"Ýokarsy murt, aşagy sakgal"

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Durmuşda balansy saklamak bolýamyka?! Sorag käbiriňize geň gelýändir, ýöne ine siz başga ýurtda bolsaňyz, karýera edesiňiz gelýän bolsa, onda meň aýdýanlaryma düşünersiňiz.
Bir tarapdana iş bar, aladalary bar. Der döküp işläp, özüňi gaýgyrmasaňa, soňy depressiýa, kresloda oturyp ýasan garnyň, 200 metr ylgasaň her tarapyň agyryp duran "sportiw" bedeniň, sansyz şahsy soraglaryň, doly razy bolmadyk maşgalaň.
Ýok asuda we filosofiki garaýyşly bolup, "hars urup, harman ....(nämedaý?)" etmän, arkaýyn gezseň, onda pes status, işden we dünýäden az habaryň...
Siziň pikiriňizçe, öz durmuşyň şofýory duýmak her wagt adama başardarmyka? Her zadyň öz balansyny saklap bolarmy?

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Şu aklyma geldi, sebäbi

Şu aklyma geldi, sebäbi bizi durmuş nirä sürse şol tarapa barýan ýaly edil häzirä. Hemme zat ýarym-ýarym. Karýera doly durnukly däl, iş ýerine oturmandyr, şahsy durmuşyňam entäk doly oturan sistema däl, olam eýle, bulam beýle, arasynda futbolam oýnamaly :)
Men şu ýarym pozisiýalardan, ýarym ýagdaýlardan gaty ýaýdanýan biri. Şu hemme zat ýarym ýagdaýyndan doly belli ýagdaýyna geçse begenjek biri :)
Emma biz ýöne ýarymlaryň arasynda ýaly... ýa adam şeýdip ölüp gidýämikä? Meň ýagdaýym şu bolsa, obadaky ýaşulyň ýagdaýam "aý şu ýylam mallarymyň sanyny 30-dan 40a çykarsam, soň rahatlaryn" diýip ýörkä öläýýämikä?
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Bayram wrote: "hars urup,

Bayram wrote:

"hars urup, harman ....(nämedaý?)"

"Hars urup, harman sowurmak" oydyan !

Butin omur sheyle "2 odun ortasynda galmak" bilen gechermika diyyan mena...
Adam zada bu dunya'de durmushyndan dooooly lezzet alyp yashamak nesip etdiryan dal bolmaly, sebabi onunde hemishe yetilmedik maksatlar, alynmadyk galalar, planlanan ishler artykmajy bilen bolyar, olara yetyanchan bolsa kelle agyrydan, aladadan kop zat yok, yetensonam ol yenisin beryan keypi ebedilik surenok, belli 1 wagt'dan son oda chal taryhyn 1 bolegi yaly bolup galyar we "indi name ?" diylen sorag ichini yirtip gelyar...Durmushyn indiki tapgyry yene-de onune birnache variant goyyar, we sen yene-de bashdaky yaly, etjek ishlerine gora olaryn birini saylamaly we saylan zadyn jogapkarchiligini chekmeli bolyan...We sheydip bu jahandan otyanchan 1 o yana, bir 1 yana ylgap yormeli bolayMASA !!

"har(s) urup, harman

"har(s) urup, harman sowurmak" bolaýmasa :)

Tema gelsek : diýýänleriň dogry. Bu babatda göreldeli ynsanlary tejribelerinden peýdalanmak has amatlymyka diýýän, ynha, Kakajan Kömür, Wepa Rejep, Bezirgen Weli, Durdy Ilmämmet, Guwanç Atamyrat we ş.m. US-däki birnäçe göreldä mynasyp Türkmen oglanlary.

Onuň daşynda Fatiha süresinde-de hemişe "orta ýol(balans)" isleýänimizi nygtaýas Biribardan! Munyň üçin bolsa, durmuşyňy aýat we hadyslara, ýagny, iň gysga ýol bolan sünnete görä planlamak peýdalymyka diýýän. Gepem şony başarmakda.

Aý, menem bulaşyp ýrün-laý, kän takal okamaýyn, söz täsiri barada köp ýazypdym öňem, diňeje pikir hökmünde ýazdym munam!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sen yazyan orta yolun din'i

Sen yazyan orta yolun din'i durmush barada aydylan sozmuka diyyan ata aga, yagny "kemem bolmasyn, gozunem chykarma(extreme)" manysynda...Dini, sunneti goz onunde tutanynda-da "Alym bolup omrumin yarsyny lab'de gechirmeli bolayinmi, ya-da ona garanda has ansadrak ishe gechip, oy-ishigim bilen, chagajyklarymyn yanynda bolup yashayinmi ?!" diyen soraga belli jogap berip bolmaymasa. Bu meselelere kop adam durmushynyn bu dunya'sine garayan yuzi diyip seredyamika diyyan, olary hem koplench shu dunyan context'inde, yagny shu dunyadaki planlan zatlaryn prioritetlerine gora chozulyar. Yagny, "musulman alym palan achyshy etdi diydirip, dinime abray getireyin" diyip alym bolyan oglanam az daldir, Yone "1 achysh diyip gijeleri bilen lab'de yatyp, chagalarymdan uzak galjak dal" diyyanem az daldir...Gepin tummek yeri, adamyn haysy damarynyn yenjegine baglyda, yone haysy karara gelayende-de yene-de ol yalnyshyandyr oydemok, dineje durmushyn onune goyan variantlaryndan 1'ni saylayar, olaryn 1'nde 1 tarapa, beylekisinde bashga tarapa has kop hayry degyar, haysysyny one goyjagy bolsa dine saylayan adama bagly !

Terbiýeçisi hökmünde

Terbiýeçisi hökmünde Baýramy azda-kände taamak maňa miýesser edipdi. Baýramda alyp-ýolup barýan okama, çalyşma islegi ýok ýalydy, ýöne sapaklara düşünişi we aňy(zeka) hem-de ukyby şeýle güýçlidi, muny köp tanyşlam(mollum, terbiýeçi we ş.m.) hem tassyklaýardylar.

Garaz, Baýramyň ägirt uly açyş etjek durmuşa gadam basmagy, maşgalasy bn bagtly durmuş ýaşamagyna görä has azrak ýaly görünýär maňa-ha, bulam meň pikirim, belki, bolmanam biler.

Ýöne şu "ihdinas syratal müstakym" (bizi dogry we orta ýola gönükdir) aýaty durmuşyň her bir bölegi üçin öz täsirini ýetirýän bolmaly, diňeje dinde däl.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Tasirini yetiryandir

Tasirini yetiryandir elbetde, yone shu durmushyn context'inde hemishe shol soze gora hereket edip bolman bilner !
Meselem:
Sen onunde hazir 2 saylaw goysalar: Ya-ha mugallym bolmaly we chagalary okatmaly, ya-da diyeli palan ministr'likde ishlap, adamlaryn durmush standartlaryny yokarlandyrjak bolmaly. Shularyn haysy biri "dogry yol" ?? 2'sem dalmi ?? Eger senin uchin adamlaryn ekonomiki yagdayindan has kop olaryn bilimi mohum bolsa, onda mugallymchylygy, yok, olaryn ekonomiki yagdayini has ahmiyetli goryan bolsan, onda ministrligi saylamazdynmy ?? t.e. bular adamyn "dogry" kesgitlemesine gora uytgeyamika diyyan we dashyndan seredip "Bu dalde, shu dogry" diymage bizin kan hakymyz bolman biler.

Hawa, ýagdaýa we ynsanyna

Hawa, ýagdaýa we ynsanyna görä şol aýatyň täsiriniň hörpi, elbetde üýtgäp biler. Bu babatda gepi uzadyp oturman, seniň beren iki saýlawyň barada aýdaýyn:

Bir adam ýa döwletiniň ykdysadyýetini ýa-da bilimini has ähmiýetli görüp - olardan haýsy birini seçäýende-de, diňeje ýa-da bolmasa 80-90% şol wezipe bn dümtünip ýörmez ýa-da ýörmeli däl pikirimçe. Çünki bu durmuşda başga-da wajyp zatlar bar. Iň esasylardan biri hem maşgalasy. Başga-da wajyp zatlar bardyr, meselem, ynanjy, hobisi(sport, çinema,...) we ş.m. Diýjek bolýanym, haýsy käri seçenem bolsa, hem işini hem-de maşgalasy bn meşgullanmaly orta ýoluny tapyp. Türkleň "ifrat-tefrit" meňzetmesi bar, ýagny, ne aşa işini, ne-de aşa maşgalasyny terketmeli däl!

Şu ýagdaý boýunça Agajan bir ýazgy goýupdy, ynha, gerekli bölegi:

Agajanh wrote:

Wagtyňyzy dogry ulanýaňyzmy?

Professor otaga girenden soňra, otyrgyjyna tarap ýöneldi. Professor ornunda otyrandan soň, stolyň aşaygyndan ýumruk ýaly daşlary çyrardy. Dlaryň birnäçesini bedräniň içine saldy hem-de bedrä başga daşyň sygmajagyna gözi ýetenden soň okuwçylardan “Şu bedre doldymy?” diýip sorady. Okuwçylar “Ýok” diýip jogap berdiler. Professor ýene-de stolyň aşagyndan bir bedre çagyl çykardy hem-de ony daşly bedräniň içinde guýdy. Soňa okuwçylara ýüzlenip: “Şu bedre doldumy?” diýip sorady. Okuwçylaryň biri Dolmady öýdýän diýip, jogap berdi. Professor “Dogry” diýdi.
Professor stolyň aşagyndan ýene-de bir bedre gum çykardy we ony hem bedräniň içinde guýdy. Ýene-de okuwçylara ýüzlenip: “Şu bedre doldumy?” diýip sorady. Okuwçylaryň hemmesi bir agyzdan “Ýok” diýip jogap berdi.
Professor “Örän oňat” diýip bu gezek stolyň aşagyndan bir çüýşe suw çykaryp, bedrä güýdy. Soňra okuwçylara tarap öwrülip “Bu tejribäniň manysy nämedir öýdýäňiz?” diýip sorady. Okuwçylardan biri: “Wagtymyz nähili çäksiz bolup görünse-de, käbir zatlar üçin aýap goýýan wagtymyz bardyr” diýip jogap berdi
Professor “ýok” diýip jogap berdi. “Tejribäniň düşündirjek bolýan zady şudur, ýagny ilki uly daşlary goýmasaňyz, kiçi daşlary goýara wagt tapmarsyňyz!”
Professor okuwçylardan bu gezek: “Bolýar, uly daşlar nämedir?” diýip soraýar. Soňra:
“Uly daşlar durmuşymyzyň bir bölegi diýip hasap edeliň. Belki-de , bu daşlar wagtyňy iň köp alýan, ýagny uniwersitete taýynlanýan mahalyňdyr. Uniwersitete girmek isleýän okuwçynyň wagt bedresine goýan uly daşlary onuň synaga taýýarlygydyr. Kiçi daşlar bolsa, boş wagtlar: gezelenç etmek, telewizora seretmek, ýatmak… ýaly işler bilen meşgul bolmaga sarp ediler. Bedrä ilki kiçi daşlary goýan dalaşgär synag golaýlaşanda “Käşkä” diýen söz bilen başanýan sözlemleri köp ulanmaga mejbur bolar. Ilki uly daşlary goýup, galan boş ýerleri kiçi daşlary goýan dalaşgär bolsa, öz çeken zähmetleriniň miwesini görer
Bu terjribeden neňsi netije çykarmalydygyny her kimiň ozine goýalyň”

Gowja mysal, şeýleräk bolmaly diýjekdim başaryp bolsa - olam orta ýol ýa şoňa ýakynrak bolýarmyka diýýän.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Şu ýerde meni sebäpsiz

Şu ýerde meni sebäpsiz öwüpdirler öýdýän. Sag boluň! :)
Azyndan bir sebäp bolsunhow öwjek bolsaňyz!
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

sebäp ýazylan, ahyryn

sebäp ýazylan, ahyryn :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men pikirimche edil shu wagt

men pikirimche edil shu wagt balansy saklamak gaty kyn.universitetde okayan bolsan,6-7 sapak erbet yadatyar,ustesinede oy ishler,bashga uytgeshik zada wagtam,guyjem galanok.yatyp sowuk yassygyn keypini chykarasyn gelayyar.
shu wagt gun sheyle her kim oz ishgarlerinden chalt we gowy ishlemegini talap edyar.Ustesinede ishgarlerin hasam kop we peydaly ishlemekleri uchin her durli premiya,yarysh sistemalaryny duzup ishgarlerin in sonky guyjune chenli ishlemeklerini sazlayarlar.
men pikirimche in gowy chykalga,5-6 yil g*tuni yirtyp ishlemeli,gowja pul gazanmaly,son bolsa oylenip,oz isleyshin yaly yashabermeli.

Quote: men pikirimche in

Quote:

men pikirimche in gowy chykalga,5-6 yil g*tuni yirtyp ishlemeli,gowja pul gazanmaly,son bolsa oylenip,oz isleyshin yaly yashabermeli.

Maňa hem formula şeýleräk görünýärdi.
Gowy işläp, soňam arkaýyn ýaşaryn diýip. 100 million $ lotereý almasaň, şu bolmaýan zat. Aý lotereý alsaňam bolmaýmasa...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

men pikirimche beyle

men pikirimche beyle kategoricheski bolmaly,belki bolar:)
ay bizinki umyt etmekden bashga zat dallay,oncha ishlemersem biz:(

Ýok, hakykatdanam ýagdaý

Ýok, hakykatdanam ýagdaý şoň ýalyrak. Başga gep 5-6 ýyl işläňde ýyllyk 80-120 müň $ alsaň, köp bölegini ýygnasaň we hemme zadyňy taşlap Türkmenistana OBA gaýdyp barsaň. Ol ýerde ýeter. Emma megapolislerde ýaşasaň, bir sany öýüň bahasy 250-500 müň $
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

shu oyli gurruni dogry

shu oyli gurruni dogry aydyan,men her oye gaydanymda oz oyumizi gorup "singapurda beyle oy alyancham 20 yil ishlemeli bolarnow"-diyyan we bir-hili ichinde "burukluk" doreyar.
ay name boljagy belli dal,bir-hili pikirlensen dashary yurtda ishlemegin manysy yok yaly.

Elbette balansy saklamak

Elbette balansy saklamak diysen kyn zat. Her adama oz derejesi hokmunde bir yashayish ve ish berlen. Bayramin Aydishi yali osen yurtlarda yashasan aladan ve dushunjan bashgacha bolup obada yashasan bashgacha bolyar. Biz name edyanem bolsak belli bir vagtdan son edyan zadimiz yadadya ve onson indi name diyen soraglar yuze cikyar ve balansy tapmaklik shol yerden bashlayar. Sebabi tazeliklere gol cekmage yada achilish etmage durmak yok(men pikir edyan shon ucin bu dunya geciji diylipdir hich zadin sony yok)Mergenin aydishi yali butin omur 2 odun ortasinda galmak bn gecher.