Her gapyda müň aglap, Soň gapyda ýylgyrsam

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Kagyz ýarym möçberde kyn gürrüňini etmge synanyşýan. Düşünmek agyr, düşündirmek ondanam çetin. Ýöne bolmanda özüm düşünmegimim üçinem düşündirjek bolmagym gerek. Iki arada, okyjym, sen kösenersiň. Bolmasa, ýadan ýeriňde taşlarsyň diýen umydym ýene maňa azajyk teselli berýr.
Bilýnsiň, her bir zadyň başlanmagyna-da, tamamlanmasyna-da bir zat sebp bolýar. Başlanan işiň dowamy, bereketi, manysy... başga-da köp zatlar kä halatda şol sebäbe bagly bolýar. Munuň üçinem däl, birden namaza başlaýşym ýadyma düşdi, oňa iteren sebäp hakynda oýlandym.
Şol döwürler bu dünýede diri ýaşanyňdan öleniň has gowydygyna düşünipdim. Muny maňa iň ýakyn dostlarym - kyn günlerim düşündiripdi. Yok, bu düşünjäm mende ejizlik döretmändi. Nalamandymam, aglamandymam. Janymyň ýangynjyna gözümiň gören zadyny ýykyp-ýumuraýynam diýmändim. Ýakynlarym mende beýle pikiriň dörndigini daşymdan duýanam däldirler. Ýöne, gaplaň bolmasamam, özümiň ömür kapasasyndadygyma anyk düşünipdim. Bu kapasadan bolsa diňe ölümiň çykarjakdygyna akylym ýetipdi. Yok, beý diýsem boýnuna syrtmak salmaga synanşandyr öýtmäň. Belki, ejizlp, züwwetdinlän bolsam janyma kast etsemem ederdim. Şol pursat maňa iň uly güýç beren bu kapasanyň gapysynyň - ölümiň bardygyna düşünmegim boldy. Gapy bar bolsa ol irde-giçde açylar. Maňa degişlisi ol gapyny açjak bolup dyzamak däl-de, açylan wagty abraý bilen çykmak.
Ölmek bar - ölmek bar. Kimi özüniň hiç kimdigini görkezip, boýnuna syrtmak salýar. Kimi gorkup, hopugyp, owal ony akylyndan kowup, ahyr bir günem kowanyň bilen onuň gitmeýän ekendigini, ony kowjak bolmagyňam iň netijesiz pişe ekendigini bilip aljyrap, näme etjegini bilmän ýatyr. Bala-çagalary bilen hoşlaşyp, razylaşsa gidip barýan ýaly, hoşlaşmasa-da ýene gidip barýar. Kimi bolsa özüni aldap, onuň bilen dalaş gurup, "Sen gelmänkäň keýpden çykaýyn" diýip, indem oýunda utulanyny görüp, öz masgaralygyny özi duýup ýatyr...
Yok, bu düşünjäm meni dünýeden doýurmady. Diňe onuň ýüzi soldy, ýalançy reňki öçdi. Dünýniň süýjülerden doly süýjüsi meniň üçin zhere dönmedi. Ýöne onuň hakyky bal dldiginem bildim. Muny bilmek aýylganç bir zatdyr öýtme, hatda ýakymsyz zadam dl. Dogry, bir bada birhili boldum. Kellme taýak degen ýaly, gitjek ugrumy bilmedim. Nm ýapyşsam aldanjagymy gördüm, hiç zada ýapyşmasam has beter aldanjagymy, öz-özümi aldajagymy duýdum. Çünki, menem bu düný kapasadyr öýtmändim. Onuň gülüni ysgap, miwesini ýolupdym. Özüme gözigidijilik bilen seredenlerinde, batly-batly dimlerimden ýaňa aýagymyň aşagyndan ot çykýandyr öýderdim. Başarmajak işim, almajak galam bardyr öýtmeýrdim. Hatda maňa biriniň üsti bilen "Gaty gitme, gaty gitseň, gaty ýykylarsyň" diýenlerem bolupdy. Olar ýykylmasaň, ýaşap bolmaýandygyny bilmeseler dagy näme diýsinler. Men ýaşmaga çalyşdym. Ýaşamagy söýdüm.
"Ýaşamaz ýaly nalaç
Diri ýaşasym geläýr"
diýdim. Hzirem şeýle pikirde. Iň soňky demime çenli hem şu arzuwym kemelmesin.
Ýöne Magtymgulynyň:
"Ten kapasdyr, jan bir guş"
Nejip Fazylyň:
"Her gapyda müň aglap,
Soň gapyda ýylgyrsam"
diýen setirlerini gör, näçe gezek, doga deýin gaýtalap gezendirin. Häzirem şeýle. Gapy bir gün açylar, abraý bilen çykyp bolsa...

Telpekler (5 kisiden 14 sany)

Bu yazgi ucin

  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hajyjan 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Bayat-Hajy 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • BlueDomino 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Mylayym 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kemal aga, yaman gowy yazgy

Kemal aga, yaman gowy yazgy eken. Hemman bilyan zatlary welin, bular yalak dilewar, hem cylshyrymly hem sada gornushde yokary derejede ussatlyk bn yazylan bolsa, hamana shu wagt goz yetrip duran yaly shu zatlara, ozem ozune cekiji, gaty gyzykly yazylypdyr.
ps: ozuniz yazdynyzmy? sheyle yazgylan dowamyny dileyan!

Nesip bolsa

Nesip bolsa yakinda taze bir yazgam gelya . Ustunde ishlap yorn

okadym, gowy we oýlandyryjy

okadym, gowy we oýlandyryjy ýazgy, berekellah!

PS: Iki sözlük pikirimi beýan etdim, telpek bermedim ýöne :)
Meniň hem şuňa meňzeş oýlanmam bardy, ýöne men ol ýerde syrtmagy boýnuma goýaňyrlapdym :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sagbol ata aga

Iki keleme sozem ka vagyt altyndanam degerli bolya.:)

Mgtymgulyn aydyşy

Mgtymgulyn aydyşy yaly:

"Abraydyr her adama, yagşy gelip hoş gitmek."

---
Angel of Darkness
World is in your hand
But I'll fight to the end

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Dogri aydyan

Dogri aydyan .. Magtymguli iki soz bilen meselani chozayya.

Kemal ildesh gowy pikirleri

Kemal ildesh gowy pikirleri yazypsyng, gowy filosofiki oylanma we ichinde hem durmushda nahili yashamalydygyna we namelere uns bermelidigine hem pikirlendiryar!
In pikirlendiryani: kapasadan chykyp bakyet gapsyndan girmek we shol bakyeti nirede gechirjeging bolaymasa?!

Dogry

Aydyanyn dogry!