Haýsy şäher has owadan?!

  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
  • : preg_replace(): The /e modifier is deprecated, use preg_replace_callback instead in /home/atamurad/tmolympiad.org/includes/unicode.inc on line 311.
San Francisco
11% (5 votes)
London
4% (2 votes)
Istanbul
26% (12 votes)
Tokio
2% (1 vote)
Pekin
2% (1 vote)
Edinburgh
6% (3 votes)
Aşgabat
26% (12 votes)
Paris
2% (1 vote)
Roma
2% (1 vote)
Berlin
0% (0 votes)
Chicago
0% (0 votes)
New York
4% (2 votes)
Philadelphia
0% (0 votes)
Boston
2% (1 vote)
Moskwa
0% (0 votes)
Singapur
2% (1 vote)
Başga
11% (5 votes)
Jemi 47 ses berildi

Comment viewing options

Select your preferred way to display the comments and click "Save settings" to activate your changes.

Salam hormatly agzalar we

Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar!

Ýokarda käbir şäherler bar. Aslynda, owadan şäherleriň sanasaň sogaby bardyr welin, ösen döwletleriň paýtagt ýa uly şäherlerini goýdum. Islänler, şol ülkäniň başga şäherini hem ýokardaky şäher(şol bir ülkäniňki bolan) hökmünde kabul edip, yşaratlap bilerler!

Men-ä kän gidip görmämsoň, giden 4 şäherimden birini yşaratladym eýýäm, gezek sizde :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Mena kop gezen adam dal.

Mena kop gezen adam dal. Yone Amerikanyn kop yerini gezenlerin aytmagyna gora Chicago bilen San Francisco New York dan has owadan diyyarler...

San

San Francisco..

-------------------------------------------------------------------------------------
"Bir narsani yaratmagy irade eden vagty O'nun ishi dine "BOL" diymekdir, bes ol narse bolar" (yasin suresi)

ata aga munyna bolmayar

ata aga munyna bolmayar :)
60 millionlyk UK den 2 saher bar pollda, 300 millionlyk Amerika dan yekeje saher goyupsynyz. Goy 4-5 sanysyny :)

sana şäherleriňi,

sana şäherleriňi, Bezirgen :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Amerikadakylar gaty gormesek

Amerikadakylar gaty gormesek yokdyrey yone :)
Google girdim. "most beautiful city in USA"
Sho yerdaki 2-3 sayta girip yazylanlary okadym.
Chicago, San Francisco, New York, Philadelphia, Boston diyyan...

indi nätdi :) "Elinden we

indi nätdi :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Gaty gowy. 5 saheri

Gaty gowy. 5 saheri goydurdyk ankete Amerikadan.
Mana sagbolsun aydyn.

telpegem islesediň ýany bn

telpegem islesediň ýany bn :))

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Hytaydan nache shaher

Hytaydan nache shaher goymaly bolar onson?:D

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: ":))))"

berlen sesler edit-den soň

berlen sesler edit-den soň görnenok ekeni, ýa mende şeýle şol!

şoň üçin men-ä 2-nji gezegem ses berjek, belki-de, 3 bolar - takyk biljek däl, sebäbi, 2 gezek edit edildi.

Ses berenler, sizde-de şeýle bolsa, sizem ses beräýiň gaýtadan!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

manga Turkmenistan

manga Turkmenistan owadan
______________________________________
Live in the present, not in the past

Houstynam erbet dal eken

Houstynam erbet dal eken howasy yaramaz , Frankfurt gowy eken howasam
______________________________________
Live in the present, not in the past

tüweleme, senem ýurt

tüweleme, senem ýurt görüp bilen ekeniň:)

onda Aşgabady seçensiňdir:)

täzeje gideniň belli bolýar-da:)
ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişersiň, enşallah :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

dogry aytyang ata aga

dogry aytyang ata aga enshalla owrensherin
______________________________________
Live in the present, not in the past

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • ata 1 telpek goyyar we yazyar: "öwrenişmegiň üçin-laý :))"

Menin pikirimche San

Menin pikirimche San Francisco Amerikanyn in owadan shaheri. DC da owadan.

Life is just so wonderful!!!

hany singapur hany?? men

hany singapur hany??
men goren shaherlerimin arasynda in owadany singapur.

Mekan, özüň goýaý

Mekan, özüň goýaý bolmasa :))
Ýa goýaýynmy ?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

men hemme shaheri goren

men hemme shaheri goren bolsam aydardym , yone goremokda eger singapury goren bolsam aydardym singapur owadan diyip eger san franciscony goren bolsam owadan diyip aydardym
______________________________________
Live in the present, not in the past

Dinge iki shahere gidip

Dinge iki shahere gidip gordum poll'dakilardan. Ashgabat we Istanbul.. Olardanam kop minuslarinin yaninda Istanbulin (+)'lari has kan bolaymasa..

Netije: ISTANBUL..

gidip goren shaherlerimin

gidip goren shaherlerimin arasynda in halamadyklarymyn biri Istanbul.adamlar kocha syganok,hemme zat agdar-dunder,kocheler gyshyk,gyzlaram betgelishik:)
almaty has gowydy istanbuldan,ginishlik,howasy gowy.

gyzlary barada goshulamok

gyzlary barada goshulamok sanga, bet bet gyzlar kan sho yerde-de..:)

PS: men aytdim-a minuslari kan diyip.. Meni esasi mayil edyan yeri eminonu taraplari, taryhy metjitleri, sho rayonlary adama yaman uytgeshik gowy tasir edyar, ing azindan mana..

Pekini kim goyday barik?

Pekini kim goyday barik? Tusse basip yatan shaher dalmi shol? Owadanlik zat barmika, bilyanler pilchasinla??

men goýdum-eý, diýjek

men goýdum-eý, diýjek zadyň barmy?!
Depýän häzir bar-a:)
Urulmanyňa köp wagt bolany bildirýär:)

Neme, ýokarda aýtdym-a how, meselem Hong-Kong saýlajak bolsa, Pekini saýlaýsyn diýip:)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

onda gyza oglana seredilyan

onda gyza oglana seredilyan bolsa baribg oglanlara sheyle owadan surat :)))
______________________________________
Live in the present, not in the past

menin ucin hemme yerem

menin ucin hemme yerem bir.
owadanlygy ucin yashamok men shaherde.
yone haysy shaher yurege yakin diyen bolsanyz birje-de pikirlenman MARY diyerdim. Owadan bolmasa bolman gecsin. yone mana elmydama gujagyny achyar.

mary bilen baglanyshykly

mary bilen baglanyshykly erbet yatlamalarym bar...

yatlatma

yatlatma :)))

______________________________________
Live in the present, not in the past

Hawa, Roma diýýänim Rim.

Hawa, Roma diýýänim Rim.

Bäh, San Francsico'ny görmeli etdiňiz-aý :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Maňa aýtdylar täzelikde,

Maňa aýtdylar täzelikde, 2008-nji ýylyňmy ýa umumanmy dünýäniň iň owadan şäheri saýlanypdyr.
Men New Yorkyň köp ýerini görmedim, sebäbi muňa 1 gün ýetenok. Ýöne diňe bir masştaby üçinem bolsa, gaty owadan şäher. Uly, tertiple, başyňy aýlandyrýan ymaratly.
Moskwa hem gaty owadan şäher, esasanam şu gülden dürli zatlary ýazýalar, ýeneler gaty owadan. Baku erbet däl, emma Moskwa bilen New Yorka deňäp bolanok.
Philadelphiaň merkezi gaty owadan, ýöne başga görere üýtgeşik ýerem ýok ýaly. Belki ýalňyşýandyryn. Dallas bilen Houstony doly gezmedim, ýöne haýran galdyran zat bolmady.
Şeýleräk meň tejribelerim
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Men Edinburgh-y seçdim,

Men Edinburgh-y seçdim, sebäbi, Edinburgh örän taryhy şäher. Şotlandiýanyň hem paýtagty. Diňe Şotlandiýa ýa UK-de däl, eýsem-de bolsa, bütin Ýewropada 3 ýyl yzly-yzyna iň owadan we iň tämiz şäher seçilipdir diýip eşidipdim. Hakykatdanam, şeýle. irnäçe gezek gidip-görmek miýesser etdi. Başga-da köp şäherlerine gitdim Angliýada: London, Mançhester, Leeds, Sheffield we ş.m., Şotlandiýada: Glasgow, Aberdeen, Dundee, Inwerness, Dumfrees we ş.m., Wales-iň diňeje paýtagty Cardiff-e(örän owadan ekeni buam) gitdim. Irlandiýa welin gitmedim, niýetim-ä bar Belfast we Dublin-e gitmek welin, göreli, hany!

London uly şäher, owadan ýerlerem bar, biderek ýerlerem. Istanbula meňzeşräk diýeýin, umuman.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Menem Chicagony gordum yone

Menem Chicagony gordum yone Stambuly ona gora has gowurak goryan. Singapuram erbet dal. Hany Yewropadan bir yeri goren yokmay? So yerdede owadan saherler kan bolmaly. Meselem Italiyada Venesiya, Rim. Romantika ucin Pariji halayanlaram az dal. Sankt Peterburg nahilika?

ýokarda Baýrama reply

ýokarda Baýrama reply edemde ýazypdym. UK hem EU-nyň içinde bolany üçin, köp şäherini gezdim diýen ýaly :)

Germaniýanyň owadan şäherleri bar diýip eşitdim. Wizam irräk gelen bolsady, Germaniýa gitmek hyýalym bardy, indi soň bolaýmasa :)

ewropada taryhy şäherler köp, US-da bolsa modern şäherler köp diýip eşitdim. Tapawut şonda esasanam, diýmek. US-da owadan we beýik ymaratlar, EU-da taryhy köne jaýlar we ş.m.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Sankt Peterburga men gitdim.

Sankt Peterburga men gitdim. Owadan şäher, ýöne giden wagtymyz howa biderekdi, aý ol ýerde köplenç şeýle. Üstesine, Moskwa bilen deňäňde has kiçi ýaly bolup durdy. Ýöne taryhy ymaratlar ýeneler kän. Owadanja şäher.
Howa täsir edendir, ýöne kän halamandym.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Baýram wrote: ...Moskwa

Baýram wrote:

...Moskwa hem gaty owadan şäher, esasanam şu gülden dürli zatlary ýazýalar, ýeneler gaty owadan. Baku erbet däl, emma Moskwa bilen New Yorka deňäp bolanok...

Mowkwa gideniňi bilýän, Baku haçan gidip ýörsüň?!

Moskwa owadan diýip eşidipdim, suratlarynda Kremli we ş.m. ýerlerini görüpdim. Hatda, ol ýerde 2 sany dostumam bolup gaýdypdy, sen ikisinem tanaýan ekeniň, olaram seni :) Häzir biri bärde, birem US-da. Olar:"...şäher gözelem bolsa, sistema, resmiýet we ş.m. örän kyn..." diýýälerdi, sen nähili garaýaň bu ýagdaýa?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Baku Olimpiada üçin

Baku Olimpiada üçin gidipdik
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Men Ystambulda hem 1 günlik

Men Ystambulda hem 1 günlik boldum. Bolan ýerim... soň tema açypdyma Türkiýäniň üçünji dünýä ýurtdygy belli bolýar diýip. Hakyt gowy täsir etmedi. Belki iň biderek ýerinde bolandyryn
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Istanbulyň nirelerinde

Istanbulyň nirelerinde bolduň sen?!
Hakykatdanam, iň biderek ýerlerinde bolansyňdyr sen bar-a :))
Agakan aga ýörite blog açdy Istanbul barada, örän gowy teswir edipdir, okansyňdyr-a sen?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Aý men barýakam bir

Aý men barýakam bir tanyşymyňam nomeri ýokdy. Özem biledim ters alnyp, sag bol saňa :D, men biledimi gaýtmazymdam edil öňjük täzeledip, taýyn bolman bardym Istanbula. Hiç kimiň teli ýok, gidere ýer ýok. Ýolda gaýdyp barýarkam biri bilen tanyş boldum, olam yzyna düşürdi.
Baran ýerimizem şu türkmenleriň erbet at alan ýeri ekeni. Aý ol atly meseläni bir gapdala aýyrsagam, üçünji dünýä şäheridigi mese mälimdi.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Baýram, aşakdaky linke

Baýram, aşakdaky linke seret:
http://www.tmolympiad.org/?q=node/528
birem, sen dogry karar bereňok. Şeň edişiň, himiýanyň 7 bölümli esasy kitabynyň 1 bölümini hem okaman, kitabyň doly görnüşi barada karar bereniň ýaly bolýar.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

dogrudyr --------------------

dogrudyr
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

Çamlıca baransynda:) ^3

Çamlıca baransynda:)
^3 dünya ülkesidigini nama garap aytyan?
mysal bersen?
__________________________________________
no ash no dyrdyr only shamata only gyrgyr

Aý öň şu Istanbul barada

Aý öň şu Istanbul barada ýazanlarymy göräý.
Umuman, ýada düşeninden aýtsam, ýolda duran random magazinlermi, ýaňky ýoluň ortasynda ony-muny satýan. Olaram bir giden, gaty kän. Saýhally bir marketler we magazinler ýok.
Umuman saýhallylyk problemasy kän. Adamlaryň professionallygy, garyplyk, standartlar.
Maňa şeýleräk göründi. Azyndan bolan ýerim.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

...

bir gun yeterlik dal istanbula kaganat bali bermek ucin.
onsongam suwa yakinirak sebitlerde bolan bolsading belkem shu wagtki diyyaning tersini diyerding. meselem ortakoyde, taksimde ulusda we sh.m.

ÇANG ÇIN ÇONG VANCING HONG

Shaheri shaher edyan dine on

Shaheri shaher edyan dine on tebigaty we jaylary dal, sebabi kabir shaherlerin arassachylyk we yashayjylarynyn medeni taydan pes balmagy, edil gyzylyn yuzuni tozan basyp yatan yaly, bar gorkuni elinden alyar !! Istanbul'am men pikirimche shu gune dushen shaherlerin biri. IMHO !
Beter kop mashyn, beter kop solpuldap yoren, terbiyesi pes ach erkekler, turistlerin in kop gidyan yerlerinde olardan 5 kopuk sypyrjak bolup gunlerine goymayan kirli/terbiyesiz chagalar/adamlar...Yazsan yazybermeli !!
Men Istanbula shu gezek 9 ya-da 10-njy gezek gitdim, gezmedik yerimem yok diyen yaly, yone shol yerleri gezende hezil edip keyp alyp bolanok, sebabem yokarda yazyshym yaly musorchylyk/turist diyip zay edyan adamlar we etc...Shu gezega 1-2 sanysyna hapa sowdumem beter yurege dushensonlar !

Men dushunjamde "owadan" shaher dine binalary bilen dalde, eysem tebigaty, arassachylygy we rahatlygy bilen one chykyan shaherler bolup duryar. Shu kriterialara gora Edinburgh owadan shaher diyip biljek, sebabi shaher arassaja, yashyl yerler beter owadan, howasy gaty yakymly, kone galalar we taryhy yerlerem gaty govy/arassa saklanylyar...Gepin tummek yeri: aylananynda keyp alyanda !! Istanbulyn gowja yerlerini gije 2'de zatda, adamlar yatanson, musorlaram ayiransonlar aylanyp goraymesem, adaty wagtda ha sheyle netija gelip bilmedim !

Istanbula 10 ses

Istanbula 10 ses beripdirler...hmmm...ses berenlerin bashga shaherde bolmadyklary ayan.

ony diýseň Aşgabat iň

ony diýseň Aşgabat iň köp ses alan.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Ay hawa,her kim goren

Ay hawa,her kim goren shaherlerin arasynda in halanyny goyyar oydyan.

onda diňe Aşgabady

onda diňe Aşgabady görüpdirler-dä olaň arasyndan :)
aý, ýok, beýle dälmikä diýýän, watançylyk edenlerem barmyka diýýýän?! :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Men singapury sayladym

Men singapury sayladym sebabi,gaty arassa,owadan we yashamak uchin amatly shaher.
Singapur relatively taze shaher(dowlet),shon uchinem taryhy yadigarlikler we binalary az.On yerine uly-uly modern binalar we gin kocheler bar.Singapuryn arassalygy dowletin halky gaty berk tutmagyndan gelyar.tuykursen 500S$,sakgych cheynesen 500S$,public yerde siysen,sychsan,musor doksen,gul yolsan-500S$ jezal.500singapur dollarynam takmynan 300 amerikan dollary bolyar.beyle bolansonam elbetde arassa bolar.
Yine bir mohum husus,shaherde jenayatyn gaty azlygy.Chynymy aytsam singapurda jenayat edilyanligine ynanmagam kyn.Halk gaty bay we bilshime gora halkyn 70% toweregi yokary okuw jayiny gutaryarlar.Halk gaty medeniyetli we dogruchyl,ustesinede dowletin berk kanunlaryny goshsan(meselem narkotik getirmege-chykarmaga olum jeza) crimeless yurt doreyar.Agsham islan yerine git,aylan alada edere zadyn yok.iki yilyn ichinde chynymy aytsam hich kim bilen sogushibem gormedim(gyzlar ne v schet:),ozumem olar yaly guzyjyk bolup baryan...
Yene mohum zat-halk.Singapuryn halky biraz utanjan(gundogar halklaryn hasiyedi),dogruchyl,poryadochnyi we shol wagtam gaty hyrsly,yaryshdan chekinenenoklar we hemishe onde bolasy gelyarler. Olary yashlykdan sheyle terbiyeleyarler.Okuwda klasy grupbalara bolunende her kim singapurlylar bilen bile bolasy gelyar sebabi isden gachanoklar we hemme zady wagtynda we gowy edyarler.garaz yashmak yada dyncha lamka uchin gowy shaher,eliniz degse gelip gorun...i dlya zaklyucheniya kabir suratlar:
Merkez:

merkez gije

Sentosa

musical fountain

esplanade

Amerikanyn adam sany

Amerikanyn adam sany boyuncha in uly shtatlary we ondaky iri shaherler:

1. Kaliforniya- 36 million( Los Angeles 4million, San Diego 1.3 m,
San Jose 0.9m, San Francisco 0.8 million)
2. Texas- 24 million(Houston 2.2 million, San Antonio 1.3m, Dallas 1.2 m)
3. New York- 19 million(New York City 8.2m)
4. Florida- 18 million
5. Illinois- 13 million(Chicago 2.8 million)
6. Pennsylvania- 12 million(Philadelphia 1.4 million)
7. Ohio- 11 million
8. Michigan- 10 million
9. Georgia- 10 million
10. North Carolina- 9 million

Aý şu şäher ilat

Aý şu şäher ilat sanlaryna düşüner ýaly däl. Sen bir sany aýdýaň, başga biri başgasyny.
New York 20 million diýip ýörenemä bar, senem 8.2 million diýýäň?!
Moskwa hem, Podmoskowýany almasaň, registrasiýa edilen ýaşaýjylary 8 million+...
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

dunyanin in owadan saheri

menin pikirimce dunyanin in owadan shaheri -Turkmenbashydyr!!! barde name diysen bar_ dag diysen dag deniz diysen deniz!!!

Menin yokardaky beren ilat

Menin yokardaky beren ilat sanlarym resmi statistikalar.
Shaheri sananlaryna 2 yol bar oydyan. Bira dine shaherin ozuni almak, 2jisi hem senin aydyshyn yaly dine shahere registrasiya bolanlary dal eysem yanyndaky shaherjikleri alyp sho yerdaki "metropolitan area" nyn ilatyny hasaplamak.

Eger seyle hasaplasan onda Amerika in uly metropolitan area sy New York-New Jersey-Long Island eken, 18.8 million bilen, yone ol 3 shtatyn edil ortasynda: NY, NJ,PA.

Seydip hasaplanda Los Angeles ilaty hem 4 million dan 12.3 milliona chykyar.

http://en.wikipedia.org/wiki/List_of_United_States_metropolitan_areas

wikiden ýene bir

wikiden ýene bir statistika:

Image Hosted by ImageShack.us

Bezirgeniň ýokarky ýazanyny berýär.

Bu babatda Istanbul hem görkezilip biler. Bärde 11,372,613 görkezilipdir, aslynda, 17 milýon gowrak diýýädiler. Mümkin, töweregindäki şäherçedir etraplarynyň hem ilat sany bn şeýledir.

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Shu shaherin ilaty baradaky

Shu shaherin ilaty baradaky gurrunler Istanbulda kop bolyardy.

Men kawagt taksa munyan.

Taksi-Nireli sen?
Men- Turkmenistan
...birtopar gurrunde son

Taksi- Ilaty nache TM nyn?
Men- 5-6 million
T- Az ekena. Stambul gechenlerde 15 milliondy eyyam 20 million bolandyr :)

Resmi statistikalar seretsen 8-11 million arasynda bir sandyr. Bir taksinin Istanbul-yn ilaty 30 million diyeni hem yadyma dusyar :D

meng pikirimche ing owadan

meng pikirimche ing owadan yer Antaliya

_____________________________________
Live in the present, not in the past

sen gitdiňmi ol

sen gitdiňmi ol ýere?!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

yok yone turistleng ing

yok yone turistleng ing esasy baryan yerleri

_____________________________________
Live in the present, not in the past

Hmm... turistler Amsterdama

Hmm... turistler Amsterdama hem barýalar "gyzyl köçe" üçin.
-------------------------------------------------
Dostuň garga bolsa, iýjegiň... ehm..
Dostuň garga bolsa, näme iýjegiň bellidir!

he he men UK goresim

he he
men UK goresim gelyar

_____________________________________
Live in the present, not in the past

ýokarda ýazypdym UK-yň

ýokarda ýazypdym UK-yň iňowadan şäherlerini, ýöne US-ça ýokmyka diýýän, sebäbi men görmedim. Ýöne hem UK-y hem US-y görenler bar, meseleme, Intizar. Ol San Fransisço-ny seçen bolsa, diýmek, meň diýýänim dogry bolýar. Muňa garamazdan, men Edinburgh-y yşaratlapdym, näme-de bolsa gördüm-dä :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

bize gezmane gelaysena ata

bize gezmane gelaysena ata aga :)))

_____________________________________
Live in the present, not in the past

başaryp bilsem barjak-la

başaryp bilsem barjak-la US-a!
Hany, görüberýäs-dä, belki, Allah dileg hökmünde kabul edip, bir gapy açaýady-da, enşallah!

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

Telpekler (1 kisiden 1 sany)

Bu komment ucin
  • selbishka 1 telpek goyyar we yazyar: "omin"

enshala nesip

enshala nesip bolsa
ozungizem taze gelini geling (gelnejem bilen )

_____________________________________
Live in the present, not in the past

aý, gelnejeň meni

aý, gelnejeň meni getiräýmese ol ýerlere, men getirip bilermikäm :)

Kim bilýär, belki-de, şeýle hem bolar. Ýöne görüberýäs-dä, menmi ýa ol :)

"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!"

elbetde siz getirersingiz,

elbetde siz getirersingiz, nesip , enshalla

_____________________________________
Live in the present, not in the past