Türkmenistandaky ýerli we daşary ýurt şereketleriniň/firmalarynyň sanawy we maglumatlary?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýaňy-ýakynlarda Gazagystanda işleýän bir dostumdan e-hat alypdym mowzuk barada. Onsoň özünden rugsat sorap, bärigem goýmagy müwessa bildim. Ynha-da, netijesini görýärsiňiz:)

Onuň özüne-de köp mahabatlandyrdym bärini linkler arkaly welin, gelenok öýdýän, belki, agzadyram. Gyssap sorap görmeli öýdýän :)

Indi, aşakda şol şereketleriň sanawyny goýjak gysgaça. Özüm-ä kän bir maglumat bilemok olar barada, ýöne bilmek welin isleýärin! Sebäbi, şu wagt daşary ýurtlarda okap we işläp ýören talyp ýaşlarymyz, şu sahypanyň agzadyr myhmanlary hem gyzyklanýarmyka diýýän şu ýagdaý boýunça, ýagny, tm barylanda nirede we haýsy ýerde işlemelidikleri barada.

Türkmenistandaky daşary ýurt şereketleriniň/firmalarynyň sanawy:

1. Irish Arab company Dragon Oil
2. Burren Energy (uk)
3. Mitro International
4. Petronas (Malaysia)
5. Maersk Oil (Denmark)
6. Siemens (Germany)
7. Wintershall (Germany)
8. Zuppelin (Germany)
9. Schlumgerger (France American)
10. Deugro (France)
11. Cifal (France)
12. Gazprom (Russian)
13. Mercedes (germany)
14. Calik Holding (Turkiye)
15. Polimeks (Turkiye)
16. Alarko (Turkiye)
17. Sehil Insaat (Turkiye)
18. Phillips Petroleum
19. Naftogaz Ukraina
20. General Motors (USA)
21. Bechtel (France)
22. Turkmenistan Coca Cola Bottlers
23. Apolteks (korteks) (Turkiye)
24. Ucgen Ekpar (Turkiye)
25. Gama (Turkiye)
26. Summa (Turkiye)
27. Mensel (Turkiye)
28. Burc (Turkiye)
29. Maytro (Spain)
30. Velver (Britain)
31. Petro Gaz (ukraina)
32. Efor (Turkiye)
33. Polimeks (Turkiye)
34. Norsel (Turkiye)

Serdar (kursdaş) sanawyň doly dynmanlygyny, maglumatlaryň hem internetden tapyp boljagyny bildiripdir bellik arkaly welin, ýöne bilýänler şu ýerde-de ýazaýsalar!
Sanawyň daşynda-da birnäçe şereketler bardyr, elbetde, sanawyň yzyny dowam etdirmegiňizi hem haýyş edýärin!

Sag boluň!

Telpekler (2 kisiden 7 sany)

Bu yazgi ucin

  • unknown 2 telpek goyyar we yazyar: "hytaylaryngkyny bilyan bolsada yzazyng,,,,gowy tema molodesz!"
  • azat 5 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

ýerli şereketleriň

ýerli şereketleriň sanawynam soň başladaryn-da ýa-da başlarsyňyz-da!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men rolls royce'in bardigini

men rolls royce'in bardigini ve boeng'in bardygyny bir yerde okapdym. olar dine howayollara consultasiya beryarlermish. birem schlumberger'in inlislerin firmasydy diyip yordum velin ata aga siz muny uytgedaydinizlay.

iňlisleriňki däl ol. men

iňlisleriňki däl ol. men ýazmadym, aslynda, ýöne dogry ýazypdyr, men takyk bilýän. Şol firma, aslynda, Fransuzlaryňky, ýöne soň içine Amerikanlardanam alýalar dünýä bazarynda has täsirli bolmak üçin!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Enex(Belgium) American

Enex(Belgium)
American airlines
Caterpillar
john deer
case
haliburton (petronasin)adynyn ashagynda ishleyar.

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "goldawyň üçin!"

ata aga siz tuwelemaning

ata aga siz tuwelemaning tuwelemesi

_____________________________________
Live in the present, not in the past

ol näme üçin?! men çopan

ol näme üçin?!

men çopan how :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

shu chopanlar

shu chopanlar tuwlemeda:)))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

:) çopanlar we tüweleme -

:) çopanlar we tüweleme - bular bir-birlerine ters sözler :)aý, aslynda, çopanlarm bir kärhana/şereket gurmaly bar-a, sebäbi, tm-niň ykdysadyýetini emele getirýän iň güýçli pudaklaryň sanawyny ýazsaň:

1- Gaz;
2- Nebit;
3- Ekerançylyk;
4- Maldarçylyk.

gelýär pikirimçe. Onsoň näme, maldarçylyk bn meşgullanýan çopanlar üýşüp gurmaly-da şereket, men barsam ylgarmykam diýýän ugrunda:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

slm

Chopanchilik hem turkmenistanyn ykdysadiyetini emele getiryan bolsa,
bizlere gaty kyn dowur garashyamika diyyan? :))))

ata

ata aaaaaaaaaagaaaa:)))))))))))
chopan chopan diyen bolyangmy?

_____________________________________
Live in the present, not in the past

ata aga serdar aganyn gaty

ata aga serdar aganyn gaty isi kop bolaymasa, bolmasa onler ozem bu sahypa barada aydyardy. birem nuryagdy aga barada yazsanyzlan, millet tanasyn-ow beyle adamlary. nuryagdy aga yene yzyna gelipdir okamaga. indi basga planlar, proyektleri bar. sonky yillarda bizin saheri ayaga galdyran shol.the legend returned :)

Bu blogda ýazmaýyn, oň bn

Bu blogda ýazmaýyn, oň bn bir habarlaşaýyn. Wiý, sen habarlaşsana, onuň bn söhbetdeşlik gurnaly?!

Hawa, ol bir gahryman bold-a Bursada. Aý, meň ýaly başarnyksyz başlygyň yzyndan şeýle başarnykly biri gelensoň, tapawut göz-görtele görünýär-dä! Men-ä sizi aldap gezipdim 3-4 ýyl, sizem düşünmediňiz, indi-indiler düşünen bolaýmasaňyz :))

Hä, Serdar aga bn hem gurnasa bolar, ol-a magistraturany gutarypdy Uludag nide "işletme" (önüm dolandyryjylyk) bölümini, Nurýagdy aga bolsa "ekonometri"(ykdysadyýet) bölümini. Şu blog bn hem baglanşygy bar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yok men bashtutanlyk barada

yok men bashtutanlyk barada aydamok. ol sonky dowurler has aygytly adimlere bashlady. beydip yalnysh dushunman.

Ýo, men ýalňyş

Ýo, men ýalňyş düşünmedim-le!
ýazanlryň dogrudyr, men hem tanaýan ony azda-kände:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga siz

Ata aga siz topar firmanyn adyny yazypsynyz, yone olaryn kopusi TMdaki uly firmalarmyka diyyan, birem bugun taseron bolup ertir firma bolan bir topar firmalaram bar, yone kopusi parlamanka ochyar::)
- Bahar Inshaat(ortalarda bir yerde)
- Birsen Inshaat (Taze firma boljak bolyar, Renaultin eyeleri)
- MACC inshaat (ochdi):))
-Doganay inshaat(Ochman yolunda)
-Atayurt inshaat (Name edyani belli dal)
-Shahturkmen (Ortalarda bir yerde)
-Itera (Rus gurlushyk firmasi)
-Ichkale (Gowja firma)
-Erku (Gowja firma)
-Efor (Gowja firma)
-Asist (ochdi):))
-Kapra (Turk firma, nireden peyda boldy bilemok::)))
-Doruk
-Shahin
-Mutluhane
-Ornekler
-Dogu Akdeniz
-Buigues Turkmen (Fransiya, adyny yalnysh yazan bolmagym ahmal)
-Finances Impex (Virginia adasi lisansli, yone eyesi Turk Turkmen ortak oydyan)
- Hayat Group
- (Ve yenede gurujysynyn familyasyny goteryan bir topar Turk firma, atlaryny yadynda saklamagam mumkin dal::)))
Shumahal aklyma gelenler dine shular, yone mundanam kopdugini bilyan, men yazanlarym gurlsuhyk firmalarydyr, yenede yadyma dushen mahaly yazaryn...

Telpekler (2 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • azat 2 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Minnetdar!"

Sagja bol, Resul aga! Hawa,

Sagja bol, Resul aga!
Hawa, ýagdaý şeýle, mundan soňam gonup-göçjek taşeron firmalar köp bolar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

MI Swaco POTENSIAL diyip

MI Swaco
POTENSIAL diyip taslamalary calaja bilyan menem

başga ýokmy :) Telpek

başga ýokmy :) Telpek berjeg-ow köpüräk ýazsaň :)

minnetdar, jigim!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

22. Turkmenistan Coca Cola

22. Turkmenistan Coca Cola Bottlers
Eýesi Mahmut Uslu diýilýän türk, Fenerbahçede başlygyň orunbasary. Türkmen Fenerbahçe janköýerlerini gowy görýa, habarlaşyp bilseň feneriň oýnuny nirede bolsada VIP salonda ýer tapyp berýa.
Firmasynyň etýän işi bolsa daşry ýurtdan gelýan siroplary gaplamak. Niýazow oňa türkmenistandaky buýonlardan sirop ýasa diýipdi, ol hem barde ýasamana rugsadym ýok diýipdi.

"Türksoy'la İpekyolu" ady belli türk firmalar hakynda makala ýazypdyr.
Türkmenistan'da kim, ne yapıyor?

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Minnetdar, Myrat aga!"
  • azat 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

linkde gowja maglumatlar bar

linkde gowja maglumatlar bar ekeni, birem US-yň ilçihanasynyň beren maglumatlaryna görä-de köp sanly şereketler/firmalar tm-da bar ekeni, ynha:

- Abt Associates (USAID Partner)
- ACCELS (USAID Partner)
- American Bar Association
- American Machinery Company, Inc.
- Argus Limited
- Bertling Logistics (Turkmen) L.L.C.
- Boeing
- Bracewell & Giuliani, L.L.P.
- British American Tobacco
- BP
- Cameron Corporation
- CaseNewHolland
- Caterpillar
- Chevron
- Turkmenistan Coca Cola Bottlers Ltd.
- Counterpart International (USAID Partner)
- Cudd Energy Services
- DaimlerChrysler
- Dewey & LeBoeuf LLP
- Dunavant Cotton Co.
- Environmental Solutions Int. LLC
- EXXONMobil
- General Electric
- Halliburton International Inc.
- Hewlett Packard
- IBM
- Infrastructure, Water, & Process Technologies
- International Center for Non-Commercial Law (USAID Partner)
- International Research & Exchanges Board (USAID Partner)
- John Deere
- John Snow International (USAID Partner)
- Junior Achievement (USAID Partner)
- Madison Investment Management LLC
- Motorola GmbH
- Murphy Shipping & Commercial Services Ltd.
- National Oilwell Varco
- Parker Drilling Inc.
- The Pragma Corporation (USAID Partner)
- Project HOPE (USIAD Partner)
- Rosenblatt & Company
- Russian Petroleum Investor (RPI)
- Solar Turbines Inc.
- Transocean
- Weatherford Oil Tool Middle East Ltd.
- WesternGeco
- Westport Trading Europe Ltd.
- Winrock International (USAID Partner)

has giňişleýin maglumaty web sahypalarynda okap bilersiňiz!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

USAID

Käbir guramalaryň soňynda USAID Partner ýazylan. USAID bolanda United States Agency for International Development bolýa. Her tüýsli gumanitar we sosial hizmatlar berýärler.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

slm

mena mundan son dine Coca Cola ichayjek.
Sebabi fenerbahce jankoyeri, bayasada fenerbahce we Turkmenistan bayasin.
yone yewreylerem payini alarmika diyyan bu guyudan. :))))

Hytayynkylar: SINOPEC-nebit,

Hytayynkylar:
SINOPEC-nebit,
RB-gara yol, kopri gurlushygy

CNPC yatdan cikipdir

Hitaylarin TMde isleyan esasy firmasy CNPC(China National Petroleum Company). TMde dasary yurt firmalarynyn rig(skwajina) larynyn sanawy:
CNPC - 11
Burren - 3 (HANA, Gara Altyn, we Nebitchi) - Gunde 2 million USD gazanya.
Dragon oil - 2 (Iran-Khazar, CIS)
Calik Enerji - Esasy Akpatlawukda we Yolotende isleya(Turkmennebit bilen contractly)
Petronas - 1 (Trident-20)
Maersk- ?
Wintershall - 1
rig bilen guyi den daldir. Sanalan firmalar Schlumbergerin clientleri.

Dunyade alyan girdejileri boyunca nebit-gaz firmalarynyn sanawy:
1. ExxonMobil
2. Shell
3. BP
4. ConocoPhilips
5. CNPC
6. Eni
7. Petronas

Schlumberger nebit-gaz islap cikaryan Petronas, Burren yali firmalaryn hizmatlaryny edyan dunya belli firmadyr. Duybi entegem Fransiyada. Bu firma esasy oz ulanyan tehnologiki gurallary bilen mesgur yone esasy scientific merkezleri USde. Men hazir su yerde praktikada, islan soraginizi sorap bilersiniz, bildigimden jogaplaryn.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "başarnyk dileýän!"

aýratyn blog açyp

aýratyn blog açyp ýazsana, utp_li?! Soragam şol ýerlerde sorarys!
bärde başga-da birnäçe agza nebit-gaz şereketlerinde işleýän bolmaly, mümkin, olaram goşant goşarlar şol açyljak blogyňa!

Goýant maglumatlaryň üçin minnetdar, jigim! Telpek saňa!

Stažyňda-da başarnyk dileýän!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"