Size "3 ýyldan ölýäň" diýseler näderdiňiz?

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Bu gün öýde duran uniwersitediň UD daily diýen gazetjagazyna göz geçirdim nahar başynda. Bir owadan, ýylgyryp duran gyzyň 2 surady bar ekeni bir sahypada, biriniň aşagynda "ýaryş Mişeliň hatyrasyna gurnalar" diýip dur ekeni.
Ýaş we owadanja gyz. Näme bolduka?
Alyp okadym, melonama diýýämi, garaz deri ragyna uçrapdyr ekeni 2005-nji ýylda, şu tomusam ölüpdir. Ölende 22 ýaşynda ekeni. Onsoň ony ýatlap ejesiniň, gyz jigisiniň, joralarynyň we ýeneleriň aýdanlary bar. Öljegini bilensoň, rak barlygyny bilensoň...
Şonda aklyma geldi, birden size "2-3 ýyldan ölýäň" diýip doktorlar aýtsa näderdiňiz?

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu yazgi ucin

  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: "gowy yazgylara sebäp boldun"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Men ýakynda bir kinoda

Men ýakynda bir kinoda gördüm şu tematikada. Bir 30-35 ýaşlaryndaky oglana ölýäň diýýäler. Olam hemme zady taşlap, işini, öýlenjek gyzyny, şäheri, gidýär başyny alyp çola bir oba. Bir ýerde öz satyn alyp, günde doňup başlaýar. Hiç zada gyzygy galman...
Menä nätjegimi bilmezdim. Gynanardym, sebäbi ölümi hiç-haçanam planlaryň arasyna goýaňok. A etsem-petsemler bolsa kän. Arasynda, bir hili gidibermek däl ýaly. Esasanam durmuşyň hözirini we keýpini görmän. Emma... menem giderdim hemme zadymy taşlap obama. Ölýänçäm bir obada ýaşaýyn diýip :D Siz?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

turkiya okuwa gelenimizde

turkiya okuwa gelenimizde bizin bilen bile Batyr diyip bir oglan hem gelipdi. shonun keseli gan kanseri eken. barde klimatyn uytgemegi sebapli has hem beterleshdi ve tazeden ashgabada akitler. yalnishmasam ol bilyadi oydyan keselinin rakdygyny. burnynyn gany hich duranok eken. ine shona seredyan doktorlar, "burnunyn gany dursa taret alyp namaz okamana duryardi..." diyyadiler. bir ay son ol hem yogalipdir(yatan yeri yagti bolsun).

yarin olecekmishsin gibi ibadet et, ve hich olmeyecekmishsin gibi dunya ichin chalısh
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

Gynanardym. Yöne oba zada

Gynanardym. Yöne oba zada gitmezdim. Adamlara yagşylyk edip yaşardym.

Benjamin Franklinin bir sözi bar: "Ölüp yatdan çykmak islemeyan bolsan, onda okara bir zat yaz, yada yazara bir zat et."

Menem şuna menzeş bir zatlara ederdim :-)

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (2 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 3 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Oba gitmegi ters

Oba gitmegi ters dushundin.
Oba gitmek adamlardan gachmak uchin dal, men obada yashamak arzuwym bar. Eyyam 12+ yildan bari oba zar men. Shaherde durmush yanyndan gechip baryan yaly, her kim alnasap ishi bilen. Asudalygy, oturyp pikirlenmegi, belki chagalygy yatlamagy gozlap giderdim. Ol yerde eli boshrak kan, in sonky keypi shol yerde alardym.
Yone gowy zat etmek barada aydanyna goshulyan. Ruhdan dushman, obada hem edip bilen gowyny edip bolaryar! Dogrymy aytsam, mana "sen olyan" diyse, oturyp gynanyp ya aglap oturjagymy goz onume getirip bilemok. Bir yanym agyryp durmasa, kan beyle gorkjagam dal, gynanjagam dal :) Gitjek nirdesin Winsowhoz diyip oye...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Baryp gormeli

Arada men bir rak keselli bir keseli zyýarata Aşgabatdaky Ankologiçeskiý bolnitsa bardym(Selhozyň garşysynda, görogly köçede). Bu kesel hem rak kesellidi we 6 aý wagt berilipdi. Entek ýaşaýar, Alla ömrünü uzak etsin, emma şu ýazylýan çyzylýanlary bir baryp görseň düşünýäň.

Içinde ýatanlaryň jemi rak operatsiýasyndan çykan we jemi hem soňundan habarly adamlar (diri ölüler dogrylap aýdanda), biribiriniň ýüzüne seredeniňde, olaryň seniň ýüzüňe seredişini, seniň olara ýüregiň awaýşyny olaryň görýandigini göreniňde adamyň içi bir hili bolup gidýär. Muny diňe baryp görüp bolýar.
Mazarlyga baranyňda ýatanlar turyp elinden çekjek bolup duranok emma welin ol ýerde biri biri bilen gadyrly görüşýän maşgalalar, biri biri bilen aýrylşyp bilmäni aglaşyp duran ýakynlaryny görmek, olaryň biri birileriniň gitmesin ýada gitme diýip ellerinden tutuşyny görmek gaty kyn we agyr ýagdaýlara ertýär adamy.

Meniň özüm şol wagta çenli rak keseliniň nämedigini hiç bilemokdym we hiç ol barada oýlanamdym emma şondan soň köp gözledim internetde we dashary yurtlarda profilaktikasyny, diagnozyny bejergi şertlerini. Allajanyň özü daş edewersin.
Olaryň berýän reaksiýalary we daş töweregindäkileriň gatnaşygyny ýazmak üçin diňe Tolstoý bolmaly. Başga näme diýeýin.

Haçan öljegiňi bilip ýaşamak hemde ol adamyň damarlarynda ganynda aýlanyp ýören rak(kanser) kletkalaryň baran ýerini zaýalap(sebabi rak bolan ýerden geçen gan ol ýerden rak kletkalaryny alyp ähli organizme ýaýradýar), giren organyny zaýalap, bütün organizimi gurşap alan agrylar we organizmdäki ähli organlarda ýetmezçilikler we disfunksiýalaryň başlamagy adama çaltdan çalt ölsem diýdirýär.

Ölümi kabul etmek bolsa iň agyry.

Telpekler (5 kisiden 9 sany)

Bu komment ucin
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "gaty gowy yazgy üçin"
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "okaň şu ýeri!"
  • shetdaly 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • diplomat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Menem shuny aydyan. Eger

Menem shuny aydyan. Eger oljegini bilsen, emma yagdayin aylanyp yormegi rugsat berse, yene yene. Yone yatan yerinden turmasyz etse, bir jaya gabap goysa, dine olumini garashyp yatmaly bolsa...
Yok, gorkmazdym, emma ichimi it yirtardy. Nahili biderek yagday?! Etjek alajyn yok, aljak keypin yok. Diri oli...
Chaltrak olumi dilardim mena...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram sening beren soragyng

Bayram sening beren soragyng durmushda oylanmaly bolan ing wajyp soraglaryng birimika diyip men pikir edyarin. Bir gun gelip oljekdiging we olume goruljek tayyarlyk bu adam uchin gaty wajyp zat. Chunki olum bilen bakyyete gechish kesgitlenyar, olum bu gapy yaly bir zat bolup bizi ruhy dunyani doly gormage akidyar. "Shu gun oljek kimin, olume tayyarlykly bol, hich hachan olmejek kimin gowy ishleri et, yagshylyk et, Hudayy we ynsanlary butin angyng, kalbyng we guyjung bilen soymek bilen meshgul bol!"
Olumden gorkmagyng bir tarapy bolsa, oluming getirjek ezyetleri yagny ruhy we fiziki agyry bolup dursa, beyleki tarapdan olumden sonra boljak zatlara bolan umytsyzlyk, shu hem ing bizi gorkuzyan zat bolup duryar. Yagny, nire barjagymyzyng nabelliligi, jennetmi yada dowzahmy, diri Hudayng onunde durmaga bolan gorky. Munung sebabi hem bizing Huday baradaky we Onung biz baradaky pikirlerini bilmeyandigimizden, we bu baradaky pikirlerimizing adamlaryng pikirlerine esaslanyp, Hudayng hakykatyna esaslanmandygy uchin bolup gecyar! Hudayng hakykaty bolsa, olumden song namening garashyandygyny bize anyk bildiryar. Bu bolsa bar bolan Biribar bilen diri shahsy aragatnashyk yola goylan yagdayda sheyle bolup bilyar. Yaradyjy Huday bilen Erem bagynda yitirilen bu shahsy aragatnashgy, Hudayng ozi dikeltmek uchin yol achdy. Bu aragatnashgyng dikeldilmegine hem Hosh Habar diyilyar we Ol arkaly Huday bize olumden sonky yashaysha, yagny gurply ajayyp yashaysha bolan diri umydy beryar! Muny bolsa Hudayng doreden bu Yoluna iman edip, kabul edip yetip bolyar! Huday olumi endi, biz olsek hem ene direljegimizi we Huday bilen yashajagymyzy Ol wada berdi. Ine kabir Injilden bolan Hudayng sozleri: "...sonky surnay chalnanda, birden goz achyp-yumasy salymda uytgediljekdiris. Chunki surnay chalynjak, oluler chuyremez bolup, direljek, biz uytgediljekdiris. Sebabi bu chuyreyan chuyremezligi geymelidir. Bu chuyreyan chuyremezlik, bu olumli chuyremezlik donuny geyende, " olum enishde yuwdyldy" dien soz yerine eter." Ey olum, hany sening yengshing? Ey oluler diyary, hany sening tikening?" Oluming tikeni gunadir, gunaning guyji bolsa kanundyr. Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize yenshi yhsan eden Hudaya shukur!...Mundan song bir taze Gok bilen bir taze Yer gordum. Chunki onki Gok , onki Yer aradan ayrylypdy. Indi deniz hem yokdy. Onsong men oz adamsy uchin tayyarlanan bezegli gelin yaly, Gokden Hudayng yanynda ashak inip gelyan mukaddes shaher taze Iyerusalimi gordum. Gokden bir batly sesing sheyle diyenini eshitdim: "Hudayng chadyry shindi ynsanlaryng arasynda. Huday olar bilen bile yashar. Olar Onung halky bolar, Hudayng Ozude olaryng arasynda bolar. Ol olaryng gozlerinden ahli yashlarynyy supurer. Indi ne olum, ne yas, ne agy, ne-de agyry bolar. Chunki onki zatlar aradan ayryldy. Tagtyng ustunde Oturan: "Ine, ahliz zady tazeleyarin" diydi!" Eger hak imanda bolsang onda Hudayng shaherinde bolmak mumkinchiligi bolar we ol sheyle bir ajayp welin heniz adam yuregi hyal edip we dushundirip bilen daldir! Her birimize shol Hudayng oyunde bolup bilmek arzuwyny edyarin!

Heh, "pylan wagt olyan"

Heh, "pylan wagt olyan" diyseler ne gozel , onda name gowlugyn bolsa edayersin welin , emma hacan oljegini bilmesen sonda kyn , mu'min adam olimden gorkmaz , emma olende Allany razy etman olmeginden gorkar.
Pygamberimiz sahabalary bilen otyrka , olimden gurrin cykanda , Omar (R,A) aydypdyr : "men bu gun yatyp ertire cykjagyma ynamym yok' diyipdir , pygambermiz (S,A,W) bolsa: " men icime soran demimi yzyna goybermane yetisjegime ynamym yok"
diyipdir.
Olim 5-sany gayyplara girya , sol 5-zady Biribaryn ozinden basga hic kim bilenok.
1-Dogulmak
2-Oylenmak
3-Dusmak (kimdir biri b/n gabatlasmak)
4-Olmek (ajalyn ytmek)
5-Kyyamat guni.
(Basga bir hadysy rowayat edilsine gora , "dusmagyn" yerine "hacan we nirede oljegin" diyip hem bar.

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: ""Gaty gowy yazipsin! Berekella!""

3 yil son olyan diyseler

Men pikrimche 3 yil son olyan diyenin yagdayindan bizinki has erbet. Sebabi ona garantya beryaler yenede 3 yil yashacakdygna a bize shonam berenokler belkem ertir olers oni hich kim bilenok. Shon uchin Bayram aga oban yoluni shuvagitdan tutuber shu vagitdan belkem yetersin belkem yetmersin. ertir name boljagi belli dal.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: ":))"

Kemal aga, bizinki has erbet

Kemal aga, bizinki has erbet dal, sebabi olara "in kop 3yyl" diyilya...

Bize shonam diyenoklarda

Bize shonam diyenoklarda:)

Al men sana diyeyin: "In kop

Al men sana diyeyin: "In kop 150 yil yashayan"...Rahatlyk geldimi indi biraz ??
Hokmanmy birinin sheyle "deadline" goymagy ?? Barybir ol sana "3 yil garantia
beryas, shona chenli olmeyan" diyenoga, gayta tersine, planlaryn orta-da kesilip bilinjekdigini aydyar, bu bolsa sagat adamlarda-da sheyle bolyan bolmaly !

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Sagbol. Meseleni aydinlatdin !! "

kemaltm dogry aydyarsynyz

kemaltm dogry aydyarsynyz .Adam pahyra yen 15 minutdanam name boljagy belli dal ahyryn .
Bir zat yadyma dusyar .2004synaglara gelipdim sonda dayzamyn 30 yasly baldyzy gelyar diydiler .Bizem agsam garasdyk .Pahyryn 3 sany yas cagsy hem bardy .Ol oye gelmezden ozal onun asgazanynda rak keselinin dorandigini we halynyn tendigini aytdylar .Men ony owal birje gezek gorupdim .Seyle owadan gyzdy .Gelende halyny gorup gaty erbet boldum .Sol gun men ona seretdim biraz ayagymy owkalap berdim .
oyune giden gununin aradan cykandygyny esitdim .Emma ol seyle bir mertdi hatda yekeje gezegem inlemezdem .Yone cagalarynyn galyanyna gaty gynanyardy ..Ol eftanaziya hakynda kop pikirlendi .Yone bolmady .Ol ansat usulyny tapypdyr .Baryp wannada hic kime yuk bolmajak bolup wenasyny kesayyipdir .
Manaha eger 3 yyldan olyan diyseler .Kysmatyma kayylbolardym .Beryanem Alla,alyanam.Yone sonca wagty oz yakynlarym bilen gecirmegi islemezdim .Olaryn cekjek jebir jepalayna men cydam edip bilmezdim .Gowusy bir hastahanada olenimi amatly goryan .Basardygymda yardam etmage calysardym .Adamlaryn aklynda yagsy yatlama bolup galmak islardim

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

eftanaziya name diymek

eftanaziya name diymek, manysy nameka?

Euthanasia

Euthanasia - agyrysyz durmuşyňy soňlamak (esasan doktor kontrolynda ukol bilen etýäler).

Özüňi öldürmek uly

Özüňi öldürmek uly günä, takdyryň bilen ylalaşmaýanlygyň. Bu elbetde dini garaýyş.
Aslynda özüňi öldürmek üçinem belli bir dereje mertlik gerek, galyp abraýly ýaşamak üçinem
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

mayachka ol ayal eytmeli dal

mayachka ol ayal eytmeli dal eken, belki olmezdi "ajaly yetene olum yok" diyyyarler. shonung uchin ol oz ozuni kas etipdir, din tarapda ozungi kas etmek halanmayar!meng pikirimche, belki yashardy! chagalryng songky nache gun yashasada bile bolmaly eken!
onsang mena gownamok,banisida olmage gidip, ondan ene atang yanyda bolanyng gowy dalmi! name banisada bolangda eneng atang yanyndabolanokmy , yada bashga yerde bolangda eneng atang yanynda bolanokmy!" Eneng atang gowni chagada, Chagang gowni kap dagynda" diyilyar!
:))))))
isongky demingdekang oz ojangda bolsang gowy!

_____________________________________
Live in the present, not in the past

selbishka wrote: belki

selbishka wrote:

belki olmezdi "ajaly yetene olum yok" diyyyarler

:))

Selbijan lukmanlar bary

Selbijan lukmanlar bary yogy yene 1 ay omri bar diyipdirler Onsonam sen bir ony gorsedin .Endam-jany dine sunk garynjygy bolsa edil 7 aylyk hamyla calym edyardi .Men sol gun synaglardan gecendigimi bilip begenip oye gelipdim .Oyde bolsa yas .Garaz keypimi bozdular .
Men indiki babatda bolsa aytsam ,men ejemdagylara aytmasy hastahanada olmegi goz onumde tutdym .Olar bilmese has gowy bolardy .

mayaychka name gurrung

mayaychka name gurrung etyangi ozung bilyangmi? name dokturlar hudaymy !
maya hazir siz yaramasangyz, huday saklasyn yone gorkezmesin, ejeng name bilen , nirede digi bilere !?

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Allajan herkime uzak we

Allajan herkime uzak we saglykly yash nesip etsin inshalla. nache yashalsa-da manyly omur gechirip, ejir chekmanjek gitsin. gaty gynanchly wakalary yazypsynyz yokarda. okap yuregim giyilyp gitdi. tanayanlarymyzdan sheyle yagdaya dushende nahili erbet gynanyas. eger ozum sheyle halda bolsam, dash etsin Allajan, naderdim bilemok. gechen omrumi pikirlenerdim, men nahili yagshy ishleri etdim? nameler etmedim? ene-atama, yakynlaryma has kop uns berip oz soygimi bererdim. umydymy yitirman, sonky gune chen shatlyk paylap mertlerche yashajak bolardym. yone bu zatlary dine hachan oljegini bilenson edip bashlaman, olum her wagt yanyndalygyna dushunip her gununi yagshylyk edip yashap gechirse, ol olse-de onun ady baky bolar. in bolmanda in eziz goryan we tanayan adamlaryn arasynda.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Hawa, sen bir gün

Hawa, sen bir gün ölersiň. Bu, ýerine etjegi anyk bolan statistikadyr: 10-dan 10-ysy hem öler.
Eger seniň ýüregiň şu wagtyň özünde dursa, sen janyňyň senden gidip barýan azajyk döwründe nähili bolarsyň? “Beýle zat meniň bilen hiç haçan bolmaz.” –diýip özüňi aldamakdan el çek! Ölüm başgalar bilen bolup geçýär diýip pikir etmek ynsanlaryň häsiýetine mahsusdyr. Emma her gün 150 000 adam ölýär, olaryň şu wagt bakyýetdedigine şubhe ýok, olaryň her biri hem seniň ýaly —ölüm “meniň bilen bolup geçmez” diýip oýlanypdy.

Ol gün gelende, sen Hudaýyň hökümi bilen duşmaly bolarsyň. Şonuň üçin, seniň soramaly iň wajyp soragyň: “Men jennete kabul edilerinmi?” diýen sorag bolmalydyr. Muny bilmek üçin gysgaça barlag: Sen ýalan geplediňmi, ogurlyk etdiňmi ýada Hudaýyň adyny nähak ulandyňmy? Isa Alehsalam şeýle diýipdi: “Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm zyna edendir” Sen kimdir birine azgyn nebis bilen seretdiňmi? Höküm günde sen günäkär bolarsyňmy? Eger biz şu ýokarda agzalan zatlary eden bolsak, onda Hudaý bizi ýalançy, ogry, Hudaýa dil ýetiren, zynagär hasaplaýar.
Hudaýyň gören seniň pikiriňde ýada hereketiň bilen eden zatlaryňy ýüregiňe ýagty saçyp görkezmegini Hudaýdan sora. Onuň mukaddes gözlerinden hiç bir zat gizlin däldir. Eger Hudaý saňa etmişiňe laýyk adalatlylyk görkezse onda sen bakyýeti elhenç dowzahda geçirmeli bolarsyň. Hudaý bolsa muny seniň üçin islemeýär. Seniň Hudaýyň jezasyndan halas bolmagyň üçin Isa Mesih seniň eriňe haçda ezýet çekdi we öldi. Ine nä derejede Hudaý seni söýýär. Biz Hudaýyň Kanunyny bozduk, ýöne Isa Mesih jezany töledi. Soňra Ol ölümden direldi we ölümi eňdi. Eger sen günäleriň üçin toba etseň we Oňa bil baglasaň, Hudaý seniň günäleriňi bagyşlar we saňa baky ýaşaýyş berer.
“Durmuş” diýilen zatda bizde diňe bir gezek mumkinçiligimiz bar. Bu baky ýaşaýyş mumkinçiligini elden giderme. Hoş Habara bu gün boýun bol. Soňra bolsa Mukaddes Ýazgyny her gün oka we onda ýazylanlara boýun bol, Hudaý bolsa seni hiç haçan taşlamaz!

Eger sen bu ýazgy bir akmaklykdyr diýip oýlansaň, onda sen maňa aýt: ölmejegiňe sende ynam barmy. Elbetde seniň haçan öljegiňi aýdyp biljek tapylmaz, emma her bir ynsanyň öljegi welin anykdyr.
Ýöne göz öňüne getirip gör, eger sen “sunami” tupanynda 229.200 adamyň Indonesiada, Şri Lankada, Indiada, Tailanda ölen döwri bolan 2004 ýyldan öňrak bir wagta gaýdyp baryp bilsediň. Sen näme ederdiň? Eger sen “geljekde boljak zatlary görendigiňi” adamlara aýdyp duýduryp başlan bolsaň we olaryň bu betbagtlykdan gutulmaklary üçin öňünden taýýarlyk görmelidiklerini aýdan bolsaň, olaryň köpüsi seni aklyndan azaşan diýerdiler. Emma näme hakyky akmaklyk bolardy...elbetde sen hiç bir zat etmedik bolsaň.

Dost oýlan, Hudaý geljegi bilýär. We Ol “Sunamiden” hem elhenç zadyň geljekdigini duýdurýar... ol Höküm Güni, ol günde sen Hudaýyň öňünde durmaly bolarsyň.

Aý men muňa ynanmaýaryn diýmegiň, hiç bir zady uýtgetmeýär. Bu, gara ýoluň orta arasynda durup, “Men maşyna ynanamok” diýýänçäň biriniň seniň kakyp geçmegine meňzeýär.

Ölüm gelýär, Hudaý seni Höküm eder we Dowzah bolsa Onuň kanuny bozanlar üçin tükenmez bolan ezýet türmesidir. Bilýäňmi näme hakyky akmaklyk bolardy…eger biz saňa muny aýtmadyk bolsak.

Bu hakykata göz etiren bolsaň onda günäleriň üçin toba et we Hudaýyň Özüniň seniň üçin berýän gutulyş ýoly Isa Mesihi kalbyňa kabul et!
Sen Hudaýa şeýleräk sözler bilen ýüzlenip bilersiň:

“Hudaýym, men seniň öňüňde eden günälerim üçin ökünip toba edýärin, meni bagyşla. Isa Mesih men saňa minnetdar, sen meniň günälerimiň tölegini, jezasyny tölemek üçin haçda ezýet çekdiň we janyňy berdiň. Men saňa öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Hudaýym meniň durmuşymy öz eliňe al we meni Öz erkiň bilen ýöret. Omyn”

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "yhlsyň üçin!"

ay shu yazanin

ay shu sonki setirlen bolmandyray:
men, Isa Mesihin menin gunalerimden jogap bermejegine ynanyan, herkim oz eken mellegine jogap berya: ine shulam menin dushunjam bolsun sana.

Azat ildesh, men sening

Azat ildesh, men sening diyyanlerine dushunyan, emma sana bir mysal, Ybraym pygambere Huday ogluny gurbanlyk getir diyip onung imanyny synanda, Ybraym ata ogluny gurbanlyk bermegining on yanyndan Hudayng ozi gurbanlyk gochy asmandan upjun edipdi, muna menzeshlikde, bizing gunamizing tolegining gaty tolarden uly bolandygy uchin, oz guyjumiz bilen muny basharmajagymyzy bilen Huday bize bu gutulyshy Isa Mesihde upjun etdi, bu sebapden hem Isa Mesih baradaky habara Huday Hosh Habar diyip at berdi. Gunaning we guna uchin jezanyng nahili elhenchdigi anykdyar, bu sebapden ol mellegine eken zadyng bilen denesher yaly dal! Ybraym ata shol ogluny gurbanlyk getirjek bolan dagyna, "Huday upjun etdi" diyip at goyupdy. Bu gun hem Huday sening gutulyshyny Isa Mesihde upjun etdi! Bu sebapden Hudayyng upjun edenini kabul et, tekepbirlik etme, chunki Huday seni gowy goryar we sana merhemet we rehim etmek isleyar!

tekepbirlik?:)

tekepbirlik:)? gutlayan.

mena

mena 3yildan olayn diymeselerem kawagt oz olumumi gaty yakynda goryan.
Yone edil shol wagt olesima gelenok.sonam gowy adamlar yash olyamish diyaler welin menem yash olmejek bolup azajyk erbet adam bolan bolyan :)
yone olumu 2gezek gaty yakyndan duyup gordum shon uchinem indi kan bir gorkubam duramok :)
yone kabir planlarymy yerine yetirip bilman olaysema gaty gynajagymy bilyan. mena yone kawagt sheyle onat olyanleri gorsem edil sholarynky yaly olesim gelya.

Her yrak keselli berilen

Her yrak keselli berilen möhletin içinde ölyar diyilen zat yok. Köp yerde okadym we eşitdim, yrak keselli bolubam şonun hötdesinden gelip yaşap yörenlerin bardygyny.
Edil özüma -beyle yagdaydan Allajan gorasyn- gynanmaryn,umytdan düşmerin. elimden geldigiçe sogap işlejek bolaryn. hassa adamynyn günaleri dökülyarmiş we eden doga dilegleri kabul bolarmyş. şonun üçinem köp dileg ederdim.
bu zatlary aytmak ya-da yazmak ansat. in gowysy Allajan bizi şeyle yagdaya duçar etmesin. her hili bela beterlerden gorasyn.

Telpekler (1 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

her samolyoda minemde, we

her samolyoda minemde, we arada samolyot titrap başlasa.. "byah.. şeydip ölüp gidayjek ekenimow" diyip galyan. :)
_____________________________________
Ikimiz bile yaşayarys: özüm we keypim..

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

...

bilmedim samalyot titrani yadima dushenok. yone samalyot howa boshluguna dushse bir hili hezil edip gityan. bir hili ozingi erkin gachmada (free fall) sheyle gowy duyyan. yada mashin bilen belent yerden batli ashak gaytmagam gowy goryan. hani ilki depa chikarsing songam gaydarsinga.. kichilikden gowy goryan zadim.

ÇANG ÇIN ÇONG VANCING HONG

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

tas men hem yazjakdym şu

tas men hem yazjakdym şu sözler uhahaha

aytma bizingkam sheyle

aytma bizingkam sheyle erbet titredi , yone mena begendim:)))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Selbi beyle gorkmazlar

Selbi beyle gorkmazlar .Gozumni yumup yatyp goybererler .Mena name ulag bolaysyn mundugu\im gutar dy gozum acylmayar .hezil baramdan son ozume gelyan :)

men gechenlerde LOST diyen

men gechenlerde LOST diyen serialy seretdim.shondan son samalyot howa galsa shol kinodaky sahnalar gozegime gelip gitya.
sonam berkje yapyshyan:)

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

bu dowurde oglanlar gorkyar

bu dowurde oglanlar gorkyar , maya biz oturybereli , aytmada :)))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

turkmen gyzlary tuweleme

turkmen gyzlary tuweleme ahyryn.sozum yok olara

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Howwa basga yene diyjek-

Howwa basga yene diyjek- goyjak zadynyz barmy ?

sozum yok

sozum yok diydima

''Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.''

Hak aydyan jora .Olar

Hak aydyan jora .Olar bilen dagy uzak yolda yoldas bolryalam dal su wagt :)))))

eger

eger LOST season 5, goren bolsan online yada internetden haysi gorup bolya habr bersene, sagbol...

Sana menzes hasiyetli

Sana menzes hasiyetli kursdasym bar .Mara her hepde wagt tapsa gider .Yone masynda .Samolyoda weli milyon bersenem titrap asla munmez .Bir gun ol yene bir marly kursdasymyz bilen insonky gezek ucara munende gapdalyndakyny tas myljyradan ekeni .Nebsim agyryar .Aslynda oglanlar hic zatdan gorkmayar diyen dusunje kellede bolanson esitmek birhili gelyar duryar./

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "hawa, inni bilyan, oglanlar hem gorkyan eken:)"

...

yene bir zady bellap gechesim gelyar barde.

2 yil mundan ozal turkiyedakam biri bilen tanishdim. turkmenistanda jigisi ucin ay agam jiging 2-3 hepde ya yashar yada yashamaz diyipdir dogtor. hatta muni hassang yaninda aytdip goyberipdir, hemmekishing ortasinda. ay bulardan derek yok diyen agasi turkiya getiryar jigisini we operasiya etdiryar we henizem yashap yor. sagligi yerinde.

barde meng diyjek bolyan zadim dogtor belki bilip aydandir belkem bilman aydandir. ony her hili sebabp gorkezip bolar. sebapler planinda Tm daki dogtoring hilini gorkezyar diyip bilersingiz. yone hic kimem adaming hachan oljegini aydip bilmez. 1 yili bar 2 yili bar nache diyselerem. ol Hudaying etjek ishi.

p.s: hassang hassaligi kellesinde tumor bar ekeni.

ÇANG ÇIN ÇONG VANCING HONG

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • shetdaly 1 telpek goyyar we yazyar: ""çykmadyk janda umyt bar!""

salam

Men 3 yyldan olyan diyseler Adamlara yagshylyk ederdim. Sogap gazanmagy kopelderdim.