Ilkinjiler...

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Kellä bir pikir geldi kä zatlar barada oýlanyp.

Aslynda, blogyň esasy mowzugy şu ýerdäki agzalar üçin diýseňem boljak. Ýöne, elbetde, mundan öň hem birnäçe ynsanlar üçin degişli bolandyr, emma göwrüm we mukdar taýdan şu asyra has degişli ýaly bolup dur.

Bloga göni biz barada başlaman, ilki degişli wakalar we göreldeli şahsyýetler barada mysallar getirip başlajak.

Bu babatda sizem öz pikirdir mysallaryňyzy ýazyp bilersiňiz!

Ana, onda men-ä başladym aşakda:)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Bismillah: 1- Bilşiňiz

Bismillah:

1- Bilşiňiz ýaly, ilkinji ynsan Hz.Adem we ilkinji zenan Hz.How enedir. Hz.Adam ilkinji pygamber hem şol bir sanda. Ol özünden soňra gelen ynsanlara, has takygy, nesline dünýä we ahyret barada gerekli we ýeterlik maglumatlary aýdyp öwredipdir. Nämeleriň gowy, nämeleriň erbetdigini, bu dünýädäki närseleriň atlaryny, durmuş kanunlaryny we ş.m. zatlary öwredipdir we bularyň amal edilmegine ýa edilmezligine belli bir ölçegde sebäp bolupdyr. Iň esasy hem, ynsanlara Allahyň barlygyna we birligine ynanyp, Allahdan gelen kanunlara tabyn bolup, amal edilmegini ündäpdir.
Garaz, ol we ýanýoldaşy Hz.How ene bu babatda ilkinjiler bolupdyrlar.

2- Hz.Muhammed (SAW) bolsa, ilkinji musulman we iň soňky pygamberdir. Ol Allahyň özüne buýran wezipesi iň oňat ýagdaýda amal edip, öz döwründäki ynsanlaryň musulman bolmagyna, ýagny, salamat dini bolan Yslamy kabul edip, ony amal etmeklerine sebäp bolupdyr. Onuň iň ýakyn goldawçylary – iň ýakyn dostlary bolan sahabalardyr. Sahabalar we olaryň beýikligi barada köp sanly aýatdyr hadyslar bar. Sahabalar(pygamberimizi gözleri bilen görenler we goldaw berenler) hem özlerinden soňra gelen musulmanlara (tabiin (sahabalary gözleri bilen gören we goldaw berenler), tebe-i tabiin,...) iň oňat ýagdaýda görelde bolupdyrlar. Gerek Yslamyýeti, gerek bolsa arap milletini beýleki döwletleriň ynsanlara tanadypdyrlar we hormat goýmaklaryna sebäp bolupdyrlar. Asyl maksatlary pygamberimiziň “Yslamyň şany dünýäniň ähli künjeginde duýuljakdyr” hadysyny şygar edinip, şol ýagdaýyň ýüze çykarylmagy bolan bu sahabalar, şol döwrüň (sagadat asry – 14 asyr mundan öň) şert we mümkinçiliklerine görä, dünýäniň dürli künjeklerine gidip, şol şygar boýunça amal edipdirler.
Munyň üçin beriljek mysallar kän, ýöne men birini, hem-de biziň döwletimiz bn baglanşykly bolan birini ýazaýyn:

Hz.Buryda(r.a.) we Hakim bin el-Gyffary(r.a.) Seljukly imperiýasynyň paýtagty bolan Merwe gelip, biz türkmenleriň ata-babalarymyza Allahyň kelamyny düşündirip, öz islegleri bn kabul hem-de amal etmeklerine sebäp bolupdyrlar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • Yusup_Ahmet 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • kici gowunli 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! Alla razy bolsun. "

3- Bilşiňiz ýaly, şol

3- Bilşiňiz ýaly, şol sahabalara meňzeş ýagdaýda häzzir Türk mugallymdyr terbiýeçileri bar. Indi olaryň yzyny alyp göterýän dürli milletleriň ynsanlary hem bar. Meselem, Amerikadaky dünýewi mekdeplerde mugallym bolup işleýän birnäçe Türkmen mugallymlary ýa-da Maldiw adalaryndaky moonwalker ýaly :) Olar edil sahabalaryň edişleri ýaly, ýöne has aňsat şert we mümkinçiliklerde (?!) dünýäniň dürli künjeklerine gidip, ýerli ilatyň çagalaryna, ynsanlaryna bilim, terbiýe, ynanç, umyt, ahlak we ş.m. zatlar barada maglumat we goldaw berýärler.
Belki, bularam sahabalaryň çeken kynçylyklaryny üýtgeşigräk görnüş we mukdarda görüp döz gelendirler, ýöne özleri ilki gitmäkäler ähli kynçylyklary boýun alyp gidensoňlar we Allaha sözüň doly manysy bn töwekgellik edensoňlar, olaryň hötdesinden gelipdirler, gelýärler we gelerler, enşallah.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

4- Indi, asyl diýmek

4- Indi, asyl diýmek isleýänim: Şu sahypada-da dünýäniň çar tarapynda häzir bilim we tälimdir tejribe alyp ýören talypdyr işgärler bar. Şolaram ýokardaky ýazgylar boýunça, Türkmenistan döwletimiz üçin “ilkinjiler” bolma bagtyna eýe diýseňem boljak. Sebäbi, şu wagtky bolýan ýerlerinde özlerini ymykly ýetişdirip öz watanymyza dolanyp gelseler we bir-birlerine gerekli we ýeterlik goldawy berseler, onda biziň döwletimiziň hem gysga wagtda ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna sebäp bolup bilerler. Bu meniň pikirim, elbetde. Enşallah, şeýle hem bolar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Bu babatda köp zat

Bu babatda köp zat ýazylyp, pikir we maslahat alyşylsa bolar. Siziň pikirleriňiiz, maslahatdyr ündewleriňiz, tankytdyr çäreleriňiz we ş.m. meni gyzyklandyrýar. Diňe meni däl, eýsem-de bolsa, ähliňizi, hatda, döwletimizi(ň jogapkärlerini) hem gyzyklandyrýarmyka diýýärin!

Hawa, siziň pikirleriňiz näme bu babatda?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata ildeş başlan

Ata ildeş başlan gürrüňleriň gowy gürrüňler, emma belli bir derejede, diňe birtaraplaýyn ýaly bolup görünýär. Başlanda Adam ata we How ene bilen başlapsyň emma Hudaýyň olaryň ýoluny dowam etdirip, hakykat ýoluny dowam etdiren we Hudaýa doly boýun bolmaga çalyşan beýleki beýik pygamberleri welin aýtman geçipsiň. Muhammet pygamber birinji musulman diýip ýalňyşdyňmyka diýýip pikir edýärin, çünki musulman diýmek Hudaýa boýun bolan biri diýmegi aňladýar, Muhammetden öň hem Hudaýa doly boýun bolan we bu ýoly öwredenler bolupdyr! Olardan Nuh, Ybraýym, Yshak, Yakup, Yusup, Musa, Ýeşuwa, Samson, Şaul, Dawut, Suleýman, Ilyas, Işaýa, Ýeremýa, Zekerýa, Ýahýa, Isa Mesih bular bir iň bellileri, ondan başgada ýüzlerçe Hudaýhon ynsanlar ýaşap geçip Hudaýyň hakykat ýoluny bize ýetirip we olar ugrunda durmuşlaryny bagş edip geçipdirler.
Başga bir gürrüň,

Quote:

z.Buryda(r.a.) we Hakim bin el-Gyffary(r.a.) Seljukly imperiýasynyň paýtagty bolan Merwe gelip, biz türkmenleriň ata-babalarymyza Allahyň kelamyny düşündirip, öz islegleri bn kabul hem-de amal etmeklerine sebäp bolupdyrlar.

şu hakykata laýyk gelýän faktmyka? Meniň bilşime görä Türkmenler islama başgada köp ýerlerde bolup geçilişi ýaly gylyç we gan arkaly ýaýradylypdyr!? Elbetde käbir adamlaryň öz islegi bilen kabul edendigini men aradan aýyramok, emma hemmeleriň diňe edilen wagyz arkaly iman edendigine ynanamok! Eger seniň aýdýan zatlaryň faktlara esaslanan bolsa, onda Türkmenleriň musulmançylygy kabul edişi barada taryhy maglumatlar we çeşmeler berip bilersiňmi?!
Ildeşlerimiziň dünýäniň dürli künjeklerine gidip bilim alyp tejribe alyp ýurdymyza, il gune peýdaly adamlar bolýandyklary barada aýdanlaryňa goşulýan we goldaýan we men hem seniň arzuwlaryňa goşulýan!
Hormat bilen,
Sylap

Sylap, Yslamyň kanunlary we

Sylap, Yslamyň kanunlary we prinsipleri BELLI. Bu ikuçly däl, Hristiýanlykda Papa görä ýa döwrä görä käbir Puthanalaryň kararlary üýtgeýän bolsa, Yslamda beýle zat ýok. Muny senem gowy bilýäň.
Onsoň şol Yslam kanunlarynyň birem, zorlyk bilen dine salynmaýandygyny. Yslam kanunlary bolsa, elbetde, sahabylar döwründe berk berjaý edilýärdi.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram ildesh, Mesihilikde

Bayram ildesh, Mesihilikde hem kanunlar we prinsipler bellidir! Olary Hudayng sozune dushunyan adamlar uytgetmeyar. Papa yada kabir buthanalara gora karar chykaryanlaryng bardygyny ret etjek dal, emma olaryng kada kanunlary hemmeler uchin yoremeyandigini yatladayn. Ondan bashgada, her bir dinde hem sheyle yagday bar, sheyle kararlaryng bardygy uchin hem musulmanchylykda hem durli toparlar bar. Bu sebapden bu yada ol toparyng pikirining yada kararynyng dogry nadogrydygyny bilmek uchin bolsa esasy cheshme bolan Kitaba yuz tutulyar we olardan esaslanyp namening dogry yada nadogrydygyny aydyp bolyar. Bu sebapden mesihiliging dogry yada nadogrydygyny biljek bolsang, poplara yada buthanalara yuzlenmeli dalde, Mukaddes Yazgylary owrenmeli!

jgplar

diplomat wrote:

Ata ildeş başlan gürrüňleriň gowy gürrüňler,

minnetdar!

Quote:

emma belli bir derejede, diňe birtaraplaýyn ýaly bolup görünýär. Başlanda Adam ata we How ene bilen başlapsyň emma Hudaýyň olaryň ýoluny dowam etdirip, hakykat ýoluny dowam etdiren we Hudaýa doly boýun bolmaga çalyşan beýleki beýik pygamberleri welin aýtman geçipsiň.

Men haýsy birini aýdyp çykaýyn?! Has gowy bilýänlerimi ýazdym bärä! Galyberse-de, ýokarda we beýleki bloglarymda degişli owzuklar barada näçe gezek haýyş etdim "goldaw beriň!" diýip. Şu ýazanyň manysyz şoň üçinem! Rast, meni bu babatda tankyt edýärmiň?! Onda, peýdaly goşant hem goş! Diňeje tankyt, elbetde, aňsat!

Quote:

Muhammet pygamber birinji musulman diýip ýalňyşdyňmyka diýýip pikir edýärin, çünki musulman diýmek Hudaýa boýun bolan biri diýmegi aňladýar,

Hawa, dogry!

Quote:

Muhammetden öň hem Hudaýa doly boýun bolan we bu ýoly öwredenler bolupdyr! Olardan Nuh, Ybraýym, Yshak, Yakup, Yusup, Musa, Ýeşuwa, Samson, Şaul, Dawut, Suleýman, Ilyas, Işaýa, Ýeremýa, Zekerýa, Ýahýa, Isa Mesih bular bir iň bellileri, ondan başgada ýüzlerçe Hudaýhon ynsanlar ýaşap geçip Hudaýyň hakykat ýoluny bize ýetirip we olar ugrunda durmuşlaryny bagş edip geçipdirler.

Olar üçin "musulman" diýilmeýärdi, olara hanif, nasrani, ýehuda, hristiýan we ş.m. diýilýärdi. Şoň üçinem ýokardaky ýazgym dogry, ýalňyş däl!

ata wrote:

Başga bir gürrüň,

Quote:

z.Buryda(r.a.) we Hakim bin el-Gyffary(r.a.) Seljukly imperiýasynyň paýtagty bolan Merwe gelip, biz türkmenleriň ata-babalarymyza Allahyň kelamyny düşündirip, öz islegleri bn kabul hem-de amal etmeklerine sebäp bolupdyrlar.

şu hakykata laýyk gelýän faktmyka? Meniň bilşime görä Türkmenler islama başgada köp ýerlerde bolup geçilişi ýaly gylyç we gan arkaly ýaýradylypdyr!? Elbetde käbir adamlaryň öz islegi bilen kabul edendigini men aradan aýyramok, emma hemmeleriň diňe edilen wagyz arkaly iman edendigine ynanamok! Eger seniň aýdýan zatlaryň faktlara esaslanan bolsa, onda Türkmenleriň musulmançylygy kabul edişi barada taryhy maglumatlar we çeşmeler berip bilersiňmi?!

şuň jogabyny aýratyn ýazmakçy aşakda, enşallah!

Quote:

Ildeşlerimiziň dünýäniň dürli künjeklerine gidip bilim alyp tejribe alyp ýurdymyza, il gune peýdaly adamlar bolýandyklary barada aýdanlaryňa goşulýan we goldaýan we men hem seniň arzuwlaryňa goşulýan!
Hormat bilen,
Sylap

Haý, sagja ol-a :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Türkmenleri Araplar

Türkmenleri Araplar zalymlyk bn Yslama tabyn edipdirlermi ýa özleri öz ilsegleri bn Yslamyýeti kabul edipdirlermi?!

Saňa görä däl, maňa görä bolsa özümiz kabul etdik. Sebäplerini hem aýdaýynmy?! Ynha, birnäçesi:

1- Türkmenler öňem "Bir bolan Gök taňrysyna" ynanýardylar;
2- Däp-dessurlary Yslamyň kada-kanunlaryna örän meňzeşdi, umuman. Meselem, zyna, ogrulyk, ahyret we ş.m. babatda.
3- Hytaýlara garşy "Talas" söweşinde Araplara Türkmenleriň goldaw bermekleri.
4- Şol söweşiň netijesinde, özleriniň birmeňzeş taraplaryny görmegi we Türkmenleriň Yslamyýeti öz islegleri bn kabul etmegi;
5- Pygamberimiziň bir hadysynda sahabalara many taýdan şeýle diýenini ýazylýar:"...Maweraunnehr taraplarynda bir millet bn duşuljagy, olar bn söweşilmezlikleri, çünki olaryň güýçli, gaýratly we adalatly we ş.m. bolandyklaryny, olar bn gowy düşünişmekleri" ündelýär. Şoň netijesinde-de söweşilmeýär.

Söweşen bolsalar, Eýranlylar ýaly doly kabul etmek islemezdiler, her pursatda kynçylyk çykarmazdylar gerekli wagtynda. Türkmenler we Türkler "sünni musulmanlardyr", takyk ýagdaýda Pygamber sünnetine eýererler. Galyberse-de, Türkmenleriň guran Beýik Seljukly Imperiýasy, Türk(men)leriň guran Beýik Osmanly Imperiýasy asyrlar boýy Yslam dininiň baýdakçysy hökmünde dünýäde höküm etdi, hem-de şeýle adalatly. Näme, indi zalymlyk bn kabul etdirilen bolsa, onda olaryň Yslama bu hyzmatlary nireden çykýar, manysyz bolanokmy?!

Näme üçin şol iki sahaba onlarça ýyl parasatlyk, asudalyk bn häkim bolýar iň beýik we paýtagt bolan Merwde Türkmenlere?! Şol wagt bu babatda dana, parasatly Türkmenler ýokdur öýdýärmiň?! Sylaglary boýunça olaryň şol wezipede durandykaryny pikir edýärin.

Taryhy çeşmeler kän ýok bolaýmsa bu babatda, ýöne türkleriň bir-iki kitaby bardy, şol ýerde az-owlak gürrüň berilýär bu babatda.

Çeşmeler:

1- (İ. Hami Danışmend, Türk Irkı Neden Müslüman Oldu, s.17)
2- (Yılmaz Öztuna, Türk Tarihinden Yapraklar, s.47)
3- (Süleyman Kocabaş, Adil Türk İdaresi, s.15)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "sizem agam ilkinjiler: sebabi jogaplysynyz eyyam"
  • abatyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Şu meselede beren jogaplaryn yüregime jünk boldy agam - sag bol!"

Zalymlyk bilen ýa-da zor

Zalymlyk bilen ýa-da zor bilen Musluman edilen bolsady, häzirki Ýewreýleriň köpüsi Musluman bolardy(Mümkin hemmesi!):)

iranlylar nadip musulman

iranlylar nadip musulman boldy?
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Men hemmeler zorluk bilen

Men hemmeler zorluk bilen musulman boldy diýemok, emma köp ýerler gorky we zorluk bilen boldy. Çünki ilkinji gezek islam arablaryň arasynda ýaýranda hem boýun bolmadyk taýpalar öz gününe goýulmady, bu sebäpden hem Medineden Mekka harby ýöriş edildi, ilki ultimatum goýuldy, kabul etmänler bolsa gylyçdan geçirildi. Bu diňe bir millet bilen däl birnäçe milletler bilen şeýle boldy. Käbir ýagdaýlarda hristianlara we ewreýlere bu meselede başgaçarak çemeleşdiler, ilki bilen olary özleriniň kada kanunlaryna boýun bolmaga ultimatum goýdular,munuň sebäbi hem olaryň birhudaýlyga ynanýandygy üçin, öňki kitaplaryň olara berilendigi üçin şeýle çemeleşildi, emma olar hem diňe aýratyn salgyt salynmak esasynda dinlerinde galmaga rugsat berildi, öz dinleri barada asla gürrüň etmezlige mejbur edildiler. Bu sebäpden heniz hem ilsamdan başga dine geçmek şariat kanunlaryna laýyklykda ölüm bilen jezalandyrylýar. Hatda şaria kanunlaryna esaslanan musulman jemgyýetlerinde başga dini wagyz etmek gadagan edilen, şeýle wagy eden adamlara ölüm jezasy berilen. Eger islam zorluk bilen ýaýradylmadyk bolsa, onda näme üçin şeýle kada kanunlar gerek bolýar? Ondan başgada, islam orta çykyp başlan ilkinji döwürlerinden harby goşun döredildi, harby ýörişler edildi. Goşun bar ýerde, harby ýörişler bar ýerde elbetde zorluk we gan döküşlik bolýar. Bularyň hemmesi taryhy faktlar dälmi eýsem!

şuňa hiç kim jogap

şuňa hiç kim jogap bermese, özüm ymyklyja jogap bererin soň, Sylap!

PS: Söz berdim 2-3 ýazgy üçin, ölmäkäm bir jogaplaýsam :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Berekella!

Başgada jogaplaryňa garaşýan!

Hz.Alyň Haýber söweşinde

Hz.Alyň Haýber söweşinde täsiri uly öýdýän. Başga-da kän ýadyma düşenok. Elbetde, Pygamberimiziň döwründäki bar söweşlere hem gatnaşýar, wepatyndan soňky söweşleň hemmesine diýen ýaly. Tä wepat şehid bolýança-da, garaz!

Hem pygamberimiziň siziň pygamberiňizden, hem-de sahabalaryň siziň hawarilerden iň uly tapawutlaryndan biri söweşýändikleri bolmaly, elbetde. Bulam sagadat asryndaky gerekli bolan şertler sebäpli. Hz.Isa biziň ynanjymyza görä dünýäň ähli halklary üçin gelmändi pygamber hökmünde, a Hz.Muhammed bolsa hemme ynsanlar, hatda, ähli jynlar üçin hem pygamber, ýagny, äleme rahmet hökmünde Biribar tarapyndan ilçi hökmünde wezipelendirilýär. (Feth süresi, soňdan 2-nji aýat)

Hz.Isa üçin "ir dulugyna ursalar, beýleki dulugyny hem urmak üçin uzadar" diýýäler, ony görelde alýan hawariler üçi hem. A H.Muhammed (SAW) we Onuň sahabalary bolsa, özlerine zulmeden, başga ynsanlara gün ýüzüni örkezmeýän zalym kapyrlara garşy belli bir müddet söweşme rugsady berilmän gezip, soň rugsat berilmegi bn söweşen batyrgaý ynsanlar hökmünde beýan edilýär Yslam we beýleki taryhlarda. Belki, "...zalymlyk bn basyp aldylar..." diýerler, diýendirler we geljekde-de diýerler, ýöne güýçli wagtlary giden ýerlerine adalaty, hakykaty, imany/ynanjy we gözel ahlagy öwretmek, ýaýbaňlaşdyrmak üçin, Aýratynam, Allah razylygy üçin gidýärdiler. Umuman, gidilen ýerde şol teklipleri kabul eden ýa etmedik ýagdaýlarynda, 3-4 ýagdaý emele gelýär şu halatda:

1- Kabul etseler-ä bu babatda amal edip, goldaw berip gaýdýalar;
2- Kabul etmeseler, onda paç tölän ýagdaýlarynda, duşmanlaryndan goramak;
3- Tekliperini kiçi görüp, söweş yglan edenlere garşy söweşmek we fethetmek;

2-nji ýagdaý üçin 1 mysal bereýin:

Bi halky(hristiýan bolmaly) duşmanlaryndan berýän paçlary üçin goraýarkalar, duşmanlarynyň güýç birikdirip, ýörüşe geçendiklerini aňan musulmanlar alan pçlaryny yzyna berip:"...bagyşlaň, biz häzirlikçe bu duşmanyňyza garşy sizi doly gorap bilmeris, şoň üçin beren pulyňyzy yzyna alyň!..." diýen ekenler. Elbetde, şol halk muňa diýseň gynanan bolmaly we musiulmanlaryň ýeňmegini dilän bolmaly Biribardan!

Garaz, Biribaryň rugsat bermegi bn söweşler bolýar.

Biri maňa gelip, ýersiz ýere ursa, meň töwellamy almasa we meni öldürme hyýaly bolsa, onda men hem gerekli çäräni görmeli bolaryn, ýene-e urulmak üçin çekgämi-hä uzatman, ýa kesilmek üçin kellämi! Bu meniň we musulmanlaryň umumy pikiri, sahabalarda bolşy ýaly.

Şol wagtlar her ýerde gylyçlar gürläpdir, indibolsa galamlar, kitaplar, eserler, diýaloglar we ş.m.

Garaz, bu ýagdaýy giňişräk düşündirsem gowy boljak, a häzir ýaltanýan :(

PS: Enşallah, bulam saňa azyrak pikir berermikä diýýän ýöne.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sylap ildeş, senem

Sylap ildeş, senem ilkinjiler babatda öz pikirleriňi ýazyber, meniň hemme ilkinjileri ýazjagymy pikir etme, muňa meniň ne güýjüm bar, ne-de islegim, ne-de maglumatym.

Minnetdar ýazgyň üçinem!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ba.. erbet dal güyçleri

ba.. erbet dal güyçleri bar ekeni:D

geň kommentleriň bar-eý,

geň kommentleriň bar-eý, Wepa jan:)
näme diýeniňe ýa-da diýjek bolanyňa düşünen däldirin, ýaz-da how wagtyň bolsa 1-2 setir düşmükli 1 zatlar:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga

Salam ata aga Siz gaty kop bilyaney nadip yetisyaney mena okap yetisemok

asyl şoň üçin şeý

asyl şoň üçin şeý diýdiňmi :))
Onda Bayram bn Mergene näme diýmeli :)))

Aý, kämahal ýazyp goýýan kä zatlary taýýarjak edip, soň int giren wagtym pylçaýýan bärä :))

senem şeýdip gör, senem "köp bilersiň" onsoň :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Alla razyn bolsun

Men doly dusunmeyan bu saydamy. pyyadamy adynam bilmeyan

girip täze bloglardyr,

girip täze bloglardyr, birnäçe ýazgy-ha ýazypsyň gele-gelmäşe, az wagtdan agdar-düňderem edermikäň diýýän bu sahypany :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gerek

agdar-dunder etmanede bir adam gerega

off-topik-hä bolýar welin,

off-topik-hä bolýar welin, jigim, meni öz üstüňden gülýän ýaly-ha görýän dälsiňdir-dä hernä?!

Beýle ýagdaý ýokkdur, ýalňyş pikir edäýme!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

menem gelemde ilki

menem gelemde ilki yuwashdym, indi seret:))) gelemde zat bilemokdym, ichini agdar dungder edip owrendim, bir yerden girip bir yerden chykyadym, sheydip owrendim:))) , enshalla sizem owrenersingiz,

_____________________________________
Live in the present, not in the past

meň ýazgylaryma jogap

meň ýazgylaryma jogap ýazjak bolsaň, onda ýazgylarymyň aşagyndaky "reply"-a basyp jogapla, ýogsam belli bolanok kime ýazanyň :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

1-NJİ TÜRKMEN

1-NJİ TÜRKMEN :d:):):):)bilingda???
hay şonam bilengizokmay Oguz han atamyz how bayy

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Jeyhun 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella! :-)"