Moonwalker(Süleýman) aga bilen söhbetdeşlik

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Köpden bäri sahypada söhbbetdeşlik gurnalmady öýdýän, iň soň Sylap aga(diplomat) bn bolupdy ýalňyşmaýan bolsam.

Şu söhbetdeşlik pikiri Süleýman aganyň ýaş toýuny gutlamda kellä geldi, onsoň rugsat soradym şol blogda we rugsat bermegi bn hem aýratyn blog halynda özi barada söhbetdeş bolaýlyň diýen niýet bn açdym.

Ilki men Süleýman aga barada öz bilýänlerimi ýazaýyn gysgaça, soň sizem sorag(lar) sorap öwrenip bilersiňiz!

Şuny aýratyn beýan etmek isleýän, Süleýman agadan öwreniljek köp zat bar, ýagny, örän oňat görelde bolaýjak agzalardan biri beýlekilerimize, şoň üçinem, mümkin bolsa, onuň tejribelerinden we maslahatlaryndan peýdalanmak üçin, örän aktiw gatnaşmagyňyzy ündeýän şu blogda!

Süleýman Ataýew Tejende doglan. Kakasy mugallym. Orta mekdebi öz obasynda, 5-nji synpdan soňam Tejen Türkmen-Türk Mekdebinde okan 1996-2000 (?!) bolmaly. Soňam Türkiýäniň Bursa şäherindäki Uludag uniwersitetiniň Iňlis dili bölüminden uçurym bolup (2000-2005), Aşgabatdaky Başkent Türkmen-Türk Mekdebinde 2 ýyl ýaly Iňlis dili mugallymy bolup işleýär. Soňam Maldiw adalaryna gidýär ýene şol wezipe boýunça. Ol Maldiw adalaryndakyilkinji Türkmen adyna eýe bolaýýar öýdýän ýalňyşmasam, iň azyndan, ilkinji Türkmen mugallymy.
1 ýyl ýaly ol ýerde bolup, soňam ata watanymyza öýlenmäge gaýdýar, öýlenibem, ýanýoldaşyny hem alyp, Maldiw adalaryna yzyna dolanýar.

Häzir ol Maldiw adalaryndan bu sahypa ýazýar. Ýanýoldaşy hem yzarlaýan bolmaly bu sahypany we ol hem-de onuň baradaky ýazgylary. Diýmek, bärini hem uly ähtimallyk bn okar:)

Süleýman aganyň ähli blogy şu ýerde . Özi bu sahypa 369-njy bolup agza bolupdyr. Onuň TTM-ler barada açan bloglary örän gyzykly we peýdaly bolupdy. Suwa aýratyn söýgüsi bar öýdýän, hem suwuň içinde ýaşaýar häzir, hem-de suw barada "suwuň içinden salam!" ady bn 3 gezek dagyn blog açypdy suratly :) Hä, soň blog adyny üýtgedip, eýleki ikisinem pozan ýaly :)

Onuň moonwalker agzalyk adyny almagy barada özi şeýle diýýär:

moonwalker wrote:

moonwalker nick'inin gelip chykyshy:

ay aslynda men M. Jackson'yn aydymlaryny gowy goryan. Son, entek oglanjykkam, mekdepde okap yorkam bir klibini gordum. onda-da meshhur bir hereketi bardyr- yzlykgan yoreyaraaa- anha shol hereketini goremson has hem haladym. sonam bir hili bir hili bolyp shol hereketin ady 'moonwalker' diyip yadymda galypdyr -anyk bilmesemem- shondan bari shu nicki ulanyan.

Eý, onuň barada bar zady özüm ýazyp gutardym-a, indi oňa-da azajyk özi barada zat ýazmaga we size-de soraglar soramaga rugsat beräýeýin :)

Hawa, mikrofon gezegi sizde, hormatly agzalar!

Sag boluň!

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Ýatdan çykypdyr, ynha,

Ýatdan çykypdyr, ynha, aşakda Süleýman aganyň suraty:


Shot with DSC-W50 at 2007-08-02

Style-dan ilkinji sorag:

1- Turkmenistandaky okuwcylaryn bn Maldiv adalsryndaky okuwcylaryn tapawutlaryny aytsan?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hacan

hacan oylenjek
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

oylenen ekena mena soragym

oylenen ekena mena soragym yok>)
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Ha-ha:) Anna jan,

Ha-ha:)

Anna jan, ýokardakylary bir okarlar ilki:) Ol öýlenen-how, şondan soramadym, ýogsam, saa ýetirin-maý ol soragy :)

Galyberse-de, maňa reply edipsiň-laý, soraglary aýratyn ýazmaly-how oňa:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ay ata aga 11 sagat yol

ay ata aga 11 sagat yol yorap bar bolubilsim shuwagtlykca shoda nadeyin kelle hum boldaaa:D
gozem doly islanok oytyan:D
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

o nä?! Ýa tm geläýdiňmi

o nä?! Ýa tm geläýdiňmi ýa synag zat?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ertir agsam 22=de tm ucarym

ertir agsam 22=de tm ucarym bar shuwagt istanbulda suynup yatyryn
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

tm ongden chykana selbishka

tm ongden chykana selbishka salam ayt

_____________________________________
Live in the present, not in the past

name diydinay

name diydinay dushunmedim:)))
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

salam ayt diyyan tm dakylar

salam ayt diyyan tm dakylar

_____________________________________
Live in the present, not in the past

ýoluň ak, ýoldaşyň Hak

ýoluň ak, ýoldaşyň Hak bolsun, jigim!
sag-aman baryp gel Tm!

Salam aýt tanyşlara!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

Geçen ýyl 3-nji Dekabrda toý etdim.

ata aga onga aga diyip

ata aga onga aga diyip dursung welin yash gorunyar ola

_____________________________________
Live in the present, not in the past

hmm, ýatdan çykypdyr, ol

hmm, ýatdan çykypdyr, ol 1983-de doglan, ýokarda 25 ýaşady diýip ýazypdymam-la ýogsam.

men ouň ýaşyna bolan hormat üçin däl-de, aňyna, bilimine, adamkärçiligine we ýene-de şuňa meňzeş gözel häsiýetleridir ahlagyna bolan hormatym üçin oňa "aga" diýýärin!
Garaz, nakyl bn aýtsam:"akyl ýaşda däl, başda!"

Indi düşünen bolsaň gerek?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hawa, dushnukli

hawa, dushnukli jenap

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Salam agzalar! Maldiw

Salam agzalar!

Maldiw adalarynyň ouwçylary bilen Türkmen okuwçylary arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar!

Türkmen okuwçylary (köpüsi) mugallymlara uly hormaty goýýar. Iň garagol diýlen okuwçy hem käbir ýagdaýlarda söz diňleýär.

Maldiwli okuwçylar barada aýtsam (gowysy aýtmaýynla :) ): bu ýurtda mugallymlaryň aglabasy Hindistan we Şri Lankadan gelen. We bu yurdyň, Maldiwleriň, adamlary özlerini hindilerden ýa-da Şri Lankalylardan üstün görýär. Sebäbi ol ýurtlardan diňe mugallym däl eýsem gara işçşler hem gelýär. Şeýlelikde olara gul nazary bilen bakylýar. Elbette bu mugallymlaryň hem işini kynlaşdyrýar. Sebäbi çagalar her gören hindi ya-da sinhala adamyny işçidir öýtýär. Mugallyma hormat goýmalydyr diýen bir pikir, gynansak-da, ýok.

Ynha görşüňiz ýaly tapawut gaty uly!!!

Meň bir soragyma jogap

Meň bir soragyma jogap beren ekeniň, ynha:

2- Maldiwlerde Türkmen sany köpelýärmi?! - diýip, senem "ýok" diýipsiň?!
Muňa degişli soragymyň dowamyny başga blogda ýazypdym, bärde-de ýazaýaýyn:
3- Bilşime görä 2 mugallym bardy ol ýerde, häzirem şeýlemi ýa ýeke sen galdyňmy tm mugallymlardan?!

soňam şu soraglar bar menden:

4- Näçe dogan siz?
5- Tejen TTM-da seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
6- Uludag uniwersitetinde seni iň begendiren we iň gynandyran wakalar bar bolsa ýazaýsaň!
7- Öýlendiň. Biz sallahlara şu toý etmek we maşgala durmuşy barada aýtjak we berjek maslahatlaryň barmy?!
8- Meň bn hem tanyşlygyň bar Bursa-dan, menden göwnüň galan ýeri ýa begenen ýeriň boldumy?! Ynjydan bolsam bagyşla!
9- Iň halaýan(hobi) we iň halamaýan(fobi) zatlaryň?
10- Aýdymçylardan, sazandalardan, režisýorlardan, şahyr we ýazyjylardan halaýan ynsanlaryň?!
11- Geljekki maksatlaryň?
12- Agzalara maslahatlaryň?

Häzirlikçe bular, beýlekilere-de sorag goýaýyn-a :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Atam soraglaryňa jogap

Atam soraglaryňa jogap berjek bolaýyn hany :)

4- biz 5 dogan, iň uly men :)

5- TTTM-da iň begenen zadym (şahsy) kakamyň mekdepde işe başlamagy boldy :)

iň gynanan zadym bolsa Azym atly klasdaşymyň suwda gark bolmagy.

6- Uludag Uniwersitetinde iň begenen zadym türkmen studentleriniň agzybirli boldy. Gynan zadym bolsa okuwy gutaryp gaýdan günüm.

7- Öýlenmek barada siz köp zatlar ýazypdyňyz. Ýöne esasy zat durmuş gurmagyň asyl maksady näme şony gowy bellemek. Soňam näme, bir ýola baş goýaňsoň, näme bolsa bolsun, ilki bir biriňe sylag hormat goýmak, ikinjidenem düşünüşmezlik ýüze çykaýanda-da problemany bile çözmek. (wagt gysga bolansoň köp ýazyp bilemok, aýyplaşmaň)

8- Agam senden göwnüm galan bolsa saňa aýdardym. Aýtmadyk bolsam göwnüm galan däldir :)

9- Halaýan zatlarym: table tennis oýnamak, kino görmek, kino görüp otyrkam pizza iýmek :)

bir wagtlar möý bilen polis görsem bir hili çekinýärdim :)

10 - Gasan Mamedow iň halaýan sazandam.

11 - Gelejekde öz ugruma görä aspirantura okamak.

12 - Aý häzir näme diýsem ýalan, wagty gelende, eger berip biljek maslahatym bar bolsa, yazarynda :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "jogaplaň üçin!"

sorag 12

Aslynda agzalaryň ünsini özümiňem tanamaýan bir iki adama çekesim gelýär.

Bärdäki agzalaryň köpüsi talyp bolmaly. Ana şol talyyp ýaşlara okuw okanlarynda Kakajan Kömürow we şu ýere agza bolan Baýramy görelde almalymyka diýýän.

K. Kömürow - meniň aňymda ýaşajyk oglan wagty Türkmen adyny halkara ýaryşlarda öňe çykaran biri bolup galypdy.

Baýram - ýazýan bloglaryna seretmegiňiz ýeterlik. Şu wagta çenli näçe sany Türkmen okaýan ýerinde sapak berjek derejede öz ugrunda ökde bolan?

Eger şolar ýaly bolmagy yüregine düwüp gaýrat edip okasa onda Tm'niň gelejegi hakda has hem umtly bolarmykak diýýän.

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "maslahat diýip şuňa diýilýär!"

Toý suratlaňdanam

Toý suratlaňdanam goýaýmaly ekeniň, eger gelneje heläk etmejek bolsa:)
Ýokarda bir suratyňy goýandyryn, Süleýman akga!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

toý suratlary...

Agam aslynda saňa diýdirmänjik toý suratlarymy bärik foto-roman ýaly edip goýjakdym. Toýda alynan suratlarymy USB-HDD saklap ýördüm. Yöne arman şu HDD döwüldi. Içindäki hiç dokumentimi, kinolarymy, suratlarymy açyp bilemok. Bejerdibem bolanok.
Elimde diňe peçat edilen suratlar galypdy, olary hem gelnim Tm äkitdi :(

wah, janym ýanymdy meňem.

wah, janym ýanymdy meňem. Men klasdaşym Ýusup Taganyň toýunda müňlerçe surat aldym, tm-da 2 hepdäň dowamynda öýde daşarda we ş.m. ýene şonça surat aldym, baryny DWD çekdirip, bärik getirsem, olam açylmady, meň bn dertdeş ekeniň.

Gelniňem başga tm zenan bolmansoň, tm gidesi gelip durandyr, iň azyndan suratlary bir goýup gitmeli eken-dä, ýagny, toý suratlaryny. Ýa ýekejesi barmydy ol suratlaň?!

Aý, bolýar, bähbit bolsun!

Soraglaryma gysga-da bolsa, jogap bereniň üçin minnetdar, Süleýman aga!

Aýratynam, şu Kakajan Kömür we Baýram Saparly maslahatyňa telpek goýdum. Organizasiýa/guramaçylyk babatda Wepa Rejebi görelde alyň diýmekçi agzalara goşmaça!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Haysy ugur

Haysy ugur boyuncha mugallymchylyk edyan?
nache yashli okuvchilara sapak beryaniz?
Shular barada ginichleyin yazsaniz oran shat bolardim...

ugry Iňlis dili mug welin,

ugry Iňlis dili mug welin, haýsy klasy okadýanyny biljek däl!
Özi gowy jogaplar-da gelensoň!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ugrum..

Oz gutaran ugrum Inlis dili mugallymchylygy. Tm-de 1 yyl gowrak Bashkentde sapaga girdim. Tayyarlyk-7-8-9 synplara sapak berdim.

Edil hazir 6 we 7 synplara sapak beryan. Galanynam gorubeyas-da...

shahsyrajyk sorag bersem

shahsyrajyk sorag bersem bolyandyra?:)
geliniz bilen ozuniz bir birinizi tapyshyp durmush gurdunyzmy, ya eje- dogan garyndashlar tarapyndan gurnaldymy,

eşidişime görä ene-atasy

eşidişime görä ene-atasy tapýar öz obalaryndan, olam baryp görüşýär, gepleşýär we goş birikdirme kararyna gelýäler.
Özi has takyk jogaplar gelende.

PS: Adwokaty ýaly bolup, men jogap beren bolup otyrynmy, aý, oň bn bir şäherde okama şansyna eýe bolamsoň, gowy tanadym we hormat goýdum-da how:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

:)

:)

toy

Gelnim bilen birbirimizi tapyp toy tutmadyk!

Yone gyz wagty hem tanayardym. Ol hem meni tanayardy. Yagny bir obada yashayas. Maslahat boldy :) Men vs. mashgala agzalary we dogan garyndashlar :)

Toydan on esasy roly ejem oynamady :)

Menin doganoglanym (kakamyn agasynyn ogly) "menin bir halypamyn jigisi bar welin..." diyip iki yyllap kellamin etini iydi :)

Ozume gezek galsa shu wagt hem oylenmedik bordum sebabi goz onunde tutyanym ya-da soyushyanim (diyayeyinlay) yokdy.

Okuwly biri gabat geler-da diyip yordum, dash toweregimdenem maslahat beryanler bardy. Sheyle bolanson yokardaky maslahata gatnashdym (yogsa 10-15 gezek o maslahatdanam gachdymlay :)

Yone gyza (shu wagt gelnim bolyar :) ) oz isleglerimi we shertlerimi yetirdim. Eger kabul etmeyan bolsa birinin yekeje gyzyny kosemek islamok diyip habar etdim.

Alla shukur shu wagta chenli oyde hich gyk-wak bolmady :)

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • Mylayym 1 telpek goyyar we yazyar: "Bagtly yashan!"

moonwalker bn men mundan 5

moonwalker bn men mundan 5 yil ozal bir telefon alypdym, siemens c55. ey shol telefony shu wagtam ulanyan.oglanlar oyun edip ony british museuma tabshyr diyyaler.gaty yonekey telefon yone ishleri bitiryar mana yetyar shol.
shol wagt used (ikinci el)90 usd tolapdik. suleyman aga sagbol komegin ucin

medman

Aman salam! Bah sena rekord goyupsyňow :) Diýmek siemens telefonlar gowuja bolýar :)
Ýa-da eýesi gowy bolmaly hehe :)

Ha-ha, sende-de siemens tel

Ha-ha, sende-de siemens tel bardy, Begençde-de, ýatdan çykanok. Ilkinji polifonik telefonlardy, türkmençe saz aýtdyran bolup, gomparýadyňyz öz-ä, meňki bolsa könejedi, maňa meňzäp dur-laý, "mal eýesine çekmese şumluk bolar" diýen ýaly :)

ýene bir sorag:
Häzir haýsy tel ulanýaň, Süleýman aga?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Agam häzir Sony Ericsson

Agam häzir Sony Ericsson ulanýan ýöne gaty biderek telefonlaý. Öz ulanýan modelim barada ýazýan.

Täzelemekçi özää. Bir nesibeli gün bardyr-da :)

telefonly etdin hemmani

Bashlyk sen dälmi tm-da hemmäni telefonly eden
Müteýazisireme

ha-ha, hawa, senden soň men

ha-ha, hawa, senden soň men gelýärdim bu işde :))

Haý, iň organizatorymyz-a sendiň, söwdagärimiz ýatdan çykdy, Solomon bolsa gezdirýänçimidi bir zatdy öz-ä :)))

btw, men hem sony erikson ulanýan häzir, aslynda, UK-a gelelim bäri şondan aýrylyp bilemok :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

hachan suleyman aga

hachan suleyman aga turkmenistan baryaka?

nesip bolsa...

Nesip bolsa Noyabrda barmaly özä...

slm

bashkente barmani unutmazda..:) ens

Destination: Tm. birinji we

Destination: Tm.

birinji we mejbury duralga: Aşgabat/Aeroport

ikinji we meýletin duralga: Başkent

Başkente barman geçmek bolmaýar...

slm

3nji duralga veysel beyin odasinin garshisindaki tv'li oda.:))))

Weýsel Dursun entägem

Weýsel Dursun entägem Başkentdemi, "demirbaş" öýdýän :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ay indi o yerlerde

Ay indi o yerlerde bashgalari bolyandir :) Barsagam bize degishli hich hili zat goyan daldirlerlay :)

Süleýman aga, Başkentde

Süleýman aga, Başkentde Türkmen we Türk mugallymlardan haýsy has gowy düşünişýärdiň ýa-da haýsysy sende has köp täsir galdyrdy?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Abdyrrahman diyen bir

Abdyrrahman diyen bir Turkmen Dili mugallymy bardy. Ana shol mugallym bilen kop wagt gechiryardik. Diysen gowy dushunushyaris.

Birem oz synp yolbashchym bilen bir yerde ishlemek tasin boldy.

slm

gechen yila bashkentedi, bu yilkidan habrym yok, ozem serrehberdi agam.

Süleýman aga bilýändir,

Süleýman aga bilýändir, jogap berer-dä!
Sylap aga-da şol ýerde bolmaly öz-ä.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sylap aga shol yerde, yone

Sylap aga shol yerde, yone Weysel Dursun sho yerdemi dalmi anyk bilemok. Yone oglanlar uytgedi zat diyiba aytmady.

slm

silap mollum, bu geografik barada gep gidyan bolsa shool yerde dir.
abdurahman aga gaty gowy birisi, ozam hachan gorsen futbol oynali diyip yorday.

Asyl demirbash Sylap Atayew.

Asyl demirbash Sylap Atayew. Ol Bashkende bir bardy pir bardy :)

slm

edil ozuda!
ay ol mundan 8 yil ong bashkenta gelende, birinji dersimize girende boan waka bardy shondan song hemmamiz sylaya mollumimizi.

Ýene bir sorag: Seň Maldiw

Ýene bir sorag:

Seň Maldiw adalaryna gitmegiňe maşgalaňyz nähili garady?! (kakaň, ejeň we ýanýoldaşyň) Gatyrganjak bolmadylarmy ýa, tersine, begendilermi şony başaryp bileniňe?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Maldiw adalaryna gelmegime

Maldiw adalaryna gelmegime elbetde ejem garşy çykdy. Kakam goldady. Soň şeýle bir netije çykdy; men bir ýyl daşary ýurtda bolmasoň toý etmeli ondan son nirä gidesim gelse gidibermeli!

Onsoň toý boldy. Toý bolmanka gyz ýerine ýagdaýlar aýdyldy. Kabul edildi. Gelnimiň birinji gezek daşary ýurda çykyşy. Ilki bada kyn gördi ýöne indi öwrenişdi.

Salam

Suleyman salawmaleykim
tuweleme begendim sni hem ol yerdedigini owrenip
toyuna baryp bilmedik, çhakylyk aldyk, bagyshlarsynda
bagtly bol, gelinin ayagy dushumli bolsun
allah istediginiz kadar nur topu çoçuklar sizlere nasip etsin

Waleýkum salam Max James.

Waleýkum salam Max James. Toýa garrama ýok nesip bolsa ýeneki toýlara (ýalňyş düşünäýmäň, ogul toý bar, jaý toý bar, aý sanasaň sogaby bar :) Alla jan hemmämize bagt nesip etsin !

ugrunda barmy bir zatlar ?!

ugrunda barmy bir zatlar ?! :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Nesip bolsa bolar-da :)

Nesip bolsa bolar-da :)

ata aga ugrunda bir zatlar

ata aga ugrunda bir zatlar barmy diyipdin :)

Ugrunda bardi, dun (05.10.2008) oglym boldy :)

Entek ozum hem gaty owrenship bilmedim, yone diysen uytgeshik duygy :)

Telpekler (5 kisiden 9 sany)

Bu komment ucin
  • Mergen 5 telpek goyyar we yazyar: "Gutlayan agam! Her chagana 5 telpek menden :)"
  • aslymarly 1 telpek goyyar we yazyar: "yaşy uzyn bolsyn! Kakasyna mengzesinde il ogly bolsyn!:D,"
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "Allah uzyn, haýyrly ömür bersin, enşallah!"
  • Style 1 telpek goyyar we yazyar: "Suleyman! Allah ataly-eneli ulaltsin"
  • Gadyr 1 telpek goyyar we yazyar: "Alla dogry yoldan ayirmasin insalla..:)"

eyyy

ey agam tuweleme:
insallah watana- halka, ene atasyna wepaly yigit bolsun: we hemishe dogry yolda bolma dilegi bilen:
bir adynam aydip goyberseniz:)
sonam el degende suradyny goysaniz kime mengzanini aydip bereyin:)

nesip bolsa suratlaryny alyp

nesip bolsa suratlaryny alyp bilsem goyjak barik hem.

Adyny Seyit ya-da Ismail dakmakcy.

adyna mynasyp ynsan bolup

adyna mynasyp ynsan bolup ýetişsin, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

adyna eye bolsun, yashy uzyn

adyna eye bolsun, yashy uzyn bolsun ,ene atasyna we watanyna wepaly oglan bolup yetishsin:)))
way gowdugyna chagajyk bolsa, ady yaman owadan eken :)))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "sag bol!"

Ady Ismail boldy...

Ady Ismail boldy...

Telpekler (4 kisiden 4 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "adyna laýyk bolsun, enşallah!"
  • akgül 1 telpek goyyar we yazyar: "Allajan adyna layik etsinda enş."
  • Hatyja 1 telpek goyyar we yazyar: "yashy uzyn bolsun!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "Gaty gowy at"

hezillik barde eken-a :)),

hezillik barde eken-a :)), gapdalda berlen telpekleri gorkezyan bolmasa, bilmanem galjak ekenik :)
Moonwalker aga (bul-a birhilek boldy :)), Suleyman aga, yashy uzak bolsun!!! turkceden ogurlap aytsak, "Hudayjan ejeli-kakaly ulaltsyn!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "Sag bol :)"

Maşallah, barekellah

Maşallah, barekellah :)

Tüweleme, ýaman çaltlapsyňyz-la how :) "Guk" zat diýerler-ä how öňüräginden, gutlan bolardyk, sowgatjyk-mowgatjyk... :)

Degişme bir ýana-da, Allah ogluňyza uzyn, bereketli, haýyrly, Özüne hyzmat doly ömür bersin, size, watanyna, ýanýoldaşyna wepaly ynsan bolup ýetişmegini dilesin, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Salawmaleykim

Dogry aydyan nesip edeni bolar huday yetirse.
tuweleme gayrat ediber
alla yaryn bolsyn

Sagja bol agam. Sizinkiler

Sagja bol agam. Sizinkiler nahili?

Salam gadyrdanlar! Men edil

Salam gadyrdanlar!

Men edil şu wagt Türkmenistanda gezip yörün. We meniň üçin iň gyzykly ýeri oglymy gördüm. Ýagdaýlary gowja ekeni. Nesip bolsa ýene internete girmäge mümkinçilik tapsam suratlaryny hem goýmakçy. Saglygyňyz!

Telpekler (2 kisiden 6 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "oglungyz uchin:)"

Salam Suleyman! Tuweleme,

Salam Suleyman!

Tuweleme, watanymyzda diysene!

Salam ayt ahli tanyshlara!

Ogluna guwanyp gezmek miyesser etsin hemishe!

Gurban bayramynam gutly bolsun!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

ehm ehm :)) ata aga bizem

ehm ehm :)) ata aga bizem sizingka diymek nesib etsin , ozat ata aga e o bara hachan toy:)))
______________________________
Adamyn bir mätäç zady hoş sözdür.
Hoş söz aỳdyň, depesine täç bolar.
Dirilikde aỳdyň, dirika sylaň!
Kim bilip dur, bir ỳyldan soň giç bolar!

Bilmedim-da, jigim! Allah

Bilmedim-da, jigim! Allah Kerim! Nesibede bar bolsa onumizdaki tomus, bolmasa yene yarym yyl ya 1 yyl gowrak garashmaly bolar-da ondan sonam!

Shertler onayly bolsa toy etmekci men-a!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (3 kisiden 3 sany)

Bu komment ucin
  • yhlas 1 telpek goyyar we yazyar: "nesip bolsa agamjan!!!"
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "enshalla:)"
  • Max James 1 telpek goyyar we yazyar: "Sabyrsyzlyk bilen garashyandyrys toyuna agam"

Ata aga basyldyn

Ata aga basyldyn oydyan sonunda:))

hawa-laý :) "Elinden we

hawa-laý :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • moonwalker 1 telpek goyyar we yazyar: "toyi onunden habar edeweri!!!"