Gadyr gijesi hakinda bir-iki soz

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Hormatly agzalar!
Bir nace gn mundan ozal menin email adresime sheyle bir email geldi shony sizler bn paylashayin diydim. Terjime etmage wagtym yok shu mahal shonun ucin Turkcesini bolshy yali copy-paste edyan. Belki komegi deger.

Bu seneki Kadir gecesi, Imam Sa'rani'nin hesaplarina
gore bu onumuzdeki Pazar gecesi, yani Cumartesiyi
Pazar'a baglayan gecedir. Bildirmis olayim..

Detaylar asagida:

Ýmam Þa’rânî (ö.973/1568), Kadir gecesini Ramazan’ýn
ikinci 15 gecesi içerisinde arayan ve kendine özel bir
metotla onu tespit ve tayin yoluna giden ulemadan
birisidir. “Kadir gecesini Ramazan’ýn 17., 19., 21.,
23., 25., 27. veya 29. gecelerinde arayýn!” (Heysemî,
Mecmeu’z-Zevâid, 3/176) hadis-i þerifi gibi, Kadir
Gecesi’nin Ramazýn’ýn ikinci yarýsýnda veya son ondaki
tekli geceler arasýnda aranmasýný tavsiye eden
müteaddit hadisleri esas alan Ýmam Þa’rânî, Kadir
gecesinin her sene yer deðiþtirmesi karþýsýnda onu
belirleme adýna kendine has bir þifre yakalamýþtýr,
bir usul vaz’ etmiþtir, belki de keþfetmiþtir ve
usulünü de ümmete teklif etmiþtir. Ona göre: Kadir
gecesi, her Ramazan ayýnýn ikinci yarýsýndaki tek
sayýya denk gelen Pazar gecesidir. Bu gece, ayýn
baþlangýç gününe göre 17, 19, 21, 23, 25, 27 ve 29.
gecelerden birisi olabilir. Kadir’in ay içindeki
tarihi deðil, haftalýk vakti sabittir ki o da
Cumartesi’yi Pazar’a baðlayan gecedir.
Ýmâm-ý Þâ’rânî, Kadir Gecesi’nin hangi gece olduðunu,
Ramazân’ýn haftalýk giriþ gününe göre tespit etmiþtir,
þöyle ki:
Eðer Ramazan ayý Pazar günü girerse, Kadir gecesi 28’i
29’a baðlayan gecedir.
Pazartesi günü girerse 20’yi 21’e baðlayan gecedir.
Salý günü girerse, 26’yý 27’ye baðlayan gecedir.
Çarþamba günü girerse, 18’i 19’a baðlayan gecedir.
Perþembe günü girerse, 24’ü 25’e baðlayan gecedir.
Cuma günü girerse, 16’yý 17’ye baðlayan gecedir.
Cumartesi günü girerse, 22’yi 23’e baðlayan gecedir.
Ýmâm-ý Þâ’rânî hazretleri 30 sene Kadir Gecesi’yle bu
târife göre müþerref olmuþlardýr. Birçok ehlullah da
bu usûlle Kadir Gecesi’ni bulmuþlardýr. Ýlginçtir ki,
netice olarak Ramazan-ý Þerif hangi gün girerse
girsin, bu hesaba göre Kadir Gecesi, haftanýn günleri
içerisinde daima Cumartesi’yi Pazar’a baðlayan geceye,
yani Pazar gecesine isabet etmektedir. Ramazan-ý
Þerif’in ikinci yarýsýnda ise, normal olarak iki adet
Pazar bulunur. Bunlardan Pazar gecesi tek sayýya
isabet eden, Kadir Gecesi’dir.

Telpekler (3 kisiden 7 sany)

Bu yazgi ucin

  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "okaň we amal ediň!"
  • shetdaly 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

bizde

bizde gadyr gijesi 27si gije diyip tassyklanypdyr.
yokarkyny doly okamadym, yone pygamberimiz(s.a.w) gadyry oraz ayinin sonky 10 guninin ichinden gozlan diyipdir.
Sonam shol gijanin ayratynlyklaryndan bilip bolya diyaler, yagny howa garalyp bulutlashyk bolyamysh sebabi shol gije gokden sansyz perishdeler inyarmish

Hmm, Hajy aga, beren linkimi

Hmm, Hajy aga, beren linkimi ýetersiz gördüň öýdýän :))

Berekellah! "Gözeli 1000 gezek gaýtalasaňam gözeldir" diýilýär. Şoň üçin gowy edipsiň!

Men, barybir, aktiw etmekçidim öz degişli mowzugymy, sen açan ekeniň, indi gerek galmady, baş sahypada tä Remezan gutarýança, Gadyr gijesine degişli maglumatdyr bolan wakalary ýazyp, aktiw edip durmagyňyzy haýyş edýärin! Mümkin, men hem giräýsem dyrjşaryn :)

Aşakda ähmiýeti boýunça ýene bir gezek Gadyr gijesine degişli dini maglumatlar goýmakçy!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

GADYR GYJESİ

GADYR GYJESİ

AÝATLAR:

اِنَّا اَنْزَلْنَاهُ فى لَيْلَةٍ مُبَارَكَةٍ اِنَّا كُنَّا مُنْذِرينَ () فيهَا يُفْرَقُ كُلُّ اَمْرٍ حَكيمٍ

Bes-belli bolan (we hakykaty beýan edýän) Kitaba (Gurhana) ant bolsun: Biz ony (Gurhany) mübärek bir gijede indirdik. Şübhesiz Biz (hakdan sapanlara hakykaty öňünden) duýduryjydyrys. Ol gijede her hikmetli iş tarapymyzdan bir emir bbilenn şol wagt ýazylyp belli edbilenr. (Duhan / 2-4)

اِنَّا اَنْزَلْنَاهُ فى لَيْلَةِ الْقَدْرِ () وَمَا اَدْريكَ مَالَيْلَةُ الْقَدْرِ () لَيْلَةُ الْقَدْرِ خَيْرٌ مِنْ اَلْفِ شَهْرٍ () تَنَزَّلُ الْمَلئِكَةُ وَالرُّوحُ فيهَا بِاِذْنِ رَبِّهِمْ مِنْ كُلِّ اَمْرٍ () سَلَامٌ هِىَ حَتّى مَطْلَعِ الْفَجْرِ

Biz ony (Gurhany) Gadyr gijesinde indirdik. Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň? Gadyr gijesi, müň aýdan hayyrlydyr. Ol gijede, Rebleriniň rugsady bilen melekler we Ruh (Jebraýyl perişde), her iş üçin iner durarlar. Ol gije, esenlik doludyr. Tä şapak sökýänçä-de dowam eder. (Gadyr / l-5)

HADYSLAR:

• Hz. Aýşa (radyýallahu anha) Pygamberimizden:"Eý, Allahyň Resuly, eger Gadyr gijesine gabat gelsem, nähili dbileng edeýin?" diýip soraýar. Pygamberimiz:"Allahümme inneke afuwwun, tuhibbu'l-afwe fa'fu anni. (Allahym! Sen bagyşlaýyjysyň, bagyşlamagy söýersiň, meni bagyşla!)"
• “Pygamberimize (SAW=Sallallahu Aleýhi we Sellem=Allahyň salamaty Oňa bolsun) ymmatynyň ömri görkezilýär. Resulallah (SAW) hezretleri Öz ymmatynyň ömri öňki ymmatlaryň ömrüne garanyňda has gysga bolanlygy üçin, haýyr amal taýdan olara ýetişip bilmezler diýen pikir bbilenn gynanyp, bu babatda Biribara dbileng edýär. Biribar bolsa musulmanlara 1000 aýdan haýyrly bolan Gadyr gijesini berdi.” (Muwatta, Itikaf 15, (1, 321)
• Pygamberimiz (SAW): "Kim ynanyyp we sogabyna Allahdan garaşyp, Gadyr gijesinde yhlas bbilenn ybadat etse (namaz okasa, Gurhan okasa we ş.m.) öňki günäleri bagyşlanar."
• Pygamberimiz (SAW): "Allah, Gadyr gijesini ymmatyma sowgat etdi, ondan öň hiç bir ymmata bermändi."
• Pygamberimiz (SAW): "Gadyr gijesi ýatsy namazynda jemagata goşulan, şol gijeden nesibini alar."
• Pygamberimiz (SAW): "Her kim Remezan aýy gutarýança agşam we ertir namazlaryny jemagat bilen okasa, Gadyr gijesinde has köp sogaba eýe bolar."

GADYR GIJESI BARADA:

Gadyr gijesi, umuman, Remezanyň 27. gijesi musulmanlar tarapyndan bellenilip, şol gijä laýyklykda gutlanylýar, ýagny, ybadat edilýär. Kandilleriň iň beýigidir we "Gijeleriň Soltany" diýlip atlandyrylýar. Kyýamata çenli ýüz milýardlarça ynsana dünyä we ahyretde ýolgörkeziji boljak bir Kitabyň ýerýüzüne iniş güni, elbetde, aýratyn bir gündir, şol mynasybetli-de, mübärek gije halynda gutlanmagy örän amatlydyr. Gurhandaky "Gadyr süresi" wahýyň başlangyjyndan we bu gijäniň beýiklik, mukaddeslik, fazylat(üstünlik) we bereketini hem-de bu gijede älemi gurşap alan ylahy esenlik we rehmeti beýan edýär: “Bes-belli bolan (we hakykaty beýan edýän) Kitaba (Gurhana) ant bolsun: Biz ony (Gurhany) mübärek bir gijede indirdik. (Duhan, 2)” aýatyndaky inderilme ýagdaýy käbir müfessir(aýat we hadyslary tefsir eden, manysyny düşündiren alym)lara görä, mübärek Berat gijesinde Gurhany Kerimiň Lewh-i Mahfuzdan dünýä gatyndaky Beýt-i Mamura bir gezekde doly ýagdaýda indirileni bellenip geçilýär. Soňra bolsa Gurhan “Biz ony (Gurhany) Gadyr gijesinde indirdik. Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň? Gadyr gijesi, müň aýdan hayyrlydyr.(Gadyr, 1-3)” aýatlarynyň deilili bilen Gadyr gijesinde aýat halynda indirilmäge başlanýar. Hz. Jebraýyl, Pygamberimize (SAW) ilkinji wahýy bu gije getirdi, ýagny, Alak süresiniň "İkra! (Oka!)" emri bilen başlaýan ilkinji bäş aýatyny. Bu gijede kysmatyň bir görnüş halynda “istinsahy”(ýazgysy) hem belli edilýär.

Gadyr gijesi, Yslam alymlary tarapyndan üç görnüşde ýorumlanypdyr:
1. Höküm Gijesi: Ylahy Takdyrda(kysmat) hökmi berlen işleriň ýa-da birnäççe işlere höküm eden berk emirleriň belli bolýan gijesi diýlip bilinýär. Takdyrdan maksat: ezelî (başlangyç) hökümiň ýüze çykmagydyr. Hikmetli işler karara bağlanýar;
2. Makam(ýer), şan-şöhrat, hormat we azamat(beýiklik) gijesi diýmekdir. Gadyr gijesiniň müň aýdan has haýyrly we bereketlidigini aňladýar;
3. Tazýik (agram salma, gysma) gijesi diýmekdir. Bu gije inen meleklere ýerýüzi dar geler. Hem Jebraýyl ilk wahýy getirende, Pygamberimizi (SAW) üç gezek gollarynyň arasyna alyp gysýar, soňra aýatlary bildirýär. Gadyr gijesi, Pygamberimiziň (SAW) ymmatyna bolan ägirt söýgüsi sebäpli eden dilegi netijesinde kabul edil halydyr: Älemleriň Öwünji Pygamberimize (SAW) Biribar tarapyndan ymmatynyň ömri görkezilýär. Resulallah (SAW) hezretleri Öz ymmatynyň ömri öňki ymmatlaryň ömrüne garanyňda has gysga bolanlygy üçin, haýyr amal taýdan olara ýetişip bilmezler diýen pikir bilen bu babatda Biribara:“Beýleki ymmatlaryň uzyn ömürleri boýunça edip bilmejekleri amallary ymmatym gysga ömri içinde etsin!” diýip dileg edýär. Netijesinde Biribar bolsa musulmanlara 1000 aýdan[=83 ýyl, 4 aý] haýyrly bolan Gadyr gijesini berýär. (Muwatta, Itikaf 15, (1, 321))
Biribar musulmanlara rehmet üçin Gadyr gijesiniň Remezan aýynyň haýsy gijesiligini aýdyň ýagdaýda bildirmändir. Hak Tagalla şu sebäp we synaglar äleminde köp möhüm zatlary adaty zatlaryň içinde gizläpdir: ynsanyň ajalyny ömrüniň içinde, mübärek weli bendelerini ynsanlaryň içinde we ism-i agzamyny esma-i hüsnasynyň içinde, juma gününiň içinde rehmet we bereketli sagady, bäş wagt namazyň içinde “salaty wusta”ny, bütin ybadatlaryň içinde Allah razylygyny, zamanyň içinde kyýamaty, durmuşyň içinde ölümi we Remezan günleriniň içinde Gadyr gijesini gizläpdir. Bular gizlin bolany üçin, beýleki zatlar hem gadyrly bolýar, ähmiyet berilýär.
Pygamberimiz (SAW) Gadyr gijesiniň Remezan aýynyň soňky on ýa-da ýedi günündäki (21, 23, 25, 27) täk gijelerden birisi bolanlygyny aýdypdyr, umumy ýagdaýda bolsa, 27-nji gijesindeligini bildirýän hadysy köp Yslam alymlary tarapyndan kabul edilip, bütin Yslam älemi hem şeýle kabul edýär.

"Her haýyr(gözel) ammalyň sogaby başga wagtlarda on bolsa, Rejeb-i şerifde ýüzden geçer, bereketli Şaban aýynda üç ýüzden zyýada we mübärek Remezanda müňe çykar we Juma gijelerinde müňlere we leýle-i Gadyrda (Gadyr gijesi) otuz müňe çykar" diýlip bellenilýär. Gadyr gijesi doly ýagdaýda bilinmeýäni üçin, Allahyň söýgüli gullary Remezanyň her gününi Gadyr gijesi bolup biler diýen pikir bilen geçirmäge çalyşypdyrlar, şol sebäpli-de, köp weli ynsanlar Gadyr gijesini bir gün öňünden we bir gün soňundan ybadat bilen aýratyn yhlas bilen geçiripdirler.
Gadyr gijesinde okaljak namaz:

Gadyr gijesi namazy: Gadyr gijesi namazynyň iň azy 2 rekagat, ortaça 100 rekagat, iň köpi hem 1000 rekagatdyr. Bu namaz iki rekagat kylynan(okalan) ýagdaýynda, her rekagatynda 200 aýat okamalydyr. 100 rekagat kylynandda, her rekagatynda Fatihadan soňra Gadyr süresi bilen üç gezek hem Yhlas süresi okalyp, her iki rekagatda bir salam berilmelidir.
Bu gije özümize we bütin möminlere dilegler edilmelidir; çünki sünnetdir. Gadyr gijesinde bir wagt bar, şol wagta duş gelen bir dileg hökmany ýagdaýda kabul bolar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Türkleň sözi bar:"Her

Türkleň sözi bar:"Her adamy Hyzyr bil, her gijäni Gadyr bil!" diýip.
Aslynda, hakyky manysy bn şu ýagdaýa ynanyp(iň azyndan Gadyr gijesi baradakysyna), oňatja niýet bn amal edilende, Biribaryň şoňa görä yhsan bermegi örän adaty ýagdaý bolsa gerek. Garaz, Gadyr gijesi ýekeje gijä sygdyrylmasa gowy-da! Galyberse-de, Gadyr gijesiniň yşaratlary ýokarda ýa azyrak säwlikli, ýa-da ýetersiz berlen ýaly. Meň bilýänim:

Irden turaňda howa mylaýym, azajyk ýagyş sepeläp biler, gün çykyp, şähdiňi açyp duran we myýmyjak şemal öwüsýän bolmaly. Mümkin, ýene birnäçe aýratynlyk bolup biler! Olaram bilýänler ýazsa, uly hyzmat etdikleri bolar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Resmi çeşmelere görä

Resmi çeşmelere görä Gadyr gijesine 8-9 gün galdy, şoň üçinem, bu gijäniň ähmiýeini oňat öwrenip, şoňa laýyklykda onuň bereketinden peýdalanjak ýagdaýa gelmek has amatly bolar, enşallah. Belki, gündizi ýatylsa-da, gijesi hiç ýatylman, Kuran okalyp, namaz okalyp, haýyr-sahabat edip we ş.m. gowy amallar edip, öz nesibämizi ymykly aljak bolalyň!

Şony dilemek bn!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ýokarda-da bar, ýöne

ýokarda-da bar, ýöne aýratyn Gadyr süresini hem goýaýyn bärä:

Kuranyň 97-nji süresi bolan Gadyr süresi Mekkede inýär. 5 aýatdan ybaratdyr. Gadyr gijesi barada maglumat berýänligi üçin, Gadyr süresi adyny alýar. Gadyr sözi many taýdan azamat, beýiklik we ygtybarlylyk diýmekdir.

1- Biz ony (Kurany) Gadyr gijesinde indirdik.
2- Gadyr gijesiniň nämeligini sen bilýärmiň?
3- Gadyr gijesi, müň aýdan has hayyrlydyr.
4- Ol gijede Rebleriniň rugsady bilen melekler we Ruh (Jebraýyl perişde) her iş üçin ýerýüzüne inerler.
5- Ol gije esenlik, bereket doludyr we tä şapak sökýänçä-de dowam eder.
(Gadyr, 97 / l-5)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "Ynanyas we tagzym edyas! "

Hormatly agzalar yokardaki

Hormatly agzalar yokardaki Imam Sharaninin hasaplamasina gora gadyr gijesi gecen hepde altinji gundu ve londonda birnace gardashlarimiz yatman dilegler edipdirler. emma malim bolshi yali bu gun hemmeler gadyr gije diyip belleyar. ilki bn men muni icden gutlamak isleyan ve goy bizlerin gunalerimizi Allah bagyshlasin ve dogry yoldan ayirmasin ve onumizi acik etsin. Milletimizinde gunaleri bagyshlansin ve agzybirlik bersin Allajan. Gadyr gijesi barada yene bir zat aydip geceyin, hemmamiz bilmesekde kopumizi Fethullah Gulen Hocaefendini tanayar ve tanamayan yada eshitmedikler ucinde bolsa Olarin diyen sozuni shu yere yazip geceyin. Muni manada dostlardan biri aytdi. Sheyle diyyar:" Eger bu gun hakikatdanda gadyr gijesi bolmasada dunya yuzunde sheyle kan adam ak yurekden inanip gadyr gije diyip Allajanda dileg edyar ve herkim biri-birinikiye yakin dilegler edyar(meselem Musulmanlarin agzybirligi ucin milletlerini parahatciligi ucin ene-atalarinin ve ozlerinin gunaleri bagyshlanmagy ucin dileg edyarler) munca adam birden ya bir agyzdan sheyle dileg edeni ucin Allah olarin dileglerini birden kabul edip biler" diyip gecyar.men dogrisini aytsam sheyle kabul edyan ve sheyle dileg edyan yogsam bu omurde gadyr gijesini hakikatdan tapmak mumkin bolarmi bolmazmi bilip bolmaz.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"