Türkmenistandaky ilçihanalyklar (embassies)

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýaňy men tm-däki şereketler boýunça UK-yň goşandy barmyka diýip, gözleg geçirýärkäm, UK (Beýik Britaniýa - United Kingdom)-yň Aşgabat ilçihanasynyň sahypasyna duş geldim, onda-da türkmen dilinde. Onsoň, Türkmenistandaky ähli ilçihanalyklaryň web salgysyny bir ýerde jemlemek pikiri döredi mende. Şeýle bolsa, onda şol ilçihanalyklaryň aktiw bolan ähli pudaklary boýunça Türkmenistana nähili peýdaly bolýandygy barada sitatalar arkaly ýazgylar goýup, bildirip hem-de öwrenip bileris!

Bu babatda sizem bilýän maglumatlaryňyzy paýlaşaýsaňyz!

Men başlaýyn onda:

1- UK (Beýik Britaniýa - United Kingdom) ilçihanasy ;

2- Rossiýa;
3- US (United States);
4- Türkiýe;
5- Eýran;
6- Ukraina;
Ynha, şularyň hem binalaryny görüpdim Aşgabatda, ýöne 5 we 6-yň ýerleşýän ýerini ýadyma düşürip bilemok. Olaryň web sahypalary, elbetde, bardyr, ýöne öz dillerindemi ýa Türkmen dilinde hem barmy - ony welin biljek däl!

Bilýänler ýazaýsa!

Sag boluň!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Angliýaň ilçiligi

Angliýaň ilçiligi sahypalarynyň türkmen diline terjimesi barada 2-3 ýyl öň gyzyklanan ekeni, bu barada sitata:

Quote:

ILÇIHANANYŇ INTERNET SAHYPASYNYŇ TÜRKMEN DILINDÄKI GÖRNÜŞI BILEN TANYŞLYK (23/05/2006)

Beýik Britaniýanyň Aşgabatda ýerleşýän ilçihanasy "Türkmenistanda britan gymmatlyklaryny we gyzyklanmalaryny belende götermeklige" niýetlenen, Daşary işler ministrliginiň eýeçiligindäki internet sahypasy bilen 2004-nji ýylda tanyşdyrypdy. Şol wagt hem internet sahypasynyň iňlis dilindäki görnüşi köpçülige hödürlenipdi. Soňra bolsa 2005-nji ýylda, ilçihananyň neşirýat we jemgyýetçilik işleri bölüminiň işgärleriniň ýadawsyz tagallalary netijesinde onuň rus dilindäki görnüşi köpçülige ýetirildi. Internet sahypalarynyň ýyllyk gözden geçirlişinde ýokary netije gazanylmagy hem-de bu bölümiň öňde goýan maksatlary netijesinde üç dillilik pikirine badalga berildi. Özüniň öňde goýan maksatlaryny doly amal etmek bilen, şu ýylyň başlarynda ilçihana internet sahypasynyň türkmen dilindäki görnüşini köpçülige ýetirip, giň köpçüligiň öz hyzmatlaryndan peýdalanmaklaryna mümkinçilik berdi. Indi bolsa müşderiler, Beýik Britaniýanyň Aşgabatda ýerleşýän ilçihanasynyň beýleki hyzmatlary bilen bir hatarda, ilçihananyň alyp barýan işlerinden we täzeliklerinden üç dilde hem peýdalanyp bilýärler.

Ilçihananyň durmuşa geçirýän işleriniň ençemesi www.britishembassy.gov.uk/turkmenistan internet sahypasynda beýan edilendir. Eger-de siziň bellikleriňiz, pikirleriňiz we haýyşlaryňyz bolsa, onda biz bilen telefon, faks ýa-da elektron poçta arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Ondan daşary şol sahypada:

- UK wiza;
- UK-da bilim;
- UK-da iş;
- Täzelikler;

we ş.m. zatlary öwrenip bilersiňiz!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

slam

brat gaty gorme taze registr..nadip telpek goymaly.."bizar" boldym gozlap:)

Azat, sende telpek ýok

Azat, sende telpek ýok bolsa, elbetde, telpek goýup bilmersiň! Sen öň synanyşan bolsaň, bu adaty ýagdaý. Ýöne sende häzir 1 telpek bar, diýmek, indi goýup bilersiň!
Goýmak üçin:

Her ýazgyň aşagynda garaldylyp ýazylan "telpek goý!" ýazgysy bardyr, şoň üstüne bassaň, şol ýerde inçeden uzyn boşluk çykar "Gaty gowy ýazypsyň, Berekella!" diýip. Onuň üstjagazynda/aşagynda bolsa "Telpek goý" diýlen ýazgy bolmaly. Ynha, şoňa bassaň telpek berler.

Telpek barada maglumat:
http://tmolympiad.org/?q=node/1248

PS: Mübärek Remezan aýynda, aslynda, hemişe manysyny bilmeýän ýa-da doly düşünmeýän daşary ýurt dillerindäki betgelşik sözleri(rusça) ulanmasak has amatly bolar!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

americanyngka orscha

americanyngka orscha yazylan. chunki biz web site dan visa alypdyk shondan bilyan
_____________________________________
Live in the present, not in the past

http://turkmen.ashgabat.usemb

minnetdar,

minnetdar, Hajy!

Hytaýlaňky ýokmy?! Bar bolsa, onam goýsana, iň azyndan iňlis dilinde bolsa-da sahypalary!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Edil olanky ha yok! Men

Edil olanky ha yok! Men bilmeyan hem bolup bilerin! Yone gozlesen dine adresini tapsa bolyar, bashga zat yok:(