Kandiller (mübärek gijeler) we olardan peýdalanmak

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanar!

Şu wagt mübärek 3 aýlaryň içinde Remezan aýyna başladyk. Şu mynasybetli, bu aýlar bn baglanşykly käbir peýdaly maglumatlary siziň bn paýlaşmak isledim.

Aşakda ýazmakçy aýry-aýry.

Sizem bu babatda bilýän zatlaryňyzy ýazyp, gazanyljak sogaba şäriklik edip bilersiňiz, enşallah!

Sag boluň!

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu yazgi ucin

  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "siz tuweleme"
  • a_man 1 telpek goyyar we yazyar: "Alla yalkasyn !"

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Kandiller = Mübärek gijeler

Musulmanlar ýylyň 5 gijesine şol gijelerde wajyp wakalaryň bolup geçenlii sebäpli, aýratyn ähmiýet berýärler. Şol mübärek 5 gijäniň dördüsi mübärek 3 aýlaryň içinde bar. Ynha, olaryň sanawy:

1- Mewlit Kandili - Pygamberimiziň Rebiulowwal aýynyň 12-nji gijesinde, ýagny, Hijri ýylyna görä 1428 ýyl mundan ozal dünýä geldi. Şol sebäpli, bu aýyň 12-nji gijesi Hijri ýylynyň ilkinjisi Mewlid kandilidir;

2- Regaib Kandili - mübärek 3 aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň ilkinji juma gijesi Regaib kandilidir;

3- Miraç Kandili - mübärek 3 aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň 27-nji gijesi hem Miraç kandilidir;

4- Beragat Kandili - mübärek 3 aýlaryň ikinjisi bolan Şaban aýynyň 15-nji gijesi bolsa Beragat Kandilidir;

5- Gadyr gijesi - mübärek 3 aýlaryň üçünjisi bolan Remezan aýynyň 27-nji gijesi bolsa Gadyr gijesidir.

Bu gijelerden nesiplenmek we peýdalanmak üçin, aşakda aýratyn ýazgy goýmakçy, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (2 kisiden 2 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "ellerinize saglyk :)"

KANDİLLERDEN PEÝDALANMAK:

KANDİLLERDEN PEÝDALANMAK:

Bütin kandil gijelerinde edilip boljak, bagyşlanmagymyza, köp mukdarda sogap gazanmagymyza, Biribaryň razylygyna, ruhy taýdan galkynyp össmegimize, bela-beterlerden goranmagymyza sebäp boljak möhüm zatlardan biräçesini sanaw halynda ýazsak:

1. Gurhanyň asly we tefsirleri(meal) okanmaly; okaýanlar diňlenmeli; oňaýly ýerlerde Gurhan okatdyrylmaly; Kelamullaha bolan söýgi, hormat we baglylyk duýgylary täzelenmeli we kuwwatlandyrylmaly;
2. Pygamberimize (SAW) salawatlar getirilmeli; Onun
ň şepagatyny umyt edip, ymmatyndan bolma pikiri/aňy täzelenmeli;
3. Kaza, nafile namazlar kylynmaly; bar bolsa şol gijä degişli aýratyn namazlar okanmaly, kandil gijesi, asly boyunça ybadat we ybadatda yhsan düşünjesi bilen geçirilmeli;
4. Tefekkür (Biribaryň hikmetleri barada pikir) etmeli; "Men kim, nireden geldim, nirä barýaryn, Allahyň menden isleýän zatlary näme?" ýaly durmuşyň wajyp meseleleri barada pikir ýöretmeli;
5. Geçen wagtyň hasaby edilmeli we häzirki wagtyň hem-de geljegiň plan we programmasy döredilmeli;
6. Günälere yhlas bilen toba edilmeli; şol gijäniň iň soňky gije bolup biljegini kabul edip, has laýyk ýagdaýda amal etjek bolmaly;
7. Köp zikir(söz billen Allahy öwme) we dileg etmeli ;
8. Möminler bilen halallaşylmaly; olar bilen gatnaşygmyz taýdan razylyklary alynmaly;
9. Küs we öýkelänler ýaraşdyrylmaly; göwünleri razy edilmeli, gamgyn ýüzler güldürilmeli;
10. Ynsan özüne we beýleki mömin doganlaryna, hatdâ, adyny hem ýatlap dilegler etmeli;
11. Üstümizde haklary bolanlar gözllenip, halallyk soralmaly; wepa we hormat ahlaky ýerine ýetirilmeli;
12. Yetim, hassa, maýyp, garry bolanlar zyýarat edilip, söýgi, şepagat, hormat, sowgat we sadakalar bilen şatlanndyrmaly;
13. Şol gije bilen baglanyşykly aýatlar, hadyslar we bularyň ýorumlary degişli kitaplardan peýdalanyp, ya şahsy ýa-da umumy ýerlerrde okanmaly;
14. Şol gijä laýyklykda dini duşuşyklar, paneller, seminarlar. konferanslar we söhbetler eddilmeli, wagyz-nesihat diňlenmeli; goşgylar okanmaly; ylahy sözler bilen köňüllerde aýratyn höwes döredilemli;
15. Kandil gijesiniň agşam, ýatsy we ertir namazlary mümkin bolsa jemagat bilen hem-de metjitlerde kylynmaly;
16. Sahabalar, alymlar we öwliýa gonamçylyklary zyýarat edilmeli; ruhlary hoşnut edilmeli (aýat okap ruhlaryna bagyşlap) we olaryň ruhy mertebeleri hormatyna şahsy we umumy haýyr üçin Haka ýalbarmaly;
17. Wepat eden ýakyn dogan-garyndaşlarymyzyň, dostlarymyzyň we ulularymyzyň mazarlary zyýarat edilmeli; iman doganlygyna degişli sadyklyk ýerine ýetirilmeli;
18. Durmuşdaky manewî(ruhy taýdan) beýikleriň, Yslam alymlarynyň, mugallymlarymyzyň, ene-atalarymyzyň, dostlarymyzyň we beýleki ýakynlarymyzyň kandilleri gönüden-göni gidilip ýa-da telefon, faks, e-mail çekilip gutlanmaly; dilegleri islenmeli;
19. Bu kandil gijeleriniň gündizlerinde mümkin bolsa agyz beklemeli;
20. Gadyr gijesiniň hakymyzda segsen üç ýyllyk ybadat bilen geçen ömre deň bir ömür hökmüne geçmegini, Gadyr gijesi hormatyna rahmeti Ylahydan nyýaz etmeli.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

Soňam belki ýazyp bilerin,

Soňam belki ýazyp bilerin, sizem goşuberiň goşantlaryňyzy!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ata aga tuweleme sizin

Ata aga tuweleme sizin yazyan zatlarina yetisip bolanogay. men shondada yetishjek bolayin ve beragat kandili hakinda birazajik yazayin son sizede Leyletil Kadr hakinda yaz diyip sorasak gaty godeklik etdigimiz bolarmika?!?!

Ebu Hureyre (R.A.) rowayat edyar: Rasulallah (SAV)sheyle diydiler
"Shaban ayinin 15 gijesinin ilkinji vagtlarinda Jebrail(AS) mana geldi: sheyle diydi:
Ya Muhammet, bashyny galdyr yokara seret asmana. Soradym.
Bu gije nahili(name) gijedir? Sheyle dushundirdi:
Nu gije Allah-Tagala, rahmet gapilarindan 300 sanysyny achar, Ozune shirk goshmayan herkimi bagyshlar. Megerem bagyshlajagy adamlar, palchilar,alkashlar(dowamly araj icenler) procendine pul berenler ve zyna ish edenler bolsun.Bu adamlar toba edyancha Allah-Tagala olary bagyshlamaz.

Gijanin dortde biri gecenden son, Jebrail yene geldi ve sheyle diydi:"Ya Muahammed bashyny galdyr. Bir seretsem Jennet gapylary achyk. Jennedin birinji gapysynda bir perishde dur ve sheyle diyyar:"gor nahili begencli bu gije ruku edenlere.
ikinji gapyda bir perishde dur sheyle diyyar:"Bu gije sejde edenlere gor nahili begenclilik".Ucunji kapida duran perishde sheyle diyyar:"Gor nahili begenclilik bu gije Allaha dileg(dua) edenlere" dordunci kapida duran perishde sheyle diyya:"gor nehili begenclilik Allahy zikredenlere. Bashinji gapyda duran perishde sheyle diyyar:"Gor nahili begenclilik bu gije Allahin gorkusindan aglayanlara. Altinji gapyda duran perishde sheyle diyyar:" gor nahilli begenclilik bu gije Musulmanlara. yedinji gapyda duran perishde sheyle diyyar:"Gunalerinin bagyshlanmagyny isleyan yokmy gunaleri bagyshlansyn.

Bulary gorenimden sonra Jebrail'e soradim:"Bu gapylar hacana cenli acyk boljak?
Sheyle diydi:"Ya Muhammed, Allah-Tagala, bu gece, Kelp taypasinin goyunlarinin tuyunin sany yaly adamlary Jehennemden azat eder."

Kabir yalnishlik bolup biler bu menin turkmencamin yetmezliginden diyip kabul edin elimden gelshine gora dogry zatlar yazayin diyip dirjashdym emma adamogly bir sheytan sypatlisi bolamson beyle yalnishliklar arkayin yaziliberyar.

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Telpek!"
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"
  • azatcentury85 1 telpek goyyar we yazyar: "tuweleme agam, yene 1 zat owrendim."

:)))

Style wrote:

Ata aga tuweleme sizin yazyan zatlarina yetisip bolanogay. men shondada yetishjek bolayin ve beragat kandili hakinda birazajik yazayin son sizede Leyletil Kadr hakinda yaz diyip sorasak gaty godeklik etdigimiz bolarmika?!?!

Wah, Hajy aga, men ýokarda ýazypdym ahyry hemme kandiller barada, ýöne linklerini goýupdym, seret, her kandiliň yzyndan gök renkde kandil ady bar, şolar link we şol linkde giňişleýin her kandil barada Türkmençe maglumat bar, üstüne bas, görersiň. Düşünmeseň jaň edeýin häzir :))
Aşakda-da goýýan täzeden:

1- Mewlit Kandili - Pygamberimiziň Rebiulowwal aýynyň 12-nji gijesinde, ýagny, Hijri ýylyna görä 1428 ýyl mundan ozal dünýä geldi. Şol sebäpli, bu aýyň 12-nji gijesi Hijri ýylynyň ilkinjisi Mewlid kandilidir;

2- Regaib Kandili - mübärek 3 aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň ilkinji juma gijesi Regaib kandilidir;

3- Miraç Kandili - mübärek 3 aýlaryň ilkinjisi bolan Rejep aýynyň 27-nji gijesi hem Miraç kandilidir;

4- Beragat Kandili - mübärek 3 aýlaryň ikinjisi bolan Şaban aýynyň 15-nji gijesi bolsa Beragat Kandilidir;

5- Gadyr gijesi - mübärek 3 aýlaryň üçünjisi bolan Remezan aýynyň 27-nji gijesi bolsa Gadyr gijesidir.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy yazipsin! Berekella!"

ata aga biz turkmencheden

ata aga biz turkmencheden yza galypdyrys diyyan velin onun gapdalynda tehnologiyada goshuldy indi. Ay men gurlesem batyan shon ucin biraz gurlejek dal dine seyirji bolup galjak. bolmadim diyende orazan sonuna cenli.

meň ýaly çopanlar her

meň ýaly çopanlar her ýerde-her ýerde bar ekeni, diýmek :)

Hajy akga, yza ýol ýok, diňe öňe :)
Bahanalar kabul edilenok, ýöne ýazmaaň gözledip gör şu sahypaň "searçh"-i bn, şonda çykaryp bilmese, onda maňa sora "ýazdyňmy şu barada" diýip, anha, onsoň ýazybermeli, ýogsam, gury azap bolup biler ikinji gezek :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ýaňy Gadyr gijesi barada

ýaňy Gadyr gijesi barada maglumat ýazyp, ony oňat ulanmak barada maslahat beripdim, ynha, şu blogda bolsa, edip bolaýjak oňat amallaryň azam bolsa sanawy bar, ýokaryk seredip, okap, öwrenip we amal edip bilersiňiz!

Men ýatladanym üçin, has takygy, Allah razylygy üçin, şol gije(ler)de dileg edeňiz-de meni hem ýatlaýyň, aýratyn haýyş size!

Allah razy bolsun!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"