Haýsy pasly has gowy görýärsiňiz?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
Bahar
50% (20 votes)
Tomus
15% (6 votes)
Güýz
25% (10 votes)
Gyş
10% (4 votes)
Jemi 40 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Salam hormatly agzalar we

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ses berlişik barada hiç kimden ses çykmansoň, men hem Gadyr aganyň teklibi bolan pasyllar baradaky ses berlişigi dykgatyňyza hödürleýärin!

Haýsy pasly has halaýarsyňyz we munyň sebäpleri näme?!

Öz pikirleriňizi gysgaça beýan edäýseňiz!

Sag boluň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Guyz pasly

Guyz pasly,
sebabi Yssy we sowuk howa kan bolmayar, futbol chempiyonatlar shol vagt bashlaya, okuwlar hem bashlaya.... we sh.m

Özümden

Özümden başlaýyn:

Güýzi seçdim, çünki ähli miweler diýen ýaly bu pasylda ýetişýär. Men bolsa otçul, etçil däl :))

Kiçikäm, her sygyr bakyp gelemsoň, göni ekin meýdanynymyza girýärdim. Gerk-gäbe doýup, öýe giremde ejem:"Oglum, gel, naharyňy iý-ä!" diýýärdi, men bolsa doklugymy we minnetdarlygymy bildirýärdim, şonda ol:"Wah, ýene mellekden çykdyňmy?!" diýip gülýärdi.

Ikinjidenem, bu pasyl salkyn bolýar, ne yssy, ne-de sowuk. Men kän yssa-da, kän sowuga-da bolamok. Tomusda dagyn, üstümden gülüpdiler "Wah, pahyrjyk, güne çydaman kölegeden ýöreýärmiň?!" diýip :)) Eh, gaty oň ýalam däl welin, diýmek, bäri ýany bardyryn-da:)

Gyşda erbet sowuk bolsa-da bolamok. Biziň Türkmenistanyň howasy gyşyna şeýle sowuk bolup bilýär kämahal. Aýratynam, sowuk şemal öwsende, käbir ejiz ynsanlaryň bedeniniň hamy jaýrylyberýärmikä diýýän?!

Bahar basly hem ýap-ýaşyl, şeýle owadan pasyl, onam örän halaýaryn, ýöne güýz ondan öňde gelýär meň üçin :))

A siziň üçin bu ýagdaý nähili?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

sebabi guyzde boldum, hemem

sebabi guyzde boldum, hemem howasyny, yagshy gowy goryan

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Soygi-i-i-i... sar meni

Soygi-i-i-i... sar meni mahrine.
bahary gowy goryan:)

Bahary, sebabi otlar,

Bahary, sebabi otlar, agaclar gogerip bashlaya, ozem svejiy gok bolya, howa tamiz... in gowy goryan howam (yazda), gun cykyp dursa, howa-da entek doly maylamadyk, salkynjagam shemal owusse... (Apiryal dowurlerim yada dushup gitd-ay :))

ayuuuuu posunng

ayuuuuu posunng

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Hehe... Atamyrat aga bir

Hehe... Atamyrat aga bir maýda tema açypsyň, içiniň ýazgylary bolsa jedelli :D
Aý bolýa-da... moderler tiran görülýä. "Hä seňkem dogrumydyr?" diýýän ýok :D
Güýziň täsiridir.
Menä näme bolsa-da tomusy saýladym. Miweler bişýä, howa gowy, suwa düşüp bolýa derýada...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Baýram, senem at dakyp

Baýram, senem at dakyp geçýäň bar-a?!
Aç gowy ses berlişik, men hem at dakmasyz bolaýyn?!

Men şu mowzugy açdym diýip düşünişmezlige düşübermelimi indi agzalar we moderler?!
Tersine, men näçe ýerde "birleşeliň, agzybir bolalyň" we ş.m. bloglar açdym?!

Aýratyn blog açdym sesberlişikler barada. Ýaltanyp seretmeýänlerem köpdür. Ýazaýmaly-da şol ýere-de pikirleriňizi we goşantlaryňyzy we ş.m.

Aý, biman-laý meňem edýänim. Bor-da...

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Agam seň açan temaňa at

Agam seň açan temaňa at dakmandym ýa dakjak bolmandym ýokarda. Ýokarda bar aýdanym, moderler bilen offtop ýazýanlaryň arasynda jedel döräpdir, seň muňa dahylyňam ýok. Şol jedelde çykyp moderlere "siziňkem dogry bolup bilerow" diýen ýok diýdim.
Asyl sen nämä beýle janykýaň Alla bilsin. Borda...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

men "maýda" düşünmedim,

men "maýda" düşünmedim, göwnüme bolmasa göwniýetmezçilik ýaly 1 zatmyka öýtdüm. Mümkin, däldir.

Bolýar-la, mendirin-dä, ähmiýet berme!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Maýda bärde içinde

Maýda bärde içinde gapma-garşylyk bolmajak, ýeňil we ýönekeý tema manysyndady.
Ýagny "halaýan paslyň näme?" bir ýönekeý sorag, şu soragyň üstünde gykylyk we uruş turar öýdüp ýatsaň tursaň aklyňa gelýämi?
Ýa "halaýan reňkiň näme?". Ýok, sebäbi bula ýönekeý, maýda sorag, üstünde uruşara zat ýok. Emma içini açýaň welin, içi jedelden doly...
Bolýa, şol sözi göwnüňe alan bolsaň, bagyşla. Ol "maýda" dälde, "ýöneke soragly" bolmalydy. Ýöne belki onam göwnüňe alardyň.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "düşündim, bagyşla, jigim!"

İlki bilena hemmelere

İlki bilena hemmelere salam!!!
illerin name yazany bilen name işin bar diyesim gelyar. her kim öz pikirdir garayyşlaryny yazmakda azat dalmi name.islan okasyn islemeyan okamasyn.göwnüne yaran jogap yazsyn yaramayanam yazmasyn. kiçijek meselani ulaldyp oturmak hökman dal.

PS: Bayram muny dine sana diyip yazmadym. umuman kan kişi şeyle edyar. yöne senin yazgyn aşagyna yazylanson sana yalagam boldy welin hemme kişa degişli...

ýoo, Baýram ýaman gowy

ýoo, Baýram ýaman gowy ýazýar welin, köp agzalar meň ýaly ynjyk.
Gara çynym, soňky wagtlar maňa 1 zatlar boldy. "Buz üstünden tozan gözleýän"-e çalym edip duryn!

A_man, uly ähtimallyk bn PM aldyň öýdýän senem kä zatlar barada?! Belki, däldir. Ýöne şeýle bolaýanda-da, ýazgylara, olaryň maksatlaryna, jogapkärleriň işine we ş.m. düşünjek boluň! Bu babatda olara kynçylyk çykarmajak boluň!

PS: Hoş geldiň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Quote: A_man, uly

Quote:

A_man, uly ähtimallyk bn PM aldyň öýdýän senem kä zatlar barada?!

Näme PM barada gürrüň gidýär?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

wajyp däl-le,

wajyp däl-le, Baýram!
Diňeje şu ýagdaýlara düşünmeýän biriniň öwrenjek bolşy diýeýin. Düşündirdim ýagdaýy.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

a_man wrote: illerin name

a_man wrote:

illerin name yazany bilen name işin bar diyesim gelyar.

Bashga zatlar diyesin gelenokmy ?? Menem sana "Chala eshidip chatma yikmak" diylen nakyla
ayratyn uns bersen govy bolar diyesim gelyar !!

Shu yerde "name yazanda name ?!" kadasy dalde, "mowzuga gora yazma" kadasy yoreyar, shun dashyna chykylanda dine moderler dal, hemme agzanynam "tukedin" diymage haky bar, we sen shona "sen name ishin bar" diymage hakyn yok, sebabi sen on wagtyny alyan oz flud'laryn arasyndan mowzuga degisli post'lary gozlemage mejbur bolyanlygy sebapli, ol wagt bolsa dolylygyna on haky, sizinki dal !!

Yaman biderek dushunje bar shu flud bara-da, huday bar, flud yaly elementarniy zadyn ziyani barada-da bokdan monjuk gozlenilip dur !!! Nireden gelday "men islan yerime s*chyp gideyin, iller isleseler ustunden bokup gechaysinler" diyen dushunje ?? Banalniy zat shu dagy...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • GaraDag 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

senem onda "Öte eşidip öy

senem onda "Öte eşidip öy yykma".
menin diyjek bolyan zadym, her kim öz pikirlerini yazsyn. eger moderler halamasa yazan adama pm iberip "men senin yazgyny ayyryan" diyip duydurysh bersinde name etse edip goybersin. beydip hemme kişilerin giryan yerinde "senin yazgyn eyle beyle" diyip adamyny kemsiltmek nama gerek. onsonam yazan adamam biderek zat yazjak bolup yazyan daldir.elinden geleninin in gowsyny yazjak bolup yazyandyr elbetde.

PM. Ata aga, hiç kimdenem pm almadym sebabi men blog açammok.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "goldayan!"

a_man, belki maslahata

a_man, belki maslahata azajyk bolsa-da eyerip, yagday barada azajyk info alarsyn ??
Shu yerde "flud" diyip, "pikir"-in pozulanyny nache gezek, kimler gordi ?? Sen ozun gordunmi sheyle zat ?? Men meselem flud diyip, dineje agzalaryn mowzugyn dashyna chykyp, oz aralarynda gurrun edyan zatlaryny pozyan...Yagny, bu eyyam adamlaryn okamak isleyan, shahsy "pikir" dalde, olaryn oz aralaryndaky gurruni, galyberse-de mowzuga-da degisli dal zatlar.
Yene-de aydyan: Chala eshidip chatma yikmak gerek dal ! Bashda gor namelerin pozulyanini, son eyyam "shu mowzuga degislidi" ya-da "shahsy gurrun dalde, birinin mowzuk baradaky pikiridi" diy !!

Forum'daky pozulan flud'yn mukdary barada habaryn yokdygy hem bildiryar, yogsa
20-30'sy birden pozulyan post'laryn hersi uchin PM yazylyp, sebabinin dushundirilmejekdigine dushunerdin !! Flud yazany-yazany, ustune-de her bir pozulany
uchin hasap berilmegine garashyan bolsalar, onda yalnysh adamlardan, yalnysh zada garashyalar, bar ishimiz guyjimiz olara dushundirish bermek dal, goy ozleri azajyk unslije yazyp, forumy chat'a ovurmesinler !!

"Men name diyyan dutarym

"Men name diyyan dutarym name diyyar" diyilyarmi...
Mergen: menem elbetde senin aydyanlaryna goşulyan we goldayan. sebabi hiçkimem başgalarynyn öz aralaryndaky gürrünini okasy gelmez. şonun üçinem flud'lary ayyrmagyn gaty gowy zat. menin edyan gürrünim bolsa, biri bir zat yazyar. meselem x tema barada blog açyar. başga birem ay sen nahili blog açypsynay, bar yazyp bilşinmi yaly manylarda bir zat yazyar welin hem yazan adam kemsinip biler hem şol yazylanlary okan başga agzalar başga birinin kemsidilmeginden bimaza bolup biler.edil özüma şeyle...gürrün birinin kemsidilmegi barada gidyar...

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

a_man, shu sahypadaky

a_man, shu sahypadaky bolyan-pozulyan zatlaryn kopusinden yarym-yamalak habarlydygyn gornup dur...Sen hachan gordun yokarda yazan sheklinde kemsidilen adamyn blogynyn ayrylanyny ?? Ya-da moderlerin hich haysysy "Bey diyme" diymanligini ?? Onsonam, shu yerde giden gurrun bilen, sen shu wagt yazyan zadyn 1 gram baglanyshygy yok, onda name uchin ara sokdun bu gurruni ???
Yene-de "chala eshidip chatma yikma" diymek bilen yetinyan mena, shu nakyla eygeren gunin hemme zat yerbe-yer boljakdygyna-da ynanyan !!

men planyn yazan zady

men planyn yazan zady pozulypdyr diyip yazmadym we pozulyaram diymedim. birinin yazan hatyna göwni yetmezçilik edyan(ler)e degişli bu aydylanlar...

Ok, dowam etdirmegin manysy

Ok, dowam etdirmegin manysy yok, barybir it yandakdan boken
yaly bolup gidip otyr..

Kimiň näme ýazany bilen

Kimiň näme ýazany bilen işimiz bolmaly bolara, bu bir umumy forum dälmi?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

"ýöneke soragly" diýen

"ýöneke soragly" diýen bolsaň, onda dogry düşünerdim-le :)

1-2 ýerde gyltyzrak diýipdiň sen öňem, şodan şeýle pikir etdim-laý esasanam!

Bagyşla, jigim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hemme pasly gowy goryan we

hemme pasly gowy goryan we hersini oz wagtynda. birini saylamaly bolanson, gysha ses berdim. onunam sebapleri, gyshda dogulamson, akja gary we sowjak howany gowy goremson. menem gaty yssa bolmayanlardan. kartada iki kurort yurdy gorkezip, yagny biri koplench yssy yurt we biri garly ya-da salkyn yurt bolsa we sholaryn birine gitmek shansy bolsa, garda typylyan bir yerini saylardym :) yone mydama gysh, sowuk bolsa-da yuregine dushup biler oydyan. mysal uchin men Alaskada yashasym gelenok :) umuman, her yurtda her pasyl ozuche gozel we yakymlydyr.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Ine yerlikli jogap

Ine yerlikli jogap imho..:

hatice wrote:

hemme pasly gowy goryan we hersini oz wagtynda.

Goldayan! Telpeginem yokarda lowurdap durandir..:)

Bereniňä birje telpek

Bereniňä birje telpek welin, "lowurdap durandyr" diýen bolýaňmaý Gadyr aga? :D
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

ha-ha, goldaýan! maňa-da

ha-ha, goldaýan!
maňa-da yrsaraýardy ol şu ýagdaý üçin :))

Gyş pasly gelmäkä üşedim-eýazyrak, gorkup başladym indi :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

mena gunde de gyzydyryan,

mena gunde de gyzydyryan, gunde derman ichyan, sebabi mekdebim sheyle sowuk , dasharam sheyle gyzgyn, onsang ikisi garylyp meni helak etyarler:((((((
wah shu wagt gar bolsady:))))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Biribardan şypa dileýän!"

...

name ucin adamlar haysi pasilda dogulan bolsa shonu gowy goryarler..?
men ilki bardaki yazgilari okadim okamda men plan pasiligowy goryan sebabi men sho pasilda doguldum diyip bir iki yerde okadim. songam name ucin diyip sorag kellame geldi.?
bashda menem oy beripding pikirlenip gorsem menem oz dogulan paslima oy beripdirin ekenim. hayran galaymali.. hakykatdanam sheyle zat bar mika? adam oz dogulan paslina bir hili baglimika? hani burclarda bolshu yali..?
siz name diyyangiz?

ÇANG ÇIN ÇONG VANCING HONG

Men guyzde doguldym, onda-da

Men guyzde doguldym, onda-da bahary has gowy goryan, ondan son gyshy...

...

onda yzyna alyan yanky aydanlarimi..

eyyam 2 sani counterexample cikdi hipotez chuyredi.. :):)

ÇANG ÇIN ÇONG VANCING HONG

2 a 1

1 terroriste garshy 2 counter terrorist chikdi.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • busa 1 telpek goyyar we yazyar: "men terrorist dal howwwww"

gyşda doguldym, ýöne

gyşda doguldym, ýöne güýzi yşaratladym:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hmm

mena chinimi aytsam Gyshda doguldym onda da taze yilda, yone Guyz paslyny gowy goryan, edil shu vagt gowy goryan wagtymda.
yone senin aydishin yali koprak adam doglan paslyny gowy gorya!

ay mana heme pasylam

ay mana heme pasylam gowylay, yone yaz pasly birhili has gowyrajyk, podarkajyklar kop gelyar:) onsonam birhili hemme zat gulleyarler has goze owadan gorunyar, tomusda welin garpyz bolyar ana shonun ucin:) guyzde welin kawagtlar gaty yuregim gysyar, yapraklar saralyp yere dushyar, wi onsonam subotnik kop etmeli bolyar yapraklary dashamaly:) gyshda welin gecen yyla gaty sowuk boldy:( onson bizde kan gar yaganok kop yagysh yagyar yagysh yagsada erbet yuregim gysyar, wiii guyzde hem kawagt asman gaty yurek gysgync bolyar yagysh yagjak bollanda how bulashyp duranda, hamala asman aglajak bolyar yone aglap bilmeyan yaly:(

wah, çagajyk, haýsy

wah, çagajyk, haýsy podarkalar alýaň onsoň :))

a gyşda berilýärdi dämi näme podarkalar?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yok

yok how Agam yazda 8 mart bar onun ustune hem 18mart bar ana onson podarka kan gelyar ol aydya

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "aý, men 1 dikdüşdi-dä :))"

hmm

Quote:

"aý, men 1 dikdüşdi-dä :))"

ay agam ozunizi beydip kiceltmesenizle, mendirinda samrap yorendirin,

hmm, minnetdar, göwünlik

hmm, minnetdar, göwünlik bereniň üçin, ýöne men özümi bilýän-ä. Bor-laý, gynanyp duryn şu wagt şeýle samsyklygama! Bulaşyp oturmaýyn-la.

Blog açýan, biderek bolýar, ýazgy ýazýan, kä zatlary goşmaça goýmaly bolýar, ses berlişik açýan, bimany bolýar we ş.m....

PS: Sign out" etdim, görnüp durdy çykanym, çünki, "içeri gir" durdy baş sahypada, soň "täze iberilenler"-e bassam, entägem çykmandyr we şu ýerdäki "1 täze" dur.
Geň galdym, beýle-de bolýar ekeni. Sahypa-da örän ýuwaşdy häliräk.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hich zat yok

belan sapyny alyaslay, podorka yerine:)))

kim

kimler belanyn sapyny alyandyr, kimler podarka alyandyr!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 1 telpek goyyar we yazyar: ":))"

sena tanamok

sena tanamok men, we sen barada dal, eger mana eyerip yazan bolsan:)
podarko bolanok= sowgat bolya.:)

Näme diýseňiz diýiň,

Näme diýseňiz diýiň, emma şu ýerde Selbiş ýaly gyz ýok!
Pahyr her ýagdaýda-da aşakdan alýa :) Beýleki gyzlar çydaman 2-3-nji ýazgydan soň psihiki durnuklylygy elden berýäler :)
Men barlap göremsoň aýdýan :)
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • Bayat-Hajy 1 telpek goyyar we yazyar: "menem shony pikir edip otyrdym"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Selbish baradaki pikiri goldayan.."

Ay hawa, her mowzukdan

Ay hawa, her mowzukdan tonnalap 4-5 sozli off top post'laryny ayirip, "gayrat et, indi etme" diyensonam "gyuww, pozunn..." diyip yene "sepelap" gidyan adam ashakdan alyan bolayya... Ashakdan alyan adam aytjagyny aydyp, seni hammal yerine goyup "munam et" diyip gitmez, yzyndan nache "bolyala" we etc yazanyn bilen uytgeyan kop zat hem yok, asyl mohum bolany gerek yerinde dilini saklap bilmeli, shonda ashakdan aldygyn bolyar, gurrunin sonuna gelinende 100 sany "bolya" we etc yazsa-da "ashakdan alya" diylenok, sebabi barybir gurrun olyar !! Galyberse-de, "bolya'nyn bashy agyrmandyr" etmekleri menina in yigrenyan zatlarymyn biri, yzynda durmajak zadyna "bolya" diymeli dal, diyensonam boldurmaly shol ishi bolmajak bolsa-da !!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • kemaltm 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Mergen senki dogry, menem

Mergen senki dogry, menem flud-y goldamok, yone dine Selbin oykelap (esasan gyz agzalar ynjyk bolyar-da) yormeyanini gordum, aslynda "ozi gunakar, oykelese ozunden" welin, onda-da bashga bir gyz agza bolanda oykelap ya-da gaharlanyp yorerdi :))), yalnyshyna dushunyan agza eken, "bolya, bagyshla" diyip yor-a arasynda :))

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Bayram 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

"Bagyshla, bolya" yaly

"Bagyshla, bolya" yaly sozler "Kopriden gechyanchan donuza dayi diy" logikasyna gora-de aydylyp bilinyar Guych, men "bagyshla" sozi barada achan mowzugymda deginip gechipdim shuna, t.e. yzynda durmajak bolsan, ol yalnyshy gaytalanynda vyjdanyn kosemeyan bolsa, onda ne "bolya"-dan, ne-de bagyshla'dan hayir bar !!

Men on selbi bagyshla yazanda chyny bilen yazyandygyna ynanyadym, yone shu gun yazanlaryny gorenimde onun eden zadyny "adaty" ya-da "erbet dal" zat hokmunde goryanini, shona gora-de "bagyshla"-laryn kichi dilden gaydyanyny gordum...Shular yaly yagdayda aydylan ol "bagyshla"-nyn gadry men gozumde ha 1 kopuk, hol biderek ton bilen gurrunin sonunda "bolya, bolya, senki dogry " diyip, asgermezlik edyan adamlankydan tapavudy galmady !!

men adamyng gownune degsem

men adamyng gownune degsem bagyshla diyyadim!
dogry duyn yagday gaty erbet boldy, mekan agamyng gownune degdim oytyan.duyn gaty samsyk boldum, gaty erbet .
indi name edeyin? agazalar ?

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Mergen gep kimiň

Mergen gep kimiň pozisiýasynyň dogrulygynda däl. Ýagny Selbi elbetde ýalňyşýa fludlary bilen, men özümemä azajyk duýdurjak boldum. Emma onuň aşakdan alýanam hak.
Selbi ýaly ýazýan gyzlara sähel zat diýlende şu ýerde nähili gohlar turdy öň, ýadyňda dälmi?! Men şony aýdýan.
Güýç dogry düşünipdir meň pikirime.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Men hem düşündirjek

Men hem düşündirjek bolupdym. Hatda, öýkeledem, indi ýazman gezip ýör :)
Maňa ýazmazlyk bn özüne gowy edýär, elbetde, welin, ýöne Mergeniň aýdýanynyň dogrudygynam bilýär, ýöne başaryp bilenok öýdýän ol. Ýogsam, diňe fludly aýratyn bir blog açyp, şol ýerde göwün-solpydan çykyp bolar diýilse-de, ol ýerde kän gyzykly bolmajagy pikirlenilendir-dä.

Ýöne men-ä oň ýagdýyna düşüneňkirleýän. Ilkinji gezek daşary döwkete giden, özi ýaş we içi gysýa, aram-aram degişmek isleýä, ýöne böwetler bar we ş.m. :)

Garaz, oňa-da kyn, Mergene-de.

Ýöne Baýram saňa-da goşulman duramok. Her kimiň häsiýeti, tebigaty we ş.m. üýtgeşik bolýar, onam ýatdan çykarmaly däl ýöne. Sabyrlylyk, gahar, öýke-kine we ş.m. babatda.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yog ata oykelap name siz

yog ata oykelap name siz agamdanam , ay bilmangsom yazmadymam:))))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Bayram wrote: Selbi ýaly

Bayram wrote:

Selbi ýaly ýazýan gyzlara sähel zat diýlende şu ýerde nähili gohlar turdy öň, ýadyňda dälmi?! Men şony aýdýan.

Etjegini edip, "yene-de etjek" diyip, sonam bagyshla diyse-de "etjegim ichimde" diyyanlerden, 1 goh edip, 1 dynyan gyzlar govy dalmi name ??? Pys osurak pis osurak diyyaler, goh edyan 1 eder goyar, etjegini ichinde saklap goh etmeyan bolsa , goh edyanlerden 10 esse kop ziyan/ish chykarar ! IMHO !

Galyberse-de, goh edip gidensiran bolan gyzlar name gazandy ?? Biz name yitirdik ?? Herkim name etse ozune edyar, kamahal gaharyny yuvudyp bilman ichini dashyna chykaryanlaram 1 govy zat, in bolmanda sheyle yagdaylarda adamyn 2-nji tarapyny hem gorup galyas !

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Guljemal 1 telpek goyyar we yazyar: ":)"

Belkide... Yone umuman

Belkide...
Yone umuman gunasini boynuna alyada. Men shona berekella diymekden bashga name diymelidigini bilemok.
Dogrymy aydayin, bashga gyzlar bolsa, bir topar goh turuzardy.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Guljemal 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

men kunaker, hemme zada ,

men kunaker, hemme zada , men basharomok, sheydip hemme zady unutjak bolyan!
men her gezek saklanjak bolyan kyn bolyar, sypdyryp gorberyan,
mergen aga siz dogry aytyangyz!bagyshla diylende hokman durmaly, arasynda unutyan wagtym bolyar

dogurdanam men duyn daliredim,ozum shu gun bilyan , ozum sheyle utgeyan shu gunler ,
_____________________________________
Live in the present, not in the past

hany biraz ginrak bolalynla,

hany biraz ginrak bolalynla, yazgi uchin oykeleship oturmak gerek dalley. gownumize almalyn.
____________________________________________
gelse celalinden cefa,yahut cemalinden vefa;
ikisi de cana safa,lutfun da hoş,kahrin da hoş

oykelayan barmy shu

oykelayan barmy shu wagt?:)))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

daliremejek bol

daliremejek bol, eger yene gaytalansa YOGA bilen meshgul bol.


gaytalay shunu!!!

hemishede

hemishede gysh pasly gowy goryan.
yaltalan pasyly diyyan, yatmaga wagt kop, howa arassa, sowuk,garaz gysh bolsa hezillik

Guyz biraz ozume menzes

Guyz biraz ozume menzes bolanson sony sayladym Guyzde saralan yapraklardan basgada islan renkini sol bir agacda gormek bolyar .Guyzde bagyn icinden gezim edeninde yuwas-yuwasdan gacyan yapraklary syn edip rahatlanyan .Guyz ustesinede oran tasin .Onun tasirini dine bir ozunde dal eysem basgalardada duymak bolyar.
Has gowusam sol dowur yagys yaganda onun asagynda dondurma alyp gezim etmek gaty lezzetli.

selmonelk85 wrote: Guyz

selmonelk85 wrote:

Guyz biraz ozume menzes bolanson sony sayladym

diymek senem edil guyz yaly rahatladyan we tasin bolmaly :)

Maya, sen dami yazan ? :))

Gorkmasana ozum how .Sen

Gorkmasana ozum how .Sen yekeje gezek guyze basga goz bilen garamaga synanysyp gor .Sonda onun ajayyplygyny gorersin.

a men bolsa yazda komelek

a men bolsa yazda komelek gozlemegi, colin yashyl alanlarynyn icinde yanynda turkmen kopegini aylap,goyun bakyp hezil edip gezmegi...
"men bu gun saher oyanyp,cykdym lalezarlyga,
depam uste ummulmez gummeze gozum dushdi,
bu aleme guwandym men guwandym men barlyga,
gunde solup baky solmaz,gyllere gozum dushdi"

tomsuna aysyz gijeler dasharda yatyp,yyldyz sanap yatmagy,arzuw etmegi,

guyzune bolsa sdaralyp dfushyan yapraklary synlap,birazajyk hem bolsa oz omrumiz halda biraz gussaly yatlamalary..

"guyzun agras kocesinde yaprak kowlayar shemal
men onun waspyn edip tapmak isledim wysal,
yuz sowal jogabyn tapdym,galdy yene mun sowal,
sowal jogapsyz yoren dil bilmeze gozum dushdi"

a gyshyna bolsa guburdap yanyan ojar odynly pejin yanynda ustune biraz nan goyup,gyzdyryp, elinde hem kitap arasynda hem ozine dync bermek u/n dashary cykyp,syrap yagyan gary synlap, ay sanasan sogaby barrrr.......
garaz gepin gysgasy hemme pasyly hem gowy goryannnnnn:):)

yurekde name bolsa dil shony diyer!!