga eşek diyjek bolamok, seng hem öz idealang bar, yöne ol ideyalar köpçülüge çalajada bolsa ters gelyarda.. yok eger sen hem musulman bolsang yslamda düşünmeyan zatlaryngy ögrenmek niyeting bar bolsa PM arkaly yada beyleki kaynaklar arkaly ögrenseng diyip pikir etyan, yok egerde ol niyeting yok bolsa(yok bolsada mena sylayan) öz idealaryngy aymagyng yeke tak yoly dini tema dal eysem hem eng başga temalar hakynda etyan analizlangdan biz düşüneris, ay gysgaçasy gerekmay şu Jihad diyilyan zady şu blogdaky musulmanlara etdirmek.....(jogap yazsang yenede maslahatlaşyp bileris)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

islesen jihad we şonun

islesen jihad we şonun netijeleri barada blog aç, gürleşip bileris. ;)
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Myrat ildesh, mening bu

Myrat ildesh, mening bu tayda eden Injil baradaky we Mesihilik taglymatlary barada eden gurrunlerime ildeshlerimizden durli durli pikirler yazyldy, elbetde olaryng ichinde gaty geplanler hem boldy, sylaman gurlanler hem boldy we kop yagdayda hormat-sylagly gurrun edenler hem boldy. Umumy alanda gowy gyzykly, dartgynly sohbetdeshlikler bolup gechdi. Mening dushunyan zadym, her kim islan zadyny, yagny faktlara esaslanan zatlary koprak, esaslanmadyk pikirlerini hem her bir din yada dushunje barada aytmaga hakly we bu hak-hukukdan mahrum edilmeli daldir. Belli bir taryhy shahsyeting, yada mifiki shahsyeting tapawudy yok, pygamberdigini yada bolmandygyny ara alyp maslahatlashmak yol berilmeli. Eger kimdir birining ol baradaky pikiri nadogry bolsa, onung yazgysyny bozmak, yada agzyny yapdyrmak yaly metodlar ulanylman, sohbetdeshlik arkaly onung nadogrydygy subut edilmeli diyip men pikir edyarin!
Men yokarda getirilen admin Atamyradyng pikirini hem goldayan!
Bizing hemmamize hem sabyrlylyk gerekmika diyyarin we shu websityng unikal taraplarynyng biri hem biz ozumizing sabyrlylygymyzy, adamchylygymyzy kop derejede tejribe arkaly shu tayda synap goryaris! Bizing edyan gurrunlerimiz, her kiming oz pikirini yazyp bilmegi, debat alnyp barylmagy bize kop derejede birek-birege dushunmekde yardam beryar, ynsan mahsus bolmaly gowy hasivetlering bizde berkleshmegine hem yardam edyar!
Hemmanize gowy arzuwlar bilen,
diplomat

sagbol, ildeş. :)herkim

sagbol, ildeş. :)
herkim sen yaly pikir etse ajap bolardy.
her sözün gyzyl,
beyleki agzalaryn hem okap görmegini maslahat beryan.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Umuman nomerläp menden

Umuman nomerläp menden näme bilesiň gelse soraý.
Atamyradyň ýazany dogry we şol kanunlaryň, asyl şu sahypada bir kanun bar bolsa, döredilmegine hemmämizem goşant goşduk, belki ýadyňdadyr. We ol kanuny girizenem, goldanam özümizdik.
Pikirlerim üýtgemedi we şol kanuny häzirem goldaýan.
Seň ýazgylaryň pozulmagynyň sebäbi sen Troll bolduň (wikipedia'dan ýa google'dan gözläý). Bolýa, her "troll" bolanyň yzynda gezmek ýaly endigimem ýok welin, sen ýörite we bilgeşleýin şu aýda şeýle temalary açdyň. Saňa gepläp, aýdyp düşündirip bolmajagy mese-mälim bolansoň, ýazgylaryňy şu sahypadaky musulmanlara şu aýda edilýän uly hormatsyzlyk hasapladym.
Düşünmedik zadyň barmy?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Eljogap :) Quote: hristiyan

Eljogap :)

Quote:

hristiyan agzamyz, diplomadyn ynanjyna garşy şu kanun yörayami bilemok, ony diplomadyn özi aydaymasa, dinine garşy sylagsyzlyk edilyarmika?

Diplomat, ýagny Sylap, islän ýazgysyna we blogyna şikaýat edip bilýär, eger ynanjyna hormatsyzlyk diýip kabul etse. Men diňlemäge razy. Başga gep, men Sylabyň jedelli temalaryny okamok. Ol bolsa, şondan keýp alýana meňzeýär. Onsoň kimiň jedelde näme diýeninden habarym ýok. Emma Sylap bilýändir, käbir gören zatlarymyzda agzalara duýduryş berdik, Sylaby goldadyk.
Ýöne ýagdaý üýtgänok, Sylap bize nirede haýsy ýerde ters zat aýdanlaryny bildirse, biz elbetde muňa serederis!

Quote:

forumda yslam dini bilen kesişyan zat yazmak gadaganmy?
meselem: "muhammet pygamber aslynda hudayyn pygamberi dal" yada "huday yok" diymek, yslama garşy sylagsyzlyk bolyamy?

Yslam dini bilen kesişýän zat ýazmak umumy manyda gadagan däl, isläniňi ýaz. Emma ýazara sebäp bolsun, ýagny "trollyk" etme. Sen Yslamy ýamanlamagy maksat edinýäne meňzeýäň, bu bolsa bärdäkilere hormatsyzlyk. Sarkazmly, ironiýaly peseldiji ýazgylar bolsa bar ýazjagyň, bu gadagan. Haçana çenli çaga gürrüň edeli?! "Hudaý ýok" diýmek bir zat, "Hudaý ýok, sebäbi astrofizika/biologiýa..." diýmek ýene bir zat, "Hudaý size ýorunja oruşdymy" diýmek has başga biderek zat. (Bu bir mysaldyr)

Quote:

eger dal bolsa, nahili, haysy derejelerde, şekilde yazmaga rugsat berilyar?

Mysallar ýokarda. Meselem, men syýasy temada diktatorlyga gaty garşy, senem bilýäň. Ýa öňki prezidentiň bir topar edenleriniň ýalňyşdygyna ynanýan. Emma blog açsam bir okara zat ýazjak bolýan, bir tankytlara sebäp goýýan. Meselem, "okuw 9 ýyllyk boldy, onuňam belli %y pagtada, galany Ruhnama sapaklarynda we ş. m."
Meselem, sen aýdyp bilersiň "Muhammet Pygamber şeýle diýýäler welin, hakykatdanam okamagy ýazmagy bilýän dälmidir. Özünden düzen dälmidir Kurany?" (haşa). Garaz sebäp bolsunda.

Quote:

Forumda açylyan beyleki bloglaryn her 10syndan biri dini temaly. Forumyn 98%i hem musulman. Elbetde size garşy yazylanlary halamarsynyz, yöne musulmançylykda beyleki pikirleri gadaganlamak diylen zat yokdyra?

Ýok. Meň edenlerimi Yslamyň adyna alma. Seň blogyňy aýran men. Men bolsa bir şahsyýet, özüme jogap berýän, din adyna däl.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ine aýran temama özüň

Ine aýran temama özüň nähili garaýanyň şu ýazgylaryňdan belli bolýar. Sen oýnaklamak üçin açdyň ony.

Jenap-Che wrote:

hamana, men, şona menzeşrak, bir zat çykarsam ynanardynyzay..
size taze süre yazayyn beter islesen:
"Ey iman edenler, akylly bolyn, terbiyesizlik etman." (Jenap süresi no:1 )
men yazan süramin namesi kem?? namesi erbet?? gaty manyly bir zat yazdym. boldymy. bolmady diyersiniz. sebabi gurhanda menzeşi yazylyp bolunmayar diyilyar, siz şona ynanyanyz.

ýa-da

Jenap-Che wrote:

ruhnama 1nji kitabynyn köp bölegini okadym, şonun içinde, taryh, matematika, edep-ahlak, din, jemgyyeti öwreniş, ykdysadyyet, pahim , akyl we ş.m. ahli ylymdan-bilimden zatlar bar.
we özem türkmen dilinde. gurhança bar şonunam öwredyan zatlary. hatda türkmenler üçin gurhandan has peydaly.

Bu sorag dälde, eýýäm seň öz pikiriň. Temaňy sorag diýip açýaň, adamlary janykdyrýaň (Troll'yň häsiýedi). Soňam öz pikiriňi ýazýaň, hiç üýtgemejekdigini görkezýäň. Adamlaryň gahary gelip başlaýa. Saňa köp aýtdyk, "bolýa, seň pikirleriňi bildik we hormat goýýarys". Ýöne ikide bir musulmanlaryň arasynda "Ruhnama Kurandan peýdaly" diýip gaýtalap oturmak näme sylagsyzlyk dälmi?
Ine Güýçden alan jogabyň

Bayat-Hajy wrote:

Myrat, shu yazyan yazgylan yaman yerliksiz-ay... terbiyesizligin "goz cykarmak" derejesine yetdin. Jubine pul giryami ya garnyna ash dushyami yslam dinini yansylap bir zat yazanynda?!
Shu taydaky agzalan in az 98%-i musulman, sylashyk-hormat diyen zat bolmazmy sende?
Dogrulap aytsan, barypyatan bihayalyk, utancsyzlyk shu yazyan zatlaryn.

Seni gowy görýädik, ýöne gowy ýoldan çykdyň, hiç kimi äsgereňok. Onsoň bir gün jogabyňy alarsyň.

Ýöne sen şol temada "mertlerçe" dowam etdiň, munça adamyň gaharyny getiribem. Ýazan diňe Güýç, emma gahary gelen, ýa kemsidilen has kändi. Sen öz oýnaklamagyňa dowam etdiň, ara-çägi bilmän:

Jenap-Che wrote:

Gurhan bilime ters daldir diylipdir.

* Gurhana göra ilkinji adamlar (pygamberler) uzyn yaşapdyrlar. hz. Adamata 930 yyl, Hz. Nuh 950 yyl.
** Bilime göra ilkinji adamlar, hazirki adamlardan gysga bolupdyr, Hatda Rimliler ortaça 40 yyl yaşapdyrlar, indikiler bolsa 60-70.

* Gurhana göra Adamatan ogly Abyl dayhan, Kabyl çopan bolupdyr.
** Bilime göra dayhançylyk we çopançylyk, dineje sonky 10 mün yyllykda çykan zat. Önküler awçylyk we iymit yygnayjy bolup onupdyrlar.

we ş.m. ters zatlar bar..
Aslynda Gurhanda bilim barada kan zat yazylmayar.

Ine muňa ýene bir jogap:

Mergen wrote:

Myrat, yene-de 1 sorag:
Sen musulmanlaryn bashagayrak bolup yoren Ramazan ayinda ozune guymenje tapmanson shular yaly mowzuklary tazeden dikeldip, agzalarynam dini damarlaryna basyp, oz isleyan mowzuklarynda has kop yazmaklaryny gazanmak isleyanmi ?? Ala bole shu wagt "keyp berip" bashladymy sheyle offencive zatlar yazmak ?
Telpek goy

Sen gör öz ýazanlaryňy. Başda sen medeni soraglar bilen başlaýaň, hamala hakykatdanam bilesiň gelýän ýaly. Ýok, asyl maksat oýnaklamak, pese düşürmek we ş. m. Özem diňe Yslam dinine garşy. Açýaň, 1-2 ýazgy sorag. Yzam diňe oýnaklamak.
Ýadatdyň gardaş.

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (5 kisiden 9 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "1000 telpek!"
  • Guljemal 5 telpek goyyar we yazyar: "hemme zatdan indi habardar boldum"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • abatyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy sazlapsyn agam!"

Gowy "erteki" yazypsyn

Gowy "erteki" yazypsyn gutlayan.

yokarda men adymdan berilen zatlaryn ahlisi jogapdy, we "jogap berilen kommendi" yazmazdan men jogabymy yazmagyn gowy bolmandyr, sebabi manysyz bolup dur. we şol sebapli beyleki agzalar mana garşy küşgerilyan yaly gördüm.
Sorag diyip, dineje sorag yazmaly diylen zat yokdyr-a, öz pikrimi yazman kimin pikrini yazayyn? başda sorag yazyldy, jogap geldi, sonra menem pikrimim yazdym, munda ters zat göremok.
Adamlar jogap bermesede bolardy. Yöne beyle etmediler, jogap beryanler bardy, yagny düşünişmek isleyanler bardy.
Bayat-hajy aşagynda "bagyşla" diyipdi, sebabi name üçin şeyle yazandygymy ona düşündirdim. Ony bolsa goymansyn.

sen yokarda yazypsyn:

Quote:

Meselem, sen aýdyp bilersiň "Muhammet Pygamber şeýle diýýäler welin, hakykatdanam okamagy ýazmagy bilýän dälmidir. Özünden düzen dälmidir Kurany?" (haşa). Garaz sebäp bolsunda.

menin gurhan-bilim tersleşmesi barada pikrimin namesi gabat gelenok? şuny ayratyn düşündirmegini isleyan.

Mergenin yazanyny görmedim.

Men hawa sorag bilen başladym, emma düşünişmek üçin, söhbetdeşlik üçin beyle giriş etdim, aslynda sypayyçylyk diyip şeyle etdim. Göni "gurhan beyle-gurhan eyle" diysem, "hormatsyz" diyilerin diyip pikir etdim.
Soraga jogap berdiler, sonra menem öz pikirlerimi aytdym. oynaklamok men. pese düşürmek dal-de, dogryny görkezmek niyetli yazyan. özümçe "dogrylar", yagny öz pikirlerim.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Bu zatlary okamandym

Bu zatlary okamandym. Bah gaty gynandyryjy,men muny yazanyn hakyky ateistdiginede ynanamok.Hakyky ateistem beylekilere sylagy bardyr. Kochede mashynyn yzyndan ylgayan ite ,edyanin yalnysh diysen dushunmez, belki olam belli derejede dushuner.Ozuni bilimli hasaplayan sumaklar kop ekenow yashap yorsen...

men özüme hiç haçan

men özüme hiç haçan ateist diymedim.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Onda budistmi

Onda budistmi, ya bashga birzat?

"Agnostik", türkmençelesen

"Agnostik", türkmençelesen "bilinmeyançi", Alla bardyr ya yokdyr, 2 tarapam doly subut edip bilmeyar. we şon netijesinde, dinlere düybünden ynanmayar. yöne ateistler yaly "yokdyr" diyip hem durulmayar.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Diymek duran yerinde

Diymek duran yerinde peshap dursynda.Sen diymek oz ozun 2 tarapdan haysy bar diyip subut etjek bolyan, ve munam basharanok , ve munyn netijesindede duran yerinde pesheyan. Sana in gysga vagtda haysy bolsada birini kabul etmegini dileyan. Yone sen ateistligin nahili biderek dushunjedigini kop kishiden gowy bilyan.Yone sen shol okayan yerine, kop kishinkiden ustun aklyna, bilimine garamazdan hazirem pesheyan bolsan gynandyryjy we chalt ochersin...

Elementar zatlara bular.

Elementar zatlara bular. Seň pikiriň bolup bilýär, üýtgeşik bolup bilýär. Emma sen ony hökmän zöwledip gaýtalap ýörmeli däl.
Sen meselem nudist bolup bilersiň. Emma "men nudist" diýip her ýere ýalaňaç giriberseň bir gün arka tarapdan agaç sokmaklary mümkin.
Sen orslary ýigrenip bilersiň, emma Orsýede gidip orslaryň eýlesi eýle, beýlesi beýle diýiberseň, netijesini özüň bil.
Sen geý bolup bilersiň, emma geý dälleriň üýşen ýerine baryp, beýlekileriň nähili ters zada ynanýandyklaryny samahallap ýörseň, bir gün almytyňy alarsyň.
Sen ateist bolup bilersiň, emma dine ynanýanlaryň arasyna baryp, sarkazmly, oýnakly ýazgylary olaryň baýramçylyklary gidip durka aýdyp ýörseň, seni azyndan ýigrenerler. Sebäbi seň maksadyň gowy däl başdan.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

sen beren mysallaryn

sen beren mysallaryn hemmesinde, "erbet adam"y men bilen denapsin. nudist (yalanaç adam), gey, orslary yigrenyan we ş.m.
sen şolary geylerin arasyna baryan, normal adam, nudistlere name üçin şeylediklerini gürleşmek isleyan, normal adam yaly pikir edip gör.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

berlen mysallar ýerlikli.

berlen mysallar ýerlikli. Ol saňa: "ynha, sen şul!" diýmändir, diňeje deňeşdirme getiripdir, ýagdaýa düşünmegiň üçin!

A sen bolsa ýene özüňkini gögertjek bolýarsyň.

Men aşakda ýazaýyn-la kä zatlary!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

şol mysal yerlikli bolsa,

şol mysal yerlikli bolsa, şeyledaki rollary tersine goyup gör.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

tapawudy ýok, ha sen

tapawudy ýok, ha sen bolduň, ha men, ha dogrusy boldy, ha tersi! Ýöne şu ýagdaýda bärde bir sen bar=> 2+2=4 !

Galyberse-de, aşakda Baýram hem gowy jogaplapdyr munyňy!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Isleseň mysaly tersine

Isleseň mysaly tersine bereýin.
Sen diýeli normalniý adam, Afrika adam iýýänleriň adasyna gidýäň. Baryp olaryň warwardyklaryny we medeniýetsizdiklerini aýdyp ýörseň, tutup iýerler.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

muhammet pygamber in başda

muhammet pygamber in başda yeke başlapdy.
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Dogry aýdýaň. Ýöne

Dogry aýdýaň. Ýöne Muhammet Pygamber başlanda nädip musulmanlyga çagyranyny bilýäňmi?
-Alla bir diýene jennet bagyşlanýar
diýip. Göni başlapdyrmy "köp aýallylyk bolanok, şerap bolanok, 5 wagt namaz we oraza hökmany"? Başda Mekkäniň muşriklerine nahar berip, gowy ýola çagyryp, öz ýolunyň gowy, arassa we hak ýolydygyny düşündirjek bolupdyr. Adamlaryň ýagdaýyny ýaňsylap güljek bolmandyr!
Ýogsam üstlerinden gülmek isleseň az zat barmydy?
1. Öz gyz çagalaryny ýere gömýän kapyrlar
2. Öz hamyrdan ýasan putlaryny ajygan wagty iýýänler
3. Hapysalykda aňry gidenler
4. Aýaly hiç zatça görmeýänler
we ş. m. Emma seniň niýediň Muhammet Pygamberiňki ýaly (haşa) bolsa, ýagny öz pikiriňe çagyrmak bolsa, seň niýediň we hereketleriň Muhammet Pygamberiňkiden şeýle daş welin, özüňi Muhammet Pygamber bilen deňäniň aýyp bolup dur.
Muhammet Pygamberiň bütin 63 ýyllyk ömrüni lupanyň aşagynda seredip 1-2 sany kiçijik mesele tapjak bolup gaýrat edýän müňlerçe müşrik bar. Ol şeýle gowy adam bolupdyr welin, aýdara zadam kän däl. Emma sen özüňi deňäsiň gelse özüňe seret, yzyňa müňlerçe adamy däl, 10 adamy toplap biljekmi Muhammet Pygambere bagly boluşlary ýaly? Ýa öz hereketleriňe seret, kemçilik azmy?
Meniňä eden kem işlerimiň sany-sajagy ýok, seni bilmedim.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Telpeg-ow, jigim!"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

bolya Muhammet pygamberin

bolya Muhammet pygamberin ömrü barada blog açsam pozmarsynyzmy?? kabir delillere dayanyp, gülmezden yansylamazdan, seryozna açsam?
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

gülmezden yansylamazdan

gülmezden yansylamazdan diyengde öng gülyaningi boynynga alyan yaly many hem bar:(
onsong sen hem bizing yazjak delilli ömrü hakynda yazanlarymyz kabul edersingmi:):)

Ramazan gutarsyn,

Ramazan gutarsyn, açyber!
Emma şertlerine özüň düşünensiň nesip bolsa! Ýagny hormat çyzyklaryny geçme. "Muhammet Pygamber barada" diýip öňem karikatura çyzdylar. Senem sarkazmyňy we oýnaklamagyňy dowam etmejek bol!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Men bilesim gelyan zat bar

Hormatly Bayram aga bu sayta Moderlan ve Admin(lan) saylowy bolyami?
Eger yilda bir saylow gechirsek nahili garayaniz shu mesesla? Yada saylov barda men habarim yokmi?
Yada on yali zat bolup bilmezmi?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • abatyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Söz beripdim, berekella nesip etsin!"

Saýlaw günde geçirse

Saýlaw günde geçirse bolýar. Admine saýlaw ýok, adminlik tehniki iş, başarýan bar, başarmaýan bar. Men adminligi başarýan adam däl.
Moderlige saýlaw baş üstüne. Geçireli, isleýäni moder edeli hatda.
Näme üçin soraýaň?
PS Ýylda bir gezek gaty seýrek. Bärde ýylda 3-4 gezek moder saýlanýar
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Gowy pikir aslynda, sahypada

Gowy pikir aslynda, sahypada namedir bir zadyn saylawlaryny geçirip dursak has gyzykly bolar. Gyzykdyrmak üçin telpek sistemasy bar emma telpegin gadry yok. Gadry yok zadyn gyzygam bolanok. Barde bir realite bar - her kim Allah ryzasy üçin çykyş edip bilman biler, belki başda öykünmek, gyzykmak bilen baş goşarlar, sonra gawun gawundan renk alyp gider.

Telpeklerin sany ya-da ses berlişik şol saylawlarda rol oynasyn, sahypanyn mejlisi bolsa nahili bolar?

Bärde sen Moder bolsaň hem

Bärde sen Moder bolsaň hem zat ýazyp bolýar, Moder bolmasaňam! Tapawudy näme?! Çatdaky ýaly eýtdim beýtdimlik ýoga!:)

Gowy teklip eken sagja bol

Gowy teklip eken sagja bol dost, hemmelere berere telpegim yok, inşallah bolanda bererin SÖZ.

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • ata 5 telpek goyyar we yazyar: "sözüňi ýerine ýetirmegiň üçin!"

Menden Jenap Che Barada!

Ilki bilen Jenap che Barada beyle önyargılı bolman.Garşılık bolman ösüş bolmas .Bu da fizikada bir kanun.Jenap Che şeyle zatları yazmasa,siz belki has çunnur pikir etmersiniz.Gündüzün gadırı gijeden biilinyar.Tomusun gadırı gyş bolanı sebapli bilinyar.Şeyle kişiler hem aslında gerek.pikir edin dine gündüz vagtı bolsadı dünyade.Gündüzün gadırı bilinmezdi.Yada tomusun gadırı bilinmezdi.
--Meselanin 2 yüzü bar.biri görünen tarapı beylekisi arka yüzü.Arka yüznde şeyle zatlar bar.
Owadan gyzların gadırı ,hümmeti yüzleri çirkin gyzları görenimizden bilinyar.Yöne yüzleri çirkin bolanlar hem aslında gözeldir.Sebap diysen şeyle gözel meselani düşünmeğmizie sebap bolyar.
Jenap che nin diyjek bolyan zadı haysı gözlük geysen şeyle görersin.Gara
gözlük geysen durmuşı gara görersin.Sarı geysen sarı görersin.gyzyl geysen gyzyl görersin.
Ol öz gözlügünü saylap alıpdır uje.Menden maslahat gözlügün çirkin renkine girmakan, başka gözlüklerdenem geyip gör.Ve dine geymek yetenok.Inanmak birinci adim.

Güzel gören ,güzel düşünür.Güzel düşünen hayatından lezzet alır.

Kendi Ülkemiz Anne,Başkaların Ülkesi Üveyannedir...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Yone shol gozlugi

Yone shol gozlugi geyende, ilin yuregini bulaman geysen, onun geyen gozlugine bizin sylagymyzyn bolshy yaly, onunam bashga gozluk geyenleri bilip, oz edyan ishinin gadryny bilse ne yagshy. Yone yokarda onun pozulan yazgylaryny okanda, oz gozlugine degdiresi gelenok, yone ilin gozlugine degesi gelyar diyip dushundim mena...

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Düşünemok. Men hiç kimi

Düşünemok. Men hiç kimi düşünjesi sebäpli inkwizisiýa ibermek ýaly metodlara goşulamok, öňýargylam däl. Emma biri çagalyk edýän ýaly ýöne aýdylana, haýyşa (haýyşam etdim), ündewe seretmän, özi özünden närazy ýaly ýazyp otursa, görşümiz ýaly minimum 5-6 adamy halys edip, gaharlandyrýar.
Özem bir hili ýazýan zatlarynyň ujypsyz %i şol bolsa, onda hiç, gel bolýa diýseň...
Bu temany bolsa ÖZI açypdyr menden, aýlap öwrüp, jogap sorap. Menem jogap berýän.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Egerde azar berlip

Egerde azar berlip durulmaýan bolsa onda blog birneme erkiniräk bolsa gowy. Her kimiň kellesi egninde. Menä birki gezek blog açanda käbir zatlary üýtgedipdirler. Aý onsoň meniňä göwnüm geçdi...tmolympiad.org-dan

Barsini

Barsini "Tmolympiad'a/moderlere bolan pritenzianyz" mowzugyna owurmek gerek dal ObaOglany, eger aytjak goyjak zadyn bar bolsa degisli mowzukda, ya-da ozun achypjyk aydyber, bizem sebaplerini yazarys. OK ?? Barde bolsa dini mazmunly bloglar barada yazybermeli!
Galyberse-de, shahsy sahypany birnache yerde reklama edip, link berip durmasan, uytgedilen zat bolmazdymyka diyyan !

Galyberse-de, shahsy

Galyberse-de, shahsy sahypany birnache yerde reklama edip, link berip durmasan, uytgedilen zat bolmazdymyka diyyan !

---------------
Sahypa link bermek nämä zyýan berýär! Erer-de men bir ýerden maglumat alsam oňa link bermeli bolar ahry?
www__aaa_tm ýaly edip çykmagyň manysyna düşinemok. Näme bolýar eger-de www.aaa.tm görnüşli bolsa?

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • ata 3 telpek goyyar we yazyar: "sahypalaryň üçin!"

ObaOglany, bäriň kanunlary

ObaOglany, bäriň kanunlary şeýle eken diýip gaty görme!
aktiw link goýulsa, üstüne basylýar we tmolympiad-dan düýpli çykylýar, bu bolsa "page rank"-iň azalmagyna sebäp bolýar. A beýleki ýagdaýda bolsa, "kopy-paste" usuly bn täze sahypadan açylyp bilner. Muny Mergen has gowy düşündirendir ýa düşündirer-dä islese!

Seň sahypalaryňy gördüm, örän haladym, berekellah!
Şahsy infoňda aktiw halda, ýa goluňda inaktiw halda ulanyp bilersiň, munda bir garaw ýok bolmaly!

PS: Telpek berjek häzir :)))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men kasetany yza sarap,

Men kasetany yza sarap, tazeden gaytalap oturjak dal, yone sheyle mysal bereyin:

Hergun agsham diyen yaly birgiden "Taze ulanyjy"-larymyzy pozyan, meselem shu gun pozanlarym:

Gorushin yaly, ~13 adam, we bu dine 1 gunin netijesi !
Name uchin pozdum ?? Shahsy maglumatlaryna goz gezdirmek yeterli.
Hersininki birgiden musor sahypa link beryar.
Indi sen mana ayt. Link goymakdan chorek yok bolsa, sholar sheydip
yorerdilermi ??

Galyberse-de, PR hasaplanylyshygyna goz gezdirsen govy bolar,
ya-da sen internet'den bashyn chykyan adama menzeyan, ozunden
bilip onune <no follow> goysan, onda sen link'lerine degen bolmaz,
bizin sahypamyzda entak automatiki usulda no follow goyar yaly edilmedi!
(Bu-da limitini bilip goysan, yogsa her mowzukda 1 reklama gormek isleyan
bardyr oydemok !)

Anyways, yokarda hayisht etdim pritenzialaryny degisli mowzuklarda
yazmagy, yone gaty yazmak islan bolara chemeli !
Onsonam Turkmenlerde 1 nakyl bar: "Iti sychan yerinde ur" diyip,
eger men eden ishimi erbet zat sheklinde kabul eden bolsan, pritenzialaryny
shol yerde, gyzgyny bilen aytsan govy bolar, son biderek zatlar
uchin nache wagtlap ichinde gahar/oyke gezmeli bolmarsyn, uyshurip-uyshurip
birdenem yarylmarsyn !

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "wezipäň, yhlasyň üçin"

Hääääääääääääää

Hääääääääääääää indi düşindim! Sen Meni haýsydyr bir sahypa link berip şondan "çörek iýýän" hasap edipsiň öýdän! Kimler üçin dogry bolsada bu meniň üçin nädogry. www_obaoglanyda-ha bar bolan tm sahypasyny jemlemek isledim, beýleki bloglarda bolsa hemme üçin peýdaly sahypalardan maglumaty linki bilen goýdum!

Quote:

"yokarda hayisht etdim pritenzialaryny degisli mowzuklarda
yazmagy, .....!
Onsonam Turkmenlerde 1 nakyl bar: "Iti sychan yerinde ur" diyip,"

- Meni "iti syçan ýerinde" urmanlygym üçin Bagyşla!!! :)
Men şol ýerde düşünişmän ýenede özüme zyýan edipdirin. biraz kine sakladym gaharym geldi. Meni AFFet :)
Nesip bolsa internetde ähli talyplara peýdaly boljak maglumatlardyr sahypalar bar. Şolary ulanmak barada blog ýazsam rugsatmydyr.Mysal üçin Internetde mugt sahypalary döretmek we nädip, we şonuň üçin mugt ýerler barada,???

Adam shekilli dushundirildi,

Adam shekilli dushundirildi, nahili dushunsen sheyle dushun, we dykgatlyja okamany owren, sana shol ishden chorek iyyan diyyan yok, yone shonun bize minusynyn bardygy aydyldy !!

Anywats, natsen sheyt, yone Tmolympiad'yn shertleri shul !!!

Baý meň düşünmeýänim

Baý meň düşünmeýänim şu sähel bir zady eşden adamlaryň bary närazy bolaýýar. ObaOglany, temaň nämedigine bir göz aýlaman offtop ýazýaň, onsoňam häzir "moderler meni ýene gysýa" diýersiň.
Moder saňa sebäp berýän bolsa, pikir etde gör, belki ol dogrydyr?

-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

bah.. diyyana .. her gezek

bah.. diyyana .. her gezek başy onat başlaya da sonuny gapyşdyryp goyyanyzay..:D ahyra barjak yerimiz şo gara toprak welin her kim her hilek bolup barjak da..:D

mowzuk barada: Myrat, saňa

mowzuk barada:

Myrat, saňa näçe aýdyldy "...şeýle dine dil ýetiriji ýazgylar ýazma..." diýip. Goluňa din, Hudaý barada betgelşik, bihaýa ýazgylar goýup (haýyş edip aýyrdylypdy), dinde zenanlaň pesligi barada, bilime Kuranyň tersligi barada zatlar ýazyp we ş.m.

Saňa bal ýaly düşündirildi, ýöne düşünmediksirän bolup, sorag soranam bolýarsyň!
Seň ýazgylaňda eýläk ýatsaňam, beýläk ýatsaňam Yslam dinini, şol sebäpli-de, oňa tabyn bolan biz musulmanlary ýaňsylama bar. "Men pikirimi aýtdym, pylan-pismidan.." we ş.m. diýip, bahana ýazma, ýaňsylamagyňam baryp ýatany, onda-da mübärek Remezan aýynda!

Saňa aýdyldy "ýazma şu ýaňsylaýjy ýazgylaryňy.." diýip. Adam bolan adam düşüner şuňa, sen bolsa şol "eje-eje" diýip dursyň! Soňam kanundan gürrüň berjek bolýaň!

Saňa 1 teklip edeýin kän ýazgymy uzatman:

Ses berlişik açaly "Yslamy ýaňsylaýjy ýazgylar şu sahypada ýazylsynmy ýa ýazylmasyn?!" diýip. Çykjak netijä görä hereket edip biljekmi?! Sebäbi, şu ýeriň hemmesi diýen ýaly musulman we seň bu babatdaky biderek we samsyk ýazgylaryňy okap, elbetde, gaharlanýandyrlar, ýojardaky kommentler munyň şaýady!

Saňa " bu sahypadan git, seni islämzok" diýlenok, ýöne "seň şu tetelli ýazgylaryňy islämzok" diýilýär. Şuňa düşünýäň gerek?!

Ýene bir zat, saňa şu ýagdaý aýdylýar welin, torsarylan bolup:"Men indi hijem ýazjak däl, meň bar ýazgylarymy aýryň.." diýen bolýarsyň! Şony diýeniňe 1 hepde-de geçenok we sen beter ýazýarsyň, özem şol dine gülýän ýazgylaryň!

Ynsap-how, Myrat!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: Goluňa din, Hudaý

Quote:

Goluňa din, Hudaý barada betgelşik, bihaýa ýazgylar goýup (haýyş edip aýyrdylypdy), dinde zenanlaň pesligi barada, bilime Kuranyň tersligi barada zatlar ýazyp we ş.m.

Ine şunyň gaty dogry Atamyrat aga, men aýyrypdym şol goluny. Onsoňam aýdan bolýa "men nirede hormatsyzlyk etdim?". Borda...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"...şeýle dine dil

"...şeýle dine dil ýetiriji ýazgylar ýazma..."

Aýdyň delili bolmazdan diňe bir Yslam dini däl islendik bir dini ýaňsylamak samsyklykdyr. Egerde Yslamy ýaňsylaýan bolsa Magtymgylynyň "doňuz derýa neýlär it üýrüp aýa" setri ýeterlik.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "goldawyň üçin!"

Şu bloga uzyn we delilli

Şu bloga uzyn we delilli ýazgylar ýazjakdym başda, soň garaşyp göreýin diýdim. Men näme pikir eden bolsam, Baýram hemmesini ýazypdyr, hem-de şeýle örän oňat usul bn we kanagatlandyryjy. Hatda, meň pikir etmedik zatlarymy hem şeýle gowy ýazypdyr - haýran galdym we begendim! Şop üçinem bir giden telpek berdim oňa - berekellah!

Şol ýazgylara-da düşünmejek bolýar blogyň eýesi - muňa-da örän haýran galýaryn we gynanýaryn!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Diplomadyň goldawlaryna

Diplomadyň goldawlaryna gelsek:

Sylap, seň ynanýan Isaňa gülüp ýazgy ýazsa, sen oňa düşündirseň, olam ketjallyk edip, şol gülmegine dowam etse, sen näme ederiň?! Özem hakykaty bilýän halyna!

Men şony goldamok, beýleki köp sanly agzalar hem! Garaz, ýazgylaryna, umuman, goldaw berýärsiň onuň, ýöne edil şu mowzugyň açylyş maksadyna laýyklykda, oňa goldaw berip ýalňyşýarsyň pikirimçe! Garaz, senem, bizem bar we 1 bolan Allaha ynanýarys! Şoň iberen dinlerine ynanýarys! Gülmesin şolara!

"Sorag soradym, pikirimi aýtdym..." - bular bahana! Görnüp dur!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata ildeş seniň pikiriňe

Ata ildeş seniň pikiriňe hormat goýýan! Meniň goldaýan zadym mumkin boldygyndan söz azatlygyny saklamak, we bilşiň ýaly söhbetdeşligiň janrlary gaty kän, garşyňdakynyň pikirini nädogry çykarmak üçin ýada üstün gelmek üçin gürlemegiň dürli metodlary ulanylyp bilinýär. Elbetde garşydaşyň ýaňsylamak ýada üstüňden gülmek bilen gürrüň alyp barsa onda söhbetdeşlik iki taraplaýyn gowy geçmeýär. Myrat ildeşiň maksady biziň nädogrydygymyzy düşündirmek bolup, üstümizden gülmek bolmasa onda gürrüň dowam etdirip biler. Onuň özi men ýaňsylamok, meniň jedeli alyp barmak metodym şeýle diýip duran soň, men onuň erkin gürlemegine ýol berilmegine goldaw berdim. Ondan başgada ol özüniň düşünjesine laýyklykda gürrüň alyp barýar, kimdir biri Biribara ynanmaýan bolsa, onda biziň ynanýan zatlarymyz oňa akmaklyk ýaly görnüp biler we muňa laýyklykda ol bize garşy gürrüň alyp baryp biler. Injilde hem şeýle sözler bar: "Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir. Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär. Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy. Özlerini akyldar saýyp, akmak boldular...Cünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmaklyk, biz-gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr. Çünki:"Men akyldarlaryň akyldarlygyny weýran ederin, düşünjelileriň düşünjesini güýçden düşürerin" diýip ýazylgydyr"
Eger adam oýnaklaýan bolsa, diňe maksat ýaňsylamak bolsa onda gürrüň dowam etdirilmese gowy bolar! Emma gahara ýol bermezlik, hoşniýetlikden ugur almaklyk biziň borjumyzdyr! Çünki Biribar ýamanlyga ýamanlyk bilen jogap gaýtarman, ýagşylyk bilen gaýtargy beriň, ýagşyl dilegler ediň diýdi!

Men indi onarsam

Men indi onarsam sen yazgylaryna jogap yazmamaga synanshjak, bu inshallah son bolsunda. Yone sana yekeje sozum bar, jedele giryan, eger ustun chykjagyna goz yetirip bilsena dowam edyan, yone egerde dishlirak biri jogap yazsa, ve tupige girsen srazu ol yerden gashyanda bashga bir yer gozleyan ozune.Bilemok dushundirip bildimmi, gysgacha aydanynda mekir birine menzeyan.

Gadyrly ildeşler, eger

Gadyrly ildeşler, eger söhbetdeşlik gyzykly we öwrenmäge bir zat bolsun diýseňiz onda Myrat ildeş ýaly biriniň edýän gürrüňlerine gaty görmäliň we gaharlanmalyň. Mümkin boldugyndan jogap berjek bolalyň. Çünki dürli pikirler we dürli maksatdan ugur alan gürrüňler bolup biler, emma biziň borjumyz eger kimdir biri nädogry düşünýän bolsa dogry düşündirmegi başarmak, sabyrly bolmak, gaharlanmazlygy öwrenmekdir. Umumy düzgünler bolsun, emma diňe bir toparyň ýada bir diniň, bir syýasy pikiri goldaýan birtaraplaýyn düzgünler bolmasa gowy bolar. Kritikany diňlemegi hem başarmak hem bir sylagdyr. Ýazylan zada 5-6 sany adam gaharlanar, emma belki 10 adam gaharlanmazda gürrüňi dowam etdirer. Kimdir biri sabyrlylyk tapyp düşündirmäge çalyşar. Ondan başgada kime şol gürrüň gyzykly bolsa şol bloga baryp gürrüň eder. Myrat ýaly ildeşimiziň biziň köpümize garşylykly gürrüň edýän gürrüňlerinden hem birzatlar öwrense we öwretse bolar. Elbetde men düzgünlere hem garşy däl, ýöne düzgünler umumy bolsa, ýagny hapa sözler aýtmazlyk, göni link goýmaly däl we sh.meňzeşler.

Maksat garşyňdakyny

Maksat garşyňdakyny oýnaklamak we ýaňsylamak bolsa, bolanok Sylap. Şu barada hiç hili bazarlyk ýok.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Sylap, senem YOJ-da, hatda,

Sylap, senem YOJ-da, hatda, mastera,özem hukuk barada okap bilim alyp ýörsüň. Düşünýänsiň-ä ýagdaýa?! Myradyň ýazgylaryna we biziň janygyp, bu babaytda oňa haýyş edip, ýazgy ýazyp, näräzylyk bildirmegimizi we ş.m. görüp dursyň, onsoňam oňa goldawa dowam edýärsiň - munyň bolanok, Sylap! Dogry düşünersiň bu ýagdaýa diýip umyt edýän. Ketjallykdan başga zat däl-ow şol.

Haýsy-haçana çenli sabyr-aý?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sylap sen uchin

Sylap sen uchin hapa sozun kriteriasy name?Gysgajyk mysal ,

Quote:

"Ey iman edenler, akylly bolyn, terbiyesizlik etman." (Jenap süresi no:1 )
men yazan süramin namesi kem??

shu yazan zatlary hapa soz aytmakdan yza galjak zatmy, men muny "sen namani name name edeyin" diylen sozdenem beter hapa hasaplayan.Bu soz sen ynanyan dinin uchinem aydylyp bilerdi, we hatda sheyle bolsady munada aramyzdan dur gadyrdan beyle diyme diyip orta chykjaklar kop bolardy. Shu sozi admindir moderlerinem hapa hasaplayandyklaryna shek shubham yok. Diymek hapa hasaplanyan blog yada commentleri pozmagada haklary bar,hatta dushundirilsede dinleman yene onki edyanlerini gaytalap yorse, barden kowmagada. Bu saytdakylar bir butinligi emele getiryar menche, kopchiligem halamasa ol hereketini gaytalamaly dal bolyar.Shumahal sizin biderek sozlerinizden yana bashga name yazjagymam bilemok...Yone shundan artykmajam gerek dalmika diyyan...

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "menem goldaýan!"
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

"Gurhandaky sürelere

"Gurhandaky sürelere menzeş süre yazyp bolmayar" diyilse, şonyn şeyle daldigini, adam şekilli düşündirmek islesem, başga nahili yazyp bilerdim, Bayram, ata, Reschik, 3niz gayrat edip mana aydayyn??
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Saňa gep düşündirip

Saňa gep düşündirip ýadadym menä.
Menem Remezandan soň bir dini soragly tema açmakçydym. Şonda görersiňdä nähilidigini. Sabyr edibermeli, az galdy Remezanyň soňuna.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

3niz hem şeyle gaharynyz

3niz hem şeyle gaharynyz geldi şol yazanyma, emma men beren "nahili şeyle daldigini adam şekilli düşündirip bilerin" , soragyma kanagatlandyryjy jogap berip bilmediniz.
bu sizin başdan yalnyşyandygynyzy görkezyar, jogap berip bilman, gayta gaharlanyp, akmak, pes pikir edyan, oynaklayan, yaly sözler bilen üstüme minjek bolup dursunyz. edil şuna menzeş yokarrakda hem Bayrama soradym.
Anyrda hem nameüçindir jogap berilmandir.

sen sonra açanda, "özün musulman adam hökmünde" dini blog açarsyn.
emma men sen yaly musulman dal, men nahilisini açmaly?
2 gün galdy, göreyli. :)
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Men saňa hiç haçanam

Men saňa hiç haçanam "akmak" diýmedim. Oýnaklaýanyňy aýtdym, seniň ýazyşyň şo manyny berýär.
Meň bilen gürleşýän bolsa, meň aýdanlarymy aýdaý.
Men seň medeniýetsizdigiňem aýdyp biljek. Biriniň üstünden ideologiýasy üçin gülnenok, ýa "alaý edilenok", ýa sarkazm edilenok. Etseňem, çaky-çeni bar, ýüzüne garap, köpçüligiň arasynda, özem köpçülige aýdylanok. Men ateistleri az görmedim. Özem seň ýaly "ateist" ýa "agnostik" däl, olar hakyky ateistler, agnostikler. Arasynda şeýle çaga hereket edýäni görmedim. Aýdýalar, geçýäler. Gelip musulmanlaryň arasyna girip maksatsyz ýazgy ýazanoklar.

Sen Alla bar meni ýadatdyň soňky 1-2 aýlykda. Gowy görýän oglanym Myradyň ýerine başga birini goýan ýaly bolupdyr. Nesip bolsa, saňa garaýyş diňe mende üýtgändir, başga dost-ýar, dogan-garyndaşyňda üýtgän däldir. Emma meň sabrym tükenýär, türkmen "oýnasa ogly ýeňer, çynyrgasa atasy" diýýär. Ýüz görmek geçer bir gün...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

:)

Jenap-Che wrote:

soragyma kanagatlandyryjy jogap berip bilmediniz.

bal ýalam jogapberip bilýän, ýöne saňa şol jogaplary beresim gelenok, Myrat! Barybir, oýnaklap, bilýänsumaksyrap garşy jogap ýazjagyň belli! Ynsaplyja bolup, berlen dogry jogaplary kanagatlyk bn kabul etjegiňi bilsem, iş edinip jogap ýazjak-la wah, ýöne bolaýanok-da bu sende. Ýaňsa alarmyň nämemi diýip, meň-ä höwesim gaçdy. Ýogsa delilleri bn hem subut etse bolýar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kici gowunli 1 telpek goyyar we yazyar: "Ata aga kul etdiney . Alla razy bolsun. Olar her zat diyip bahana ederler "

Dimek sen barada

Dimek sen barada gaty yalnyshypdyrysda.Sen bilimli birine menzeyadin, yone gaty pes derejede pikir edyan ekenin, ay name diyjekda, senem bir ynsan we aklyn dineje gozun goryan zatlaryny pikiredip bilyan ekenda...

Resul şunyň bolanok. Ol

Resul şunyň bolanok. Ol pes derejeli pikir edýämi sen nädip bilýäň?!
Onsoňam, bu mylakatly däl, häzir olam seni peslejek bolar.
Gowusy, şahsy tankyda geçmän, pikir tankydynda galmak.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

yene-de jogap yok-da diymek.

yene-de jogap yok-da diymek. gaytam meni yamanlamak bilen bolyanyz.
belki soragy unydansynyzdyr.
"Gurhandaky sürelere menzeş süre yazyp bolmayar" diyilse, şonyn şeyle daldigini, adam şekilli düşündirmek islesem, başga nahili yazyp bilerdim?

diplomat, yazanlaryn, hakyky yokary dereje medeniyetli adamdygyny görkezyar, sagbol, maslahatlaryn, we pikilerini barik yazanyn üçin.sen yaly türkmenler köpelsin.
dini hökman dal. sen yaly düşünjeli bolsa yeter. sen nahili pikir edyan men soragym barada?

_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Baýba... ýazanyň üçin

Baýba... ýazanyň üçin bahana şolmydy?

Dogrymy aýtsam, saňa çydajak bir diplomat bar öýdýän, oňam forumy we inet sahypasy bar. Äpbede-jüpbe bolup gürrüň ediň :)

PS Ýalňyş düşünme, seni kowýan ýok
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "ha-ha-ha :)) dogry!"
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Hormatly

Hormatly Jenap-Che senin dushunjane ve inanjina hormat goyyan . Kopjilikde yashajak bolsan her hilek pikir edyan adam bar . Haysi bir adamyn pikrine dushunjesine garshi gelip yorjegay. Onsonam Bashgacha dushunyanler bolmasa dogry dushunyanlen tapawudy galmazdi.
Geleli Kurani Kerim ve ayatlarna. Buzatlar barada kan kitap ve kan ispatlar bar dunyade yone bu saytda dal. Belkem bu saydin agzalaram bu zatlara jogap berip sana dogry dushundurup biljekdir oydemek. Aslynda bir zada baha berende bashda shoni govi tanamaklyk gerekmika diyyan. Yogsam beryan bahan yada sho barada diyyan sozun kan bir agramy galanok. Men maslahatym kuranyn tevsirini okamak ve bu barada yazilan kop ilmi kitaplary okamak son bu barada pikir yoretsen dogry bolarmika diyyan. Kurani kerimi dogry tanyan Bissmark yalak kapirlaram Kuranyn beyikligi ve mukaddes kitapdigni kabul edyan bolsa diymek bir zatlar bar bolaymasin ... Garaz yenede sen dushunjane hormat goyyan.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Reschik 1 telpek goyyar we yazyar: "Bismark wyjdanly eken,shonun uchin..."

Myrat ildesh, Saparmurat

Myrat ildesh, Saparmurat Niyazow, Biblia we Kuran koneldi, 21 asyryng talaplaryna layyk gelenok, bu sebapli Huday mening yuregime Ruhnamany yazmagy berdi, diyip taze kitap doreden bolsa we hatda Kuran bilen deng derejede goyup halky okamaga we owrenmage kop yagdaylarda mejbur eden bolsa we muna hukuk berilen bolsa, onda sana hem isleseng kitap hem yazyp bilersing diymek isleyan:):)!!
Bilshimiz yaly her bir din barada hem hristian bolsun, budda bolsun, islam bolsun munyyllyklaryng dowamynda kritiki chemeleshmeler bolup gechdi, durli makalalar we dushunjeler yayradyldy. Olara dine sabyrlylyk we parahatlyk bilen chemeleshmeli, hich hachan gahar yada zorluk bilen chemeleshmeli daldiris!

diplomat wrote: Saparmurat

diplomat wrote:

Saparmurat Niyazow, Biblia we Kuran koneldi, 21 asyryng talaplaryna layyk gelenok, bu sebapli Huday mening yuregime Ruhnamany yazmagy berdi, diyip taze kitap doreden bolsa

Shu aydanlaryny 1 cheshma dayandyryp biljekmi diplomat ?? T.e. Turkmenbashy hachan/nirede "Biblia we Kuran koneldi" diydi ?? Turkmenbashyn agzyndan Biblia sozuni eshidenim yadymda dal, yone hem shuny, hemem "Kuran koneldi" diyen sozlerine cheshme gorkezsen govy bolar.

Mergen dost, Niyazowyň

Mergen dost, Niyazowyň şeýle diýip aýdyp duranyny türkmen watan habarlarynda eşitdim, emma bu 2000-nji ýada 2001 şol Ruhnamanyň resmi taýdan çykarylmagyndan öňräk bir eden gürrüňlerinde şeýle diýipdi. Men anyk güni ýadyma düşenok. Muny doly tassyklamak üçin bolsa Niyazowyň şol döwürlerde Telewizorda eden çykyşlarynyň arhiwiniň hemmesine seretmek gerek bolarmyka diýýärin. Beýle mümkinçilik bolsa gynansakda ýok! Niyazowyň Bibliýa diýip agzandygyna men ynanýan, bir gezek Niyazow şol bibliýadan Musanyň halky nädip 40 ýyllap çölde ýolbaşçylyk edendigi we olaryň imansyzlygy baradaky gürrüňi özüniň alyp barýan syýasaty bilen hem deňeşdirip gürrüň edeni ýadymda. Injil ilkinji gezek Türkmen dilinde çykanda we Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynda resmi prezentasiýa edilenden soň Injili oňa sowgat hökmünde berendiklerini eşitdim.

Bularyn dine "eshitdim,

Bularyn dine "eshitdim, ynanyan, we bolmaly" diplomat, argument dal !!
Menem dinledim shol 2000'daki gurruni, yone "Gurhan indi koneldi, men kitabym on yerini tutar" yaly gurruni senden eshidyan...Yone, "Ruhnama dini kitap dal" diyenine shayat bolup biljek, ichinde dine dayandyrylan zatlar bolsa-da on mazmuny din dal. Hz. Musa'nyn halky nadip 40 yillap cholden gechireni 100 yerde bar, hokman biblia salgylanyp aytmagy hokman dal ony !!
Gepin tummek yeri, fakt'lary isleyshin yaly oynama, gulagyn bilen eshitmanine men 100% emin, sen oz isleyan sozlerin bilen yazyan yalnysh many berjek sheklinde ! Quote edyan bolsan, idili et, ya sozme soz, ya-da takyk shol manyly, ya-da "yalnyshmasam shey diydi oydyan" zat diy, elin bilen yazyp alan yaly yazma! Adamlara yarym-yamalak argumentlendirilen, yalnysh info bermek govy zat dal!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Telpek!:)"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mergen, men Niyazowyng

Mergen, men Niyazowyng mening yokarda aydyshyma menzesh edip aydanyny eshidenim yadymda! Mening sozlemim yaly doly sozme soz aytdy diyip biljek dal. Munung sheyledigini, Ruhnamanyng dashynda doredilen propoganda hem kabir derejede tassyklayar. Eger mende Niyazowyng gurrunlerining doly arhiwdaki zapisi bolsady onda men muny sana fakt bilen tassyklap bilerdim. Gynansakda ol mende yok, munyng sheyle daldigini tassyklamak uchin bolsa sende hem sheyle arhiw yok. Bu sebapden 100% sening eshitmanine guwa gechyan diyip emin bolmagyng hem nadogrydyr!
Emma Ruhnamanyng dashynda doredilen zatlar munyng sheyle yada beylediginig subutnamasy bolup biler. Mysal uchin: ruhnamanyng metjitlerde hem owredilmage mejbur edilmegi, yagny altynjy guni ruh guni, shol gun hem metjitlerde ol kitapdan undew edilmeli diyilip talap edilmegi, Turkmenbashy metjidining minaralarynda we diwarlarynda ruhnamadan ayatlar yazylmagy yaly zatlar. Niyazowyng: "Ruhnamany uch gezek okan, jennete dusher" diyip aydandygyny kabir adamlardan eshitdim. Shular yaly zatlaryng mening aydan gurrunime goshant goshyar!

Bar diyeli

Bar diyeli Niyazow sholary diyenmishin(sen aydyshyna gora mishin),shol kitabi kim isleg bn okady, nache yyl okady, kimler goldady.Shol kitabi isleg bn okanlaryn sany gaty azdyr menche, we uzak surmedi ol kitabin her yerlerde okalmagy, kimler goldady, yagchilar goldady.Nadip okadyldy, dayadip okadildi.
A Ylahy kitaplar nahili,Kuran, Injil, bulari dayadip okadyalarmi ya adamlar oz isleglerine gora okayalarmi? Nache wagt bari okayar adamlar.Kimler goldady diymayin, hichkimin goldawyna matach dal ol kitaplar. Bu kitaplar dayadip okadylmady hich kime,nache wagt bari okayarlar diysenem, shol kitaplarin dunya ineni bari. Shonun uchin, kim bu kitaplara ozlerini denan bolsalar olar dineje ve dineje shirkegirendirler.Myradynam diyyanleri mundan yza gaydanok, egerde seme, goldayan bolsan ony, onda sen Hz. Isanyn yzyny eyeriji bolup edyan ishlerin hemmesi puch bolaymasyn, sebabi Hz. Isada Hz. Muhammedin geljegini bushlapdy, senem ony yalanlayany goldayan bolsan bilmedimda...

Resul ildeş, hawa seniň

Resul ildeş, hawa seniň ruhnama baradaky aýdanlaryňyň käbiri bilen ylalaşýan, men ony okamaly we iň wajyp diýip hasaplap oňki ýazan zatlarymy ýazmadym. Men Myradyň konkret beren soragyna jogap hökmünde we jogabymy hem degişme ýaly edip jogap berdim. Men onuň Ylahy Kitaplara bolan negatiw pikirlerini goldamok, emma soraglary bar bolsa we pikiri bar bolsa ony bize bildirip biler, bizem mümkin boldugyndan düşündirmäge çalyşarys.
Hawa men Isa Mesihe ynanýan we Onuň görkezen ýoly bilen ýaşamaga çalyşýan. Injiliň hiç ýerinde hem Muhammet pygamber bolup geler diýip aýdan ýeri. Muhammet barada Injil hiç hem gürrüň edenok. Bu diýýänleriň faktlara esaslanmaýar!

Sylap biz oz

Sylap biz oz dinimizde, onuncha kitabimiza seredyas, sonra bolsa kitapda aydylmadyk bolsa Pygamberimizin eden hereketlerine, aydan sozlerine (Sunnetine) seredyas we shona gora hereket edyas. Sen Injilin hich hili adam eli degman gelishi yaly arassadyr diyiba bilenok, sebabi nache sany Injil bar, yone Hristiyanlykdada kitapda aydylman, Hz.Isanyn eden hereketlerine gora edilen zatlar bardyra.Diymek kitapda diyilman Hz. Isa oz havarilerine diyip bilmezmi, ya sen dine kitaba gorami?

Resul, sen ilki bilen

Resul, sen ilki bilen birzada düşünmeli, Injil Hudaýyň Sözi we Hudaý ony goramagy başarýandyr. Bu sebäpden, Injile ynanyp bilersiň. Ondan başgada, Injil bu Isa Mesihiň durmuşy we taglymatyny beýan edýär. Munuň üçin, Isa Mesih durmuşy esasynda iman edip ýaşaýarys. Isa ýaşaýşy bilen hem, öwreden zatlarynda hem ene bir pygamberiň geljekdigini aýtmady, we Isa Mesihiň gelmegi bu adamzadyň gutulmagy üçin Hoş Habar bolsa, onda ene bir pgamberiň gelmegine zerurlyk hem ýok!
Bilşiň ýaly gadymky pygamberler Isa Mesihiň gelmelidigini aýdyp geçipdirler we Isa Mesih Özi baradaky aýdylan ýüzlerçe pygamberlikleri berjaý edip bildi, bu hem Onuň şol aýdylanyň Özudigini subut edýär. Bu sebäpden Injili okap öwren we oňa imanly bol!

Men Injilin Allanyn

Men Injilin Allanyn sozidigine hich hili shek shubham yok.

Quote:

Isa Mesihiň gelmegi bu adamzadyň gutulmagy üçin Hoş Habar bolsa, onda ene bir pgamberiň gelmegine zerurlyk hem ýok!

Dimek sen Yslam dinini Allanyn ugradandygyny, Hz. Muhammedi we Kurany kabul edenokda sheyle gerek?Turkmenchesini bilemok yone chelishka dushyan yaly sen...

Resul, sen diplomata nache

Resul, sen diplomata nache argument getirsenem ol barybir koche gurruni
edip, gepi bashga yana urmagy basharar...Menem oglanlar bilen ible birgiden
quote edip argumentler getiripdim "Hosh habar" mowzugynda, shona 1 goz gezdiray,
eger yazylmadyk zat bardyr oytsen, onson goshuber....

diplomat wrote:

Isa Mesihiň gelmegi bu adamzadyň gutulmagy üçin Hoş Habar bolsa, onda ene bir pgamberiň gelmegine zerurlyk hem ýok!

Shu yazanyna diplomadyn ozem ynanmaly dal eger hakyky hristian bolsa, sebabi Hz.Isa "Men size entak kop zat aytmaly, yone sizde entak ol zatlara dushunjek capacity yok" diyyar(John 16:12 I have yet many things to say to you: but you cannot bear them now.)

Yzyndanam Muhammet Pygamberin geljegini bushlayan bolmaly, yone hristianlar ona "Holy spirit'i bushlayar" diyyaler. Ona-da argument getirip, daldigini subut edipdik, hatda Muhammet pygamberin "Men ozumden gurlamok, mana aydylanyny menem size aydyan" diyenini 1-1 dendigine uns chekipdik. Ynha:

Mergen wrote:

John 16:12-13

12 I have yet many things to say to you: but you cannot bear them now.
13 But when he, the Spirit of truth comes, he will teach you all truth. For he shall not speak of himself; but what things so ever he shall hear, he shall speak; and the things that are to come, he shall show you.

13-nji verse bizin Gurhan'ymyzyn yazylyshyna harpma harp uyyar, yagny "For he shall not speak of himself; but what things so ever he shall hear, he shall speak;" diymek bilen, Muhammet pygammerin message'ni aydyar !!!

2 Diplomat: holy spirit' hemishede Hz.Isa'nyn yaninda-dy, yone ol "Men gitmesem ol(spirit of truth) gelmez, men giderin ve ony ibererin" diyyar, onson yene-de
"Holy spirit"="Spirit of truth" diyyanmi ?? Holy Spirit' hemishe'de dunyadedi Hz.Isa yashayarka, ona Father'den message'ler getiryadi, yone verse'de name uchin Hz.Isa "Men gitmesem ol gelmez" diyyar eyyam yaninda bolan zat uchin ?? Yene-de logika yok, Holy spirit bolup bilmeyar ol zat !!

Eger shol mowzukda bolmadyk argument yazmajak bolsan, zahmetine gynanyan mena, sebabi sen yadamasan diplomat yadamaya yazmakdan...Menem yokardaky yazgymy uzadyp biljek, yone elinde 1 cheshme-de bolman, dine "eshitdim" diyyan adam bilen argumentli gurrun alyp barmakda many yok!

Telpekler (5 kisiden 8 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "aý, sen daýow-a!"
  • Guljemal 3 telpek goyyar we yazyar: "bu blokda kop zat oyrenyan :)"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Reschik 2 telpek goyyar we yazyar: "Mergen inshallah diyenlerini goz onunde tutaryn, hazir shol diyen blogyna goz aylajak..."
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Ine inni hakyky telpek goyyan!"

Mergen men senin

Mergen men senin Sylaba beren shu soragyndan sonra kop zada dushundim...

Quote:

Hmm...In sonky eden statement'in arkasynda durup biljekmi ?? Yagny Gurhan'daky gapma garshylyk diyyan zadyny gorkezip biljekmi ??? Shuny etmesen sen bosh gurrunli bolyan sebabi sen oz kitabyny aklajak bolup bashga kitaby biderek yere peseltjek bolyan !!

Ol bu soraga hich hili jogap bermandir. Men ona onem aydypdym, basylmaga bashlan mahaly gachyada ozune bashga yer gozleyar diyip...

Mergen men hiç haçan hem

Mergen men hiç haçan hem köçe gürrüň etmedim, getiren her bir argumentiňe, özümiň pikirim bilen dälde, Injiliň diýýänleri bilen jogap gaýtardym. Seniň bu getiren aýatlaryň hiç birisi hem Muhammet barada ýada başga bir adam barada gürrüň edenok. Eger bu teksti kontekste okasaň hatda dördünji klas okuwçy hem düşünýär. Isa Mesihiň gürrüň edýäni, Hakykat Ruhy bolan Mukaddes Ruh hakynda gürrüň edýär.
Injilden getiren aýadyňyň hem diňe özüňe laýyk ýerini goýupsyň-da diňe Ýahýa 16:12-13 getiripsiň, yzyny bolsa, ýagny şonuň yz ýanynda we öň ýanynda aýdanlaryny welin ýazmansyň. Yzyndaky aýatlara seret: 14"Meni şöhratlandyrar, çünki Ol Meniňkiden alyp, size bildirer...Ondan öňki bapda Ýahýa 15:26-27: "Atadan size iberiljek Göwünlük Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda güwälik eder. Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz...Şol kitabyň 14nji baby 15 aýatdan başlanýar: "Meni söýýän bolsaňy, buýruklarymy berjaý ediň. Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik berijin, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşar we siziň içiňizde bolar...Meniň adymdan (kimiň adyndan)Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi—Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň (kimiň?)aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar." Isanyň Hakykat Ruhy barada aýdanlarynyň birini kabul etjek bolsaň başgada Ol hakynda aýdanlaryny kabul etmeli bolarsyň we düşünmek üçin olaryň hemmesine seredip düşünip bilersiň. Bu her bir kitaby okasaň hem şeýledir. Ýazgy okalanda hemişede kontekst, ýagny öňünden we soňunda ýazylan zatlar bilen bilelikde we bir zat baradaky ýazylanlary göz öňünde tutup okalmalydyr. Eger biri birinden üzňelikde okalsa onda nädogry düşünje emele gelip bilýär!
Men Mukaddes Ruh barada başgada gaty kän ýerde doly düşündiripdim. Ine olaryň biri:

Quote:

Indi bolsa seniň getiren aýatlaryň hakynda, gel tazeden şol Injiliň aýatlaryna seredip geçeliň. Ýöne seretmezden öň Isa Mesihiň kimlere bu sözleri aýdýandygyny we haçan aýdandygyny hem oýlanyp geçeliň. Isa Mesih bulary özüne şol döwürde iman eden ilkinji şägirtlerine bu dünýäden gidip barmagyna yakyn wagt galanda, ýagny erdäki soňky günlerinde aýdandygyny ýatdan çykarmalyň. Mundan başgada bu aýatlary bütin kontekstden aýryp düşündiriş bermeli däl. Isa Mesihiň ol aýatlardan öňki we soňky aýdýanlary bilen bilelikde düşündirilmeli. Beýle bolmasa kimdir biriniň aýdan sözüni özüňçe ýorup ýda düşündirip bolýar. Bu sebäpden her bir tekst kontekst esasynda öwrenilmelidir. Saňa bolsa maslahat Yahýanyň Hoş Habarynyň 14-nji babyny başyndan okap gör we oňa iman et. Onda hakyky imanly bolarsyň. Mukaddes Kitabyň bir ýada başga bölegine iman etmän her bir sözüne iman etmegimiz bolsa wajypdyr.
Seret Isa Mesih näme diýýär şägirtlerine: Yahýa 14:15-19 “Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. Mende Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz....” şol babyň 26 aýady “ Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ) —Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.”
Gel bular hakynda oýlanyp geçeliň: Isa bu wadany Özüniň ilkinji şägirtlerine wada berdi we tiz wagtdan Göwünlik beriji bolan Mukaddes Ruhy aljakdyklaryny aýtdy. Ol Mukaddes Ruhyň bolsa olaryň hemişe içinde boljakdygyny aýtdy. Isa Mesih ölüp direlenden soň, şägirtlerine görünip şeýle diýdi. Şol Yahýa kitaby 20nji bap 19-22: “Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ehudylardan gorkularyna gapylary gulpla, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olarayň ortalarynda durup: “Size parahatlyk!” diýip, olara ýüzlendi. Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. Isa olara ene: “Size parahatlyk! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men-de sizi iberýärin” diýdi. Soňra bolsa olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: “Mukaddes Ruhy alyň. Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, ol bagyşlanar, kimiň günäsini geçmeseňiz, ol geçilmez” diýdi.Bu barada Mukaddes Ýazgynyň başga bir ýerinde şeýle diýip ýazylan: “Isa görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi. Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: “Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň (ýagny wada edilen Göwünlik Beriji Mukaddes Ruha) Siz ol wadany Menden eşitdiňiz...Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Yahudada, Samariýada, Eriň tä soňuna çenli Men iň şaýatlarym bolarsyňyz.” Bular nämäni görkezýär, ýagny Göwünlik beriji –Mukaddes Ruhyň olara tiz wagtda ýagny Isa ölüp direlip, göge çykandan soň ilkinji birnäçe günlerde Mukaddes Ruh Onuň şägirtlerine inýär we olar Mukaddes Ruhdan dolýarlar. Bu wada hiç bir ýagdaýda Muhammet bilen baglanyşykly däldir, Muhammet Isa göge gideninden 560 ýyl soňra dünýä geldi we ýaşap ölüp gitdi. Mukaddes Ruh wadasy olaryň içinde Isanyň beren wagtyndan başlap hemişe bardy we tä Muhammediň döwrüne çenli hem, ondan soň hem, bu gün hem her bir Isa Mesihiň adyndan iman edenlerde bar bolandyr we baky bolar. Bular gysgaça Mukaddes Ruhyň geljek wagty barada.15 bap 26-27 “Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda guwälik eder. Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz." Bu aýat esasynda Mukaddes Ruhyň, ýagny Göwülik berijiniň (Paraçlete) güwäligi barada. Ýokardaky tekst we başga tekstler “Parakletiň” kim hakda güwä geçjekdigini aýdýar? Paraklete Isa Mesih hakynda güwälik eder, şägirtler kim hakynda güwälik eder, Isa Mesih hakynda dünýäniň soňuna çenli güwälik ederler. Dünýäniň soňy geldimi, elbetde ýok, dünýäniň ähli halklary Hoş Habary eşitdimi, köpüsi eşitdi, emma heniz hemmesi däl. Muhammediň döwrüne çenli ähli milletlere Isa Mesih hakyndaky HOŞ HABAR wagyz edilip etişildimi? Ýok! Göwünlik Berijini —Mukaddes Ruhy kim kabul edip bilýär, Isa Mesihe iman edenler, çünki başgalar Ony tanarmy, ýok, çünki Isa ýokardaky aýatda şeýle diýýär: “Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz....” Bular esasynda, Mukaddes Ruh arkaly Isanyň Özüniň olaryň arasyna gaýdyp geljekdigi aýdylan. Ondan başgada “ Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.” Bilşimiz ýaly, Isanyň ilkinji şägirtleri, Isanyň taglymatyny eşiden, Onuň durmuşyny gören, ol bilen gije gündiz ýöräp Ol barada şaýat bolanlardyr, bu sebäden Mukaddes Ruh gelip olaryň içinde ýaşap, olara Isa Mesih hakynda ähli zatlary ýadyna salyp öwretdi, bu sebäpden Isanyň şägirtleri, bilşimiz ýaly, durmuşlarynyň ahyryna çenli Isa Mesih hakynda wagyz etdiler, imanlylara öwüt ündew etdiler we Isa Mesihiň tagltymatyny düşündirdiler we bular bilen bir hatarda olar hakynda ýazgylar galdyryp Hoş Habaryň wagyz edilmegi ugrunda janlaryny hiç kime zyan salmazdan gurban etdiler.
Isleseň Paraklete hakynda gaty köp zat aytsa bolar, emma hazirlikçe bu hakynda şular.
Soňunda bolsa seniň oýlanyp görmegiň üçin: Isa Mesih hakynda Hoş Habary Onuň şägirtleriniň wagyz edişi ýaly edip Muhammet wagyz etdimi? Isanyň şägirtleriniň Isa Mesih hakynda halklara parahatçylyk bilen wagyz edip, Onuň adynyň hatyrasyna yzarlanyp, özleri bolsa hiç kime zyýan ýetirman, öldürilişleri ýaly, Muhammet we onuň yzyna eýerýanler, Isa Mesihiň adyny wagyz edip, şolar ýaly boldylarmy? Bu gün Islam Isa Mesih hakyndaky hakyky HOŞ HABARY wagyz edýärmi, ýada munuň deregine, Isanyň Hoş Habaryna garşy göreşýärmi?

Men sen bilen gerek yerinde

Men sen bilen gerek yerinde gurleshdim bu zatlar barada, bu mowzugy hem sen 1 propaganda yerine owurmek niyetim yok, yone shol mowzukda "Subut edip bolmasa-da, shol sheyle, siz ynanaymaly" manysynda 1 zat yazypdyn, we men gulup goyupdym gurruni...Shu wagt gozlap yormage yaltanyan, yone gaty goresin gelse tapyp berip bilerin belki ! Yokardaky yazanlaryn bolsa yene-de sen komentarialaryn, "context'e gora hakyky manysy" boldygy dal, sebabi menem senche bilyan shol context'i, 1-2 gezek okap gechen zadym dal !

Anyways, menden nokat shu mowzukda, we men yokardaky post'y sana yazmandym, t.e. beren jogabyn yeterlik hasap edyan bolsan, tmolympiad'daky on yazan yerine link bermek bilen yetinip bilerdin, yogsa barybir onchany okayan bardyr oydemok !

Mergen meniň saňa ýazyp

Mergen meniň saňa ýazyp eden gürrüňimiň niresinde delilsiz siz ynanaýmaly diýip ýazdym. Men hemişe hem ýazanlarym üçin Mukaddes Ýazgylardan delil getirýän.
Ýokardaky ýazanlarym bütin Ýahýanyň ýazanlarynyň manysydyr, sen ony hakyky kontekstinden aýyryp gürrüň edýäň. Sen şol mysal getiren aýatlaryňy alan kitaba ynanýaňmy, ynanýan bolsaň hemmesine ynanmaly dälmisiň. Bölekleýin ynanýan bolsaň, bölekleýin hem bilersiň. Isa Mesihe düşünjek bolsaň, Ýahýanyň Isa Mesih barada ýazanlarynyň ählisini ugur alyp düşünmäge çalyş. Gözlegiňde honest bol! Injil ýaly kitap hiç ýerde hem ýok, eger ondaky ýazylanlara iman getirmegi ret edýän bolsaň başga zatlaryna nähili ynanjak.

Resul, sen öz aýdan

Resul, sen öz aýdan sözüňe bir ynanýarmysyň: Resul ýazýar:

Quote:

Men Injilin Allanyn sozidigine hich hili shek shubham yok.

Eger Injil Allanyň Sözi bolsa, Alla ony goramazmy? Elbetde, gorar. Çünki Ol gudratygüýçlidir. Munuň şeýledigini aýdýan bolsaň onda Injili oka we ondaky Hudaýyň saňa aýan edýänlerine iman et!
Siziň problemaňyz bolsa, Injil Allanyň Sözi diýip-de ondaky ýazylanlara iman etmeýändigiňiz!

Haysy Injil barada gurrun

Haysy Injil barada gurrun gidyar?

Allah Adam ata-da sahypalar

Allah Adam ata-da sahypalar iberdi, Nuh pygamabere-de, Ybrahym aleýhissalama-da.
Hatda, Dawud pygambere , Musa pygambere-de (kowumlaryna, halkyna) Zebur we Töwrat atly kitaplar iberdi. Şolar barka, pnda näme üçin Isa pygambere Injili iberipdir, Sylap?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata dost, Hudaý Adam ata

Ata dost, Hudaý Adam ata sahypalar ibermedi, Hudaý Adam ata bilen göni gepleşipdi, soňky pygamberler bolan Nuh, Ybraýym bilen hem dürli ýollar bilen gürelşipdi. Musa bolsa ýanýan çalynyň içinde Özüni ilkinji gezek aýan edipdi. Musa bolsa Hudaýyň ondan öňki pygamberler bilen gepleşiklerini, Hudaýyň sözlerini, durmuşda başdan geçirenlerini, ilkinji gezek ýazga ýagny kagyz ýüzüne geçiripdi. Hudaý oňa şeýle etmegi buýrupdy. Dawut hem Zebury, Süleýman Pähimler kitabyny ýazypdyrlar. Ondan başgada birnäçe pygamberlere Hudaý dürli ýollar bilen aýan bolup, kalblaryna ylham bilen sözüni berip olar hem dürli pygamberlikler kitabyny ýazypdyrlar. Hudaý Töwratdan başlap Isa gelýänçe ýaşap geçen pygamberler arkaly gyzyl ýüp ýaly Özüniň Mesihdäki gutulyş planyny başdan başlap ýuwaş ýuwaş aýan edip gelipdir. Bu sebäpli, Isa Mesih baradaky pygamberler ýüzlerçedir we müňýyllyklardan öň hem aýan edilip ynsanlar tarapyndan garaşylyp gelinipdir. Injil bolsa şol Halasgäriň, asyrlar boýy gürrüňi edlýän Mesihiň gelendiginiň, Onuň dogulyşy, durmuşy, taglymaty, ölümi, direlişi we gaýdyp geljegi baradaky habardyr. Şol müňýyllyklaryň dowamynda gürrüňi edilen we garaşylan Hudaýyň wada eden Gutulyşynyň gelmegi hem Injil -Hoş Habardyr. Bu sebäpden, Isa Mesih aýratyn, Oňa Injil gelmedi, Onuň Özi Hoş Habardyr. Hatda Isa Mesihe -Hudaýyň SÖzi diýilmeginiň özi hem munuň şeýledigini subut edýär. Bilşiň ýaly Kuranda hem bu tassyklanýar, ol ýerde Isa Mesihe "KelamAllah" "RuhAllah" diýilýär. Injilde bolsa: [b"Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaýdady.Söz Hudaýyň Özüdi...Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady."[/b]diýip güwä geçýär.
Ene bir ýerde, Isanyň iň ýakyn şägirdi şeýle ýazýar: "Ýaşaýyş Sözi hakda ozal-başda bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. Ýaşaýyş aýan boldy, biz ony gärdük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris." Isanyň bolsa, ene ahyrzamanda gelip saýlananlary,ýagny Özi hakyndaky Injile hak ýüzünde iman edenleri ýanyna ýagny Hudaýyň jennetine aljakdygy aýdylan. Bular sebäpli, ene bir pygamberiň gelip başga bir habary getirmegi gerek däl, kim-de kim Hudaýdan bolsa, ähli döwürler we dünýäniň soňuna çenli Hudaýyň gutulyşy bolan Isa Mesih barada gürrüň etmelidir we iman etmelidir. Muňa garşy bolan ger bir zady Hudaýyň Ýazgysy "antikrist, mesihe garşy göreşiji, ýigrenji" diýip at berýär!

Sylap, men Yslama görä

Sylap, men Yslama görä ynanaryn, sen bolsa hristiýanlyga görä.
Şoň üçinem men "4 pygambere kitap indirildi we onlarça pygambere-de sahypalar iberildi" diýip biljek çeşmelerimize görä. Sahypalary geçeýin, ýöne kitaplar şeýle:

No - Kitap - Pygamber
1 - Zebur - Hz.Dawud
2 - Töwrat- Hz.Musa
3 - Injil - Hz.Isa
4 - Kuran - Hz.Muhammmed (SAW)

Galyberse-de, biziň çemelere görä Adam ata Biribar bn gönüden-göni gepleşmedik bolmaly ýer-ýüzüne indirilensoň. Oňa dini hökümlerini beýan edýän sahypalar iberilen bolmaly. Çeşme görkezjek däl, ýöne wajyp diýseň, gözläp, tapyp goýmaly bolaryn. Biribar biziň çeşmelere görä gönüden-göni bir Hz.Musa we Hz.Muhammed (SAW) bn gepleşen bolmaly. Belki-de, beýleki käbir pygamberler bn hem gepleşendir, ýöne men-ä biziň çeşmelerde şu çaka çenli görmedim şol ýagdaýy. Gören bar bolsa aýtsyn-la!

Hz.Isa barada-da her mukaddes kitapdyr sahypalarda bardyr welin, Hz.Muhammed(SAW) baradaky ýaly giňişleýin berlen dälmikä diýýän!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata jogabyň üçin

Ata jogabyň üçin minnetdar!
Saňa bir sorag, Hudaýyň Sözi pygamberlere nähili gelipdir, olar kitap görnüşinde aşak inipdirmi? Bu barada islamyň düşünjesi we seniň düşünjäň nähili?

Sylap, bu blog gereginden

Sylap, bu blog gereginden köp uzady, şu soragyňa we başga-da soraljak dini soraglara jogap bermek üçin, aýratyn blog açmakçy! Enşallah, şol ýerde jogaplaryn. Enşallah, peýdaly bolar we ýüzüme-gözüme bulaşdyrmaryn! Allah meniň we maňa bu babatda goldaw berjekleriň kömekçisi bolsun! Allah, bu babatda gaýrat edenlerden razy bolsun we Habybyna, Jennetine we Jemalyna wasyl etsin/gowuşdyrsyn! Ämin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata, bolýar jogabyň

Ata, bolýar jogabyň garaşýan!
Sen arapçany nireden öwrendiň? Öwrenmäge kyn dilmi, men öwrenjek bolsam, nireden başlasam gowy bolar?!

Men arapça düşünemok,

Men arapça düşünemok, ýöne okap bilýän türkmençe ýaly. Kuranyň manysyny bolsa, türkçeden okap bilýän. Şu wagt doly türkmençä-de terjime etmekçi bolup ýörün welin, enşallah, şu ýaltalygymdan çykyp, gaýtadan yhlas bn ýapyşaýmasam, maňa eýgertmez. Bu babatda wezipelendiräýmesem birnäçe tanyşlarymy hem, ýogsam, şeýle kyn bu wezipe 1 ýa as sanly ynsanlar üçin!

Öwrenmek üçin ýörite internet sahypalary hem bar arapçany okamaga, ynha, şu ýerde agza bolan Obaoglany-nyň dini sahypalary bar, hatda, seniň sahypaňy we hristiýan dini barada birnäçe maglumatlary hem şol ýerden tapsa bolýar. Onuň sahypasynyň ady:

www_mugallym.narod.ru
esasy aşakdaky linkde we şol ýeriň iň aşagynda-da rus dilinde arapça öwrenmek barada birnäçe link bardyr.

www_mugallym.narod.ru/alfabit/index.htm

Professional/ussat ýagdaýda arapçany nädip öwrenmelidigini hem ýa şol linklerden ýa-da internet arkaly gözläp, ýa gerekli kitaplaryny alyp, ýa-da gönüden-göni kurslara gidip öwrenäýmeseň, men-ä başga bilmedim-dä!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! maslahatlaryň üçin köp sagbol!"

eyyam zadniy berip bashladyn

eyyam R goyup zadniy berip bashladyn:
1. yokarda aydyshyma menzesh edip aydany yadymda: diyipsin? menzesh edip aydany name bolya? bu 100% goldanok.
2.ruhnama 3 gezek okan, jennet dusher: diyeneme birinden eshidipsin? bulam sana goshant goshyan bolsa, men sana aydayin, eger senem ozuni ynanchly adam diyip pikir edyan bolsan, shol aydan pikirlen yalnish bolsa,,, seni Isa Mesih hem komek edip bilmez, sebabi gaty uly gunalere giryanliginden habaryn bardyr diyen umuty bilen sana ullakan NOKAT.

Meniň pikirlerim Niyazowyň

Meniň pikirlerim Niyazowyň Ruhnama barada edenleri we diýenleri barada ýalňyş däl. Bularyň hakykatdygyny köp adam tassyklap biler. Ruhnamanyň Türkmenleriň janynyň merkezi ýaly edilip propoganda edilmeginden hem bu belli.
Isa Mesih hemişede kömek edip bilýär, çünki Ol bu gün hem diri we ahyrzamanda hem gelip saýlananlary Öz ýanyna aljakdygyny wada berdi. Ol beýleki pygamberler ýaly ölüp direlmedik däl, Isa Mesih ölüp ene-de direlen we baky biziň bilen bolýar!

Sylap olmek olmekmidir,

Sylap olmek olmekmidir,yada olmek direlmekmidir. Sen olum barada bir topar zat yazypdyn, men yone kopusini okamadym. Hz. Isa diri we baki bizin bn bolar diyyan, dimek sen olmeyanda,yada sen barde olyande beyleki dunyade direlyan. a Pygamberler bolsa oldi, direlmediler, yadanam yadanam oldiler, beyleki tarapda direldiler. Gaty chylshyrymly pikirlerin zadyn baray sen...

yadamadyngyzmy shu

yadamadyngyzmy shu gurrunglerden , mena bizarlar boldum,nache okamayn diyyan bolanok. name jedel etyangiz, biderek zat uchin.
goningizden gelip aydyng,
1.myrat aga siz bizem ozung yaly ataiest etjek bolyangmy?
2.Sylap aga siz bizi Hristian etjek bolyangyzmy?
goningizden gelip aydyng, sizing shu yazyan zatlaryngyz shonga baryar ikingizkam,

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Dogry! aytyan we gynansakda arzuwlaryna yetip bilmezmika diyyan!"

ahyry ýaryldyňmy :)) eý,

ahyry ýaryldyňmy :))

eý, men jogap berip başlasam gowy boljak welin, başga bir wagt, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bah hawa etjek bolyalar

Bah hawa etjek bolyalar namesi gen?
elementar zatlara nadip dushunenok hayran sana.

Selbi uýam, meniň maksadym

Selbi uýam, meniň maksadym seniň ol ýada bu dine geçmegiň däl-de hakykaty bilmegiň we özüň saýlamagyň! Hoş Habar diýilýän Injil hakynda we ondaky Isa Mesih baradaky gürrüňleri original çeşmesi bolan Injilden gürrüň etmek, Hudaýyň Injildäki ylahy taglymatyny durmuşyň her bir meselesi hakynda aýdyp geçenlerini ilimize aýan etmek. Çünki asyrlar boýy Türkmen halkymyz Isa Mesih baradaky taryhyň islamyň gözi bilen seredip öwredilen tarapyny eşidip geldiler we Injile esaslanan taryhy eşitmekden mahrum boldular! Üns beren bolsaň hatda şu taýda hem Injile esaslanan taryhyň aýdylmagyny halamaýanlar bar. Meniň düşünmeýän zadym, köp ildeşlerimiz men Injile ynanýan diýipde, ondaky aýdylanlary ret edýärler we olar hakynda gürrüň edilende halamaýarlar! Emma mümkin boldugyndan Injil barada aýtmagy dowam etdirmekçi we ildeşlerimiziň her biri bu ýada ol maglumat barada çözgüt çykarar!
Ýokarda aýdanlarymyň özeni bolsa, ýagny meniň gürrüňlerimiň esasy bolsa: her bir ildeşimiň şeýtanyň güýjünden, dowzah odundan we günäleriň jezasyndan gutulmagy we Hudaýyň Isa Mesihde beren gutulyşyna eýe bolmagy we ruhy azatlyga we ruhy gurply ýaşaýşa eýe bolmaklary! Hoş Habaryň esasy maksady hem ine şol! Belkide ine bu Mukaddes Ýazgydan bolan söz saňa meniň maksadyma düşünmäge kömek eder: "Herki zat Hudaýdandyr. Ol bizi Mesih arkaly Özi bilen ýaraşdyrdy, bize ýaraşdyrma gullugyny berdi. Ýagny Hudaý dünýäni Özi bilen Mesihde ýaraşdyrdy, ýazyklaryny hasaba alman, bize ýaraşdyrma sözüni berdi. Şeýlelikde, indi hamala Hudaý biz arkaly haýyş edýän ýaly, biz Mesihiň ilçileridiris. Mesih tarapyndan ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň!Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi. Biz Onuň bilen işdeşlik edip, Hudaýyň merhemetini boş ýere kabul etmäň diýip ýalabarýarys. Çünki Hudaý: "Amatly wagtda saňa gulak asdym, gutulyş gününde saňa ýardam etdim" diýýär. Ine, indi şu amatly wagtdyr, ine, indi şu gutulyş günüdir."

sylap aga men dushunyan yone

sylap aga men dushunyan yone bashga zat bar name uchin Gurhana dil yetiryangiz?
siz Gurhana ynanyangyzmy? Muhammet pygammere ynanyangyzmy? Hudaya ynanyangyzmy?
Men bilyan Injil hem Mukaddes kitap yone hemme kitabam shol bir yeke hudaylyga uyulyar.
men dunya inenimden bari musulman, allajan olemdede musulman bolup oleyin!

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kici gowunli 1 telpek goyyar we yazyar: ""Amin" Gaty dogry soz. "

Selbi, men Gurhana dil

Selbi, men Gurhana dil yetirmedim. Kimdir biri bu yada ol zat barada bashgacharak pikiri bolsa muny dil yetirdi diyip dushunmeli dal! Hawa men Hudaya ynanyan, emma Gurhan we Muhammet pygamber barada dushunjam sizinkiden bashgacha!

mane name diyjegimem

mane name diyjegimem bilemok, shonda da soz tapylyar ,name diysengizem siz shonga dil yetiryane mengzeytyar! bagyshlang welin

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Ine onyn bir

Ine onyn bir mahal yazan zady,shundan bashga dil yetirmek uchin name gerek.

Quote:

Ondan başgada Gurhandaky gapma garşylyklar ýaly gapma garşylyk Töwratda-da, Zeburda, Injilde-de ýok.

Resul

Hormatly Resul Diplomadyn ustune kan gitmesen govi bolar. Sebap diysen on kurana dushunshi sheyle. Ve ol oz pikrini aydya. Bunyali zatlari gahar gazap bilen yenip bolmaz diyip pikir edyan. Hoshgori bilen jogap bermesen adam hasam tersleshya ve dogri goryan zadinam atriccat edip bashlaya.

Agam men onun

Agam men onun ustune kan gidemok, men onun yoreyan yoly , edyan ishi name bolsa bolsun men ishim dal.Men onun ustunede gidemok. Men onun onki achan bloguny okap otyryn shumahal, ol nache bizin degerlerimize ynanmayan bolsada sylagly bolsa zyyan etmezmika diyyan.Biz onunka sylagsyzlyk edemzok diyjek dal, sebabi bizin dinimiz diplomat shu yerde yazsyn yazmasyn tapawudy yok bizin beyleki pygamberlere sylagsyzlyk etmegimize garshy.Gep gahar gazapda dalde, yazanda has seresaprak yazmasynda...

dinle diplomat

Alla Isa pygambere Injili iberdi we onda bir Hudaylyga uymaklyk yazylan seyle dalmi. Yone ol yutgedildi.
Alla ony gorap bilyar Alla hemme zadam edyar yone bu dunya SYNAG dunya.

Son Alla Muhammet pygambere Gurhany inderdi we onda Muhammet pygamber sonky pygamber, Gurhan sonky kitap, Yslam dini hem in sonky din. Gurhany hic kim uytgedip bilmez diylip gecilyar. Ony hemme zatdan Beyik bolan yeke tak ALLA aydyar sol sebapli ony hic kim uytgedip bilmezler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "dogry"

öňem gozgadyk-laý,

öňem gozgadyk-laý, ynanmaz, hatda, delilli ýazgylary bn garşy hem çykar :)
"Hoş Habar" blogyny oka ilki, Kaýum! Şol ýerde seň diýen we diýjek bolýan köp zatlaryň bardyr belki. Biderek azap edip oturma diýjek welin, diplomat ýene maňa yrsarar "gyzykýanlary bökdeme!" diýip :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Ýoklaý!:)"

Ata aga

Ata aga cekinyanmi olara wagtal-wagtal udar gerek.

Kaýum, seň diýýän

Kaýum, seň diýýän "udaryň" bärde işlänok :)
Garaz, sen öz dogruňy ýaz, diplomadam öz dogrusyny ýazar. Diýmek, ikiňizem udar urşan bolup ýörýäňiz-dä :)))

Diplomat jogaplap ýetişer, sen ýazyp ýetişseň, ýatdan çykarma:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Kici gowunli ildeş

Kici gowunli ildeş ýazýanlaryňa özüň bir ynanýaňmy? Birinjiden Alla Isa Mesihe Injil berenok-da, Isanyň Özi Injildir. Bilýän bolsaň, belkide eşidensiň, Isa Mesihe -Hudaýyň Sözi hem diýilýändir. Bu sebäpden Isa Mesih -Hudaýyň Sözi diri bolup ynsan bolup ýere geldi we ýerde ýaşady. Injil bolsa Onuň ýere gelişi, durmuşy we taglymatynyň beýanydyr! Bu sebäpden, Injil üýtgemez, çünki Isa Mesih üýtgemeýär, Ol bu gün hem diri we baky bolar. Bu sebäpden Injil üýtgäp bilmez. Mundan başgada Hudaýyň aýan eden sözüni hemişede goraýandyr. Hudaýyň Sözi wagtyň ýada adamlaryň uýtgemegi bilen üýtgemeýändir!
Seniň teoriaňa laýyklykda Söz üýtgeýän bolsa, onda Kuran hem wagt geçip üýtgändir. Hudaý Sözüniň ýok bolup gitmegine ýol berýän däldir! Ondan başgada Injiliň niresiniň üýtgändigine, we haçan üýtgändigine deliliň barmy, eger bu sende ýok bolsa, onda kimdir biriniň ol üýtgedilipdir diýen ýalan zatlaryna ynanyp günä galyp ýörme!

Salam

diplmomat men Allanyn birdigine Muhammet pygamberin hem onun resulydygyna ynanyaryn.
sen Allahyn birdigine shek yetirme.
Alla bidir, Beyikdir. Gurhany hic kim uytgedip bilmez.
eger sen uytgedilen Injili okayan bolsan gownune yaramadyk yerini uytget name bolyar. Gurhany birinjidena uytgetme shek yetirme yok men ynanamok diysen uytgetjek bolup gor shonda bilersin. menin sana basga sozum yok.

Men Allanyň birdigine hiç

Men Allanyň birdigine hiç ýerde hem şek ýetirmedim. Emma Alla Gudratygüýçlidir diýip hem Injil Allanyň Sözi diýip hem, Injil üýtgedilipdir diýip dyzap durmak bolsa, Hudaýa şek ýetirmekmika diýip men düşünýän. Hudaý bir sözüni gorarda, beýlekisini goramazmy, elbetde gorar, we Onuň Sözüni öwrenmek islän her bir ynsana ýetirer! Elbetde Allanyň sözüni özüçe düşündirmäge, ýormaga synanyşanlar bolupdy, bar we bolar hem, emma bu diýildigi Hudaýyň Sözüniň ýitip gidýändigini aňlatmaýar! Bu sebäpden, hiç hili delillere esaslanmadyk, Injil ýok, ol ýitip gidipdir, üýtgedilipdir diýen düşünjelere eýermekden habardar bol!
Hudaýyň Sözüni üýtgetmäge çalyşanlara näme boljagyny Hudaý Injilde hem aýan edýär, Hudaýyň jezasynyň uludygyny Hudaý aýdýar, bu sebäpden men ünsli bolmaga çalyşýaryn. Injil üýtgedilipdir diýip dyzap durýan men däl, bu sebäpden men Hudaýa şek ýetiremok!

diplomat

Sen Allaha shek yetirdin diyjek bolyanmy?
Men Allanyn birdigine, Muhammet pygamber onun resulydygyna ynanyaryn. Alla Beyikdir Musa, Isa, Muhammet bashgada ondan onki pygamberleri Alla inderdi olaram Allanyn bir guly.
Alla hic hacan oz yaradan zadyna menzap yere gelmez. OL ona layyk daldir. Isa pygamberem Allanyn yaradan ynsanydyr.
Men musulman Yslam dinyna ynanyaryn Alla beyikdir we hemme zat Onun elindedir. Men doly ynanyaryn. Allahu Ekber.
Eger men sheyle ynancda bolup Allaha shek yetiryanlerden bolsam bolayyn. bolyarmy
Allajana shukur biz Allahdan geldik yene Allaha doneris.

Men sen şek ýetirdiň

Men sen şek ýetirdiň diýmedim-de, saňa sorag berdim. Injil Hudaýyň Sözi diýýärsiňde, ony ret etseň bu näme bolar?
Men seniň ynamyňa, çyn ýürekden Allanyň ýolu diýip tanaýan zadyňda ynamly bolmaga çalyşýanyňa hormat edýän!

Sylap

yone men Injili okamadym shonda-da men eshidyarin Injilde hem yene taze pygamber geljekdigi barada yazlan bolmaly olam Muhammet pygamber bolmaly.
Name ucin siz Injile ynanyanyzda Gurhana ynanmayanyz Injilden ozal Musa pygambere Towrat indirildi ona name diyyarsiniz.

Biziň köp ildeşlerimiziň

Biziň köp ildeşlerimiziň ýaňyşýan ýeri şu taýda, ýagny Injili okaman kimdir biriniň aýdanlaryna esaslanyp pikir çykarmagy! Eger özüň Injili okap öwrenseň, täze pygamberiň geljekdigi barada ýazylmandygyna özüň düşünersiň.
Hawa Musa pygamber Töwraty bize ýetirdi, men ony okadym we öwrendim, muny okanymda Isa Mesihe has hem ýakyndan düşündim we Injilde aýdylanlaryň hakykatdygyna düşünmäge kömek etdi. Bu sebäpden sen hem Töwrady okap öwren, Zebury öwren, başgda pygamberleriň kitaplaryny okap öwren, Injili okap öwren we soňra bir zat barada çözgüt çykarsaň gowy bolar. Meniň ynanmaýandygymyň sebäbi, Injil ene bir kitabyň geljekdigini aýtmaýar. Injilde Hudaýyň aslynda aýan edip başlan gutulyş plany jemlenýär!

Yok yok

Yok beyle daldir Gurhanda hemme zat dogry we layyk her bir zatda delil bar.

ey dost yerlikli

ey dost yerlikli jedelleşjek bolsang başda İnjili okap gör diling uzyn bolsyn Diplomadyngkydan, faktlary hem injiling özünden getirip goy şu yere bolmasada özüngi kiçi düşürüp jedelleşme, şu wagtky jedelde Diplomat senden has öngde baryara yazyan zatlaryny bir okap gör... sen haçan alada etding öz dining hakynda Diplomat yaly, ol aladany hem etman nadi durup biljegay ong öngünde, hany warsaky urman bilim we jedeling düzügünlerine layyk hereket edeling çynymyz bolsa has hem mung yaly agras temada...

Sana bir sorag

Sana bir sorag, sen injili ret etsen name bolar diyipsin. A sen Kur`an`i ret etsen name bolar. Yada name men Alla ynanyan, Kur`an`am on kelami dal diyip (hasha) etjegini diyjegini diyip gezibermelimi?

vallahi

dogrymy aydayin, agzalar hemmanize sylagym, hormatym seyle uludyr ynanayin yone gynanyan kabir agzalarymyzyn hakykaty tapyp bilmeyanine. Ustumuze dusheni olar uchin dileg etmek. Eger kim oturup dileg etyan bolsa bu agzalar uchin atlaryny tutup dileg etsinler. Enshallah Beyik Alla(j.j) merhemetlidir, olara da hakyky imani, dogry yoly tapmalaryny nesip eder. Mena dogrymy aytsam Oz yslam dinimizem doly ogrenip yetishemok shon uchinem beyleki dinlere unsimi chekemok. Sonam biderek gaharlanyp oturman da sabyr bln jogap berin, bilyan zatlarynyzy. Alla'dan umyt kesilmez, belki birgun olarada hidayet berer, Beyik Alla-Tagala.
Dogrusu yaman gynandym, oz turkmen oglanlarymyzyn sheyledigine.
mumin bolup yashamak we mumin bolup janymyzy tabshyrmak nesip etsin da

Telpekler (1 kisiden 5 sany)

Bu komment ucin
  • Reschik 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Shu tayda belki diplomadyn

Shu tayda belki diplomadyn yada Myradyn bilyaninin yarysychada bilmeyanlerin gelip

Quote:

gynanyan kabir agzalarymyzyn hakykaty tapyp bilmeyanine.

-yaly gurrunler edyarler welin gaharym gelyar beyleki tarapdanam gulkim tutyar.Ozlerine huday din barada iki agyz sorag sorasan bolsa

Quote:

mena bizarlar boldum,nache okamayn diyyan bolanok. name jedel etyangiz, biderek zat uchin.

yaly jogap beryarler.
Islam dinine name uchin ynanyanyz siz voobshe?
Musulman mashgalada dogulanynyz uchinmi?
towereginizdaki kop kishinin musulmandygy uchinmi?
Siz "Huday name uchin dunyani yaratdy?","Adamlary name uchin dunya iberdi?","Jennet nama gerek?","Dowzah nama gerek?" yaly soraglary jogaplap bilyanizmi? Islamyn,Hristianlaryn yada Buddistlerin bu babatda name diyyanini bilyanizmi?

Telpekler (1 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 3 telpek goyyar we yazyar: "ana berekella pikiring üçin!!! "

Bilenzok. Belki Gurhanyn

Bilenzok.
Belki Gurhanyn name diyyanini bilyansiniz yone beyleki versiyalary bilmani nadip Islam dininin dogry dindigine ynanyanyz?

GaraDag

GaraDag wrote:

Islamyn,Hristianlaryn yada Buddistlerin bu babatda name diyyanini bilyanizmi?

GaraDag wrote:

Bilenzok

Haha :))
Soragy ritoriki shekilde galdyrmaga sabyryn yetmedimi ? :D
Bilyanlerem yok dal GaraDag, yone aydyp yadadylar, ya-da dusundirip
bilenoklar...Her dushunenini dushundirip bolyar diylen zat yok,
we eger niyetin bilmek bolsa, onda bular yaly meseleleri chala-mala, ozune
gerek dereje-de bilyan bilen gurleshmeli dalde, gidip shol soraglara jogap
bermegi ozlerine kar edinen, gaty govy bilyan adamlardan soramaly...
Ylalasharsyn ya-da ylalashmarsyn, bu yagdaya gora uytgar, yone in azyndan
soraglaryna has kanagatlandyryjy, argumentli jogap almak ahtimallygyn has
kop, we chyny bilen bilmek isleyan adamyn maksady hem shu zatlar bolmaly!

Bizde biraz tolerance problemasy bar, ol dogry, sebabi bashga pikirdaki
adamlaryn geplerine birden owrenishmek kyn, ozumizem gany gyzgynrak millet
bolamyzson, goni agzyny yumdurmak bilen bolyan wagtlarymyzam yok dal :))
Beyle diydigim, sarcasm bilen sen uchin mukaddes bolan zatlaryn ustunden
gulseler bolya diydigim dal, yone ondan barirakdaki pritenzialary, tersini
dogry kabul etmeleri adaty garshylamany owrenmelimikak diyyan!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

toba etdim

toba etdim ya senem basga bir dine uyyanmy?

Tapavudy name onun haysy

Tapavudy name onun haysy dine uyyanynyn Guljemal ??
Name uchin meselani shahsylashdyryanyz ?? T.e. post'y
yazana dalde, post'yn ichine seredip jogap bermek kynmy ??
Eger shol 1 zady gaytalap dursalar, onda munyn sebabini
shahsy pritenzia baglap bilersiniz, yone sheyle adaty
yagdaylarda, name uchin goni "toba"/"huday saklasyn" dagy
bolyaray ?? Dunyade dine musulmanlar yashanok, muna indi
owrenisherche wagt boldumyka diyyan...

beyleki

beyleki versiyalaryny okap yada owrenip name edeli, Ahli zat Kur'an da jemlenenden son..

Gurhandakyn dogrudygyny

Gurhandakyn dogrudygyny nadip bilyan?

GaraDag

salam men bilyarin we doly ynanyaryn. Sen ozin haysy dinde?
haysy dinde bolsanam Hakykada dil yetirmejek bol. Yslam dini hakyky din.
Alla birdir, beyikdir Hz.Muhammet onun resulydyr.

Men ateist,ynanamok

Men ateist,ynanamok hudaya.
Nadip bilyan Gurhanyn dogrydygyny?

Gurhan'yn dogrydygy

Gurhan'yn dogrydygy ya-da daldigi, ichinin mazmunynyn logika uyushyna,
ozune yonkelen soraglara argumentli jogap berishine we sh.m. zatlara
gora karar berilyar. "Has uygun" ya-da "In govy" diyilyani bolsa, elbetde
deneshdirme bilen bolyar, yagny "Gurhan in govy/beyik/hak kitap" diyjek
bolsan, onda sen deginyan point'ine gelyas, yagny ony bashda beyleki kitaplar
bilen, belli kriterialara gora deneshdirip biljek hushyn/aklyn/capacity'n bolmaly,
we sonra shol kriterialara gora deneshdirmage bashlamaly !

Hemme adamyn musulman daldigini bilyas, shona gora-de her dinden bolan auditoria yuzlenip 1 zat aydylanda, "Gurhan men uchin/pikirimche in beyik kitap, sebabi shu sheyle, eyle we.." sheklinde, argumentli gurlense has govy boljaga menzeyar, sebabi gonshy mowzukda Guljemal'yn yazyshy yaly, oz pikirini(Ya-da mentalitedi, dini durmushy ozunka menzeshrak adamlaryn kopusinin pikirini) 1-nji yere goyup, yzyndanam beyleki adamlara "Sen beyle hasap etman bilersin, yone shola sheyle" diymek, hem gulkinch, hem argumentsiz, hem-de akylly adamlaryn kabul etmejek jogaplaryndan!

P.S. Eger men orta chykyp gurlemage bashlayan bolsam, onda "Hemme dindaki adamlaryn kabul edyan faktlaryna dayandyryp aytmayan hemme zadym oz pikirimdir, yagny yzyndan "IMHO" goyulan yaly kabul edin" diyerdim, sebabi sheyle diylenden son yzyndan "Gurhan in beyik kitap" yaly sozleri ulanmakda pasgel bolmazdy garsyndaky uytgeshik dindaki adam bolsa-da.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "näçe telpek berseňem az-laý saňa :)"

ba gyzma

gyzma ekenin: yenede beyle daldigini bildir agzalara: yoksam senin dashyna gecherler:

kabirleri seng

kabirleri seng soragyna..
"sebabi gurhanda şeyle yazyar" diyip jogaplayar. :D
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

sen okadyngmy namesine

sen okadyngmy namesine düşündüng bizede yaz hany Kurany okap elde eden bilgileng hakynda, yöne şahsy pikirleng bolsun dilden dile geçen aydymlar dalde...

gel

gel bu barada Ata aganyn taze acan Dini sorag jogaplar blogynda gurleseli. sol yerde ondenem bardyr oka

"Alla birdir, beyikdir Hz.Muhammet onun resulydyr"